15:51 Beýik alym Isaak Nýuton | |
BEÝIK ALYM ISAAK NÝUTON
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Geljekki beýik alym 1642-nji ýylda Linkolşir (Günorta-gündogar Angliýa) graflygynyň Wilstorp obasynda dünýä inýär. Ruhany Warnaw Smit wagtyndan öň doglan çagajyga syn edip durşuna:"Biçärejik uzak ýaşamasa gerek, ol bu dünýäniň adamsyna meňzänok" diýip, pikirini daşyna çykarýar. Ýöne, haýran galaýmaly, şol gowşajyk, igli çagajyk - Isaak Nýuton 84 ýyl ömür sürýär. Şonça ýaşasa-da agzyndaky dişleriniň diňe ýekejesi gaçýar. Isaagyň kakasyna oglunyň dünýä inenini görmek miýesser etmeýär. Oglanjygyň ejesi ruhany Warnaw Smite durmuşa çykýar we Isaak üç ýaşyna ýetende, ony enesine tabşyryp, başga ýere göçüp gidýärler. Isaak Nýuton Grantam diýen şäherjikdäki korollyk mekdebinde bilim alýar. Ol dermanhanaçy Klarkyň öýünde ýaşaýar. Mekdepde diniň taryhy bilen bilelikde latyn, grek, gadymy ýewreý dilleri-de öwredilipdir. Ol okuwdan boş wagtlary mehaniki oňnawaçlarydyr enjamlary ýasamak bilen meşgullanypdyr. Döwürdeşleriniň aýtmaklaryna görä, Nýuton syçanjyk arkaly herekete getirilýän degirmenjigi, suw sagadyny, Gün sagadyny ýasapdyr. Geljekki beýik alym surat çekipdir, goşgy ýazmaga synanyşypdyr. Isaak Nýuton 27 ýaşynda Kembriž uniwersitetiniñ professory bolýar Isaagyň ikinji gezek dul galan ejesi 3 sany çagasy bilen Wilstorpa dolanyp gelýär we hojalyga kömek bereri ýaly, 1658-nji ýylda 15 ýaşly ogluny mekdepden çykarýar. Nýuton 1660-njy ýylda ýene Grantama dolanyp barýar we Kembrij uniwersitetine okuwa girmäge taýýarlyk görüp başlaýar. Azaby ýerine gowşup, 1661-nji ýylda uniwersitete girýär. Şol ýyldan başlap, 1696-njy ýyla çenli Nýutonyň ykbaly Kembriž bilen berk bagly bolýar. Alym şol yerde talyplykdan kollejiň agzalygyna we professorlyga çenli ähli basgançagy geçýär, "Natural filosofiýanyň matemetiki başlangyjy" diýen meşhur işini ýazýar, şol ýerde hem uly açyşlar edýär. Isaak Nýutonyň beýgelmegi bilen Kembriž uniwersiteti hem beýgelýär, adaty ýokary okuw mekdebinden dünýäniň meşhur ylmy merkezine öwrülýär. Gepiň gerdişine görä bellesek, Angliýanyň Oksford we Kembriž uniwersitetleri dünýäniň gadymy okuw jaýlarynyň hataryna girýär. Okuwyň ilkinji ýylynda Nýutona dini öwreniji we matematikaçy professor Barrou halypalyk edýär. 1664-nji ýylda geljekki beýik alymyň durmuşynda ýatda galyjy waka bolup geçýär. Ony ýokary topara geçirýärler we hakyky talyp derejesini berýärler. Ol 1665-nji ýylda bakalawr derejesini alýar. Mergi keseliniň ýaýramagy netijesinde, ol iki ýyllap obada ýaşaýar. Ynha, şu ýerde-de onuň kimdigi, nämä ukyplydygy belli bolup ugraýar. Onuň adyny äleme ýaýan, Nýutona bütindünýä dartyş kanunyny "aýdan" alma agajy-da penjiräniň düýbünde ösüp oturan eken. "Bu zatlar mergi keseliniň ýaýran döwründe 1665-1666-njy ýyllarda bolup geçipdi. Meniň oýlap tapmak ukybym gül açypdy. Diňe matematikadyr filosofiýa barada pikirlenýärdim" diýip, ol soň-soňlar belläpdir. Almaly gürrüň hakykatdanam, bolanmy ýa-da hekaýatmy - belli däl, sebäbi Nýuton öz açyşyny beýan edende ol barada hiç zat agzamandyr. Açyşyna almanyň täsiriniň bolandygy hakda ilkinji gezek beýik alymyň ýegeni Ýekaterina Konduit dil ýarypdyr. Sonra onuň dosty Stakli aýdylany tassyklapdyr. Şeýdibem, almaly gürrüň agyz- dan agza geçipdir. Nähili bolanda-da, alma agajynyň dabarasy dag aşýar. 1820-nji ýylda gopan apy-tupan garran agajy ýykýar. Ondan owadan stul ýasap, alymуň müzeýinde goýýarlar. Isaak Nyutony 1667-nji ýylda kolležiñ kiçi, aradan birnäçe aý geçenden soñra uly agzalygyna saýlayarlar. 1669-njy ýylda halypasy Barrou öz professorlyk kafedrasyny şägirdine tabşyrýar. Şeýlelikde, Isaak Nyuton 27 ýaşynda Kembrij uniwersitetiniň professory bolýar... Wagt geçip, ýaşy birçene baran beýik alym häli-şindi: "Başymdan nähili kynçylyklar geçenem bolsa, men öz yigitlik ýyllarymy ömrümiň iň bagtly döwri hasap edýärin" diýip, gaýtalaýar eken. Şeýle diýmäge esas hem bardy: birinjiden, onuň zehini örän ir açylýar, ikinjidenem, Nýutonyň ýaşan döwründe Angliýada ylym bilen çynlakaý meşgullanmak üçin ähli şertler döredilýär. XVI asyrda lord Frensis Bekonyň başda durmagynda täze tejribe ylmynyň zerurdygy baradaky pikir orta atylyp, sholastika we dogmatizme garşy açyk göreş yglan edilýär. Bekonyň pikirini goldaýanlaryň sany gün-günden köpelýär. 1645-nji ýylda Oksfordda tebigaty öwrenijileriň synag edijileriň jemgyýeti döredilýär. Bu örän zerur başlangyja rewolýusiýa päsgel berýär. Londonda korollyk jemgyýeti döredilýär. Jemgyýet özüne "Gury sözüň geregi ýok, ähli zat tejribe arkaly synag edilmeli" diýen şygary saýlap alýar. Zamananyň tanymal alymlary şol jemgyýetiň agzalary bolýarlar. 1672-nji ýylda alymlaryň hataryna ýaş Nýuton hem goşulýar. Şeýdibem, Ýewropada ilkinji akademiýanyň - Angliýanyň Ylymlar akademiýasynyň kerpiji goýulýar. Ol ylmyň geljekki ösüşinde bahasyna ýetip bolmajak hyzmaty bitirýär. Adamzat taryhynda ilkinji gezek alymlaryň uly maşgalasy kemala gelip, olar özle- rine mynasyp orunlary eýeleýärler. Hut Angliýa XVII asyrda magnit peýkamlarynyň özboluşlylygyny öwrenen, ylymda ilkinji gezek "elektrik" adalgasyny ulanan Uilýam Gilbert, Oksford ylmy jemgyýetçiligini esaslandyran, gazyň özboluşlylygyny öwrenen we himiýany aýaga galdyran Robert boýl, onuň asistenti, 1659-njy ýylda ilkinji howa nasosyny guran, barometrdir mikroskopy kämilleşdiren Robert Guk, ýürege we ganyň aýlanyşyna degişli ylmy işleri bilen uly hormat-derejä mynasyp bolan Uilyam Garweý... ýaly birgiden ajaýyp alymlary orta çykarypdy... Isaak Nyuton 1668-nji ýylda teleskopyň täze görnüşi bolan reflektory oýlap tapýar. Ony Londona iberýärler. Korollyk jemgyýetiniň agzalary guraly gözden geçirip, oňa ýokary baha berýärler. 1672-nji ýylda Isaak Nyutony Londonyñ Korollyk jemgyýetiniň agzalygyna kabul edýärler. Ol bu hoş habaryň yzysüre Oldenburg jemgyýetiniň kätibine hat ýollap, özüniň jemgyýetiň agzalaryna gowy sowgat taýýarlandygyny habar berýär. Isaak Nyuton basym Korollyk jemgyýetinde ýagtylygyň we reňkleriň täze teoriýasy hakdaky nutuk bilen çykyş edýär. Ýöne alymyň çykysymy oňat garşylarlar diýen tamasy puç bolýar, tanymal fizikaçylar Guk, Gýugens, belgiýaly alym Lýukas we beýlekiler Nýutonyň tejribelerini, aýratynam, netijelerini berk tankyt edýärler. Bu wakadan soň beýik alym köpçülikden daşlaşýar. Korollyk jemgyýetiniň ýygnanyşyklaryna barmagy bes edýär. Optikanyň meselelerinden dartyş güýjüne we mehanikanyň meselelerine geçen Isaak Nýuton düýrmegi bilen ylma berilýär, dünýäni unudyp işleýär. 1687-nji ýylda onun "Natural filosofiýanyň matematiki başlangyjy" diyen işiniň çap edilmegi bilen ylmyň ösüşinde täze eýýam başlanýar... Isaak Nýuton çaga döwürlerinde köpçüligi halap barmandyr, nämedir bir zadyň pikirini edip, hemişe dymyp ýörüpdir. Döwürdeşleri onuň uly adamka-da gürrüňçilige garyşyp-gatyşyp gidibermändigini, seýrek ýagdaýlarda özi gepleýärkä hem, birden sesini kesip, gözlerini süzüp, çuňňur pikire batmak häsiýetiniň bolandygyny belläpdirler. Gelin-gyzlar şeýle häsiýetli erkek kişileri halap barmaýarlar. Nýutona öýlenmäk miýesser etmändir. Ol çaga döwürleri, heniz Grantam şäherjigindäki korollyk mekdebinde okaýarka, ýaşan öýüniň gyzjagazy bilen oňat gatnaşykda bolupdyr we ömrüniň iň soňky günlerine çenli häli-şindi öýlerine baryp, kempire öwrülen şol gyzjagazyň halyndan habar alyp durupdyr... Nýutonyň işleýşi barada kätibi Gemfri: "Ol ne dynç alardy, ne-de gezelenç ederdi, hemişe nämedir bir zatlary ýazmak, nämedir bir zatlaryň hasabyny çykarmak bilen gümrady. Ylma sarp edilmedik her sagadyny yitirilen hasaplardy. Öz iş otagyndan örän seýrek çykardy. Iş bilen çakdanaşa gümra bolup, wagtly-wagtynda naharlanmagy hem unudardy. Nyuton ýaz we güýz aýlarynda wagtynyň köpüsini himiýa laboratoriýasynda geçirerdi. Ol gunun dowamynda bary-yogy dört-bäş sagat uklardy" diýip ýatlapdy. Beýik alym öz ýazan işlerini çap etdirmäge howlukmaz eken. Ol hemişe "Ýedi ölçäp, bir kes” diýen pähime gulluk edipdir. Beyik alym ylymda ýene bir uly açyş etmähe taýýarlanýan eken. Ýöne oña duýdansyz sataşan agyr kesel ýpl bermändir. Ol 1727-nji ýylyñ 31-nji martynda Londonyñ etegindäki Kensingtonda aradan çykýar. Amanmyrat KIÇIGULOW. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |