10:32 Mertlik hemme kişä berilmeýär / hekaýa | |
MERTLIK HEMME KIŞÄ BERILMEÝÄR
Hekaýalar
Yzygiderli gaýtalanyp duran şol bir üýtgewsiz ýagdaý: körpe ogul bilen aýaly-ha işe, çagalary-da mekdebe gitdiler. Öý birnäçe sagatlyk ömrüň alty onlugyny arka atan iki adamyň ygtyýarynda galdy. Telewizor goýberildi. Saçak täzelendi. Amangulynyň göwünli-göwünsiz iýip-içip oturmagy Aýnany iňkise goýdy. Juwanlyk birmahal geçip gidenem bolsa, ýassykdaşyna bolan söýgüsi, mahir-muhabbeti birjigem gowzamadyk aýal: - Näme, göwnüň başga bir zat küýseýämi? Aýt, derrew bişirip bereýin – diýdi. - Ýok, ýok, Aýna, aladalanma, hemme zat ýetik - Amanguly çaýly käsäni saçakda goýdy. Aýalyna agras nazar aýlady. – Öten agşam birden talyplyk ýyllarym ýadyma düşüp, hiç uklap bilmedim. - Wi-ý, şeýlemidi asyl! Näme gowy zatlary ýatladyň onsoň? - Ol ýöne ýerden ýadyma düşmän eken, Aýna. Hut geň galaýmaly. Şu gün aýyň näçesidigini bilýämiň? - Hawa, bilýän. Muny name üçin soradyň? - Mundan baryp-ha kyrk ýyl ozal, edil şu günki senede men bir dersden goşmaça synag tabşyrypdym. Ikimiz şol ýerde sataşypdyk... Aýna gaharly gepledi: - Bolman geçse bolmaýamydy, şol ahwalat! Adamyň ejizliginiň, namartlygynyň töwerege göz bolan güni!..Ýagşy zat bolanlygynda, bireýýäm unudylardy. Häý... Megerem, gargyşly sögünjek bolan bolsa gerek, ýöne özüne erk edip, sesini kesdi. Amanguly onuň keýpini bozanyna ökündi. Göwnüni açmasaň-a bolmaz! Saçak ýygnaldy. Aýal günorta naharyny bişirmegiň aladasy bilen boldy. Ýassykdaşy keseden ony birsalym synlap oturdy. Soňra: - Meniň aram-aram bir täsin pikir kelläme gelýär. Isleseň, ony saňa aýdaýyn – diýdi. Aýna işden ünsüni sowup, Amangulynyň ýüzüne seretdi. – Birden ykbal seni-hä başga bir ýigide, meni-de başga bir gyza çatanlygynda, ikimiziň halymyz nähili bolardyka diýip oýlanýan. Özüm-ä ýagty jahanda sensiz ýekeje ýylam ýaşap bilmezdim, walla, ýaşap bilmezdim. Sen nähili? Aýal ýylgyrdy. - Kelläňe ýagşy-da bir pikir gelýän eken. Sen, gowusy, bar, mallaryň, towuklaryň ýagdaýyna seretsene – diýdi. Gapa ýönelen ýassykdaşyna eşitdiribem, sözüniň üstüni ýetirdi: - Hamala diýersiň, men onsuz ýaşap biljek ýaly! Amanguly mallaryň, towuklaryň ot-suwuny berdi, olaryň saklanýan ýeriniň içini - daşyny arassalady. Ýöne ýatlasy gelmeýän şol ýatlama onuň ýakasyny goýbererli däldi. * * * Kellesini galdyrman leksiýa okap duran, aram-aram oturanlara göz astyndan sowuk nazar aýlaýan mugallym birden sesini kesdi. Soňra münberden aýrylyp, talyplaryň depderlerini gözden geçirip ugrady. Auditoriýa hyşy-wyşy aralaşdy. Yzky hatarda penjireden daşaryny synlap, pikire çümüp oturan Amanguly mugallymyň hereketinden habarsyzdy. Ol özüni ýuwaşjadan tirseklän ýoldaşynyň ýüzüne äm-säm bolup seretdi. Ýoldaşy mugallyma ümledi. Amanguly aljyraňňy halda eýlesine-beýlesine seretdi. Gezek olara ýetdi. Ýanyndaky ýigidiň depderini gözden geçiren mugallym Amangula ýüzlendi: - Hany, senem ýazgylaryňy görkez, ýigit! Amanguly daşy gök derderi oňa uzatdy. Birinji sahypada daşary yurt edebiýatyndan okadýan mugallymyň ady, familiýasy, öwreniljek eserleriň sanawy, soňra geçilen sapaklardan bary-ýogy iki-üç sanysynyň juda gysgajyk ýazgysy – bolany. - Galan sapaklardan name üçin hiç hili bellik etmediň? Amanguly jogap bermedi. - Men senden soraýan, ýigit! Talyp ýerinden turdy. - Men geçilen sapaklaryň hemmesini bilýän, ýoldaş mugallym. Degişli kitaplary uniwersitetiň kitaphanasyndan alyp okaýan. Şeýle bolansoň... Ol sesini kesdi. Mugallym ellerini arkasyna tutdy. - Näme “şeýle bolansoň”...? Dowam ediber. Talyp ýuwdunyp, ellerini owkalady. Mugallym sözüni azmly dowam etdirdi: - Diýmek, şeýle bolansoň, sen leksiýany ýazaňok-da? Özüňe ýokary baha berýäň-dä? Men dogry aýdýanmy? - Men özüme ýokary baha beremok. - Belki, meniň leksiýalarym saňa ýaraýan däldir? Olary gowşak görýänsiň? Çekinme-de ýüregiňdäkini aýt, menem eşideýin, oturanlaram eşitsin. Amanguly dişlerini gaharly gysdy. Onuň dodagy titräp ugrady. Böwet böwsüljek-böwsüljekdedi. - Men senden soraýan! Auditoriýada bomba ýarylana döndi: - Hawa, gowşak görýän! Mugallym äýnegini aýyrdy. Ýene dakyndy. Sandyraýan eli bilen köýneginiň ýakasyny, boýunbagyny sypalady. - Hany, ýaňky sözüňi ýene bir gezek gaýtala! - Gaýtalaýaryn. Siziň leksiýalaryňyz maňa asla ýaranok. Olaryň hiç biri özüne çekiji däl. Jaňyň kakylaryna howlugyp oturýan. Siz... Amangulynyň öňde oturan dosty Kadyr ilki sag elini galdyryp, onuň ünsüni özüne çekdi, soňra “bes et” diýen manyda barmagyny dodagyna ýetirdi. Mugallym moýmudyklap münbere tarap gaýtdy. Onuň her gapdalyna bir elini goýup, başyny aşak goýberdi. Talyplaryň nazary oňa gönükdi. - Meniň leksiýalarym başga kime ýaranok? Dym-dyrslyk. Ol soňra Amangula ýüzlenip: - Sen, “ökde” talyp, auditoriýany boşat. Şu günden şeýlägem meniň sapaklaryma geljek bolup ýörme! – diýdi. Arakesmede onuň daşy oglan-gyzdan doldy. Gyzlar geplänokdylar. Oglanlaryň weli hersi bir zat diýýärdi. Onuň gulagy aýdylýan zatlary eşidenokdy. Nazaryny bir nokada dikip durdy. Amanguly uniwersitetiň howlusyndan çykyp barýarka, biri adyny tutup gygyrdy. Bir toparda okaýan aşgabatly gyz Gurbangül eken. Uzyn boýly, saryýagyz, etli-ganly, aňrybaş derejede owadan, garadan gaýtmazlygy, gönümelligi sebäpli oglanlaryň arasynda ýeňsesinden Harmandäli diýlip atlandyrylýan gyza agyz suwardyp bakýan köpem bolsa, “ýandym-bişdimli” söýgi hatyny ýazmaga ýürek edip bilýäni ýokdy. (Gyzyň kakasy uly wezipäni eýelänsoň, ondan mugallymlaryňam çekinýändiklerine oglanlar berk ynanýardylar). Amanguly name üçindir oňa turuwbaşdan aýal dogany hökmünde garap ugrapdy. Gyzyňam oňa garaýşy şeýledi. Gurbangül ýigide göwünlik berdi, “Naçaram bolsak, gerek ýerinde erkegiň duran ýerinde durup bilýändiris. Ýagdaý çylşyrymlaşsa, dadyňa ýetişmäge taýýardyryn” diýdi. Amanguly ýylgyryp, baş atdy. Synag döwri gelip ýetdi. Ýigit yzly-yzyna ýokary bahalary almagy başardy. Iň soňky synag daşary yurt edebiýatyndandy. Amangulynyň girenini gören mugallym ýüzüni egşitdi. Tä ol öz öňüne geçýänçä, edil köne duşmanyna sataşan ýaly bolup, kirpiksiz, gyzaryp duran gözlerini alartdy oturdy. - Aýdyp bolduňmy? - Hawa. Ol goşmaça soraglara-da ýüzugra jogap berdi. Mugallymyň etjegi içinde eken: goňur reňkli sanajyndan kagyz bölejiklerini (ýörite taýýarlan bolmaly) çykardy. Hamala, olary biri kakyp alyp gaçaýjak ýaly, barmaklary gysga pökgüje elinden aýyrman, ýene sorag ýagdyryp ugrady: “Pylan eseriň haýsy bölüminde...”, “Pylan eseriň haýsy parçasynda...”, “Pylan eseriň niresinde...” Amanguly indi ýere seredip dymyp otyrdy. Mugallym ýaryşda aty çykan ýaly boldy. Göwnühoş ýylgyrdy. Nazym bilen: - Näme dymýaň, “ökde” ýigit? “Kitaphana gatnap okaýan” diýip öwnüpdiň-le? – diýip sorady. Ýigit ýuwdundy. Şol ýerden çykmaga gyssanýan ýaly, gapa seretdi. - Bahaň-a 2-lik. Gidiber! Amanguly daşary çykdy. Ýüzüne soragly bakýan oglan-gyzlara “ýykylandygyny” aýtdy. Gurbangül oda-köze düşdi: - Bu nähili beýle bolýar? Sen biziň aramyzda iň ökdämiz ahyry! Şeýtmäge mugallymyň nädip ynsaby çatýarka? Ýok, men häzir onuň ýanyna girip, aýtmaly zady göni aýtjak! Amanguly gyzyň çep eliniň goşaryndan şapba tutanyny duýman galdy. - Sag bol, Gurbangül! Ýöne haýyş edýän: onuň ýanyna girme. Men çynym bilen haýyş edýän! Gyz onuň ýüzüne seredip, başyny ýaýkady. Soňra bir gyra çekilip, özbaşyna hüňürdedi. Synaglar tamamlandy. Aladadan dynan talyplar öýli-öýlerine dargadylar. Amanguly galmaly boldy. Gaýtadan synag tabşyrmaga üç gezek bardy, her gezegem mugallymdan: “Soň aýlan, meniň wagtym ýok” diýen jogaby eşitdi. Ahyry bölümiň dekanyna arzyny aýtmagy makul bildi. Oňa ýagdaýy düşündirdi: “Men synagy gaýtadan tabşyrmaga taýýar. Mugallym gününi bellese bolany” diýdi. Ýöne ýigidiň janygyp aýdan sözleri agyr habar eşiden ýaly, hemişe ýüz-gözüni bürüşdirip ýören dekana hiç hili täsir etmedi. Ol alnynda ellerini owkalap, ýuwdunyp duran talyba parhsyz nazar aýlap: - Siz bäri okamaga geleňzok ahyry. Size şagalaň-şugalaň, keýp-sapa gerek. Sykaja salnanyňyzda-da meniň ýanyma ylgap gelýäňiz. Siziň sanyňyz ýüze golaýlaýar, men bolsa ýeke, haýsy biriňiziň ýetmeziňizi ýetirip, bitmeziňizi bitireýin? – diýdi. - Men gowy okaýan, ýoldaş mugallym. Ýöne şu gezek... Dekan oňa sözüni jemlemäge maý bermedi: - Gowy okaýan talyp synagdan “ýykylmaz”. Mugallymyňa ýalbar, gerek bolsa, aýagyna ýykyl, bahany düzet. Menden saňa haraý ýok. – Ol goşaryndaky sagada seretdi. – Meniň ýanyma häzir biri gelmeli. Amangulynyň ýüzüne urlan ýaly boldy. Köpi gören ýaşuly adam ýagdaýyna düşüner, kömek eder öýdüpdi... Ol mugallymyň ýanyna ertesi günem bardy. Edebiýat kafedrasyndadygyny aýtdylar. Amanguly gapyny açdy. Mugallym ýazga dümtünip oturan eken. Edil şol wagt garaşylmadyk waka boldy: ýigidiň yzy bilen...Gurbangülem içeri girdi! Amanguly onuň ýüzüne haýran galyp seretdi. Baranlar salam berdiler. Mugallym bir ýigidiň, bir-de gyzyň ýüzüne soragly seretdi. Gurbangül: - Ýoldaş mugallym, men siziň ýanyňyza şu ýoldaşym üçin geldim. Gowy bahalar bilen okaýar. Gazetlerde çykyş edýär. Şeýle-de bolsa, ýatakhanadan ýer berlenok, kireýne ýaşaýar. Uly maşgalanyň diňe kakasynyň aýlygynyň hasabyna ýaşaýandygyny, ejesiniň ýürek keselinden ezýet çekýändigini maňa gürrüň beripdi. Siz mugallym ahyry, munuň bilen deň bolmaň! Barybir talyp hakyndan mahrum boldy, gaýtadan synaga goýberäýiň-dä! – diýdi. Mugallym elindäki ruçkany birnäçe gezek stola tyrkyldatdy. Özüne zor salyp ýylgyryp: - Seniň familiýaň nämedir? – diýip sorady. - Annalyýewa. - Sen daşarda garaş, Annalyýewa. Meniň bu ýigit bilen birki agyz gürrüňim bar. Olar ikiçäk galdylar. Mugallym ýazgysyny, ruçkasyny sanajyna salyp, ony bir gyra süýşürdi. Iki elinem gursagyna ýetirip, kürsüde arkan gaýyşdy. Ýaňsyly gürledi: - “Ökde” ýigit, ne beýle ejizläpsiň? Aýalyň arkasyna bukulmaň name? Amanguly: - Men hiç kimiň arkasyna bukulamok. Onsoňam ol aýal däl-de, heniz durmuşa çykmadyk gyz – diýip jogap gaýtardy. Mugallymyň gany depesine urdy. Özüne erk edip bilmän, stoly batly ýumruklady. - Sen maňa geplemegi öwretme. Bolduň meniň başyma... Soňra sanajynyň daşky jübüsine elini ýetirip, kiçijik ýylnama çykardy. Oňa ünsli seretdi-de, sähel salymdan: - Diýmek, şeýle, “ökde” ýigit: sen hepdäniň anna güni sagat 10-dan gijä galman, dekanatyň agzynda doňýaň. Men senden halys ýadaýym, synag alaýyn-da, dynaýyn – diýdi. Soňra gapa ýönelen ýigidiň familiýasyny tutmagy namys bilip, aýdanynyň üstüni ýetirdi: - Eşidýämiň, synaga gaýdanyňda ýaňky jedir-jediri yzyňa düşürip alyp gaýtma. Aýallardan haraý isläp ýörmek erkek kişä gelişýän däldir. Amangulynyň ýeňsesi gatady. Yzyna öwrülip, name bolsa, şol bolsuna salyp, içini sowadasy geldi. Ýöne özüne erk etmegi başardy. Gurbangül daşarda garaşyp duran eken. Ol Amangulynyň golaýyna gelip: - Näme habar? – diýip sorady. - Ýene üç günden gelmeli. “Men senden ýadadym” diýýär. Geň galaýmaly, ýadan men dälmi näme? Bäri gelýän, yzyma gidýän. Eýýäm näçe gün bäri şeýdip ýörün...Men name üçin beýleki oglanlar ýaly dälkäm, Gurbangül? Näme üçin ýüregimdäkini derrew dilime alýarkam? Mekdepde taryhdan ýaşuly mugallym okadypdy. Meni aýratyn gowy görerdi. Ol bir gezek maňa: “Sen gaty arassa, dogruçyl oglan. Durmuşda kyn bolarmyka öýdüp gorkýan” diýipdi. Şonuň aýdany dogry bolup çykdy. Häzirki görýän görgim geljekde çekilmeli kynçylyklaryň başy bolmaly. – Ýigit dymdy. Nazaryny haýsydyr bir nokada dikdi. Birsalymdan sözüni dowam etdirdi: - Eger ýene: “Bu gün wagtym ýok, pylan gün gelersiň” diýen sözi eşitsem, okuwy taşlajak. Bu meniň gutarnykly pikirim, Gurbangül! Gözüne ýaş aýlanan gyz dözümli gepledil: - Ýok, beýle pikiri kelläňden aýyr, Amanguly! Eger mugallym şu gezegem sözünde durmasa, men ýagdaýy hökman kakama aýdaryn. Hawa, saňa geňeşmezden aýdaryn! Ol dekan bilen gürleşip, senden synag alnar ýaly eder. Amanguly onuň ýüzüne mähirli garady. Gowy sözleri aýdasy geldi, başarmady, diňe: “Sag bol, Gurbangül!” diýmek bilen oňdy. Eger mugallymyň sözi iki çyksa, hasap depderçesini dekanata tabşyryp, yzyna gitjekdigi weli çynydy. * * * Tutuş üç günläp kitabyň başyndan turmadyk ýigit bellenilen gün uniwersitete geldi. Ol ýere gaýybanaçylar dökülipdir. Ymaratyň birinji gatynda ýerleşensoň, dekanatyň öňi ibirt-de-zibirt: özara gürrüňleşip durlar, içeri girip gelýärler, daşary çykyp barýarlar. Basym Gurbangülem peýda boldy. Mugallymyň ol barada aýdan batnyksyz sözleri gulagynda ýaňlanyp duran Amanguly gyz bilen salamlaşandan soňra, “Gurbangül, sen, mümkin bolsa, aňyrrakda duraý, birden mugallym yrsaraýmasyn” diýdi. Gyz onuň bu sözlerinden many aljak bolýan ýaly, ýüzüne çiňerilip seretse-de, sesini çykarman, gaýybanaçylaryň arasyna siňdi. Aňyrdan moýmudyklap gelýän mugallym dekanata girip gitdi. Sähel salymdanam çykyp, golaýda duran iki gaýybanaçy talybyň ýanyna bardy. Olary yzyna tirkäp, ýene dekanata ýöneldi. Içerden alnyp çykylan iki stoly, iki oturgyjy açyk ýerde goýdular. Soňra ýada-oýa gelmejek ýagdaý bolup geçdi. Mugallym olaryň birinde ornaşyp, sanajyndan soragnamalary çykaryp, stoluň üstüne ýaýratdy. “Bäri gel” diýen manyda Amangula elini salgady. Ol bardy. - Hany, şulardan birini çek, “ökde” ýigit. - Şu ýerdemi? Mugallym awusyny pürkdi: - Hawa, şu ýerde. Näme, meniň öýüme baryp, ine-gana çaý-nahar edinip, synagy şol ýerde tabşyrmak hyýalyň barmydy? Amanguly üçin sowallar kyn däldi, duran ýerinde aýdyp biljekdi. Ýöne mugallymyň birden yrsarap, gazaba münerinden çekindi. Häzir esasy zat baha alyp, görlen horlukdan, kemsidilmeden dynmakdy. Birki günlügem bolsa, sada kakasynyň, keselbent ejesiniň, agalarynyň daş ýerde okaýandygyna begenýän doganlarynyň ýanynda bolmakdy. Amanguly beýleki stola geçdi. Sähel salymdan ikisiniň daşy bilesigeliji gaýybanaçylardan doldy. - Taýýarmyň, “ökde” ýigit? - Hawa. - Aýdyber. Amanguly soraglary çöp döwlen ýaly etdi. Mugallym bu gezek dört sany goşmaça sowal berdi. Olaram jogapsyz galmady. Amangulynyň ýeňsesinde duranlaryň biri: - Beh, şeýle talybam synagy gaýtadan tabşyrýarmyka? – diýip, geň galmasyny daşyna çykardy. Olaryň arasynda hümürdi artdy. Mugallym talybyň hasap depderçesini açdy. - Hä, Atagulyýew Amanguly diýsene. Jogabyň-a gürrüňsiz 5-lik. Ýöne Ýöne synagy gaýtadan tabşyrýan a bu bahany goýmak bolmaýar. $-lügem şeýle. Ine, 3-lük weli goýsaň bolar. Ol şol bahany goýup, hasap depderçesini Amangula uzatdy. Indi duranlaryň arasynda gyz sesi eşidildi: - Utançsyz! Başga bir gyz onuň aýdanynyň üstüni ýetirdi: - Bir ýaş oglandan şeýdip ar aldy öýdýän. Ýöne kimiň masgara bolanyny gördük-le. Gaýybanaçylar dargady. Amanguly sarsman durdy. Ol öz ýanyna Gurbangülüň geleninem duýmady. Gyz: - Ahyry dyndyň-ow! Näçe goýdy? – diýip sorady. Amanguly özüne zor salyp ýylgyryşyna: - Semiz 3-lük – diýip jogap gaýtardy. Gurbangül gaşyny çytyp, başyny ýaýkady. Ikisi uniwersitetiň howlusyndan çykyp, awtobus duralgasyna tarap ýöneldiler. Oňa golaýlanlarynda, ýaşyl agaçlaryň saýasynda duran uzyn boýly, etli-ganly, saryýagyz bir gyz ýigide seredip salam berdi. Amanguly onuň salamyny aldy. - Bagyşlaň, siz Amanguly dälmi? - Hawa. Biz tanyşmy? - Ikimiz bir şäherden. Men okuwy senden iki ýyl soň tamamladym. Biz çeper okaýyş boýunça şäher derejesinde geçirilen bäsleşige gatnaşypdyk. Sen birinji orny eýeläpdiň, maňa bolsa ikinji orny beripdiler. Seniň “Ýolbars we Tilki” diýen basnýany okaýşyňa oturanlaryň hezil edip gülüşleri, soňra şowhunly el çarpyşlary ýadymdan çykanok. - Dur, dur, senem Aýna bolmaly, bildimmi? Gyz mawy gözlerini güldürip, baş atdy. - Hawa. Men bärde taryh bölüminde okaýan. On ýyl bilim alan medebimizde-de mugallym bolup işleýän. Ýaňy seniň jogap berşiňem synladym. Jogap berşiň-ä, şol dersi gaty gowy bilýäniňden habar berýär. Nädip “ýykylyp” ýörsüň? - Ol uzak gürrüň, Aýna. Gurbangül çep tarapa elini salgap: - Anha, meniň münmeli awtobusym gelýär – diýdi. Göz astyndan Aýna seretdi. Ol sumkasyny açyp, bir zat gözleýärdi. Gurbangül mundan peýdalanyp, Amangulynyň gulagyna pyşyrdady: - “Her iş bolsun, bähbit bolsun” diýleni, çeken ezýetiň soňy bilen şatlyk eçiläýjek ýaly-la! Owadan eken, özi-de asylly gyza meňzeýär, halaşýany ýok bolsa, sypdyrsýma! Amanguly: - Bir zat aýdyp goýberýäň-aý. Haýsy bir “salam-salamyň” soňy söýgä baryp direýämişin? - diýmäge ýetişdi. Köpçülik Gurbangüli gujagyna gysdy. Aýna ikisi ugurdaş eken. Gyz awtobusdan düşjek bolup durka, oňa kireýne ýaşaýan ýeriniň salgysyny berdi. * * * Uniwersitete okuwa giren ildeş dört oglan demir ýoluň gaýrasynda kireýne ýaşap ugrapdylar. Olaryň bolýan öýjagazy howlynyň künjünde goşmaça gurlan bir otagdan hem-de aşhanadan ybaratdy. Bir ýyl okalandan soň, Amanguludan beýlekiler gezekli-gezegine uniwersitetiň ýatakhanasyndan ýer alyp gitdiler. Olaryň ornuny şol ýigitleriň uniwersitete ýa-da instituta täzelikde kabul edilen tanyş-bilişleri, dogan-garyndaşlary eýelediler. Ikinji, üçünji okuw ýylynda-da şeýle boldy. Özi özüne “kireýne ýaşamak maňlaýyna ýazylan” diýip at goýan Amanguly ýatakhanadan orun tamasy bilen, ýene dekanyň ýanyna bardy. Bu gezek onuň synagy gaýtadan tabşyrmaly bolandygy dekana uly tutaryk boldy. Ol ýüz-gözüni egşidip oturyşyna: “Ýer sapaklaryna oňat ýetişýän talyplara berilýär” diýdi. Hojaýyn ozal kireýne ýaşaýan oglanlaryň hersinden aýyna on bäş manat alýardy. Täze okuw ýylynda ýene bäş manat galdyrdy. Bu Amanguly üçin köp puldy. Ol günleriň birinde kitaphanadan dolanyp gelýärkä, oba hojalyk institutynda okaýan tanyşyna duşdy. Gürrüň arasynda özüniň ýagdaýyny gürrüň berdi, arzan ýer tapylsa, habar yetirmegini haýyş etdi. Tanşy: “Bärde ýaş mahaly goşun gullugynda kakam bilen bile bolan adam bar, biz oňa Ata däde diýýäris. Iki maşgala köp ýyl bäri gadyrly gatnaşykda. Men ilki şolarda ýaşap, soňra ýatakhana geçdim. Ata däde şäheriň uly ammarlarynyň biriniň müdiri bolup işleýär. Men aram-aram oňa kömekleşip, jübi pulumy gazanýan. Eger göwneseň, seni-de işlemäge ýanyma alyp biljek. Kireýne jaý meselesi-de ýadymda bolar” diýdi. Bu habar Amangulyny juda begendirdi. Ammar müdiri ýigitleri närazy edenokdy. Tanyş ýigit bir gün: - Saňa ýaşara ýer-ä bar weli, ýöne...- diýip, sözüni tamamlaman goýdy. - “Weliniň” name, Baýram? - Ata dädäniň jaýy tüýs seniň ýeriň-dä: bag-bakjaly giň howly, dört otagly jaý. Mundan başga-da, myhman-mediwana niýetlenip, bir künçde goşmaça gurlan öňi eýwanly ýene bir öý bar. Ata däde – gyzlak, üçüsi öýli-işikli boldy, dördünjisi heniz mekdep okuwçysy. “Welin” diýip säginenimiň sebäbi, birinjiden-ä, onuň öz howlusyna keseki adamy goýberjegi belli däl; ikinjidenem, aýaly keselbent bolansoň, känbir daşary-beýlekä çykyp ýörmeýär. Birden ýaşap ugrasaň, öýüň işlerine kömek etmeli bolarsyň diýip aýdýan muny. Men Ata dädeli gürrüňi name üçin gozgadym? Ol golaýda meniň öýlerine seýrek barýanymdan zeýrendi. Onuň ýagdaýyna düşünýän: uzynly gün aýak üstünde, öýe baransoňam, goltgy berýän bolmansoň, ähli iş bilen özi meşgullanmaly... - Men öýüň islendik işini etmäge taýýar, Baýram. - Sen entek gaty begeniberme, Amanguly, bolýamy? Soňuna garaş. Amanguly baş atdy. Onuňky çüwdi: Ata aganyň myhman-mediwana niýetläp guran öýünde ýaşap ugrady. Hoşgöwün ýaşuly talyp ýigide stol, oturgyç, okuw esbaplaryny goýar ýaly şkaf alyp berdi. “Kem zadyň bolsa, çekinme-de, aýt, ýagşy ýigit. Tä professor bolýançaň ýaşasaňam, şu öý seniňki. Ýöne soňra köçede deňimden tanamadyksyran bolup ötmeseň bolýar” diýip, loh-loh güldi. Ata aga myhman geljek güni oňa duýdurýardy. Amanguly tä olar gaýdýança bolýan öýüne girmezdi. Ikibaka gatnap, hyzmat ederdi, aralygynda Ata aga adyny tutup gygyrýança, onuň aýaly Bike daýza bilen çaý-çörek edinerdi, hojaýynyň körpe gyzy bilen bilelikde öýe tabşyrylan ýumuşlary ýerine ýetirerdi. Günlerde bir gün olara Amangulyny kösän, has takygy, adamlaryň arasynda masgara eden mugallym myhmançylyga geldi. Ýigit oňa salam berdi. Mugallym çala baş atdy-da, onuň ýüzüne geň galyjylyk bilen seretdi. Ata aga ýylgyryp durşuna: - Ýoldaş mugallym, beýle seredýäň weli, tanajak bolýan-a dälsiň-dä? – diýip sorady. Mugallym ýüzüni oňa tarap öwürdi. - Ýok, bu ýigit ikimiz tanyş: ol biziň talybymyz. Bi...nememi...seniň garyndaşyňmy? - Hiç hili garyndaşlygymyz ýok. Ýöne, ömri uzak bolsun, aňyrsy edepli öýden gaýdan bolmaly, agras, gepi-sözi ýerinde, öýüň işlerine ýadamasy-ýaltanmasy ýok. Men-ä ony indi golaý garyndaşym hasaplap ýörün. Ata aga gürrüňiniň soňuny gülkä ýazdyrdy. Mugallym “bolubilýä” diýen sözi iki gezek gaýtalady. Şol wakadan soňra dört-bäş aý geçipdi. Amanguly sapaklaryna taýýarlanyp otyrdy. Gapy kakylyp, içeri Ata aga girdi. - Amanguly jan, seniň bäri myhmançylyga gelen mugallymyň infarkt bolup, keselhana düşdi. Men ol ýere baryp durdum. Ýaňy aýaly jaň etdi: ol ertir reanimasiýa bölüminden çykaryp, umumy palata geçirilýärmişin. Näler barasym gelýär weli, ertir bize barlag gelýär. Şonuň üçin hem, sen okuwdan soň onuň halyndan habar tutup gaýt. Bike towuk çorbasyny bişirp goýar – Soňra jübüsinden pul çykaryp, sözüniň üstüni ýetirdi: - Muňa bolsa ýolugruna bazara baryp, gök önümleri alarsyň. Näme almalydygyny Bike aýdar. Şu ýumşy gaýrat edip bitir, Amanguly jan. - Gürrüňi bolmaz, Ata aga. Hassanyň ýanynda aýaly, ogly oturan eken. Mugallym Amangulyny mähirli garşylady. Ýanyndakylara ýüzlenip: - Bi ýigit biziň talybymyz. Ata çykanyň öýünde ýaşaýar – diýdi. Amanguly oňa Ata aganyň aýdanlarymny ýetirdi. Turmakçy bolanlarynda, hassa Amanguludan aýak çekmegini haýyş etdi. - Okuwlar nähili? – diýip sorady. - Gowy barýar. Synaglaryň hemmesini ýokary bahalara tabşyryp gelýän. Mugallym oňa elini uzatdy. Talyp elini berdi. - Bahalaryň arsynda ýekeje 3-lük bardyr-da? – Hawa. - Meni bagyşla, ogul! Hudaýyň hatyrasyna bagyşla! Mertlik hemme kişä berilmeýär. Seniň goşmaça synag tabşyran günüň mertligiň namartlygy ýeňlişe sezewar eden günüdi! Özüme özümi ýigrendiren gündi... Onuň gözlerinde ýaş peýda boldy. Talybyň elini ýuwaşlyk bilen goýberdi. Özüni oňaýsyz duýan Amanguly: - Ötünç soramaň, ýoldaş mugallym! Siziň hiç hili günäňiz ýok, gaýtam men ýaşlyk edip, size ynjydypdyryn – diýdi. Mugallym diwara tarap öwrüldi. Ýigit çykyp gaýtdy... * * * Amanguly aga namazyny okandan soň, edähedine görä, pany dünýäden baky dünýä göç eden ata-enesini, dogan-garyndaşlaryny, bile okan, bile işlän ýoldaşlaryny birin-birin atlandyryp, keremli Allatagaladan olary ýalkap, jennetden orun bermegini dileg etdi. Bu gezek ruhlary şat edilen merhumlaryň hataryna şol mugallymy-da goşdy... Amanmyrat KIÇIGULOW. Surat: Russiýa Federasiýasynyñ Nižegorod oblastynyñ 6-njy orta mekdebiniñ okuwçysy Maksim Kozlowyñ işi / "Meniñ söýgüli kärim - mugallymçylyk" | |
|
√ Ägä bolmaly / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Surat / nowella - 14.03.2024 |
√ Ýaşaýyş şol pursatlar / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Möjekler / hekaýa - 26.04.2024 |
√ Köprüler / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||