16:37 Diriligiň derdi / hekaýa | |
DIRILIGIŇ DERDI
Hekaýalar
Jemadyýýede gije. Jeset tünortadan soň getirildi. Pormusyndan-a aýaldygy bildirýär. Ýöne gatan gandyr-palçyga kesmeklän ýüzünden, ýaşynam, keşbiniň näjürediginem saýgarmak müşgil. Bu taýynyňam, düzgün-ä däl, ýöne düzgünden derwaýys dessury bar – nobatçy bilermen, arly gijeläp nijema hadysa gidip-gelsin, ukusyz argynlykda sütüni süýne, lüti söbügine lüçjek bolubersin – tapawudy ýok, gümürtik jesedi hökman özi kesäýmeli. “Rastam şü. Sebäbi wakaň “ýerine çykyp”, meýde serediş geçirenem, sülçiň teswirnamasyna başky maglumatlary hetjiklänem şo. Başyny başlan işini nokatlamalam ýene özi bolman, kim bolsun? Puşkinmi?!”. Bilermeniň buýrugy bilen prozektorhanany taýýarlap ýören sanitar ýigit, şu we şuňa meňzeş ygym-sagym pikirleri kellesinde haýaljakdan pyrlaýar. Bu onuň öz meşgul pişesinden ünsüni sowmak üçin özüniň özüne oýlap tapyp berenje ýöntem beýni pirimjigi. Elbet, “adam” diýlen, bürepisint ölmesi kyn janaweriň öwrenişmeýän zad-a ýok. Ýöne, şo öwrenişmek, däliremezden bir burun öňünçäsi dadyňa ýetişýänçä tagapyl etmek üçinem ýapyşalga gerek dälmi, eýse?! ...Ýylmanak demirden, bilboýy beýiklikdäki, erňegi germewsiz, tabytpisint sekiçede merhum ýatyr. Gapdalyndaky stoljukda mejime. Mejimede gurallar. Elligini düzetdi. Suwseperi açdy, ýapdy. Akýar. Bady ýeterlik. “Pes bolsa meýit ýuwlanda kyn. Suw tutup oňaýman, hapasyny eliň bilenem sürteläp aýyrmaly bolýa” diýdi-de, öňem belet zadyny öz-özüne gürrüň berdi. Nämüçin? Kim bilýä? Belki, bu-da, ynsan ähline ýakymsyz – ajal bilen günde-günaşa böwürme-böwür bolşup ýöreniň öz işinden ünsüni sowmaga ýardamçy hilesiniň bir ülüşidir... ...Kesimhanaň astynyň ýylmanak örtüginde, üçegastydan bolelin guýulýan süýtreňk ýagtylygyň jansyz lowurdysy, samsyk düýşdäkä çalymdaş ýürekgysgynç alasarmyklyk bilen, sowuklaç ýylpyldaýar. Bärde işleýän dört-bäş aýy bäri endikli bolarça bolupdy. Emma, henizem sodaň, iýiji natriýniň ýa-da hloryňdyr öljümek tämizligiň, diňe jesethana mahsus, garym-gatym ýürekbulanç, ýympyk ysy burnunam gijedýär, beýnisini-de çaýkaýar. *** Bilermen gelip girdi. Eýýäm iş lybasynda. Ýüzi perdeli. Elinde ellik. Örtügiň ýokarysynda, diňe gedem gözleriniň hemme kişidenem, hemme zatdanam nadyl bakyşy. Onuň söbügine basyp diýen ýaly, ýene biri bosagadan ätledi. Garasaç. Ýaşynyň entek otuza-da ýeter-ýetmezdigi, dünýäň hemmeje zadyna höwesjeň juwanlyk şuglasy uçganaklaýan nazaryndan çakladýar. Olam nikaply bolsa-da, şonuň aňyrsyndanam içeriň ysy burnuna hapylandyr-da. Gaşlarynyň bürşüşinden ýüzüni kürşerdýäni mese-mälim. Soňky giren, sesini çykarman oňa baş atdy-da, läş serlip ýatan sekiçeden birneme daşrakdaky, diwara degşirilgi, pessejik stoljugyň başyna geçdi. Ak plastik oturgyçda birki öwran oýkanjyrady. Elindäki ep-esli gabaraly portfelini açyp, ondan kagyz, syýagalam çykardy. “Sülçi öýdýän,” diýip, sanitar oýlandy. Soňam şu güne çen toplamaga ýetişen ujypsyz tejribesine daýanyp, pikirini külterledi: “Öldürilendigi güman edilýän bolmaly. Bärik, “kesilişine gatnaş, gör” diýlip iberilendir-dä”. Kazyýet lukmany guralstoljugyna direnip diýen ýaly sägindi-de, gurallary birlaý gözden geçirmäge durdy. Sanitar, oňa kömekleşmek, derhal borjy bolmasa-da – ozaldan öwredilen – çykyp ötäýtmedi. “Ýazylan zat bir başga, edilmeli zat düýbünden öňňe. “Ýazylan ýeri ýok” diýip, aýdylanyna ýygy-ýygydan dodak çöwrüberseň, hiç ýerde-de külüň batmana ýetmänjik geçäýjegi köre hasadyr-laý. Şoň üçinem “günüm üçin günimiň balasy allalaý”. Bir döwüm çöregiň hatyrasyna oňşubermeli bolýa-da. Bu işem-ä zordan tapdy. Okaňda näm-aý med.-iň dördünji kursynda? Deňdeşlerinden özüni oňaranlar-a “reanimasiýa” diýdi, “hassahana” diýdi – abraýlyja ýerlerde medbratok bolmaň najadyny gördüler. Bü-de nä – “ölüşiňe görä gömüşim” – nesibesine ýeteni, şü jesethana. Häzirlikçä-hä, boş wakansiýasy galany – sanitar. Soňam, işe alan güni, başlyk aga tarapyn ümürlijeden matallyja hümürdemişleýin: “görübereris-dä”...”. Aňynda äwmezek tozgalaýan pikirlere diňşirgenip durşuna ol, bilermen aganam göz aýtymyndan sypdyranok. Çünki bi gopbamyň häsiýetine belet. Dommalygyny edäge-de dillenmän, ümläp çäklenmegi ahmal. Onsoň bü-de ümüne aň salman, biraz haýal-ýagal gymyldaýdygy, bi aga, başlygy bolmasa-da başlyksyrap, öliň iňirdisi bilen iňirdeý-iňirdeý öldürer. “Heh. Bolduňammyr, meň başyma!”. Ol görünmeýändiginden peýdalanyp, temegindäki örtügiň aşagynda ernini gyşartdy. “Öte tekepbir-aý, şü adamam! Nämemiş, öz-ä lukmanmyş, “dogtor agamyş”, bi-de ýönekeýwir ýuwýançymyş... Hymh... Ýogsa, jesediň lukman nämesine nämemiş-aý, bar-a?! Heh. Özem, bolan bolşy, hakyýtjawyr, ak süňkli bilen gara süňkliň bar-da! Dogrusy, käte-kätä-hä, şüňe-de, ýaşynyň uludygynam, gaty-gaýrymrak bir zatlar suňşuraýsaň, ertesi başlyk aga elinjek baryp ýelmejeginem huşdan uçuraga-da: “A-how, halypa! Beýle hondanbärisi bolan bolmasana-how! Bolsak bolupdyrys-da, talyp! Özüňem ejeňden gaçaňda, şu duruşjygyňa ekspert ýa-da dogtor bolup gaçan dä:siň-laý-how?! Ystudent bolup görensiň-ä! Onnoňam-ow, halypa, biler bolsaň, bü dünýede nämeler-ä bolmyýandan bolup galýa, nämelerem bolýandan bolup ýetişýä! Şu günki talybam ertirki ministrdir-dä! Birdenkä şeýdip, seni aňňalak gapdyraýmasyn-aý, agam?!” diýesiň gelip, ýaman diliň gijäp gidýä-raý...”. -Gel, hany,-diýip kazyýet lukmany, onuň içgepletmesini gap bilinden omurdy:-kömekleş! *** Bilermen işine başlady. Ozaly bilen daşky serediş. Eşikleri. Ilki daşkysy, soň içkisi. Ýyrtygy, kesilen, çapylan, sünjülen, ýakylan ýeri ýa-da başga zeperi barmy? Tegmiller. Olardan biologiki nusgalyklar almaly. Barlagy soň, sülçi ekspertiza bellänsoň geçirer: trasologiýa, biologiýa, mikrobölejikler we ş.m.. Ganmy, dälmi? Özüniňkimi, özgäňkimi? Şonda bilner. Özem, bilermen, ezberlik bilen, birwagtyň özünde hem-ä barlaýar, görýär, hem-de haýdap ýazýan sülçä, daşyndan gürläp, anykdan gysgajyk aýdyp berýär. Eşikleri bilen boldum edensoň, bilermen olary çykarmaga girişdi. Onam kömege çagyrdy. Iki bolup, geýimlerine zeper ýetirmän, derrew sypyrdylar. Ýalaňaç zenan tenini görýäni ilkinj-ä däl, hatda ýüzünji sapardanam kän. Ýöne şonda-da, daşyndan syr bermedik ýigit, içinden haýyganyny duýman galdy... *** ...Dirilik öwüşgini, jan lowurdysy yzsyz-tozsuz zym-zyýat bolanam bolsa, hemme zady ýerbe-ýer, beýigi beýik, pesi-pes, gelşikli kaddy-kamat. Ajalyň çalymtyk-aksowult, iniňi tikenekledýän, ölimermer reňňindäki ap-ak beden. Emzikleri tömmerip, gülgüne-goňrumtyllyk bilen goýras goňrarlyp duran boldumly göwüsleri. Hamynyň ýüzi mymyjak, saryja tüý bilen örtülen, gümmezekli, ýaýbaň sagrysy. Dolmuş butlarydyr tegelenip duran naşy dyzlary. Sagdyndan çeýe, syrdam injikleri. Dirikä megerem, gözi düşen erkegiň ýüregini biygtyýar terpenmäge mejbur eden topujaklarydyr, nepis aýagyndaky dyrnaklary gyrmyzy hyna boýalan pökgüje barmaklary... Özem, bi pahyrjygyň dirikä synasyna ähli zenan yhlasy bilen idi-yssywat edendigi göz-görtele – goltuklaram, uýat ýerem, injiklerem tämiz syrylan. Inçeden näzik elleriniň sülük deý barmaklarynda dyrnaklaram, aýagyndaky ýaly mazaly ideg edilip, gülgüne reňke boýalan. Sagrysynyň, butlarynyň derisinde “pyrtykal gabyk” digir-digirlik çala bildirýänem bolsa, beýlebir betnyşan joýa-joýalyk ýok. Garnam, synasyny başyndan aýlap urýan heleýleňki mysaly, halparyp, eplik-ýaplyk, gasyn-gasyn bolup ýatan däl. “Tenini büre çakmadyk” diýilýän gyzlaňky deý depiň hamyna basdaş – tyrňyldap durmasa-da, demi gelip-gidýäkä-hä, bi garnyň, bikesi tarapyn gaýym gamynyň iýlendigi aňşyrdýar. Ýogsa, merhumyň çatalbasynyň ýarsanlygyndanam, onuň bolmanda azyndan bir gezeg-ä dogranyny çaklasaň boljak... *** ...Hut şu apalanyp saklanan zenan bedeniniň dirikä şeýle islegli, şeýle küýsegli, şeýle hyjuwly, şeýle elýetmez... gözelligem, onuň hut şu mahalky, ine şu adaty tünortada, hloryň ysy aňkaýan ine şu emwädiýýede, erte-birigün topraga duwlanandan soň, sanlyja günde lähede dönüp porsajak läş halynda serlip ýatan bihuda-bimanylygam, heniz hatyn teninden ine-gana ganybam görmedik boý ýigdiň kalbyny sersdirdi... *** Bilermeniň bolsa şol bir bolşy. Onuň üçin bu öňünde ýatan närse, adaty iş gününiň adaty wakasy – belki, näçenji ýüzünjisidir, belki-de müňünjisi. Öz-ä endikli-çakgan elleri bilen, tä depesinden dabanyna çenli meýdiň süňkleriniň abatlygyny, teninde şikesleriň barlygyny-ýoklugyny barlaýar. Özem şol bir endigandan düşnükli hörpünde jeset hakdaky maglumatlary sanamagyny dowam edýär: -...seksiýa stolundaky aýalyň jesedi dogry beden gurluşly, kadaly iýmitlenen, daş sypatyna görä, takmynan 25-30 ýaşlarynda, boýy 170 sm. Deri örtükleri solgun çal-agymtyl reňkde, elläniňde ähli böleklerinde sowuk. Jeset tegmilleri boýnunyň ýeňse ýüzünde, pilçeleriniň arasynda we bil-oňurga böleginde, otyrýeriniň iki tarapynda-da, gögümtil-melewşe reňkli bölekçeler görnüşinde ýerleşýär, basanyňda tegmiller şol bir reňkini ýitirmeýär (tegmil seljermesi 01 sagat 11 minutda geçirildi). Jeset gatamasy çeýnewaç dokumalarynda gowy ýüze çykan, ellerinde pes derejede, aýaklarynda orta derejede ýüze çykan. Çüýremek alamatlary ýok. Kelleçanagy dogry gurluşly, saçlary sarymtyk-mele reňkli, göni, depe we ýeňse böleginde 70-80 sm uzynlykda. Ýüz süňkleri elläp göreniňde süňk bütewiliginiň bozulan maýyşgaklyk alamaty bildirmeýär. Kelleçanagyň ýeňse böleginiň süňkünde 3,7 sm meýdanly, gaty kütek serişdäniň täsiri bilen ýetirilen bolmagy ahmal, süňküň durnuksyzlygy bar, deri örtüginiň bütewiligi bozulan, gan akyp, gatan yzlary bildirýär... Şu ýerde sesini çykarman ýazyp oturan sülçi başyny göterdi-de, dillendi: -Çekiç bilen urlanmy? Bilermen demsalymlyk meýitden ünsüni sowdy-da, oturana garşy gözlerini göterdi. Onuň bakyşyndaky gedemlige kinaýa öwüşgini çaýyldy. Sülçi, oklanmadyk teýenä düşündi öýdýän, müýnürgänini bildirip, gyssanmaç hümürdedi: -Düşünýän, agam! Fiziko-tehniki seljerme bellemelidigine-de, bumat bada-bat näme bilen urlandygyny aýdyp bilmejekdigiňe-de... ýöne... jesediň beýleräginde çekiç ýatan ekeni... depeliginiň dabanyna-da saç, gatan gan, ham bölejigi ýelmeşip galypdyr... şondan soraýdym-laý... Bilermeniň nazaryndaky ýaňsy soldy. Ol egnini gysdy: -Getirseňiz, belleseňiz, deňeşdirip, netije çykaryp beräýeris... -Bumat el yzlary üçin daktiloskopiýa tabşyrdyk... ertir nemedäýerin...-diýip oturan, nämüçindir, soralmasa-da, hümürdäp habar berdi. Bilermen sesini çykarman, ýene jesede öwrüldi: -...gözleri gabaklary bilen örtülen. Sepleşýän perdeleri çalymtyk reňkli, öljümek, çylgym-çylgym gan öýmeleri bar, göz perdeleri öl, dury. Göreçleri töwerek şekilli, ikisem deň, 0,4 sm diametrli... *** Bilermen gürläp dur, gürläp dur. Daşyndan bolup geçýän zatlara dynnym ýalyjagam myzaýyk etmän, diňe özüne ýumuş buýrularyna garaşyp, gymyldaman durana çalym edýän ýigdiň göwni bolsa tüýdüm-tüýdüm. Bu nähili beýle bolýar-a? ...owadan, ýaş, sagdyn, nepis, diňe şadyýana aýşy-eşretde, höwrüdir çagalaryna guwanyp-begenip ýaşap ýörmeli... Ine indem, haýsydyr bir doňýüregiň birehim erki bilen, sop-sowuk kesimsekide, ýene sähelçe pursatdan parça-parça edilip, iç-goşy çogdurylmaly läş ahwalynda serlip ýatyr... Ýigit kellesine sygdyryp bilmedi. Özem gözlerini görmeze dönderip, kesimsekiçedäki meýdi şunça saýgarmajagam bolýar. Öliň şermende bihaýalygy bilen iň pynhan ýerlerine çenli sereşläp, çalam-çaş ýatan bedeniň buky-buljumlaryna şunça seretmejegem bolýar. Emma bolanok. Ýene gözüniň öňünde dirikä tyrsyldap, görmek bagty çüwen her kesde diňe däli hyjuw oýaran näzik teniň pynhan-u nepislikleri... Emzikleri tömmerip, gülgüne-goňrumtyllyk bilen goýras goňrarlyp duran ap-ak göwüsler. Hamynyň ýüzi mymyjak, altynsöw tüý bilen örtülen, gümmezekli, ýaýbaň sagry. Dolmuş butlardyr, tegelenip duran naşyja dyzlar. Sagdyndan çeýe, syrdam injikler... Ýigit... ...hiç kellesine sygdyryp bilmedi... ...hiç... ...hiç... Ezeli-başda-ha söýlüp, apalanyp dünýä getirilen, her ysganyňda jenneti ysy seriňi sämedýän enaýyja bäbejik-gyzjagaz... Soň sypalanyp, penalanyp, aýalyp, ne ýerde, ne gökde goýmaga dözülmän, diňe hülli-hülli bilen ulaldylan gülnahal-perzent. Soň boýuna-syratyna, görküne-görmegine guwanyp doýlup bilinmedik ýaşajyk nahalça-näzenin. Ine-de ol eýýäm kimdir birini bagtyň, eşretiň sekizinji jennetine uçradan mährem perizat. Soňam dünýäniň ähli gözelliginem, ähli mähir-muhabbetinem gujagyndaky bäbegine bakýan, diňe täk-tenha özüne mälim syrlydan-syrly, gizlinden-gizlin gülümsiremeli bakyşynda jemleýän ýaş ene. Ahyrynda-da... ...jemadyýýede tüm. Şol tümde-de buzdan sowuk demir kesimsekiçesi... ...onda-da satansepini jaýjardyp, owrat ýeriniň iç ýüzüniň gülälek reňkini uýatsyz wejeralyk bilen güjeňläp ýatan läş... ...hiç... Hudaý bar, hiç syganok... hiç, hiç, hi-i-i-i... *** Bilermen daşky seredişi tamamlady. Emma ol näme diýdi, näme etdi? Sanitar ýigit, aňşyrdam, aňşyrmadam. Eşitdem, eşitmedem. Şeýle owadan diriligiň, jansyzlygyň wejera haýasyzlygyna öwrülişini hiç sygdyryp bilmeýän kellesinde, şol soňky “ç”-sy hiç aýdylmaýan “hiç”-lik, nämedir bir zatdan elheder alyp, heýýaty göçen çagajygyň özem duýmazdan biygtyýar içini çekişi ýaly, şo-o-l “hi-i-i...” diýen görnüşde, süýnüp aýdyldy durdy. Hernä, Hudaý diýen ýeri, ony bu görýänini aklyna sygdyryp bilmän, hasam serimsallyga uçramakdan saklan zat, bilermen aganyň, arasynda oňa-da üm ýa-da dişinden syzdyrýan kelteje sözi bilen iş buýrup durmagy boldy. “Tut!... Suw aç!... Ýüzüne tut!... Döşüne... Indi bilinden aşagyna... Aýaklaryna... Ýap... Eýlesine öwrüş... Sakla... Suwseperi uzat...”. Jesedi mazaly ýuwanlaryndan soň, bilermen ony kesmäge girişdi. Olam kömek etdi. Saklaşdy. Iç-goşuny çykaryşdy. Göwräň gerekli ýerinden seljerme üçin nusgalyk suwuklyk, dokuma, ham, agza bölejiklerini alyşdy. Bilermen aga “boldum” edensoň, meýdi tertibe getirişip, tikişdi. Ýene ýuwuşdy. Kesimsekiçäň ýörite şoň üçin niýetlenen ternawjyklaryndan aşakdaky lagym ötügine garşy joralanyp akýan gyzgylt-gülgüne reňkli, hapa suwa seredip durşuna-da, gözüniň öňünde ýene-de görmegeý gelniň, dirikä şeýle näzik, şeýle nepis, şeýle islegli, şeýle gyjyndyrýan bolandygy mese-mälim teni... ...göwüs, sagry, but, dyz, injikler, gülgüne hyna bilen boýalanam, aýagynyň pökgüje, geljiklijeden naşyja barmajyklary... Onsoňam, gatan kesmekleri, gan-gabarçygy ýuwlup aýrylandan soň owadan boýuna-syratyna örän lazym gelýän, inçemikden görmegeý jenan ekendigini äşgär edýän hoşroý jemaly... ...şol didaryňam jansyz, eýmenç nikaba meňzäp, doňup durşy... ...hiç... Hudaý bar, hiç syganok... hiç, hiç, hi-i-i-i... *** Irden nobatçylygy tabşyryp işden çykyp barýarka, edaranyň daş işigine ýakyn, bäş-alty sany adamyň durandygyny gördi. Ýigrimi-otuz ädimlikdäki ulag duralgasynda-da bigäne ulaglar gözüne ildi. “Hossarlary öýdýän,” diýip çaklady: “almaga gelen bolaýmasalar”... Dessine-de, ýene hyýalynda, hut şu müddet öz gözleri bilen görüp duran dek janlandy. ...göwüs, sagry, but, dyz, injikler, gülgüne hyna bilen boýalanam, aýagynyň pökgüje, geljiklijeden naşyja barmajyklary... Göýä, özüne garşy biperwaý nazar oklan nätanyşlaryň biri beýnisindäki şekilleri gözünden okan dek, utanjyndan ýaňa ýüz-ä boz-ýaz boldy, ýaňaklaram lap-lap gyzdy. Ol garaşyp duranlardan haýdan-haý ýüzüni sowdy-da, olardan uzaklaşmaga howlukdy. Kellesinde-de, ýene, ýaňy daňa ýakyn köşeşen “hi-i-i-i...” gaýtadan möwjedi. Ol, misli bu “hi-i-i-i...”-ni silkeläp, kelleçanagyndan gaçyrjak bolýan dek, birki öwran başyny silkdi-de, duralga ýöneldi. Gidip barşyna-da, munuň ýaly ýere çaganyň getirilmejekdigini ýüz-ä däl, million göterim bilýänem bolsa, göwnüne bolmasa, şo bigäne ulaglaň biriniň yzky aýnasyna ýüzjagazyny naýynjar ýaplap, dört-bäş ýaşlaryndaky saryja gulpakly, agşamky jesede ýaman meňzeşje gyzjagaz, öz yzyndan delmuryp garap duran ýaly boldy bardy. Bu duýgy ilkinji gezek gursagy içre galkynanda ol, hyrra yzyna öwrüläge-de, şo duran ulaglara tarap siňe-siňe seretmän, zordan saklandy. Soňam duralga mytdyldap barşyna yzyna gaňrylmazlyk üçin özüne zor salmasyny asla bes edip bilmedi. Gözüniň öňünde-de... ...göwüs, sagry, but, dyz, injikler, gülgüne hyna bilen boýalanam, aýagynyň pökgüje, geljiklijeden naşyja barmajyklary... Kellesinde-de... Hudaý bar, hiç syganok... hiç, hiç, hi-i-i-i... “Iýip barýar-aý, halys gemird-aý meni, şü diriligiň derdi...” diýip ol, hatda özüne-de düşnüksiz, gümürtik oýlandy. Soňam göýä, çar ýanyny gurşaýan ýalançydan ýüzüni bahymrak bukmaga dyrjaşýan dek, kellesine atan başlygyny hasam çümürdi-de, ädimini batlandyrdy. © Aýman ABDRAHMAN. | |
|
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Güýz ýapraklary düşende / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Aýakýalaňaç oglanjygyň janyndan syzdyryp aýdan sözleri / hekaýa - 15.10.2024 |
√ Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024 |
√ Kakama meňzeş adam / hekaýa - 09.11.2024 |
√ Toba maskasy / hekaýa - 27.06.2024 |
√ Şem / hekaýa - 24.08.2024 |
√ Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Скрижали вечности - 24.07.2024 |
Teswirleriň ählisi: 3 | |
| |