11:17 Ene / powest | |
ENE
Powestler
«Seni juda, juda göresim gelýär, Wah, ýekeje gezek synlasam keşbiň!». (Öwezdurdy Nepesow). Gözi gyzaryp, ýüzi ýellenip duran Atahally çalak-çulak ýuwnup, saçak başyna geçdi. Göwresiniň barha ýognap barýandygy sebäpli haşlap alýan deminden gaýdýan öten agşam gereginden artyk içilen ajy suwuň ýakymsyz ysy garşysynda oturan Zöhräniň aňyrsyny bäri getirýärdi. Onuň göwünli-göwünsiz hereketini göz astyndan synlap oturan aýaly ahyry: - Soňky wagtlar öýe serhoş halda gelmäňi köpeltdiň-le? Şeýdip ýörşüňe zyrrajym arakkeş boljagyňdan çekineňokmy? – diýdi. Atahally geplemedi. Zöhre gaýtadan gep gatdy: - Çagalar agy-garany saýgaryp ugrady. Öýe wagtynda dolanyp, olaryň arasynda bolmaly, ýagşy görelde görkezmeli. Beýdip ýörseň... Atahally elindäki käsäni saçaga gütledip goýdy. Käse agdarylyp, içindäki çaý döküldi. Zöhre onuň ýüzüne geň galyjylyk bilen seretdi, käsäni galdyryp, bölek mata elini ýetirdi. Häzir ýassykdaşyna sereder ýaly däldi. Terzi bozulypdy. Ol saňňyldap oturyşyna: - «Öýe wagtynda dolanyp...» diýen bolup, bi, näme, öýmüşmi? Öý hakyky öý bolanlygynda, erkek kişiniň başga ýerde eglenesi gelýän däldir - diýdi. Zöhre sag eliniň ýumrugyny agzyna ýetirdi. Göýä ýassykdaşyny ilkinji gezek görýän ýaly, oňa başdan-aýak syn etdi. Başyny ýaýkady. Birhaýukdan: - Agzyň aýdýanyny gulagyň eşidýämi, Atahally? – diýip sorady. - Gaty gowy eşidýär. Öý bolaýşyny!..Biri-birine asla laýyk gelmeýän iki adamyň sümelgesi – başga hiç zat däl. Ýakymsyz sözlere Zöhräniň teni tikenekledi. Özüni zordan ele alyp, ýassykdaşynyň göni gözüne seredip gepledi: - Ölmän ýörse, adam her zat eşitjek eken-ow! O nähili «biri-birine asla laýyk gelmeýän»? Yzyny üzmezden ýazan söýgi hatlaryňy, «Maňa senden başga hiç kim gerek däl» diýip özelenen günleriňi unutdyňmy? Bi nä gürrüň boldugy? Gel-gel, goş birikdirenimize telim ýyl ötenden soň, ýaşymyz kyrka golaýlandan soň... - Ýaşlyk edipdirin. Söýgi diýilýän zadyň aslynda nämedigine düşünmämsoň...Ol bütinleý başga zat eken. Zöhre birden özüne bilniksiz güýç gelendigini duýdy. Sesi zarply çykdy: - Nähili zat eken? Atahally jogap gaýtarmady. - Başyny başladyň, yzynam aýt-da, bizem bilip galaly. - Sesiňi gataldan bolma. - Baý, gataldaryn-a! Seniň göwnüň ýumşak haly-da, meniňki gaty keçemişmi? Sende bar akyl mende-de bardyr. Ýöne ýere gaňňaňy gyşartmaýanyňy aňmak üçin gep çigitlemek hökman däl. Ýürekbulanç sözleri aýtmaga telim günläp taýýarlanyp gezen kişi diýerler saňa...Munuň aňyrsynda bir gara pikir ýatandyr...Sag mahalyň aýtmaga gaýratyň çatan däldir seniň...Etegiňdäki daşyňy dök-de dyn! Asman inip, Ýer çöwrülesi ýok. Atahally onuň göni ýüzüne seretdi. Sowuk gepledi: - Dökmeli bolsa, dökäýerin. Men... men... sen bilen aýrylyşmakçy. Başga birini halaýan... Ol aýaly bu habara ör-gökden geler, ýakany çäklär, özüniň iki elindenem tutup, «Beýtme, aklyňa aýlan!» diýip ýalbarar öýtdi. Ýöne beýle bolmady. Zöhre saçakdan gaýra çekildi. Soňra ýene öňe süýşüp, ony ýygnap ugrady. Atahally aýalynyň hereketine sessiz syn edýärdi. Zöhre birden onuň ýüzüne seredip ýylgyrdy. Onuň ýüzünde henize çenli beýle ýylgyryş görmedik äriniň ini jümşüldedi. - Ýüregiňe ymykly düwen bolsaň, aýrylyşaýarys. Ýöne adamlar munuň sebäbini soraýsalar, näme jogap berjek? «Aýalym aýagyny gyşyk basýar» diýjekmi, «hapysa» diýjekmi, «sözi agzyndan gaçyp ýatan samsyk» diýjekmi, näme delil tapjak? Tapman geçäýmezmikäň, tanaýanlaryň meni elden alyp, etege salýandygyny özüň gaty gowy bilýänsiň! Bizi terk edeniň bilen, öriň giňejek bolsa, islän wagtyň çyk-da gidiber! Ýöne bir zady bek bellegin: başym dik bolsa, çagalar ýurtda galmaz! – diýdi. Soňra äriniň göni garagyna seredip, sözüniň üstüni ýetirdi: - Belki, özüňe söýginiň nämedigini düşündireniň kimdigini aýdarsyň? Atahally aýalynyň ýüzüne seretmän jogap gaýtardy: - Meniň ýolbaşçylyk edýän ammarymda işleýär. Ýigrimi bäş ýaşynda, durmuşa çykmadyk. - Bolaýypdyr. Ýöne araňyzda on iki ýaşyň ýatandygy hakda pikir etdiňmi? Ýa senem özüňi ýigrimi bäş ýaşly hasaplap ýörmüň?..Birden ýene bir gün yzyňa dolanyp gelmeli bolaýma! Atahally ýerinden turdy. - Arkaýyn bol, gelmen. Men tüýküren tüýküligini yzyna alýanlardan däldirin – diýdi. Soňra ýüzüni kese sowup, sözüni jemledi: - Ýagdaýy ýaşululara näçe çalt duýdursak, şonça gowy. Zöhre onuň bu sözleri şeýle arkaýyn aýdyp bilşine haýran galdy. Daşary çykyp, tut agajynyň eteginde gurnalan sekä geçdi. Ýazyň tereň howaly güni. Howludaky ýaşyl öwsüp oturan agaçlardan hoşboý ys göterilýärdi. Şahadan-şaha towsuşýan naşyja guşlaryň özboluşly simfoniýasyny diňläp doýar ýaly däldi. Başga şähere göçüp barýan tanşynyň jaýyny satyn alyp, ony ýaşlara sowgat berenem, sekini ýasanam, agaç nahallaryny oturdanam Zöhräniň dädesi, galjaň Hekim agady. Ol bir gezek: «Gyzym, enşalla, bu howluda ýaman habar eşidilmez» diýipdi. Ynsanyň hemme islegi hasyl bolup durmy näme?.. Şeýle ajaýyp günde asla garaşylmadyk sözleri eşitmek...Birhili, ynanasyňam gelenok... Oba oglany Atahally şähere çagalykdan saýlanyberende gelipdi. Daýysynyň öýünde ýaşap, orta mekdebi tamamlapdy. Zöhre bilen bir synpda okapdy. Inçesagtdan uzyn boýly, kirpikmen, gür gaşly, seçelenip duran buýra saçly, tans etmäge, küşt depip, gazal çekmäge ökde, şadyýan oglanyň ady gyzlaryň dilindedi. Zöhre weli beýle däldi. Her näçe geňem bolsa, gyza oglanyň çakdanaşa şadyýanlygy ýaranokdy. Onuň pikiriçe, erkek kişi agras, salykatly bolmalydy. Şol sebäpli hem, deň-duş hökmünde gadyrly gatnaşsa-da, oňa ýüreginiň gapysyny açanokdy. Ýöne Atahally şonça gyzyň içinden Zöhräni göz astyna alypdy. Ilkibada söýgi meselesinde ýüz berilmese-de, ýazan hatlary yzyna jogapsyz gaýdyp gelse-de, ol ruhdan düşmändi. Yhlasy zor çykyp, ahyry gyzy yrmagy başarypdy. Ilkinji pikiri, gör, nähili dogry eken! Wah, şoňa berk ýapyşanlygynda... Ýaşulularyň maslahaty ýer almady. Atahally: «Nikany bozmak täzelik däl. Maşgalada iki adamyň biriniň beýlekisini sulhy almaýan bolsa, iň gowusy aýrylyşyp dynmak. Onsoňam biziň indi çaga däldigimizi, üç perzendiň ata-enesidigimizi unutmaň» diýdi. Uzak aralykda ýerleşýän obadan adamsy bilen gelen ejesi Maral daýzanyň öz ýüzüne alarylyp seredip: «Tüweleme, çagaly-çugaly adamdygyňy bilýän ekeniň-ow!» diýen ýaňsyly sözlerini gulagynyň duşundan geçirdi. Atahallynyň dädesi Mejit aga: «Zöhre jana cep gözüň bilen garar ýaly, seniň alnyňda onuň näme günäsi barmyşyn? Azgynlygyň çirtmegine düşen kişi diýerler saňa! Ýönekeý satyjy bolup ýörkäň, sözi geçginli adamlary görüp, seni uly dükana müdir belleden Hekim sakgaldaş dälmidi? Soňra ammara meýil edeniňde, şol ýere geçirden men dälmidim? Iki tarapyň ýaşululary-da diňe siziň ýagşy günüňize şärik. Seniň bu etjek bolýan işiň namartlykdan başga hiç zat däl. Ägä bol, päkize gelniň, ak guş ýaly çagalaryň nalasy tutaýmasyn» diýip, soňky sözüni aýtdy. Hekim aga diňe:«Doýranyň sakgalyna» etdiň-ow, han ogul!» diýmek bilen çäklendi. Bir gyrada oturan Zöhre ýuman agzyny açmady. Atahally ýeňsesini tüňňerdip çykyp gitdi. Öýdäki üç garrynyň gürrüňi alşyp gidibermedi. Bu ahwalatda hiç hili günäsi bolmasa-da, olar özlerini günäli ýaly duýýardylar. Mejit aga bilen Maral daýza turarman boldular. Ýaşuly Zöhrä ýüzlenip: «Gyzym, biziň gapymyz saňa mydama açykdyr, senem gapyňy bize ýapmaweri!» diýdi. Ol baş atdy. Zöhre iki gyz, bir ogul bilen galdy. Wekil on, Humaý sekiz, Hajar alty ýaşyndady. * * * Jaň kakyldy. Çagalar okuw otagyna ýygnanyşyp ugradylar. - Eşitdiňizmi-eý? Wepanyň dädesi öýlerini taşlap gidipdir! Hi-hi-hi. Bu Hudaýberdiniň sesidi. Oglan-gyzlar ilki torbasyndan kitap-depderini çykaryp duran Wepanyň, soňra iň yzky partanyň üstünde aýaklaryny sallap oturan Hudaýberdiniň ýüzüne seredişdiler. Gyzjagazlaryň biri ýyrşaryp oturan gepçi oglanyň ýüzüne alarylyp seretdi. - Özüňden toslap oturmasana! Utanaňogam! - Men hiç zat toslamok. Agşam ejem aýtdy. - Şeýlemi, Wepa? Ýerinde ornaşyp, başyny aşak goýberen oglandan ses çykmady. Ýaramaz habar getiren Hudaýberdiniň guşy uçdy. - Hä, ýalan ekenmi meniň aýdanym? Indi gyjagazam geplemedi. Birden oglanlaryň biri baraga-da, Hudaýberdiniň ýakasyndan tutup, dişini gyjyrdadyp gepledi: - Samsyk! Hudaýberdem ondan kem galmady: oglanyň öz ýakasyndan ebşitläp tutuşyna: - Özüň samsyk! – diýip, onuň jogabyny berdi. Jaň kakyldy. Otaga mugallym girdi. Derrew bir çetde üýşüp duranlaryň ýanyna baryp, oglanlary aralady. Okuwçylar öz ýerlerinde oturanlaryndan soň, dawanyň sebäbini sorady. Oglanlaryň hiç birinden ses çykmady. Ahyry Wepanyň tarapynda bolan gyzjagaz ýerinden turup, bolan ýagdaýy aýtdy. Mugallym Hudaýberdiniň ýüzüne seredip, esli salym geplemän durdy. Soňra başyny ýaýkap: - Häý, ogul, sen düzüwli adam bolup ýetişäýseň ýagşy – diýdi. Mugallym okuw tamamlanandan soňra, Wepany öz ýanyna çagyrdy. - Wepa jan, durmuş diýilýän zat örän çylşyrymly bolansoň, munda adamyň ýadyna-oýuna gelmeýän zatlar bolup geçýär. Bütinleý garaşylmaýan zatlar diýdigim-dä...Bi, ýaňky Hudaýberdiniň aýdany çynmy? (Wepa baş atdy). Hä, bolmandyr, bolmandyr, uly adam halyna beýdäýmeli däl eken-dä...Özgäniň durmuşy, pylan zadam diýip bolmaýa-da...Ýone, saglyk bolsa, hemme zat gül ýaly bolar, sen ýöne hiç ruhdan düşme, bolýamy? (Wepa ýene baş atdy). Haý, berekella! Goç ýigit bolup ýetişersiň enşalla! Men muňa berk ynanýan. Maşgalaňyzda näçe adam bar? - Ejem bilen iki sany gyz doganym bar. - Tüweleme. Sen ejeňe kömek ber, doganlaryňy gowy gör, bolýamy? (Wepa ýene baş atdy). - Akylly oglan-a sen. Hudaýberdiden bolsa öýkeleme, ol hem sen ýaly heniz akly goýalmadyk çaga ahyry. Wagt geler, eden nädogry hereketine ökünip, senden ötünç sorar. Hökman sorar. Düşünýäňmi meniň aýdýanyma, köşek? - Hawa. Mugallym mähirli ýylgyrdy. - Wepa jan, şeýdip gepläweri! Men-ä oglan öýkeden, gahardan ýaňa dilini ýuwutdy gerek diýip içimden howsala düşüp otyrdym. Onuň bu sözlerine oglanam ýylgyrdy. Mekdepden birhili şadyýan halda dolanan Wepa howludan çykan Humaýyň dükana barýanyny eşidip, oňa torbasyny tutdurdy-da, şol ýere özi gitdi. Ol yzyna dolanyp gelende, demi-demine ýetenokdy. Hamyr ýugrup oturan Zöhre ilki onuň elindäki içi iýmitli tora, soňra ýüzüne çiňerilip seretdi. - Bir zatdan gorkduňmy, balam? Hany, eliňdäki tory bäri ber. - Ýok, eje, hiç zatdan gorkamok. – Ol balagynyň jübüsinden tümmerip duran gapjyk çykardy. - Men...men...ýaňy...Muny görýämiň? Zöhre tarsa ýerinden turdy. Gapjygy oglundan alyp, derrew açyp gördi. Içini çekenini duýman galdy. - Waý, bu pullary görsene! Näçe barka? Gapjyk saňa nireden düşüp ýör, Wekil jan? - Ýoldan tapdym. Dükanyň bärsinden. Ýugrulan hamyr basyrylyp, birsalym demini almaga goýlansoň, ikisi dükana tarap ugrady. Şäher bilen ýaşytdaş, agaçdan salnan, iki otagly çaklaňja dükan gara ýoluň aňyrsyndaky köp hojalykly toplumyň bir çetinde ýerleşýärdi. Oňa barmak üçin aýaga-da agram salmaly däldi, ulaga-da münmeli däldi. Bary-ýogy ýüz-ýüz elli ädim ýöremelidi. Soňky ýyllarda peýda bolan dükanlar biri-birinden uzak aralykda ýerleşensoň, maşgalanyň söwda edýän şol dükany hemişe adamlydy. Zöhre dükançydanam, onuň golaýyndaky garry tut agajynyň saýasynda düzzüm oýnap oturan adamlardanam: «Ýanyňyza ýitiren gapjygyny soraglap gelen barmy?» diýip sorady. Gelen ýok eken. Ol oglunyň şol töwerekden gapjyk tapandygyny aýdyp, ýaşaýan ýerini salgy berdi. Olaryň öýüne iki günden soňra bir aýal gelip, özüniň şol tapylan gapjygyň eýesidigini aýtdy. Zöhre diňe gapjygyň reňkini hem-de onuň içindäki pullaryň gyrasynda goýlan adam atlary ýazylan bölejik kagyzy belläpdi. Nätanyş aýalyň jogaby onuň soraýan zadyna laýyk geldi. Aýal gapjykdaky puly howlukman sanady. «Hemmesi ýerinde» diýen manyda baş atdy. Soňra Zöhrä minnetdarlyk bildirip, pul uzatdy. Zöhre almady. - Näme, az gördüňmi? Üstüne ýene goýaýyn, razy bolsaň bolýar, dogan. - Ýok, az göremok. Taňryýalkasyn aýtsaň, ýeterlik. Onsoňam gapjygy men däl-de, oglum tapdy. Gapjygyň eýesi uzadan puluny yzyna saldy. Oglanjygyň kellesini mähirli sypalady. - Taňryýalkasyn. Gapjyk gürüm-jürüm bolanlygynda, içindäki pullar gynanmazça däldir. Körpämiz durmuşa çykmaly, şoňa sowgat almak üçin är-aýal bolup ýygnan pulumyz bi. Ýol uzakdyr, belki, bizem sizi bir gün begendireris – diýdi. Soňra oglana ýüzlenip, sözüni dowam etdi: - Hany, ikimiz tanyş bolaly. Adyň näme, çyragym? - Wekil. - Näçe ýaşyňda? - On. - Tüweleme, ýigit çykyberipsiň sen-ä! Uzak ýaşa! Kimiň ogly bolýaň? - Ejemiň. Ady Zöhre. - Ýene kimiňki? - Ejemiň diýdim-ä. Aýal güldi. - Wiý, ejeňi iki gezek aýtmaň näme? Sen, näme. dädeň adyny bileňokmy? Wekil gaşyny çytdy. Sesi gaharly çykdy: - Bilýän...Aýtjak däl... Aýal Zöhräniň ýüzüne geň galyjylyk bilen seretdi. Zöhre: - Aý, neme-dä... Ol bizi taşlap gidensoň... – diýip, üzlem-saplam gepledi. Gapjygyň eýesiniň ýüzi üýtgäp gitdi. Elini gursagyna ýetirip: - Meni bagyşlaweri, dogan! Beýledigini bilmämsoň... – diýip madyrdady. - Ötünç sorar ýaly zat ýok. Nätanyş öýde näme bolandygyny sen näbiljek? Aýal onuň bilen hoşlaşyp, howlynyň girelgesine tarap ýöneldi. Birdenem yzyna öwrülip: - Durmuşdyr bi, her hili ýagdaý ýüze çykyp biler. Samrap durşuma özümi tanatmandyrynam, maňa Maýa diýýärler. Şäheriň hammamynyň ýeňsesindäki uzyn ýeke gat jaýy bilýänsiň-ä? (Zöhre baş atdy). Onda erkeklerdir aýallaryň egin-eşikleri tikilýär, sagat abatlanylýar, surata düşürilýär, saç bejerilýär. Men şol ýerde tikinçi bolup işleýän. Islän mahalyň baryber. Belki, gadyrly gatnaşyp, boýdaş bolarys – diýdi. Zöhre Wekiliň ýüzüne mähirli garady. - Balam, ikimiz bu gün bir adamy begendirip, sogap gazandyk - diýdi. - «Sogap» diýýäniň näme, eje? - Sogapmy? Ýaňky daýza ýitiren puluny tapyp, gaýtaryp berendigimiz üçin bize minnetdarlyk bildirdi, ine, şol sogap bolýar. Gowy iş etmek diýmek-dä. Düşündiňmi? - Düşündim. Eger ony daýza bermän, özümiz alan bolsak, näme bolýar? - Eger şeýtsek, biriniň zadyny ogurladygymyz bolýar. Seniň şeýle ýaramaz iş edesiň gelýän däldir-ä? - Ýok. Zöhre ony mähirli gujaklap, saçyny sypady. - Sen meniň akylly balam ahyry, ejesine, doganlaryna direg boljak balam ahyry! Hekim aganyň aýratyn gowy görýän nahary bolan nohutly unaş, petir taýýar boldy. Zöhräniň hepdede bir-iki gezek bu iýmitleri taýýarlap, nirä gidýändigini bilselerem, çagalar ondan: - Eje, babamlara gitjekmi? – diýip soradylar. Bu sowalyň yzyna hökman: «Bizem äkidäý-dä!» diýen haýyşyň tirkeljekdigi üçin, Zöhre: - Hawa, babaňyzyň ýanyna gitjek. Ýöne ol ýerde uzak oturmakçy däl, derrew yzyma öwrüljek. Öýde etmeli iş köp – diýdi. Soňra olaryň üçüsiniňem ýaňagyndan öpüp, sözüniň üstüni ýetirdi: - Ýöne siz öýkelemäň, bolýamy? Indiki gezek hökman üýşüp baryp, babaňyzy begendireris. Maňa ynanýaňyzmy? Olar baş atdylar. Çagalaryň ulularyň çylşyrymly dünýäsine düşünmeýändigi, gör, nähili gowy zat! Wah, Zöhräniň her gezek olary yzyna tirkäp barasy gelýä-le, ýöne hemişe ýüzünden gar ýagýan, özleri bilen gülşüp-degişmäniň nämedigini bilmeýän gelnejesinden çekinýär. Zöhräni bir zat haýran galdyrýar: atasy öýüne haçan baraýsyn, giň ýazylan saçagyň başynda gelnejesi öz aýal doganlarynyň biri bilen geçisi daga ýaýrap oturandyr. Zöhräni görerem weli, jebegesi daralar. (Onuň Gülälek diýen owadan ady bar. Şol ady dakan adam gelnejesini häzir göräýse, nähili pikir ederdikä?!). Giň howlynyň bir çetinde gurlan goşmaça öýjagazda bolsa Hekim aganyň ýalňyz özüdir. Dynç günlerinde-de şeýledir. Ogly Baýramgylyç , ese-boýa gelip ugran dört agtygy ýürek agyrmasyndan, süňňüniň ysgynsyzlygyndan ejir çekýän ýaşuly adamyň ýanynda oturyp bilerdi ahyry. Öýjagazyň gapysy diňe oňa çaý-nahar eltilýän mahaly açylýan bolmaly. Bu gezek saçagyň başynda Gülälegiň bir däl-de, iki dogany otyrdy. Üçüsi biri-birine gezek bermän gepleýärdiler. Zöhre olar bilen salamlaşyp, dädesiniň ýanyna ýöneldi. Alagaraňky öýjagazda Hekim aga arkan düşüp ýatyrdy. Gyzyny gören gojanyň ýüzi ýagtyldy. - Geldiňmi, gyzym? - Geldim, däde. Ýagdaýyň nähili? - Oňuşmazça däl, balam. Özüňiz nähili? - Hudaýa şükür. Men saňa nahar getirdim. Gyzy saçak ýazdy. Hekim aga göz astyndan syn etdi. Onuň hereketi öte gowşakdy. Her gezek naharyň dökülmezligi üçin titreýän çemçeli eliniň aşagyna beýleki elini eltýärdi. Zöhre kemşerdi, gözi gubarlandy. - Taňryýalkasyn, balam. Ejeňiziň eliniň şirinligi size-de geçipdir. Unaş ýagşy derletdi meni. Bir gün sen, ýene bir gün Aýna jan, üstümde kökenek gerýäňiz. Ömrüňiz uzak bolsun! Ataly-gyz birsalym gürleşip oturdylar. Ýaşuly birden: - Balam, ykbalyň saňa ters bakar diýen pikir ýatsam-tursam kelläme gelenokdy. Menden gaty görmäweri! - diýdi. Zöhre ör-gökden geldi. - Wiý, däde, men senden näme üçin gaty görmelimişim? Seniň munda näme günäň bar? - Sataşanyň binamys boluň çykdy-da... Ýaşym beýle ýokary bolman, aýak üstünde gezip ýörenligimde, size delalatym ýeterdi.Ganaty gyrlan guş ýaly bolup oturan adam men, gynanmakdan başga elimden gelýän zat ýok... Agaňdanam hiç hili peýda ýokdugyny aňýan... - Sen bizi gaýgy etme, däde. Menem, agtyklaryňam, Hydaýa şükür, zada zar bolamzok. Iýjek çöregimiz tapylyp dur, Aýna-da gözden salanok. «Iki aýakly iki günde» diýleni, saglyk bolsa, çagalaram ýetişer, direg bolar. - Enşalla. Hekim aga ol agasyny agzar öýtdi. Ýöne çaky çykmady. Ýaşuly dikelip, ýassygy diwara söýedi. Oňa arkasyny berip, aýaklaryny öňe uzatdy. Olary emaý bilen owkalap oturyşyna: - Aram-aram şeýtmesem, bular halys gurap barýar, balam- diýdi. Zöhre onuň aýaklarynyň etiniň ýagşy çekilendigini öz ýanyndan belledi. - Däde, ýagdaýyň...- diýip, sözüni tamamlaman goýdy. Ýaşuly onuň ýüzüne çiňerilip seretdi. - Ýagdaýyň şol bir bolşy, balam. Ýürege üznüksiz derman gerek, el-aýak özümiňki däl ýaly. Indi saňa aýtsam, ukusyzlygam kösäp ugrady. Aý, bu zatlary dile alybam oturmaly däl-le: ýetmiş ýaş diýeniň kän ýaş ahyry... - Men senden başga bir zady soramakçy boldum, däde. - Nämeni? - Ugruňa seredilişiniň ugry ýok ýaly... Hekim aga ýerine geçip gyşardy. Birsalym ýokary seredip ýatdy. Soňra gyzyna tarap öwrüldi. Onuň terzi bozulypdy. Ýuwaşjadan: - Meniň ýüregim bulardan bireýýäm döwüldi, balam...Heý-de, ogluň gaçgyny atasy bolarmy? Heý-de, şol barka, atasyna gerek däri-dermany aýal doganlary getirermi? Heý-de, ...aý...bolýa-da...- diýdi. Zöhre bozuldy. Onuň ýygyrt-ýygyrt ellerini mähirli sypalady. Dädesi, gelnejesi bilen hoşlaşyp, girelgä tarap ýönelen Zöhre agasynyň ýassykdaşynyň: «Hamala, biz muny aç-hor saklaýan ýaly, iki gyzy häli-şindi nahar-beýleki getiren bolşup, egin-eşigini ýuwmaga äkiden bolşup...Gözümiň ak ýagyny iýdirip oturanymy az görýän bolsaňyz, äkidiň-de, saklaň özüňiz ataňyzy...» diýenini eşitdi. Gelnejesiniň bu sözleri özüne eşitdirmek üçin bilgeşlin geplänine düşündi. Zöhre: «Sen, heleý, agzyňy salajan goýberip, biziň göwnümize degmekden lezzet alýaň-ow! Maňa ozalam birnäçe gezek çylkasyzyňy oklapdyň sen. Aýnanyňam ýüregini telim gezek agyrdypsyň. Bizi özüňden gorkýandyr öýdýän bolsaň-a, ýalňyşýaň. Gelin bolup geleniňden owsar salan ýassykdaşyň bir garynda ýatan doganymyz bolansoň, ara sowuklyk düşürmejek bolup, dilimizi dişläp ýörendiris. Ýöne ahyry ikimiz ýüzbe-ýüz bolup, menden teniňi tikenekletjek sözleri eşitseň gerek» diýip, gidip barşyna içini gepletdi. Naharlanan çagalar telewizorly otaga geçdiler. Zöhre keşdelenmeli köýnegi eline aldy. Eliniň çeperligi bilen tanalansoň, gelin-gyzlar onuň ýanyna häli-şindi ýumuş bilen gelýärdiler. Elbetde, iş juda inçe bolansoň, gözüň köki gyrylýardy. Ýöne nätjek, oňşuk-oňalga aladasy ähli zatdan rüstem gelýärdi. Häzir Zöhräniň barmaklary gowuşgynsyz hereket edýärdi. Hekim aganyň keşbi göz alnyndan aýrylanokdy. Ol: «Adamyň dünýäde ogul-gyzyndan gaýry guwanjy, buýsanjy ýok. Ol perzentleriniň aç-hor bolmazlygy üçin ähli zada döz gelýär. Şeýdip, etek alty, ýeň ýedi bolup ýörşüne-de, garranyny duýman galýar. Güýç-kuwwaty gaçan adamyň güni sürýatlaryna galýar. Ýöne käbiriniň döwletiň başyna deňelýän oguldan eden tamasy çykmaýar. Ine, onsoň hiç bir zatda sala salynmansoň, sessiz-üýnsüz döşünden itilendigini aňyp, ol özüni ähli zatda müýnli duýup ugraýar. Öz öýünde arkaýyn hereket edip bilmeýär. Töweregindäkilerden çekinip, geplemesini bütinleý azaldýar. Dädemiň maňa köp zat aýtmak isländigini aňmak kyn däldi. Ýöne onuň dili däl-de, gözi gepledi. Men kütelişen gözüň diýýän zadynyň nämedigine nädip düşüneýin?» diýip oýlanýardy. Zöhre elindäki köýnegi bir gyra oklady. Penjiräniň aňyrsyndan: «Ýazmuhammet, howluda janly-jemende görnenok weli, bu «daýza» bir ýere göterilen bolaýmasyn?» diýen şadyýan ses ýaňlandy. Zöhre ýerinden laňňa galdy. Aýna bilen ýassykdaşy ýylgyryşyp, içeri girdiler. Ýazmuhammet saglyk-amanlyk alşylandan soň, aýalyna ýüzlenip: «Sen, ýolda gepleşişimiz ýaly, arkaýyn oturyber. Men işlerimi bitirip, äkitmäge gelerin» diýdi. Zöhreden çagalaryň nirdedigini sorady. Ejeleri atlaryny tutup çagyran körpeler daşky otagda peýda boldular. Aýna olary mähir bilen bagryna basdy. Ýazmuhammet çagalary süýji-köke bilen begendirip, çykyp gitdi. Doganlar ýene telewizorly otaga sümüldiler. Süýtli çaý demlenip, orta saçak ýazyldy. Zöhre dädesiniň ýanyna baryp gaýdandygyny, gelnejesiniň awuly sözüni ýetirendigini aýtdy. Aýna: - Biz-ä olaryň ýagşysyny ýaýyp, ýamanyny ýaşyryp ýören doganlar, Zöhre. Ýöne Gülälegiň gylygy...Ýatan ýeri ýagty bolsun, ejem pahyryň: «Gyzym, bir howlyň içinde bir öý bolup ýaşarys öýdüpdik weli, o diýenimiz bolmady. Iki öý bolup ýaşaýas. Bu gelin bize ýazylganlyk berjege meňzänok, sähel zat üçin gözi hanasyndan çykyp barýar» diýen sözleri ýadymdan çykanok. Ähli zada içine salyp, dişi ýylgyrman gitdi ahyry – diýdi. Zöhre baş atdy. Boşan käselere çaý guýup oturyşyna: - Dädemiň şol bir bolşy. Hajatyna özüniň ýaraýandygy gowy zat, düşege baglanyp ýataýsa, gireniňde çykmaga howlugdyrýan şol öýde onuň ugruna seretjek adam ýok - diýdi. Aýna dodagyny dişläp, kellesini ahmyrly ýaýkady. Zöhre sözüni dowam etdi: - Öz bilşiň ýaly, ejemiz ýurduny täzelände, dädem elli ýaşy arka atypdy. Entek garry däldi, gaýtadan öýlenip bilýädi diýjek bolýan. Ýok, öýlenmedi. Men bir gezek munuň sebäbini soranymda, «Balam, ejeň oturan ýerini başga bir aýalyň eýelemegini islemedim» diýdi. Ejemi şeýle gowy görýädi-dä... Aslynda-ha, ol mähirden ýasalan adam bolansoň, biziň hemmämizi süýji sözler bilen ulaltdy. Ýekeje gezegem bize gaşyny çytyp sereden däldir. Uzynly gün agyr ulag sürüp gezensoň, öýe halys laky-tak bolup gelerdi. Ýöne bize ýadawlygyny bildirmezdi... - Baýramgylyjy dagy-ha ýigit çykansoňam, edil çaga ýaly saklady – diýip, Aýna onuň sözüniň arasyny kesdi. - Hawa. Ol Aşgabatda okaýarka-da, Tejende pagta ýygýarka-da, «Baýram hanym hor bolmasyn» diýip, yzyndan telim gezek gidipdi. Bir gezek agamyzyň ýanyna gitmek üçin şaýyny tutup ugrady. Getiren iýmitlerini torba salyp otyrkam, içi uýadylan süýtli beňkä gözüm düşdi. Ýigit çykan adama muny eltseň, gelşiksiz bolmazmy diýip soramda, «Baýram hanymyň uýadylan süýdi oglanlygyndan gowy görýänini özüň gowy bilýäň-ä. Alyp gideýin, yzyna berse, getiräýerin, näme, munuň gerşiňi gaçyryp barýan agramy barmy?» diýip jogap gaýtardy. Dolanyp gelende, ýylgyryp durşuna: «Balam, agaň uýadylan süýdi alyp galdy. Asyl ony iki-üç gezek düýşünde-de gören eken. Wah, ozal kellä gelmeýşini diýsene, indi her gezek ýa-ha özüm äkiderin, ýa-da ýany bilen berip goýbererin» diýdi. Menem ýylgyranymy duýman galdym. Howluda semredip satmak üçin saklanýan dowarlara Baýramgylyç bir gysym ot berip gören däldir. Olaryň aladasyny dädem, sen, men üçimiz edendiris. Ýöne satylan mallaryň pulunyň köpüsi agamyzyň jübüsine salnandyr... Aýna: - Hawa. «Atasy ogluna bir süri goýun dözdi, ýöne ogly atasyna bir böwrek dözmedi» diýleni boldy – diýdi. Ýazmuhammet dolanyp gelende, Zöhre onuň «ýok-poguna» garaman, saçagy täzeledi. Çaýy üç gezek agdarandan soň, Ýazmuhammet ilki ýuwaşja ardynjyrady, soňra ýassykdaşyna seredip: - Pikirimizi Zöhrä aýtdyňmy ýa-da maňa garaşyp otyrmyň? – diýip sorady. - Elbetde, saňa garaşdym. Zöhre ilki Aýnanyň, soňra Ýazmuhammediň ýüzüne soragly garady. - O nämäniň pikiri? Aýna gepledi: - Bi... neme... Zöhre, Ýazmuhammet ikimiz dädemizi garry öýden alyp gaýtmagy makul bildik. Bu gidişine gitse... Özüň bilýäň... Käte gahar üstün çykyp, dil diýmesiz zatlary-da diýip goýberýä-dä... Aý, men sen ýaly gepe çeper däl, ýöne näme diýjek bolýanyma düşünýänsiň... - Bu ýerde düşünmez ýaly zat ýok. Menem şu gün öz ýanymdan şeýdilse gowy bolardy diýdim. Ýöne muňa Baýramgylyç nähili gararka? Etmekçi bolýan zadymyzy aýdanymyzdan, ýüz-gözi üýtgese gerek. Gazaba münüp, ajysyny pürkmegem ahmal. Onuň ýanyndakyňam haýsy köçeden gopjakdygy belli däl. Garaz, kyn söwda-da etjek bolýanymyz... Gürrüňe Ýazmuhammedem goşuldy: - Meniň maslahatymy alsaňyz-a, Zöhre, Aýna ikiňiz ilki Hekim agany, soňra Baýramgylyç bilen Gülälegi görmeli. Sypaýyçylyk bilen niýetiňizi aýtmaly. Gepiňiz diňlense, gowy zat, niýetiňiz ýol almasa-da, etjek alajyňyz ýok, öňkiňiz ýaly, gezekli-gezegine gatnar ýörersiňiz. Onuň bu pikiri makul bilindi. Doganlar mesele beýle çalt çözüler öýtmändiler. Şol gürrüňdeşlikden iki gün geçenden soň, Zöhräniň goňşularynyň biri saglyk sadakasyny berdi. Oňa Baýramgylyjam çagyrylan eken. Ol sadaka sowlandan soň, aýal doganyna salama geldi. Hemişe bolşy ýaly, bir ýere gyssagly barmalydygyny aýdyp, bu gezegem aýak üstünde saglyk-amanlyk alşyp gidibermekçi boldy. Ýöne Zöhre derwaýys gürrüň bardygyny aýdyp, ony goýbermedi. Öňünde goýlan çaýly çäýnege göwünsiz el ýetiren Baýramgylyç Zöhräniň dünýäde ata-eneden, dogandan zyýada zadyň ýokdugy, ýagty jahanda kimiň näçe ýaşajakdygyny Ýaradandan başga hiç kimiň bilmeýändigi, olar sogrulyp gidenden soň, yzda galanyň içini tutan bolup ýörmeginiň peýdasyzdygy hakdaky gürrüňini diňleýäne meňzänokdy. Ol jübülerini sermeläp, ulagyň açaryny, ownuk pul, eplenen kagyz çykardy. Kagyzdan beýlekileri ýene yzyna saldy. Kagyzy ýazyp, ýüzündäki ýazgyny okansoň, ony-da jübüsinde gizledi. Onuň hereketi gözilginç bolansoň, Zöhre başyny ýaýkap, sesini kesdi. Baýramgylyç şuňa garaşyp oturan eken. Sagadyna seredip: - Zöhre, derwaýys zadyňy aýtsana. Meniň bir adam bilen sataşmaly wagtym golaýlap gelýär – diýdi. (Öňki aýdylanlar biderek bir zat eken-ow!). Zöhre gürrüňini dowam etdirdi: - Iş-aladaň başyňdan agdyk bolansoň, seniň öýden irden çykyp, yzyňa giçlik dolanýanyňy Aýna-da bilýär, menem bilýän. Gelnejemem hemişe öýüň biş-düşi, kir-kimiri, tükenmeýän beýleki işleri bilen başagaý bolup, ýetişiksiz gara gündedir. Çaga diýeniňem, näme, hemme ýerde şol bir çagadyr: ýa-ha gözi howlynyň daşyndadyr, deň-duşlary bilen oýnajakdyr, ýa-da tä özüň baryp, öçürýänçäň, telewizorly öýden çykjak däldir. Her gün şeýle ýagdaý gaýtalanyp duransoň, dädemiň ýalňyz özi alagaraňky öýjagazda içini hümledip oturandyr. Biz... neme... ony... dädemi... sizden alyp gaýdaýsak nädýär? Baýramgylyç başyny göterip, aýal doganynyň göni gözüne seretdi. Ýok, onuň terzi-de üýtgemedi, gahary depesine-de çykmady. - «Biz» bolanda kim bolýar? – diýip sorady. - Wiý, soraýan zadyň näme? Aýna ikimiz. Agasy sowuk ýylgyrdy. - Hä-ä. Aýna ikiňiz diýsene...Näme, agzy boş adamlardan biz ýaşulyny (indi ol öz ogly üçin ýaşuly boldumy?) aç-hor saklaýar diýip eşitdiňizmi? Belki, onuň özi siziň ýanyňyda oglundan, gelninden nägile bolandyr?.. - Ýok, ýok, beýle pikir etme, Baýramgylyç! – diýip, Zöhre gyssanmaç gepledi. – Biz töwerekdenem dädemizdenem siz barada ýaramaz söz eşidemzok. Men muny diňe derdinişip oturar ýaly, onuň ýanynda adam gerekdigi üçin aýdýan. Men, özüň bilýäň, hiç ýerde işlämok, az salymlyk eýläk-beýläk çykaýmasam, hemişe öýde. Onsoňam biziň töweregimizde ýaşuly köp. Olar häli-şindi kölegä üýşüp ýa-da birek-biregiň öýüne baryp göwün açýarlar. Dädemem şolaryň biri bolar...Sen ýöne meniň aýdanymy göwnüňe almaweri. Dogan dogana ters bakyp ýörse, bolmaz. Baýramgylyç birsalym sesini çykarman oturdy. Soňra: - Men aýdanyňy ýaşula-da, Güläge-de ýetirerin. Eger nemetseler, nemedäýmeli bor-da – diýdi. Zöhre agasyny ugratmaga çykdy. Hoşlaşmazdan ozal: - Baýramgylyç, men senden bir zat sorasam bolarmy? – diýdi. Agasy duran ýerinde elindäki naşyja enjamyň düwmesini basyp, ulagynyň gulplanan gapysyny açdy. Ýuwaş sesde: - Näme bolman, sora – diýip jogap gaýtardy. - Sen Aýna ikimizden nämäni gaty gördüň? Ol aýal doganynyň ýüzüne seretmän gepledi: - Hiç zadam gaty göremok. - Onda nämüçin biz bilen sowuk gatnaşýaň? Ejemiz gitdi, dädemiziň ýagdaýy günbe-günden ýaramazlaşýar. Aýna ikimiziň senden başga kimimiz bar? Seniň iki naçar doganyňdan başga kimiň bar? Aýt, düşünişeli, eger seni ynjydan bolsak, ötünç soraly. - Gatnaşyp ýörüs-ä, mundan başga näme gerek? - Men, hamala, il biri ýaly bolup däl-de, hakyky dogan bolup gatnaşaly diýýän! Ýa-da kimdir biri gepden doýurýamy seni? Baýramgylyç onuň ýüzüne ýaňsyly bakdy. - «Kimdir biri» diýen bolma-da, adyny göni aýt-da!..Siziň Gülälek biçärä degip ýadamaýşyňyza haýran galaýmaly!.. Zöhräniň ýarasyna duz basylana döndi. Ýüzi agaryp-bozardy. Geplände sesi zarply çykdy: - Näme diýip duranyňy gulagyň eşidýämi? Kim oňa degýämişin? Siz nähili adam-a? Heý, öz bolşuňyz barada ýekeje gezek adam şekilli pikir edip gördüňizmi? Utanaňzogam!.. (Zöhre dilini dişlemegi başardy. Ýogsam bolmanda, has tikenli sözler agyzdan sypdym-sypdyma gelipdi). Baýramgylyç oňa jogap gaýtarmady. Ulagyna tarap ýöneldi. Birdenem aýak çekdi, yzyna öwrüldi-de: - Sen, Zöhre, ýaşkaňam birhili gaharjaňdyň, häzirem şeýle – diýdi. Zöhre ajy ýylgyrdy. - Bu aýdýanyň-a dogrudyr. Gyzam bolsam, oglanlaryň arasyna sokulyp baryp, telim gezek aryňy alyp berendirin. Ol howla girdi. Hakyky gahar aýaly indi gurşap aldy. Zöhräniň dodagy titpeýärdi, eli sandyr-sandyr edýärdi. «Sen erkek bolup bilmän, içimizi ýakdyň ahyry!» diýip pyşyrdady... Hekim aga-da, Gülälek-de aýal doganlaryň pikirine garşy bolmandyr. Hekim agany almaga şenbe güni bardylar. Är-aýal öýdedi. Bärden baranlaryň salamy sowuk alyndy. Hasasyna söýenip gelýän Hekim aga öýdäkiler bilen hoşlaşdy. Ulagyň öňünde ornaşdy. Aýna Zöhrä tarap öwrülip, ýuwaşjadan: - Gelnejemiň hüňürdisini eşitdiňmi? – diýip sorady. - Ýok. Näme diýdi? Gowy zat aýtmadygy-ha belli. - «Şu öýe gelip, dişimiň yşyran wagty bolan däldir. Saçym sübse, elim kesewi bolup gezdim. Hemme zatda şulary däl, özümi günäkärledim. Ýöne ýaranyp bilmedim...Garry saklamagy aňsat öýdýändir bular. Bir hepde-on günden masgara bolup, yzyna alyp gelerler» diýdi. Zöhre birsalym dymyp oturdy. Soňra: - Goňşymyz, ejemiziň gadyrly gatnaşany Aýjäjek daýza, ýatan ýeri ýagty bolsun, özüňem bilýäň-ä, akylyň öýjügidi. Ol bir gezek gürrüň arasynda: «Erkek dogan sähel boş wagt tapdygy, aýal doganynyň halyny soramaga barmalydyr. Şeýtse, onuň goňşy-golamlary: «Tüweleme, pylany eýesiz däl, arkaly aýal» diýerler. Bu sözler gulagyna ilen naçar doganam begenjinden bir gez beýgeler» diýipdi. Ikimiziň agamyz-a, ömri uzak bolsun, bizi şeýdip begendirjek gümany ýok. Ýöne ýanyndaky onuň aýal doganlaryny unudanok, şoňa-da «şükür etmeli» - diýdi. Aýna kellesini saga öwrüp, gözüni bir nokada dikdi. * * * Şol döwürde şäherde ilat tarapyndan «köne bazar» hem-de «täze bazar» diýlip atlandyrylýan iki bazar bardy. Wekilleriň ýaşaýan ýeri bilen täze bazaryň arasy onçakly daş bolmansoň, ejesi häli-şindi ony ýanyna alardy. Öň tarapynda köwüş ussahanasy, dellekhana, azyk hem-de gurluşyk harytlar dükanlary gurlup, daşyna howly aýlanan, sagy-da, soly-da giň girelgeli bazarda dynç günleri adamdan ýaňa aýak basara ýer galmazdy. Şol ýeriň edil jadysy bar ýaly, bazara oglanyň ýeke özi-de kän giderdi. Oglanjyk şol gezegem bazara gaýtdy. Dellege saçyny aldyrandan soň, Wekil köpüň üýşen ýerine girdi. Synlanyňda agzyň suwarýan dürli iýmitler, halylar, matalar, egin-eşikler, hojalyga degişli zatlar, ýerde kowçum oturan söwdagärler, aýak üstündäki alyjylar – hiç wagtda üýtgemeýän şol bir görnüş.Ýöne, hemişe bolşy ýaly, Wekil olara haýran galmak bilen seredýärdi. - Gyýw, oglanjyk, hany, bäri gel! Ol yzyna öwrüldi. Hatara oturan ýaşajyk gelinlerdir oral aýallaryň öňünde zenanlara degişli egin-eşikler bardy. Etli-ganly, saryýagyz, gök gözli gelin: - Gör, üst-başy nähili tämizje oglan! Sen bärde birini gözleýäňmi? – diýip sorady. - Ýok. - Ýa-da bir zat satyn almaga geldiňmi? - Hiç zadam aljak däl. Ýöne aýlanyp ýörün. - Bir özüňmi? - Hawa. - Belki, ajygýansyň? Gyzgynja gutap alyp bereýinmi? - Men ajygamok. Sag bol, gelneje. Onuň ýanyndaky çişik gara aýal pökgi dodagyny betgelşik çömmeldip, çigit gabygyny bir gapdala püfleýärdi. Çigit gutardy. Ol etegini kakyp oturyşyna, saryýagyz gelne ýüzlenip: - Sen muny beýle elejiretme. Ertirki gün ile ulukjyn berýän jübükeserleriň biri bolup ýetişse bildiňmi. Ýeke özi bazarda aýlanyp ýör, gözi töwereginde…Eli hapa biri «sapak berse», boldugydyr-da – diýdi. Saryýagyz gelniň ýüzi üýtgäp gitdi. Goňşusyna ýuwaşjadan nämedir bir zat aýtdy. Çişik aýal: - Wiý, men-ä, hälki bir, neme…pikir edýän zadymy aýdyp goýberdim. Aýtmadygym bolsun – diýip jogap gaýtardy. Wekil aýallaryň ýanyndan daşlaşmak bilen boldy. Ol «jübükeseniň» nämäni aňladýandygyny bilenokdy, ýöne saryýagyz gelniň hereketinden şol sözüň gowy däldigini duýdy. Şeýle-de, öz ejesiniň çişik aýala meňzemeýändigine begendi. Oglan bazaryň çep tarapyndaky çykalganyň agzyna bardy. Girip-çykýan erkek kişileriň biri-de onuň nazaryndan sypanokdy. Birdenem Wekiliň ýüzi ýagtylyp gitdi. Bazardan uzyn boýly, inçesagt, geýnüwli adam çykdy. Onuň iki elinde-de içi iýmitli tor bardy. Oglan onuň ýanyna bardy. - Salawmaleýkim. - Waleýkimessalam.- Ol ýylgyryp durşuna, Wekile başdan-aýak syn etdi. Soňra: - Ikimiz tanyşmy, pälwan? – diýip sorady. Oglan dogumly jogap gaýtardy: - Men tanaýan, ýöne siz tanaňzok. - Hä, şeýlemidi asyl. - Daýy, men siziň ýüküňizi göterişäýeýin? - Ýok, zerur däl. Birinjiden-ä, bularyň agramy ýok. Ikinjidenem, men bäri öz ulagym bilen geldim, holha, ýoluň gyrasynda dur, ýaşyl reňkil, görýämiň? Wekil baş atdy. Soňra ýene haýyşyny gaýtalady. Uly ýaşly adam onuň ýüzüne geň galyjylyk bilen garady. Birdenem: - Eh, kelle!.. Düşündim. Me, göter – diýip, toruň birini Wekiliň eline tutdurdy. Ol kömek edendigi üçin, Wekile minnetdarlyk bildirip, jübüsinden ownuk pul çykardy. - Me, pälwan, doňdurma alyp iýersiň! Oglan başyny ýaýkady. - Gerek däl. Men...men şeýtsem, bazardan dädem bilen bile gelýän ýaly bolýan... Uly ýaşly adamyň gözi tegelendi. - Seniň, näme, dädeň ýokmy, pälwan? Wekil sowala jogap gaýtarmady. Aşak seredip, köwşüniň burny bilen ýer dyrmalady. Birhaýukdan: - Men sizi nireden tanaýanymy aýdaýynmy? – diýip sorady. - Aýt. - Men siziň ogluňyz Azat bilen bir synpda okaýan. Ikiňizi birnäçe gezek ulagyňyzda görüpdim. Öýümizem siziň öýüňizden daşda däl. - Onda, diýmek, ýolumyz bir-dä ikimiziň? Wiý, biz tanyşmagy unudypdyrys-a, maňa Haknazar diýýärler, sen kim bolmaly? - Wekil. - Owadan adyň bar eken. Hany, mün onda ulaga, Wekil jan. Ugraly. Wekiliň şatlygyny söz bilen beýan eder ýaly däldi. Ol ilki töweregine gülümjiräp nazar aýlap, ulaga soňra mündi. Uly ýaşly adam oglanyň: «Men şeýtsem, bazardan dädem bilen bile gelýän ýaly bolýan» diýen sözlerini aňynda aýlap oturyryşyna, «Ýumruk ýaly weli, tapýan gepini gör-ä! Umuman-a, biz çagalara kembaha garaýarys, aslynda olar juda synçy, akylly bolýar. Onuň özüne berlen sowaldan sypyşyny diýsene! Öýde erkek kişi ýok bolmaly» diýip oýlanýardy. Uly ýaşly adam Wekiliň görkezen öýüniň deňinde saklandy. Hä, Atahallynyň ogly eken-ow! Onuň maşgalasyny taşlap gideninden habary bar. Ikisiniň hiç hili gatnaşygy ýok, ýöne sataşanlarynda bir kowçumda ýaşaýan, tanyş ýüz adamlar hökmünde salamlaşýarlar. Oglan ulagdan düşüp, ýene töweregine gülümjiräp nazar aýlady. - Wekil jan, sen bize gelip dur, bolýamy? Men golaýda Azada güjügem getirdim, çagalar bilen oýnamagy şeýle bir gowy görýär. Hökman gelgin! - Bolýa, Haknazar aga. Içeri giren Wekiliň ýüzüne nur çaýyldy. Atasy bilen enesi myhmançylyga gelen eken. Garrylar oglany gezekli-gezegine gujaklap, mähirli öpdüler. - Balgaýmak getirdiňizmi, ata? - Balgaýmak-da, sargan-da, gurt-da getirdik, bala. Hany, biziň bilen bileje çaý iç. Zöhre nahar taýýarlamak üçin aşhana çykdy. Gyzjagazlar telewizorly otaga geçdiler. Käsesine çaý guýan Mejit aga garşysynda otyran Hekim agadan ýuwaşlyk bilen: - Biziň at ýitirenimizden habar-hatyr barmydyr? – diýip sorady. - Ýok. Şol gidişidir. - Ata-enesindenem arany açdy ol. Adam pahyr ölmese, her zat görjek eken. Ýaş mahalymyz bir hoşgöwün, gürrüňçi goňşymyz bardy. Onuň töweregi hemişe adamlydy. Ýaşulynyň ýanyna oturmaga gelýänleriň biri mydama bir zatdan çekinýän ýa-da gaýgy-alada basmarlaýan ýaly, başyny aşak salyp, ýuwaş ýöreýärdi. Bir gün ýaşuly ondan: - Bally, sen näçe ýaşyňda? – diýip sorady. - Otuz bäş. - Gelniň bilen oňşukly ýaşaýamyň? - Hawa. - Çagaňyzam barmy? - Bir ogul, iki gyzymyz bar. - Tüweleme. Allatagala maşgalaňyzy penasynda aman saklap, rysgal-döwletiňizi kem etmesin. Ýöne, jan bally, özüň juwan ýaşdakaň, ogul-gyzyň heniz balajaka, segsen ýaşly goja ýaly yrgyldap ýöremän, başyňy dik tutup, döşüňi gaýşardyp, ädimiňi batly urup ýöreseň bolmaýamy? Hiç wagtda şeýle bolmawersin, ýöne biz ýaly, binamys ogullary gündiz ýatyp, gije gezensoň, tä daňa çenli gapa göz dikip oturýan bolsaň, başga gep – diýip başyny ýaýkady. Oturanlar ýaşulynyň ýüzüne haýpygelijilik bilen seretdiler. Iki näkes ogul ata-enä gan ýuwutdyrýardy. Magtymguly şahyr: «Ýagşy oguldan rehnet arygy akar, Näletkerde ogul dogdy-dogmady» - diýip, ýöne ýere aýtmandyr-a. Ogullary ar-namysly adamlaryň ýöreýşi, gep urşy bir başgadyr görseň. - Dogry aýdýaň, sakgaldaş. Ýöne, näme, beýle ogul hemme kişiden önäýýämi? Zöhre içeri girdi. Töwwir edildi, saçak ýygnaldy. Ýaşulular ýassyk tir-seklediler. Mejit aga Hekim aganyň ýüzüne ýylgyryp seretdi. - Sakgaldaş, ikimiz setanda-seýranda bir sataşýas. Gussaly gürrüň edip, ýüregimizi çişirip oturman, gyzykly gürrüň tapsak nädýä? Men-ä, näme, ömri mal yzynda geçen adam bolamsoň, aýdara zadym ýok diýen ýaly. Ynha, sen ulag sürüp, tutuş ýurdy terslin-oňlyn sökdüň. Köp zat görensiň – diýdi. - Dogry aýdýaň, Mejit. Ata-enäni, golaýlaryny içurnuk edip ýöreniň gürrüňini ýüz gezek edeniňde-de, üýtgejek bolup durmuşmy...Hawa, hemişe ýolda bolamsoň, gaty köp zat gördüm. Ýöne, öz bilşiň ýaly, ýatkeşlik hemme kişä berilmeýä. Men olaryň köpüsini unudypdyryn. Dört-bäş sany ahwalat weli, edil düýn bolup geçen ýaly, ýadymdan çykanok. Şonuň birini aýdyp beräýeýin. Ondan bäri otuz ýyla golaý wagt geçendir. Günleriň birinde ulagymy gurluşyga gerek zatlardan mas ýükläp, dagyň aňyrsynda ýerleşen oba ýolladylar. Şol ýerde mekdep gurulmaly eken. Menden öňem birnäçe ulag ýük eltip gaýdypdyr. Hawa, tabşyrylan ýumşy bitirip, yzyma dolandym. Tomsuň ortaky aýy. Gün depäňi deşip gelýär. Yns-jynssyz çöl. Içi gaýnap duran süňňi agyr ýük ulagy aýlaw-aýlaw ýollar bilen gidip barýar. Birdenem edil ýerden çykan ýaly bolup, sag tarapymda, ep-esli aralykda bir kişi peýda boldy. Hem-ä başgabyny bulaýlaýar, hem-de nämedir bir zat diýip gygyrýar. Bardym. Görsem «Moskwiç» kysymly ulag dur. Içinde-de ýaş zenan bilen bäş-alty ýaşlyja gyzjagaz otyr. Salam-helik ýok, zenan gyzjagazy görkezişine, naýynjar sesde «suw» diýip, birnäçe gezek gaýtalady. Saňa ýalan, maňa çyn, Mejit, sähelçe gijä galanlygymda, çaga şehit öljek eken. Dili agzyna sygman başlapdyr. Beýleki iki uly adamyň ýagdaýy-da ýaramazdy. Men ýola gitsem, ýanyma suwy hemişe köp alýadym. Sebäbi heniz ýaş sürüji mahalym bir gezek suwsuz gaty horlanypdym. Uzyn sözüň gysgasy, olar suwdan ganyp, gözleri ýerine geldi. Sürüjiniň gürrüň bermegine görä, olar obalaryň birine görme-görşe gaýdypdyrlar. Ýolda ulag bir näsazlyk tapyp, esli wagt durmaly bolupdyrlar. (Tejribesizligiň etdirýäni-dä, gözden geçirsem uly näsazlygam däl eken, ulag derrew işledi). Ýanlaryna alan ujypsyz suwlaryny-da derrew içip gutarypdyrlar. Är-aýal şeýle bir alkyş okaýarlar, şeýle bir alkyş okaýarlar, arasynda: «Bu indi siziňem gyzyňyz» diýip gaýtalaýarlar. Men ýigidiň: «Agam, alada edinmäň, indi özümiz aşarys» diýenine bakman, ulagymy yzyma öwürdim. Olaryň öňüne düşüp gitdim. Bir çäýnek çaý bilen nepesimi düzläbem, ýene şähere tarap rowana boldum. Daňa golaý sag-aman öýe geldim. Şol gyzjagaz häzir ýaşy kyrka golaýlaberen aýal bolmaly. Öýli-işikli, çagaly-çugaly bolup gidendir. Şol bolup geçen ahwalaty Zöhre jana-da gürrüň berdim. Soňky wagtlar ýadyma köp düşýär. Iki-üç gezek düşýüme-de girdi. Geň galaýmaly. - Belki, olar aram-aram seni ýagşylykda ýatlansoň, şeýle bolýandyr? Allatagalanyň adamy ýaradyşy täsin ahyry. - Hä-ä. Şeýle bolaýmagam ähtimal. Myhmanlar ertesi gün yzlaryna dolandylar. Agtyjaklary Humaý bilen Hajary oba gezelenje alyp gitdiler. Dowamy bar >> Surat: N.A.Sysoýew / "Ene" | |
|
√ Taraşa / powest - 01.02.2024 |
√ Guduzlan it / powest - 09.09.2024 |
√ Baga bagşy -6: «Barylmadyk illerde, eşidilmedik gep ýatyr» - 07.03.2024 |
√ Aýuwlaryň aýdymy -3: powestiň dowamy - 04.08.2024 |
√ Ene / powestiñ soñy - 15.01.2024 |
√ Sary bagşy / powestiň dowamy: Atyň ürken ýeri... - 06.03.2024 |
√ Palindromaniýa: Kök küý kiss me - 05.07.2024 |
√ Baga bagşy -12: «Bizden döwran geçdi diýiň daglara-a!» - 08.03.2024 |
√ Baga bagşy -8: «Niçik geçer halym Bibi...» - 08.03.2024 |
√ Sary bagşy / powest - 03.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||