10:52 Beýik Seljukly: Ýene-de Jentde | |
IV bap
Taryhy proza
ÝENE-DE JENTDE Seljuklylar Jende göçüp gelenlerinde, Syrderýadaky Oguz döwletiniň goňşusy dünýäniň iň uly memleketleriniň biri bolan Samanydy (Samanogullary). Şol wagtlar Samanynyň entek güýçli wagtydy. Jent Syrderýanyň orta akymlaryndaky, çep kenarda ýerleşen orta gürpli şäherdi. Derýanyň iki tarapyndaky boldumly ot, gyrymsy jeňňel bitirýän tekiz sähralyklar alyslyklara, ondan aňryk ýene-de alyslyklara uzalyp gidýärdi. Oguz iliniň Derýaarka parçasynyň gündogar ýarymy şu ýerlerden başlanýardy. Ol giň öwrüm bilen tükeniksiz Gypjak sähralyklarynyň etegini syryp, gündogara uzalýardy-da, Garajyk dagynyň daşyndan aýlanyp, baryp Talas, Çu derýalarynyň üsti bilen Farab, Taraz, Mirki şäherlerine tarap inýärdi. Edil şol sebitlerde, megerem, juda gadymyýetden bäri ýaşap gelýän, daglaryň etegindaki, jülgelerindäki suwlary eşrepi ýaly peýdalanyp bilýän, belli-belli etraplarda dümä zor berýän oturymly ekerançy türkmenler mesgen tutunypdyrlar. Şondan aňryk Garahanly türki taýpalarynyň ýurtlary başlanýardy. Olar bolsa, Aladag daglyk ulgamlarynyň içine çuňňur aralaşyp gidýärdiler. Deryaöňi Jent sähralary ilerräkde Gyzylgum çöli bilen serhetleşýärdi. Gyzylgum ady belli Mawerannahryň (Derýaarasy) bir parçasydy. Oguz ýabgu döwletiniň düzüminde bolan Jent sebitdäki atly şäherleriň biridi. Jendiň uly bazarlary bardy. Indi diňe ýarym haraba bolup galan şu töwerekdäki Sygnak, Sawran, Kamak ýaly köne kentlerin arasynda Jent janly merkezdi. Bazar bäsleşigi bu yurtlarda öňe çykmak üçin kesgitleýji bir zatdy ahyry... Beýlekiler bu babatda Jent bilen bäsleşige çydaman, ol oyunlardan çykyp gidipdiler. Şondan soň bolsa kem-kemden harabalyklara öwrülipdiler. Hawa, dünýäde alyş-çalyşsyz ýaşaýyş barmy? Bazar bolsa şonuň amala aşyrylýan ýeri. Ilkinji şäherleri döredenler hem bazarlardy. Ol ussaçylygy-hünärmentçiligi hem-de alyş-çalşygy bellibir ýerlere toplamak zerurlygyndan gelip çykypdy. Bazarlaryň, Jendiň üstüne eňmeginiň sebäbi, munuň ýerleşişiniň oňaýlylygyndandy. Bu, öňi bilen-ä, bir tarapdan, gaýradaky maldarçylyk, ikinji tarapdan, ilerdäki ekerançylyk sebitleriniň ortarasynda ýerleşýärdi. Soňra, Jendiň töweregi giňişlik we otluk bolandygyndan ötri, ulaglylar we bazara salynan mallar üçin ýene bir ýerlere garanyňda kän amatlydy. Jent, aslynda, Oguz ýabgu döwletiniň çägindedi. Şundan uzak bolmadyk ýerden Samanynyň bir gyra welaýaty başlanýardy. Samanynyň güýçli täsiri bilen bu yerlerik irki wagtlarda musulmançylyk aralaşypdyr. Dogrusy, bu ýerde indi musulmanyň sany gaýry-muslimiňkiden agdykdy. Özüne hem bu mynasybet musulman ilatyň peýdasyna özgerip barýardy. Onsoň ilatyň aglabasy türkmenlerdi. Olardan daşary, türki halklaryň beýlekilerinden hem gelip oturanlar bardy. Onsoň bu yerde täjikleriň uly-uly toplumlary, kem-käs bolsa musaýylar yaşaýardylar. Jendiň bazaryna Samany etraplaryndan, beýle tarapdan bolsa Gypjak, Kimek, kämahallar Bulgar illerinden bazarçylar gelýärdiler. Möwsüm-möwsüm, hatda uzak Sabyryň (Sibir) yurtlaryndan hem gelýänler ýok däldi. Olar dagy nalaç etsinler, mundan beýlede pul bilen işlenýän bazar şekilli bazar bolmasa. Jent Ýüpek ýolunyň hem üstündedi. Şonuň üçin hem bu has tanymaldy, has atlydy. Şonuň arkasyndan-da bu ýerde islän harydyň tapdyrýardy. ''Oguz han gurduran we ýurt edinen'' Yaňykentden gaýtmaly bolsalar-da, seljukly türkmenler bu ýerik gelenlerinden, gürrüňini näçe tekrarlasaňam artykmaçlyk etmejek, örän akylly bir iş etdiler. Musulmançylygy kabul kyldylar. Bu bolsa seljuklylary ýerli musulman türkmenler we beýlekiler bilen ýakynlaşdyrdy. Samanynyň üç welaýat häkimi Seljuk bege, türkmenlere dini-ygtykady öwretmekde ruhy we maddy kömegi hem-de iki musulman halkyň arasyndaky umumy dostluk gatnaşyklaryny ýola goýmakda örän minnetdar bolupdy. Seljuk beg bu ýerde hem Yaňykent Oguz döwletiniň hem-de Samanynyň üç welaýat häkimleri bilen iş salyşmaly bolupdy. Olaryň ikisi bilen hem ara erbet diýmek boljak däldi. Bir ýüz gowrak atlysy bolan, il içinde abraýly, halallykdan başga ýerde ady çykmadyk, öz iliniň bu ýaş kethudasyna, iň bolmanda göre-bile-hä azar berýän ýokdy. Hawa, jemagat-il bilenem şeýledi. Umuman, görşümiz ýaly, seljuklylaryň Jent durmuşyna girmegi edil ''bolsady'' ekenden enaýy bolmady. Bularyň yslam dinini kabul etmegi iki tarapy hem kanagatlandyrdy. Şonuň ýaly bolanda binýat berkden tutulyp, üstüniň binasy guralanda, edeniň gelişýär duruberýär. Şonuň edil mantykly ösüşi diýen ýaly, Seljuk begiň gazylyga goşulmagy hem iki tarapyň-da islegini ödeýän zat boldy. Elbetde, bir döwletiň subaşysy ýaly uly wezipeden aýrylmak, minaradan gopup gaýdandan enaýy däldi. Ýene biri bolan bolsa, bu gaýdyşdan seňselärdi, aýňalmaza uçrardy. Elbetde, Seljuk beg birbada, daş-töwereginde özboluşly bir boşluk emele gelen ýaly, özüni nirä urjagyny bilmän, kösenjek ýaly etdi. Yöne ol daşky täsiriň oýnudy. Bu ol ýagdaýy kän äsgerip durmady. Çünki ony uzak eglenmän ýeňjekdigini bilýärdi. Onsoňam, has wajyp bir zat, öňki wezipe munuň asla ýüregine laýyk gelýän ýer däldi. Başgalaryň ýanynda şeý diýse, muňa ynanjak däldiler. Ynananokdylar asyl. Emma munuň öz ýüreginde weli, ol möhürdi. Ýok, bu ol beýik, abraýly wezipäni gowy görýärdi, eýgerýärdi hem. Has gowy hem eýgerjekdi. Muny arkajakladýan zat, Şamäligiň alyp barýan gaýry-muslim syýasatydy. Ondan el çekere bireýýäm wagt ýetipdi ahyry. Mydama özüniň şol ýokary ukyby bilen hem, ''ýerinde däldiginden'' ötri, hut ezýet çekip ýören Seljuk beg: «Kalbyma laýyk döwletim bolsa, şonda ýönekeý bir onbaşy ýa-da hamala bir hasapdar bolup gulluk etsem, mundan ýüz esse artyk lezzet alardym» diýýärdi. Ine, şol barmana hem, bu özüniň hut arzuw edýän döwresine girdi duruberdi. Özüne-de Seljuk begiň gazylyk amalynyň möhüm müşgil meseleler bilen baglanyşyklylygy, şonuň hem başarjaňlyk bilen amala aşyrylmagy tüýs bir şowlulyga ýazan zat boldy. Döwletiňki bolandygyna garamazdan, gaýry-muslim hasyldarlara salgyt tölemegiň musulman adamlarynyň ygtykadyna laýyk gelmeýändigini düşündirmek, gerek bolsa, bularyň hukugyny goramak üçin güýç hem ulanyp biljekdigini duýduryp, olary yzyna gaýtarandygyny uly il gahrymançylyk hökmünde kabul edipdi. Hawa, şondan öňräk, seljuklylaryň bir süri düýesini çapawulçylar sürüp äkidipdi-de, şonda hem bular özlerini görkezipdiler. Ol etmiş, dogrusy, seljuklylary gorkuzmak üçindi, gyjalat üçindi, bularyň çakyny aňlamak üçindi. Seljuk beg bolsa, esasan, öz neberesiniň güýçleri bilen kowga ugranda, etrabyň gazylary hem bulara gelip goşulypdylar. Şeýdibem, seljuklylar düýelerini başy bitin alyp gaýdypdylar. Onda-da çapawulçylary ulukjyn aldyryp. Şunuň ýaly işler ilde diňe örän edenli hem jebis ýerleriň elinden gelýän zatdy. Garaz, şulara meňzeş wakalaryň ýene-de ençemesinden soň Seljuk bege, onuň neberesine bolan garaýyş düýpgöter üýtgedi. Indi il arasynda bularyň ýat ülkede hem hiç kimden, hiç zatdan çekinmän ýaşajakdyklary hakynda pikir pugta ornaşdy. Aňyrlarynda bir güýçli ýerleri bar bolaýmasyn diýen, öňden hem bar bolan bir ýüzleýje pikir hem üzül-kesil çyna ýazyberdi. Ýazdy asyl. «Bular goraga-ha asla mätäç däl ekenler, gaýtam ejize-de arka durjak şular» kysymy gürrüňler ýygy-ýygydan edilip ugrady. Soňra ol pikir, şular halatly bolaýmasynlar diýen çaklama çenli baryp ýetdi... Şundan soň Seljuk begiň adyny aýratyn basym bilen tutup başladylar. Eýsem-de bolsa?.. Eýsem-de bolsa, şu soňky pikire Seljuk begiň özi ynanmaýarmydy? Özünde adatdan daşary bedeni hem-de ruhy güýji duýýan we saklaýan adamlar bolanmyş. Olarda tebigy suratda şeýle bir ynam döräp, ol onsoň ony göterer gidiberermiş. Umuman, seljuklylar başdan diýen ýaly, göze ilip duran üýtgeşik nebere bolandyklaryndan üns merkezine geçipdiler, tizden ýene-de geçdiler. Bularyň atlary-soýlary daş-töwerege ýaýrap başlady. Indi başgalar bulardan saýa hantama bolup ugradylar. Tizden has wajyp bir hadysa bolup geçdi. Jent ülkesindäki türkmenlerde Seljuk beg mazaly adygyp ugrandan soň, tebigy bir höwesjeňlik tutaşdy. Olar topar-topar bolup, Seljuk begiň ýanyna gelip başladylar. Şu golaý-goltumlarda ýurt tutunyp, täze, ýygjam bir güýç döredip ugradylar. Olar Seljuk begiň daşyna egrilýärdiler. Ine, indi birwagtky ýüz atlyly Seljuk beg özüne näçe gerek bolsa, şonça atly toplap biljekdi. Bu akyma beýleki türki halklardan hem goşulýany tapdyrdy. Şundan soň-ha Seljuk begiň abraýy asmana göterildi. Bu özboluşly dini-syýasy häsiýetli hem kethudalygy, hem-de başserkerdeligi özünde jemleýän bir baştutana öwrüldi. Aslyýetinde, ýurdunyň içinde başga bir syýasy hereketiň, häkimiýetiň döremegine özüni sylaýan döwletiň hiç biri ýol bermezdi. Oguz Ýabgu döwleti welin, bu ýagdaýa örän oýlanyşykly baha bermäge özünde ýeterlik pähim-paýhas tapdy. Bilmezlige saldy. Ör-gökden gelen kişi bolup, üstüne dübläbermäge bogny ysmady. Onsoň halyflaryň birwagtky täze dörän emirlikler babatda kabul eden tutumy ýalyrak tutumy aldy-da oturyberdi. Ony hem öz ýanyndan makullan bolup, içe salnan kitüwi çykarmaklygy ýene-de bir wagta goýdy. Beýleki döwlet Samany bolsa, bu ýerde utuşy utulyşdan köpräk gazanaryn hasap etdi gerek, özüniň bu dörän ýagdaýy makullaýandygyny aç-açan äşgär etdi. Samany eýýäm esli wagtdan bäri täze dörän goňşy bolan Garahanly bilen oňşanokdy. Ondan ätiýaç edýärdi. Şonuň üçin-de bulary - seljuklylary geljekde öz tarapyna çekmekligi bu göz öňünde tutman bilmejekdi ahyry. Seljuk beg sähel salymda bolup geçen bu wakalaryň syýasy tarapyny seljermäge, ýokarsyndan seredip görmäge ukyply şahsyýetdi. Elbetde, munuň ýüregi indi has suwludy. Yöne esasy bir zat, özüniň köpden bäri hyýalynda göterip ýören bir binasynyň binýadynyň hem tutulyp biljekdigine umyt baglap başlamagydy. Eýsem-de bolsa, bir ilerleme ýokmy näme? Bir täsinlik hem bar ýaly-la? Bir gudrat nirelerdendir bir ýerlerden gara berip ugramadymyka? Indi boş oturmaly däl bolaýmasyn? Belki, hereket etmelidir? HEREKET. Bu nähili köpden bäri garaşylýan janly, umytly, gaýrat beriji söz. Belki, bular eýýäm hereketdedirler?! Seljuk bege töwekgellik bilen bilelikde seresaplylyk hem berlen ekeni. Öňi bilen-ä, munuň «adamlary» iş ýüzünde başga döwletleriň raýatlarydy. Bularyň ygtyýarynda hiç hili resmi eýeçilik hem ýokdy ahyry. Şeýle ýagdaýda Seljuk begiň goşuny bolaýanda-da, ne ony saklara ýeri (gyşlag - kazarma), ne eklär ýaly serişdesi bardy Şonuň üçin atly-ýaragly adamlar bilen gepleşilip, diňe gereklener güni-jeň güni ýygnanyşmaly edilipdi. Edil şol güni bolsa atlylaryň, olaryň özleriniň hem wada berişleri ýaly, çakylyksyz ýygnanyşjak- dyklaryna Seljuk beg doly ynanýardy. Çünki bular kysymly des-surlar zamananyň mizemez ýörelgesidi, medeniýetidi. Töre şeýledi. Dynçlyk wagtynda, goý, her kim öz eklenji bilen meşgul bolubersin. Seljuk beg indi uly syýasy jemgyýetiň baştutany. Diýmek, muňa indi her hili uly meseleleri çözmek gerek. Onuň üçin aşakdaky kethudalar, serdarlar bilen içgin tanşyp, ýygjam aragatnaşygy ýola goýmak gerek. Gerek wagty ýygnanyşyp, maslahat edip durmak has derwaýys. Ýygnanyşar ýaly bellibir ýer bellense?.. Bu göç-gon ýagdaýynda, goý, hemmesi Seljuk begiň öýüne gelibersinler. Munuň gapysy şonuň üçin mydama açyk. Öý darlyk etse, ynha, işik. Ol darlyk etmez. ''Seljuk begiň işigine barmaly''. Bu sada, ýönekeý. Ýöne edilýän gürrüň manyly, çynlakaý bolsun. Peýdaly ýeri, ana, şol. Bulara artyk pajarlylyk nämä gerek? Iň bolmanda, häzirlikçe. Ol öz sebitleriniň döwlet, hojalyk işlerine-de gatyşmady. Diňe öz pähiminiň emri bilen, häkimleriň ýanyna baryp, ekerançylyk üçin bir azrak ýer alyp, şol döwletli işe-de synanyşyp göräýmekligi müwessa bildi. Onsoň ekin bilen höwesegräk adamlary tapyp, ýaňky ýerleri şolara bölüp berdi. Känbir göze-başa düşjek bolup ýörmedi. Yerli döwlet häkimleri hem şony kem görenokdylar. «Sen maňa degme, menem saňa degmäýin». Aňyrdaky Oguz Ýabgu merkezi öz ýerli emeldarlaryna bular bilen gatnaşyklar babatda kesgitli bir zat aýtmaýan bolarlydy. Seljuklylar bilen dostana gatnaşykda bolmaklyga-ha Ýabgu ýol berjek däl. Ýagyçylykda boluber diýmäge hem bogny ysjak däl. Olar, belli zat, ''Hany, entek görübereris-dä'' syýasatyny ýöredýän bolmalydy. Dowamy bar >> Ýazmyrat MÄMMEDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |