13:40 Türkmen gerçegi: Salahaddin Eýýuby | |
TÜRKMEN GERÇEGI EÝÝUBY
Taryhy şahslar
Türkmen taryhynyň örän çuňňur, köp taraply, köp öwüşginli bolşy ýaly, halkymyzyň gahrymanlary hem ýüzugra sanap geçerden köpdür. Taryhymyzyň uly böleginiň dürli sebäpler, ylaýta-da bilgeşleýin ýetirilen zyýanlar zerarly baslygyp galyşy ýaly, äpet şahsyýetleriň, gahrymanlaryň hem üstleri örtülip, bilinmän galanlary ýa-da iliň hakydasyndan çykyp gidenleri bardyr. Şeýle gahrymanlaryň biri taryhyň orta çaglarynda dünýä şöhratyna eýe bolan Salahaddin Eýýubydyr. Onuň şöhratlar eýesi bolan beýik şahsyýetdiginden ony döreden halk bolan türkmeniň bihabar bolmagyna näçe geňirgenseň geňirgenip oturmaly! Eger-de ol azda-kände tanalan hem bolsa, ol tanyşlyk diňe taryhdyr edebiýat bilen meşgullanýan adamlara degişlidir. Ol hem Ýewropa ylmy we çeper edebiýatynyň üsti bilen gelendir. Salahaddin Eýýuby bilen "tanyşlyk" biziň, türkmen, asla owzalky sowet okuwçylary üçin mekdepleriň asly Günbatardan alnan "Orta asyrlar taryhy" kitabynyň üsti bilen başlanypdy. Ol döwrüň iň uly wakalarynyň biri Günbatardan Yslam ýurtlaryna tarap gurlan "Haçparaz ýörişleridi". Günbatar katolik döwletleriniň Rim papasynyň çakylygy boýunça Ýakyn Gündogaryň musulman ülkeleriniň üstüne eden sekiz saparlyk harby ýörişi özüniň tutumy, möçberi, hyjuwy bilen giden bir jemgyýetleriň durmuşyna üzül-kesil täsir edipdi. Ol ýörişler musulman halklaryň ykbaly üçin agyr bolupdy. Has weýrançylykly netijelere hem getirip biljekdi. Günbatara bolsa taryhy ähmiýeti bihasap uly bolan syýasy we ykdysady peşgeşleri wada berýärdi. Ol taryhyň çarhyny tersine aýlamaklygy maksat edinýän ýörişlerdi. Emma ol ýörişler Günbataryň halklarynam hezil etdirmedi. Umumy betbagtçylygyň ajy takdyryny olar hem öz başlaryndan geçirmeli boldular. Allaha ýüz müň şükür, Ol bu apaty ahyrda musulman halklarynyň başyndan sag-aman sowdy. yslamyň tanapy ylahy we dünýewi mantygal kanunlaryň emri bilen inçelse inçelmelidi, emma ýolunmaly däldi. Şol bir wagtyň özünde ylahy öňden kesgitleýiş tejribeli işiň, amalyýetiň üsti bilen amala aşyrylýar. Allatagala tarapyndan kalplara guýlan belent ruhyýetiň we billere-gollara berlen sarsmaz kuwwatyň arkasyndan gahryman musulman halklary ýagyny serpikdiripdiler, ýurtdan kowup çykarypdylar. Tekrarlap aýtsak, iki ýüz ýyla çeken (1096-1291) bu masgaraçylykly uruşlar musulman halklaryna örän agyr düşdi. Köp gan döküldi, maddy ýitgileriň çägi bolmady, köp howply, kyn pursatlary başdan geçirmeklik dogry geldi. Jemgyýetçilik ösüşi asyrlarça yza çekildi. Haçparaz baýdakly, syýasy matlaply duşmany serpikdirmek köp gahrymançylykly hereketleri, çykyşlary talap etdi. Edişi ýaly hem, wakalar üstüne wakalary, gahrymanlar üstüne gahrymanlary ýüze çykardy. Biz şu makalany Salahaddin Eýýubydan başlaýşymyz ýaly, gürrüňi hem şol hakda dowam etmekçidiris. Kem-käs gapdala sowulmagymyzyň sebäbi käbir gümürtigräk ýagdaýlary aýdyňlaşdyrmak üçindir. Salahaddin Eýýubyny sagdyn, hakyky öz keşbinde görkezmek üçindir. Artykmaç bezeg öz gerekmejek ýalpyldysy bilen gözüňi gamaşdyrýar. Ikinji bir ýagdaý bolsa, bu hupbatly döwri başyndan geçiren uly bir halkyň, gahrymanlaryň bitiren işlerini görmezlige salmak ýaly adalatsyzlygyň öňüni alyp, hemmesini ýerli-ýerinde goýmaga synanyşyk etmekdir. Gürrüňiň milli buýsanjymyz bolan Seljukly türkmenleri hakynda gidýändigi öz-özünden düşnüklidir. Eger-de Salahaddiniň ýüküni birneme ýeňletsek, hem taryhy ýagdaý sagdynlaşar hem milli bähbidimizi goradygymyz bolar. Bu mesele hakynda aýratyn jan çekmegimiziň özüne ýetesi sebäbi bar bolup, ol hem aýdyşlary ýaly käbir "ak tegmillere" bahra öwrenişilip, olaryň barha ornaşyp barýandygydyr. Bize bir gezek Siriýa, Iordaniýa ýurtlarynda syýahatda bolmak nesip etdi.Şonda haçparaz ýörişlerine degişli taryhy galyndylaryň tüýs jümmüşinde bolmak mümkinçiliklerine eýe bolduk. Şol ülkeler-de, ylaýta-da Ortaýer deňziniň gündogar kenarlarynda haçparaz rysarlarynyň demir lybaslarynyň, ýarag-enjamlarynyň şakyrdysy henizem hemme ýerden eşidilip duran ýalydy. Biziň ýanymyzdaky gidimiz (rehber) haçparazlar, galalar hakynda düşündiriş berýärdi. Biz onuň düşündirişlerinde dogruçyllygyň kemterlik edýändigini duýýardyk. Syýahatçylary Şamdaky ullakan bir jami-mesjide alyp bardylar. Şol mesjidiň ýanynda Salahaddin Eýýubä bagyşlanan bir türbet hem bar ekeni. Türbetiň başynda beren gürrüňinde biziň gidimiz "Haçparazlar Ýakyn Gündogardan käbir ülkelerde iki asyrlap hökümdarlyk etdiler. Olary diňe araplaryň bir hökümdary Salahaddin Eýýuby çykaryp bildi" diýip sözüni jemledi. Men ahyry gidimize özümiziň, haçparazalry çykaran diňe bir Salahaddin däldigi, eýsem, seljukly güýçleriň hem uly işler bitirendigi, hatda kesgitleýji rol oýnandygy hakynda öz pikirimi aýtdym. Salahaddiniň gelip çykyşy boýunça türkmendigi soňky wagtlarda bütinleý äşgär boldy. Bu gerçek türkmen oglunyň döreden döwleti "Eýýuby türkmenleriniň döwleti" diýen at bilen Saparmyrat Türkmenbaşynyň Ruhnama kitabynda görnükli ýerleriň birini mynasyp eýeledi. Onuň türkmendigi hakyndaky maglumatlar şol döwürleri we şahsyýetleri gowy öwrenen türk taryhçylarynyň işlerinde hem öz beýanyny tapypdyr. Indi biz esasy mowzugymyz bolan Salahaddin Eýýuby hakyndaky gürrüňlere ymykly geçsek, bolman durmasa gerek. Seljuk türkmen hereketi bilen Ýakyn Gündogara gelen Eýýubylaryň bize mälim bolamn ata-babalary ozal Ýerweanyň demirgazygyndaky Düzhin diýen ýerde oturypdylra. Salahaddiniň atasy Şady şol ýeriň kethudasy ekeni. Bu nebere soňra onuň ogly Nejmetdin Eýýubyň "eýýub" goşundysy bilen atlandyrylyp ugrapdyr. Bular on ikinji asyryň başlarynda ol ýerden Yraga göçüp gelipdirler we Beýik Seljukly döwletiniň hyzmatyna giripdirler. Soltan bulara "Tekrit" diýen obany mülk edip beripdir. Eýýäm şu ýagdaýyň özi hem Eýýubylaryň hyzmatlarynyň uly bolandygyny görkezýär. 1138-nji ýyldan soň Eýýubylar Beýik Seljuklaryň Mosul atabegi, tanymal türkmenleriň türk döwlet işgäri we serkerdesi Imametdin Zengi bilen hyzmatdaşlyk edip, soňra hem onuň gullugyna giripdirler. Uzak wagt geçmänkä, Nejmetdin Eýýub öz başarjaňlygy we hyzmatlary bilen Zengä özüni aldyrypdyr. Ol muny tizden 1139-njy ýylda Bazibeg welaýatyna wali (häkim) edip belläpdir. Imametdin Zenginiň özi 1146-njy ýylda aradan çykypdyr. Şundan soň Eýýub Damaskyň (Dymaşk) atabegi Üneriň, munuň gardaşy Esedütdin Şirkuh bolsa Zenginiň uly ogly, meşhur Mosul atabegi Nureddin Mahmudyň gullugyna giripdir. 1154-nji ýylda Mosul atabegi Nuretdin Mahmut Damaksy hem özüne birleşdiripdir. Şeýlelikde, Eýýub hem Nureddiniň ygtyýaryna geçipdir. Şol bir wagtyň özünde onuň ogullary-da Salaheddin başlyklaýyn, Nureddiniň gullugyna giripdirler. Şol wagtlar goşşulykdaky Müsürde arap fatimi döwleti höküm sürýärdi. Olaryň dini mezhebi şaýylykdy. Fatimiler özleriniň bölünip gaýtdygy bagdat sünni halyfatyna garşy göreşýärdiler. Her hili ruhy we fiziki ýykgynçylyk işlerine çenli batyp ýetýärdiler. Olaryň ýarany Eýranyň demirgazyk-günbatar tarapynda bolan bir wagtky Deýlemi-Buweýhi şaýy döwletiniň galyndylarydy. Gepiň gerdişinde aýtsak, ol döwlet (has dogrusy emirlik) bolsa, öz metbuwy Bagdat falyfasyna garşy durup, oňa köp ýyllap azar ýamanyny berip gelipdi. Onuň maksady süüni halyfatyny ýykyp, şaýy halyfatyny guramakdy. Buweýh emirleri ýaňky belleýşimiz ýaly, ähli yslamyň iň uly dini we dünýewi hökümdary - häkimi ýagny, halyflary uly saýmak-ha beýlede dursun, gaýtam ony äsgerenokdylar. Soňabaka onuň güýji halyfyňkydan has artyk gidipdi. Ol "ygtyýaryndaky" beýleki emirlikleri onuň garşysyna jeza beriji hökmünde göndermäge halyfalaryň mümkinçiligi ýokdy. Çünki, bularyň indi olara hem buýruklary ýöränokdy. Galyberse-de, golaý-goltumdaky emirlikleriň Buweýhä güýji ýetjegi ýokdy. Gaznaly ýaly ululary bolsa, Buweýhini özi üçin basyp alaýmasa, gara gaýgysy Halyfat däldi. Başga bir tarapdan bolsa, kimiň kimden azary bar. Çaryýarlar zamanyndaky yslam dini birligi dagamak ýoluna düşmänmidi näme? Hawa, "Dile geldi, bile geldi" şu ýerde bir zady aýdyp geçmek ýerlikli bolardy. Gaznaly ýaňky agzalan şaýy döwletini basyp almaklyga taýýarlanyp ýördi. Hatda, onuň gündogar taraplaryndaky birnäçe ýerlerini özüne birikdiripdi. Bu ýagdaýlar 1040-njy ýyldaky Daňdanakan söweşiniň öň ýanyndaky ýyllarda bolupdy. Mälim bolşy ýaly, ol söweş bolsa, Gaznaly döwletini ýykypdy we netijede, Buweýhiler Gaznaly aždarhasynyň agzyndan sypypdyr. Halyfaty Buweýhilerden halas etmek şondan soň Seljuk türkmenleriniň paýyna düşüpdi. Gündogara tarap ýörişe başlan Togrul beg Buweýhileriň üstünden girmelidi. Buweýhiler bu çaka çenli halyfatyň hususy döwlet topraklaryny gyrdaý-gyrdaý, sähelçe galdyrypdylar. Umuman, Bagdada ýakynlaşypdylar. Başgaça aýdanyňda, Halyfa gabawda boglup otyrdy. Edere bolsa hiç hili alajy ýokdy. Öz içki duşmanlary tarapyndan gysaja salnan halyfyň başga has uly aladasy hem bardy. Günbatardan haçparaz ýörişleriniň zaňy eşidilip ugrapdy. fatimiler bolsa baýaky. Togrul beg Bagdada ýetip-ýetmänkä, onuň ýanyna Halyf El-Kaimden ilçi gelipdi. Ol bu seljuk begini öz köşgüne çagyrýardy. Halyf Togrul begi uly hezzet-hormatlar bilen kabul edenden soň, halyfaty we dini yslamy içki we daşky duşmanlardan gorap biljegiň diňe şulardygyna, ýagny, Togul beg başlyklaýyn, türkmenlerdigine ynanýandygyny bildirdi. Şol ýeriň özünde Togrul bege bütin yslam ymmatynyň ykbalyny tabşyrdy. Ony hukuk tarapdan fetwalamak üçin Togrul bege "Magrybyň we Maşrygyň soltany" diýen resmi unwan we degişli nyşanlary berdi. Togrul beg şol ýerden özüne garşy çykmaga synanyşan Buweýhi hökümdaryny hem-de şol ýerlere sümlüp giren Fatimi jansyzlaryny derbi-dagyn edip, Yragy, Azerbaýjany eýeledi, Anadola çykdy. Belli bolşy ýaly, özüne ynanylan mukaddes wezipeleri amala aşyrmaga başlady. Onsoň beýik türkmen seljuklarynyň ilkinjileri yslamy goramagyň sarsmaz binýadyny gurdular. Beýik Seljuk imperiýasynyň beýik soltanlary Togrul begiň, Çagry begiň, Alp Arslanyň, Mälikşanyň nesilleri, şägirtleri olaryň mukaddes işlerini mynasyp dowam etdirdiler. Şolaryň biri bolsa, ýokarda gürrüňini etdigimiz Atabeg Nureddin Mahmutdy. Ol haçparaz ýörişleriniň başlanmagy bilen, has gylaw alan we ersen Fatimi döwletini aradan aýyrmak hakynda bir eýýämden bäri pikir edip ýördi. Fatimi döwletiniň sünni mezhebini ýykmagyň alajyny gözläp ýörendigini biz eýýäm gürrüň edipdik. Ilki haçparazlaryň çozmagy, soňra mongollaryň çozmagy Fatimileriň tüýs hoşuna gelipdi. Olar ýagdaýyny tapsalar, bu kafyrlar bilen hereket birligini, harby ýaranlygy guraýardylar. Yslamyň esasy bizdedir diýip ýören mezhebe baştutanlyk edýänleriň bu işleri, heý, bir mantyga, ynsaba, ymmata sygarmy! Yslam bütewiliginiň hatyrasyna bu zatlara hem çydam, takat edip ýören meşhur seljukly türkmen döwlet işgäri we serkerdesi Nureddin Mahmudyň Fatimi döwletiniň öz müsür halkyny hem halys tozdurandygyny görüp, çydam käsesi dolupdy. Şol wagtlar Müsüriň bu ýagdaýyny içden düzetmek islän, şonuň üçin hem çetleşdirilen weziri Şawer Nureddiniň ýanyna geldi. Ol Müsür halkyny zulumdan halas etmäge kömek bermegini mundan haýyş etdi. Nureddin Mahmut goşun serkerdesi, ýokarda agzadygymyz Şirkuhy Salahaddin bilen birlikde, 1164-nji ýylda Müsüre gönderdi. Şirkuh fatimi güýçlerini ýeňip, Kairi ele aldy. Tizden bütin Müsüre häkim boldy. Fatimi falyfy Adidi her hal öz ýerinde galdyrmaklygy seljuklylar ynsanperwerlik hem-de yslam bitewiligi hatyrasyna müwessa bildiler. Halyf bolsa Şirkuhy özüne wezir edip aldy. 1169-njy ýylda Şirkuh aradan çykyp, onuň wezirleri hem Nureddin, hem Adid tarapyndan Salahaddine berildi. Salahaddin wagtynda Müsür, esasan, Siriýa seljuk atabegliginiň bir goluna öwrüldi. Şol wagtlar Müsür goşunynda hebeşi we ermeni kuwwatlary hem bardy. Olar Eýýubylara garşy gozgalaň edýärdiler, öz hususy goşun bölümlerini emele getirýän oguz türkmenleriň güýji bilen olary derbi-dagyn edip, ýurtdan çykardy. 1169-njy ýylda Salahaddin ol ýerde türkmen döwletini guramagy maksat edinipdir. Döwletiň ady Eýýubylar diýlip atlandyrylýardy. 1169-njy ýylda Salahaddin Dimýat şäherini gaban haçparaz goşunlaryna pugta zarba urupdyr we olaryň ysgynyny alypdyr. 1171-nji ýylda tizden Salahaddin Nuretdin Mahmudyň emri boýunça, alyp barýan zyýanly işleri üçin Fatimi halyflygyny ýatyrdy we mesjitlerde Bagdat abbasy halyfynyň adyna hutba okamaklygy girizdi. Şol wagtlar Müsür falyfy Adid hem ölüpdir. Salahaddiniň özbaşdak döwlet gurmak ugrundaky tagallalaryny Nureddin Mahmut makullamandyr. Şonuň üçin-de, tebigy zat, arada näsazlyklar başlanypdyr. Ýöne, barybir Eýýubylar indi özygtyýarly döwletdi. Nähili hem bolsa, ol Nureddiniň üstaşyry hereket etmändir. Şol wagtlar Salahaddin agabegi Turanşahy iberip, Ýemen ýurduny, halkyny haryjy häkimiýetleriň bozgaklygyndan halas edipdir. 1173-74-nji ýyllarda Liwiýanyň bir bölegini eýelediler. 1174-nji ýylda atabeg Nureddin mahmut aradan çykandan soň, Salahaddin özüni doly erkin saýypdyr. Salahaddiniň bitiren has görnükli işleriniň biri, uly sylam güçýçlerini öz töweregine toplap, haçparazalara garşy has aýgytly hereketlere başlady. Ol ýokarda belleýşimizü ýaly, 1187-nji ýylda Kuddusy haçparazlaryň elinden alyp, bu isaýy korollygyny ýykdy. Şu wakany örän ýokuş gören katolik dünýäsi üçünji, has uly haçparaz ýörişini gurady. Bu gezek oňa german imperatory Fridrih Barbarossa, iňlis koroly Riçard, Frank koroly Filip Awgust dagy baştutanlyk edýärdiler. Bu ýöriş hem netijesiz diýen ýaly tamamlandy. Şir ýürek adyny alan Riçard Frank koroly bilen oňuşmandyr. Barbarossa suwa gark bolup ölüpdir. Ýöne weli ýeňşiň esasy sebäbi musulman güýçleriniň, olaryň baştutany Salahaddiniň ägirtliklerindedi. Salahaddinden soň bu uly döwlet ilki ogullarynyň, soňra gardaşynyň we onuň ogullarynyň arasynda paýlaşylypdyr. Bitewiligini ýitiren döwlet özüniň hemme sebitlerinde we seplerinde gowşaşdy. Ahyrda 1148-nji ýylda Müsür Bahri-mamluklaryň eline geçipdir. Mamluklar diýip mongollara boýun egýän, Kawkaz daglarynyň arkalarynda, gypjak sähralarynda ýerleşen, soňra bolsa, Müsüre gelip Eýýubylara gulam bolan, ýagny, harby gulluga duran jemagata aýdylýar. Olaryň bir bölegi Bahry (Derýa), aglabasy türkmen mamluklary, beýlekisi Burçy (gala) aglabasy beýleki türki, çerkes halklardan toplanan mamluklardyr. Bahry mamluklaryň ilkinji hökümdary Izzetdin Aýbek et Türkmany bolup, ol şol wagtlar Yraga ýakynlaşýan mongollara garşy göreş birligini gurmagyň baştutany boldy. Bahriýe mamluk soltanlyklaryndan Kutuz, has-da Beýbars haçparazlara we mongollara garşy durnukly we aýgytly göreşler alyp bardylar. Rum seljukly soltanlygy we türkmen garaman ogullary begligi bilen bilelikde, haçparazlary we mongollary ençeme gezek agyr ýeşiňlere sezewar edipdi. 1382-nji ýylda Müsürde häkimiýetiň başyna Burçy mamluklary geçdiler. Ol döwlet hem öňküleriň ýoluny mynasyp dowam etdirdi. Ony soňra (1516-1517) ýyllarda şol wagta çenli örän güýçlenen Türkmen Osmanly döwleti özüne birikdirdi. Salahaddin hakyndaky söhbete ýene gaýdyp gelesiň gelýär. Çünki, onuň halklar arasyndaky abraýy we şöhraty biziň öňki bilşimizden ha ýokarydyr. Iňlis ýazyjysy Jeýms Oldrižiň 1970-nji ýylda Moskwada ors dilinde çykan "kair" diýen kitabynda Salahaddine ençeme sahypa bagyşlanylypdyr. Köp ýyllap gündogary munuň psihologiýasyny, medeniýetini, sungatyny öwrenmek, umuman, bu ajaýyplyklar dünýäsi, bolan syrly, täsin Gündogara düşünmek üçin köp zähmet sarp eden, muny söýen adam bolan Oldrij öňi bilen Salahaddiniň gadym faraonlardan bäri öňki-soňky bolup geçen Müsür hökümdarlarynyň arasynda iň bir uly döwlet işgäri we harby serkerdesi diýip tanaýar. Bu dünýäniň iň gadymy ýurdunyň hakykatdan gelmişegi bolan Salahaddini Müsüriň iň janköýer watançysy diýip hasaplaýar. Onuň eden işleriniň hemmesi öňi bilen galalaryň (Kair, sitadeli) berkligini, gelşikliligini, ykdysadyýetiň pugtalygyny we kepillikligini gazanmaklyga gönükdirilipdir. ol içki duşmanlary bijaý awundyrman ýeňmekligi, daşky betniýetlere gazaply daramagy dogry hasap edipdir. Onuň nazaryýeti boýunça, meselem, şaýylara garşy, ortadoksal (dogry ýol) sünnetiň artykmaçlyklaryny ynandyrmak arkaly iş alyp barmaly, diňe iň çykgynsyz ýagdaýlarda ýarag ulanmalydy. Ol Müsüri yslamyýetiň duşmanlaryna garşy göreşiň egsilmez ykdysady-harby goruna öwürmek isläpdir. Kairi zynat merkezi bolmak bilen birlikde, halk köpçüligine ýakymly we amatly şäher edip guramaklygy nazar alypdyr. Gurulýan medreseleriň, metjitleriň halk durmuşynda hem peýdaly, elýeterli bolmagyna kän üns beripdir. Olaryň köpüsi bilim bermeklige, ylym merkezlerini döretmeklige niýetlenilipdir. Olarda talyplara matematika, geodeziýa, medisina, fizika ýaly takyk ylymlar hem öwredilipdir. Olaryň käbirlerinde adamlara medisina kömegi berlipdir. Şol wagtlar Kaire baran arap syýasatçysy Ibn Gubaýryň ýazmagyna görä, ol ýerdäki şypahanalarda we hassahanalarda hekimler we attarlar, näsaglara hzymat edýän şepagat uýalary we gardaşlary, ýatmak üçin sekiler we ýorgan-düşekler, mugt iýmit we däri-derman, erkekler we zenanlar üçin aýratyn jaýlar, hatda aklyndan azaşanlara niýetlenen aýratyn bölümler we özboluşly hyzmatlar ýaly her hili üpjünçilik işleri ýola goýlan bolmaly. Bu sahawat adamsy bolan salahaddin Eýýubyny, hatda, gündogar isaýylary, ylaýta-da siriýalylar, gürşüler, koptlar örän hormatlapdyrlar, köp halatlarda, hatda, Rim papasyndan hem ýokary tutupdyrlar diýip häzirki zaman ýazyjylary şol döwrüň awtorlarynyň ýazan işlerine salgylanýarlar. Salahaddin ähli sünnetiň dört ymamynyň biri bolan hezreti Aş-Şafygynyň mazarynyň ýanynda ullakan medrese gurdurypdyr. Salahaddiniň dünýädäki iň tanymal şahsyýetleriň biri bolandygyny ykrar eden günbatar ýazarlary, geň zat, onuň häsiýetinde, hereketlerinde hiç hili nogsan görmändirler. Mertligi ynsanperwerlik sahawatlylygy bilen birleşdiripdir. Ýewropa rysarlary özleriniň ýazylan-u-ýazylmadyk kodeksleriniň köp taraplaryny Salahaddiniň öz durmuşynda görkezen nusgalaryndan alypdyrlar. Sebäbi, iň bir nusgalyk ýewropa rysarlary hem ol babatdan munuň deňine ýetip bilmändirler. Birinji, iň bir saýlama iňlis rysary Riçard Şir ýürek, meselem, ulumsylykdan we zalymlykdan kösenendigi üçin, Salahaddinçe görülmändir. 1182-nji ýylda Salahaddin Kairden haçparzalaryň garşysyna alnyp barylýan uruşlaryň jümmüşine - Palestina tarap ugrapdyr. Oňas soňra yzyna gaýdyp gelmek miýesser etmändir. 1193-nji ýylda ol Damaskda aradan çykypdyr. Onuň yzynda hiç hili maddy baýlyk galmandyr. Oňa derek Salahaddin halklary basybalyjylardan halas edip, tükenmez iman we abraý baýlygyny gazanyp gidipdi. Türkmeniň köp müň ýyllyk çuňňur taryhynyň doly açylmadyk gatlary entekler bardyr. Olardan daşary, munuň uly jugrafiki giňişliklere ýaýramaklygy ýaly hakykatyň aýry-aýry bölekleriniň haýsydyr biriniň taryhynda bolup geçen köp wakalardan, gahrymançylyklardan haýsydyr beýlekisiniň bihabar ýagdaýdyr. Halkymyzyň geçmişi baradaky düşünjelerinde galan boşluklary dolmagy, biläýmeli zatlary bilmegi weli derwaýysdyr. Bu meselelere aýratyn üns berip, olar barada maglumatlar tapyp, olary ýaýmak, kitaplar ýazmak öňümizde durýan esasy wezipedir. Ýazmyrat MÄMMEDIÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 05.07.2002 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||