21:16 1-nji sentýabr duýgulary | |
1-nji SENTÝABR DUÝGULARY
Goşgular
1-nji senýabr. Ýakymly duýgulaň güni, Synpa dolýan juwan ýürekler bilen Iň süýji umytlaň ýürklermize Atygsap-atygsap dyňzaýan güni. Menzeýän güni bu güýzüň bahara, Bagtyň dolýan güni bütin jahana. Sag-aman geldiňmi, eziz partadaş, Geç ýeriňe, gel, başlaly sapaga. 1-nji sentýabr. Bilme teşne gursaklaň Baky çeşmä basan güni dodagny. Arşy-agla uzan merdiwan bu gün Gel, talyp, bas oňa ilki ädimňi. Hany, gel, torbasy kitapdan doly, Zehinden püre-pür gursagy bolsa, Bilme suwsan, eziz okuwçy jigim, Talyp agaň, talyp doganyň ýaly Dyrmaş senem bilimleriň Gögüne, Ýaz adyňy baky synmaz tuguna. 1-nji sentýabr. Gerdeniniň agyr ýüki tejribe, Köpi gören goja professoram Ýaş mugallym ýaly ýaýdanjyrap dur, Nädip başlajagyn bilmän sapaga. Hyýalynyň çuňlugyny dörjeläp, Geçmiş ýyllaryna gidip sapara, Uludan bir dem alar-da, şol demden Güýç tapynyp, girer-gider sapaga. 1-nji sentýabr. Maňa näm bolýar?! Öz halymy özüm aňlap bilemok. Adaty günlerden juda ir örýän, Uniwersitete gijä galaýjak ýaly. Onsoňam geçen ýyl uçurym bolan Şageldi bir ýerden geläýjek ýaly, “Hany bol, gepleşik ýazaly” diýip, Okuwdan soň öýmüze-de ibermän, Kitaphana salaýjak ýaly. Bolmaly zatlar-a bolmajak ýaly, Bolmasyz zatlaram bolaýjak ýaly. 1-nji sentýabr. Şäherem üýtgeşik bu gün, Bir syrly heser bar hemmäň ýüzünde. Her köçede müň goşgy, müň eser bar, Kimiň nazaryna kaklyşmasa-da, Hiç sypyp bilmejek şahyr gözünden. Nädip galkynmajak, nädip ýazmajak, Ýap-ýaňy 1-njä gadamyn basan Bir körpe netbugyn güjeňläp durka. Bilimleň açary netbukda ýaly, Bütin ünsün netbukda jemläp durka, Ýa öýne ýetmäge karary ýetmän, Açyp gapyrjagyň birýan çetini, Beýlekinem açman. Soňragam açyp, Ýeňledip barýarka kem-kem ýüküni, Synlap, joşmabilseň, joşma sen onsoň, Erksiz gaplanarsyň joşa sen onsoň. Bagtyýar döwürli talypdygyňa Her demde guwanyp ýaşa sen onsoň... | |
|
√ Içimizdäki Musa... / Goşgular - 07.11.2024 |
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Baýlygym meniň / Goşgular - 23.10.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 28.10.2024 |
√ Eý, ýagyş möwsümimiz, aýralyk bilen aglaýan... / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Merhum dostumyñ gelnine / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Мама, туркмена я люблю / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Öwün / Goşgular - 25.06.2024 |
√ Goşgular / Goşgular - 16.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |