09:31 Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa | |
GARA GÖZLI SÖÝGI ÝAŞAÝARKA...
Hekaýalar
Hassahananyň howlusynyň adamsyz wagty ýokdy: girip gelýärdiler, çykyp barýardylar. Girýänleriň keşbi meňzeş bolsa hem, çykýanlaryň keşbi meňzeş däldi: biriniň ýüzi ýylgyrýar, ikinjisi aljyraňňy, üçünjisiniň başy aşak... Şemal şahadan tänen ýapraklary hezil edip eýläk-beýläk kowalaýardy. Howlynyň her ýerräginde hassahanada ýatan adamlar ikibir-üçbir bolup otyrdylar. Ýolaman bilen Illi aga girelgä golaý oturgyçda ornaşypdylar. - Ýolaman jan, saňa halys öwrenişemsoň, dogrusy, bärden çykýanyňa gynanmanam duramok men-ä. Bileje çykan bolsak, gowy boljakdy weli... Nesip bolsa, ikimiz golaý gatnaşarys indi. Boş wagtyň öýe gelersiň, küşt oýnarys. Kempirimiň eli süýjüdir, nohutly unaşyny bir iýseň, tagamy agzyňdan gitjek gümany ýokdur. Ýolaman jan, bi... neme... göwnüňe alma, ýaşan ýaşyňdan kän garry görünýäň sen. Özüňi aýaweri, inim! Däri-derman ulan, wagtly-wagtynda sanjym al. Ýatan ýeri ýagty bolsun, atamyz pahyr birine aşa göwni ýetse: “Pylany pygamber ýürekli adamdyr” diýerdi. “Ýaşuly-ha meni bäri-bärde goýmady” diýme, kalbymdakyny aýdýan men... Hany, ber eliňi, hoşlaşaly! Men turaýyn, ýogsam birhili bozuljagam bolýan... Hoşlaşdylar. Ýeke galan Ýolaman töweregi synlady. “Bu telim gatly sary jaýyň giden bir obaçylykdygyny diňe bärde ýatan bilýär” diýip içini gepletdi. Ol howlynyň girelgesiniň agzyndaky dükanjygyň deňinde saklanan süýt reňkli “Žigulini” görüp, ýerinden galdy. Ulagdan çykan uzyn boýly, inçesagt ýigit bärligine ýöneldi. Ikisi gadyrly salamlaşdylar. Ulagyň öňünde oglunyň dosty, yzynda-da aýaly otyrdy. Öňde oturmak mürähet edilse hem, Ýolaman yzda ornaşdy. Ulag ýola düşdi. Ogly: “Ertir doglan günüm. Kakamyň hassahanadan çykany gowy bolaýdy. Ejem: “Saçagy giňden ýazarys” diýýär. Kakam bolmasa, heý, üýşmeleňiň gyzygy boljakmy?”... Aýaly: “Horlanypdyr. Heniz ýüreginden nalany ýadyma düşenok. Birdenem, ynha... Şuňa bir zat bolmawersin, çölde galarys biz. Ýogsa-da ýüregiň agyrmagy üçin bir sebäp tapylmalydyr-a. Munuň öýi üstünde, bir ogly, iki gyzy, aýaly ýanynda. Aç-hor däl, ýakasy gäzlän köýnek, dyzy şorlan balak geýip ýörenok. Ejemi gepletseň-ä: «Ikiňiziň gatnaşygyňyzy sowuk görýän. Ýolamanyň kiçijik otagda täk özüniň çaý-çörek edinip oturanyny telim gezek gördüm-ä men. Heý-de , är-äýal diýeniň saçagy bölünermi? Gül ýaly oglan ahyry... Ähli zady içine salyp ýören bolsa bildiňmi?” diýýär. Her zady gürrüňe salsaň boljak oguşýan. Öý özüniňki – islän ýerinde iýip-içer-dä! Maşgalanyň ody bilen girip, küli bilen çykyp ýörsemem, ine, iň golaý adamymdan eşidýän gepim. Eje bolaňda-da, sylagyňy bilmelidir ahyry, agzyňa gelenini aýdyp oturyp... Mende-de göwün bar-a...Dünýe hassadan doly, olaryň, näme, hemmesine aýallary günäkärmişmi?..Soňy haýyr bolawersin hernä. Iki gyzy göçürdik, indi ogly öýermeli. Aýak üstünde gezewersin». Ýolaman: “Ýürek aram-aram bimaza etse hem, men-ä beýle çynyrgadar öýtmändim. Lukman ýigit barlag edip: “Agam, aýak üstünde infarkt geçiripsiň” diýende, duýman durkam üstümden buz ýaly suw eňterilen ýaly boldy. Etjek alajyň ýok. Ýöne öýdäkilere aýtmadym muny, nämä gerek hemmesini alada goýup. “Ýüregiň damarlary birneme gysylýan eken, gorkar ýaly zat ýok, belli bir wagtda gözegçilikden geçilip durulsa, doly gutulyp gitjekdigimi aýtdylar” diýdim. Ýagdaýym ejem pahyra aýan bolupdyr. Hassahana ýerleşen günüm agşam düýşüme girdi. “Wah, sary erik ýaly balam, bu ne habar boldugy? Ýaýnap gezmeli çagyň indi başlanmaýarmy näme?” diyip, gözünden boýur-boýur ýaş döküp otyr. Eneleriň bu dünýäden gidenden soňra hem, aladasy gutarmaýan bolara çemeli...” Ulag çatrykdan bijaýrak öwrüldi. Aýaly Ýolamana tarap gyşardy-da, sag elini onuň çep eliniň üstünde goýdy. Äpişgeden daşaryny synlap oturan äri az salymdan ýuwaşlyk bilen elini çekip aýyrdy. *** Ogulbibi, dogrudanam, saçagy giňden ýazdy. Maşgalanyň guwanjy bolan ogla süýji arzuwlar edildi, il hataryna goşulmagyň wagtynyň ýetendigi degişme bilen duýduryldy. Ýolaman ortada goýlan naz-nygmatdan degdim-gaçdym iýdi. Gyzlarynyň yzyna tirkäp gelen çagalaryny “köşejigim”, “keýijegim”, “guzujygym”, “gyzyl gülüm” diyip söýgüledi. Ol gürrüň arasynda ogluna ýüzlenip: - Eziz, ikimiz şähere aýlansak nädýär?-diýdi. Ogly onuň ýüzüne birhili geň galyjylyk bilen seretdi. - Hawa, oglum, bileje gezelenç edeli. Meniň seni sowgat bilen begendiresim gelýär. Ogulbibi agzyna ýetiren çaýly käsesini saçakda goýdy. - Puluňy maňa beräý, sowgady özüm alaryn – diýdi. Uly gyzynyň sesi zarply çykdy: - Eje! - Näme “eje”. Derde ýaramajak bir zat alar-da... Ogly: - Baş-lan-dy! – diýip, sokduryp aýtdy. Gürrüňe kiçi gyzy-da goşuldy: - Eje (elini ýüregine ýetirip, kakasyna ümledi), agzyňa gelenini aýdyp oturmasana. Ogulbibiniň ýakasyndan köz oklanan ýaly bolaýdy: - Menmi indi agzyna gelenini aýdyp oturan? Özümiz aňmasagam, “sen otur” diýilýän ýaşa ýetipdiris-ow! Biri-birinden akyllysyraşan bolup...Öz-özüňizden adam bolandyrys öýdýäňizmi, şeýlemi? Ese-boýa gelýänçäňiz, baý, kösenendirin-ä!.. Sen gyz dagy çyrçykdan açylan dälsiň. Aýlap-ýyllap gijeler gündize öwrülip, süýji ukularyň harama çykma kemi galan däldir... Kakaňyz hassahana girende-de, men onun ýatan ýerinden aýrylan däldirin. “Size azarymyz ýetmesin” diýip şeýdendirin. Lukmanlar: “Gelneje, Leýli bilen Mejnunam sizçe bolan däldir” diýip degýärdiler. Ýöne meniň edenim görünýän däldir, hemişe şeýledir... Ýolaman başyny aşak salyp otyrdy. Uly aýal dogany Ezize: “Siz gidiberiň” diýen manyda ümledi. Ogly bilen tirkeşip daşary çykan Ýolaman aýalynyň: “Iliň heleýleriniň ýaşaýşyny görenimde içim-bagrym ot alyp, howry agzymdan çykýar. Köşk ýaly jaýlardan sallanyşan bolup çykýarlar, owadan ulaglaryň öňünde alkymlaryny çişiren bolup oturýarlar. Meniň basan yzyma degjekmi olar?..Biz bolsa tutuş ömrümizi üçünji gatdaky iki otaglyja öýde geçirdik...Şonda-da özümizden göwnümiz hoş...Wah, dişlene-dişlene, dodagym ýara bolup, dişlerimiň ujy kütelip gitdi ahyry” diýenini eşidip galdy. “Ogulbibi bir başlasa, edil pulemýot atylýan ýaly. Ol şunça sözi bir zarbada nireden tapýarka?..Tuwakgülem şeýle ajy geplär oturarmydyka? Aý, ýok-la, hemişe ýylgyryp ýören adamlaryň agzyndan diňe süýji sözler çykýar ahyry!” diýip. Ýolaman içini gepletdi. Soňra assyrynlyk bilen töweregine ýaltaklady. „Tuwakgül! Ýada düşüşini!.. Biziň edýän pikirimiziň daşary çykmaýany nähili gowy zat, ýogsam-a... Sen indi daşyna agtyk üýşen adam, has takygy, ýaşuly. Munyň bolanok, gardaş“. Ol ýüzüniň gyzarýanyny duýdy. Daşarynyň howasynyň gowudygyny! *** - Tüweleme, şäher doly dükan, Eziz jan, haýsyna baraly? - Dostumyň kakasy oňa dükan açyp beripdir. “Egin-eşik gerek bolsa, göni bäri geläýgin, arzan bererin” diýipdi. Eziz kakasynyň ýüzüne soragly seretdi. Ol munuň manysyna düşündi: “Eger maňa eşik sowgat etmekçi bolsaň-a, şol ýere gidäýeli” diýdigi. - Beýle bolsa, baryp gutlaly, söwdanam şol dükanda edeli, oglum. Daşda ýerleşýärmi? - Ýok, şu köçe bilen sowulman gidibermeli. Üç çatryk geçmeli. Ýararsyňmy? Ulag tutsagam bolar. - Näme ýaraman, Eziz jan. Hoştap howaly gün, pyýadalap gidibereris. “Adam hemişe bagty arzuwlap, bagtyň gözleginde pelesaň urup ýör. Ýöne ol golaýjykda ahyry! Oglan döwrümizi ýatlan mahalym hökman göz öňümde Ilgeldi aganyň maşgalasy janlanýar. Gaty täsin maşgalady. Haçan görseň, howlusynda gülki ýaňlanyp durandyr. Goňşy-golamlar diňe gülki sesini eşitmek üçin ýaşyl agaçlardan ýaňa Gün şöhlesi düşmeýän şol howla barardylar. Göwünleri göterilip gaýdardylar. Hawa, diňe biz däl, eýsem, ýaşaýan öýümizem ýylgyrýar, gülýär! Hassahanada ýatyrkam, ýanymyza küşt oýnamaga gelýän ýigit bir gezek gürrüň arasynda: “Biziň maşgalamyzda alty çaga, goňşymyzyňkyda bolsa on çaga bardy. Hemmamiz ulaldyk, il hataryna goşulyp, çaga-çugaly bolduk. Meni geň galdyrýan zat: goňşymyzyň ogul-gyzlary örän agzybir, her hepdäniň dynç güni garry öýe üýşüp, alaýaz bolup oturýarlar; biziňkiler beýle däl: bir şäherde ýaşasagam, gatnaşygymyz doganlaryňka meňzänok, hälki bir tanyşlar ýaly-da. Näme üçin beýle bolýarka?” diýipdi ol. Biz egnimizi ýygrypdyk. Soňra ýeke özüm otyrkam pikir öwürdim weli, häli-şindi garry öýe ýygnanyşýanlar ýylgyrýan öýden çykan bolmaly! Biziň biri-birimiz bilen mähirli gatnaşygymyzdan gülki, ýürekden çykýan gülküdenem bagt başlanýar...Ýa-da men ýalňyşýarmykam?.. "Şükür bagşy” kinosynda gahryman: “Dünýäde näçe adam ýaşaýan bolsa, şonça-da pelsepe bar” diýip içini gepledýär. Dogry hem bolsa, nädogry hem bolsa, bu meniň bagt hakdaky öz pelsepäm...” diýipdi. Gaty täsin pikir“. Oglunyň sesi Ýolamany özüne getirdi: - Ine, şu dükan. Onuň içi egin-eşikden hyryn-dykyndy. Ataly-ogul satyjyny täze dükan bilen gutladylar, söwdasynyň oňmagyny dileg etdiler. Kakasynyň satyn alyp beren jinsi balagyny, sport köwşüni goltugyna gysan Eziz begenjinden dylym-dylym edip, onuň ýüzüne mähirli seredýärdi. Olar daşary çykdylar. - Eziz jan, yzymyza başga köçeden dolanaly. Men dermanhanadan lukmanyň ýazyp beren dermanlaryny alaýyn. Ogly baş atdy. Ikisi saga tarap ýöneldiler. Köçäniň ýakasynda daşyna daş germew aýlanan, mundan köp ýyl ozal salnan, il arasynda “fin jaýy” diýlip atlandyrylýan göze gelüwli jaýlar seteran otyrdy. Birdenem gapysy açyk duran howludan ilki-hä ala-mula top dazlap çykdy-da, ulag ýolunyň ortasynda saklandy; yz ýanyndanam bäş-alty ýaşlaryndaky gysga balakly garagol oglanjyk çykyp, köçä ylgady. Sagdan-soldan gelýän ulaglaryň howsalaly “düýt-düýdi” başlandy. Zähresi ýarylan Eziz egin-eşigi kakasyna uzatdy-da, çaga tarap tutdurdy. Ony ylgap barşyna gujagyna alyp, topy-da bärligine depip goýberdi. Ol haşlap durdy. Ýolaman ýerde goýlan çaganyň elinden tutdy. - Edýäniň näme-how, pälwan, seniň? – diýdi. Topy beýleki eline aldy. – Ýör, seni öýüňize elteýin. Häý, garagol diýse! Oglanjygy öýe eltmek gerek bolmady. Howludan päkize geýnüwli aýal çykdy. Onuň ýaşka juda owadan gyz bolandygy görnüp durdy. Eziz oňa salam berdi-de, ýuwaşjadan ýöräp ugrady. Ýolaman özüni ýitirdi. Dodaklaryny müňküldedip-müňküldedip, ahyry zordan: - Senmi bi? – diýdi. - Men. Hassahanadan sag-aman çykdyňmy? Ýolaman onuň ýüzüne geň galyjylyk bilen seretdi. - Ony nireden eşitdiň? - Saňa dahylly ähli zatdan habarly men... Unudyp bilemok ahyry... Özüňi aýaweri... - Ol birden yzyna seretdi. Ýüzi üýtgäp gitdi. – Adamym gelýär...- diýdi. Aýal oglanjygy gujagyna gysdy. Ýanlaryna gelen egni sport eşikli, uzyn boýly, saryýagyz adama ýüzlenip: - Agtygymyz ulag ýoluna çykypdyr. Hernä, tutup ýetişipdirler – diýdi. Onuň adamsy: - Çaga diýeniň çaga bolýar-da, näçe goraglasaňam, göze çöp atyp ýetişýär. Sag bol, gardaş – diýip, Ýolamana elini uzatdy. Eziz oňa aňyrda garaşyp durdy. Ýolaman ilkinji söýgüsiniň şu töwerekde ýaşaýandygyny mundan birnäçe ýyl ozal tanyş oglanlaryň biriniň toýuna gelende bilip galypdy. Şondan bäri-de bu ýerden aýlanyp geçýärdi. Ýöne, ynha, bu gün... Tötänlikmi? Emma Ýolamanyň berk ynanjyna görä, durmuşda tötänlik diýen zat bolmaýar. Kimdir birine sataşylmagy, kimdir biriniň düýşe girmegi, haýsydyr bir ahwalatyň bolup geçmegi... – durmuşyň owunjak, ähmiýetsiz ýaly görünýän islendik zadynda hökman belli bir many bolýar. Ýöne adam olar barada pikirlenmeýär-de, tötänlik hökmünde kabul edýär... Ol günler, gör, nähilli uzakda galypdyr. Ýolamanyň oýnagy kitap, galam, surat çekilýän depder bolupdy. Ýekemezek häsiýetli oglan deň-duşlary ýaly oýna-beýlekä goşulyp ýörmezdi. Bir gün sapaklaryna gowy ýetişýän bäş oglany mekdebiň müdiriniň ýanyna eltdiler. Ol: “Oglanlar, ýakyn wagtda bizde uly medeni çäre geçirilip, oňa Aşgabatdan gelýän tanymal ýazyjy-şahyrlar, artistler, aýdymçylar gatnaşjak. Bu bize bildirilen uly ynam. Şonuň üçin hem, ony abraý bilen sowmaly. Çäräni iki okuwçy alyp barmaly etdiler. Bir oglan, bir gyz bolmaly. Gyz taýýar, ol başga mekdepde okaýar, indi bärden bir oglan saýlamaly. Sizi synaga çagyrdyk, aljyramaň, öz zehiniňizi görkeziň” diýdi. Oglanlara goşgy, hekaýadan parça okatdylar. Ýolamany mynasyp gördüler. Basym mekdebe şol gyzy-da getirdiler. Mugallymlar ýaş alypbaryjylar bilen işläp ugradylar. Uzyn boýly, akýagyz, kirpikmen gözli, el bilen çyzylan ýaly gaşly, ýylgyrýan mahaly ýaňaklarynda çukurjyk döreýän gyzy ilkinji gezek görende, on dört ýaşly oglanyň kalbynda düşnüksiz duýgy döredi. Ellerindäki ýazgyny okamak üçin ikisi bileje duranda, Ýolamanyň ysgyn-deramaty gidýärdi. Şeýdip, ikisi söýgi ýodajygyna düşdüler. Ýolaman sekizinji synpy tamamlap, Aşgabada okuwa gitdi. Suratkeşlik ugrundan okady. Goşun gullugyny bitirdi. Indi köňül söýen gyzyna öýlenäýse-de bolýar. Tuwakgül soňky duşuşyga ýüzüni sallap geldi. Ozal sähel zada jakgyldap gülýän gyz Ýolamanyň degişmelerine özüne zor salyp ýylgyrýardy. Gürrüň bilen asla hoşy ýokdy. Saçynyň ujuny oýnap, oglanyň egniniň üstaşyry haýsydyr bir nokada seredip durdy. Ýolaman ahyry: - Sen öňki Tuwakgül däl, näme boldy? – diýip sorady. - Bolan zat ýok, öýüň işi ýadadandyr-da... - Sen ýalan sözlemegi oňaraňok ahyry! Gyz başyny aşak salyp, köwşüniň burny bilen ýer dyrmady. Birhaýukdan ýuwaş ses bilen: - Men... maňa... Ikimiz mundan beýläk duşuşmarys... – diýdi. - Oýun edýäň-maý, Tuwakgül? - Oýun seniň ýadyňa düşýär... Men telim gün bäri ýatmasam näme... Ýolaman gyzyň goşaryndan şapba tutdy. - Galdyr başyňy, Tuwakgül! Meniň gözüme seret! Gyz onuň aýdanyny etdi. - Men-ä hiç zada düşünýän däldirin. Birden beýle näme boldy? Ýakymsyz söz aýdyp ýa-da gelşiksiz hereket edip, göwnüňe degdimmi? Men ötünç soramaga taýýar! - Ýok, ýok, meniň senden göwnüm galanok. Gep başga zatda...Meni... meni başga bir ýigide durmuşa çykarýarlar. - O nähilli başga ýigide? Ejeň ikimiziň halaşýanymyzdan habarlydyr-a! - Elbetde, habarly. Şonda-da... Ýolaman Tuwakgüliň ellerini goýberdi. Aljyraňňy halda eýläk-beýläk gezmeledi. Ýene gyzyň ýanyna geldi. - Aý, men-ä onda näme diýjegimi-de bilemok. Edýän işiňize özüňiz düşünýänsiňiz-dä. - Ýolaman, adyňa döneýin, ezizim. Meni diňle! Tolgunman, gaharlanman diňle! Ejem bir maşgalanyň ýalňyz gyzy eken. Ol alty ýaşynyň içindekä, ata-enesi ulag heläkçiliginde ýogalýar. Ejeme babamyň dogan okaşan dosty eýe çykýar. Edil öz çagalarynyň biri ýaly garap, zada zar etmän ulaldýar. Ine, şol maşgalanyň agtygy üçin söz aýtmaga gelipdirler. Ejem: “Razy bolaý, gyzym. Men ömrüm ötinçä olaryň eden ýagşylygynyň aşagyndan çykyp bilmeyän” diýip, boýnuny burup ýalbaryp otyr. Oňa ýüregim awaýar, Ýolaman. Ýigit gyzyň göni görejine seretdi. - Eger men seni alyp gaçsam näme? Tuwakgül onuň agzyna elini goýdy: - Beýle diýme, Ýolaman, gaçyp gitsem, ejemiň ak süýdi urar meni. Dymyşlyk aralaşdy. Ýüregedüşgünç dymyşlyk. Ony Ýolamanyň sesi bozdy: - Belki, entek ähli zat gutaran däldir? Üýtgeşikligiň boljakdygyna umyt etmelidir? Tuwakgül başyny ýaýkady. Soňra ýöräp ugrady. Ýolaman seňselän ýaly bolup durdy. Gyz birden yzyna dolandy. Gele-gelmäne ony mähirli gujaklady, başyny gursagyna goýup: - Men özüme dözýän, ýöne saňa dözemok, Ýolaman! Meni bagyşla! Hudaýyň hatyrasyna bagyşla! – diýip pyşyrdady. Ýigit: -Men seni ugradaýyn – diydi. Gyz kesgitli çykdy: - Gerek däl. Özüm giderin. *** ...Ejesi bir gün çaý başynda: - Balam, ýaşyň birçene ýetdi, bizem seni öýerip, parzymyzy bitireli – diýdi. Ýolaman geplemedi. - Göni baraýar ýaly, halaşýan gyzyň barmy? - Ýok. - Wah, ýekemezek bolup ulalaňsoň, gyzy-beýlekini bilmediň-dä sen... Kimden kemmişiň, sary erik ýaly balam... Onda biz özümiziň islän ýerimize barybermelimi? Ýolaman baş atdy. ...Aradan birnäçe ýyl geçdi. Bir gezek garry öýe salama baranda, ejesi ondan: - Sary erik ýaly balam, ýagdaýyň nähili? – diýip sorady. - Gül ýaly, eje. - Saňa uly daýyň häsiýeti geçipdir, balam. Ol hem şeýledi: ähli zady içine salar ýörerdi. Iki barmak ýürek onça ýüki nädip götersin?.. Ýagdaýyň gül ýaly däldigini men aňýan ahyry. Şäher doly gyzdan birini tutup bilmediň-dä…Onsoň...Biziň günämizi öteweri, balam! Ýolaman ör-gökden geldi: - Eje, näme diýip otyrsyň? Heý-de, seniň golaýyňa günä gelermi?.. Özüňi horlama!.. Men dogrymy aýdýan: hemme zat gül ýaly... Ýolaman edil biri böwrüne dürten ýaly, ýatlamadan duýdansyz aýňaldy. - Oh! Dermanhana ýetäýipdiris-ä. Men derrew girip çykaýyn. Ol uzak eglenmän, oglunyň ýanyna dolanyp geldi. Ýöräp ugradylar. - Eziz jan, irden aýal doganlaryň aýdanlary ugrunda bardyr. Tüweleme, zereň boýly ýigit çykdyň. Indi ýanyňa mynasyp höwür gerekdir. Ogly geplemedi. - Halaşýan gyzyň bardyr-a? Eziz gyzaryp-bozardy. - Näme, henize çenli hiç kime lak atyp göreňokmy? - Aý.. - Aýt, dogryňy aýt, oglum. Perzent diýeniň atasyndan hiç zady gizlemeli däldir. - Bar. - Tüweleme. Şäherdenmi? - Hawa. - Şäheriň niresinde ýaşaýar, kimiň gyzy? - Daýzanyň gyzy-da... Ýolaman hezil edip güldi, - Häý, oňardyň-ow, Eziz jan. Şäher doly daýza ahyry! Ady bolmazmy onuň? - Neme...ýaňy agtyjagy köçä atylyp çykan daýza-da... Şonuň gyzy... Ýolaman bildirer-bildirmez tisginip gitdi. Aýak çekdi. - Nä-me? - Şol daýzanyň gyzy diýdim. Ady Tuwakgül öýdýän. Ol ogluny gujaklanyny duýman galdy. Ezizi edil çaga ýaly edip, mähirli ogşady. - Haý, berekella, meniň iner oglum-a sen! Gör, nähilli bagtly gün!.. Öz habaryň bilen kakaňy nähilli begendirendigiňi bilýänem dälsiň sen. Eh! Häzir bir gudrat bilen asmana göterilsediň!.. Eziz gaýra çekilip: - Ötüp-geçip barýanlar seredişýär – diýdi. - Wiý, şeýlemidi asyl. Ýolaman aljyraňňy halda eýlesine-beýlesine garady. Ýoly dowam etdirdiler. Ikisi-de dymýardy. Ýolaman birden oglunyň aýdan sözlerine dolandy: - Goý, seretsinler, Eziz jan. Olar maňa serhoşdur öýdýändirler. Ýöne sersag adamyň hem aram-aram göçdügi bolýandyr. Özi-de şeýle bir göçýändir weli, hoşuňa gelsin... Nesip bolsa, il-güni ýygnap, uly toý tutarys, oglum. Sen bagtly bolarsyň, hökman bagtly bolarsyň, Eziz jan!.. Bilýäňmi näme, men ertir ir bilen ussahana giderin. Köpden bäri ýüregimde besläp ýören işimiň-de özenini tapdym bu gün. Göz öňüne getir! Ýazyň bir güni. Owadan gyz alysa seredip, alyn saçyny sypalap dur. Onuň keşbi Günüň nuruna bir üýtgeşik öwüsýär. Gyzyň golaýynda bolsa görmegeý ýigit ýakylan oda seredip, göwnühoş halda ýylgyryp otyr. Daş-töwerek al-ýaşyl güller, otlar...Gelniň ikiňize bagyşlanýan şol suratyň ady “Gara gözli söýgi ýaşaýarka...” bolar. Hassahana girendigim sebäpli, şahsy sergimi yza çekdirmeli boldy. Aýby ýok. “Her iş bolsun, bähbit bolsun” diýleni, ol ýene bir eseriň hasabyna baýlaşar. Tomaşaçylaryň şol suratyň öňünde uzak eglenjekdiklerine, oýlanjakdyklaryna berk ynanýan men. Ol oglunyň ýüzüne seretdi. Göwnüne bolmasa, Eziz bir zat diýmekçi bolýan ýalydy. - Diňleýän, oglum. Eziz onuň duýgurlygyna geň galdy. - Kaka, keseliň, dogrudanam, gorkuly dälmi? - Ýok, oglum, ýok, asla gorkuly däl. Lukmanyň aýdanyny berjaý ederis weli, sanlyja aýdan seniň bilen uzak aralyga ylgaşsagam bolar (Eziz ýylgyrdy). Sen meni gaýgy etme, Eziz jan! -Ýolaman töwerege teşne nazar aýlap, howany uludan demine dartdy. Ýene gürläp ugrady: - Dünýä nähilli gözel! Seredip doýup bolanok. Kellede gowudan-gowy pikirler döreýär. Häzir tanyşmy ýa-da nätanyşmy, tapawudy ýok, öňüňden çykany gujaklasyň, ony nähilidir bir hoş habar bilen begendiresiň gelýär. Ýaşyň ýokary galdygyça, ömür waharman gawun deýin süýjeýär eken, dünýä özüniň nämedigini aňladýar eken, Eziz jan. Ol aslynda adamlar biri-biri bilen mähirli gatnaşsyn, biri-birini söýüp, hormatlap, diňe süýji sözleri aýtsynlar diýlip ýaradylan. Ýöne muňa hemmämiz düşünemzok. Biri-birimiz bilen sowuk gatnaşýarys, biri-birimizi söýmegi, hormatlamagy oňaramzok, özümiziň tapýan ajy sözlerimize begenýäris. Ynsan diňe beýlekileri beýgeltmek arkaly özüni beýgeldýändir... Hawa, dünýä juda gözel, oglum. Saňa munda uzak ömür sürmek miýesser etsin!.. Eziz kakasynyň sözlerini diňlänokdy. Bar, hamala, diňlänem eken-dä, olaryň manysyna düýp-teýkary bilen düşünjek bolup durmy näme? Oglan häzir bir zada – kakasynyň keseliniň gorkuly däldigine begenip, özbaşyna ýylgyryp barýardy... Amanmyrat KIÇIGULOW. Surat: Abdylla Mämmetberdiýew / "Gözel sen" | |
|
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Kislowodskide bolan waka / nowella - 25.07.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Ýüz manady tygşytlan balyk / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Ilkinji gözýaş / hekaýa - 18.07.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |