17:40 Jan / hekaýa | |
JAN
Hekaýalar
Şäheriň kän adam-gara barmaýan künjeginde her hili gudrat görkezip bilýän garry derwüş ýaşaýar diýen gürrüň gulagyma degdi. Meniň gündogar gözbagçylarynyň görkezýän oýunlaryndan habarym bardy. Ýöne olara kän bir pitiwa etmezdim. Aýdylýan geplerden çen tutsaň, bu derwuş beýleki bolgusyz gözbagçylaryň çaky dälmiş. Ol ölüp giden hanlaryň janyny-da çagyryp getirip bilýärmiş. Muny meniň ýaşaýan öýümiň eýesi Oraz hem tassyklaýar. Garry ony birçak aradan çykan kakasynyň ruhy bilen duşuryp, uzak wagt gürrüňleşdiripdir. Garrynyň öýüni tapýan bir ýigit bilen ýokarsyna boýra ýapylan bazaryň uzyn hataryny syryp, ýola düşdük. Adamdan ýaňa hyň berýän bazaryň içi bilen her ädimde diýen ýaly büdüräp, çakyşyp zordan ýöreýäris. Bazarçylaryň her dürli reňkdäki geýimleri gözüňi gamaşdyrýardy. Howa bolsa durşuna guradylan temmekiniň, gowrulan goýun etiniň hem ýanan ýagyň garyşyk ysyndan doludy. Ahyrsoňy iki tarapyndan köne jaýlar uzalyp gidýän darajyk köçä düşdük. Ýoldaşym bir kiçijik gapynyň öňünde aýak çekdi-de, batly-batly kakmaga başlady. Gapyny jambörügini ýeňserägine geýen uzyn donly oglan açdy-da, içeri girmege mürähet etdi. Soňam şadyýan görnüşde içki howlyň öňündäki eýwana halyça ýazdy. Kerpiç düşelip, käýerinde gül ekilen howlyň ortasynda kiçiräk howuz bardy. Tizden köwşüni gowaldan geýen ala donly hor ýaşuly ýanymyza geldi. Başyndaky ak sellesi, bilindäki gök guşagy onuň öwlat neslindendigini açyk-aýdyň subut edýärdi. Ýaşulynyň hereketleri çalasyndy, gözleri ýeserlik bilen oýnaklaýardy. Hamy dartylşyp duran hor, garört ýüzi «Neşeden habary bar bolaýmasa» diýdirýärdi. Oglan ýoldaşymy bir çete çekdi-de, eline suwçilim tutdurdy. Menem halynyň üstünde gyşardym. Edil öňümde dyzlaryny gujaklap, çommalyp oturan garrynyň iki gözi mendedi. Men habarymy berdim. – Elinden gelýän bolsa, maňa ölen adamyň janyny çagyryp ber. Birden oňaýsyz ýagdaýa düşen garry ellerini daldalatdy: – Aýdýanyň näme? Ýatan bende azar bermek külli günädir. Ýöne nähili däri-derman gerek bolsa aýt. Isleseň, bedeni gar ýaly, tylla saçly näzenin bilenem duşuryp biljek. Men öz eňegime tutdum. Garry hem aňsat boýun bolarly däldi: – Diri gezip ýörenleriň haýsyny görkez diýseň, men bar. Ýa bolmasa, şeýle bir mürepbe bererin welin, sen özüni şa tagtyndamykam öýdersiň. Daşynda hüýr-periler aýlanyşar. Goşun serkerdesi bolasyň gelse, ýa-da jadyly-mukam diňläýin diýseň, ony aýt. Meniň her hili ýagdaýdaky adamlar üçin dermanym taýyn... Hasratyň her neneň çökderem bolsa, meniň ýanyma gelseň, ähli zady unudyp, gül-gül açylarsyň, keýpiň çag bolar... Bu hoş sözler meni pikirimden dänderip bilmedi. Şol bir diýenimi tutdum oturdym. Gabadyna getirip: «Oraza-ha çagyryp beripsiň» diýemde, garry dabanyna ot ýapyşan ýaly zowzuldaberdi: – Diliniň eýesi däl eken-ow bi Oraz. Hiç ýerde aýtma diýip, gulagyndan-burnundan çekip sargasanam... Me saňa gerek bolsa. «Haýyşymy bitirseň, aklygyňy ýetirin» diýenimden soň garry biraz gowşady. «Oýlanyp göreýin. Ýöne gün ýaşmasa, hiç zat edip bilmen. Az-kem garaş» diýdi. Oglan mana ajy çaý getirdi. Soňam çilim çekdim. Göwnüme bolmasa, çilimiň tüssesinde bir zat bar ýaly boldy durdy. Tizden gyşaryp ýatan ýerimde meýmiräp ugradym. Ýarym ukulam bolsam, garrynyň howluda ýuwaşlyk bilen ikibaka gezim edýänini aňýaryn. Soňam namaza başlap, gutar ýerde gutarmady. Alasarmyk halda töweregimde gaýmalaşýan göwrelere gözüm kaklyşýar, ýüpek geýimleriň şowurdysy, şaý-sepleriň şaňňyrdysy gulagyma gelýär. Howludaky daşdan sekä hem beýleki zatlara düşýän gyzgylt şöhlelerden Günüň eňregini ýere berenini duýdum. Tizdenem garaňky düşdi. Şol wagt garry ýanyma geldi-de, ýeňimden çekip, «Yzyma duş» diýen terzde yşarat etdi. Tirkeşip jaýa girdik. Darajyk koridoryň gutarýan ýerinde penjiresiz-zatsyz, diňe ýokardaky deşikden düşýän ujypsyzja yşyk bilen ýagtylanýan ullakan otag bar eken. Garry diwaryň düýbüne bir topar ýassyk oklady-da, meni oturtdy. Özi bolsa demirden ýasalan kiçiräk ojak getirip, jaýyň ortarasynda – ýokarky deşikden düşýän ýagtynyň edil gabadynda gondy. Otagyň beýleki ýerleri garaňkydy. Ojakda kömür köreýärdi. Garry ojak bilen meniň aramda içine hoşroý ysly ullakan ak güller ekilen gaby goýdy-da, özi bir çete çekildi. Onuň dine ojagyň üstüne egilen ak selleli kellesi kämahal göze kaklyşýardy. Gapdalyndada mis çüýleri öçügsi ýyldyraşýan agaç sandyjak bardy. Birden ol düşnüksiz labyzda burnuna salybrak doga okamaga başlady. Aram-aram elini sakgalynyň üstünden emaý bilen ýöredip goýberýärdi. Ahyry doga okap boldy öýdýän – maňa tarap öwrüldi-de, barmagyny çommaldyp haýbat atdy: – Indi sesini çykaraýma. Özüňem gymyldaman otur. Ýerinden tursaň ýa-da gygyrsaň, jynlaryň birem gelmez. Olar gohdan gorkýarlar. Özüm elinden tutup alyp gidýänçäm, ümsüm otur. Men ähli zada taýýar bolanym üçin, aýaklarymy öňe uzadyp, ellerimi döşüme gowşuryp, diwara ýaplanyp arkaýyn otyrdym. Garry ýene pessaý ses bilen doga okamaga başlady, iki gezek maňa gözüni aýlady-da, hoşallyk bilen baş atdy. Soňam sandyjakdan bir gysym tohum alyp, jaýyň burçlaryna sepişdirdi. Birden ýaňky tohumlar deri ýaly tutaşdy-da, başyny aýlap barýan ýiti ysly goýy tüsse al-asmana galdy. Şagga derledim. Endamymdan gyzgyn damjalar syrygyp başlady. Töwerek henizem dym-dyrslykdy. Garry şindem öz jadyly dogasy bilen gümrady. Şol wagt ýokardaky deşikden kimdir biri sereden ýaly boldy. Onuň kölegesi ilki ortadaky ojaga, sonam garrynyň sellesine düşüp, birdenem gaýyp boldy. Men ýokaryk seretjek bolanymda, halys tapdan düşenimi duýdum. Gymyldamaga sähelçe-de ysgyn-rowgatym ýokdy. Garry ojaga nähilidir bir külke zatlar sepdi. Ondan göterilen tüsse tiz salymda jaýyň içine dargap, ýitip gitdi. Men gaty geň ýagdaýda galdym. Göwnüme bolmasa, töweregimde tupan turýan ýalydy. Ol aýratynam çep tarapymda güýçlüdi. Hatda barha möwjeýän şemalyň şuwwuldysyny-da eşidýärdim. Soň harasat bütin töweregi gaplady. Men göýä jaýyň içinde däl-de, demir ýolun üsti bilen garşymdan öwüsýän ýeliň tersine aýylganç tizlik bilen okdurylyp barýan ýalydym. Ýagdaýym her neneň erbedem bolsa, men ojakdan göterilýän tüssäni, ullakan ak gülleri, gymyldaman oturan garany açyk-aýdyň saýgarýardym. Diýmek, näme bolsa meniň başymda. Töwerekdäki ähli zat asuda. Ýel turýany çyn bolsa, iň bolmanda onuň dilleri tebil tapardy ahyryn... Birdenem töweregim tozana gaplandy-da, her hili geň jandarlaryň şekili gözüme görnüp başlady. Dumly-duşumdan dazlaşyp geçýän ol şekilleriň sany-sajagy ýokdy. Şol köwsar urýan tozanyň arasyndan mahal-mahal köz ýaly ýiti gözler, naýynjar ýylgyrýan dodaklar hem ap-ak dişler görnüp gidýärdi. «Bu kimkä? – diýip oýlandym. – Garrynyň meniň ýanyma çagyran janynyň şekli bolaýmasyn?! Belki, ol bu giden şekilleriň birden-biri meni tanar ýaly ýa-da men olary tanaryn diýen pikir bilen bilen şeýle edýändir...» Dogrudanam, ol şekilleriň biri nazarymy egledi. Endamym tikenekläp, ysytma tutýan ýaly gagşap ugradym. Edil ýarganat ýaly daşymda köwsar urýan ol kölegäniň keşbi birhili tanyş göründi. Meniň edil öňümde ozalky ak güllere derek ýüpek köýnege çolanan aýal otyrdy. Özem häzir gelene däl-de, giden oturana meňzeýärdi. Başga zat görmesem-de, garrynyňam şu töwerekdedigini syzýaryn. Altyn çaýylan kürsüde sarsman oturan bu aýalyň arkasynda ak sütünleriň hatary uzalyp gidýär, bärik gelýän mähelläniň aýak seslerini, gürrüňlerini üzlem-saplam eşidýärin. Alys bir ýerden sazyň sesi gulagyma gelýär. «Häzir men dogrudanam, tans edilýän ullakan zalda, töweregimde-de bir topar adam bar. Gabat garşymda ak köýnekli, saçyna yhlas bilen timar berlen, ýüzüniň reňki öçük aýal otyr. Ine, ol pessaý sesi bilen maňa nämedir-bir zatlar diýýär». Meni iki hili duýgy basmarlap ugrady. Hem-ä onuň gürrüňiňe hä beresim gelýär, şol bir wagtyň özünde-de onuň niredendigini, adynyň nämedigini, nädip bu ýere düşenini anyklajak bolýan. Ýöne sütünleriň aňyrsynda kimdir biri bardyr ýa-da garry diňläp oturandyr diýen gorky dilime badak atýar. Eden gürrüňimiz doly bolmasa-da, üzlem-saplamrak ýadyma düşýär. Men şeýle diýdim: – Ikimiz düýn derýanyň kenarynda gezelenç etdik. Howa-da sowukdy... Siz meni henizem tanaňzokmy? – Ol gezelençleň lezzeti aýry-la!.. Men sizi dogrudanam nirede gördümkäm? – Ýadyňdamy, biz gaty kän tanyşlarymyza-da duşduk. Ählisiniň edil şol wagt gezelenje çykaýyşlaryny diýsene... Mundan ýedi ýyl ozal geçirilen bir agşamda ikimiz tötänleýin tanyşypdyk. Az-kem tansam etdik... Ol agşam diýseň ajaýypdy, açyk asman, sowuk howa... – Hawa-da, güneşli gün häli-şindi bolup durýan zat däl... Hä, indi ýadyma düşdi. Meni siz bilen bir student ýoldaşym tanyşdyrypdy... Bilýäňizmi, men şonda erbet sowuklapdym. Üç günden soňam ýagty jahan biden hoşlaşdym. Iň soňky demimde-de şol duşuşan agşamymyz ýadyma düşdi. Şeýle bir ýaşasym gelýärdi welin... bolmady-da... – Men sizi nädip halas edip bilerkäm? Siz häzir şeýle ýaş, ajaýyp... – Ýakyn günlerde ýene-de şo gezekki ýaly agşam guralyp, ýigitler, gyzlar tans etmege gelerler. Elbetde, sizem gelersiňiz. Men sizi ol ýerde şatlyk bilen garşylardym welin, arman... Şu garrynyň ygtyýarynda-da... Ol meni hiç ýere goýbermez. Ýöne göresiň gelse, garry bizi duşuryp biler... Tansa hökman geleweriň. – Onuň gürrüňi bolmaz... Ýöne siz gitmäň. Eşidýäňizmi? Hemişe bile bolaly... Hany, maňa eliňi ber... Men tutmak üçin oňa topulamda, öňümde duran gülli gaba büdredim. Garry ellerini asmana tutup, meni köşeşdirjek bolup doga okaýardy. Tüweleý turup, töweregimde ýene-de şol tutuksy şekiller gaýmalaşyp ugrady. Soň şemal kem-kemden pessaýlady, hanlaryň gowrudyr tans sazynyň sesi barha uzaklaşyp, ahyry düýpgöter kesildi... Jaýyň içi garaňkydy. Ýöne henizem tüssäniň ysy gelýärdi. Ýokarky deşikden, damýan damjalar daşarda ýagyş ýagýandygyndan habar berýärdi. Uzak bir ýerden gök gübürdisiniň sesi geldi. Garry gahardan ýaňa sandyrap, ýuwaşlyk bilen: – Men bu janlary öň nägünlük bilen çagyrdym. Bar azabymy puja çykardyň – diýip, pyşyrdady. Men ýerde ýassygy gujaklap, ýüzin duşup ýatyryn. Hasrat ýüregimi mynçgalaýardy. Birçak – student döwrümde ak köýnekli bir gyza duşup, ýarym sagat çemesi tans edenim ýadyma düşýär. Onuň adam ýadymdan çykypdyr, ýüz keşbem hakydamda ýok. Hatda häzir niredediginem bilemok. Ol bu ýurda, has beterem, bu garryň öýüne nädip düşdükä? Indi maňa ony görmek miýesser edermikä? Şu zatlary serimde aýlap, gymyldaman ýatyryn. Halys tapdan düşen bedenim edil ýenjilen ýaly owum-döwüm bolup dur. Ol gyzy ýene-de çagyrmagyny garrydan haýyş etdim. Garry az salymdan dogasyny okap boldy-da, elimden tutup, sessiz-üýnsüz daşaryk alyp çykdy. Gije bir çene barypdyr. Harasat ýatyp, dolan aý asmanda nur saçyp dur. Men halynyň üstünde gyşaryp ýatyşyma garra: – Hany, aýt, sen ol gyzy nireden çagyrdyň? – diýdim. – Duşuşan sen, gören sen. Şonuň üçinem, ony sen bilmeli. Meniň hiç zatdan habarym ýok. – Ýaşuly, meniň görmek isleýänim ol däldi-de, başga biridi. Men ol gyzy çagyramok, özi geldi. Men seniň ýanyňda hepdeläp, aýlap bolmaga-da taýyn. Ýöne şol gyzy ýene bir gezek görkez. Garry ýüzüme ynamsyzlyk bilen garady-da: – Bolmaz – diýdi. – Bir öwrenişseň zol göresiň geler durar. Men beýdip biljek däl. Ugra öýüňe! 1910. | |
|
√ Ýakasy açylmadyk alaça / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Agageldi garawul / hekaýa - 20.11.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Tabyt / hekaýa - 17.07.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Obada / hekaýa - 20.07.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |