11:00 Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa | |
DEÑINDEN ÖTÜP BOLMAÝAN ADAM
Hekaýalar
Aýnazaryň henizem köneje “Žigulisini” sürüp ýörşi. Ýalňyşyp-ýazygybam ulagyň hakyky adyny tutaýmaz, ony “Žiggenäm” diýip, heniz hiç kimiň eşitmedik hem-de aýtmadyk sözi bilen söýgüleýär. Özüni-de şeýle bir arassa saklaýar. Onuň ogullarynyň ulusy täzeje ulagly boldy, kiçisi-de agasynyň yzyna eýerip, bir manady iki manat etmek üçin çyr-çytyr. “Žigulini” gördükleri ikisiniňem ýeňsesi gataýar. Olaryň ulusy bir gezek: “Däde, il seniň deňiňden bireýýäm ötdi, öňýeten täzeje ulagynda joňkaryp otyr. Senem bu yşarat bilen ymykly hoşlaş, kümä salaly-da, üstüne keçe-peçe oklaly, gaýdybam yzyna çykarmaly” diýdi. Aýnazar: “Heý, oglan başyňa döneýin, tapýan gepine seret: bireýýäm deňimden ötülenmiş! Olar dädeň deňinden ötmek üçin bu dünýä ýene iki-üç gezek dagy gelip-gitmeli bolarlar...Sen gowusy sähel şyrt-pyrt boldugy bir halta pul sorap duran ulagyňa bekje ýapyş, meniň “Žiggenäm” bilen işiň bolmasyn” diýip, seteran ak dişlerini görkezip ýylgyrdy. Ogullary gaýdyp “Žiguli” hakda dil ýarmadylar, ýöne oňa göz alardyp seretmeklerini, baş ýaýkamaklaryny welin goýanoklar. Aýnazaryň ýazan saçagynyň başynda oturyp gören adamlar: “Eli şeýle bir süýji weli, bişiren naharyny iýip otyrkaň, gulagyň kesilse-de, duýjak gümanyň ýok” diýip, ony, baý, öwýärler-ä. Ýöne ol öýünde däl-de, daşarda aşpez. Onuňam sebäbi bar. Dogrudanam, şeýle bolupmy ýa-da öz tapan gepimi, ony anyk bilýän ýok, goňşy-golamlar aram-aram bir wakany ýatlap gülüşýärler. Aýnazar ýaş mahaly ilkinji gezek 8-nji mart baýramynda aşhana girip, öňlük dakynypdyr. Bişiren tagamlarynyň hoşboý ysyna ukuda ýatanlaram oýananmyşyn. Saçak başynda gyzjagazy: - Däde, ertirem 8-nji mart bolýamy? – diýip soraýmazmy. Aýalynyň öýkesini ýazmak Aýnazara ýeňil düşmändir, “Çagalary meniň garşyma küşgürýäň” diýip, kese-kese bakýamyşyn. Aýnazar: “Dagy-duwara aşhana girsem, atamyň ogly bolmadygym” diýip ant içipdir. Aýdanynyň yzynda-da durup gelýär... Dynç günleri dag etegindäki ýaýlaga alyp gitmek üçin Aýnazary soraglap gelýärler. Ululy-kiçili pyçaklar, gazan, palta, taňka, çalgy daşy, duz, burç, otluçöp... aý, garaz, ulagyň yzynda zerur zatlaryň ählisi bardyr. Tar saz guralyny (oturyşylyk ýagşy gyzanda, Öwezgeldi Tekäniň ýolundan aýdyma tutdurybermesi bar) yzky oturgyçda gundagly çaga ýaly edip ýatyrar. Öýe giçlik dolanar. Ulagdan äkiden zatlary bilen bilelikde süýji suwlary-da, bişirilen-u-bişirilmedik et böleklerini-de, çörekleri-de, gök önümleri-de çykarar. Aýalyna: “Oturylyşykda artyp galan zatlary maňa berdiler. Hiç haýsyna el degmedikdir, arkaýyn al” diýer. Ýassykdaşy: “Tüweleme, seniň rysgalyň alnyňda ahyry” diyip ony öwer. Aýnazar jübüsine pul-da salnandygyny weli, keýwanysyna, elbetde, aýtmaz. *** Tanyş oglanlarynyň biri hepdäniň başynda öýüne gelip, ony sähere belli “baý aganyň” ýanynda öwendiklerini, “baý aganyň” oňat bezelen saçagyň başynda oturmagy, aýdym diňlemegi halaýandygyny, şenbe güni dostlary bilen göwün açmakçy bolýandygyny Aýnazara ýetiripdi, taýýar oturmagyny haýyş edipdi. Barylmaly ýer ýaýlagyň aňry çetinde eken. Howlynyň içi göwün göterijidi. Oňa giräýen ýeriňde sag tarapda bäş-alty metr uzynlykda bassyrma bolup, eteginde giň seki bardy. Bassyrmanyň ak reňk çalnan turba sütünleriniň daşyna oralyp, ýokary galan ösümlikler sekä görk berýärdi. Onuň gabat garşysynda, howlynyň düýbünde gurlan, daş-töwereginde al-elwan güller atyr ys saçýan howzuňam depesi basyrylypdyr. Howzuň ýanynda suwdan çykylanda, oturyp garbak-gurbak edinilýän ýörite ýer bardy. Aralykda töwereginden gyrasy kerpiç bilen jäheklenen enaýyja ýodajyklar geçirilen çaklaňja mellekler ýaşyl öwsüp otyrdy. Howlynyň çep tarapynda iki gatly jaýjagaz bardy. Onuň birinji gaty daşdan, ikinji gaty-da agaçdandy. Jaýjagazyň çyn ussanyň elinden çykandygy mesaňady: edil gadymy ertekiden gelen ýaly owadandy, munuň üstesine-de, ikinji gatyň dört tarapynyň hem bilinden etegi açylýan eken. Megerem, suratkeş işlän bolsa gerek: reňkleriň sazlaşygy kalba täsir edýärdi. Jaýjagazyň burçundan tä howlynyň gutarýan ýerine çenli alma, erik, nar agaçlary hatara otyrdy. Çalşyrynyp, goşlaryny ýerbe-ýerlän Aýnazar töweregine göz aýlap: “Barlynyňky bir başga bolaýýa-da. Puluny berip, özi gyrada elini jübüsine sokup, syn edip durandyr” diýip içini gepletdi, derrewem öz pikirinden utanyp: “Kime näme bermelidigini Allatagalanyň özi bilýändir. Seniň göriplik edeniň bilen, ýokardan berilýän rysgal gitmez...Tüweleme, kemi ýok, eýesine nesip etsin!” diýip, üç gezek tüýkürdi. Ýeňini çyzgabam, işe girişidi. “Baý aga” ortadan ýokarrak boýly, inçesagt, mawy gözli, gelşikli burunly, ýuka dodakly, mele saçly pyýada eken. Onuň ýanynda üç adam bardy. Biri kelte boýlujady, hordy, bir ýerde duranokdy, uçup-gonup barýardy; beýlekisi orta boýludy, eginlekdi, uly kellelidi, agras keşplidi (Aýnazaryň göwnüne onuň ýüzünden üýtgeşik nur gaýdýan ýalydy); üçünjisi uzyn boýludy, etli-ganlydy, gyşygrak geýlen ak başgaplydy, özi-de howla ýylgyryp giripdi, gaýdybam agzyny ýummandy (nämä ýylgyrýanyny beri bilýärmikä?!). “Baý aga” çorbanyň örän tagamly bişendigini aýtdy. Beýlekilerem oňa goşuldylar. Nahardan boşan tabaklary, gazany ýuwup-arassalan Aýnazar çişligiň aladasy bilendi. Dostlar jaýjagazyň ikinji gatynda çaý içýärdiler. Umsümlikdi. Birdenem inçeli-ýogynly batly gülki ýaňlandy. Aýnazar ýylgyrdy, “On iki synaň sagat bolup, göwün söýen ýigitler bilen şeýdip gülşüp-degşip oturmak uly bagt ahyry” diýip içini gepletdi. Ol ýokarda oturanlaryň öz gybatyny edýänini bilenokdy. “Baý aga” gürleýärdi: - Oglanlar, bu günem biziň bagtly günlerimiziň biri: dag howasyndan dem alyp, göwün hoşlap otyrys. Şeýle gowy günleriň yzy üzülmesin! Gapjygymyzam mydam tümmerip dursun! Allatagala bizi öz penasynda aman saklasyn, herimize Görogly begiň ýaşyny eçildigi bolsyn! Ýöne... neme... bi etekdäki... Aýnazar diýdimi, Günnazar diýdimi, goý, şonuň ýalylar hem uzak ömür sürsünler! Ýogsam bize datly tagamlary kim bişirip berjekmişin?! Gara tomzak ýaly müňedekläp ýörşüne syn ediň, janyna berekella bendäniň çagasynyň. Özümiz-ä şeýdip ýörmegi asla başarjak däl, maňlaýyna ýazylandyr-da. “Žigulisini” dünýä taýlaýan däl bolara çemeli, kölege ýerde goýşuny görsene. Şol myrtar ulag Günüň aşagynda durup gara köýük bolanda hem, gynanar ýalymy diýsene. Ýok, ol biziň üçin bahasy gara şaýy bolan üýşmek demir, Aýnazarmy, Günnazarmy, onuň üçin “Mersedes” bolmagy ähtimal. Gülküden ýarylmankaňyz, men sözümi gutaraýyn. Edil şu mahal kelläme gelen ajaýyp pikiri-de size ýetireýin: “Her zadyň öz ýeri bar” diýleni, saçagyň naz-nygmaty bol, çişlik ýetişýänçä hem az-owlak nemedip nemetsek nädýär?.. Aýnazar iň soňky bişen çişlikleri-de ullakan okara salandan soň, ownuk dogralan oty, sogany onuň üstüne sepeläp gardy, her ýerine iki bölünen pomidor goýup, agzyny ýapdy. Ýokardan: “Ýagdaý nähili-how, aşpez?” diýlip gygyrylýança, birki käse çaý içmek üçin gaýnan taňkany alyp, sekiniň üstüne geçdi. Çaýy üç gezek agdarany hem şoldy weli, oturanlaryň biriniň: “Haý, aşpez, ýetişiweri!” diýen howsalaly sesine laňňa ýerinden galdy-da, çaltlyk bilen basgançaga dyrmaşdy. “Baý aga” diwanda gursagyny tutup otyrdy. Uludan dem alýardy. Beýleki üçüsi dik durdy. Keltejik kişi soralmanka jogap berdi: - «Gursagymda bir zat düwlüp dur” diýýär. Aýnazar “baý aga” ýüzlendi: - Özüň aşak düşüp biljekmi? Ol baş atdy. Ýene keltejik sokjaryldy: - Ýagdaýyny görüp dursuň-a!.. Iki tarapyndan goltuklarys. “Baý aga” kesgitli gepledi: - Oturyberiň siz. Ýöne aşak dört bolup düşdüler. “Baý aga” dostlaryna ýüzlenip: - Keýpiňizi gaçyrmaň-da, baryň arkaýyn oturyň. Men birsalymdan araňyza goşuljak bolaryn – diýdi. Ýöne olar eýýäm sekide ornaşypdylar. Aýnazar “baý aganyň” ýüzüne ýylgyryp seretdi-de: - Öňem şeýle bolýamydy? – diýip sorady. Ol başyny ýaýkady. - Hany, çykaryn onda, “baý aga”. Buz ýaly suwa girip çyk bakaly, gül bolaýmazmykaň! Beýlekiler Aýnazaryň ýüzüne geň galyp seretdiler, ýöne hiç zat diýmediler. “Baý aga”: - Begmyrat diýip ýüzleniber – diýdi. Soňam onuň aýdany bilen boldy. Aýnazar oňa iki-üç gezek çaý eltip berdi. Begmyrat suwdan keýpi kök halda çykdy. Süpürinip durşuna: - Sen-ä asyl tebip ekeniň, sag bol – diýdi. - Tebiplik kaýda, beýleki kaýda bizde, diňe emi üstünden düşäýendir. Ýaş birçene ýetenden soň, gözüňe eýelik etmegi başarmaly. Öňüňde duran zatlaryň hemmesini bokurdakdan ötürjek bolmaly däl. Siňerinden siňmezi köpdür. Men taňkany gaýtadan oda goýaýyn. Narpyzlyja çüýji bilen ýene iki-üç käse çaý iç bakaly, nädäýerkä? Sekide saçak täzelendi. Eger çişlik bişirýänleriň arasynda bäsleşik geçiriläýse, Aýnazaryň hökman birinji orny eýelejekdigini aýtdylar. Soňra orta çaý alnyp, tar saýrap ugrady. Aýnazara dep indi. Magtymgulynyň goşgularyna döredilen aýdymlar “baý aga” agyr täsir etdi. Tary ýygnan Aýnazaryň goltuk jübüsine pul saldy-da: “Beýle-beýle zatlar bir kellä nähili sygdyka?” diýdi. Onuň sowaly jogapsyz galdy. Beýlekilerem Aýnazara pul berdiler. Ol goşlaryny ýygnap ugrady. “Baý aga” onuň hereketine ilki syn edip oturdy, soňra ýanyna bardy. - Aýnazar, meniň-ä şäherde üç sany dükanym, bir ussahanam bar. Sen nä kärdesiň? - Biziňki gara işdir, Begmyrat. Kebşirleýji bolup işleýän. - Agyr kär saýlap alypsyň-ow. - Men-ä halys öwrenişipdirin şoňa. - Ogul-gyz barmydyr? - Hudaýa şükür, üç ogul, üç gyzdyr biziňki. Iki ogly öýerdik, iki gyzy çykardyk. Ikisi entek okuwçy. - Tüweleme. Aýnazar gapyrjagy göterip, “Žigulä” tarap ýöneldi. “Azara galma, bu biziň ýalynyň işidir” diýenine bakman, beýleki gapyrjagy Begmyrat eline aldy. Aýnazar esgini ölläp gelip, ulagyny yhlasly süpürip ugrady. Begmyrat oňa golaý süýşdi: - Aýnazar, dogryňy aýt, sen tüssä bulaşyp, oda garalyp, telim sagatlap aýak üstünde durup, bu işi näme üçin edýäň? Ol işlemegini goýmazdan jogap gaýtardy: - Weý, bu ne sowal boldugy? Biri haýyş bilen gelýär, menem bitirýän – wessalam. Iş bitende-de, ak göwünden taňryýalkasyn aýdýarlar. Ýatan ýeri ýagty bolsun, atamyz pahyr: “Ýanyňyza ýumuş bilen gelýäniň ýüzüne urujy bolmaň. Sebäbi ala-böle siziň ýanyňyza gelýän bolsa, tamasy bardyr” diýerdi. Ýadymda galypdyr şo diýeni. - Bäş barmagyň deň bolmaýşy ýaly, adamlaram deň däl. Gadyryňy bilmän, üstüňden güljek, oýnajak bolýanlaram-a bardyr? Şonda nädýäň? - Hiç zadam edemok. “Ýa-ha men ondan artykmaç bolmaly, ýa-da ol akmak bolmaly” diýip pikir edýän weli, birhili dünýäm ginäp gidýär. Birini oýnajak bolmak, biriniň ýeňsesinden gybatyny etmek aýyp zat ahyry. Allatagala hemmesini görüp dur-a. Men-ä, rugsat bolsa, ýörejek. Beýlekiler bilen hem hoşlaşaýyn. - Neme... Aýnazar... menem sen bilen gitsem... Gümür-ýamyr eder bararys... Aýnazar onuň ýüzüne geň galyp seretdi. - Şu ulag bilenmi? - Hawa. - Aý, birhili bolaýmasa... - Hiç hili-de bolmaz. Ýör, men oglanlara duýduraýyn. Dostlary bu habara ör-gökden geldiler, jaň edendiklerini, Begmyrat bilen uzyn pyýadanyň ogullarynyň bäri ulagly gaýdandyklaryny, sähel salymdan şu ýerde boljakdyklaryny aýtdylar. Begmyrat pikirinden dänmedi. Aýnazar ikisi gapa tarap ugradylar. Keltejik kişi oda-köze düşdi: - Baý aga bir jyn-a urdy. “Žigulä” münüp... Uzyn kişi ýylgyryp durşuna arkaýyn gepledi: - Adamdyr, münse münäýer. Uly kelleli, agras keşpli kişi olaryň ýüzüne seretdi-de: - Adam kämahal şeýdip, özünden hem-de töweregindäkilerden juda ýadaýar – diýdi. Onuň bu sözleri keltejik kişä ýaramady: - Näme samrap dursuň-a sen? O näme üçin özünden ýadasyn? Iýdi, içdi, aýdym diňledi. Keýpi kökdi ahyry. Birdenem... Uly kelleli kişi gaýdyp geplemedi. Uzyn keltejigiň başyny mähirli sypalady: - Köşeş, gadyrdan, köşeş. Äpet kelle bir zat diýýän bolsa, jany bardyr. Allatagala ikimize beýle kelle joşmandyr. Ikimiziňki bärden öwrüm etmekdir, kän bärden…Anha, ulaglaram göründi, garaşdyrmalyň olary. Baý aga howlynyň açaryny maňa goýup gitdi. Hany, ugralyň. ...“Žiguli” maýdalyna gidip barýardy. Aýnazar nämedir bir zat gürrüň berýärdi, Begmyrat hezil edip gülýärdi. Amanmyrat KIÇIGULOW. Surat: Dañatar Çaryýew / "Tallin. Petik köçe" | |
|
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gumly gelin / hekaýa - 08.12.2024 |
√ Mint / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |