09:04 Ýolagçy / hekaýa | |
ÝOLAGÇY
Hekaýalar
Etrap merkezine iş saparyna gaýdan pyýadanyň möhümi günortana galman bitdi. Ol ýere gijäniň gylla ýarynda gelyän otla garaşyp, demir ýol menzilinde gözüňi gyzardyp oturmagyň zerurlygy ýok, näme kän - ulag kän, «Maňa mün-de, maňa mün, ýaşuly!». Myhman goňur sanajyny hallanladyp, olaryň üýşýän ýerine ugrady. Birden: «Erte şenbe güni ahyry. Dädemiň ýekeje aýal doganyny köpden bäri göremok, gel, oňa salama baraýyn-la. «Hem daýymlara barýan, hem taýyma baş öwredýän» diýen ýaly, obanyň tereň howasyndan dem alyp, şäheriň goh-galmagalyndan halys ýadan beýnä az pursatlygam bolsa dynç bereýin» diýen pikir bilen, ýoluny üýtgetdi. Ýatlar-ha beýlede dursun, iň golaý adamlarynyň öýüne-de ýatymlyk myhman bolmak onuň asla halamaýan zadydy. Setanda-seýranda mejbury düşlemeli bolaýanda hem, gözüne edil çiş kakylan ýalydyr, daňa zordan ýeterdi. Bu gezek bolsa... Kellesine duýdansyz gelen pikiriň yzyna düşdi gaýdyberdi... Geň! Petek alyp, täzeje awtobuslaryň birine mündi. «Sag-aman tigirlenip otursak, nesip bolsa, bir sagatdan oba ýeteris. Bir täsinje obadyr ol. Oglankam atam pahyr bilen kän barandyryn. Ol, baý, begener-ow! Bäş onlugy arka atanymdan habary-da ýokdur, edil çaga ýaly söýgülär oturar». Süýji ýylgyrdy. Ulag ýuwaş-ýuwaşdan doldy. Onuň orny yzrakdady. Awtobus ugradym-ugradymdaka, gapyda ilki gaba halta, soňra şlýapaly kelle göründi. Içeri giren garynlak kişi gözlerini süzgekledip, öz ýerini gözledi. Onuň ýanyna gelip, haşlap durşuna haltany aýagynyň ýanynda taşlady. - Sürüji inim, ýene birneme tagapyl et, haltanyň ikinjisem bardyr – diýip, batly gygyryp, yzyna ýöneldi. Sähel salymdan ikinji halta peýda boldy. Ony öňki haltanyň üstünde goýdy. Öz ýerinde – penjiräniň öňünde oturdy-da, şlýapasyny çykaryp, ýüzüni ýelpedi, köýneginiň iki iligini ýazdyrdy. Ondan deriň hem somsanyň ysy gelýärdi. Awtobus ýola düşdi. Ýaz şemaly açyk penjireden dürli otçöpleriň hoşroý, kalba aram beriji ysyny paýlaýardy. Garynlak «ýol kesdi»: - Nireli bolarsyň, gardaş? - Balkanabatly. - Haýsy oba barýaň? - Akderek obasyna. - Hä, menem şol ýerde ýaşaýan. Iş bilenmi ýa-da ... - Keýpine, görme-görşe. - Bolubilýä. Düşenimizde haltalary göterişeweri. - Gürrüňi bolmaz. - Wiý, sen ýogsa-da kimlere baryaň? - Ata Mergenlere. Aýalyna Aýsoltan diýýärler. - Hä, boldy, boldy. Gowy maşgaladyr. Tüweleme, ogul-gyzlarynyň dördüsini ýokary bilimli etdiler. Olar obadan bireýýäm göçüp gitdiler. Ikisi etrap merkezinde, ikisi hem seniň şäheriňde ýaşaýandyr. Garry öýde diňe körpesi galdy. Ýöne ýokary bilimli bolsalaram, perzentleriniň içinde başlyk çykany bolmady. Men gyzyklanyp gördüm, hemmesi kiçijik wezipede eken. Myhman onuň ýüzüne geň galyjylyk bilen seretdi. - Hemme kişi başlyk bolsa, kiçijik wezipede kim işlesin? Kiçijik ýerde oturanam bolsa, her kimiň öz orny bardyr. Onsoňam hüý-häsiýeti biri-birinden tapawutly birgiden adama baş bolmagam ýeňil-ýelpaý iş däldir. - Ol-a şeýle weli...Aý, şonda-da... Ikisiniň gürrüňi gutardy. Myhman - öňe, garynlak - penjireden daşary seredişip otyrdylar. Birdenem awtobusa batly çykan inçeli-ýogynly gülki ýaýrady. Myhman garynlagyň ýüzüne seretdi. Ol gaşlaryny çytybrak, öňe ümledi: - Sürüjiniň ýeňsesinde bäri bakyp oturan adamy görýämiň? - Görýän. - Ikimiz goňşy. Agzyndan ireniň biridir. Işi-pişesi gülki-degişme. Şondan näme peýda bardygyna men-ä haýran. Oba adamy diýeniň dagy mal-hal bilen bolaýjak ýalydyr weli...Iki-üç sany kel tokly bilen on-on bäş towukdan başga zady ýok. Özümiz-ä düýedir sygyr-da sagyp oturandyrys, Alla köp görmesin, ownuk mallaram ep-esli bar. Ýolboýy boşap gelýän awtobus ahyry iň soňky duralga-da ýetdi. Garynlagyň ogly motosikletli garaşyp duran eken. Haltalary ýüklediler. Garynlagam mündi. Myhman üst-başyny tertibe salyp, barmaly ýerine ýöneljek bolanda, biri ýeňsesinden: - Dur-how, ýagşy ýigit, Taňry salamyny alşyp-berşeli – diýip gygyrdy. Ol yzyna öwrüldi. Awtobusda märekäni gülüşdirip gaýdan adam eli torbaly ýetip gelýärdi. Salamlaşdylar. Myhman oňa syn etdi: orta boýly, çepiksi, jyrk sary, gyýkmajyk gözli, ullakan äýnegi kiçijik burnuna agram salyp dur; köse ýüzünde ýekeje-de ýygyrt, arkan gaňrylan saçynda hem ýekeje-de ak gyl ýok; goňur köwüşli, goňur balakly, ak köýnekli. Myhman: «Geýinmegi-hä oňarýan ekeniň, gardaş» diýip oýlandy. Obaly: - Baý aga gidiberdimi? – diýip sorady. Myhman onuň ýüzüne soragly garady. - Ýanyňda oturyp gelen garynlak belany şeýle atlandyrýan men. - Hä-ä. Ol myhmanyň kimlere gelendigi bilen gyzyklandy. Başyny ýaýkap: - Wah, biderek gelipsiň-dä – diydi. Myhman allaniçigsi boldy. - O näme üçin? - Olar düýn Balkanabada görme-görşe gitdiler. Hany, ýör, bize baraly. Öýde körpe ogul bilen gelni bar eken. Duz datdylar. Ýanyndaky myhmany oňaýsyz ýagdaýdan halas etdi, oňa çep gözüni çalaja gypyp goýberdi-de: - Inim, bu meniň köne tanşym, barybyr öýde ejeň-dädeň ýok, agşam bizde bolaýsyn – diýdi. Ýaş oglan baş atdy. Tirkeşip gelýärkäler, myhman: - Birhiliräk boldy bi – diydi. Obaly güldi: - Hiç hili-de bolanok, myhman. Muňa Hudaýyň işi diýerler. Nätanyş adamlar tanyşsyn, gülşüp-degşip, göwün açyşsyn diýip edýär-ä. Häzir öýe bararys, semiz towguň daşyna geçeris. Keýwany şeýle bir palaw bişirer weli, gulagyňy kesselerem duýmarsyň. - Azara galmaň...Men çynymy aýdýan. Obaly gaýtadan jykyrdap ugrady. - «Azara galmaň»...Oňarýaň-aý, walla. Öý eýesine beýle diýilmeýär-ä. «Myhman – öý eýesiniň guly» diýip eşitmänmidiň sen? Oňarýaň-aý, walla. Şäher adamsy-da. Bardylar. Olary ýüz-gözünden nur ýagyp duran, uzyn boýly, akýagyz, ýaşka örän owadan gyz bolandygy bildirip duran aýal garşy aldy. Giň, tämiz otaga geçdiler. Öý eýesi myhmanyň ýok-poguna garaman, giň balak geýdirdi. Orta çaý-çörek geldi. Gürrüň alşyp gidiberenokdy. Öý eýesi kasseta alyp, magnitofona goýdy, Nurberdi Gulowyň mahmal owazy ýaňlanyp başlady. «Sen, myhman, Nurberdi agany diňläp, gök çaýyň keýpini gör, men häzir gelýän» diýip daşary çykdy. Basym açyk penjireden: «Gaçma, çal towuk, gel bäri, men saňa gyzykly erteki aýdyp bereýin» diýen ses eşidildi. Myhman başyny ýaýkap, ýylgyrdy. Öýe palawyň agyz suwardyjy ysy ýaýrady. Saçak täzelendi. Öý bikesi ullakan tabagy tümmekledip getirdi. Ony goýup ýetişmänkä: - Essalawmaleýkim – diýen ses eşidildi. Gapyda garynlak durdy. - Geleweri, baý aga. «Ýagşy ýigit aş üstünde» diýipdirler diýip, öý eýesi seslendi. - Soňra aýalyna ýüzlendi. - Öz bilýäniňdä... Garynlak saçak başynda ornaşdy. Oňa aýratyn tabak getirildi. Myhman ilki öý eýesiniň, soňra garynlagyň ýüzüne assyrynlyk bilen seretdi. Nahary aldylar. Öý eýesi myhmanyň soragly nazaryny duýan eken, oňa ýüzlenip: - Myhman, sen baý aga aýratyn tabak getirilenini geň görme, ol nahary ýeke iýmegi halaýar. Öýünde-de çagalary geläýmesin diýip, tabagy iki aýagynyň arasyna alyp oturýar diýdi. Myhman tas pyňkyrypdy. Garynlagyň weli piňine-de däldi, köne şlýapasyny gapdala taşlap, tabakdan başyny galdyranokdy. Birsalymdan myhman gaýra çekildi. Öý eýesi-de şeýtdi. Ellerini süpürdiler. Garynlagyň entek «gidişjekdigi» görnüp durdy. Onsoň ikisi ondan-mundan gürrüň eden boldular. Ahyry onuň tabagynyň düýbi göründi. Gezek gawuna ýetdi. Sähel salymdanam orta goýulmadyk ýaly boldy. Soňra şakäsedäki buz ýaly çaly başyna çekdi-de, myhmanyň halamaýaň zadyny etdi - uludan gägirdi. Saçak ýygnalyp, çaý geldi. Öý eýesi garynlakdan: - Baý aga, etrap merkezinde näme täzelik eşitdiň? – diýip sorady. - Aý, täzelik diýer ýaly, üýtgeşik täzelik ýok. Obamyzda mal lukmany bolup işlän ýigit bardy-la. Şonuň ogly bir edara başlyk bolan eken. Kabulhanasynda bir sagada golaý oturyp, ahyry gutlap gaýtdym. Çykyp gelýärkäm: “Adamçylykdyr, ýumuş bilen gelsek, ýüzümize urmaweri, inim” diýibem ýetişdim. Baýram pakganyň agtygy-da öňräk sataşanda: «Uly haryt dükanyny açdym, işiň düşse, göni baraýgyn» diýipdi. Gözläp tapdym, gutladym. Iýer-içer ýaly zatlary arzanja aldym, mugt bereni-de bar. Ýaşy uzyn bolsun! Durdy aga hem: «Ortanjy oglum hususy kärhana açypdyr” diýipdi arada. Gyzyklanyp gördüm, salgysyny bilen bolmady. Aý, ýene bir gezek gidenimde taparyn-da. - Tüweleme, sen zor, baý aga. - Näme diýjek bolýanyňa düşünýän. Ýüzüň ýyrtyk bolsa, peýdasy kändir. Seniň häsiyetiň beýle däl, ýöne, heý, artýan zadyň barmy? - Maňa artyk zat gerek däl, baý aga. Hudaýa şükür, günüm özümden aýlanyp dur. Ogul-gyzym ýüzügara etmän ulaldylar, öýli-işikli boldular. Janymyz sag, keýpimiz kök, adama başga näme gerekmişin? Birmahal şeýle günlere ýeterin diýen pikir ýadymda-oýumda ýokdy. Meniň nähili öýlenenimi bilýäň-ä sen? Garynlak loh-loh güldi. Jübüsinden ýaglyk çykaryp, uludan sümürgendi. - Elbetde, bilýän. Ýöne myhman bilýän däldir. Öý eýesi elindäki käsäni ýerde goýdy. Äýnegini süpürip, gaýtadan dakyndy. - Biz üç dogan bolup, ata-eneden ir galypdyrys, myhman. Men ulujasy, beýleki ikisi hem gyz. Bize daýym eýe çykypdyr. Gara ýer ýaly adamdy pahyr, ýatan ýeri ýagty bolsun! Daş örerdi, agaç ussaçylygyny ederdi. Garynlak gapdaldan söz oklady: - Obanyň jaýlarynyň köpüsi Garagoç aganyň elinden çykypdy. Çyn ussady. Eden işine nyrh kesjek gümany ýokdy, berlenini alardy-da, sanabam durman, maňlaýyna sylyp, jübüsine salaýardy. - Hawa, daýym agras adamdy. Kän gepläp ýörmezdi. Eseboýa gelenimde, bir gezek maňa çiňerilip seredip: «Ýegen, bu sypatyň bilen il saňa gyzyny dözäýse ýagşy» diýip, mys-mys gülüpdi. Şol aýdany häzirem gulagymda dur. Daýymdan ussaçylygy öwrendim. Meni-de soraglap ugradylar. Eşider bolsaň, bir gowy adama iki otagly jaý gurmaga gitdim. Başga oba. Özüm ýigrimi yaşymda, basan ýerimden ot çykýar. Ojagaz iş dagy nämejik! Işi sanlyja günde bitirdim. Onuň bilen hasaplaşyp, duldegşir goňşusynyň jaýynyň bir otagynyň agaçdüşegini täzelemäge başladym. Gazanylan pul ganymatja bar, keýpim kök. Nesip bolsa, ertirki awtobus bilen ýola düşmeli. Hawa, giçlik ýuwnup-ardynyp, agaç işi bitirilen adamyň ýazan saçagynyň başyna geçdik. Ady ýitmiş ajy suwy köpräk gaçyrypdyrys. Mende, näme, iliňki ýaly düzüwli kelle barmy, öň zordan-a. Göçüpdirin: birinji işlän öýüme barypdyryn. «Ýaşuly, men-ä ýerden ýeke çykan ýetimçe, begenenimde güljegim, gynananymda aglajagym ýok. Seniň üç sany gyzyň bar, şolaryň birini maňa berseň, Hudaý ýalkar» diýipdirin. Aýaly görgüli-hä ýakasyny tutup, içki otaga ýumlugypdyr. Ýaşuly ardynjyrapdyr, «Ýagşy ýigit, sen git-de, dynjyňy al. Biz pikirlenişip göreris» diýipdir (meni onuň goňşusy ýalbar-ýakar edip alyp gaýdypdyr, bolan wakany gürrüň berenem şol). Ertesi awtobusa münmäge gyssandym. Bir hepde geçenden soň, şol yaşuludan habar geldi. Daýym bilen daýzam entek nämäniň-nämedigini bilmänsoň, şol oba gümürtik duýgulara gümra bolup gitdiler. Yzlaryna weli gülüp dolandylar. Ýaşuly: «Şol gyýkmak gözüň gyzymy hor etmejigini aňýan. Haçan isleseňiz, alyp gidiberiň» diýipdir. Şeýdip, öz göbegini özi kesen adam men... Garynlagam, myhmanam gülmek keýpinden çykdylar. Gije birçene baryberipdi. Garynlak turarman boldy. Daşary çykdylar. Öý eýesi towuk keteginiň, mal ýatagynyň agzyny beklemäge ýöneldi. Garynlak myhmandan: - Entek bärde bolmakçymy, gardaş? – diýip sorady. - Ýok. Nesip bolsa, ertir irden ýola düşerin. - Tanyşdyk, duz-emek bolduk. Menem ertir ugratmaga gelerin... Bi, nememi, nirede işleýäň özüň? Daş keşbiň-ä ýolbaşçy adama meňzeýär. - Ýalnyşdyňyz. Biziňki kiçijik wezipedir. - Hä, şeýlemidi. Öý eýesi geldi. Garynlak öýüne ugrady. Myhman asmana seretdi: - Gör, nähili gözellik! Altyn Aý şugla salýar, ýyldyzlar göz gypyşýar. Guşa öwrüläýesiň gelýär. - Hawa, gözellik kemi ýok. Hudaý bize ähli gowy zady eçilýär – diýip, öý eýesi gürledi, soňra sesini ýuwaşatdy. – Dogryňy aýt, myhman, sen Hudaýdan gorkýamyň? Myhman ýylgyryp baş atdy. - Menem gorkýan. Ömürboýy gorkup gezdim. Şol gorky meni göriplikden, binamyslykdan, ikiýüzlülikden, harsydünýälikden gorap geldi. Hemişe: «Meniň etjek bolýan işimi Hudaý oňlarmyka?» diýip, böwrümi diňläp gezdim. Daýym pahyrdan täsin gep eşidipdim: Hudaý: «Men size tutuş gün berýan, ony nähili isleseňiz, şol hili hem geçirin. Ýöne meniň hasabat sorajakdygymy unutmaň» diýermişin. Ýadap başladyň öýdýän, myhman? Wiý, ýogsa-da, baý aga ýolda ýakmaz söz-ä diýen däldir saňa? Bile oturyp gelipdiňiz-dä. - Ýok, ýok. - Diýmez ol, gowy adamdyr. Umuman-a, bärde ýaşaýanlaryň hemmesi gowy. Tanyşlyk açyldy, sen indi bize gelip dur, göwnüň açylar. Bolýarmy? Myhman baş atdy. - Ýör, sag-aman ertire ýetmegi, azmazlygy, azana duçar bolmazlygy Hudaýdan dileg edip, ýataly. Olar öýe girdiler. Düşek ýazylan eken. Geň galaýmaly, myhman ömründe ilkinji gezek ýat ýerde sarsman ýatdy . ...Awtobus ýola düşdi. Ol yzyna seredende, Hudaýdan gorkýan adamyň mähirli ýylgyryp, goluny bulap durandygyny gördi. Garynlak myhmany ugratmaga gelmedi. Amаnmyrat KIÇIGULOW. | |
|
√ Aýňalan adam / hekaýa - 28.08.2024 |
√ Ýazyjynyň durmuşyndan bir parça / hekaýa - 25.11.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Mazarsyz galan adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Bulutlaryň döreýän ýeri / gysga hekaýa - 17.11.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Martyň bir güni / hekaýa - 20.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |