«Ýyldyz dagy neçüýn gitmez dumanyň?»
Soraglap geldim men seniň gaşyňa.
Ýyldyz dagy,
hany ajap zamanyň?
Men gurban bolaýyn ýaşan ýaşyňa
Ýazyňa, güýzüňe gurban bolaýyn.
Gerişleň bar, baryp asmana çümýän,
Buljumly jülgäňe seýran kylaýyn,
Ýüregiňe barýan ýoluňdyr jülgäň.
Uçudyň bar — gara başy aýlaýan,
Geçidiň bar — gören geler amana.
Ýyldyz dagy, açyk şähdiň ber maňa,
Ýyldyz dagy, daşdan pähmiň ber maňa,
Daşdan şygrym ýazaýyn men gaýaňa.
Ýyldyz dagy, ne ajaýyp adyň bar,
Ýyldyz dagy, seniň dagdan ýadyň bar.
Sen adyn göterýäň Ýyldyz babamyň,
Ýyldyz görsem gutularyn derdimden
Hem biýr sen geçmişiň dertli badasyn.
Göreýin men Göroglynyň syratyn,
Göreýin men Göroglynyň Gyratyn,
Sapar Kösäň at çapdyran ýerlerin.
Mübärek ýüzlerin sypap geçendir,
Seniň owaz ýaly dury ýelleriň.
Sapaly sen,
seýranly sen,
seleň sen,
Gyşda maýyl,
tomus goýnuň salkyndyr.
Ýyldyz dagym, dünýä baky gelen sen,
Seniň jülgeleriň — seniň kalbyňdyr...
Nije ýyldyr hyýal ede geldim men,
Zyýarata geldim, eziz daglarym.
Geçmişe seredip belent gerşiňden
Agladym men,
utanmadym agladym.
Gerişleň bar — bulutlaryň mesgeni,
Kertleriň bar — baldyrlaryň saňňyldar.
Neneň kalba sygdyraýyn men seni,
Nädeýin sen, ýerleşerden kalbym dar!
Ýyldyz dagy, görkez maňa ýyldyzyň!
Hol etekde çaýyň akýar bulanyp,
Hol ýokarda çakyp duran ýyldyrym —
Kertden-kerte towsup gelýän bulajyk.
Ýyldyz dagym, belent howaň ber maňa,
Ýyldyz dagym, ýollaryma rowan ber.
Sen ebedi:
öz ýaşyň deý ebedi
Bakylyga türkmenime dowam ber!..
@Şasenem rol oýnamakdan ýadamadyñyzmy?! Samsyksiräp ili oýnaýandyryn öýdüp özüñizi oýnaýanyñyzy aklyñyza aýlap görseñiz näder?! Belki kimdigñizi, näçe nikiñiziñ bardygyny özüñiz aýdarsyñyz
Birilerini ýatladýa welin.... ýalňyşyp günäsine galaýmaýyn. Şasenemiň geografiki ýerleşişi Mary welaýaty (bolmaly). —- Nesip bolsa hemme zat gowy bolar. Wagt gerek. Sabyr gerek.
Bää.Eger siziñ sözleriñizden çen tutsaña men gaty sada ekenim Oñ ýaly zatlary syzmandyrynam.Bilesigelijiligimden ölüp barýanda.Kim diýip çaklaýandygyñyzy aýdaýyñ da @Mango , @Haweran, @Nurdan.
Şol edebi, has dogrusy metbugat-propognda dilnde aýdylýanlary iki sagat ünsli diňlesemem hiç zat düşünmän turup gidýän. Вроде türkmençe gepleýän ýalam welin.... şoň üçin şol türkmençäni halamok (düşünmeseň halamazak bolýan ekeniň).
goşgyny haladym. "ýyldyz dagy" sözüniň gaýtalanmagy irizmä derek, gaýtam, duýgyny güýçlendiripdir. umuman Nobatguly gowy ýazýa. bu goşgydaky ýyldyz dagam häzirki döwürdäki konkret bir dag däl diýip pikir edýän. "göroglyny" okadym. ýyldyz dagynyň ýerleşýän ýeri meň üçinem gyzykly. "öňki ady ýyldyz dagy bolup, häzir başga atly dag bolmagam ahmal", "ýa kap dagy ýaly bir dagmyka" diýibem pikir edýän. häzirem belli bir pikirim ýok. azerbeýjanda bar öýdýän şeýle dag. pikiri bar kişileň pikirini diňlemek meň üçin gyzykly bolardy. umuman, eposdaky göroglyň ýaşaýan ýeri türkmenistandan beter azerbeýjana meňzeýär. şasenem ýyldyz dagynyň nirededigini rol oýnap soraýan bolsa, Mahymyň diýşi ýaly, menem gaty sada bolmaly. rol oýnaýanyny (daže şu wagtam) aňmadym.
haweranyň "Goy, islän kişi islän zadyny yazsyn" diýýäni şeýle bir dogry welin nädip düşündirjegimi bilemok. ýöne "ozuni tanatman yazyan agzalar" baradaky "medeni-intellektual derejesiniñ beyleki acyk agzalara garanda bir basgancak aşakdalygy" baradaky pikiri şol dereje ýalňyş diýip pikir edýän.
Aýtmak islänimi doly aýdany üçin diňe @myhman daýy bilen ylalaşýan. Bir goşjagym: onda Mahym hanymyň intellektual derejesi Haweran daýydanam ýokarda bolýada, özem diňe adyny gizlemäni üçin... —- “Agzalaryň maglumatyny ile ýaýmak wezipämize girmeýär” ýaly diýende, edil kanunlar-a bilemok, ýöne, eger şeýdilse bu jenaýata-da girýän bolaýmasa. Girmesede kişileriň hak-hukugy depelendigi bolar...
Onsoñam @Mango dogan, Öz dokumental adyñ bilen internede girip girmezlik barada: bu her kimiñ öz göwnûnden gelşine görä hereketidirem, ýöne men-ä öñ lineda goşgularymy şol at bilen goýupdyryn. Indem meñ bilen kontaktdaky adamlaram meñ real kimdigimi tanaýan adamlaram imoda-da Nurdandygymy, goşgularymam haýsy at bilen goýýanymy bilýärler. Ýaşyrynlygym ýok. Beýtmegimde hiç hili syrymam ýok. öñ şeýle boldy, ähli kalplara Nur bolup dolmagy, ähli kişä diñe peýdamyñ degmegini, hiç kimiñ menden ýamanlyk görmezligini isläp şol ady saýlap goýupdym. Şonlugyna-da galdy. Özümem eger manysyz zat teswirleseler okamogam, üns beremogam, wagtymam ýok ol zatlara, hiç kim bilen basdaşlygymam ýok. Ýöne agşam Nobatguly aganyñ goşgusyna teswir bardygyny gördümde gerekli zat yazylan bolaymasyn diydim okaydym-da. Nebir goşga başga başga zatlar ýazylanyny görübem @Şaseneme gatyrak degenimi bilýan. Emma ýene @Şasenemem özüm ýaly zenan maşgala, bor-la nätse şeýtsin diýen karara geldim. Aslynda maña şu ýerdäkiler haysy nik bilen girip näce nikdedigini bilsemem gyzykly däl. Bir zat gyzykly elbetde, şahyrlar-ýazyjylar, düşünjeli, adamcylygy beýik häsiýetli adamlar bilen pikir alyşmak, olaryñ eserler hakyndaky pikirlerini bilmek gyzykly. Özlerini tanadyp ýazýanlara-da, kimdigin tanatman ýazýanlara-da, tanaýanlaryma-da kä ýarym teswirlerine goşulasymam gelýan wagtlarym-da bolýa. ýöne köplenç teswir ýazmag-a beýlede dursun, okamaga-da ýetişip bilemog-a men.
@mango, özümiñ diñe @Mahym hanymdan dal, gaty kan agzadan intellektual derejämiñ pes bolmagy ahmal. (Bolup biläyjek zat). Akyl yaşda bolmaz, başda bolar. Biz özümiziñ kimdigimizi aytjagam, tanatjagam bolup yöremzok. Edil bukjagam bolup ýöremzok. Saýtyñ niyetlenen ugry, paylaşylyan bloglar, alşylyan pikirler, yazyan-cyrşayan zatlarymyz boyunca tanamak islän her bir ildeşimize gownumizem, gapymyzam, saýtymyzam acyk. Meñ özüm-ä, dogrusy, saýtda awtorlardyr agzalaryñ şahsyýetiniñ (we kimdiginiñ) üstunde däl-de, olaryñ pikirleriniñ, yazyan zatlarynyñ üstünde jedel gitmegini isleyärin. (Şundan başgasy kime gyzykly?) Pikirini aýdanda islendik agzanyñ anonim ada bukulyp gep oklamagy halanyljak hereket dal. (Okan zady barada pozitiw pikirini aydyp geciberyan yonekey okyjylar muña degişli dal.) Mysaly belli ýazyjylarymyz Hydyr-Ylýas Amangeldiýewleriñ ekizler2.com edebi saytyndan alaly. Ýaşulularyñ ady belli, goýýan eserleri belli, emma okyjylarynyñ arasynda anonim ada bukulyp olaryñ degnasyna degmek u.n ýörite gep oklap gidýän gurrumsaklar bar. Nämüçin kimdir birine gonuden goni gönükdirip aydyan pikiriñi oz kimdigiñi gorkezip aytmaga gayratyñ çatmaly dal? Bu peslik dalmi? Ay bolya-la, uzagragam yazdym. Duşunensiñiz-le.
Dogrudyr Haweran daýy. Jedelleriň soňy bulaşyklyga ýazyp gitmeginden gorkýan. Edýän işiň (işimiň) telek däldigi üçin adymyň näbelliliginden, lakamdan özümä birahat bolamok..... Garaz, özüme jogap berýän. Sözümede jogap berýän. Köprüň aşagynda oturyp at ürküzmek endigim ýok. Eger, şeýden günüm, goý meni ezip sok ýasasynlar. Hemmelere hormat bilen.
ilki göroglyň ýaşan ýeri bilen bagly. birinji bilen men görogly diýip biriniň ýaşanyna ynanamok. ýöne men yananamok. eserdäki gahrymany bolsa, kiçikäm türkmen diýip okadym, türkmen diýip ynandym, şol ynanjam galypdyr. soňam... aýtsam gep uzajak. "Azeri gardaşlar azara galmasyn deñizden gayrak gecirjek bolup" özüme çekdim. men azeri däl. görogly (nirede bolsa-da) ýaşap geçen bolsa bir begenjek, türkmenistanda ýaşan bolsa iki begenjek, garrygalada ýaşan bolsa üç begenjek, gökdepede ýaşan bolsa dört begenjek, kelejarda obasynda ýaşan bolsa bäş begenjek... indi hakyky at ýa lakam ulanmak barada. dogry kä kişi lakam ulanyp nähoş sözler ýazýan bolmaklary ahmal. ýöne hemme kişini bir aýakdan sürmeli däl. "özbek özüne bek" diýilýämi (beý diýsemem özbekdir öýdäýmäň). men-ä hiç kimiň göwnüne degjek sözleri ýazandyryn (ýazýandyryn, ýazjakdyryn) öýdemok.
Şu bolgusyz stickerlerä bir agzany ýatladýar.Manysyz suwjuk ýeñilkelle sözlemlerem ýene bir agzany ýatladýar.Mende de ýuwaş ýuwaşdan bir zatlar oýanmaga başlady.Aý howwa da saýtdan çykdym diýip bašga nikden giribermeli.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]