09:56 Ene / powestiñ soñy | |
* * * Wekil howlynyň bir çüňkünde oturyp, ony içgin synlady. Bu ýerde üýtgän zat ýok. Hemmesi öňki ýaly. Bäri ýoly düşen adamlar dürli agaçlaryň howla görk berýändigini aýdýarlar. Goňşy ýaşulularyň biriniň: «Etjek haýyr işleriňiz-ä bu dünýäňize, ýetişdirjek agaçlaryňyzam o dünýäňize saýa bolýandyr» diýen pendine eýerip, olaryň nahallaryny maşgala bolup oturdypdylar. Bu howly onuň üçin juda mähriban. Bu howluda babasynyň, ejesiniň, Aýna daýzasynyň, doganlarynyň, dostlarynyň, goňşy-golamlarynyň, dogan-garyndaşlarynyň keşpleri, yzlary bar. Olaryň arasynda diňe bir adamdan hiç hili nyşan ýok. Hakyda ony howla getirmek islänok... Heniz aga-gara doly düşünmeýän oglan döwürleri öňlerinde duýdansyz keseren namartlyk olaryň şatlygyny ellerinden alypdy. Wekil Ikiýüzlülik, doňýüreklik, binamyslyk, aldawçylyk, şowsuzlyk sebäpli telim gezek öz ýanyndan ýanyp-bişipdi. Durmuş oňa biderek, ýaşanyňa degmeýän bolgusyz bir zat bolup görnüpdi. Ýöne «Aslynda bu dünýä ýaşamak üçin ýaradylan ahyry, diýmek, ýaramazlyklar bolsa bolubersin, ýaşamaly! Hiç kimiň ýanynda ykbalyňdan zeýrenip, öz mertebäňi peseltmeli däl!» diýen pikir ony hiç wagtda terk etmändi. Daşary ýurtly ýazyjylaryň biriniň çuň many-mazmuna ýugrulan eserindäki: «Meniň öýüm dünýäde iň owadan öýleriň biri. Onuň umytly ojagy meni umytsyzlykdan gorap saklaýar» diýen setirler ýadyndan çykanok. Olar umytly ýaşamagy ejelerinden öwrenipdiler. Onuň hemişe ýylgyryp duran ýüzünde-de, daş-töwerege söýgi bilen garaýan gözlerinde-de, balalaryny mähirli gujaklaýan ýa-da hamyr ýugurýan elllerinde-de, ýaz paslynda düşek ýazylan sekide oturyşyna, ýuwaşjadan haýsydyr bir aýdyma hiňlenmesinde-de örän uly many bardy. Inçe duýguly ýürekli ýaradylan ogly ony görýädem, duýýadam. Ýok, Wepa toslama eserleri döredýän ýazyjy däl. Ýöne howludaky gözi öwrenişen haýsy zada seretse, oňa hakydada jan girýändigine, hereket edip başlaýandygyna berk ynanýar. Emma özüne birhili syrly gararlar, ýeňsesinden hyşy-wuşy ederler diýen pikir bilen, bu barada hiç kimiň ýanynda dil ýaranok. Wepanyň arzuwy hasyl boldy: Aşgabatdaky çeperçilik mekdebine kabul edildi. Ertir ugramaly. Ynjalyksyz ejesi daň ataly bäri gydyrdanyp ýör: et gowurdy, çörek bişirdi, dükandan süýji-köke getirtdi. Özi-de irginsiz: «Allaja jan, balamy okuwyny gutarýança bela-beterden, howp-hatardan goraweri!» diýip gaýtalaýar. Ogly orta mekdebi tamamlady, iki ýyl goşun hatarynda boldy, ýöne ol ejesiniň ýanynda henizem çaga. Ol: «Bu ýerden äkitjek ýol ony günleriň birinde ýene bu ýere alyp geler. Nesip bolsa, mähriban howlyny doly tertibe salaryn, özüme ussahana guraryn. Işlärin, Işlärin, Işlärin…Nowbahar ogluň etjek işleri kändir, eje! Şonuň üçin hem, sen syrkawlamaly, garramaly dälsiň, käbäm!» diýip içini gepletdi. * * * Zöhre bilen Aýna Hekim aganyň halyndan habar almak üçin hassahana bardylar. Ýaşulynyň ýagdaýynyň gowy däldigi mese-mälimdi. Agyr syrkawyň ýanyna baran adama göwünlik beriji sözleri tapmak, tapaýanda-da, oňa özüniň ynanmaýandygy üçin, şol sözleri aýtmak juda kyn düşýär. Hekim aganyň gyzlarynyňkam şeýle boldy. Öý-içerileriniň saglykdygyny aýtdylar, agtyklarynyň salamyny ýetirdiler. Soňra biri onuň kellesini, beýlekisi elini sypalamaga başlady. Aýna özüne erk edip bilenokdy, ýüzüni kesä sowup, dodagyny berk ýumsa-da, gözünden ýaş çogup çykyp durdy. Ýaşuly özi bilen hoşlaşyp, gapa tarap ýönelen gyzlarynyň yzyndan naýynjar seredip galdy. Zöhre aýal doganyndan daşarda garaşmagy haýyş edip, dädesine seredýän lukmanyň ýanyna ugrady. Agras ýüzli lukman: «Biz elimizden gelenini etdik, gelin. Ýöne...Siz ýaşulyny öýe alsaňyz, gowy bolar. Özüňiz hyzmatynda dursaňyz, agtyjaklarynyň ýüzüni görüp, sesini eşitse, ýagdaýy gowulaşaýmagam ahmal. Ähli zat Hudaýa bagly-da» diýdi. Zöhre onuň näme diýjek bolýanyna düşündi. Hekim agany şol gün öýe aldylar. Dädesiniň ýagdaýyny ogluna ýetirdiler. Baýramgylyç giçlik Gülälegi yzyna tirkäp geldi. Ýaşuly sessiz-üýnsüz halda olaryň ýüzüne gezekli-gezegine syn etdi ýatdy. Birhaýukdan: - Oglum, maşgalamyzda senden ozal üç çaga dünýä inip, olaryň hiç birine ýaşamak miýesser etmedi. Şeýle bolansoň, ejeň ikimiziň seni söýgüleýşimiz başgaça bolandyr. Bir gara güýç elimizden alaýjak ýaly, hemişe bükgüldide gezipdik. Hudaýa şükür, sag-aman ulaldyň, il hataryna goşuldyň. Ömrüň uzak, öýüň abadan bolsun! Özüň görýäň, käniňiz-köpüňiz ýok, sen naçar doganlaryňa arka durmalysyň, oglum. Allatagala aýal dogany diňe erkek dogany ýogalanda gara geýip, bozlasyn diýip ýaradýan däldir... Gelin, senem özüňi Zöhre jan bilen Aýna jandan aýra tutma. Sen bularyň ýalňyz gelnejesisiň, gynanyp-gyssansalar, sen gujak gerip, ýagşy sözüňi aýtmalysyň. Magtymguly şahyryň aýdyşy ýaly, adam ogly munda bäş gün duza myhmandyr. Ýaradandan habar Bu dünýä ýöne ýere «ýalançy dünýä» diýilýän däldir, geldiňmi – günleriň birinde ýene-de gidibermelidir. Men öz ýagdaýymy bilýän. Hemmäňizden razy bolup gidýändirin, sizem menden razy bolup galaweriň! – diýdi. Baýramgylyç: - Razydyrys, däde – diýdi. Zöhre Gülälegiň onuň elini bilniksiz kakyp goýberenini gördi. Äri ilki aýalynyň ýüzüne seretdi, soňra: - Beý diýme, däde. Enşalla, aýak üstüne galarsyň – diýip, öňki aýdanyny ýuwmarlady. Hekim aga geplemedi. Goňşularyň, dogan-garyndaşlaryň biri gelip, beýlekisi gidýärdi. Ýaşuly ýuwaşjadan: «Il-günüme döneýin» diýip, şol bir sözleri gaýtalaýardy. Aradan üç gün geçenden soňra, Hekim aganyň ýagdaýy has ýaramazlaşyp ugrady. Zöhre Baýramgylyçlara bardy. Ol aýaly bilen jaýyň kölegesinde çaý içip oturan eken. Zöhre derrew näme üçin gelendigini aýan etdi: - Ajal dädemiň ýakasyny goýbererli däl. Öz öýünden çykarylsa, gowy bolardy... Baýramgylyç göz astyndan Gülälegiň ýüzüne seretdi. Aýaly azmly gepledi: - Meni gepletjek bolmaň näme? Sen erkek kişi, onuň ogly. Ber, aýal doganyň jogabyny. - Aý, maslahatlaşylsa gowy-da. Ýogsam neme...- diýip, Baýramgylyç haňk-huňk etdi. - Nämäni maslahatlaşjakmyşyň? Ataňy uly ile göz edip alyp gitdilermi, ýasynam özleri tutsun. Zöhräniň terzi üýtgedi. Ol agasynyň ýüzüne bakdy. Baýrangylyç agzyna suw alan ýaly bolup otyrdy. - Senem heleýiň (ol ilkinji gezek «gelneje» sözüni agzyna almady) bilen pikirdeşmiň? - «Heleý» diýen bolup, agzyňy-burnuňy towlap gepleme. Men… Zöhre onuň sözüni agzyndan ýolup aldy: - Sen özüňe kimdirin öýdýäň-ä? Aklyň bolsa, ýyrtygyňa ýama şu öýden tapylandyr. Nahar bişirmegi, geýjek köýnegiň etegini eplemegi şu öýden öwrenensiň. Ejem pahyr: «Ýat ýanynda ýamanlanymyzda, kim gowusyny getirip berjek?» diýip, otursa-tursa seni öwdi. Gyzlaryna-da şeýtmegi sargady. Öz eden işimizem, etjek işimizem seniň adyňa geçirendiris, gowy sözleri seniň adyň bilen gepländiris. Şeýdibem, adyň goňşy-golamlaryň, dogan-garyndaşlaryň arasynda Gülälek däl-de, Gülälek jan bolandyr. Ýöne sen öz hetdiňi tanamadyň. Äbe-de-jüýbe bolup ýaşamagyň deregine, bizi jynyň alman, hiç zat ýok ýerden ýeliňi bir sanaç edip gezdiň. Ýüregi berç bolan ejem elli ýaşa-da ýetmän, ýurduny täzeledi. Onuň yzynda galan iki gyzy hakda aýdýan sözleriňi-de gylyny gyrman ýetirip durlar. Ägä bol, Hudaý hemme zady görýändir, birden onuň gazabyna galyp, «Meni beýle kösär ýaly, onuň alnynda name günäm barka?» diýip, öz gaty gowy bilýän zadyňy bilmediksiräp, haýran galan bolup oturma. Onsoňam sen diňe sylasak, gelnejesiň, sylamasak, uzyn eteklileriň birisiň. Gülälek agyr sözlerden ýöwselledi. Ýöne her niçigem bolsa, yza çekilesi gelmedi: - Aý, hawa, utanç-haýa diýlen zat bolmasa, agzyňa gelenini paýradyp durmaly-da. - Gel-gel, utanç-haýalam sen bolduňmy? Bäri nähili ýagdaýda geleniňi sen unudan bolsaňam, biz unudamzok! (Halaşyp başlanlaryna onçakly köp wagt geçmänkä, Baýramgylyç-da, Gülälegek-de ejeleri bilen gizlin gürrüň edipdiler. Iki tarapyň ýaşulusyna-da nämäniň-nämedigi aýdylmazdan, gyssagy toý tutulypdy. Gülälek gaýyn öýüne göwresi çagaly gelipdi). Beýle sözlere garaşmadyk Gülälek ör-gökden geldi. - Wiý! Wiý! Näme aýdyp dur-a bi? – diýip, içini çekip, ýakasyny tutdy. Soňra gaharyny ärinden çykardy: - Neneň arkaýyn oturyp bilýäň? Günümizi bulamak üçin taýýarlykly gelen aýal doganyň aýdanyny eşideňokmy? Men…men guraýyn… Baýramgylyç ýerinden laňňa turdy. Onuň dodagy titir-ritir edýärdi. Bir eli bilen aýal doganynyň goşaryndan şapba tutdy-da, beýleki eliniň barmagyny gapa tarap çommaldyp: - Bar, ugra! – diýdi. Zöhre elini silkip aldy. Baýramgylyjyň ýüzüne mölerilip seredip, birsalym sesini çykarman durdy. Onuň şol bakyşynda gahar-da, öýke-de, ynjy-da, garaşylmadyk ahwalata haýran galma-da bardy. Göz owasyny böwsüp çykan ýaş ýaňakdan syrygyp durdy, syrygyp durdy. Zöhre ony syljagam bolanokdy. - Näme dursuň? Maksadyňa ýetdiň, indi arkaýyn öýüňe git! – diýip, Baýramgylyç aýdan sözleriniň üstüni ýetirdi. Gülälek horkuldap, bolmajasy bolup otyrdy. Baýramgylyjyň hüňürdisi eşidildi. Aýalyny köşeşdirýän bolsa gerek. Egni sallanan naçar dogan gapa tarap ugrady. Hekim agany soňky ýoluna ugratmaga köp adam ýygnandy. Her niçigem bolsa, ogly atasynyň tabydyny engine aldy. Zöhräniň öýüniň bir hepdeläp mähellesi egsilmedi. Ýas ýerine Gülälegem geldi. Ol aram-aram daşary çykyp, çadyryň içinde oturan ýassykdaşyny çagyryp, nämedir bir zat barada gürrüň edýärdi, öýüne gidip gelýärdi. Bir gysym bolan aýal doganlar oňa habar gatanokdylar. Merhumyň ýedisi sowlandan soň, ýasa beýemçilik eden Şaguly aga yzyna molla bilen Baýramgylyjy tirkäp, aýal doganlara göwünlik bermäge bardylar. Şaguly aga otagyň bir çüňkünde çugutdyryp outran aýal doganlara ýüzlenip: - Balalar, zenanam bolsaňyz, tüweleme, erkekden gaýratly çykdyňyz. Dädeňiz sizden müň keren razy bolandyr. Ömrüňiz uzak, maşgalaňyz abadan bolsun! Hekim sakaldaş üýtgeşik adamdy, gara ýere dozer ýaly däldi. Ýöne nätjek, dünýäniň ýaradylyşy şeýle: çeýnejek çöpi gutaranda, adam pahyr kim bolanda hem, ýagty jahany taşlap gidibermeli. Mert boluň! – diýdi. Molla-da Zöhre bilen Aýna göwünlik berenden soňra, merhumyň ruhuna aýat okady. Baýramgylyç geplemedi. Gelenler öý eýeleri bilen hoşlaşdylar. Wekil howlynyň bir çetinde başyny aşak salyp, gussaly halda otyrdy. Adamlar gelip-gidip durkalar, gaýgy-hasrat yza çekilýär eken. Çadyr ýykyldy weli, ol ýene howlyny eýeledi. Wekiliň ýanynda Baýramgylyç peýda boldy. - Ýegen oglan, okuwlar nähili? – diýip sorady. - Gowy – diýip, ýegeni gysga jogap gaýtardy. Baýramgylyç assyrynlyk bilen eýlesine-beýlesine seretdi. Soňra jübüsinden pul çykaryp, Wekile uzatdy. - Me, ýegen oglan. Ýat şäherde gezip ýören adamsyň, artykmaçlyk etmez. Wekil puly almajak boldy, ýöne daýysy ony yzyna salmady. - Sen haçan ugramakçy? - Ertir. - Gitseň, sag-aman bar. Okuwyňy abraý bilen tamamla. Menem öýe baryp, ýuwnup-arassalanaýyn. Ertir işe çykmaly. Aýlanar duraryn. Wekil: «Ölüm az wagtlygam bolsa, adamlary gowulyga tarap özgerdýär» diýip oýlandy. Soňra babasynyň bolan otagyna girdi. Bu ýerde babasy oňa kän gyzykly gürrüň, öwüt-nesihat beripdi…Wekil onuň ulaldylyp, otagyň töründe asylyp goýlan suratyny golaýyna baryp synlady… Ýasly ýere ýedi gün gatnan Maýa-da doganlardan rugsat sorady. Ýöne Zöhre: «Eger zerur işiň ýok bolsa, gijräk gitseň, gowy bolardy» diýensoň, onuň raýyny ýykmady. Giçlik dört-bäş aýal bolup orta saçak ýazdylar. Hekim agany ýagşylykda ýatladylar. Birden dädesiniň nätanyş adamlary çöl içinde suwsuzlykdan halas edişi baradaky gürrüňi Zöhräniň ýadyna düşdi. Maýa elindäki çaýly käsäni ýerde goýup, onuň ýüzüne mölerip seretdi. Özbaşyna: - Wiý, bu nä gürrüň boldugy? – diýip, sokduryp gepledi. Zöhre-de, Aýna-da onuň ýüzüne soragly garadylar. - Ýaşuly olara nirde duşduka? - Men ony anyk bilemok. «Moskwiç» kysymly ulagda sürüjiden başga-da, aýaly, gyzjagazy bar eken. Sähel gijä galynsa, ýolagçylar suwsuz gyryljak eken. Dädem olaryň dadyna ýetişip, obalaryna eltip gaýdypdyr. Maýa Zöhräniň elinden ýapyşdy. Soňra bir onuň, bir-de Aýnanyň ýüzüne seredip: - Dünýäniň gurluşynyň täsindigini! Ýadyňa-oýuňa düşmeýän zatlar bolup geçýär!..Göni gelen ajalyň elinden alnyp galynan şojagaz gyz, ynha, ýanyňyzda otyr! Dädem bilen ejem öz nätanyş halasgärine ömürboýy alkyş aýdyp gezipdiler. Hekim aganyň adyny, nirde ýaşaýandygyny soramandyklaryna, baý, ökünipdiler-ä! Oba adamsy-da, dädem pahyr şähere ýoly düşende, özüne sataşan adamlardan birnäçe gezek: «Şu ýerde bir pälwansypat sürüji bolmaly, goýy ýaşyl reňkli ýük ulagyny sürýär. Şony tanaýaňmy?» diýip sorapdyr. Olaram başlaryny ýaýkap, türkana dädemiň sowalyna ýylgyrypdyrlar…- diýdi. Gürrüňine Zöhre bilen Aýnanyňam ýylgyranyny görüp, özi-de olara goşuldy. Soňra ýene öňki aýdanyny gaýtalady: - Dünýäniň gurluşynyň täsindigini! Ýadyňa-oýuňa düşmeýän zatlar bolup geçýär!..Ilki Hekim aga biziň dadymyza ýetişýär, günleriň birinde onuň agtygy biziň ýitiren pulumyzy tapýar… Bolýan zatlara haýran galaýmaly!.. Aýna Zöhräniň ýüzüne garap: - Kimdir biri kyn günde galan nätanyş adamyň dadyna ýetişýär. Aradan telim ýyl geçýär, ýöne şol edilen ýagşylyk unudylmaýar. Dädem çöl içinde bolup geçen şol wakany köp ýatlamagy ýöne ýerden däl eken: Allatagalanyň gudraty bilen, biz hökman sataşmaly ekenik. Dädem diri bolanlygynda, muňa, gör, nähili begenerdi! Ýöne biziň şatlygymyz oňa aýan bolandyr, iki maşgalanyň mundan beýläk golaý gatnaşjagyna begenýändir – diýdi. Soňra elini Maýanyň eline ýetirip, aýdanynyň üstüni ýetirdi: - Maýa, sen indi biziň doganymyz bolduň! Zöhräniň gapysam, biziň gapymyzam seniň üçin hemişe açykdyr! Bolan gürrüňlerden aýňalyp bilmän outran Zöhre özbaşyna: «Däde janymyz, mahribanymyz» diýip pyşyrdady. Çargadynyň çowuny gözüne ýetirdi. Aýna-da bozuldy. Göziu ýaşa dolan Maýa Zöhräni mähirli gujaklady. Oturanlar bilen hoşlaşan Maýa: - Wekil jan heniz okuwçyka, dynç alşa çykanda, wagtlaýyn bir dükanda Tagan diýen adamyň ýanynda işländir. Şol dükançy meniň süýtdeş doganymdyr. Sähetli günlerň birinde Taganyň maşgalasy bilen garyndaşlyk açmagyňyz ahmaldyr. Onsoň gatnaşyk has-da berkär – diýdi. Zöhre: - Agzyňdan Hudaý eşitsin! – diýip ýylgyrdy. Aýna bir Maýanyň, bir-de Zöhräniň ýüzüne soragly seretdi. Maýa: - Aýna jan, galanyny aýal doganyň gürrüň berer – diýip gülümsiredi. Wepa doganlary, ejesi bilen hoşlaşdy. Howludan çykyberende, göwnüne babasy hasasyna söýenip durşuna: «Hamrak balam, name, meniň bilen hoşlaşman gidiberjekmi?» diýip, seslenen ýaly boldy. Yzyna gaňrylanyny özi-de duýman galdy. Ejesidir doganlaryndan başga hiç kim ýokdy. Gyzlar oňa gollaryny buladylar. Wepa özüne zor salyp ýylgyrdy. * * * Wepanyň Aşgabatda ýaşap ýörenine bir ýyldan gowrak wagt geçdi. Okuwyma gowy ýetişýär. Boş wagtlary kinoteatra gidýär, kitap satylýan dükana aýlanýar. Birnäçe gezek tanymal suratkeşleriň döredijiligi boýunça guralan sergilere gatnaşdy. Ejesi, babasy, doganlary häli-şindi düýşüne girýär. Oňa şol gün ejesinden hat geldi. Hat: «Balam, gije gezmäge endik etmäweri. Sebäbi arwah-jynlara Gün batandan soňra jan girip ugraýarmyşyn. Çem gelen oglan bilen tirkeşme. Okuwyňdan başga zada üns berme, mugallymlaryňy käýindirme. Sen meniň ýalňyz oglumsyň, senden başga daýanara, direnere hiç kimim ýokdur – şuny bek bellegin!» diýen sözler bilen tamamlanýar. Ýylgyrdy. Ejesi bu maslahaty näçinji gezek gaýtalaýarka? Ýöne ol bir zada geň galýar: gaýtalanýanam bolsa, adaty sözlerem bolsa, ol Wepa her gezek üýtgeşik täsir edýär. Ejesiniň ýüreginden çykan sözler bolany üçin şeýlemikä?!. Şähere gezelenje çykdy. Köçeleriň birinde Hudaýberdä duşdy. Ýanynda iki oglan bar. Salamlaşdylar. Ol Wepadan: - Sen bärde nämişleýäň? Okaýaňmy ýa-da gezelenje geldiňmi? – diýip sorady. - Okaýan. - Nirede? - Çeperçilik mekdebinde. Bir ýyldan geçdi. Hudaýberdi ýaňsyly ýylgyrdy. - Azap edeniňe görä başga okuwa girseň bolmadymy? Saýlap alan käriň suratkeşlik bolsa, uly işe çekilerin ýa-da aýlyk-günlügi ýokary alaryn diýip tama edip ýörmeli däl. Haýsydyr bir işe girip, suraty gapdalyndan çekiberseňem bolardy ahyry...Meniň, öz bilşiň ýaly, oba hojalygy institutynda okap ýörenime üç ýyl geçdi. Mehanizasiýa bölüminde men. Wekilem ýylgyryp jogap gaýtardy: - Habarym bar. Sag-aman tamamla. Heniz oglan döwrümiz mugallym bizi ýeke-ýekeden ýerimizden turzup: «Ulalaňda kim bolmagy arzuw edýäň?» diýip sorapdy. Seniň: «Men-ä başlyk boljak» diýeniň ýadymda galypdyr. Hemmämiz gülüşipdik. Mugallymymyzam başyny ýaýkap, ýylgyrypdy. Uly işi arzuw edýän bolsaň, hökman maksadyňa ýetersiň. Ýöne hemme adam uly işde işläp ýörse, nähili bolar? Arasynda biz ýalaky kiçi işde işlemegi özüne namys bilmeýän kişilerem gerekdir ahyry! Ol oglanlar bilen hoşlaşdy. Üç-dört ädim ýöränlerinde, Hudaýberdi birden yzyna öwrülip: - Wekil, meniň sözümi ýadyňdan çykarma: enşalla, hökman bir edara başlyk bolaryn! Ulalandygymy eşitdigiň, ýanyma arkaýyn geläýgin: suratçymy, bezegçimi, garaz, işe kabul edip, aýlyk berip duraryn – diýdi. Onuň ýanyndaky oglanlar gülüşdiler. Ikisiniň aralynda bary-ýogy dört öý bar. Oglanlyk biri-biriniň howlysynda geçdi. Bir mekdepde okadylar. Haýran galaýmaly: Hudaýberdiniň çagalykdan bäri Wepa bilen gidişip gelşi. Pursat döredigi, derrew awuly dilini ýetirýär. Ol Wepadan näme ýamanlyk gördükä? Ýa-da göriplik ony gurçuk bolup gemirýärmikä? Aý, ýok-la, bahylçylyk eder ýaly, Wepanyň ondan nämesi artykmyşyn? Ol haçan onuň gapdalyndan aýrylarka?.. Wekil salkyn saýaly köçe bilen, başyny aşak salyp, okaýan ýerine tarap barýardy. Olar şu gün uly synagdan geçmeli. Az sözlüliginiň, talapkärliginiň, gönümelliginiň aňyrsynda dogruçyllyk, öz okadýan oglan-gyzlaryna uly söýgi duran mugallym Haýdar Mollaýew ýaş şägirtleriniň soňky çeken suratlaryna baha bermeli. Oglan-gyzlaryň hersiniň ýanynda üç-dört surat bar. Olar hakda ilki ýaş suratkeşler öz pikirini aýtmaly. Jemleýji söz mugallyma degişli. Wekiliň «Babam biziň aramyzda» diýip atlandyran suraty deň-duşlarynda çekişme döretdi. Kimsi onda hiç hili täzelik ýokdugyny aýtsa, kimsi täsirlenme esasynda döredendigini bellediler, «Reňkleriň ulanylyşy düşnüksiz» diýenlerem boldy. Gezek Haýdar Mollaýewe ýetdi. Ol suraty ünsli synlady. Soňra oňa seredişine: - Sen, şägirt, tamany ödejek, tüweleme, tamany ödejek – diýip, iki gezek gaýtalady. Elini onuň egnine ýetirip, aýdanynyň üstüni ýetirdi: - Gaty üýtgeşik surat çekipsiň. Munda ýürek bar. Ýürek ýok ýerinde eser hakda hiç hili gürrüň bolup bilmez! Meniňem häzir baraga-da, siziň araňyzda oturasym, ýaşulynyň gyzykly gürrüňini diňläberesim gelýär. Çynymy aýdýan. (Ol ýylgyrdy weli, edil Wekiliň babasyna meňzedi duruberdi). Ýol uzakdyr, sen bir hakykaty ýatda berk saklagyn, ogul: kütekleriň, adaty ukyply adamlaryň mähellesi üýtgeşik zehinli adamy asla kabul edýän däldir. Sebäbi olar özlerinden artyk adamyň doglup biljekdigine, özleriniňkiden tapawutly zatlary döredip biljekdigine ynanmaýarlar. Şeýle-de, şol mähelleden örän ägä bolmalydyr: olar zehinlini ýykmakda juda zehinlidirler. Meniň aýdýanymdan many aldyňmy? Wekil baş atdy. - Many alan bolsaň, sen, ogul, meniň öwgüli sözlerime eselme-de, dörediber, dörediber, dörediber! Bir akyldar: «Durmuşda iň esasy zat ony söýmegi başarmakdyr» diýipdir. Durmuşy söý, şeýdip ýaşasaň, durmuş saňa kän-kän gowy zatlary peşgeş berip begendirer. Işiň ileri bolsun! Ol tas guş bolup uçupdy. Şol gün öýe hat ýollady. Elbetde, Hudaýberdä duşanyny agzamady, hormatly mugallymynyň çeken suratyna gowy baha berendigini ýazdy. Ejesiniň nähili begenjekdigini göz öňüne getirdi. Haýdar Mollaýewiň göwün göteriji sözleri Hudaýberdiniň tikenli sözlerinden rüstem gelip, ony Wekiliň kellesinden kowup çykardy. Eger adamlar hemişe biri-birine hoş sözleri aýdyp gezenliginde, bu dünýä nähili gözel bolardy!.. * * * Bir gün Baýramgylyç günortana golaý aýal doganynyň öýüne geldi. Özüniň masgara edilip kowlany ýüreginde hiç wagtda bitmejek ýara bolup galanam bolsa, Zöhre agasyny gadyrly garşylady. Derrew palaw atardy. Ýegenleriniň «daýy-da-daýy» bolşup ýanyndan aýrylmazlygy Baýramgylyjy begendirdi. Zöhre syr bildirmese-de, kalbyna birahatltk aralaşypdy. Eger Baýramgylyç ozal golaý gatnaşyp ýörenliginde, ol, elbetde, beýle bolmazdy. Adamyň ýaşy ýokary galdygyça, ýüregi ýukalarmyşyn, belki, dädeleriniň ölüminden soň Baýramgylyç köp gijäni ukusyz geçirendir? Hiçden giç ýagşy edip, naçar doganlaryna golaý durjakdyr? Ýa-da onuň maşgalasynda bir agyr ýagdaý (daş edewersin!) ýüze çykdymyka?.. Nahardan soňra orta çaý geldi. - Zöhre, ejemiň eliniň şirinligi saňa-da geçipdir. Bişiren palawyňy iýip doýar ýaly däl. Häli-şindi gelesiň geljek durjak – diýip, Baýramgylyç aýal doganynyň ýüzüne seredip ýylgyrdy. - Wiý, aýdýan zadyny! Bu ýer ýat biriniň däl-de, süýtdeş aýal doganyň öýi! Islän mahalyň gel, iýjegiň palaw bolsun! Baýramgylyç käsedäki çaýy täzeledi. Soňra agras keşbe girdi. Aýal doganyny gozgalaňa salan pikiri duýan ýaly: - Zöhre, meniň bäri gelip, jaýlaşykly oturanymy geň görýäniňi aňýan. Bi... neme... gelnejeň ugry ýok bolansoň...- diýip, sözüni gutarman goýdy. Zöhräni göýä bir zat çakan ýaly boldy. Derrew ýakasyna tüýkürdi. - Agzyňdan haýyr açaweri, Baýramgylyç. Beýdip ýüregimi ýarma. Oňa näme boldy? – diýip sorady. - Aý, sen meniň nähili häsiýetimiň bardygyny başgalardan sorap bilmeli däl-ä, nirede nähili geplemelidigini bilmän kösenýän-dä. Gelnejeň soňky wagtlar gursagynyň sançýandygyndan ejir çekensoň, lukmana görkezdim. Ol: «Basga düşer ýaly zat ýok, ýöne aýalyňy Aşgabada äkitseň, gowy bolardy» diýdi. Biz ertir ýola düşmekçi. Aýna ikiňiz baryp, halyny sorap gaýtsaňyz, göwni göterilerdi – diýdi. - Ozal hiç zat aýtman gezişiňi diýsene. Hökman bararys, ertire-de galman, şu gün bararys. Gülälek otagyň töründe düşekde ýatyrdy. Ol gapydan giren aýal doganlary görüp dikeldi. Naýynjar ýylgyrdy. Zöhre bilen Aýna ýüzi agaran, eti çekilip ugran gelnejelerini gujakladylar. Olaryň üçüsiniňem gözlerinden ýaş syrygýardy. Baýramgylyç bir zady bahanalap daşary çykdy. Gülälek: - Adam pahyr tä başy ýassyga ýetýänçä, özüniň näsagdygyna ynanmak islemeýär. Menem ot bilen oýun edip gezenleriň biri boldum. Ynha-da, bolup ýatyşym – diýdi. - Beý diýme, gelneje (onuň bu sözi ýürekden aýdandygyny Gülälek aňdy), başy agyryp, baldyry syzlamaýan barmy näme? Keseldir, wagty gelende geçip gider. Sen eýle-beýle derde ýan berjeklerden dälsiň – diýip, Zöhre onuň elini eline aldy. Gülälek ýene düşege gyşardy. Gözüni ýokary dikip ýatyşyna: - Allatagala meni üýtgeşik maşgalanyň öýüne eltdi. Ýöne onuň gadyryny bilmedim. Müňkürlik, ulymsylyk, ýagşyny ýamandan saýgaryp bilmezlik meniň işimi gördi. Şu keselden sag-aman sypsam, anyňyzda çök düşüp, ötünç soraryn, hakyky gelneje bolup gatnaşaryn – diýdi. Aýna Zöhrä ýetirmän gepledi: - Goýaweri, gelneje, durmuşdyr, onça-munça zat bolman bolmaz. Biz senden hiç zady gaty göremzok. Enşalla, Aşgabatdan hoş habar bilen dolanyp gelersiň. Geçeni geçdi bilip, biri-birimiz bilen alaçaly ýag bolup gezeris. - Belki, şeýle bolsun! Onuň bilen hoşlaşyp, daşary çykan doganlar howlynyň bir çüňkünde çagalaryny daşyna üýşürip keýpsiz halda oturan Baýramgylyjy görüp, biri-biriniň ýüzüne seredişip, ýuwdundylar, başlaryny ýaýkadylar. Baýramgylyç häzir özüniň olaryň gözüne nähili mähriban bolup görünýändigini bir bilsedi! Olar Baýramgylyja-da teselli beriji sözleri aýtdylar. Är-aýal Aşgabatdan dolanyp gelen güni aýal doganlar olaryň öýüne bardylar. Her näçe bildirmejegem bolsa, Baýramgylyjyň keýpi ýokdy. Ol Zöhre bilen Aýnany ugratmaga çykanda: - Gülälegiň-ä ýagdaýynyň ugry ýok. Ony operasiýa eden lukman ikiçäk galanymyzda: «Gönimden gelmeli bolsa, aýalyňyz bejerip bolmaýan kesele duçar bolupdyr. Sanlyja ýyl ýaşar. Gaýrat ediň» diýdi. Men-ä oba göçmegi makul bildim. Belki, oba ýeriniň howasy, täzeje süýt, gurt, peýnir oňa derman bolar. Umydy elden bermeli däl-dä – diýdi. Soňra gözleri ýaşa dolan naçar doganlarynyň ýüzüne naýynjar seredişine, aýdan sözleriniň üstüni ýetirdi: - Sizem doga-dilegde bolaweriň! Olar basym oba göçdüler. Baýramgylyç: «Garşy bolmasaň, mekdebi tamamlaýança, siz ýaşabersin» diýip, nowbahar ogly Amangylyjy Zöhräniň ýanynda galdyrmakçydygyny aýtdy. Heý-de, Zöhre oňa garşy boljakmy? Munuň üstesine, öý boş haňlap durmaz ýaly, Amangylyç ýetişýänça adam tapyp, ony wagtlaýyn kireýine bermegi-de öz üstüne aldy. Baýramgylyç şunça ýalbarsa hem, jaýyň töleginiň başyny bozman, oňa gowşuryp durjakdygyny çürt-kesik aýtdy. Agasy: «Ýyllar seni birjigem üýtgedip bilmändir. Sen şol öňki Zöhre-dä!» diýip ýylgyrdy. Ol Baýramgylyjyň ýylgyryp ýola düşenine begendi. * * * Okuwyny tamamlap gelen Wekil orta mekdepde surat mugallymy bolup işläp ugrady. Daşy hemişe çagadan doly ýaş hünärmeniň aýlygyny az görüp, başga ýere geçäýmeginden howatyrlanan pähimli mekdep müdiri onuň bärde ymykly galmagy üçin zerur bolan zatlary etdi. Wekiliň kärdeşleriniň biri öýlendi. Toý mekany şatlyk-şowhundan, aýdym-sazdan göçäýjek bolýardy. Birdenem onuň gözi bir çetde oturan dädesine düşdi. Hamala geň bir zat gören ýaly, oňa çiňerilip seretdi. Keýpi gaçanam bolsa, ýanynda oturanlara syr bildirmedi. Bir sagat töweregi wagt geçenden soňra, ýanynda oturan dostunyň; - Wekil, men-ä turmakçy. Gelnim näsagrak bolansoň, irräk dolanmagymy haýyş etdi – diýmegi ony begendirdi. - Menem turmakçy. Olar toý mekanyndan çykdylar. Birdenem girelgeden alty-ýedi metr aňyrda gürrüňleşip duran ýigitleriň biri olary görüp ýylgyrdy-da, goluny salgady. Wekiliň kärdeşi: - Oh! – diýip, şadyýan äheňde seslendi. - Wekil jan, men şol oglan bilen on ýyllap bir mekdepde okadym. Köpden bäri sataşamzok. Salamlaşyp gelýänçäm garaşarsyň-a? Wekil baş atdy. Geň waka ýüze cykdy: iki kişi Atahallyny goltuklap daşary cykaryp, toý mekanynyň howlusynyň daşynda goýlan ulaglaryň birine tarap süýräp ugradylar. Olaryň biri beýlekä ýüzlenip: «Munuň toýa barsa, masgara bolman gaýdýan ýeri ýok. Başga ýerde oturaly diýsem etmediň. Ynha, etmeseň! Bu arakkeşi süýräp ýörmek, näme, ikimiziň maňlaýymyza ýazylypmy? Öýüne elterisem weli, hamala, ikimiz günäkär ýaly, aýaly üýrüp başlar. Boldy, besdir, men-ä şundan şeýläk şunuň bilen bir saçagyň başynda oturjak däl» diýdi. Beýlekisi: «Wah, köp wagt bäri tirkeşip ýörüs ahyry, beýle ýagdaýda nädip taşlap gitjek? Şeýdişip ýörmek, näme, maňa ýaraýandyr öýdýämiň? Aýdýanyň dogry, kellesi düzüw wagty özünden ýadandygymyzy aýdyp, Atahally bilen ymykly hoşlaşmaly. Arak munuň halys erkini alypdyr» diýip jogap gaýtardy. Onuň köýneginiň yzy, içki köýnekçesiniň öňi balagynyň daşyna çykypdyr. «Siz meni nirä alyp barýaňyz? Meniň küşt depip, gazal aýdasym gelýär. Goýberiň meni!» diýip arlaýşyna, aýaklaryna agram berýärdi. Şeýdip barşyna köwşüniň biri sypdy. Goltuklap barýanlaryň biri sögünişine, ony serhoşuň aýagyna geýdirjek bolýardy. Wekiliň dosty geldi. Ýöräp ugradylar. Birden gülki ýaňlandy. Wekil ýalpa yzyna seretdi. Ýanyndakylaryň elinden sypan Atahally masgara halda tans edýärdi. Toý ýerinden çykan dört-bäş adam el çarpyp, ony gižželeýärdi. Ýoldaşlary ony has dözümli süýräp ugradylar. Wekil öýe keýpsiz halda geldi. Ejesi bilen gelni Oguljan ikisi çaý içip oturan eken. Ol çalşyrynyp gelip, diwanda ornaşdy. Oturanlary göz astyndan synlady. Oguljan: - Saňa-da çaý demläýinmi? – diýip sorady. - Demläý. Wekil: - Eje, ýürek nädýär? – diýdi. - Diňe iýip-içip ýörmekden başga zady bilmeýän adamyň ýüregi azar berip ýörse, bolmaz ahyry, Wekil jan – diýip Zöhre ýylgyrdy. Onuň sözlerine Wekil bilen Oguljanam ýylgyrdylar. Soňra ol gelniň ýüzüne mähirli seredp, aýdanynyň üstüni ýetirdi: - Oguljan bala gelip, ähli işi elimden aldy. Göz-dilden Hudaý gorawersin, gelinden maňlaýymyz bar eken. Saçak ýygnaldy. Ýene birsalym gürrüň edip oturdylar. Soňra Zöhre ýatmak üçin öz otagyna girdi. Wekil başyny ýaýkap: - Diýseň-diýmeseň, indi öňki ejem ýok, eti çekilipdir, hereketi gowşapdyr – diýdi. - Hawa. Infarkt öz aýdanyny etdirýär. Ýogsam bolmanda, daýzam entek garrylyga ýetenok ahyry – diýip, Oguljan ýassykdaşynyň aýdanyny tassyklady. Wekil şol agşam ýatyp bilmedi. Dädesiniň toý mekanynyň öňünde masgara bolup durşy göz alnynda ýaňadan janlandy. Birdenem ýatlama ony alysda galan çagalygyna alyp gitdi. Azadyň dädesi Haknazar aganyň ulagynda gelýärkäler, ajy suwdan mes bolan bir adamyň ýedi ýoluň ugrunda jüp köwşi depesinde bulaýlaýşyna, aýakýalaň tans edip, märekäni güldürip durşy ýadyna düşdi. Haknazar aganyň özüne ýüzlenip: «Saglyk bolup dursa, Azat ikiňizem uly adam bolup ýetişersiňiz. Arak, çilim diýen nejis zatlaryň hiç wagtda golaýyna barmaň» diýen sözleri gulagynda ýaňlandy. Şol iki zady ýeke gezegem agzyna alyp görmändigine begendi. Soňra ejesiniň özlerini gorkuzyşy ýadyna düşdi. Şol gün Aýna daýzasy aýal doganyna görme-görşe gelipdi. Daşarda, salkyn saýaly ýerde ümmüldeşip otyrdylar. Birden daýzasy Wekiliň, Oguljanyň atlaryny tutup, jynssyz gygyrdy. Olar ýürekleri ýarylan ýaly bolup, daşary ylgap çykdylar. Wekiliň ejesi çep gursagyny elleýşine, bir gapdala gyşaryp ýatyrdy. Derrew «Tiz kömegi» çagyrdylar. Gelen lukman Zöhräni gyssagly hassahana ýerleşdirmelidigini aýtdy. Ejesiniň infarkt bolandygyny eşiden Wekilem, aýal doganlaram janlaryna jaý tapmadylar. Birnäçe günden soňra öýe dolanan ejesiniň ýanynda oturyşyna,Wekil gözünden boýur-boýur ýaş döküpdi. Soň bir öwrümde aýal doganlary-da, gelni-de, edil özara dilleşen ýaly, «Bize dagy-duwara seniň aglanyňy görmek miýesser etmäwersin!» diýipdiler. Toýda bolan wakadan soňra üç-dört aý geçipdi. Wekil soňky sagadyny okadyp, mekdebiň howlusyndan çykanda, goňur reňkli «Žiguli» kysymly ulaga ýaplanyp duran pyýada oňa tarap ýöneldi. Wekil onuň toý mekanynyň agzynda dädesini goltuklap gaýdan dostlarynyň biridigini tanady. Salamlaşdylar. Nätanyş: - Inim, sen bilen bir gürrüň bardy. Ulaga giräýsek nädýär? Men soň seni öýüňe düşürip geçerin – diýdi. Mündüler. Wekil onuň ýüzüne soragly garady. - Inim, sen meni tanaýanam dälsiň... Bi... neme... - Tanamok. Diňe golaýda bolan toýda bir serhoşy süýräp alyp barýarkaňyz daşyňyzdan görüpdim. Nätanyş onuň ýüzüne çiňerilip seretdi. Ardynjyrady. Soňra Wekile tarap öwrülibräk gürrüňe başlady: - Hä, hawa, şeýle gelşiksiz waka bolupdy... Inim, maňa uly ýumuş tabşyryldy... Dostum-a çürt-kesik boýun towlady. Menem ilki şeýtdim, ýöne soňra oňa... kimdigini aňansyň-la... dözmedim. Çök düşüp ýalbaryp otyr-a...- Ol öz sözleriniň nähili täsir edýändigini aňjak bolup, ýanynda oturanyň ýüzüne garady. Wekil üýtgänokdy, sarsman otyrdy. Nätanyň gürrüňini dowam etdirdi: - Ol... bi... neme...näme diýseňem, dädeň-dä, hawa, kesip aýryp bolanok. Häzir onuň ýagdaýy öte agyr. Şabibiden, soňky aýalynyň ady şeýle, iki çaga bolup, ikisem durmady. Onsoň onuň aýal doganynyň gyzlarynyň birini aldylar. Sebäbini biljek däl, Atahally indi arakly çüýşäniň deňinden geçip bilenok. Şabibi: «Seni keşdim çekenok» diýip, ony öýden kowýamyşyn. Aýtmagam birhili, ol aram-aram meniň ýaýlagdaky öýümde ýatyp-turýardy. Şol ýerde bir ýaramazlyk bolaýsa, öz ýakamdan tutuljagyndan howatyrlanyp, oňa açary bermegimi goýdum. Öýünem, täzeje ulagynam ozal aýalynyň adyna geçiren eken. Ähli zatdan boş çykdy. Akmagyň biri akmak!.. Wekil: - Bagyşlaň, siz maňa bu zatlary näme üçin aýdýaňyz? – diýip, onuň sözüni böldi. - Inim, men bir ýumuş oglany. Dädeň: «Ogluma ýagdaýy düşündir. Ýalňyşan atasy bilen deň bolmasyn, Ejesini razy edip, meni öýe alsyn. Ajy suwy agzyma almajakdygyma ant içýän» diýdi. Hawa, şeý diýdi... Galany siz bilen, inim... Wekil beýle zada garaşmaýardy. Ol öňüne seredip, esli salym sesini çykarman oturdy. Soňra ýanynda oturanyň ýüzüne bakmazdan: - Maslahatlaşyp göreýin – diýdi. Wekil özünden edilen haýyşy ejesine nähili ýetirjegini bilmän, birnäçe gün böwrüni diňläp gezdi. Üstesine-de, ony gelni barka aýtmagy birhili görýärdi. Oguljanyň ata-enesi ogullaryny öýlendirmäge taýýarlanýardylar. Gelniniň kömekleşmek üçin iki-üç günlük öýlerine gitmegi eneli-ogla gürrüňleşmäge mümkinçilik berdi. Ikisi haýsydyr bir kinofilme tomaşa edip otyrdylar. Wekiliň gözi telewizorda bolsa hem, pikiri ulagda eşiden sözleri hakdady. Ol ahyry ýüregini bire baglady. - Eje, men saňa bir zat aýtmalydym weli, ýöne...- diýip, sözüni gutarman goýdy. Zöhre oňa tarap öwrüldi. - «Ýönäň» näme, oglum, aýdyber arkaýyn. - Aý, birhiliräk görýän-dä... - Barybir aýtmaly bolsa, «birhilisi» bolmaz onuň. Arkaýyn aýdyber! - Eje, sen dädem bizden gitmekçidigi aýdan mahaly, özüňi nähili duýduň? - Bi nä gürrüň boldugy? Hiç hili-de duýmadym, «Gitseň, çar ýanyň açyk» diýdim. Dünýäni namart kişiler däl-de, gowy adamlar saklaýar, balam. Ýanymda babaň barka, Aýna jan barka, siz barkaňyz, men näme üçin ejizlemelimişim? Meniň diňe size ýüregim awaýardy, ataly ýetmdigiňize ýanyp-bişýädim. Şony bildirmezlige çalyşdym. Bu maňa başartdymy-başartmadymy – ony bilemok... Ýogsa-da, sen birçak bolup geçen zady nämüçin ýatladyň? Ýa-da garaşmaýan wakaň bolup geçdimi? Wekil ejesiniň duýgurlygyna hemişe haýran galýardy. - Sen biziň ataly ýetimdigimizi bildiren dälsiň, eje! Muny menem, doganlarymam arkaýyn aýdyp bileris. Biz saňa ömürboýy bergidardyrys, eje! Hawa, men birçak bolup geçen zady ýöne ýere ýatlamadym. Aýtjak weli, ýüregiňe agram salaýarmyka diýip howatyrlanýan... - Arkaýyn aýdyber, oglum. Ejeň bireýýäm erkege dönüp gidendir, telli-pelli zat täsir etmez. Wekil oňa ulagda bolan gürrüňi aýdyp berdi. Zöhre birsalym halynyň gölüni sypalap oturdy. Soňra başyny galdyryp, ajy ýylgyrdy. - Yzyna dolanmak isleýär-ow ol! Häý, gurrumsak! – diýip, özbaşyna gepledi. Soňra oglunyň göni gözüne seredip, sözüni dowam etdi: - Öňem biri: «Pylany-ha ýüregindäkini aýdyp dyndy, oda galan biz bolduk» diýenmişin. Indi biz nätmeli, Wekil jan? - Özüň näme pikir edýäň, eje? Zöhre oglunyň ýüzüne mähirli seredip, aýgytly gepledi: - Öýlenjek bolanyňda: «Eje, toýa dädemi çagyraýsak nädýär?» diýip sala salypdyň, men garşy bolmandym. Toýy-da şoňa açdyrypdyk. «Bu gün Gummanowlaryň maşgalasynda uly şatlyk, dabara. Maşgalanyň nowbahar ogly Wekil göwün söýen gyzy bilen toý tutýar» diýip, goňşy-golamlaryň, myhmanlaryň öňünde masgara bolupdy. Ne-hä ataň hökmünde öz adyny aýdyp bildi, ne-de seniň öz ogludygyňy aýdyp bildi. Sen muňa ünsem beren dälsiň? (Wekil başyny ýaýkady). Men hiç hili pikir edemok, opglum. Sen näme diýseň, şol bolar! Wekil gulagyna ynanmady. - Eje, muny şeýle arkaýyn aýtdyň-la? Ol seni kemsidip gitdi ahyry! Zöhre: - Hudaý seredip oturandyr, ýalan sözlejek däl, Wekil jan: onuň bäri aýagyny sekdiresim gelenok. Ýöne, birinjiden-ä, seniň getireli diýip ýalbaryp oturjagyňy aňýan, sebäbi ýüregiň öte ýuka; ikinjiden, ol meni däl, özüni kemsidip gitdi, balam! – diýdi. - Eger meniň aýdanym boljak bolsa... Men birnäçe gün kelle agyrdyp gezdim: onuň bilen deň bolmaly, eje. Zöhre: - Seniň diýeniň bolsun. Ýöne bir zady aýdyp goýaýyn: men oňa çaý-çörek bersemem, ýüz bermen, girer-çykar ýörer. Onsoňam ol gelmese gerek, sag mahaly ýüregindäki pikiri serhoş mahaly diline getirendir – diýdi. Soňra oglunyň ýüzüne mähirli garady: - Wekil jan, bileje çaý içsek nädýär? - Içeli, eje. Zöhre aşhanadan wagty bilen çykmady. Muňa geň galan Wekil ejesiniň ýanyna bardy. Gaýnan çäýnek otdan towsup turaýjak bolýardy. Ejesi penjiräniň öňünde sarsman durdy. Ogly ody öçürdi. - Eje, saňa näme boldy? – diýip sorady. Zöhre oňa tarap öwrüldi. Onuň gözlerinden ýaş syrygýardy. Wekil allaniçigsi boldy. Dodagy müňküldedi. Ýuwdundy. - Balam, ol çaga mahalyňyz siziň ýüzüňize urup gidip, ýüregiňizde dag goýdy. Il sanyna goşulanyňyzdan soňam, ýene gapdalyňyzdan çykyp, köne derdiňizi gozgaýar. Wekil ejesiniň egninden gujaklady. Ony mähirli söz bilen köşeşdirmekçi boldy. Ýöne şeýle sözi tapmady. * * * Oguljan daşarda ýuwlan eşikleri serip ýördi. Ol kimdir biriniň ardynjyramasyna yzyna öwrüldi. Eli köne çemedanly, ýakasy sozan köýnekli, ütük yzy ýitip giden balakly, asla arassalanmaýandygy görnüp duran köwüşli nätanyş adam howla girdi. - Gurgunmysyň, gyzym? Öýde özüňden başga adam barmy?- diýip sorady. Oguljan baş atdy. - Garaşyň – diýip öýe ýöneldi. Sähel salymdan gaýnenesi bilen tirkeşip geldi. Zöhre gelen adamyň golaýyna baryp, ony birlaý synlady-da, ýakasyny tutup, içini çekdi. - Hiýh!..Senmidiň bi? Nä ýüzüňe...nä ýüzüňe geldiň? – diýip ýuwaş seslendi. Soňra oglunyň adyny tutup gygyrdy. Wekil: - Salawmaleýkim, däde! – diýip, aljyraňňy ýagdaýda çemodanyny bir ýerde goýup, bir-de göterip duran kişä görüşmek üçin elini uzatdy. Oguljan serjek bolup duran köýnegini elinden gaçyrdy. Ilki gaýnenesiniň, soňra ýassykdaşynyň ýüzüne soragly garady. Zöhre: - Gelipdir...Şunça ýyldan soň...Agyr ýüke döz gelip, ogul-gyzy täk özüm ile goşamdan soň...Nädip gelip bildikä? – diýip özbaşyna pyşyrdady. Wekil: - Eje, ikimiz gepleşdik ahyry, Beýtmäli, goýbereli ony öýe! – diýdi. - Hawa, gepleşipdik, balam. Ýöne ol utanar, gelip bilmez öýtdüm. Ýok, geldi. Ýalňyşypdyryn... Arkaýyn geldi...Aklym haýrandyr... Hamala. ol meniň alnymda däl-de, men onuň alnynda günäli ýaly... Tüýküren tüýküligini yzyna gaýdyp almagy hic zatca görmedi... Binamys...– diýdi. Zöhre tarsa yzyna öwrüldi. Atahally çemodany eline alan oglunyň yzyna düşdi. Oguljan doňdurylan ýaly bolup durdy. ...Atahally köp ýyl ozal terk edip giden, indi Zöhredip Wekilden başga-da gelin, üç çaga girip-çykýan öýde birjigem gysylanok. Aram-aram ejesi bilen görme-görşe gelýän gyzlary Humaýdyr Hajaryň özi bilen sowuk gürleşýäninem göwnüne alanok. «Gyz diýeniň dagy ýukaýürek bolaýmalydyr weli, bular beýle däl. Dünýäde ýalňyşmaýan adam barmy? Kimsiniň ýalňyşy ýeňil, kimsiniňki çökder bolýar. Meniňkem birhiliräk boldy-da...Aý, wagt geçer, ýumşarlar. Men olaryň atasy ahyry» diýip içini gepledýär. Şol gün dogan-garyndaşlaryň, goňşy-golamlaryň gelnejesine öwrülen Zöhre tut agajynyň kölegesinde ik egrip otyrdy. Duldegşir goňşusy onuň ýanyna gümür-ýamyr etmäge geldi. Gürrüň arasynda ony göz astyndan synlan goňşy aýal: «Birmahalky uly iliň maňlaýyna sylan Zöhresinden hiç zat galmandyr. Suw sonasy ýaly sallanjyrap ýöreýän, egnine geýeni şaplaşyp duran uzyn boýly, ak ýüzli Zöhre hany? Saçynda gara gyl galmadyk, ýüzi ýygyrt-ýygyrt, demini sojap alýan şu oturan aýal şol diýseler, kim ynanar?» diýip oýlandy. Zöhre birden goşmaça gurlan otagyň öňündäki agaç sekide gyşaryp çaý içip ýatan adamsyna ümledi-de: - O ýatany görýämiň? Ýanynda goýlan radiony diňläp, çaý içýär. Hiç zat piňine däl. Girip-çykýan gelinden, agtyklardan, senden utanyp, köýneginiň iliklerini ildireýinem diýenok... Men gel-gel, şuny ärim hasaplap, telim ýyl bir düşekde ýatypdyryn, çaga dünýä inderipdirin! Bu asyl hiç kimem, hiç zadam däl eken-ä! – diýdi. Soňra hamsygyp, ýaglygynyň çowuny gözüne ýetirdi. Goňşy aýal oňa göwünlik berjek bolup synanyşdy. Ýöne başarman, özüniň göz owasyny dolduran ýaşy syldy. ...Ýaşulular: «Humary ala oturyp, ýagty jahanda dişi ýyrşarmadyk adam ony terk etmezden ozal ýürekde berç baglan zady hökman dile getirýär» diýýärler... • Epilog Howlynyň girelgesiniň sag tarapynda ussahana, çep tarapynda üç otagly ýaşaýyş jaýy bar. Bärden baran adamyň ünsi şobada bu ymaratlaryň arasyndaky täsinlikde eglenýär: iki tarapy-da basgançakly, depesi tutawaçly bürünç reňkli pessejik köpri; onuň aşagynda ýatan mähnet küýzäniň agzyndan çykýan suw daş-töwerege ýaýraýar. Ýakyn baryp synlaýmasaň, suw şekili çekilen däl-de, edil janly ýaly bolup görünýär. Bu täsinlik Wekiliň öz elinden çykypdy. Ussahananyň içi tamamlanan, doly tamamlanman, bir gyra aýrylan, ýaňy başlanan suratlardan doly. Wekil soňky üç aýyň içinde özüne zor salyp işläpdi. «Çagalygyň bir güni» diýip atlandyran suratyny gutaryp, begenjinden giň dünýä sygmandy. Göräýmäge suratda artykmaç bir zat ýok ýalydy: oglanjyklar bölünişip, top oýnamaga taýýarlanýarlar; öň hatarda Azat, gazak oglanjygy Ömürbek, Wekil, Hudaýberdi, Azadyň ýanyndan aýrylmaýan wepaly iti Aždar; yzky hatarda beýleki deň-duşlar. Bu surata Wekiliň gözi bilen syn etseň! Azat nebitçilik ugrundan ýokary bilim alyp, geolog boldy. Şäherň başga ýerinde ýaşansoň, häli-şindi duşuşyp duranoklar, kämahal ýolda-yzda, toý-tomguda sataşýarlar. Ikisi gadyrly salamlaşyp, geçen günleri ýatlaýarlar. Hemişe ýylgyryp ýören Ömürbek ussat boksçy bolup ýetişipdi. Dostlary ýaryşlarda onuň garşydaşyny burça gabaýşyna köp gezek tomaşa edip, çapak çalypdylar. Ol bärden gitmegi her näçe kyn görse-de, garran ata-enesiniň sözünden çykyp bilmän, Gazagystana göçüp gidipdi. Hamrak ýigit ýola düşmezinden ozal çagalyk, ýaşlyk dostlaryna birin-birin aýlanyp, olar bilen gözüne ýaş aýlap hoşlaşypdy. Hudaýberdi... Onuň bilen bolan soňky duşuşyk Wekiliň göz alnynda janlandy. Daňa golaý başlanan ýagyş entek-entekler diňer ýaly däldi. Asmanda gara bulutlar asyl-asyl bolşup durdy. Wekil keýpsiz halda kofäni göwünli-göwünsiz owurtlap otyrdy. Daşarda kimdir biri ardynjyrady. Soňra gapy kakyldy. Wekil: - Geliber – diýip, batly ses bilen aýtdy. Içeri uzyn boýly, geýnüwli, kellesi şlýapaly adam girdi. - Essalawmaleýkim. - Waleýkimessalam. Wekil onuň ýüzüne geň galyp seretdi. - Beh, senmidiň-aý bi? Tüweleme, sen nire, bu ýerler nire? - Oglanlyk dostumy göreýin diýip gaýdyberdim. Bir şäherde ýaşasagam, sataşmanymyza köp wagt geçendir. ¬ - Oňarypsyň. Çaý, kofe? - Çaý demläý. Men bu gün tä kowýançaň, ýanyňda oturmakçy. Iki-üç gün bäri kellämden çykaňok.Wiý, ýogsa-da, saňa päsgel berýän däldirn-dä hernä? Wekil ýylgyrdy. - Ýok, ýok, arkaýyn otur. Bu gün birhili elim işe baranok. Geleniň gowy boldy, çagalygymyzy ýatlarys, göwün açarys. Hudaýberdi öňünde goýlan çaýy agdaryp oturyşyna, ussahananyň içine göz aýlady. - Tüweleme, surat baryny çekipsiň. Muzeýe dönüp gidipdir munyň. Her kime bir zat berilýär-dä, adam ömürboýy reňke bulaşyp ýörmekden halys bizar bolup, günleriň birinde galamy, çotgany, reňki bir gyra ymykly süýşüräýjek ýaly weli... Wekil geplemedi. Gürrüň alşyp gidiberenokdy. Suratkeş öňzüne gaýtadan kofe demlendi. Ýene Hudaýberdi gepledi: - Näçe çagaň bar? - Iki ogul, iki gyz. Hem-ä döwlet sylagyny alandygym, hem-de kyrk ýaşandygym sebäpli toý edenimde, şatlygymyzy paýlaşsyn diýip, iş ýeriňe barypdym. Sen şol mahal edara ýolbaşçysydyň. Gapyda oturan gyz: «Başlyk ýygnak geçirip otyr» diýdi. Ýanyňa goýbermedi. Soňra işden boşadylanyňy eşitdim. «Soňy haýyr bolsun» diýdim öz ýanymdan. Nähili, entek hatardamyň? - Hawa, häzirem şol edarada. Kiçiräk wezipe berdiler. - Hä-ä, bolubilýä. Nowbahar oglumy öýerenimde-de, öýüňe barypdym. Özüň-ä ýok ekeniň, aýalyňa aýdyp gaýdypdym. Meniň bilen juda sowuk gepleşipdi. Henizem ýadymda. Aý, nähoş ýa-da keýpsiz güni barandyryn-da...Iki toýda-da gara bermediň. Başlyk adamsyň, işiň köp bolandyr, düşünmän duramok men. Çagalarymyz sag-aman il hataryna goşuldylar. Keýwany bilen agtyjaklara guwanyp ýörüs. Özüňde näçe çaga bar? - Gyz-a ýok. Iki ogul. Ulusy aýalynyň gepine gidip, indi telim ýyl bäri gapymyzdan garanok. Ortanjy oglum ýassykdaşy bilen aýrylyşyp, biziň ýanymyzda ýaşaýar. Işsiz-pişesiz entäp ýör, arakdan gözi açylanok. Bir aýdymda: «Goç ýigidiň yzy bolmaz...» diýilýämidi? - Ykbalyň agyr eken-ow! Her kimiň aladasy özüne ýetik, golaý gatnaşylyp ýörülmänsoň, habarymam ýok... Dymyşlyk aralaşdy. Hudaýberdi birhaýukdan suratkeşiň ýüzüne çiňerilip seretdi-de: - Dogryňy aýt, Wekil, sen bagtlymy? – diýip sorady. - Ataly ýetim bolup ulalanam bolsam, men özümi bagtly saýýan. Sebäbi ýanymda iner gaýratly ejem, töweregimde gowy adamlar bardy. Sag-aman ulaldym, öýli-işikli boldum. Mährem aýal, çagalar daşymda perwana. Heý, şundan zyýada bagt bolup bilermi? Hudaýberdi birden onuň ellerine ýapyşdy. - Wekil jan, meni diňle, Wekil jan! Dag eteginde gül ýaly ýaýlagym bar. Gideli şoňa. Tutuş bir hepdeläp dynç alaly, könäni ýatlaly. Hemişe ýüz-gözüni bürüşdirip ýören, gülşüp-degişmegiň nämedigini bilmeýän aýalam, dişi döken bolgusyz ogullaram, soňy gelmeýän gaýgy-aladalaram gümüne gitsin! «Ýok» diýme, Wekil jan. Oglanlyk dostuňy-da bagyşla! Ähli zat üçin bagyşla! Men hemişe seni äsgermän gezdim. Özümi senden artyk saýyp gezdim. Ýöne beýle däl eken. Sen menden has artyk ekeniň! Hudaýyň hatyrasyna meni bagyşla! Onuň gözlerinde ýaş göründi.Wekil Hudaýberdiniň ýüzüne geň galyjylyk bilen seretdi. - Saňa näme boldy-aý, gardaşym? Durmuşdyr-da, munda ýalňyşmaýan adam barmy? Sen maňa agyr ýamanlyk edeňok ahyry, çagalykda, ýaşlykda bolaýýan eýle-beýle zatlardyr-da. Ýaýlagly gürrüňi-de goýaly: men öýdeçil adam. Aýalymdan, çagalarymdan daşlaşmagy halamaýan. Ýok, Hudaýberdi, sylagyňa taňryýalkasyn, men gidip biljek däl... «Tä kowulýança oturmaga gelen» Hudaýberdiniň bu gürrüňden soň mazasy bolmady. Sähel salymdan bir zady bahanalap, çykyp gitdi. Ol gaýdyp gara bermedi. Bir-iki gezek kimdir biriniň toýundamy ýa-da sadakasyndamy, sataşdylar, gysgajyk saglyk-amanlyk alyşdylar - bolany şol... Wekil «Çagalygyň bir güni» diýip atlandyran suratynyň ýüzüni ýapyp, diwana geçdi. Sol aýagyny sag aýagynyň üstüne oklady. Haýsydyr bir şadyýan aýdyma hiňlendi. Boldy! Tamam! Irde-giçde hökman çekiläýmeli suratlar çekildi! «Ýagty jahanda bolup geçýän ähli zat merhumlara aýan bolýarmyşyn» diýýärler, belki, häzir ogly bilen bilelikde ejesiniň ruhy-da begenýändir... ...Surat sapagy başlanypdy. Mugallym: «Men bu gün size anyk bir zadyň suratyny çekmegi tabşyrjak däl. Her kim islän zadyny çekibermeli» diýdi. Çagalar hezil etdiler. Olar kimiň ýa-da nämäniň suratyny çekjekdigini biri-birine mälim edip, işe girişdiler. Sapak aýaklananda mugallym eli galamly hatara aýlanyp, okuwçylaryň tamamlan suratlaryny bahalandyrdy. Ol Wekiliň ýanynda oturan gyzjagazyň çeken gülüni öwdi. Oglanyň çeken suratyny synlap: - Bu kim bolmaly? – diýip sorady. - Ejem. Hamyr ýugrup otyr. - Bolýan ýerinden bolmaýan ýeri köp eken. Mugallym jübüsinden gara galam çykaryp, surata düzediş girizip başlady. Soňra: - Wekil, seniň hakyky bahaň «üçlük». Ýöne ozal hemişe gowy baha alyp ýöreňsoň, men seni gynandyrmakçy däl. Sen meniň eden düzedişim boýunça suraty gaýtadan çekip gel. Bahany şonda goýaýaryn – diýdi. Wekil onuň göni ýüzüne seredip, ýuwaşja, emma pert gepledi: - Men ejemiň suratyny siziňki ýaly çekjek däl. Mugallym onuň bu sözlerine haýran galyp, birsalym geplemän durdy. Soňra: - Näme üçin? – diýip sorady. -Sebäbi ejem beýle däl... - Nähili? - Meniň çekişim ýaly. - Hä, şeýlemidi asyl. Mugallym suratyň aşagyna «bäşlik» baha goýup, aňyrlygyna ýöneldi. Wekil surat depderini gaharly ýapyp, bir gyra süýşürdi. Onuň ýanynda oturan gyzjagaz depderi gaýtadan açdy. Suraty synlap: - Gowy çekipsiň. Çynymy aýdýan – diýdi. Oglan geplemedi. Jaň kakyldy. Ejesi çaý başynda ondan: - Näme boldy, balam? – diýip sorady. - Hiç zadam bolanok. Ejesi ýylgyrdy: - O nähili «hiç zadam bolanokmyşyn»? Ýüzüň: «Wekili şu gün mekdepde öýkeletdiler» diýip aýdyp dur-a! Indi oglan ýylgyrdy. Ol surat sapagynda bolan wakany gürrüň berdi. Ejesi onuň kellesini mähirli sypalaýşyna, ýuwaşjadan: - Mugallym, name, enäniň suratyny diňe perzendiniň çekip biljekdigine düşünmeýämikä? – diýdi. Sowal jogapsyz galdy. Aslynda Zöhre bu sözleri ogluna ýüzlenip aýtmandy, özbaşyna gepläpdi. Ondan bäri, gör, näçe ýyl ötüpdir. Ýöne ejesiniň şol sözleri henizem Wekiliň gulagynda ýaňlanyp dur… Oguljan Aýnany yzyna tirkäp girdi. Wekil: «Oh, daýzam gelipdir!» diýip, ýerinden atylyp turdy. Aýna ony mähirli gujaklap, ogşady. Wekil: «Daýzam meni her gezek şeýdip gujaklap, ogşanda ejem az salymlyk direlen ýaly bolýar» diýip içini gepletdi. - Wekil jan, sag-aman oturanmysyňyz? - Hudaýa şükür. Özüňiz nähili, daýza? - Bizem sag-salamatlyk. Gürrüňe Oguljan goşuldy: - Wekilem «sürenine» bir girse, yzyna çykmalydyr öýdenok. Dünýäni unudyp, reňke bulaşyp otyr. Heý-de, adam özüne şeýdip ezýet berermi? Aýna: - Janyňa haýpyň gelsin, Wekil jan. Reňkiň saralyp gidipdir – diýdi. Wekil olaryň ýüzüne ýylgyryp seretdi. - Meni alada etmäň. Mundan ezýet bolmaz. Seýis at ýetişdirmeli, halyçy haly dokamaly, ýazyjy kitap ýazmaly…Bir akyldaryň aýdyşy ýaly, bu dünýä her kim bir iş bitirmek üçin gelýär. Menem öz işimi edýän – bolany şol. Ýöne indi ýaş bir çene ýetdi, gyssanmaly, ýogsam… Oguljan gyssanmaç: - Besdir. Ýogsam sen soňuny bulaşdyrarsyň – diýdi. Goňra sözüniň üstüni ýetirdi: - Kofe demläýinmi? - Şeýtsene. Häzir maňa bar zatdan beter bir bulgur ajyja kofe zerur. Her gezek seniň taýýarlaýan kofäňi içenimde guşa dönäge-de, göge uçaýasym gelýär. Oguljan owadan ýylgyryp, ýerinden turdy. Wekil kofäni lezzetli owurtlady. Soňra zenanlaryň ýüzüne syrly seredip, gülümsiredi. Aýna: - Näme, bize gowy bir zatjak aýtjak bolýaňmy? – diýip sorady. - Hawa. Ýöne sessiz aýtjak bolýan. Olar biri-biriniň ýüzüne seredişip, «biz-ä düşünýän däldiris» diýen manyda eginlerini gysdylar. Wekil ýerinden galdy. Diwara söýelgi duran suratlaryň ýüzündäki matany aýyrdy. Aýna bilen Oguljan göýä ellerinden çekilen ýaly bolup, suratlara golaý bardylar. Olary ýakyndan synladylar, yza çekilip synladylar. Wekil geplänokdy. Aýnadanam ses-üýn çykanokdy. Oguljan birhaýukdan: - Zöhre daýza…Edil diri ýaly…- diýdi. Birinji suratda ejesi howlynyň girelgesiniň agzynda, iki elini haýata diräp, oýa batyp dur; ikinji suratda ejesi dogany Aýna bilen tut agajynyň etegindäki sekide gürrüňleşip otyr, hersiniň gujagynda eli gyzyl almaly bir gyz bar, aňyrda Wekil şadyýan ýylgyrýar. Oguljan: - Biri-birinden üýtgeşik suratlar… «Bolanok, Oguljan, nätsemem bolanok! Ejemiň keşbi bar, özi ýok. Belki, men bu hyýalymdan el çekmelidirin?» diýip, telim gezek çotgaňy bir gyra taşlap, diwanyň üstünde bir gysym bolup oturypdyň. Seniň halyňa ýüregim awamakdan başga elimden gelýän zat ýokdy...Ahyry, şatlykly gün gelip ýetdi. Gutlaýan, azabyň ýerine düşüpdir! – diýdi. Aýna ahyry yzyna öwrüldi. Wekiliň ýanyna gelip, garsa gujaklady. Onuň ýaňagyndan ýaş syrygýardy. Özüne zor salyp: - Wekil jan, ömrüň uzak bolsun!..Wah, erkek gaýratly doganym!.. Gitdi-de, giň dünýä boşap galana döndi... Ömürboýy gerdeninde agyr ýük göterip gezdi, ýöne ykbalyndan ýeke gezegem nalamady... Öz aladasyny etmän, diňe biziň aladamyzy edip ýaşady... Ýassykdaşyndan jyda düşenden soň, Baýramgylyç şähere aýagynyň çekmeýändigini aýdyp, bäri göçüp gelmek islemändi. Ýöne oba gatnaý-gatnaý, Zöhre ony ahyry razy edipdi. Amangylyç ýigit çykanda, «Aýna, öz bilşiň ýaly, men Amangylyç jany çagalarymyň biri hasap edýän. Agamyz köpçülige garyşyp-gatyşyp ýören adam däl, ikimiz toýy öz üçtümize alaly» diýipdi. Il-güne döneýin, toýa gaty köp adam ýygnandy. Bu gün ata ojagyna eýe bolan Amangylyjyň özem, gelnem, tüweleme, dogan-garyndaşlar bilen gowy gatnaşykda. Baýramgylyç-da, ogly-da bir işiň başyny tutjak bolsalar, maňa sala salýarlar. Ýöne men, heý, Zöhräniň ornuny tutup biljekmi? Ýeri oýulyp dur-a...Zöhre panydan baka göç edende, Baýramgylyç meni gujaklap: «Wah, ähli zady täzeden başlap bolýan bolsady! Ömrüm ötinçä öz etimi özüm iýip gezmeli boldum!» diýip aglapdy...Aram-aram sesi gulagymda ýaňlanyp, keşbi göz alnymda janlanyp, giň dünýäde janyma jaý tapamok... Sen ýagşy iş edipsiň, Wekil jan!..- diýdi. Ýuwaş-ýuwaşdan ýagdaý üýtgedi. Oguljan gelin bolup gelen ýyllaryny, gaýyn-gelin gatnaşygyny ýatlady. Bolup geçen wakalaryň iki-üç sanysyny aýdanda, onuň bilen bilelikde Aýna-da, Wekil-de hezil edip güldüler. Oguljan naharyň basym taýýar boljakdygyny duýdurdy. Zenanlar ussahanadan çykyp gitdiler. Wekil ýene diwana geçdi. «Ejemiň bu dünýäni terk edenine eýýäm ýigrimi ýyl geçipdir. Menem, nesip bolsa, sanlyja günden elli ýaşaýan. Tutuş ýarym asyr arka atylýar! Ynanar ýaly däl! Ýöne seniň ynanmazlygyň tebigaty gyzyklandyrmaýar, onuň öz mizemez kanunlary bar. Geçen ýyllaryň dowamynda juda köp zat görüldi. Durmuş dört adamy silterleme kemini goýan däldir. Biz onuň nähili zatdygyna juda ir akyl ýetirdik. Ýöne Hudaýa şükür, doganlar bolup dürs ýoldan ters ýola düşmedik, ejemiň aýdanyna eýerdik – namysymyzy guma gömmedik. Wah, häzir ejem bolanlygynda...» diýip içini gepletdi. Ilkinji gezek okanda kalbyny sarsdyran, ýadynda hemişelik galan bir goşgynyň jemleýji setirleri diline geldi: «Dilgir-ä däl aslynda, Ýöne mawy paslymda, Agyr ýüküň astynda, Ýaýnalmaly ýaş galdy». Şahyryň ykbaly Wekiliň ykbaly bilen meňzeş eken. Uzakda, juda uzakda galan şol günler edil düýn bolup geçen ýaly. Gapydan ejesiniň ady dakylan agtyjagy girip, naharyň taýýar bolandygyny habar berdi. Soñy. Amanmyrat KIÇIGULOW. Surat: Medine Safari / "Ene we çaga" | |
|
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Synag - 06.03.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Baga bagşy -9: «Ner zarbyny ner biler...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Toý - 05.03.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Oñat oglan / powestiñ dowamy - 06.08.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy / powest - 31.07.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||