14:15 Ene / powestiñ dowamy | |
* * * Günler aýlary, aýlar ýyllary yzyna tirkäp, Akpamygyň kökesi ýaly tigirlene-tigirlene, geçip barýardy. Wekil sekizinji synpy tamamlapdy. Bir gezek dosty Azadyň öýlerine baranda, dädesi oňa: «Wekil jan, eger ejeň göwnese, men seni gök önümler satylýan dükana wagtlaýyn işe ýerleşdireýin. Tomusky dynç alyş gutarýança işleseň, hem zähmete bişişersiň, hem-de maşgala sowalga gazanarsyň» diýdi. Zöhre oglunyň ýüzüne gussaly seretdi. «Heniz ejizje gerdeniňe maşgalanyň ýüküni aljak diýsene. Dokuzymyz düzüw bolanlygynda...» diýip hamsykdy. Elbetde, Wekiliň wagtlaýynam bolsa, işlemegine ilkibada razy bolmady. Ýöne ogly ýalbaryp duransoň, ahyry yryldy. Dükançy Haknazar aga bilen bir mekdepde okan eken. Uzyn boýly, bugdaýreňk, burunlak, arasy golaý oýnaklap duran gözli, şadyýan keşpli dükançy oglany: - Iş-ä ýeňil däldir, köşek. Eger soňra namartlap gaçyp gitjek bolsaň, öňünden aýt - diýen sözler bilen garşylady. - Gaçman. Dükançy Haknazar aganyň ýüzüne seredip: - Öz-ä dogumlyja görünýär – diýdi. Haknazar aga ýylgyrdy. Ol soňra Wekile ýüzlendi: - Hany, tanşaly, kömekçi boljak oglan, men – Tagan, sen kim bolmaly? - Wekil. - Onda näme, Haknazary ugradaly, Wekil han. Dükançy ony barlap görüpdir, iş agyr däl eken: gök önümleriň terlerini bir gapdala, zaýalananlaryny bir gapdala goýmaly; boşan gapyrjaklary tertipleşdirmeli. Dükançy iş güni tamamlananda, Wekili öwdi. Içine sogan, ýeralma salnan tory eline tutdurdy. «Şeýdip azap etseň, men saňa aýyň aýagynda maşgalany begendirer ýaly, pulam bererin» diýdi. Wekil öýlerine begenjinden aýagy ýere degmän geldi. Ol ejesindenem öwgi eşitdi. Çaý başynda Zöhre: - Balam, bu gün goşa şatlyk getiren gün boldy. Häli bäri surat mugallymyň geldi. «Gelneje, siziň ogluňyzda zehin bar. Ony şäherdäki çeperçilik mekdebine ýerleşdirseňiz, gowy bolardy» diýdi. Ýöne okuw töleglimişin. Tüweleme, senem, doganlaryňam ýetişip barýaňyz. Bir ýerden yzygiderli pul gelip durmasa, öýde edýän tikin-çatynym bilen güzeran aýlamak kyn düşjek. Hol gapjygyny ýitiren aýal ýadyňdamy? (Wekil baş atdy). Men oturyp pikir etdim: şonuň ýanynda işlesem, gowy boljak. Hem seniň okuwyňy töläris, hem golumyz giňäp, özüňe, doganlaryňa zerur zatlary satyn alarys. Maňa düşünýäňmi, balam? (Wekil ýene baş atdy). Men ertire-de goýman, Maýany şu gün göreýin. Sen babaň ýanynda bol, ýekesiretme - diýdi. Hekim aga aýagyny owkalap otyrdy. Agtygy: - Baba, eliňi men owkalap beräýein? – diýip sorady. Ýaşuly onuň ýüzüne ýylgyryp seredip, ilki: «Wekil balam, han balam, bize mähriban, balam» diýip, häli-şindi gaýtalaýan sözleri bilen söýgüledi. Soňra aýdanynyň üstüni ýetirdi: - Elimi özüm «razy ederin», sen egnimi, ýeňsämi owkala, köşegim. Süňňi ýeňlän ýaşuly düşegine geçdi. «Bu gün-ä bedeniň sorkuldysy gowşasa gerek. Tüweleme, seniň eliň söýnükli, balam, ýaşyň uzak bolsun!» diýip, agtygyndan hoşal boldy. Soňra ýassygynyň ýanynda goýlan Magtymgulynyň kitabyny alyp, oglana uzatdy. - Hany, şunuň eplenen sahypasyny aç, köşegim. Goşgynyň ady näme? - «Pukaraýam». - Dogrudyr. Hany, ony maňa saýhally okap ber, balam. «Watanymda han idim, Hanlara perman idim, Dertlere derman idim, Misgine dükan idim, Jansyzlara jan idim, Neýleý, indi biçäreýem. Gözsüzleriň gözi idim, Lallaryň men sözi idim, Il-günümiň ýüzi idim, Söwer magşuk näzidim, Hatam Taýyň özüdim, Neýleý, indi pukaraýam. Erem içre reýgan idim, Watanga zerefşan idim, Mert ýigide keman idim, Dag başynda duman idim, Pyragy diýr, aman idim, Indi weýran bir saraýam». - Boldumy, baba. - Hawa. Kitaby bäri beräý. Wekil onuň ýüzüne geň galyjylyk bilen seretdi. - Aglaýaň-maý, baba? Näme, bir ýeriň agyryp başladymy? - Ýok. - Onda näme üçin gözüňden ýaş gaýdýar? - Meni okan goşgyň agladýar, köşegim. Wekil hezil edip güldi. - Wiý, babamyň aýdýanyny! Heý-de, goşgy agladarmy? - Hakyky bolanda agladýar, balam. Oglan ilki babasynyň ýüzüne äm-säm bolup seretdi, soňra birden garsa gujaklap: - Men seni gowy görýän, baba! – diýdi. - Hamrak, köşegim, menem seni gowy görýän! – diýip, Hekim aga onuň kellesini mähirli sypady. – Ejeň seniň wagtlaýyn işe ýerleşendigiňi aýtdy. Nähili, agyr ekenmi? - Ýok. - Men-ä, tüweleme, agtygym ýigit çykyberipdir-ow diýip gaty begendim. Işe näçe ir werziş etseň, şonça-da gowudyr, balam. Dükançynyň bir aýdanyny iki gezek gaýtalatmajak bol, şeýtseň, saglyk bolup dursa, seni indiki ýylam hökman ýanyna alar ol. Enşalla, ulalarsyň, öý-işikli, ogul-gyzly bolarsyň. Ejeň, doganlaryň arkasynda dag bolgun. Allatagala erkek kişini maşgalany ýykmak üçin däl-de, ýykman saklamak üçin diýip ýaradýandyr. Ol nirä gitse-de, ojagyna dolanmaga gyssanmalydyr. Dünýäde ýol kändir, ýöne iň gowy ýol öýe barýan ýoldur, şuny bek bellegin! Ynsan nesil ýaýradyp, haýyr işleri edip, dünýäde yz goýmalydyr. Iň esasy zadam, mert, gaýratly bolmalydyr. Adamy hiç bir zat dyza çökerip bilmeli däldir. Meniň çagalykda Kakadurdy diýen gowy dostum bardy. Onuň dädesi mesliginden azyp, günleriň birinde maşgalasyny taşlap gitdi. Üç gyz, iki ogly ekläp-saklamak enäniň başyna düşdi. Ol edenli zenandy, zeýrenmäni-beýlekini bilmezdi. Begmämmet aga diýen goňşymyzam bardy. Haçan görseň, öýleriniň ýeňsesindäki garry garagajyň saýasyna ýazylan düşekde Magtymgulynyň kitabyny okap ýatandyr. Ýaşulular onuň ýaş mahaly belli pälwan bolandygyny aýdardylar. Ol günleriň birinde agtygyna, Kakadurda, maňa göreşmegiň tilsimlerini öwredip ugrady. Kakadurdy ikimizem aňsatja ýykmagy başaransoň, Begmämmet aga ony gowy görerdi, «Birneme wagt geçsin, bu gara bars (ol garaýagyz dostumy şeýle atlandyrardy) bilen tutluşan islendik pälwan ýerden üst-başynyň gumuny kakyp turar!» diýerdi. Ýaşuly pälwanyň aýdyşy ýaly boldy. Dostumyň göreşişini synlamak uly lezzetdi. Günleriň birinde ol obada tutulýan toýa meni öz ýany bilen alyp gitdi. Dem-dynç alanymyzdan soň, märekäniň ýygnanan ýerine bardyk. Töweregine göz aýlap duran Kakadurdynyň ýüzi üýtgäp gitdi. Gulagyma: «Dädemi görýämiň?» diýip pyşyrap, içi baýrakly haltany öňüne alyp oturan ýaşulynyň ýanyndaky adama ümledi. Men Kakadurdy gowy göreşip bilmese gerek diýip howatyrlandym. Ýöne beýle bolmady: ol iki pälwan bilen tutluşyp, ikisinem ýykdy. Göreş tamamlanyp barýarka, ortada aýlanyp ýören beýemçi: «Pälwanlar, pylan baý bir semiz goýun, uly ýaglyk hem-de pylança manat baýrak goýýar. Orta Kakadurdy pälwan çagyrylýar, garşysyna çykmaga meýilliň gelibermeli!» diýip gygyrdy. Ýene Kakadurdy zor çykdy. Ol märeke dargaberende dädesiniň ýanyna baryp, taňry salamyny berdi. Soňra goýnuň boýunbagyny-da, alan beýleki baýraklaryny-da onuň eline tutduryp: - Meniň göreşişimi nähili gördüň, däde? – diýip sorady. - Allatagala göz-dilden aman saklasyn, uly pälwan bolup ýetişipsiň, oglum. Ýagyrnyňy ýere degrip boljak däl. - Ejemiziň bize beren terbiýesi şeýle... Ýaşulynyň dodagy kemşerdi, gözünde ýaş göründi. Dostum arkaýyn durdy. Men weli aslynda ýukaýürek ýaradylan adam bolamsoň, ýaşulyny synlaýşyma, derrew bozuldym. Hekim aga birden aýňalan ýaly boldy. Agtygynyň ýüzüne mölerip seretdi. - Weý, men nämeler samrap otyryn? Uly ýaşly adama aýtmaly zatlary ýumruk ýaly çaga aýdyşymy diýsene!..Sen muny geň görme, balam. Adam garrasa, aram-aram şeýdip özbaşyna gepläýmesi bardyr...Ýa-da sen babaň gürrüňine düşünip otyrmyň? Wekil başyny ýaýkady. Hekim aga ýylgyrdy. - Ýör, balam, howla çykyp, tämiz howadan dem alaly. Zöhre gelip, tikinçi bolup işe ýerleşendigini aýtdy. Hawa, babasynyň ikiçäk otyrkalar, aýdan sözleriniň, pälwan dosty baradaky gürrüňiniň manysyny Wekil şol wagt aňmandy. Ýöne ýigit çykandan soňra, olar ýaňadan jikme-jik ýadyna düşüpdi. Diňe many-mazmunsyz sözler unudylýarlar... * * * Wekil surat mekdebine gatnap ugrady. Onuň öýlerinden uzak aralykda ýerleşýän mekdebe gatnamasy ýeňil boldy: surat çekmäge höwesek dosty Azadam şol ýere adyny ýazdyransoň, oglanlary Haknazar aga äkidip-getirýärdi. Ejesi okuwdan dolanan Wekili: «Balam, ýadawdygyňy bilýän, ýöne dükana baryp gelmeseň, boljak däl. Men babaňy naharlamaly» diýen sözler bilen garşylady. Zöhre oňa satyn almaly zatlary, getirilmeli gaýtargyny öwran-öwran gaýtalady. Oglan sargalan zatlary: iki çöregi, bir gatygy, bir goýaldylan süýdi hem-de ýarym kilogram mesgäni alyp geldi. Ejesine söwdadan galan puly uzatdy. Zöhre näme üçindir ilki mesgä el ýetirdi. Oglunyň ýüzüne seredip: - Şu, näme, ýarym kilemi?-diýip sorady. - Satyjy daýzanyň bereni-dä... Gahar paýhasdan rüstem geldi: - Mesgäniň ýarym kileden azdygy göze dürtülip dur-a! Erkek oglan diýeniň agzyna siňek gonduryp, görene hakyny giderip ýören däl-de, edil bars ýaly bolmaly dälmidir eýsem? Beýdip ýörseň, kim bolup ýetişjegiňi Alla bilsin. Wekil onuň ýüzüne hem geň galyjylyk, hem naýynjarlyk bilen seretdi. Ejesine ne döw çaldyka? Ol hiç wagtda çagalarynyň ýüzüni alan adam däl ahyry! Oglan kemşerdi. Zöhre birden üýtgedi. Wekili garsa gujaklap: - Wiý, men näme saňa ajymy pürküp durun? Sen ertirki gün öýümiziň eýesi, arkamyzyň söýesi ahyry! Ejeňi bagyşla, balam. Ertirden bäri agyr pikirler sypdyrman ýörensoň, gaharyň erkimi alanyny duýman galdym – diýdi. Birdenem onuň ganjaryp duran sag eline gözi düşdi. - Näme boldy, Wekil jan? - Ýolda oturan oglanlar pulumy aljak boldular. Bermedim. Eýläk-beýläk itekleşip durkak, bir daýza gelip olary kowdy. Hemmesi menden uly... Olary bir gün maşyn depeläp geçsedi... Zöhre oglunyň agzyny tutdy. - Beý diýme, Wekil jan, beý diýme. Seniň soňky aýdan sözleriňe gargyş diýilýär. Ýadyňda saklagyn: hiç wagtda hiç kime gargyş etmeli däldir! Nätjek, şäher diýeniň köpüň üýşen ýeri-dä, munda her hili adam ýaşaýar. Ýör, indi ikimiz dükana gaýtadan gideli. - Nämüçin gitmeli, eje? - Baraňda bilersiň. Dükanyň içi adamlydy. Orta boýly, akýagyz, synasyny artykmaç et tutup ugran, gyýkmak gözli, gaşlary gerlip duran satyjy aýal Zöhrä gözi kaklyşandan, tylla dişlerini ýalpyldadyp ýylgyrdy. - Zöhre jan gelipdir! Tutuş on ýyllap bir partada oturan ýaşlyk boýdaşym gelipdir! Zöhre onuň aýdanyna üns bermän, duranlara ýüzlenip: - Men, mümkin bolsa, satyjy bilen bir zady düşünişäýeýin? – diýdi. Olar garşy bolmadylar. Zöhre tory, berlen gaýtargyny tereziniň ýanynda goýdy. Satyjynyň adyny tutmazdan: - Hany, şu mesgäni gaýtadan çek, ýarym kile çykýanyny-çykmaýanyny göreli – diýdi. Satyjynyň ýüzi üýtgedi. Sesini çykarman, uzadylan mesgäni çekdi. Başyny ýaýkap, ony aýna gapyrjaga oklap goýberdi-de, başga bir bölegi çykardy. Terezä goýup, Zöhrä «agramyna seret» diýen manyda ümledi. Mesgäni dolap, tora saldy. Wekile beren gaýtargysyny gaýtadan sanap, üstüne 20 köpük goýdy. - Zöhre jan, bu ýerde daň atandan tä iňrik garalýança mähelläniň ýetik bolýandygyny özüň bilýäň-ä. Işiňe näçe jür bolsaňam, arasynda ýalňyşlyk gidäýýä-dä – diýdi. Zöhre onuň göni garagyna seretdi. Ýene adyny tutman: - Sen okuwçy döwrüň töweregiňdäki gyzlaryň hasabyna iýip-içmegi gowy görýädiň. Şol «kesel» halys ötüşen bolmaly. Ýumruk ýaly çaganyň hem satyn alan iýmitinden, hem berilmeli gaýtargydan ütüp galmaga utanaňokmy? Ejemiz bir gezek çaý başynda bize ýüzlenip: «Öz öýüňizde çorba bişip, goňşyňyzda palaw bişýän bolsa, hergiz şol tarapa agyz suwardyp bakmaň. Bu gün çorba ýetiren Hudaý ertir hökman palawa-da ýetirer. Günüňize kanagatly ýaşaň» diýipdi. Özümiz-ä asla sen ýaly ýaşap biljek däl. Elbetde, her kim görüm-göreldesine görä ömür sürýändir-dä – diýdi. Nobata duran ýaşulularyň biri: - Oňa dünýä malynyň dünýäde galýanynam ýatlatsana, gyzym – diýip seslendi. Satyjy gapa ýönlen Zöhräniň yzyndan: - Zöhre jan, menden öýkeleme. Çynymy aýdýan: men ýalňyşypdyryn. Men adamyň hakyny iýýänlerden däl! Bagyşla!– diýip gygyrdy. Zöhre oňa jogap gaýtarmady. Diňe başyny ýaýkap, ajy ýylgyrdy. Eneli-ogul dükandan çykdylar. Birneme ýöränlerinde deňlerinde ýeňil ulag saklandy. Wekiliň dosty Azadyň dädesi Haknazar aga eken. Onuň ýanynda aýaly bardy. Salamlaşdylar. Haknazar aga oglana ýülenip: - Wekil jan, ýene tomusky dynç alyş ýetip gelýär. Tagan aganyň ýanynda işlemek höwesiň barmy? – diýip sorady. - Hawa. - Eýle bolsa, duýduryp goýaýyn oňa. Wiý, ýogsa-da, Azat jan mugallymyň saňa: «Bu oglandan, enşalla, uly suratkeş çykar» diýendigini aýtdy. Men-ä bu habara gaty begendim. Oglum ikiňizi mekdebe gatnadýandygymy unutman, haçandyr bir wagt meniň suratymy çekersiň-ä? Gelnejeň ikimizi bileje çekseňem, gelişmän durmaz. - Çekerin. - Haý, berekella. Senden tamamam şeýledir, Wekil jan. Zöhre ogluny mähirli gujaklap, ýaňagyndan ýuwaşja çümmükläp goýberdi. Ulag çatryga golaýlaberende gyzyl çyra ýandy. Birden sürüji aýalynyň ýüzüne garap: «Ony görýämiň?» diýen manyda ýanaşyk ulaga ümledi. Aýal sag tarapa seretdi. Täzeje süýt reňkli ulagda Atahally soňky alan aýaly bilen otyrdy. - Şäherde ýene bir ýaşaýyş jaýy gurulýar. Owadan gerek, Wekil jan? - Hawa, eje. Azadyň ejesi yzyna öwrüldi. Eneli-ogul ýoluň beýleki tarapyna seredýärdi. Ol Atahally bilen soňky öýlenen aýalyny Zöhräniňem görendigini aňdy. Ulagdakylar indiki çatrykda gülkünç wakanyň şaýady boldular. Ajy suwdan mes bolan pyýada jüp köwşüni depesinde bulaýlap, aýakýalaňaç tans edýärdi. Onuň daşyny gallan adamlaryň arasynda gülýänem, baş ýaýkaýanam, käýinýänem bardy. Ahyry märekäniň deňinde bir ulag saklanyp, ondan çykan iki ýigit masgara bolup duran serhoş kişini süýräp ulaga mündürdiler. Bu görnüş bärki ulagda oturanlara ýaramaz täsir etdi. Azadyň ejesi: «Şu binamysam özüni adam hasaplaýarmyka?» diýip özbaşyna gepledi. Zöhre: «Ynha, görseň, gül ýaly aýaly, göz monjugy ýaly çagalary bardyr. Ile gülki bolup ýörenine namys etmez, gaýtam töweregindäkilerden nogsan gözlär» diýdi. Haknazar aga ýola seredip oturyşyna, oglana ýüzlenip: - Men Azada häli-şindi aýdýan, saňa-da aýdaýyn, pälwan: saglyk bolup dursa, uly adam bolup ýetişersiňiz. Hiç wagtda arak, çilim diýen nejis zatlaryň golaýyna barmaň. Ýaňkyny gördüň dälmi? Ýedi ýoluň ugrunda biabraý bolup dur. Şol iki nägehandan daşda durarsyňyz gerek, Wekil jan? – diýdi. - Hawa. - Hudaý ikiňiziňem ömrüňizi uzak edewersin! Içeri giren Zöhre inçeli-ýogynly gülki eşidip, geň galdy. Bir döwürde dädesi bilen bile işleşen Şaguly aga bilen Nedir aga ýaşulynyň saglygyny soramaga gelen eken. Olary gören Zöhräniň keýpi göterildi. Şahandaz Şaguly aganyň gyzykly gürrüň berip oturandygyny aňdy. Ikisi ozal ýygy-ýygydan gelerdiler. Zöhre bilen Aýna Şaguly aganyň täsin gürrüňlerine kän gülüpdiler. Soňra iki ýaşuly gelmesini seýrekledipdi. Olar Zöhre bilen gadyrly salamlaşdylar. Wekil bilen hem edil uly adam ýaly hal-ahwal soraşdylar. Ýaşulularyň ýerli-ýerden: «Biziň üçin alada galma, bala. Çaý-suwumyz ýetik» diýenine garaman, Zöhre orta saçak ýazdy. Özi beýleki otaga geçip, gyzlary bilen tikin-çatyna gümra bolup başlady. Otagyň gapysy açyk duransoň, oturanlaryň gürrüňi aýyl-saýyl eşidilip durdy. Nedir aga ýylgyryp oturyşyna: - Hany, toýda göreş tutuşyňy aýdyp berjek dälmi? – diýip ýoldaşyny gižželedi. Şaguly aga: - O nämäniň göreşi? Men, näme, pälwançylyk edipdirinmi? Senem ýok zatlary tapýaň-aý, sakgaldaş – diýip mönsüredi. - Ýadyňa salaýyn...Hawa, daýyň oglyny öýeripdir... Indi Hekim aganyňam ýüzi ýagtylypdy. Bu gürrüň ozal telim gezek eşidilenem bolsa, barybir gyzyklydy. Şaguly aga gülmän-yşman gürrüňe başlady: - Hä, olmy?..Men ýaşkam uzyn boýly, görmegeý, etli-ganly ýigitdim. Bilip goýuň, bir gapdalymda gepe-söze düşmez goňşym, beýleki gapdalymda-da iňirdewügräk aýalym – soňra meniň endamymda et goýmadyk şu ikisidir. (Nedir aga bilen Hekim aga hezil edip güldüler)...Hawa, daýym ogluny öýerdi-de, oba toýa gitdim. Uly göreş boldy. Menem köpüň biri bolup, bir gyrada tomaşa edip durandyryn. Göreş gyzan mahaly meni idenekledip orta çykardylar. Sypatym aldaga salan bolmaly, ömrümde hiç kim bilen billeşip gören adam däldigimi gygyryp aýtsamam, gulak asýan ýok. Yzyn sözüň gysgasy, garşyma kellesi top ýaly, döşlek bir gara bela turdy. Göreşiň beýemçisi: «Pylany aga bir semiz goýun builen pylança manat baýrak goýýar. Ýykana nesip etsin!» diýip gygyrdy. Garşydaşyň boýy menden pesdi. Ol eýläk urundy, beýläk urundy, ýöne alan galasy bolmady. Men birden: «Ýa, Alla, özüňden medet!» diýip, ony zarp bilen göterdim. Götermesine-hä göterdim, indi nätmeli? Emel bilemok ahyry men! Töwerege ümsümlik aralaşdy. Duruberdik şeýtdik-de. Soňra böwet böwsülen ýaly boldy: «Haý, myhman pälwan, eýt!», «Haý, myhman pälwan, beýt!»...Eýdemogam, beýdemogam, onuň aýagyny-da ýere degremok. Ýöne gara belanyň eli edil demir ýaly eken, bilimi kül-owram edip barýar. Birden Pürje dädeme gözüm düşäýdi. «Agam jan, muny nädeýin?» diýip gygyrdym. Pürje dädem telpegini goltugyna gysyp, zöwwe ýerinden turdy, «Adyňa döneýin, ballym, soňra täzeje bagröýken iýmäge çagyrsaň, maslahaty menden al: sypdyrma-da saklaber!» diýip jogap gaýtardy. Durandyrys asyl-asyl bolşup. Märeke gülşüp ugrady. Goh-galmagal artdy. Ellere-de ýagşy agram düşüp başlady. Birden Hudaý garaşyk edäýdi. Bir oglanjyk kürsäp orta urdy-da, garşydaşyň balagyndan asylyşdy. «Däde, ejem seni gyssagly alyp gelmegi tabşyrdy. Gölämiz boşanypdyr» diýip gygyrdy. Töweregi gaýtadan gülki gurşap aldy. Garşydaş dişlerini gyjyrdatdy, gulagyma ýuwaşlyk bilen: «Meni goýber, baýrak seniňki» diýdi. Ellerimi guşakdan çykardym. Ol dyza çökdi-de, ogly bilen ylgaşlap gitdi. Şeýdibem, aňsat ýerden goýunly, pully boldum duruberdim... Şaguly aganyň gürrüň haltasynyň gowzajak gümany ýokdy. Ýene bir gyzykly wakanyň çetinden girdi. Gyzlary elindäki köýnegi bir gyra süýşürip, gülüp oturan Zöhräniň ýüzüne haýran galyjylyk bilen seredýärdiler. Gelenler Hekim aga bilen hoşlaşdylar. Ýaşuly olary ugratmaga çykdy. Şaguly aga Zöhrä ýüzlenip: - Zöhre bala, bize gaty-gaýrym söz-ä diýenoklar weli, gelniňiz bilen agaňyzyň myhmany känbir halap barmaýandygy ýüzlerinden, hereketlerinden görnüp duransoň, her näçe gowy görýänem, sylaýanam bolsak, sakgaldaşyň ýanyna barmamyzy kesipdik. Muny öz ýanyňa alanyň gaty gowy bolupdyr. Il ähli zady görýändirem, bilýändirem, dädeň kirpigine kir ýokdurman saklaýanyňy eşidip, juda begendik. (Ol Hekim aganyň ýüzüne ýylgyryp seretdi). Indi sen tä sen bizi görüp, «Şu ikisindenem halys bizar bolduk» diýen manyda ýüz-gözüňi egşidýänçäň geler durarys – diýdi. Zöhre-de ýylgyrdy. - Beý diýmäweriň, Şaguly aga. Haçan gelseňiz, gapymyz açykdyr. Dädeme serediň: şu gün keseli-beýlekini unudyp, bütinleý başga adama öwrüldi ahyry. Ömrüňiz uzak bolsun! - Dogry aýdýaň, gyzym. Şu gün meniň üçin üýtgeşik gün boldy. Siz her gezek geleniňizde köne dostuňyz bir ýaş ýigdelýändir, şuny bek belläň – diýip, Hekim aga gyzynyň aýdanynyň üstüni ýetirdi. Myhmanlar gitdiler. Zöhre: - Däde, şu gün howa jana ýakymly. Belki, kölegä düşek ýazyp, şol ýerde oturarys? – diýdi. - Şeýtsene, bala. Çaýy-da täzeläý, daşarda içseň, tagamy bir başga bolýandyr. Howla goňşy çagalar üýşüp, öz oýunlary bilen gümra boldular. Ataly-gyz düşegiň üstünde ornaşdylar. Tikin işi bilen gümra bolup oturan Zöhre birden başyny galdyryp: - Däde, biz seniň ýetim ulalanyňy bilýäs. Ýöne öz çagalygyň hakda bize gürrüň bereniň ýadyma düşenok – diýdi. Hekim aga çaýly käsesini ýerde goýdy. - Şonuň gürrüňi seniň nämäňe gerek, bala? Ýetimligi görenem, jebrini çekenem men bolaýyn. - Ogul-gyz ata-enesine dahylly zatlary bilip goýsa gowy-da. - Hä-ä... Munyň-a dogry... Aý, beýle gyzyklandyrýan bolsa... Men maşgalanyň ýeke perzendi, bala. Dädem ýogalanda ýedi ýaşymda ekenim. Üç ýyldan soňra ene mährindenem mahrum boldum. Näme üçin şeýle bolandygyny düşündirip biljek däl, dädemiň-de, ejemiň-de süýtdeş doganlary bar hem bolsa, meni öz ýanlaryna alman, çagalar öýüne tabşyrypdyrlar. Ýaşym ýetip, goşun gullugyna gitdim. Ony bitirip gelenimden soň, kärhanalaryň birinde awtoulaglary abatlaýjynyň şägirdi bolup işläp ugradym. Ýetim oglan hökmünde üç gatly jaýdan bir otagdan ybarat öý berdiler. Halypama Baýly aga diýerdiler. Gaty üýtgeşik adamdy. Ynansaň, her gün öz ýany bilen meniň üçin hem günortanlyk iýmit getirerdi. Elinden dür dökülerdi. Ulaglaryň haýsy görnüşi bolaýsyn, tapawudy ýok, edil ozal özi düzen ýalydy, derrew kemini anyklap, işledip goýbererdi. Maňa ussaçylyk tilsimlerini irmän-arman öwrederdi. Ol gol doly maşgalanyň eýesi bolansoň, hepdäniň dynç günleri-de işlärdi: şeýle bir enaýy sandyk, sallançak ýasardy. Olaryň alyjysy ýetikdi. Baýly aga kimdir biri sallançak sargamaga gelse, «Hekim jan, tüweleme, türkmen köpelip barýandyr!» diýip, edil çaga ýaly begenerdi. «Erkek kişi jübüsi boş gezip ýörse, bolmaz, demir bejermekde yhlasyňy gördüm, agaç bejermekde-de halypaňdan ozjak bol!» diýip gaýtalardy. Dogrudanam, azabymyň miwesini görýädim: kisämiň pulsuz wagty ýokdy. Meni öýerip, il hataryna goşanam Baýly agady. Seniň ejeň onuň doganoglan inisiniň gyzydyr. Soňra şeýle bir garyndaş köpelendir, bala, bular ozal nirededikä diýip geň galardym. Kimsi ulagyny arzan bejertjek, kimsi arzan sandykly, sallançakly boljak. Hiç birini boş goýberen däldirin. Men eden ýagşylgygymy dile çolamok, muny gepiň gerdişine görä äýdýan... Baýramgylyjy öýermegiň aladasy bilen bolup ýörkäm, Şagulyny ýanyma alyp, Mary iline mal satmaga gitdim. Bir ýaşulyny salgy berdiler, «Ol Balkandan getirilýän mallaryň gadyryny bilýändir, yzyna gaýtarýan däldir» diýdiler. Bardyk. Uzyn boýly, ak sakgaly döşüni ýapyp duran, nurana ýüzli ýaşuly meni gowy garşylady. Goýunlary synlady. «Hersine pylança manatdan razy bolsaň, bulary alýan, sakgaldaş» diýdi. Men öz bahamy aýtdym, şondan aşak gaçjak däl diýdim. Ol näme üçindir ýylgyrdy. Soňra: «Uzak ýoldan ýadap gelensiňiz, çaý-çörek edineliň, myhmanlar. Bulary oglanlar düşürerler» diýdi. Öýe girdik. Ol gürrüň arasynda maňa ýüzlenip: «Sakgaldaş, ýetim ulalan ekeniň-ow» diýdi. Men onuň ýüzüne haýran galyp seretdim. «Mallara nyrh kesen mahalym, özüň duýmazdan, töweregiňe ýaltakladyň. Ýetim ulalan adamlar hemişe gyssananlarynda, kimdir birinden maslahat, haraý isläp, şeýle hereket edenleini bilmän galýarlar» diýdi. Ýaşulynyň synçylygyna telpek goýandyryn. Hawa, bala, dünýäde ýetimlik, ýekelik ýaly ýaman zat ýokdur. Telim gijäni ukusyz geçirendirin, doganyňy öýerenimde ýalňyzdygymy has-da duýupdym. Öz ýanymdan daşymda doganlarym bolanlygynda, gör, nähili gowy bolardy diýipdim...Beý diýsem, «Dädem ykbalyndan nägile eken-ow!» diýip pikir edäýme. Ýok, meniň öňüm bolmasa-da, soňum boldy: il deňinde öý-işige, ogul-gyza, agtyga ýüzüm düşdi. Ömür ýolumda kän-kän gowy adamlara sataşdym. Olar meniň begenjimi-de, gynanjymy-da deň paýlaşdylar. Men hemişe şolara meňzejek boldum. Magtymguly şahyr: «Adam ogly bäş gün duza myhmandyr» diýipdir, her kim berlen ömri ýaşap, günleriň birinde baky ýurda göçmeli. Men mundan gidenimden soňra, «Hekim ýaman ýerde görnen adam däldir» diýip ýatlamaklaryny isleýän. Özümden ýaýran neslimiňem gowy adamlar bolup ýaşamagyny dileýän. Dünýäni dünýä edýän gowy adamlardyr, bala... Ýaşuly birden gyzynyň ýüzüne çiňerilip seretdi. - Bozulaýdyňmy, bala? Şeýle boljagyny-ha bilýädim men... Gürrüň ber diýeňsoň... Zöhre gözüniň ýaşyny syldy. Geplemedi. - Birhili başym aýlanjak bolýar. Men öýe gireýin, bala. Zöhre dädesini söýgetläp öýe saldy. Özi ýene daşary çykdy. Ýöne tikin işini dowam etdirip bilmedi. Bejerip oturan köýnegini bir gyra süýşürip, gaýgy-gamsyz oýnaşyp ýören çagalary synlady. Göwnüne şolaryň birine öwrülen köneje eşikli dädesi oýna goşulman, bir gyrada boýny buruk halda olara syn edip duran ýalydy. Gözýaş gaýtadan çogup çykdy. Zöhre ony syljagam bolanokdy... * * * Mekdebiň dokuz ýyly geçdi. Wekil ýene Tagan aganyň ýanynda wagtlaýyn işläp ugrady. Ol bir gün uly dükanyň aňry çetinde işe gümra bolup durka, ýeňsesinde: - Häýt, oglan, satyjy nirede? – diýen zarply ses ýaňlandy. Dädesi soňky alan aýaly bilen dur! Oglan ilki aljyrasa-da, özüni ele alyp, olara tarap ýöneldi. Atahally oňa geň galyjylyk bilen seretdi. Wekil özüne zor salyp, ýuwaşjadan salam berdi. Dädesi onuň salamyny almady. - Sen bärde nämişleýäň? - Tagan aga kömekleşýän. - Tagan agasy kim bolýamyşyn? - Dükançy. Daşarda kölegede otyr. Häzir çagyraýyn. Ol satyjyny yzyna tirkäp geldi. Atahally ýüz-gözüni egşidip durşuna, Wekilden: - Öňýeteniň külüni arassalap ýörer ýaly, sen, näme, gulmy? Ýa-da bu ejeň tapan zadymy? – diýip sorady. Tagan ilki oňa, soňra oglana soragly seretdi. Wekiliň ýüzi üýtgedi, dodagy tirpildedi, ýumruklary öz-özünden düwüldi. Ol: - Ejem bilen işiň bolmasyn! – diýip gaharly seslendi. Atahally nämäniň-nämedigine düşünmän duran aýalyna bakdy. - Bu – meniň oglum. Entek sümügi guranok weli, atasy bilen nähili gepleşýänini görýämiň? Aýal ýaňsyly ýylgyryşyna, oglana başdan-aýak syn etdi. Soňra äriniň elinden tutup: - Özüňi ele al. Saňa gaharlanmak bolanok ahyry. Öýde alan terbiýesi, görüm-göreldesi şeýledir, janyňy ýakma – diýdi. Dükana gelen dört-bäş müşderi özlerine hyzmat edilmegine garaşyp, ses-üýnsüz durdular. Ahyry garaýagyz, togalak aýal Tagana ýüzlenip: - Bizi ugratjak dälmi, dogan? – diýdi. Iki sany uly adamyň ýaş oglana hüjüm edip duruşlaryna ýeňsesi gatap ugran Tagan gürrüňe goşuldy: - Birinjiden-ä, Wekil jan hiç kimiň guly däl, azap edip, pul gazanýar; ikinjidenem, köpçülikde öz bolup durşuňyzdan utansaňyz, gowy bolardy. Atahally bolmajasy boldy. - Men iliň akylyna mätäç däl. Käýesem, öz ogluma käýeýän. Biziň gürrüňimiziň arasyna sokulmaň. Öz işiňiz bilen boluň! – diýdi. - Men öz işim bilen boljak-la weli, ýöne ikiňiz...Hany, size näme gerek? Beýdip adamlary daňyp durmaň. Atahallynyň aýaly agyz-burnuny towlap gepledi: - Bize bärden hiç zat gerek däl. Şäher doly dükan, başga birine baraýarys. Olar yzyna öwrüldiler. Birden Atahally Wekile ýüzlenip: - Eger pul zerur bolsa, ejeň meniň işleýän ýerime baraýsyn, ýumruk ýaly oglany kösäp ýörmäge utansyn – diýdi. Onuň aýaly ýaňsyly ýylgyrdy. Duranlar biri-biriniň ýüzüne seredişdiler. Tagan aga: «Şunuň ýaly bolgusyzy Ýer nädip göterýärkä?» diýip, özbaşyna gepledi. Iş wagty gutaranda, Tagan aga: - Wekil jan, ertir dync güni. Öýde az-owlak iş bar weli, kömek edip bilmezmiň? – diýdi. - Ederin. Nirä barmaly? Tagan aga oglana ýaşaýan ýeriniň salgysyny berdi. Wekil ejesine ertir Tagan agalara barmalydygyny aýtsa-da, dükana dädesiniň gelendigini, özüne ajy sözleri diýendigini aýtmady Oglan agşam düýş gördi. Ol howlynyň bir burçunda akja kepderiniň suratyny çekip otyr. Aňyrdan dädesi gelýär. Hemişe bolşy ýaly ýüz-gözi çytylyp dur. - Hä, ýene bolgusyz pişe bilen gümra bolup otyrmyň? Öýüň ähli işi ýatandyr, bu bolsa...Saňa hiç zadyň alnyndan bolmajak ogul diýerler... - Humaý, Hajar üçimiz howlyny arassaladyk. Men soňra mallara, towuklara ot, suw berdim. - Mal ýatagy süpür diýip tabşyrypdym. Süpürdiňmi? Oglan aljyrady. - Wiý, men şony unudypdyryn. Häzir...Derrew... - Hany, çekip oturan zadyňy göreýin. Wekil oňa surat depderini uzadýar. Atahally ony kakyp alaga-da, ýüzi kepderili sahypany jyrym-jyrym edýär. Oglunyň hünübirýan aglaýandygy onuň piňine-de däl. Mal ýatagy syryp-süpüren oglan howlynyň daşyna çykyp, bölek daşyň üstünde ornaşýar. Edil şol wagt onuň ýanynda Tagan aga peýda bolýar. - Wekil jan, hany, başyňy galdyr! Muny görýämiň? Ol goltugyndan akja kepderi çykarýar. Janly kepderi! - Surat depderiň ýyrtylanyna aglama, Wekil jan. Şu menden saňa sowgat. Öýde munyň taýy-da bar, haçan isleseň, alyp gaýdyber. Wekil ukudan oýandy. Nämäniň-nämedigine düşünmän, eýlesine-beýlesine seretdi. Soňra torbasyny açyp, surat depderini çykardy. Onuň abatdygyny görüp, begendi... Tagan aga bir oglan, bir gyz bilen howlyny tertibe salyp ýören eken. Ol Wekili gadyrly garşylady. - Tüweleme, ine, bize ýene bir kömekçi geldi. Wekil jan meniň ýanymda wagtlaýyn işleýär, düşbi, bir aýdylany iki gezek gaýtaladanok. Ynha, bu hapaçylygy halamaýan, özüň bilen ýaşytdaş gyzymyz Oguljan, beýlekisi bolsa «Näçe işiňiz bolsa, getiriberiň, men taýýar» diýip, döşüni gaýşardyp duran Batyr jan. Körpejämiz çagalar bagyna gatnaýar, öýkelemez ýaly, onuň bilen ýene bir gezekde tanyşdyraryn. (Olar gülüşdiler). Onda näme, işimizi dowam etdireliň! - Wiý, Wekil jan! Adyňa döneýin, senmi bi? Bir gyra üýşürilen ýapraklary Oguljanyň elindäki halta gapgaryp duran oglan ýalta yzyna bakdy. Öýüň gapysynyň agzynda birnäçe ýyl ozal gapjygyny ýitiren Maýa daýza ýylgyryp durdy. Onuň ýanynda - Tagan aganyň aýaly bolmaly – bir zenan bardy. Oglan oňa tarap ýöneldi. Maýa daýza ony garsa gujaklady. Tagan aga-da, aýaly-da, çagalary-da ikisine geň galyp seredişýärdiler. Maýa daýza bir Tagan aga, bir-de onuň aýalynyň ýüzüne seredip: - Bu şol meniň gapjygymy tapan oglanjyk-da! Gürrüň beripdim-ä. (Olar tassyklaýjylyk bilen, baş atdylar). Garaşylmadyk duşuşyk. Wekil jan bärde nämişleýär, ol kimi tanaýar? – diýdi. Tagan: - Elbetde, meni tanaýar. Ol meniň işgärim ahyry – diýip jogap gaýtardy. - Oýun etmesene, o nähili işgäriň bolýamyşyn? Ol heniz mekdepde okap ýörendir-ä! - Goý, özi gürrüň bersin. Wekil dosty Azadyň dädesiniň aladasy bilen, ynha, ikinji ýyl Tagan aganyň ýanynda wagtlaýyn işleýändigini aýtdy. Maýa daýza ýylgyrdy. - Hä, şeýlemidi, asyl. Gowy bolaýypdyr. Tagan – meniň özümden kiçi doganym, bu bolsa, özüňem aňansyň – aýaly, Şasenem daýzaň. Sen gowy maşgala bilen tanşypsyň, Wekil jan. Islän wagtyň gelip dur, bärde saňa ýüz ýygrykdyrjak ýokdur. Maýa daýza Tagan aganyň çagalarynam mähirli gujaklap, ulular bilen hoşlaşdy. Soňra Oguljan ejesiniň ýanynda boldy. Batyr bilen Wekil ikisi bolsa Tagan aga kömekleşdiler. Öý eýesi: «Pälwanlar, golaýda agardylansoň, jaý ak süýde çümen ýaly bolup oturandyr. Indi munuň eýwanyny reňklemeli» diýdi. Iş gutardy. Iň soňundan Wekil ýuwnup-ardyndy. Bir zat almak üçin daşary çykan Oguljan oglanyň deňine baranda, göz astyndan eýlesine-beýlesine seretdi-de, ýuwaşjadan: - Wekil, sen bize ýene gelermiň? – diýip sorady. - Tagan aga çagyrsa, elbetde, gelerin. - Näme, çagyrmasa, geljek dälmi? – Gyz enaýy ýylgyrdy. Iki ýaňakda çukurjyk döredi. Wekil onuň owadanlygyna haýran galdy. Ýöne ýylgyryş sähel salymdan ýitdi. Ýüzi birden nar ýaly gyzaran gyz: - Hökman gelgin, biz saňa garaşarys! – diýip, aýdanynyň üstüni ýetirdi. Atylybam öýe girdi. Oglan bolup geçen ýagdaýa haýran galdy. Tagan aga Wekilden gaty razy bolandygyny aýtdy, «Tüweleme, eliň işe gelşip dur» diýip öwdi. Onuň aýaly Şasenem daýza Wekili bir tegelek gyzgynja petir çörek, ep-esli kemput, köke bilen ýola saldy. Dükanda nätanyş adamlaryň arasynda dädesi tarapyndan utandyrylan, kemsidilen oglana ýüregi awan Tagan aganyň özüni işletmek üçin däl-de, eýsem, diňe göwnüni açmak üçin öýüne çagyrandygyny Wekil näbilsin... Zöhre oglunyň Tagan aga bilen baglanyşykly gören düýşüni gowulyga ýordy. Maýanyň onuň aýal doganydygyny eşidip, haýran galdy, özbaşyna: «Bizi bular bilen bir gudrat birleşdirýän bolaýmasyn?» diýdi. Ogly Tagan aganyň owadan gyzynyň bar ekendigini birnäçe gezek gaýtalanda, ene onuň ýüzüne ýylgyryp bakdy. Ýöne hiç zat diýmedi. Wekili asyl duýdansyz ýetişäýen eken-ow!.. Dowamy bar >> Surat: Oguldöndi Çerkezowa / "Ene" | |
|
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Gudrat - 03.03.2024 |
√ Gün bize geňeşmän dogýar / powest - 29.08.2024 |
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Baga bagşy -5: Halypa-şägirt - 07.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -6: powestiň dowamy - 28.08.2024 |
√ Baga bagşy -7: Ýatlamalaryň ýumagy - 07.03.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -8: powestiñ soñy - 10.09.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -7: powestiň dowamy - 10.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |