21:21 Daga agyz ursañ, azyñ synar | |
DAGA AGYZ URSAŇ, AZYŇ SYNAR
Men ir döwürlerde telewideniýede watan dönükleri Yklymowlaryň kakasy, merhum Bagşy Yklуmow bilen bile işledim. Işde häli-şindi onuň bilen duşuşmaly bolýardym. Ýaşaýan ýerimiz hem goşşurakdy. Men 1995-nji ýylda taryhymyza degişli uly göwrümli eserimi ýazyp gutardym. Şol wgt maňa: “Sen bir zat et-de, gurplurak birini tap, goý, saňa hemaýatçy bolsun, kitabyňy neşir etmäge kömek etsin” diýdiler. Täze gurplanan adamlaryň biri hem Bagşy Yklуmowdy. Ýöne olaryň synanyşyklary başa barmady, netijesiz boldy. Sebäbi hemaýatçy boljak bolanlaryň puluna çap etdirjek bolan eserim pederlerimiziň halallygyna esaslanýardy. Hawa, Вagşynyň ogullary gabahat iş etdiler, dönük bolup çykdylar. Yklуmowlar eline ýarag alyp döwlet agdarlyşygyna synanyşypdyr diýen ajy habary eşidip, men gaty erbet boldum. Sebäbi bu gaty gabahat iş. Bagşynyň çagalarynyň şeýle masgaraçylyga baş goşanyny külli türkmen bilen bilelikde menem ýazgarýaryn, näletleýärin. Olaryň beýle günä iş eder ýaly, nadyl bolar ýaly ýetmez güni ýokdy. Gowy ýerlerde, uly wezipelerde işlediler, elleri islän ýerlerine ýetip durdy. Olar bu zatlary diňe mesliklerine çydaman etdiler. Sebäbi bütin halkyň saýlan adamynyň garşysyna eliňe ýarag alyp çykmak jenaýatyňam iň agyrydyr. Ýogsam bolmasa şolaryň öň jenaýat edeniniň hem günäsi geçilipdi. Şondan soňam düzelmäge derek eden bihaýalyklary, iýen duzuna, çöregine kast edendikleri üçin Hudaý olara göz görkezdi, olar pällerinden tapdylar. Men Yklуmowlaryň bu eden etmişlerini namartlygyň hem aňrybaşy hasaplaýaryn. Siz daşary ýurtlarda oturan ýerleriňizde ýapa degmejek şyltaklary atmagyň deregine, eger günäňiz bolmasa, Türkmenistana geliň, adyl suduň öňünde mert durup, özüňizi aklaň. Biziň ili agzybir ata Watanymyz siz ýaly ikiýüzli lagnatylaryň dişi öterden juda-juda berkdir. Oňa agyz uranyň edil siziňki ýaly azysy synar. Taňryberdi HOJAKGAÝEW, ýazyjy, dramaturg. “Adalat” gazeti, 26.12.2003 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |