15:34 Ahmyryň awusy / hekaýa | |
AHMYRYŇ AWUSY
Hekaýalar
Jenunyýýede gije. Tünortadan soň dälizlerem dym-dyrslyk, dälilerem. Bu bina üýşmeginiň iç-u-daş pormusyndanam, onda köplenç ümsümligiň hökmürowan bolmagynyň lazymdygy bes-belli. Ýöne, gyzyl reňki “reňkbaşy” edip bellän eýýamda gurlan jaýlaryň ählisine mahsus, enedendogma kysymdaşlyk zerarly, ony gören badyňa göwsünde näme ýerleşýändigini çaklamak müşgil. Emma bu müşgilligi asan eýlemegem o diýen bir o diýen däl – gapysynyň gabsa gyrasyna berçinlenen ýaşyldaky ýaşyl ýazgyny okaýmaly. Onsoňam, bu taýynyň edil demirdonly düzgün-ä däl. Emma-ki düzgünden derwaýys dessury şeýle. Sag-u-näsag, tapawudy ýok. Tümüň omurdanyna çen, haýsy wajybyň neneňsi zeruram bolsa, hökman dynmaly-da, ornuňa geçip suslanaýmaly. ...nobatçy lukmandyr şepagat uýalary, tämizlikçiler, hassa galagopluk tapsa ony güýleňçi, azymjüsse amrudyýýeler, me-jenuny-ählleň özleri... ...daşy şampan şerabynyň göze noş reňňine boýalan bu ymaratlarda, wagtlaýyn-hemişelik mekan tutan ähli ähller, ýerli-ýerinde rahatlyk tapmasa bolanok. “Tapmasa nä?” diýip, däliziň girelgesindäki nobatçy ornunda oturan ýaşajyk şepagat uýasy oýlandy. Göýä, onuň ýeke özi däl-de, ýanynda ýene biri bar ýaly, dessine-de kimdir nämälim biri, onuň içinden aýdan bu sowalyna jogap berdi. Özem, (awt.: belki, öz sözüniň aplombyny agraltmak üçindir) arasyny bölüp-bölüp, köp nokadyny gereginden artyk ýetirip, üzlem-saplam görnüşde: -...temmi... ...bolar-da, dagy nä? Çünki bu panyda her bir edilmedik zadyň öz temmisi bar... ...edilen zadyňam özüniňki... ...ediljek bolup edilmedik zadyňam, edilmejek bolup edilen zadyňam... ...garaz hemme zadyň, gerşine ýelimlenen taňrytaýagy hökmany suratda bar-da. Ýa-da ýogam bolsa, bolaýmaly. Eger bärde bolmasa-da aňyrda, ýa ondanam aňyrdaky alysda... Tapylar. Şepagat uýasy, uludan demini aldy. Hälden bäri, gabagyndan asylyp, kirpiginde leňňer atýan ukusyna garşy göreşe-göreşe, özüne zor salyp okap oturan kitabyny ýapdy. Sahabyň solak gögümtil düşeginde, ýiti gülgüne-gyzyl ýazgy, stoljukdaky çyraň ýagtysyna birgeňsi ýyldyrady: “Lukmançylygyň filosofiýasy”. Gyz seňrigini ýygryp, kitaba esetdi. “Beýnim samraýa. Ejem diýýär-ä: “Ýatar garna, okama gyz, şuň ýaly bolgusyzlyklaňňy! Dugtor bolmasamam magat bilýän – meýnem garyn bilen garyndaş – gijesine agyr owkady o-da ibaly siňdirip bilenok, bu-da”...”. Gyz içinden ýylgyrdy. Soňam, argyn gözlerine dynç bermekden ötrümi nämemi, pökgüje gabaklaryny sallap, gymyldaman, az-kem oturdy. Soň sogduryp dem aldy-da, gussaly pikirlendi: “Okamasaňam bolanok-da. Ekzamenlere kim taýynlansyn? Puşkinmi?! Bolsaň bolupsyň-da med.-iň dördünji kursy. “Gutaryp barýar-ow, şü-ýä!” diýip, kim seni huwwalajak?! Diplomyňy eliňe alýançaň ynam ba:my diýsene...”. “Bamy!”. ...diýip ýaňky, ýanynda bardygy-ýokdugy gümürtik bigäne, pursatdan peýdalandy-da, ýeserlik bilen suňşurdy. “Waý, samsyg-ow, samsyk şüýem! Edil ýeriň jaýrygyna-da gülüp ýören süwümsizden gelenwir çylkasyz topardaşlam ýaly bolup...” diýdi-de, içinden gatyrganan gyz, gaşyny enaýy bürüşdirdi. “Jaýryk tapsak, juda güleris! Gülmän nä?! Jaýryk bolar-da, oňa-dawyr gülmän bormy, eýse? Hä, eýjejik?!” diýip, ýaňkam gep alyp galmady. “Öläýdim-dä...” diýip oýlanan gyz, “ýaňky” diýýän ýaňkysynyň ýuwan-ýympyklygyna gözüni agdardy. Birdenem, näme üçindir, şu gün süýr günortada getirilen hassa ýigit ýadyna düşdi. *** Gözler-ä mawy. Özem, şol garakda şeýlebir tämiz mawulyk tolkun atyp çyrpynýar welin, olara dikanlasaň dagy, şo sap-arassa mawulygyň polat maşakly gönder deý, ýeten ýerine sünjülip barýan şuglasy, garaçygyňy deşjek-deşjekden. Erigiň kişdesi kimin saryýagyz keşbi, dynnymça-da düwürtiksiz, oýmursyz, büdür-südürsiz päkize. Döşi gapak ýaly, bedeni berdaşly. Eginleri ýaýbaň. Gerdeni gujurly. Çiginleri çykyn-çykyn. Syrdam, daýanykly boýy-syraty, oňa garaýan zengarak bikesiniň islendiginde, owradyny owmaçladyberesi gelýän, jinnekçe sabyrsyz-takatsyz, açgöz howurdan püre-pür hyjuwyň, başga hiç zat bilen gandyryp bolmajak gijisini döretjek. Ýamzam, tokgadan dykyz daşkädi deý, tegelenip, töwereklenip, jalbary içre dos-doly toňkaryp dur welin, bu gyz-a şoňa garşy biygtyýar elini uzadaga-da, ony gysymlap, owkalap, soňam, gyjynmasyna bäs gelip bilmänem iňläp goýbermezlik üçin, hyrçyny dişläp, dodagyny çeýnäp, zordan saklanaýypdy. Ýa, Rebbil-Älemin, päkize Perwerdigär-ä! Ýigde görk-görmeg-ä berip bilipdir! Duruşjygy bilen, tä dabanyndan başlap depesine çen, zen ähline musallat... ...arman. ...erninden-ä hyllygy akýar, gözündäki ajap mawulygam bir tarapdan-a boram-boş, ikinji tarapdanam nähilidir birhili, sereden dessiňe iniňi tikenekledýän, başsyz-ahyrsyz, bipaýan bimanylykdan depme-dykyn. Özem agzyny köpürjikledip, nämedir bir zatlary samraýar, özüni pugta saklaýan amrudyýýeleriň golundan sypjak bolup, nalajy urunýar. Näme gürleýä? Kime, beýle möhüm nämäni düşündirjek bolýa? Nirä gyssanýa? Allaň özi biläýsin-dä, hernä... Başyny besleýän altynsöw saçam, ýylmanak, görmegeý ýüzem, kir-kimirdir, sülekeý-sümükden ýaňa çyr-çyrşak. Balagynyň bolsa öňem-yzam saralyp, goňralyp, gatap, kesmekläp gidipdir. Üsti-başyndan aňkaýan köne peşewiň, nejasadyň, kiriň, deriň dürüşde ysam, üç-dört ädim daşlykda durkaňam, burnuňa hapylap urýar-da, beýniňi çaýkaýar, ýüregiňi bulaýar. *** “Ö-ö-ö...”. Ýigdiň gündizki porsusy ýadyna düşende, gyz ögänini duýman galdy. “Nämäňe ögän bolýaň-aý?!” diýip, ýene-de ýaňky bigäne ýuwulmadyk çemçe deý, gyzyň oýlanmalaryna sokuldy: “Häl-ä-hä, o işigaýdanyň syr-sypatyny hyýalyňda hetjikläp, öz ýanyňdan agzyňy suwardyp, arzuwlaňda tas türsigiňden towsup çykaga-da, oň gujagyna bökäýjek bolýadyň-laý!”. Bu bihaýa jümlä gyzyň, hem-ä girre gahary geldi, hemem utanjyndan ýaňa ýüzi lap-lap gyzdy. “Gap, ýerçeken! Häý, haram diliň gursun, seniň!”. “Gapmasam?!” diýdi-de o bigäne, gözi bolmasa-da, nädibem bolsa birhili edip, hut şuş-şu mahal, haýasyz gözlerini çerreldýändiginiň duýgusyny gyzyň aňyna ýetirmegiň hötdesinden geldi. “Merez saňa! Zäher saňa!”. Gyz tarsa ýerinden turdy-da, gaharyna bäs gelip bilmän, däliziň ugry bilen – dars-dars – ümdüzine tutdurdy. Nirä barýa, näme üçin barýa – özem düşünenok. *** Şo gidişine, tä dälizi ahyrlaýan petik-penjirä çenli aýagyny däliziň ýylmanak astyna darsyldadyp gitdi. Diňe penjireli petige ýetip barýarka, özüniň öz-özünden tebil tapyp, tasanjyrap barşynyň daşyndan düşnüksiz-gülkünçdigi aňyna ýetdi. “Kamerada garawullar görse dagy näme diýerler?... “Bujagaz sammyjagyňam-a dälihana işe getirerligi bar eken. Heniz-häli bar işleýänine üç-dört aýam bolup-bolmanka, gaýa ýok, gopuz ýok ýerinden öz-özündenem örän oňatja edip aklyndan azaşyp barýar-aý, byjagaş-a-ha!” diýşip, kikirdeşmezlermi?!”. Kellesine gelen bu pikir, ony, özüni özüniň salan gümürtik ahwalyndan gaty bahym çykalga tapmaga mejbur etdi. Ol şo badyny gowşatman, hamana aňyrdanam hut şonuň üçin gelýän dek, petik-penjiräň iküç ädim bärisindäki goşa hajathanaň zenşekiljikli gapylysyna girip gitdi. Hajathanada elini-ýüzüni ýuwansoň, birneme nepesi durlandy. Özüniň ýaňky bolşuna ilk-ä kinaýaly gülümsiredi. Soňam ýüzüne kölege indi. “Ýa dogrudanam, şü: “dälilik” diýilýäni ýokaşaýýamyka? Haçan görseň kitaba dümtünip, öz-özüm içimi hümledip ýörün. Bu bir. “Ýaňky” ýa-da “bigäne” diýýän sähnämiň amadyny peýläp, oklap goýberýänje wawwatiken-jümlejiklerini eşidýän. Bu iki. Şahsyýeti doly dargan, bedibagt şizofrenigiň gelşikliräk kaddy-kamatyna agzymy süýjüdip, onuň, göreniňden mynçgalasyňy tutdurýan, topbaryp duran, gamaýja syrtynadyr gapak döşüne, bäbegiňki deý ýyp-ýylmanajyk duluklaryna, lopbujak dodaklaryna, mawy gözüne öz ýanymdan ýalmanyp, o hakda biygtyýar göwün ýüwürdýän. Bu üç. Ýeri! Howwo, mähribanjam! Bu diagnozmy ýa heniz däl?! Hany, senjagaş-gyzjagaş, geljekki psihiatr-lukman hökmünde aýt bakaly, maňa! Bary-ýogy şujagaşşa aý işlemäge ýetişip, jenunyýýe doly me-jenun-ähl arasynda, eýýäm çalaşşadan dälireýäňmi ýa-da ýo:?!”. Gyz kükregini dolduryp dem aldy-da, el-ýüzüni kagyz süpürgä süpürdi. Haladyny düzedişdiribem dälize çykdy. Näme üçindir iş ornuna gidesi gelmedi. Penjiräň erňegine uýlugyny diredi-de, daşaryny synlap ugrady. Jenunyýýeň howlusy. Köne sütünleriň käbirinden asylan seýrek çyralar, baglyk howlynyň tümlügini hatda gijäniň ümürsek alagaraňkylygyna beslärdenem asgyn gelýär. Gum-gukluk. Şu bimahal çakda adam-gara-ha beýle-de dursun, hatda ykmanda it-pişigem görünmeýär. Näme üçindir bu üýtgewsiz tukat, tün görnüşi gyz, uzak synlap durdy. Birdenem... *** Gözüne görünýärmi ýa-da bikarar serimsal göwni şeýle bolmagyny küýsedimi – golaýrakdaky sütünden düşýän ýagtylyk aýtymynda goşa sudur peýda boldy. Biris-ä gündizki görmegeý däli. Beýlekisem... ...özüne bir almany iki bölen dek meňzeş gyz... Ýigit gyza garşy egilýär-de, haýsydyr bir – megerem şunuň ýaly pursatlarda hökman diýilýän mähirli bolar-bolgusyzlyklarydyr – pyşyrdaýar. Soň ony bagryna basýar. Ýüz-gözünden öpüp, alkymlarydyr saçyndan ysgap, posa yzyna posa ýagdyryp ugraýar. Ýigdiň gujurly elleri, öz gujagynda çirtmege ilen guşjagaz deý naýynjar terpenýän gyz teniniň – beýigini beýik, pesini pes, pynhanyny aýan – dynman sypalap, sermeläp, mynçgap, gyjynmaly mäjerläp başlaýar. Onuň barmaklary, göýä, bagryna basýan tenini oýnaýan erkegiňem däl-de, gazma dutarynda nagma kakýan, öz mukamyna-da özi boýa-boý melul sazandanyň barmaklaryna çalym edýär. Gyz sojady. Ol, şu pille özüni, edil, şo çyra aýtymyndaky gyz, özüniň hyýalynyň oýnundan emele gelen salgym däl-de, özi ýaly duýýardy. Şol hyýaly mukamçynyň barmaklaram, şo hyýaly-gyzyň dutar-teninde däl-de, erňege söýenip duran munuň özüniň, galagop gyzgynlykdan dolup-daşyp, yrňyldap, damarynda ganyny gaýnatjak-gaýnatjakdaky bedeninde hyjuw-heňini çalýan ýalydy... *** Alla bilsin, ol beýdip, penjiräň öňünde boram-boş tümlüge tiňkesini dikip, ýene näçe durjakdy – birdenkä, ýeňsesinde kimdir biri, pessaýja üsgürinjiräp goýberen ýaly boldy. Ol allaniçigsi bolup tisginip gitdi-de, gursagam, gasygam, partlamaga desbi-dähil bolaňkyrlan, nähilidir birhili, şol birwagtyň özünde hem-ä eşretli, hemem ynjyly howurdan püre-pür halyna, hyrra bärisine öwrüldi. Janly-jemende ýok. Diňe özünden bäş-on ädim daşlykda, bölüm müdiriň iş otagynyň gabat-garşysyndaky diwardan asylgy iki sany portret oňa siňňitli seredýär. Olaryň, çyparlykdan çalarandygy mese-mälim, çüri eňekli, çüri sakgally, äýnekli, inçemik ýüzlüsi, bir gözüni süzüp oňa bakyp durşuna, mährewsiz gedemligi gyrasyndan “döküleýin” diýýän garaýyş bilen ony dalaýar. Beýlekisi – selçeň çal saçly, burunlak, murtly garry – tegelejik, dury äýneginiň aňyrsyndan gözlerini güldürip garap durşuna, göwnüňe bolmasa, oňa ýaşyrynja ýaňsy bilen gözüni gypýan ýaly. Gyz bilýär. Bulaň bir-ä, şo adybelli, bar bileni-bitenem hajathanadyr ýorgan-düşek bolan “Freýdmi” ýa “Froýdmy” diýilýän bolmaly. Beýlekisem, aňasty dünýä hakda tapan-tupan ojuk-bujugyny – “bula-bula, ber gula” – gatym-garym dürüşdelän, ýa “Ýung” lakamlymy ýa-da “Karl Gustaw” familiýalymy adammyka diýýä. Diňe ikisem äýnekli bolansoň, haýsynyň haýsydygyny ýüzünden kän bir magat saýgaryp bilenok. Ýöne, tanasyn-tanamasyn, şumad-a şu öz-özlerinden göwnühoş jübtüň ikisiniňem bolşuny halamady. Hasam, şo sowuklaç tekepbir gözliň, gözüni süzgekleden bolýan, leninbakyşy göwnüne jaý däl. Meger, osalka üsgürensiräp, munuň zähresini ýaranam şol bolsa gerek. Sebäbi, kowum-hyşyna doly belet bolmasa-da, anyk bilýär, şondan çykaýjagy. Şepagat uýasy gözüni alartdy-da, şo üsgürip özüni gorkuzandyr öýdýän portredine çiňerildi. Soňam içinden onuň al-petinden almaga başlady: “Näme jikjerýäň? Aý görjekmi ýüzümde? Bolsaň bolupsyň-da, Freddi Merkýuri ýa-da Ýung Song-huk! Nä, “men hajathanaň düýbüni deşdim” diýen bolup ýa-da hiç kesiň bilesi gelmeýän zatlary hakda “ol-bi zatlary bilýän öýdýän” diýensiräp, derrew adamlara göwnüýetmezçilik edibermeli diýlen zat barmy? Sammyk bolmasaň özüňem düşünerçe bolansyň-la: hiç zadam ejesiniň içinde öwrenýän ýok. Bu günki psihiňem ertirki psihiatr bolup çykaýmagy ýaman ähtimal-a! Şeýle dämi ýa?”. Özüniň gaharly oýlanmasy, gyzyň öýkesine hasam meçew berdi. Ol portretleň günäli-günäsiz ikisindenem öýkeläp, tersine döndi. Şol müddetem ol görmäge ýetişdi: ýagtylyk aýtymyndaky jübüt sudur el tutuşdylar-da, şöhle egremçesinden saýlanyp, garaňkylyga siňip ugradylar. Olaryň daşynda-da niredendir bir ýerden peýda bolan, üç-dört ýaşlyja, tokarja, tosunja oglanjyk bökjekleýär. Özem, hernäçe alatüm bolsa-da, durky-düýrmegi bilen bir bütewi göze öwrülip synlaýanyndanmy nämemi, penjiräň öňündäki gyz, ojagaz oglanyň birwagtda, hem-ä ýigit-sudura, hemem gyz-sudura birme-bir çalym edýändigini saýgardy. Şepagat uýasynyň kalbyny nähilidir birhili söz bilen aýdyp-diýip, düşündirip soňuna çykar ýaly bolmadyk nurana gussa, mylaýym lapykeçlik gaplap aldy. Ol penjiräň erňeginde oturdy. Alnyny sowuk aýna ýelmedi. Birsellem şeýdip oýsuz-pikirsiz oturandan soňam, öz-özünden aňynda ysgynsyz hantamaçylyk öwüşgini çaýylan pikir döredi: “Däliden dogýanam däli bolaýýamyka?...”. Soňam hiç zat oýlanmady. Diňe, doňňara-daş bolup oturyşyna... ...gündiz, şo görmegeý däli ýigdi görende, göwnünde birden gämiklän arzuwynyň, duýdansyz ýyldyrym uran daragt deý, birdemde lowlap tutaşýandygyny şol duýdy oturdy. Soňam ol arzuw-daragty ýana-ýana kül boldy-da, kalbyna çökdi. Düşen ýerini daglap, ýakyp-ýandyryp gelýän, gyzgyn kül... Şo küle dönen ahmyryň awusy bolsa, henizem penjiräň öňünden aýrylyp bilmän, görmeýez gözlerini daşaryk dikip, diňe täk-tenha özüne mälim nämedir bir zady synlaýan gyzyň süňňüni lerzana getirdi. Bedenini gaplan düşnüksiz, ýöne juda yzaly agyra çydamadyk şepagat uýasy hamsykdy. Özem, özüniň hamsygmasynyňam, haýrany-serasyma ahwalynyňam, arkasyndan synlaýan portretleriň piňine-de däldigini, ýeňsesi bilen syzýar... © Aýman ABDRAHMAN. | |
|
√ Merkiňi berseler, erkiňem gidýän ekeni / hekaýa - 29.11.2024 |
√ Togsan dört ýylyñ derdi / nowella - 27.08.2024 |
√ Ene / hekaýa - 10.10.2024 |
√ Palta haky / hekaýa - 18.06.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Sazandanyň säheri / hekaýa - 16.07.2024 |
√ Namysjaň adam / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Diwana / hekaýa - 03.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |