09:56 Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa | |
OGLANLYK DÖWRÜMIÑ PEJI
Hekaýalar
Kim: “Jansyz närseler hiç zada düşünmeýärler” diýýän bolsa, ol öte ýalňyşýandyr. Siz oňa ynanmaň. Ýaňsyly ýylgyryp, meniň sözlerimi ret etmäge-de gyssanmaň... Olaryň palçykdan salnan iki otaglyja jaýlary bolup, jemi ýedi adam bolup ýaşaýardylar. Öýüň nowbahary, goňşy-golamlaryň aýtmaklaryna görä, uludan kiceldilen ýaly düşbüje garagözelek oglanjyk deň-duşlary bilen känbir gatyşyp-garyşyp ýörmezdi. Ejesi yzyna tirkäp toýa äkitse-de, “Öýe haçan gaýdýas?” diýip, ejesiniň bizar-peteňini çykarardy. Öz çaklaňja howlulary onuň üçin jahanda iň gowy ýerdi. Bu ýerde döreýän arzuwlar ony ganatyna mündürip, bir üýtgeşik dünýä äkidýärdi. Ol dünýäde hemme kişi şadyýandy, adamlar biri-birinden öýkelemeýärdiler, biri-birine ýaman söz aýtmaýardylar... Kakasy ogluna häli-şindi içi suratdan doly her dürli kitapça getirerdi. “Oka, oglum, tutuş dünýä şunuň içindedir. Özümiň oňşuk-oňalga sebäpli ýumruk ýalylygymdan ýaga bulaşyp ugranym besdir” diýerdi. Oglanjyk tomsuň gutararyna sabyrsyzlyk bilen garaşardy. Kakasynyň: “Oglum, indi howa sowap ugrar. Peje odun taýýarlaly” diýen sözlerini eşidende, begenjinden diriň-diriň towsardy. Ataly-ogul işläp ugrardylar. Byçgynyň «jyk-jygy», kesilýän agajyň özboluşly ysy oglanjygyň gulagyna, burnuna hoş ýakardy. Üýşmek oduny iki bolup kümä çekerdiler. Ýagyş-ýagmyrly güýz gelerdi. Daşky otagdaky peje jan girip, üznüksiz gübürdäp ugrardy. Onuň golaýynda üýşürilip goýlan odunlaryň düýbünde, özi üçin ýazylan çaklaňja keçäniň üstünde ala pişik meýmiräp, “myr-myrlap” ýatandyr. Pişigi oglanjygyň ejesi gowy görerdi, “Pişikli öý rysgal-döwletli bolýandyr” diýerdi. Peç oglanjyk üçin mähribanly. Bir gün maşgala agşamlyk naharyny iýip otyrka, ol özi bilmezden: “Peç ýöne ýere gübürdänok, täsin erteki aýdyp berýär” diýip goýberdi. Kakasy elindäki çemçäni okaranyň erňeginde goýdy-da, oglanjygyň ejesiniň ýüzüne üýtgeşik seretdi. Ejesi ýylgyrdy-da, oglunyň başyny mähirli sypalady. Soňra dillendi: “Üýtgeşik zat aýtmasa oňa çaga diýiljekmi?”. Öýe goňşy aýallaryň biri gelip, beýlekisi giderdi. Pejiň üstünde haçan görseň, kitir “şyglap” durandyr. Aýallar süýtli çaý içerdiler, biri-birine gezek bermän geplärdiler, sähel zada-da otagy sarsdyryp gülşerdiler. Oglanjyk bir çetde kitaba ýaplanar ýatardy. Ýöne ol edilýän gürrüňleri hem sypdyrman diňlärdi. Bir gün aýallaryň has dilewary oňa ünsli syn etdi-de, “Gyýw, bu haçan görseň ýüzin düşüp ýatyr weli, ulalanda Berdi Kerbabaýew ýaly gyzykly kitap ýazyp, bizi hem içine salaýmasyn!” diýdi. Töweregindäkiler gyzyl-gyran gülüşdiler. Oglanjyk entek Berdi Kerbabaýewiň kimdigini bilenokdy, ýöne: “Eger ony öwýän bolsalar, diýmek, gowy adam bolmaly” diýip pikir edipdi. Pejiň daşyna erkekleriň üýşýän günleri hem bolýardy. Oglanjyk olaryň aýallar ýaly köp gülmeýändigine, edýän gürrüňleriniň hem aýallaryňkydan tapawutlydygyna geň galardy. Ol aram-aram ýörite daşary çykardy. Pejiň turbasyndan zogdurylyp çykýan tüssä syn ederdi. “Tüsse, megerem, öýde edilýän gyzykly gürrüňleri nirädir bir ýere äkidýän bolsa gerek” diýip oýlanardy. Tä ejesi daşary çykyp, “El-aýagyňy sowuk alaýmasyn, hany, öýe gir, balam” diýýänçä asmana seredip durandyr. Oglanjyk pejiň başynda ejesi bilen oturan mahaly has-da hezil bolardy. Ejesi oňa her hili gyzykly ertekiler aýdyp bererdi, goşgy okardy. Ortada gyzgynjak tamdyr çörek, gant, süýtli çaý. Pejiň üstünde-de ýylatmaga goýlan gowurdakly gap. Gowurdak ýylap ugrandan, ejesi onuň üstünde sogany owunjak dogrardy-da, çemçe bilen garardy. Iýip başlarsyň weli, aýdylyşy ýaly, gulagyňy kesselerem duýmarsyň. Şol gün sapakda mugallym: “Her kim öz halan suratyny çeksin” diýipdi. Oglanjyk depesi turbaly öý çekdi: çykýan tüssaniň ujy adam şekilli, onuň elinde ullakan bukja bar. Mugallym hatarlara aýlandy, oglanjygyň çeken suratyny synlap, “Bu nämäni aňladýar?” diýip sorady. Oglanjyk onuň manysyny düşündirdi: “Öýüň içindäki peç gyzykly erteki aýdýar. Tüsse-de adama öwrülip, şol ertekini bukja salyp, beýleki çagalara alyp barýar. Mugallym ýylgyrdy. “Beýle zat bolmaýar” diýdi. Oglanjygyň gözüne ýaş aýlandy. Onuň ýanynda oturan gyzjagaz: “Şeýle zat bolýar” diýdi. Beýlekilerem gyzjagaza goşuldylar. Mugallym: “Bolsa-da bolýar” diýip, burnuna salyp mydyrdady. Oglanjyk ulalanda suratkeş bolmakçydy. Şol gün öz arzuwyndan el çekdi. ...Ondan bäri köp ýyl ötdi. Iki otaglyja pagsa öýüň ýerinde ak daşdan jaý guruldy. Peç hem öz möwrütini ötürensoň, “göter-göter” edilip, kümä salyndy. Oglanjyk uly adam bolup ýetişdi. Maşgalasy bilen özbaşdak ýaşap ugrady. Güýzüň bir güni irden telefon jyňňyrdady. Ejesiniň agyr ýatandygyny habar berdiler. Ol gyssanmaç ýola düşdi. Ejesi üzüm agajynyň etegindäki sekide ýatyrdy. Onuň her gapdalynda bir daýzasy otyrdy, “Bizi taşlap gitme!” diýşip, gözlerinden boýur-boýur ýaş dökýärdiler. Ejesi: - Balam, sen bärdemi? – diýip, ysgynsyz ses bilen sorady. - Bärde, eje. Ol elini uzatdy. Ogly ony iki eli bilen garbap, mähirli sypalady. Nämedir bir zat aýtjak boldy. Gepläp bilmedi. - Balam, men häzir amanat jany yzyna tabşyrýan. Sen hiç ýere gitme-de, şu ýerde bol. Meniň ýogalandygymy başga birinden eşitseň, ömürboýy özüňi günäli saýar ýörersiň. Ejeň bilen hemişelik hoşlaş, balam. Ol öz käbesini gujaklanyny bilýär. Başga hiç zat ýadyna düşenok... Ol dynç güni garry öýe salama barýar. Aram-aram kümä girýär. Ine, şonda oglanlyk döwrüniň peji bilen aralarynda şeýleräk gürrüň bolýar: - Sag-aman otyrmyň, köne peç? - Oturandyryn içimi hümledip. Özüň nahili? - Hudaýa şükür, oňatlyk. Önüp-ösen öýüme salama gaýtdym. Senem göräýeýin diýdim. - Oňarypsyň. Çagalyk döwrüň ýadyňdamy? Üýşmek odun. Sowuk howa. Ýyly öý. Ala pişik. Süýji gürrüňler...Edil düýş ýaly... - Hemme zat ýadymda: käbäm ejemem, senem, mähriban adamlaram... Bir gudrat bilen gaýtadan çaga bolsadyň! Dymyşlyk. - Bolýar onda, köne peç, men-ä gaýtdym. Indiki duşuşyga çenli hoş. - Hoş. Sag-aman gez. Soňky gezek baranda, ogluny ugratmaga çykan ýaşuly oňa ýüzlenip: - Sen aram-aram kümä girip, wagty bilen çykaňok-la? “Onuň içi akyr-ukurdan dolup gidipdir, arassalamaly eken” diýjek bolup, aýdyp bilmän ýören-ä dälsiň-dä, hernä? Wah, arassalajak-la weli... Bir hili elim baranok... Ejeňi mährine çoýan köne pejem şonuň içinde... Onuň ýüregi jigläp gitdi. Geplemedi. Howludan daşlaşmaga gyssandy. ...Kim: “Jansyz närseler hiç zada düşünmeýärler” diýýän bolsa, ol öte ýalňyşýandyr. Siz oňa ynanmaň. Uzak ýyllaryň dowamynda golaýymyzda bolan jansyz zatlarda biziň her biriniziň mähriban adamlarymyzyň ruhy bardyr. | |
|
√ Durmuşyň kanuny / hekaýa - 09.10.2024 |
√ Kol-hoz-çy / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Yşkyma hat / hekaýa - 15.12.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |