16:50 Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa | |
ÝAGYŞLY GÜN BOÝNY BURLAN SÖÝGI
Hekaýalar
Ol garyndaşynyň toýuny sowup, yzyna dolanyp gelýärdi. Şähere çenli ýene ýarym sagada golaý ýöremelidi. Ýagyş çisňäp başlady. Ýoluň gyrasynda duran gök reňkdäki ulagdan çykan adamyň “saklan” diýen manyda elini salgaýandygyny görüp, badyny gowşatdy. Salamlaşdylar. - Gardaş, meniňki bir näsazlyk tapynyp, ýöremesi agraldy. Tanyş ussa jaň etdim. Birneme garaşmaly boljakdygymy aytdy. Ýagyş güýçlenjege meňzeýär, sen aýalym bilen agtyjagymy şähere aşyryp bilmezmiň? - Weý, äkitman näme? Barybir boş barýn ahyry. Münsünler. - Sag bol, gardaş. Görjegiň gowluk bolsun. Olar yzda ornaşdylar. Birneme ýörelenden soňra, sürüji çalarak yza öwrülip: - Sag aman gezip ýörmüsiň, Zöhre? – diýdi. - Hudaýa şükür. Özüňem sag-salamatmy, Akmyrat? Geň galaýmaly, bir şäherde ýaşabam... Diňe birnäçe gezek daşyňdan görüp galypdym... - Menem şeýle. Dymdylar. Ýagyş assa-ýuwaş güýjeýärdi. * * * Akmyrat Zöhre bilen toýda tanyşypdy. Gyzlaryň dilini tapmaga ökde Kadyr oňa ýüzlenip: - Akyş, sag tarapda, hol aňry çetde oturan gyzyl köýnekli keýijegi görýäňmi? Men häzir şony taňsa çagyrjak. Senem ýanym bilen gidip, onuň gapdalyndakyny yrýaň. Nähili maslahat? – diýdi. - Aý, men... - Mynny – mynnylaman, erkek bolsana, Akyş. Gyzlaryň ýygra, myllyk oglanlary däl-de, alyp-ýolup barýan, utanmagyň nämedigini bilmeýän oglanlary halaýandygyny bilip goý. Onsoňam kim bilýär, belki, onuň bilen durmuş gurup, maňa sag bol aýdarsyň. Bardylar. Kadyryň ünsüni özünde eglän gyz derrew ýerinden turdy. Beýleki gyz bolsa uzynak, inçejik, egnindäki eşigi birhili halparyp duran ýaly görünýän oglanyň ýürek edip, özüni tansa çagyrşyna geň galýan deý, onuň ýüzüne çiňerilip seretdi. Soňra ýanynda oturan gyzyň gulagyna nemedir bir zat pyşyrdady. Jorasy hezil edip güldi. Gyz süýnüp-sarkyp tansa çykdy. Birdenem göýa sözi geçginli kimdir biri: ”Hany, çapak çalalyň!” diýip höküm eden ýaly, oturanlar şowhunly el çarpyşyp başladylar. Akmyradyň göwnüne toýa ýygnanalaryň hemmesi özüne ýaňsyly bakýan ýalydy. Öňem bary - ýogy birki gezek bolaýmasa, iliň ortasyna çykyp, taňs etmedik oglanyň elleri-de, aýaklary-da özüne gulak asanokdy. Şol aralykda oturan gyzlar ýene gülüşdiler... Saz ahyry gutardy. Akmyrat ýeňillik bilen dem aldy. Ol gyza aşyk bolupdy. Gadymy dessanlarda aýdylyşy ýaly, Zöhre onuň gündiz huşundady, gije düýşindedi. Akmyrat Kadyryň kömegi arkaly onuň nirede işleýändigini bildi. Ilki-ilkiler işiň gutarmagyna göni bir sagat galanda edaranyň öňünde köwejekledi. Zöhräni daşyndan görýänine begenip gezdi. Günleriň birinde bolsa ýüregini bire baglap, ýanyna bardy, gyzaryp, gultunyp, söýgüsini aýan etdi. Zöhre diňe ýylgyrdy, açyk bir zat aýtmady. Akmyrat onuň öz sözlerini şeýle arkaýyn diňlänine haýran galdy. Gyz bary-ýogy iki gezek onuň bilen aýlanmaga, doňdurma iýmäge razy boldy. Galan wagt bolsa... Ol öýüň işiniň köpdügini, onsoňam oglan bilen tirkeşip ýörmäge utanýandygyny aýdyp, häli-şindi bahana tapýardy. Akmyrat günleriň birinde Kadyryň ýanynda: - Men-ä, walla, hiç zada düşünýän däldirin: ol ne-hä söýýanini, ne-de söýmeýänini aýan edýär. Gatnaşygymyz birhili hakyky däl, iliňkä meňzänok – diýip zeýrendi. Kadyr güldi. - Sen ondan özüňe nahili garaýandygyny göni sora, ýa-ha “hawa” diýsin, ýa-da “ýok” diýsin. Haçana çenli şeýdip gezjek? Meň bilen tans eden gyz ýadyňdadyr-a? Ol edil ot ýaly eken: eýlesinden-beýlesinden aýlandym weli, “Sen meniň diýýän oglanym däl, gözüň oýnaklap dur. Taýyňy başga ýerden gözle” diýip, golaýynda görünmez ýaly etdi. Sen şol gyz bilen egri oturyp, dogry gürleş, goý, ýüregindäkini aýtsyn – diýip maslahat berdi. Soňra agras keşbe girip, sözüniň üstüni ýetirdi: - Akyş, dogrudanam, meniň gözüm oýaklap durm-aý? - Oýnaklama kemini goýaňok, dost jan. Kadyr gaýtadan güldi. Ol öz dostunyň maslahatyny dogry tapdy. Akmyrady oda oklan Zöhre özüni ondan barha daş tutýardy. Oglan edaranyň işgärleri beýle-de dursun, garawulyna çenli bellenipdi. Ol günleriň birinde gyzyň on ýyllap bile okan synpdaşlarynyň biriniň oýlenýändigi eşitdi. Taýa Zöhräniň hem gatnaşjakdygy belli zat. Oglan “Daň ýyldyzy” diýlip atlandyrylan toý mekanyna golaýlanda ýagyş çisňäp başlady. Beýemçiniň çakylygy ýaňlanandan, märeke onuň içine girip ugrady. Birden golaýda saklanan ulagdan Zöhre çykdy. Onuň ýanynda iki gyz bardy. Akmyrat näme bolsa, şol bolsuna salyp, elini galdyrdy. Munuň bilen kanagatlanman, Zöhraniň adyny tutup gygyrdy. Gyzyň ýanyndakylar seretse hem, Zöhre oňa tarap bakmady. Olaram içeri girdiler. Akmyrat daşarda, gapynyň golaýynda durdy. Bir sagat töweregi wagt geçen- soň, daşary Kadyr bilen taňs eden gyz çykdy. Ilki ol kimdir birini gözleýän ýaly - beýlesine seretdi. Soňra oglanyň ýanyna baryp: - Wiý sen name üçin içeri gireňok? Toý bireýýäm başlady ahyry – diýdi. - Men toýa gelemok. Bärik Zöhräni görmek üçin geldim, onuň bilen çynlakaý gürrüňim bardy. - Bi oglanyň aýdyp duran zadyny. Çynlakaý gürrüň edip bolansyň sen: Zöhre häli çykyp gitdi! Akmyrat ör-gökden geldi. - O nähili çykyp gidenmişin? Men gapynyň agzynda butnaman durun ahyry! Hökmän görerdim-ä ony! Gyz ýuwaş gepledi: - Zöhre beýleki gapydan çykyp gitdi. Oglan hyrçyny dişläp, başyny ýaýkady. Soňra ýaramaz habary aýdan gyzyň göni gözlerine garap: - Seniň adyň näme? – diýip sorady. - Şirin. - Sen, Şirin, meniň aýtjagymy joraňa ýetirsene. Men şu günden şeýläk ony gününe goýýan. Bizar-peteňini çykaranym üçin ötünç soraýan. Goý, oňa bagtly günler nesip etsin! Ak köýnekli, gara jalbarly, gara köwüşli oglan güýçli ýagýan ýagşyň astynda digdenekläp barýardy. Şirin wagty bilen içeri girmedi. Tä Akmyradyň garasy ýitýänçä, onuň yzyndan seretdi durdy. “Biz toýdan şadyýan halda çykyp, öýe ugrarys. Biri-birimize gijämiziň rahat bolmagyny, süýji düýş görülmegini diläris. Edil bedreden guýulýan ýaly bolup ýagýan ýagşyň aşagynda bir birçäräniň digdenekläp barýandygy ýadymyza-da düşmez. Ony özümiziň kemsidendigimiz barada pikir etmeris” diýip oýlandy. Hykga damagy dolan gyz gaharyny toý mekanynyň günäsiz gapysyndan çykardy... Akmyrat basym goşun gullugyna gitdi. Ony sag - aman bitirip gelibem, şäheriň edaralarynyň birinde ulaglary abatlaýjylaryň kömekçisi bolup işlän ugrady. Sürüjilik hünärini ele aldy. Bir gün ony edaranyň başlygy ýanyna çagyryp: - Ogul, men seni assyrynlyk bilen synlap ýörün weli, işine jür, arassa adam bolup görünýäň. Men seni bärik bir mesele bilen çagyrdym. Şäherimizde täze kärhana açyljak. Şoňa meniň köne tanşym ýolbaşçy bellenilýär. Ol düýn maňa jaň edip: ”Meni gatnatmaga sürüji gerek. Tertipli ýaşlaryň biri ýadyňda bolawersin” diýdi. Şol işe senden mynasyp ýok. Nähili, geçermiň? – diýdi. - Ýaşuly, siziň meni ýaman ýere ýollamajagyňyzy bilýän. Razy. - Sag bol, ogul, senden tamam-da şeýledi. Häzir ýanymda otyrkaň, oňa adyňy bereýin. Akmyradyň täze başlygy ony işe başlan güni aýaly, üç ogly hem-de ýalňyz gyzy bilen tanyşdyrdy. Gör-ä muny: Şirin onuň başlygynyň gyzy bolup çykdy! Ýöne ol edep saklap, gyzy ilkinji gezek görýänden boldy. Bir gün ikisine ine - gana gürleşmek mümkinçiligi döredi. Şirin şol ýagyşly gün toý mekanynda bolup geçen ahwalaty ýatlady. Ondan ötünç sorady. - Name sebapden ötünç soraýaň? - Ýalan sözländigim üçin. Akmyrat onuň ýüzüne çiňerilip seretdi. - Hawa. Ýalan sözländigim üçin. Zöhre şol wagt jaýyň içindedi. “Men şondan halys bizar boldum. Oýnalyp ýörlenini aňarça wagt boldy ahyry. Beýle-de bir boş adam bolar ekeni. Bar, daşaryny barlap, henizem sömelip duran bolsa, eýýäm çykyp gidenimi aýdyp, ugratsana” diýdi. Menem seniň ýanyňa bardym... Bagyşla meni, Akmyrat, ýalbarýan, bagyşla.! Ol bagyşlaýandygyny aýtdy. Gyz bilen hoşlaşandan soňra, “Adamyn gurluşyna haýran galaýmaly. Özgeleriň ýüregini paralaýjy hereket edip, soňra bolsa: “Meni bagyşla!” diýýärler. Aslynda, biz beýle hereket etmän bilerdik ahyry. Birek – biregi hormatlap, sylap gezmek şeýle kynmyka? Biz namüçin dünýäni “meni bagyşladan” dolduryp ýörkäk?... Boldy. Besdir. Beýdip çişip barma. Zenan maşgaladyr, giňräk bol. Onsoňam “Geçeni geçdi bil” diýipdirler. Ömrüň hökman bolavmalymaly bir pursady bolup geçipdir – wessalam” diýip, içini gepledip gitdi. Ýagşy öwrenişenlerinden soň, Şirin bir gezek ondan: - Halaşýan gyzyň barmy? – diýip sorady. - Ýok. - Namüçin ýok? Akylyň, görk- görmegiň hiç kimiňkiden kem däl. Esasy zat gözüň oýnaklanok – tüýs erkek adamyňky. Akmyrat sadap ýaly ak dişlerini görkezip ýylgyrdy. - Namä ýylgyrýaň? - Sen erkek kişiniň gözlerine aýratyn üns berýän öýdýän? Şirin onuň ýüzüne geň galyp bakdy. - Bi näme diýdigiň boldy? - Mundan kän ýyl ozal özüňi tansa çagyran Kadyra-da şeýle diýipsiň. Şirinem ýyldyrdy. - Hä, hawa, diýipdim. Saňa ýetiren eken-ow. – Soňra agras keşbe girip, sözüni dowam etdirdi: - Meniň pikirimçe, gözi oýnaklaýan erkek kişa iň esasy zat bolan ýüregi ynanmak kyn. Birdenem ikisiniň golaýynda üç oglanjyk peýda boldy. Olaryň biri Akmyradyň ýüzüne seredip: - Eý söýüşýäňiz-maý? – diýdi. Soňra üçüsi-de gülşüp, hamala, kowalanýan ýaly, ökje göterdiler. Gülmek gezegi ýigit bilen gyza ýetdi. - Häý, garagol diýsani, ýeri, bu sözi nireden bilip ýörkä ol? - Bu günki çagalar dünki çagalar däl ahyry. - Onyň-a dogry. Her nesliň bir üýtgeşikligi bolýar. Şirin Akmyradyň ýüzüne çiňerilip seretdi. Gultundy. Ak ýüzüne gyzylt reňk çaýyldy. - Birden men gelin bolaýsam nahili bolarka? – diýip sorady. Ýigit: - Weý, hiç hili-de bolmaz. Gyz hemişe ejesiniň ýanyny saklap oturyp bilmez ahyry : ýetişensoň, taýyna gowuşmaly. Tebigatyň kanuny şeýle – diýip jogap gaýtardy. - Ýok, men...neme...başga zat aýtjak boldum: men birden gelin bolaýsam, başga biri...aýdaly, sen gynanmazmyň? Akmyrat gyzyň bu sözlerine geň galdy. - Weý, namüçin gynanaýyn men? Toýuňa gatnaşaryn, bagtly durmuş arzuw ederin... Gyzyň sesi zarply çykdy: - Düýe-dä sen. Hakyky düýe! Şirin gaharly ýöräp gitdi. Ýigit onuň sözleriniň manysyna ertesi gün düşünip, maňlaýyna ýumruklady. Tas düýe bolup patanaklapdy. Basym ikisiniň toýy boldy. Düýnki boýdaşlar Şirin bilen Zöhräniň ýylsaýyn sowaýan gatnaşygy toýdan soňra bütinleý kesildi. * * * Telefonyň sesi Akmyrady ýatlamanyň içinden çykardy. - Hä, Şirin jan, sag-aman oturanmysyňyz? Ýagyşly howa bolansoň, ulagy maýdalyna sürüp gelýän. Nesip bolsa, hä diýmän, öýde bolaryn. Zöhre gaşyny çytyp, maňlaýyny gapynyň aýnasyna goýdy. Birhaýukdan ýuwaşja gepledi: - Akmyrat men seni... Sürüji onuň sesini kesdi: - “Men seni horladym, Hudaýyň hatyrasyna meni bagyşla” diýjek bolýansyň. Ötünç soramak gerek däl. Men senden hiç zady gaty göremok. Çynymy aýdýan. - Eger... eger bir gudrat bilen ýene ýaşlygymyz dolanyp gelse, sen meni gaýtadan söýermidiň? – diýip, Zöhre asla garaşylmadyk sowal berdi. - Ýok. Men dünýäni agdar-düňder edip, diňe Şirini gözlärdim. Hawa, diňe şony gözlärdim. Olar şähere ýetdiler. - Sizi nirede düşürmeli?.. Amanmyrat KIÇIGULOW. Surat: Gaetano Belleý / "Ýagyşly gün" | |
|
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Iki daragt / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Berdi jedeliň aty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Paşmadyk keýp / hekaýa - 21.08.2024 |
√ Birtöwra / hekaýa - 12.06.2024 |
√ Gürp / hekaýa - 08.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||