13:08 Kitap / nowella | |
KITAP
Hekaýalar
Bu gün kitabym çykdy. Her täze kitabym çykanda birinji nusgasyny ejeme her gezek şol bir sözi ýazyp bererdim: "Ilkinji mugallymym - ejeme!". Ejem kitaby görenden begenerdi, gowydan gowy dilegler ederdi, maňlaýymdan ogşap, şol bir sözüni aýdardy: Sen meniň arkadagymsyň, oglum... Soň bolsa kitabyny ýassygynyň teýine salyp goýardy. Şol wagt kitabymyň çykanyna mendenem beter ejem begenerdi. Soň bir gün obanyň aňry çetindäki çörekçiniň öýüne bardym ( Näme üçin baranym ýadymda ýok). Seretsem, agaç sekiniň üstünde kitabym dur. Sahypalary ýyrtylan, saralyp giden. Okamakçy bolup elime aldym. Görsem, öz elim bilen ýazan "Ilkinji mugallymym - ejeme!". Şol wagt nähili ýagdaýa düşenimi hiç kim bilmez. Masgara bolan ýaly çykyp gaýtdym. Gelip ejeme iňirdedim:"Ýedi oba paýlaň diýip beripdimmi kitaby". Ejem müýnli ýylgyrdy: - Mawluda goýar ýerde goýmady-da, oglum, "bir gezek okap berjek" diýip... - Mawludadan başga-da müň elden geçipdir. Magtanansyňyz - diýdim, minnet bilen. - Özüňi gynama, oglum. Häzir getirjek. Şol gün ejem kitaby getirdi. Her täze kitabym çykanda, ejem şol bir sözi aýdardy: - Sen meniň arkadagymsyň, oglum... Şonda bilmän ekenim, men ejemiň däl, ejem meniň arkadagym eken. Bu gün täze kitabym çykdy. Ilkinji nusgasyny däl, iki nusgasyny däl, altmyş müňüni ejeme bagyşladym. Emma... Ötgir HAŞYMOW, özbek ýazyjysy. Terjime eden Merdan HUDAÝGULY. | |
|
√ Goýunçy / bolan waka - 25.06.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 05.10.2024 |
√ Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Gara menek / hekaýa - 11.06.2024 |
√ Başky söýginiñ müşki / hekaýa - 04.01.2024 |
√ Ýuşka / hekaýa - 14.10.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
√ Welosiped / nowella - 06.08.2024 |
√ Gyzyl alma / hekaýa - 12.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |