20:13 Içýan | |
IÇÝAN
çakmaga zat tapmasa, öz depesinden çakarmyş Hudaýa şükür, “Günäliň oduna bigünä ýanar” diýleni bolmady. Ak bilen garany, hakykat bilen töhmeti aýyl-saýyl edýän parasatly il-halkymyz barka, bigünä adama näçe gara sürtjek bolsalar hem namartlaryň pirimi başa barmady, barmazam, enşalla. Men Yklуmow Kemal, 1958-nji ýylda Aşgabatda doguldym. Maşgalam, bäş sany çagam bar. Gül ýaly durmuşymyz bar. Kakam Ata Yklуmow hem bütin ömrüni žurnalist bolup işledi, kakamyzy tanamaýan az-azdyr. Ol öz wagtynda M.Gorkiniň, Ç.Aýtmatowyň eserlerini ilkinjileriň hatarynda türkmen diline geçiren. Meniň bu dünýäde gorkýan zadym diňe nähak töhmet. Gije-gündiz Alladan dilegim hem çagajyklarymyň baş saglygy. Çünki geçen ýylky terrorçylykly wakadan soň nähak töhmetden meni halas eden döwletimize bolan ynamym boldy. Sebäbi şol wakanyň sebäpkärleriniň köpüsine men belet. B.Şуhmyradowyň elinde-de ençe ýyl işledim. Ýöne ol meni sebäpsiz ýere işden kowdy. Çünki men olaryň diýjek adamsy däldim. Meniň özleriniň haram işlerine päsgel bererimden heder etdiler. Ýogsam şol döwürde-de ol meniň doganoglan agalarym bilen äbede-jüýbedi. Men bularyň watanymyza şyltak atýandyklaryny eşidip, 1999-njy ýylda “Аzatlyk” radiosyna açyk hat ýazdym. Hatymda “Hormatly “Аzatlyk”! Siz hiç zadyň anygyna ýetmän, biziň Watanymyza şyltak atýaňyz, bu zatlaryň ýapa deger ýaly çyn ýeri ýok. Siziň, meniň garyndaşlarymyň hem gürleýän zatlaryňyzyň hemmesi, goýberýän gepleşikleriňiziň barysy ýalan, töhmet” diýip ýazdym. Soňra olaryň we garyndaşsumaklarymyň menden öýkelänini eşidip, ikinji haty ýolladym. Ol hatymda-da “Men siziň ýaraňyza duz sepäýen ekenim. Demokratik radio diýseler tüýs ynanypdyryn. Eger demokratiýanyň, onda-da hakyky türkmen demokratiýasynyň nämedigini biljek bolsaňyz, siz, geliň, Türkmenistana, men eliňizden tutup, obama-oba aýlap görkezeýin” diýdim. Watanymyza dönüklik eden adamy men özüme-de dönüklik eden hasap edýärin. Aslynda, olar ölini-dirini sylaýan eşek däl. Şuňa ynanyň, bularyň kakalary Bagşy Yklуmowy meniň kakam meniň kakam Ata Yklуmow Galaýmor diýen ýerden Aşgabada getirdi. Soň bular gurplandy, kakam Bagşynyň ogullary Yklуmy, Sарary ellerinden tutup, okuwa saldy, okatdy. Ondan soň bular Taňrysyny tanaman ugradylar. Kakamyň Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan uly agalarynyň biriniň mazary Wolgograddan tapyldy. Şoňa gidip gelmäge gurby ýetmän, kakam olardan kömek soranda: “Bize ýogalan, peýdasyz aga gerek däl” diýen adamlardan dönüklikden özge nämä garaşjak?! Şonda kakam pahyr: “Wah, bularyň bir döwüm çörege zar günleri geçdi-dä” diýip käýinipdi. Ondan soň bular öz bazarlaryna meni işe alan boldular, ýöne men harsydünýäler bilen oňuşman işden çykdym. Ine, dogan bolup biz bilenem boluşlary şeýle-dä. Uly-uly wezipeleri eýelediler, baýadylar, gurplandylar. Tüýs “Eşek semrese, eýesini deper” diýenleri boldy. Şundan soň bulara meniň içýan diýesim gelýär. Içýan hem zäheri halys köpelende, öz depesinden çakarmyş. Belki, meniň şu çykyşymy şol şyltak atýan dönükler okap görerler, özleriniň ynsanlygyny ýitirendiklerine, dünýäden gaýdan günleri şu mukaddes topragyň astynda ýatmagyň nesip etmejegine, ene topragyndan ýeke pil gumuň ýetmejegine doly göz ýetirerler diýip umyt edýärin. Kemal YKLYMOW. “Adalat” gazeti, 26.12.2003 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |