17:44 Ýaz ýadymda galypdyr | |
ÝAZ ÝADYMDA GALYPDYR
Ak ýagly petirden dişlän deý misli, Gyş pasly ömründen gädipdir esli, Saraldy, sowuldy bu tomus pasly, Dürli-dürli naz-nygmatlary bilen Ýaz ýadymda galypdyr. Bulutlar asmanda ak keten ýaly, Tukatlykdan kelläm at depen ýaly, Gussalar başyma ak sepen ýaly, Şeýdip ähli alamatlary bilen Güýz ýadymda galypdyr. Uzak menzilleriň ynhalygyndan, Tämiz duýgularyň pynhanlaryndan, Halas edip meni tenhalygymdan, Sansyz ýazan salam hatlary bilen, Gyz ýadymda galypdyr. Gitdim, umyt baglap galdy bosagam, Düýe ýüň saçagy nanly bosagam, Sekisi bedew deý nally bosagam, Ojak mähri, keramatlary bilen, Köz ýadymda galypdyr. Garagum çölünde mysaly çelgi, Azaşsam ýolumy berdiler salgy, Şolar meni şu günlere äkeldi, Ynançlary, garamatlary bilen, Söz ýadymda galypdyr. Gurbandurdy ORAZOW. | |
|
√ Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024 |
√ Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024 |
√ "Gelin jan..." / Goşgular - 26.03.2024 |
√ "Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |