12:38 Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa | |
SEN AMAN BOL BU DÜNÝÄDE
Hekaýalar
Maşgalanyň dört gyzdan soňra ogla ýüzi düşüpdi. Atabaý öňem eli açyk kişidi, perzent görenden soňra-ha aňyrsyndakyny orta döküpdi – tas bir aýlap «essalawmaleýkimiň» yzy üzülmändi. Göräýmäge köp garaşdyryp gelen çaga «a» diýmänkä alma, «h» diýmänkä halwa uzadylyp, halys başyna goýberiläýjek ýaly welin, ýok, beýle bolmady. Baýramjyk otur-tura ýarandan, dädesi oňa güýjüniň ýetjek işlerini yzygiderli buýrup ugrady. Aýaly Humaý bir gezek gaşyny çytyp: «Sen-ä munuň dünýä inerine garaşyp, öňünden iş baryny taýynlap goýan ekeniň. Ýoluna uzak wagtlap göz dikilen çaga ahyry, beýtme, näme, iş diýen artybyň gaçyp gitjek ýeri barmy?» diýdi. Atabaýyň jogaby nagt boldy: «Biziň tohumymyzda il agasy, don ýakasy bolup, törde oturyşyna töweregindäkilere akyl berýänem, ylymly bolup, çöregi galam ujundan iýýänem, arkaly-döşli bolup, ýag ýokundyly ýere ornaşýanam ýok. Biziňki şol bir üýtgewsiz ýoldur: çöregimizi arkamyzy şorladyp, el-aýagymyzy sorkuldadyp gazanýandyrys. Men oglumyň haýsy işiň çetinden barsa, eliniň gelşip durmagyny isleýän. Sen gyzlary berk tut, muňa terbiýäni özüm bererin...» «Iki aýakly iki günde» diýleni, Baýram ýigit ýykdy. Dädesi oňa öz hünäri bolan ulag ussaçylygyndan başga-da, daş örmegi, suwag emegi, jaýyň üstüni basyrmagy, oňa agaçdüşek düşemegi hem öwretdi. Günleriň birinde çaý başynda äri: - Tüweleme, Baýram jan-a eli hünärli, zereň boýly ýigit bolup ýetişdi. Enşalla, maşgalasyny zada zar etmez – diýdi. Aýaly: - Hudaý balamy göz-dilden aman saklawersin. Akyllydyr, agrasdyr, ýuwan sözi-de, ýalan sözi-de bolmaz. Gün şöhlesi düşen altyn ýaly ýaldyrap durandyr – diýip, onuň aýdanynyň üstüni ýetirdi. - Baý, senem bir zady çişirmeli bolsa, hezil edäýýäň – diýip, Atabaý güldi. Soňra agras keşbe girip, sözüni dowam etdi: - Ýöne oglumyz juda ýuwaş, onuň töwerek bilen garyşyp-gatyşmazlygy meni biynjalyk edýär. Dymma. Baýram jan ömürboýy ümüş mal ýaly bolup ýörmeze ýagşy, Humaý. - Göwnüňedir. - Ýok, göwnüme däl. Ony öýermegiň ugruna çykaly. Ilki halaşýan gyzynyň bardygy-ýokdugy bilen gyzyklan, eger ýok bolsa, özümiz aladasyny edeli. Her ýeten gazyga büdräp ýörmän, gelinligi öz deňimizden gözlemelidiris. Ýöne bek bellegin: oňa gözleri ýanyp duran, basan ýerinden ot çykarýan, telli-pelli zada ýüregi ersmeýän gyz gerekdir. Är-aýalyň ikisi-de ýuwaş bolmaly däldir, olaryň biri dogumly bolan mahalynda araba gowy tigirlenýändir. Meniň bilen ylalaşýaňmy, Humaý? Aýaly baş atdy. Baýramyň söýüşýän gyzy ýok eken. Ata-enänniň isleýän gelinligi tapyldy. Oglany öýerdiler. * * * Aýjahan, dogurdanam, edenli gelin bolup çykdy. Gep horjunlary hemişe doly, ýeriň aşagynda ýylan gäwüşese-de habarly aýallar: «Maşgalanyň gelinden bagty bar eken. Aýjahanyň gaýnatasy bilen gaýnenesiniň kirpiklerine kir ýokdurman saklaýar. Käbiri bardyr, diňe uzyn köýnek geýensoň ady zenandyr, işik bilen törüň parhyny bilmänsoň, toý-ýasda ornuny çem gelen eýeläp ýörendir. Aýjahan beýle däl, ornuny hiç kime bermez» diýip, onuň öwgüsini ýetirýärduiler. Basan ýerinden ot çykarýan gelin ýassykdaşyndan welin kinelidi. Oňa Baýramyň ýüreginiň çakdanaşa ýukadygy, kim «ýör» diýse, yzyna düşüp gitmegi ýaranokdy. Şunça tanapyndan çekse-de, tasir edenokdy. Atabaý aganyň Döndi atly ýaşy togsana golaýlap barýan aýal dogany bar. Onuň: «Baýram janym han oguldyr, hemmä mähriban oguldyr» diýen ýakymly sözleriniň içinde ulalansoň, Baýram ony aýratyn gowy görýär. Häli-şindi: «Döndi ejekemiň halyndan habar alaýyn» diýip, onuň ýanyna gidýär. Ol bir gezek baranda, kempir: «Baýram jan, men üç gyzymdan müň keren razy. Olar meni zada zar edenoklar. Ýöne adamy soňky ýoluna ugratmaga ogul gerekdir. Şonuň üçin hem, öňünden tabşyryp goýýandyryn: öýden çykarylanymda, sen oglum hökmünde tabydymyň başyny egniňe almalysyň» diýäýmezmi. «Aý, ejeke, munda kimiň ilki gidip, kimiň soňa galjakdygy bir Hudaýa mälimdir. Eger senden soňra gitmeli bolsam, sargydyňy hökman bitirerin» diýip bilerdi ahyry. Ýok, gaýtam: «Ejeke, aýdyp oturan zadyň name seniň?» diýip aglap, töweregindäkilere iş bolupdyr. Erkek kişi diýeniň dagy eýle-beýle söz üçin, heý-de, gözüne el ýetirermi?.. Baýram tanyş oglanlaryň biriniň açan hususy kärhanasynda ulaglary abatlaýjy ussa bolup işleýär. Müşderiler aňryýany bilen ýetik bolansoň, maşgalasyny zada zar edenok. Dogry, ol puly azap bilen gazanýar: irden öýden çykyp, iňrik garalyberende yzyna dolaýnar. Baýram uly gara torbasyny egninden aýranok: içinde çalşyrgyç iş eşigi bilen iýjek-içjegi bar. Aýjahan şol gezek içeri giren ýassykdaşynyň ýüzüne geň galyjylyk bilen seretdi. Baýram muny duýup: - Hä, name? – diýip sorady. - Men-ä bu sowaly özüňe bermekçidim. - Düşünmedim. - Sen häzir nirden gelýäň? - Weý, elbetde, işden gelýän. - Onda köýnegiň öňi name? Heniz geýilmedik köýnekdi… Baýram aýalynyň görkezen ýerine seredip, içini çekenini duýman galdy. - Wah, içigar galmyş! Iş eşigini geýeýinem diýdim, ýöne öte ýadaw bolamsoň, ýaltanaýdym-da…- Ol başyny ýaýkady. Soňra bolup geçen ýagdaýy gürrüň berdi: - Sazlan ulagymy gözden geçirenimden soňra, ýuwnup-ardynyp, onuň eýesi bilen hoşlaşjak bolup durkam, ýanymyza bir adam geldi. Ussahanamyzyň golaýyndaky öýleriň birine golaýda göçüp gelendigini aýdyp, tanyşlyk berdi. Soňra: «Oglanlar, biz saglyk sadakasyny bermekçi bolýarys. Birnäçe öýe bardym, ýöne mal öldürip bilýän ýok eken. Belki, siziň kömegiňiz deger?» diýdi. Ulagyň eýesi-de, meniň bilen bile işleýän iki ussa-da başlaryny ýaýkadylar. Nätanyş adam ýüzüme soragly bakanda, şol işi oňarýandygymy aýtdym. Üstümiň hapalanyna ünsem bermändirin… Aý, ýuwsaň aýrylar-la… Aýjahan geplemän, onuň ýüzüne ýaňsyly seretdi. Hemişe şeýle. Ýagyş güýçli ýagan günleri goňşularyň gatnaýan ýerine galyň agaçlary düşäp ýörendir; ýalta çagalaryň ýa-da geleňsiz uly ýaşly adamlaryň bärik döküp gaýdan hapa-hupasyny bir burçda goýlan demir gapyrjaga guýýandyr; agaja dyrmaşyp, naýynjar mawlaýan çaga pişijegi aşak düşürýändir… Aýjahan bir gezek: «Seniň adyňa Baýram däl-de, Aýazbaba dakylan bolsa, tüýs ýerine düşjek eken. Özi-de töweregiňdäkileri hemişe begendirip gezeriň ýaly, Aýazbabanyň lybasyny asla egniňden çykarmaly däl» diýip gaharly gepledi. Ol öz sözleri ärine täsir eder öýdüpdi. Beýle bolmady. Baýram Aýjahanyň tikenli sözlerine hezil edip güldi. * * * Onuň juda ýadawdygyny ýüzi aýdyp durdy. Ýuwnup-arassalanyp, saçak başyna geçdi. Birhaýukdan: - Gidenlerden ne habar? – diýip sorady (Ata-enesi gum içindäki obalaryň birine toýa gidipdiler). - Humaý daýzam jaň etdi, sag-aman barypdyrlar. Nesip bolsa, ertir yzlaryna dolanarlar. - Çagalar ýatyrmy? - Hawa. Dymyşlyk. Aýaly şeýle bolmajagyny bilse-de, onuň nämedir bir zat barada gürrüň bermegini isledi. - Men-ä boldum. Endam-janym edil soka salnan ýaly. Gözümem bürlüp barýar. Düşegi ýazsana. - Wiý, şundanam bir nahar iýildigi bolarmy? Taýýarlanan iýmiti ýanyň bilen alyp gitmegem unudypsyň. Hemişe gyssanmaç-da sen… - Işleýän ýerimiziň golaýynda naharhana bar. Aç gezmedim. - Öýüň nahary bir başga bolmaýamy nä? - Şeýle welin… Aýjahan, meniň şu iýenim ýeterlik. Ajyksam, agşam turup, sowadyjyda goýlan naharyň daşyna gaýtadan geçerin. Aýaly ýylgyrdy. - Aýdýanyňa özüň ynanýamyň? Hamala, mundan ozal şeýdip ýören ýaly. Ol düşege geçjek bolup durka: - Men ertir Guldurdynyň ýanyna barmaly – diýdi. Aýjahan äriniň ýüzüne soragly garady. - «Ulagymyň takyrdysy artdy, gözden geçirip ber» diýip haýyş etdi. Aýalynyň ýüzi gamaşdy. - Bir ýandan Guldurdy, beýleki ýandan Amandurdy, ikisiniň işi gutaranok. Uzynly gün üst-başyň çir-çyrşakdygyny görmän durlarmyka? - Beýle diýme, Aýjahan. Arkalaşyp ýaşamaly dünýä ahyry bi…Onsoňam olar seniň süýtdeş doganyň… - Doganymam bolsa, ikisiniň seni eýerläp münendigine janym ýanýar. Ulaglaryny bejermekden başga-da, «gel-geliň» yzy üzülenok ahyry. Senem birhili adam-da, «ýok» diýmeli bolsa duran ýeriň. Ikisi meniň doganym bolanda näme, «Men ulag ussasy, jaýyňyzyň eýlesini-beýlesini abatlamak üçin başga adama ýüz tutuň» diýmeli. Amandurdynyň öýünde iki hepdeläp işläniň ýaňy dälmi näme? Ynha, indi beýlekisiniň ýumşuny bitirmeli. Soňra ýene bir iş tapylar... - Nädýäň-aý, muny, Aýjahan? Bitirer tamasy bolansoň, haýyş edýärler ahyry. Onsoňam eliňden gelýän zady... Aýjahan onuň sözüni kesdi: - Eýle bolsa, bildigiňden galma. Sen haçan meniň maslahatyma gulak gabardypsyň? - Başlamasana, Aýjahan... Aýaly otagdan çykdy. Sähel salymdan aşhanadan ýuwulýan gap-gaçlaryň şakyrdysy eşidilip ugrady. Baýram uka gitdi... Aýjahan ony yralaýşyna: - Tur, Baýram! Tursana! – diýip, birnäçe gezek gaýtalady. Baýram ahyry oýandy. Laňňa dikeldi. Gözlerini petredip: - Nä, näme boldy? Näme boldy, Aýjahan? – diýip howsalaly gepledi. - Baýram, meniň ysgynym gaçýar... Başymam aýlanjak bolýar... Ilkinji gezek şeýle... Bu nämäniň alamatyka, Baýram? - Hiç zadyňam alamaty däldir. Ajyja çaý içseň, açylar gidersiň. Ýöne çaýyň haýry degmedi. Ýassykdaşynyň öz ýüzüne soragly garaýandygyny gören Aýjahan: «Gaýgy etme, ýagdaýym gowulaşdy» diýdi. Ýöne onuň ýagdaýynyň nähilidigini gözi aýdyp durdy. Aýjahan şunça «gerek däl» diýse hem, gara basga galan Baýram ilki Guldurda, soňra Amandurda jaň edip, aýal doganlaryna bir zat bolandygyny ýetirdi, mümkin bolsa, gelip gitmeklerini haýyş etdi. Olaryň biri: «Işden laky-tak bolup geldim» diýse, beýlekisi: «Ýap-ýaňy myhmanlary ýola saldym, üstesine, şu gün kellämiň agyrysy-da aýrylanok» diýdi. Ikisi-de ertir aýlanjakdygyny aýtdylar. Baýram: «Ikisiniňem tanapyna towsup duran ulagy bar. Dag aşyp gitmeli däl, şäheriň içi, göz açyp-ýumasy salymda geljekler. Olary görüp, Aýjahanyň göwni hoş bolardy. Dünýäde ata-eneden soňra aýal dogandan zyýada kim bar?» diýip içini gepletdi. Doganlarynyň sözlerini Aýjahana ýetirende, ol başyny ýaýkap, ýaňsyly ýylgyrdy. Soňra «Tiz kömege» habar ýetirildi. Lukman ýigit Aýjahany barlandan soň: «Gelneje, gorkuly zat ýok. Diňe yssy howa, üstesine-de, gyzgyn pejiň ýanyndan aýrylmazdan edilýän biş-düş öz täsirini ýetiripdir. Ýaşyň ýokary galyberse, sähel zat bahana bolýar-da. Ynha, häzir sanjym ederin, yzyndanam derman içersiňiz weli, ertir ýeriňizden gülüp turarsyňyz» diýdi. Çagyrylan «Tiz kömek» gitdi. Baýram geýinmäge durdy. - Wiý, sen nirä hyýallanýaň? - Dermanhana baryp geljek. - Gerek däl, ertir irden alyp geläýersiň. Baýram ony diňlemedi.Yzyna dolanyp gelende, Aýjahanyň ýanynda duldegşir goňşusy Şasenemiň oturandygyny görüp, juda geň galdy. Şasenem: - Aýjahan: «Bir gelip gitsene» diýip jaň edende, ýüregim ýerinden gozganan ýaly boldy. Bimahal çak-da...«Baýram dermanhana gitdi. Gelýänçä höwür bolsana, ýüregim gysýar» diýdi. Gyssagym özüm bilen boldy. Tüweleme, ýagdaýy-ha gowy eken. Ynha, onsoň saňa garaşyp oturyşymyz – diýdi. Soňra sözüni degişmä ýazdyrdy: - Men-ä aýalyň seni beýle söýýändir öýdemokdym, Baýram. Asyl biriňiz Zöhre, beýlekiňiz Tahyr bolsaňyz nätjek! Agzybirlikde uzak ýaşaň! Baýram ýylgyrdy. Aýjahan onuň ýüzüne birhili naýynjar seretdi. Şasenem çykyp gitdi. Baýram: - Men ýalňyşdym öýdýän – diýdi. - Nämäni ýalňyşdyň? - Doganlaryňa jaň edip...Birhili aljyramsoň... Ol birden aýalynyň sessiz aglaýandygyny gördi. Ýanynda oturyp, iki elindenem tutdy. - Saňa näme bolýar, Aýjahan? Bolmasa, ýene «Tiz kömege» jaň edäýeýin? Nähili bolýar-aý bi, lukman: «Gorkuly zat ýok» diýipdi ahyry. - Meniň ýagdaýym gowy, Baýram. Çynymy aýdýan... - Weý, onda aglamaň näme? - Aý...men...ýöne...aglaýýan-da... - Beh, geň galaýmaly, ýöne ýere-de aglanýan eken-ow! Aýjahan ýylgyrdy. Baýram penjiräniň öňüne bardy. Owadan tutyny bir gapdala syrdy. Özbaşyna: «Güýz çigregi başlandy. Indi howa ahmal bolsaň üşeder. Ägäräk bolmaly, biri-biriňe has-da ysnyşmaly» diýip gepledi. Är-aýal düşege geçdi. Baýram derrew uka gitdi. Aýjahan tirsegine daýanyp, oňa mähirli syn etdi. Häzir Baýram onuň gözüne juda, juda yssy görünýärdi. Aýaly birden ärine gysmyljyrap, onuň çalaryp başlan buýra saçyny sypalady. Baýram nämedir bir zada ýylgyrdy weli, ýüzi has-da nurlanyp gitdi. Aýjahanyň gözleri gaýtadan ýaşa doldy. Gijelikde hiç zadyň görünmeýändigi nähili gowy. Adamyň kämahal ne sebäpden gözýaş dökýändigini özünden gaýry hiç kimiň bilmeýändigi bolsa has-da gowy... Amanmyrat KIÇIGULOW. Surat: Dañatar Çaryýew / «Muzeý. Pereslaw-Zalessk» | |
|
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Dostuň dostdan göwni galmasyn / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Bugdaý sümmül bolanda / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |