22:31 Gündelikde galanlar -25/ dowamy | |
1986-njy ýylyň 1-nji awgustynda men «Edebiýat we sungat» gazetiniň jogapkär sekretary bolup işe geçdim. Elbetde, ol «Allaýary Rahman Öweziň ýerine (ýagny öňki işlän wezipesine—A.Ç) getirjek» diýendir. Rahman Öwezem nätse şeýtsin! Çary aga-da geregi şü!
Ýatlamalar
Biz soň orunbasar Rahman Öwezow bilen dostlaşyp gitdik. Kakalynyň işden gitmegine hem «Şahyr bolçulygynda şygyr gytçylygy» diýen çekişme sebäp bolaýdy öýdýän. Çekişmäni guran oglanlar – Kakalyň ynanýan oglanlary, ony podwodit etdiler. Çekişme soňundan bir taraply boldy. Ine, meniň Mollaýewa bilen özüm baglanyşykly bir waka. Şo waka meniň ömür ýolumda aýgytlaýjy rol oýnady diýsemem boljak. Ol mende erbet täsir galdyrdy. Ýöne näme wagt köp zady ýuwmarlaýar-da. Köp zat ýatdan çykyşýar. Men Maýa Mollaýewna «Sizi käte telewizorda görýäs. Siziň barlygyňyza guwanýas» diýsem, pahyryň göwni göterildi. Bu sözi men oňa kiçi dilden aýtmandym. Dogrudanam şeýle! Ýöne Kakaly Berdiýewiçiň maňa aýdan «Maýa Mollaýewa seni işden aýyrmaly» diýen sözüniň näderejede hakykata laýykdygy meni ikirjeňlendirýär. Sebäbi Çary çapygyň şo wagtky hereketleri muňa mende müňkürlik döredýär. Munuň barysy hem Çarynyň Rahmandan dynjak bolup eden pyrryldaklary bolmaly. Kakaly Berdiýewiç bilen hem Çary dost! Hudaý günälerimi geçirsin-dä! Ýöne Kakaly Berdiýewiç bilen biz gowy gatnaşyk sakladyk. Kakalydan men köp zat öwrendim. Munuň üçin men oňa minnetdar. Ol her gezek Gökdepä baranymyzda, «Allaýaryňam işleri şowuna bolsun!» diýip, her gün ir ertir doga-dileg edýändirin» diýýärdi. 22.02.15 Şu gije düýşümden ýazyjy Kakaly Berdiýew çykmady. Keýpsiz diýýän. Şaja Batyryň ogly Sähet Batyrow 76 ýaşynda (1937-de doglan) aradan çykdy. Şu gün onuň aýy. Bardyk. Agajan Geldiýewiç Babaýew bilen gabatlaşdyk. «Seni köpden bäri göremok. Kitap ýazan ekeniň. Maňa-da bir ekzemplýar berseň» diýdi. Men boýun aldym. O kitap 2 sany, özüm üçin çykarypdym. Kitapda professor Çary Baýryýew hakdaky oçerkde, haçanda SK dan (has takygy, SK-nyň ikinji sekretary Pereudin. Munuň şodugyny ýaňy Babaýew bilen gürleşemde bildim) jaň edip, Baýryýewi ylmy atlardan mahrum etmek hakda aýdanynda, akademiýanyň şo wagtky prezidenti Babaýew otkaz edipdir. Oçerkde şo waka bardy. 24.02.15 Şu gün Nurberdi aganyň işleýän ýerine bardym. Ol Аzаtlyk etrabynyň uruş weteranlary guramasynyň köp ýyldan bäri başlygy. Barlygyny-ýoklugyny hem bilemok. Belki, ýogalan bolmagy ahmal. Gapyny açsam, otagyň ortasynda tok peje gyzynyp oturan Nurberdi agany görüp, gaty begendim. Onuň ýanyna, birki günlükde ýazan «Urşuň soňky esgeri» atly, oňa bagyşlap ýazan goşgymy gowşuraýyn diýip barşymdy. Ol: – Men 96 ýaşymda, urşy boýdan-başa geçirdim. Häzir guramamyzda 40 weteran bar. Şonuň 20-si urşuň yzynda galan aýallar. Galanlary hem urşy görmedikler – diýdi. Goşgy «Görersiňiz, obamyza gelseňiz, Geçen urşuň iň ahyrky esgerin» diýen setirler bilen jemlenipdi. Nurberdi aga Guşlyýew bilen ýadygärlik surata düşdük. Öýlän Myrat Jumaýewiň çagyrmagy bilen 53-nji mekdebiň 8-nji klas okuwçylary bilen duşuşmak üçin bardym. Okuw programmasy boýunça meniň «Sumbarym», «Türkmenistanym» atly goşgularym boýunça açyk sapak geçdi. Birki sany goşgy okadym. Çagalar meniň goşgularymdan, rubagylarymdan rusça ýatdan okap, manysyny düşündirdiler. Mugallym gelinleriň biri «Iň soňky ýazan goşgyňyzy okap berseňiz?» diýdi. «Wah, men şo goşgymy ýaňy uruş esgeri, 96 ýaşly Nurberdi Guşlyýewe berip gaýtdym. Ýatdanam bilemok» diýdim. Başga bir mugallyma «Söýgi hakyndaky goşgularyňyň birini okasaňyz» diýdi. «Seniň söýdük gara gözleň» atly goşgymy okap berdim. Sapak gowy geçdi. 15.03.15 Orsýetiň iň soňky beýik ýazyjysy Walentin Rasputin ýogaldy. Onuň ilki gyzy, soňra aýaly aradan çykan ekeni. 18.03.15 Şu gün Gurban Agalyýewiň aýaly Roza 74 ýaşynda aradan çykdy. Ol Sowet Soýuzynyň Gahrymany Annagylyç Ataýewiň gyzydy. Mundan başga-da Gahrymanyň Wolodýa hem Amangeldi aty ogullary bar. Amangeldi ýas ýerinde. Wolodýany görmedik. Ajy habary eşidip, Ýolly Öwlüýägulyýew geldi. Onuň ogly bilen men radioda bile işläpdim. Serdar Öwlüýägulyýew. Häzir ol Moskwada. Radioda işleýär. Ýollynyň aýalynyň ýogalanyna bir ýyl geçipdir. 18-ne Rozany jaýladyk. Hojaguly Narlyýew hem jaýlamaga gatnaşdy. Biz onuň bilen kino işgärleri bolup 1976–njy ýylyň baharyndaTagtabazara, Guşga gidişimizi ýatladym. 25.03.15. Düýn işden gaýdyp, daçalygyň 12-nji kilometrinden giremde 5-6 sany poliseý adamlary saklap, daçanyň ýykylýandygyny, onda-da uly ýoluň ugrunda ýerleşýän daçalaryň ýykyljakdygyny habar berdiler. Bu daçalykda 16 müň hojalyk ýaşaýar... Howa gaty sowady. Irden gar düwmejikleri ýagdy. Düýn eken nahallarymy gopardym. Ýeri bar adamlara paýlajak. Köçäň ugrundaky jaýlaryň eýeleri öz öýlerini ýykyşyp ýörler. 16.04.15. Men 5-ne şähere göçüp geldim. *** Düýn Taryh institutyndan gökjeli Atageldi Nepesow bilen söhbetdeş bolanymda ol, «Men Kerim Gurbannepes bilen goňşy ýaşadym. Özi ölenden soň onuň kitaphanasy ýandy. Çagalary tok peç goýan eken. Şondanam ýangyn döräpdir. Jaýdan dört diwar galypdyr» diýdi. Kerim aga gelen myhmany kitaphanasynda – iş otagynda kabul edýärdi. Özümem birnäçe sapar şol otagda bolupdym. Diýmek, Kerim aganyň gyzyldan gymmatly mirasyndan hiç zat galan bolmaly däl. *** Şu gün irden Aman aga şeýle gürrüň berdi. Mejit ussa öz ýaşytda¬şy Gurbangeldi Killan aradan çykansoň, öz ölümine howlukdy. «Ilden yza galdym. Deň-duşlaryň bary gitdi. Ýeke özüm galdym. Masgara boldum» diýip aýdýardy. Has takygy, ol dowula düşüpdir. Ussa uzak wagt geçmän sary keseline ýolukdy. Şondanam ýogalypdyr. Mejit ussa öz ömründe adamlardan hak almandyr. Bir gezek ogluny ussahanasyndan kowupdyr. Ogly işi üçin adamlardan hak al diýip maslahat berse, muňa onuň gahary gelipdir. «Öwrülip şu ýere geläýme» diýipdir. Ussa ussaçylygyň üç şertini aýdýan ekeni: hak almaly däl, arassa bolmaly, zyna iş etmek bolanok. Bu kada olaryň ussa atasy Mämmetsähet ussadan, soň Allanur ussadan gaýdan. Bu şerti berjaý etmejeklerini bilip, Mejit ussa öz ogullaryna ussaçylygy öwretmändir. 16.04.15. Şu gün Ýolly Öwlüýägulyýew aýalyny ýatlap, sadaka berdi. Sadakada akademik Agajan Geldiýewiç Babaýew maňa «ýanyma geç» diýen yşaraty edensoň, ýanynda oturyp, hal-ahwal soraşdyk. Haçanda professor Çary Baýryýewi işinden çetleşdirilende Merkezi Komitetiň ikinji sekretary Pereudin akademiýanyň prezidenti A.Babaýewe jaň edip, Baýryýewi çlen-korrlukdan çykarmagy teklip edýär. Babaýew şonda oňa «Meniň hakym ýok. Muny alymlar geňeşi çözýär» diýip, aýdan eken. Şondan soň Pereudin prezidente bu mesele dogrusynda jaň etmändir. Muny men Ç.Baýryýew hakynda ýazan oçerkimde ulanypdym. Has takygy, bu waka hakynda professoryň özi aýdypdy. Arada meni görende A.Babaýew: «Kitap çykardypsyň, maňa-da bir ekzemplýaryny ber» diýensoň, men oňa kitabyň diskini iberipdim. Oturamda ol maňa «Gowşurdylar» diýdi. «Kitap etmeli ekeniň» diýse men meseläň ýeňil däldigini aýtdym. Agajan Geldiýewiç sowet döwründe Yspyhana gidişi, şo ýerde şäheriň ymamynyň ony görmekçi bolýandygyny habar berenlerinde, Babaýew «Onuň ýanyna özümiz bararys» diýipdir. 16.04.15. Şu gün işde irden edebiýatçy alym Jora Allakowyň ýogalandygyny eşitdik. Düýn üçüni belläpdirler. Öde Abdyllaýew döwrüniň iň soňky edebiýat korifeýi aramyzdan gitdi! 22.05.15. Şahyr we görnükli alym Nazar Gullaýewiň durmuşyndan eşiden şu wakany gündelige geçirmegi makul bildim. Muny maňa işdeş ýoldaşym gürrüň berdi, oňa-da golýazmalarda işleýän Döwlet gürrüň beripdir. Döwletiň özi arassa, ylma berlen oglan. Bir döwürde Nazar Gullaýewiň şägirdi eken. Soň aralary sowaşypdyr. Sowaşmasynyň sebäpleri hem şu gürrüňde bar. Nazar Gullaýewiň aýaly adwokat. Jenaýat işi gozgalyp, ol aýala ýyl kesilipdir. Şonda Nazar Gullaýew ýanyna şägirdi Döwleti hem alyp, Baş prokuror aýal Gurbantäjiň (familiýasy ýadymda däl) kabulhanasyna barypdyrlar. Kabulhanada oňa Baş prokuroryň kabul edip bilmejekdigini aýdypdyrlar. Baş prokuroryň orunbasarymy ýa başga wezipedäki biriniň kabul etjekdigini aýdanlarynda mugallym göwnemändir. Baş prokuroryň kabul ederine garaşjakdygyny aýdyp, garaşypdyrlar. Şonda mugallym Döwlete Baş prokuror kabinetinden çykanyndan onuň ýanyna baryp, ony Nazar Gullaýewiň görjekdigini habar ber – diýipdir. Döwlet «Nämüçin muny özüňiz edeňzok?» – diýip aýdanda mugallym şägirdinden öýkeläpdir. Nazar Gullaýewiň inisi şolaryň öýünde ýaşamaly bolupdyr. Günleriň bir güni ol oglan Döwletiň ýanyna aglap gelip, ol öýde özüne pul ogrusy adyny berendiklerini aýdypdyr. Ol oglan pul ogurlajak oglan däl diýýär. «Bi nä boluş? – diýip, şägirt mugallymyň ýanyna töwella barsa, «Şu öýde şundan başga pul ogurlajak adam ýok» diýip, halypa jogap beripdir. Bu pyrryldak ol oglany öýde ýaşatmajak bolup, halypanyň aýalynyň gurnan zady bolmaly. Ýene bir zat, halypa özlerine tanyş bir oglany ekzamenden geçirendigini aýalyna gürrüň beripdir. Aýaly ärine bildiripmi-bildirmänmi, ol oglany tapyp, oglandan pul talap edipdir. Ine, şunuň ýaly ýakymsyz hereketlerini görüp-bilip, Döwlet halypasyndan sowaşypdyr. Bu gürrüňden çykýan netije näme? Nähili ylymly-bilimli bolaňda-da, kelläňi dogry işledip bilmeseň, iliň gözünden düşmegiň ikuçsyz. Hereket edeňde öňüni-soňuny ölçermegiň zerurdygy ýaňky mugallym bilen bolan ýagdaý ap-aýdyň edip goýýar. 28.05.2015 Gyzylgül Hakberdiýewna Kyýasowanyň, institutymyzyň direktory, dissertasiýasynyň goralyşyna gatnaşdym. Filologiýa ylym¬larynyň kandidatlygyna. Şondan soň işgärimiz Maral Ärsaryýewa gorady. Gyzylgülem, Maralam gutladym. Zaşitada tanaýanlarymdan Gurbandurdy Geldiýew, Şamuham¬met Gandymow, Amanmyrat Baýmyradow, Myratgeldi Söýegow, Annagurban Aşyrow, Gully Babaýewiç Akynyýazow, Aşyr Mämiliýew, Çaryýar Jumaýew we beýlekiler gatnaşdylar. Zaşitany akademiýanyň prezidenti G.Mezilow alyp bardy. Aşyr Mämiliýew bilen salamlaşanymyzda «Allaýar, soragsyz-zatsyz territoriýaňyza gelendiris, öz-ä» diýdi. Menem oňa «Aşyr Mämiliýewiç, siz tarhansyňyz» diýip degişdim. «Aý, tarhan-a däl» diýdi. Gyzylgüliň hödür etmegi bilen bir käse çaý içdik. Şonda Aşyr Mämiliýew «Aýaklar azar berýär» diýdi. * * * Türkmenistanyň halk ýazyjysy Kerim Gurbannepesowyň ma¬ňa ýazan bu hat ýazgysy 1985-nji ýylyň 12-nji maý gününe degişli. ¬O döwürde men telewideniýede baş redaktor bolup işleýärdim: “12.V.85. Allaýar! Ýazyjylar Soýuzynda 11-de Prezidium bar diýdiler. Men şoňa gyssagly gitmeli boldum. Sen Soýuza baryber (12-lerde). Şo ýerden ötäýideris.” 06.06.15. O gün Hydyr bir zat aýtdy: ýylyň başynda baş teatra täze ýyl bilen baglanyşykly mesele bilen baranda, teatryň içinde bir ýaş artistiň suraty goýlup, onuň daşy gara çyzyk bilen çekilgi eken. Sorasa, oňa täze spektaklda atanyň roluny oýnan artistdigi, onuň özüni asandygyny aýdypdyrlar. Soňam şol spektaklda oýnan artistleriň ýene ikisiniň özlerini asandyklaryny eşidipdir. Geň hadysa! 09.06.15. Ýaňy Mele bilen Derýa Baýramgulyýewi sorap gaýtdyk. Mele ýanyna iki agtyjagyny hem aldy. Biri gyzy Maralyň ogly – ady Andre. Maral häzir Londonda ýaşaýar. Liwiýaly bir oglana durmuşa çykypdyr. Bir ogly, bir gyzy bar diýýär. Gyzlarynyň atlaryna Anna – Mariýa dakypdyrlar. Maral Meleden näme at goýsak diýip soranda, ol Merýem, Medine ýaly atlaryň gyza gowy gelişjekdigini aýdypdyr. Maral nämüçindir göwnemändir. – Ruminiýa turist bolup gidemizde, Annamariýa diýip biziň toparymyza dilmaçlyk eden gyz bardy. Ol örän owadandy we akyllydy. Men şoňa höwes edip, şo ady aýdamda, Maral hezil edip güldi. Nämüçin gülýänini soradym, şonda Maral öz ýanýoldaşy Jonuň hem “Gyzyň adyna Annamariýa dakaly” diýeni ýadyma düşdi. Ikiňiziň hem pikiri gabat gelşine haýran” – diýip jogap beripdir. Derýa tanalmaz ýaly üýtgäpdir. «Şu Derýa diýseler, gowy syn etmeseň, ony tanar ýaly däl. Süňk bolupdyr. Ýatkeşligi gowy. «Ýüregimde ýalyn lowlar» diýip, degişdi. Gyzlary Nabady, öýdeniçer gyza «Ine, şu Allaýar Çüriýew» diýip tanyşdyrdy. Ondan-mundan gürrüň etdik. Köşülileriň maňa haýbat atyşlaryny gürrüň berdim. Tirkiş Jumageldi Derýanyň giýewsi. - Onuň bir ogly, iki agtygy Gollandiýada, bir ogly Moskwada – diýdi. Üç ogly bar eken. Her ýyl gidip gelýärler. Awgustda Bike gider - diýdi. Ahmet Gurbannepes keselini äsgermedi. Bir gün ol goňşusy Atajan Taganlara baranda, Atajanyň gyzy wraç, ine, şol Ahmetden «ýüzüňiz gaty ak-la, ýaraňyzokmy?» diýip sorapdyr. Dawleniýesini ölçäp görüpdirler weli, Ahmediň gan basyşy 230-my ýa 250-mi bolupdyr. Ahmet gaýdansoň gyz «Tiz kömegi» çagyrypdyr. «Tiz kömegem» äkitjek bolanda, Ahmet göwnemändir. Otkaz hat ýazypdyr. Ertesem turup, maşyn bazaryna baranda insult bolupdyr – diýip, Derýa öz dosty, köp ýyllap duz-emek bolan dostuny - Ahmedi ýatlady. Ahmedem 3-4 aýlykda ýogalypdy. Şonda Derýany göremde, ony tanamajak bolupdym. Eli hasalydy. Birwagtky gujurly, daýaw ýoldaşymyň ýagdaýyna gynanypdym. Derýa bilen hoşlaşamyzda Mele: «Ýaramanyňy eşitmändiris. Gelip habar tutarys» diýdi. Derýa «Sag boluň, gelmek hökman däl, jaň etseňiz hem bolar» – diýdi. Eýwanda hoşlaşamyzda gyzy Nabat bozulyp aglady. Derýa türkmen bilen gazagyň hassany soraýyşlaryny gürrüň berip gülüşdirdi. – Bu kesel namart kesel eken. Ýuwaş-ýuwaşdan alýan eken. Ýürek ýaly däl – diýdi. Üýtgedip gurmak döwründe deputatlyga dalaş edendigini, Saryjaýewden utdurandygyny, bu zatlaryň biderek ekendigini, gorkman bu işe baş goşandygyny haýran galdy. «Öldürseler nädersiň?» diýip, öz-özünden sorady. - Kakamyrat Bally nirede? – diýip sorady. Men onuň bilen baglanyşykly köşüliler hakda gürrüň berdim. 1988-nji ýylda görnükli partiýa we döwlet işgäri, otuz ýedinji ýylyň pidasy bolan Halmyrat Sähetmyrat hakda oçerk ýazypdym. Şon¬da köşüli ýaşulular adam ýamanlaryň birtoparynyň atlaryny agzadylar. Onam men oçerkde ulandym. Şo ýerde Kakamyradyň atasynyň ady bar eken. Ol meniň üstüme başga atlary tutulanlaryň garyndaşlaryny iberipdi. Men ony soň bildim. Muny maňa oçerk çykanda Kakabaý Ylýas aýdypdy. Aýaly Köşüden bolansoň, oňa aýaly aýdan eken. «Allaýar-a indi gün bermez» diýdi diýýär. Aýdyşy ýalam boldy. Ýöne soňy gowulyk bilen gutardy. Emma Kakamyrat menden döredijilik babatda ar aldy. Köp horladylar. Ýazan zatlarymy çykartjak bolmaýardylar. Myny men açyk duýýardym. Özlerem gödeklik bilen hereket edýärdiler. Böwet döredilipdi. Olaryň döreden emeli böwedinden sowlup geçmäge maňa Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Syýasy Sowetiniň birinji sekretary Onjyk Musaýew hem hemaýat beripdi. Inim Meret şo döwürde Onjyk Musaýew bilen bile işleýärdiler. Meret TDP-niň Aşgabat şäher komitetiniñ birinji sekretarydy. Soň eşidip otursam, Kakamyradyň atasy ölende, ertesi onuň jesedini kellesiz mazaryň daşyndan tapypdyrlar. Adamlar ölensoň onuň kellesini kesip taşlapdyrlar. Muny men Derýa gürrüň berdim. 11.06.15. Işdeş ýoldaşymyz Oraz aga Akmämmedow düýn gürrüňdeş bolup oturdyk weli, Onjuk Musaýewden gürrüň çykdy. – 3-4 alym bolup Moskwa uçduk. 80-nji ýyllaryň başlary. Biziň bilen Onjyk hem uçan eken. «Moskwa döwlet uniwersitetinde doktorlygymy gorajak. Pylanynjy gün gelip, kömekleşiň» diýensoň biz hem oňa gatnaşdyk. Opponentleri Rejepdurdy Garaýew bilen türkmen döwlet uniwersitetinde işläp giden Zotow eken. Zotow gowy çykyş etdi. Zotow «bu adam gaty zähmetsöýer. Iki otagly öýde 8 baş maşgala bolup ýaşaýar» – diýdi. 21 adamdan 3-4 adam garşy çykyp, Onjyk doktorlygyny gorady. Oraz aga žurnalist Berdi Annageldiýew hakda-da aýtdy. Ýogalanda işde öz oturan kabinetinde ýogalypdyr. Öňki güni Tejende ýogalan doganoglanyny jaýlap gelip, öýünde zadyny goýup, krandan suw içipdir. Ol gaty köp suw içipdir. «Gyzyp gelip suw içmeli däl» diýip eşidýärdik. «Şo ýyl 1984-iň tomsy örän yssy geldi» diýip, Oraz aga aýdýar. Arakesme wagty ýanlaryndaky naharhanadan nahar iýip gelip, stolunyň başyna geçipdir. Elini telefona ýetirendenem ýykylypdyr. Ýanynda işdeşimiz O. Begnepesowa bar eken. Menem arakesmede. Gelsek, kabinetiň ortarasynda ýatyr. «Tiz kömek» geldi. Haýyr etmedi – diýdi. Düýn Azat bilen telefonda gürrüňdeş boldum. Şahyr Kakabaý Gurbanmyradyň insult bolanyny aýtdy. 25.06.2015. (dördünji gün) Şu gün Derýa Baýramgulyýewi Çoganlyň gonamçylygynda jaýlap gaýtdyk. Ýalňyşmasam, şu aýyň 19-na, 5-nji gün, Mele, Eziz hanyň agtygy Muhammetmyrat dagy bilen Derýany sorap gaýdypdyk. Ol «Muhammetmyradyň bir aýdan zady hiç ýadymdan çykanok» diýdi. On-on bäş ýyl öň Muhammetmyratlara myhmançylyga baranlarynda ol «Türkmen köçede maslyk görmese, düzelmez» diýen eken. Hoşlaşyp çykanymyzda, Muhammetmyrat «B-ä, bul adam beýik adam. Gep urşundanam belli, ýaňky sözi men aýdanym öz ýadymdanam çykyp gidipdir. Emma bi onuň ýadynda ekeni» diýdi. Derýanyň ýanynda 30-40 minut oturan bolmagymyz ahmal. Agzy kepeýärdi. Stuluň üstündäki stakandan Meläniň kömegi bilen suw bilen agzyny ölledi. Huşy gowudy. – Gurbannazar bir gezek Allaýardan «Ýüregimde ýalyn lowlary» nähili ýazdyň?» – diýip sorady (0l “Gel, obamyň läläsi” hakda aýdýar). Şonda Allaýar «Bir kürşge piwo içemdensoň ýazaýdym» diýip jogap berdi. Başga biri bolsa başga hili jogap berjek-dä! – diýip gülüşdirdi. – Kerbabaýewiň düýbüniň alilidigini bilýärmidiňiz? – diýip sorady. – Ozal bir gezek aýdypdyň, doly ýadymdan çykypdyr – diýip, menem anyk eşitmekçi boldum. – Iki dost. Biri Mänede, biri hem Garryçyrlada. Garryçyrlalynyň gyzlary bar-da, ogly ýok. Alili dostunyň ogullary bar. Bir ýyl ýazlaga çykanlarynda aliliniň ogly kakasynyň dostunyň bir gyzy bilen halaşýar. Şundan soň toý edýärler. Garryçyrlaly «Dost, meniň oglum ýok. Hem giýew ýerine, hem ogul ýerine bolsun» diýipdir. Dostlar ylalaşyga gelýärler. Megerem şol ogullyga berlen Kerbaba bolan bolmaly. Muny Derýa ýazyjy Rahym Esenowyň hut öz agzyndan eşidipdir. – Rahym Magtymowiç, men bir agzy boş mugallym. Muny men adamlara aýdyp bilerinmi? – diýip soranda, ýazyjy: – Arkaýyn aýdyber – diýipdir. Men şonda Kerbabaýewiň Eziz han bilen otluda nädip ele düşüşlerini, türmede 100 müň manady onuň elinden alyp, türmäniň naçalnigi «Sen özüň hakda gowy häsiýetnama getirip bilermiň?» diýip, türmeden goýberişlerini gürrüň berdim. Eziz hanyň Han Ýomutskiniň makalasynda ýazyşy ýaly, «Ýürekden atyň!» diýşi hakda ýatladyk. Garaz, birtopar gürrüň etdik. Soň hoşlaşdyk. Bu hoşlaşygymyz iň soňky hoşlaşyk ekeni. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, komsomol ýyllarymyzyň hemrasy bolan gowy adam, gowy ýoldaş! 30.06.15. (sişenbe) Geçen şenbe we ýekşenbe günleri Serdar bilen oba baryp gaýtdyk. Pirnazarlaryň beren sadakasyna gatnaşdyk, agzaçarda obamyzyň ýaşulusy Annageldi Hydyr ogly bilen söhbetdeş boldum. Häzir ol 93 ýaşynda. «Segsen näçe çowlugym bar» diýdi. Şu ýaşynda-da äýneksiz okap, hat ýazýan eken. «Hat ýazmaýan günüm ýok» – diýdi. Men ondan frontdan gaýdyp gelmedik agam Allaýar Çaryýewi soradym. Ozal onuň bilen gürrüňdeş bolanymda Melitopol şäherindäki gospitalda Allaýaryň ýatanlygyny aýdypdy. – Biz Allaýar bilen bir günde – 1943-nji ýylyň 22-nji fewralynda fronta gitmek üçin obadan çykdyk. Garrygaladan ýük maşynyna münüp, Gyzylarbada tarap ýola düşdük. Hojagala ýetiberende maşynymyz döwüldi – diýdi. Olar Goňratda okuw-söweş tälimlerini alanlaryndan soň Woroşilowgrada ugradylypdyr. Meliotopolda ýatanda Allaýary görenler biziň obadaşymyz Tagan Soltanmyradyň gardaşy Annamuhammet bilen ýene bir adam görüpdir (adyny ýadymdan çykardym – A.Ç.). Şolar Allaýaram «10-12 ýerinden ýara düşüp, gospitalda özüni bejerdip, ýene fronta gitdi» diýipdirler. Enem pahyr «Allaýar jan ýazan hatynda 17 ýerimden ýara düşdi» diýip ýazdy» diýýärdi. Allaýar agamyň wepat bolan ýeri, wagty Balkan oblastyna bagyşlanan «Hatyra» kitabynda görkezilen. Men «Geçen urşuň iň ahyrky esgeri» diýip goşgy ýazandygymy aýdyp, goşgyny oňa ýadygärlik berdim. Şonda ol «Kakaň Çüri bilen gardaş ýalydyk» diýdi. Ýaşuly köp wagtlap kolhozda brigadir, ferma müdiri bolup işledi. – Bir gezek meýdanda kolhozçy gelin-gyzlar bilen işläp otyrkak, ýoldan sowlan ýeňil maşynlar biziň deňimizde saklandy. Maşyndan düşen Türkmenistanyň Ýokary Sowetiniň Prezidumynyň başlygy Annamuhammet Gylyjow kolhozçylar bilen gadyrly salamlaşdy. Hal-ahwal soraşdy. Gelinleriň içinde ýaşmaklylary görüp, «Ýaşmagy nämüçin dakynýaňyz?» diýen ýaly sowal berdi. Şonda gelinleriň ekabyrragy «Ýaşuly, Sizi sylamyzsoň ýaşmak dakynaýdyk» diýdi. Şo döwürler ýurdumyzda ýaşmak, börüge garşy berk göreşilýärdi. 93 ýaşly Annageldi aga bilen gadyrly hoşlaşdyk. Iň soňky esger hakynda goşgy ýazanyma hem begendim, hem gynandym. Sadaka wagtynda Garrygalaň özünden gelen, Anna aga bilen (ol köp ýyllap raýonda seýismologiýa ugrundan işläpdir. Häzir dynç alyşda), gyzylarbatly çaga wrajy, 75 ýaşly Şyhmämmet Kemerow bilenem tanyşdym. Anna aga dilçi alym Haýdar Muhyýewiň çykany eken. Şyhmämmediň hem asly şu obadan. Annamuhammet Komsomolyň doganymy ýa doganoglany eken. «Men 1958-nji ýylda şu obadan gidişim. Ikinji gezek 1968-nji ýyl¬da keselhanany barlamak üçin iberdiler, şonda geldim. Indem üçünji gezek düýn gelşim» diýdi. Ol şu döwürde Bakuwyň medisina institutyny tamamlapdyr. Gyzylarbatda çaga wraçy bolupdyr. 2005-nji ýylda medisina işgärleriniň köpçülikleýin iş wezipeleri gysgaldylanda, sokraşeniýe düşüpdir. Ýurdumyzda 1500 wraç, 5000-den gowrak medsestra we medbrat, sanitar... sokraşeniýe edilipdir. Şyhmämmet aga-da şolaryň biri. Işsiz öýde. Ýöne ol türkmen dili bilen, türkmen edebiýaty we taryhy bilen içgin gyzyklanýan eken. Ýatkeşligi bijaý gowy. 75 ýaş berjek däl. Ýaş görünýär. «Gyzylarbada myhman geliň. Kemerowlar diýip sorasaň, bilmedigi ýokdur, salgy bererler» diýip, hoşlaşyp galdy. Ol Tatarystana toýa gidişlerini (1986-njy ýyl) gyzykly edip gürrüň berdi. Şo ýeriň däp-dessurlary düýbünden başgaça eken. 01.07.2015. (çarşenbe) Şu gün Derýa Baýramgulyň belli güni – ýedisi. Göründik. Ýazyjy Tirkiş Jumageldiýew oturan eken. Ol Derýanyň giýewsi. Gadyrly görüşdik. «Üç ýurdy görüp geldim» diýdi. Obany sorady. Oktýabryň ahyrlarynda oba baryp gaýtmagy wadalaşdyk. Tirkiş bilen gümür ýamyr edip, biraz eglenen ekenim. Maňa garaşyp oturan Muhammetmyrat – Han aga (Eziz hanyň agtygy) – Bä-ä, şumat muny (meni – A.Ç.) goýup gidäýsek, milletçilikde aýyplaýarmykalar – diýip, gülüşdirip oturan eken. Mele bilen Çary Kuly: «Han aga saňa şeý diýdi. Şoňa gülşüp otyrys» diýdiler. 02.07.2015. Işdeş ýoldaşymyz, arap we pars dillerine suwara Atamyrat Saryýew arada bir zady gürrüň berýär. – Öňümden Çaryýar Jumaýew çykdy. Onuň üçin gyzykly maglumat bolsun diýip, “orta asyrlarda bir alym “Bagşylaryň ahlagy” diýip kitap ýazan eken – diýdim. Bir görsem, Çaryýar: – Bagşyňam bir ahlagy bormy? – diýip, içini tutup, gülüp otyr. Men şonda dogrudanam şeýle işleriň bardygyny aýtdym. – Arada Nowaýynyň bir ýazan zadyny okadym. Wezir-wekilleri, emirleri, patyşalary, şyhlary, şahyrlary we gaýry kärdäki adamlary häsiýetlendirýär. Nowaýy «bagşylaryň adamçylygy pes» diýip ýazypdyr. “Zat berseň-ä şo gün seni gowy görýär, zat bermedik günüňem sen erbet adam» diýen ýaly äheňde ýazypdyr. 08.07.15. Işde Jünеýit han hakda gürrüň gitdi. Edebiýatçy alym Gurbandurdy Geldiýew öz klasdaşy alym Rеjep Nаzarowyň agalarynyň biri 115 ýaşap ýogalypdyr. Şol ýaşuly Jüneýit handa gulluk edipdir. Ol «Jüneýit han uzyn boýly, mawy gözli adamdy» diýip, aýdýan eken. 25.07.2015 (şenbe) 1994-nji ýylyň 5-nji sanynda neşir edilen «Aşgabat» žurnalyny kitap tekjesinden alyp, göz gezdirdim. Žurnalyň şol sanynda çeper terjimäniň meselesine bagyşlap, öňki soýuzyň dürli ýerlerinden gelen 10-12 sany döredijilik işgärleri bilen «tegelek stoluň» başynda gürrüň geçirilipdir. Ony "ýazyjylaryň halkara simpoziumi» diýip atlandyrypdyrlar. Simpoziumyň geçirilmegine ýardam berendikleri üçin Türkmеnistanyň Рrezidenti Saрarmyrat Türkmеnbaşa, Türkmenistanyň Ministrlеr Kаbinetiniň başlygynyň orunbasarlary Оrаzgeldi Аýdоgdyýеwiç Аýdоgdyýеwe, Wаlеriý Gеоrgiýеwiç Оtçеrsоwa, Ваtуr Gurbаnоwiç Sаryjаýewe, Türkmenistanyň içeri işler ministri Gurbаnmuhаmmet Gаjarоwiç Каsymоwa, Milli awiakompaniýanyň başlygy Ilýаs Nоbatowiç Веrdiýewe, Türkmenistanyň Milli Bankynyň başlygy Нudаýbеrdi Аrtуkоwiç Оrаzоwa, «Türkmenistan» aksioner-söwda bankynyň başlygy Sеýitbаý Gаndуmowa «tegelek stoluň» başynda geçirilen hasabatyň soňunda redaksiýanyň aýratyn minnetdarlyk bildirilýändigi ýazylypdyr. Şeýle hem simpoziumy geçirmekde maliýe kömegini beren «Внешсервис» firmasyna, onuň prezidenti Igоr Glеbowiç Džаrеgettä sag bolsun aýdypdyrlar. Žurnalyň baş redaktory Wlаdimir Рu. 29.07.2015 ý. Kapitan A.Mихайловын «Туземцы Закасрийской областы и их жизнь» (Асхабад, 1900 г.) atly kitabynyň 39-40-njy sahypalaryn¬da nohurlylaryň taryhy hakynda ýazylypdyr. Kitap Zakaspi oblastynyň naçalnigi general-leýtenant A.A.Bogolýubowyň redaksiýasy bilen neşir edilipdir. * * * Ýaltaçylyk etmän, şu aşakdaky kitaplary gözläp tapyp, okamak gerek: 1. В неволе и туркмен и Хивинцев. Рассказ. Москва, 1910 г. стр-32. 2. Васильева П.С. «Ахал-текинский оазис». Санк Пе¬тербург, 1988г, стр-100. 3.Ахал-текинская экспедисия генерала Скобелева в 1980-1984г, СПБ, 1984, стр-176. 4. Ахал-текинская экспедисия и Геокдепинский бой, Асхабат, 1902, стр-22. 5. Бартольд В.В. «Туркестанские друзья, ученики и почитатели», Ташкент, 1927г. стр-55. 6. Карутс Р. «Среди киргизов и туркменов на Мангыш¬лаке». СПБ, Б/г. стр-188. 7. Маслов А.К. « Завоевание Ахал-теке. Очерки из последней экспедиции Скобелева. СПБ, 1987г. 8. Маслов А. «Завоевание Ахал-теке». 1982г, СПБ, стр-205. 9. Медведeв М, Барабаш. «По следом Джунаида». Ташкент, Средаз.книга, 1928г, стр-37. 10. Очерки боевой жизни Ахал-текинского отряда 1980-1988г, СПБ, 1882, стр-84. 11. По Средней Азии. Записки художника Л.Е.Дмитриева – Кавказского. СПБ, 1894г, стр-115. 12. Пословицы туземного населения Туркестанского края. Собрал Н.Г.Остроумов. Ташкент, 1888, стр-48. 13. Поход Александра Великого в западный Туркестан. СПБ, 1881. стр-77. 14. Путешествие от Баку до Чарджоу. Записки художника. 1887г. 15. Россия и Англия в Средняя Азии. Санкт-Петербург, 1876г, стр-361. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |