11:44 Ýaýlalaryñ aýdymy | |
■ Gül ýaýlaňa ser salyp...
Eziz Watan, seň goýnuňda, Men bagtyýar ýollar aşdym. Öwrümli durmuş oýnunda, Öwütlere gulak asdym. Daňdanyň kybla roýunda, Al şapaga sürtdüm ýüzüm. Söýgi bar ýürek teýinde, Ýaýlyp ýatan dagyň-düzüň. Men munda tapdym ýarymy, Ol misli Aýyň parçasy. Ýaýlama meňzeş özi, Çünki ol gülüň gunçasy. ■ Ýaýlalaryň aýdymy Gülli bahar geldi ýene, Togabym bar nurly Güne, Gujak gerip baharyma, Gül açypdyr bu ýaýlalar. Aýdyma hiňlenýär ýaplar, Tereňdir Jeýhun-Murgaplar, Türkmeniň toýun toýlaplar, Gül açypdyr bu ýaýlalar. Ýazym — ýelli, ýagýar baran, Gül roýun görkezýär asman, Baharyň halyny sorap, Gül açypdyr bu ýaýlalar. Toý bezegi — goşa tarym, Güjeňleýär daglar garyn, Owazyna şeýdalaryň, Gül açypdyr bu ýaýlalar. Çagyryp dur meň düşlegim, Golaý gelendir daş günüm, Düşüp baharyň yşkyna, Gül açypdyr bu ýaýlalar. Albaýly hem toýly dünýä, Bahardyr al-ýaşyl geýýän, Durmuşy alaýaz eýläp, Gül açypdyr bu ýaýlalar. ■ Eýleme jyda mähriňden Çeşmiň bu kalby ýyladyp, Yzyndanam berdi ezýet. Gitmäwer meni unudyp, Çekmäweri ara serhet. Bolsa-da, görkezdiň roýuň, Eçildiň yşky-sahawat. Men munda bar zada boýun, Ýogsa seret, täkdir takat. Güller bezeýär dünýäni, Maňa çemen, güldür roýuň. Ýat tutduňmy şol jümläni, Ýylgyryplar eýläp oýun. Gül roýuň bägülli çemen, Kalbyňda bar asudalyk. Bahar deý gül açdyň ýenem, Senli durmuş — nusgalyk! Seret, ýene ýagýar ýagyş, Baran meniň sessiz ahym. Bir ýylgyryş eýläp bagyş, «Güzeşt eýläwer günähim». ■ Seniň dünýäň Gözellik bar Günüň buludy ýaryp, Her gün dogup, Ýere salam berşinde. Alma-narlaň boldan hasyl getirip, Hemem bu Zemine başyn egşinde. Ummanlaryň hana sygman, joş urup, Hemem derýalaryň akyp barşynda. Ýerde, gökde gözelligi gördüm men, Gördüm ýaryň hala çiten nagşynda. Hol goja Hazaryň çuňlugy geňlik, Geňlik bar daglarda, ser belentlikde. Ýeroýlanduz, Gaplaňgyr täsin mesgendir, Hem geňlik bar güýzde, ýazda — terlikde. «Gykuwlap» eşdilýär durnaň owazy, Çykdym düze saňa aşyk boluplar. Bilmen neçün bu gün ýaşardýar gözün, Bahar-ýaza aşyk bolan bulutlar. Gözellik gözledim bütin barlykdan, Gözledim gözellik çeşmiň çuňundan. Birdenem, eý, dünýäm, sen göni bakdyň, Gördüm suw içişin göwnüň göwünden. Bu durmuşda göwün göwne badalga, Kalp aramy giňlik berýär göwnüme. Sen güleňde, daglar güle bürenýär, Eýsem-de, ezizim, gelermiň ýene! Abdylhalyk JUMADOW. # edebiyatwesungat_2019 | |
|
√ «Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Bagyşla! / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Nokat / Goşgular - 28.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Är garrar... / Goşgular - 30.04.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |