17:55 Beýik Seljukly: Giriş: Seljuk perzentleri | |
BEÝIK SELJUKLY
Taryhy proza
SELJUK PERZENTLERI (Taryhy roman) GIRIŞ On birinji asyra çenli ýaşap gelen derýaarasy Oguz döwleti gadymy türki oguz döwletleriniň dowamydy. Iň gadymy döwlet bolsa türkmeniň legendar atasy Oguz handan başlanýardy. Oguz hanyň akylynyň, suhangöýlüginiň, paýhasynyň, sahawatynyň, edermenliginiň, başarjaňlygynyň waspyny ýetirere söz kemterlik edipdir. Onuň öz goşuny bilen eýelän ýerleriniň hemmesine at aýagy-ha däl, hyýal hem ýetmändir. Oguz han Taňrynyň nazary siñen beýik bir gerçek bolup, işi şowuna düşüp, alany ýanyna bolup gidiberipdir. Hiç ýerde bady gaýtmandyr. Çünki Taňry ony ýurtlary tertibe salmak üçin ýaradypdyr. Oguz han özüne berlen buýrugy amal edip, kän ýurtlary düzgüne salyp, kadaly ynsanyýet durmuşyna girizipdir. Oguz hanyň düýp mekany Taňrynyň ýörite nazar salan ýeri Turan bolup, onuň Beýík türki ýurdy tas Beýik ummana çenli baryp ýetipdir. Ol Günbatarda hem çaksyz köp ýerlere uzalypdyr. Soňky zamanlarda onuň bu türki ýurdunda ençeme uly hanlyklar döräp, olaryň birnäçesi tas Oguz hanyň eýelän ýurtlaryny öz ellerinde saklap bilipdirler. Meselem, eýýamymyzyň başlarynda ýaşap geçen Hun döwletiniň hökümdary Metäniň özboluşly bir gaýtalanmasy bolupdyr. Onuň döwründe döwletiň serhetleri özüniň tas şol gadym çäklerine çenli ýetipdir. Olaryň dowamy soňra Tümlükler ülkesiniň jümmüşine çenli ýaýrapdyr. Başga ülkelerde hem uly türki döwletleri emele gelipdir. Olaryň patyşalaryndan biri Atillany dünýäde bilmeýän ýok. Onuň ady hem kyýamat-ahyra çenli galypdyr. Ol şu dünýäniň iň bir gabahat hadysasy bolan Rim gulçulyk gurluşyny ýykan taryhy şahsyýetdir. Atillanyň kowumlary Tümlük ýurdunyň arasyna siňipdirler we şol yerlerde eräp galypdyrlar. Bu hadysa, elbetde, türki kowumlarynyň uly ýitgisidi. Yöne bulardan sapak almak üçin hem güýçli paýhas we başarnyk gerekdi. Şu ýerde, gijräk hem bolsa, gadymyýetde bolup geçen uly tebigy, şol zerarly dörän jemgyýetçilik hadysasyny ýatlamak zerurlygy ýüze çykýar. Ol bolsa yklymatyň üýtgemegi bilen, türkileriň ýaşan öňki beýik ýurduna sowuklyk belasynyň inmegi bilen, olaryň günortadaky yssy mekanlara çekilmäge mejbur bolandyklarydyr. Ol sebitlerde ilatyň köp toplanmagy netijesinde gyslyşyk döräp, goňşuçylykdaky döwletleri bilen nalajy halda dartgynlylyk, ululy-kiçili dawalar başlanypdyr. Ol dawalar soňabaka çaknyşyklaryň, uruşlaryň, talaňçylyklaryň giden tapgyryny emele getiripdir. Halklaryň günbatara süýşmegi, şol tebigy jemgyýetçilik hadysalarynyň döreden derdeserlerinden gelip çykypdyr. Dagan türki döwletleriň ýaňadan dikelýän halatlary hem bolýardy. Şolar ýaly döwletleriň has ululary bolan Abdalylaryň, Awarlaryň, Skifleriň, iki gezek gurlan Göktürkmenleriň, Uýgurlaryň, Gyrgyzlaryň we başgalaryň döwletlerini ýatlaman geçmek mümkin däl. Şolaryň biri, altynjy asyryň ortalaryndaky ilkinji Göktürkmen döwletiniň hökümdary Bumyn han gadymy döwleti tutuş dikeltmek derejesine ýakynlaşypdy. Gardaşy Istemi hany iberip, Abdalylar tarapyndan eýelenen Horezm, Horasan mülklerini hem gaýdyp alypdy. Ýöne bidöwletliligiň aralaşmagy we gowşak hökümdarlaryň gel. megi netijesinde Merkezi Aziýa ýene-de elden gidipdi. Onuň ýerine Sasany, Kuşan ýaly döwletler döräpdi. Emma ýedinji asyryň ortasynda täze dörän ägirt döwlet - Arap halyfaty Sasany we başga döwletleriň ählisini syndyrdy. Ol bütin Eýran-Turan bilen bilelikde bu ülkeleri öz tabynlygyna saldy. Şeýlelik bilen, oguzlaryň uly bölegi Arap döwletiniň düzümine girdi. Şonuň bilen bilelikde hem yslam dinini kabul etdi. Syrderýa boýlary arap tabynlygyna girmändi, şonuň üçin ol ýerdāki oguzlar yslam dünýäsi aýtymyndan daşarda galypdylar. Ýedinji asyryň segseninji ýyllarynda, Taňry daglarynyň aňry ýanynda, Orhon derýasynyň boýunda Gök-türkmen Gutluk türki döwleti döräpdi. Ol gadymy türki dünýäsiniň hem gündogaryndaky, hem günbataryndaky dagynyklyga düşen taýpalaryny bir döwlete birleşdirdi. Onuň hökümdary Bilge han we gardaşy Költegin Oguz hanyň ýörelgesine eýeren ukyply kişilerdendi. Olar mydama döwleti berkitmegiň aladasynda bolupdyrlar. Şonuň üçin ýurduň içini agzybir saklamak, adalatly kanun ýöretmek, halky razy etmek ýaly türkmen töresiniň baş sütüni bolan ýörelgeleri olar gyl ýaly hem gyşartmandyrlar. Watansöýer we türgen ýigitleri hemişe watan goragynda saklamagy bir pursat hem gowşatmandyrlar. Aw-şikardan başga hili aýşy-eşretler olar üçin iň bir aýyp zat, asla ötülmez günä hasaplanypdyr. Özleriniň Beýik Taňry tarapyndan boýunlaryna ýüklenen halkyň ykbalyna barypýatan jogapkärçilik we hormat bilen garapdyrlar. Olar öz pähimlerini nesihat hökmünde indiki nesillere galdyryp gidipdirler. Ol jümleleri daşlaryň ýüzüne ýazdyrypdyrlar. Şol ullakan daş ''gabsalar'' göýä, ruhlaryna girip-çykmagyň işikleri ýaly bolup, olaryň mazarlarynyň başyna dikilipdir. Olar häzir hem öňküsi ýaly bolup durlar. Yöne welin şol pähimden soňky hökümdarlaryň ençemesi peýdalanyp bilmändir. Döwlet ýene-de gowşamak bilen bolupdyr. Üstesine, ululy-kiçili bäsdeşler daşardan hem içerden bularyň garşysyna yzygiderlilik bilen iş alyp barypdyrlar. Türki halklaryň içinde agzybirlik bozulypdyr. Onsoň ýaňky Gutluk döwletini uýgur, basmin, kimek, ýagma, garlyk ýaly türki taýpalaryň bir topary çozuş üstüne çozuş edip, ahyrda syndyrypdyrlar. Döwlet uýgurlaryň eline geçipdir. Sekizinji asyryň ortalarynda tuýpaara göreşler güýçlenip, gyrgyzlar uýgurlary ýykypdyrlar. Uýgurlar soň gündogar Türküstan sebitinde özleriniň kiçiräk döwletini gurupdyrlar. Gyrgyzlar hem uly döwlet döredip bilmändirler. Umuman, Göktürkmen Gutluk döwleti iri bütewi, jahan türki döwletleriň iň soňkusydy. Ykdysady dagynyklyk, yzagalaklyk, nadanlyk aralaşypdy. Ol bolsa kem-kemden türkileri peseltdi, bularyň eňňidi aşak boldy. Imperiýa döwri geçenden soň, bu uly giňişligiň iň günbatar tarapyny tutup oturan oguz türkileri öz atlaryna bir döwlet gurmaly boldular, gurdular hem. Herhal, olaryň köp zamanlar külli türki halklaryň başynda durandygy, bulara döwletsiz oturmaklygyň bolmaýan zatdygy hakyndaky pikiri ornaşdyran ekeni. Bular döwletlilik mertebesini syndyrmaly däldigine gözleri ýetýän halkdygyna galan ekenler. Bularyň döwlet döretmek tejribesi hem başgalaryň hemmesinden artykdy. Ýöne uly döwlet döretmäge weli soňky asyrlarda dörän tersin ýagdaýlar mümkinçilik berenokdy. Hat-da, oguz halklarynyň hem uly bölegi, bilşimiz ýaly, Arap halyfatynyň düzümine girmeli bolupdy. Şeýdip, oguzlar döwleti öz çäklerinde, öz mümkinçiliklerine görä, Syrderýa howzundaky gadymy Oguz sähralarynyň bir böleginde döredipdiler. Döwletiň baştutanynyň unwany ýabgudy. Bu döwletiň hökümdary diňe şu unwany göterip bilýärdi. Gepiň gerdişinde aýtsaň, gadym türki törelere görä, hökümdarlaryň hakan, ýabgu, şad, tarhan, turun, teber, tamgajy diýen ýaly dürli unwanlary bardy. Döwletleriň saldamyna görä şeýleräk tertipde unwan ýöredilýärdi. Has uly, köp halklary, hatda döwletleri özüne birikdirýän döwletiň hökümdaryna hakan diýilýärdi. Ol öz döwletinde syýasy-etniki birlikler (han) bar bolsa, olaryň öňki unwanyny saklaýardy. Hakan imperator derejesindäki hökümdardy. Syrderýa boýunda dörän oguz döwleti saldam, gabara babatdan ýabgulyga laýykdy. Diýmek, ikinji derejeli bir döwletdi. Hökümdar şoňa kaýyl bolmalydy we bolýardy. Eger-de ol «beýgelmek» isläp özüne ýokary unwan, meselem, hakan unwanyny dakaýsa, ol türki döwletçilik töresine laýyk gelenokdy. Şonuň üçin-de jemgyýetçilik pikiri ony kabul etmeýärdi, ýazgarýardy. Şeýlelikde, Oguzlaryň nobatdaky beýgelişiniň binýady şu ýerde tutuldy diýseň hem boljakdy. Dowamy bar >> Ýazmyrat MÄMMEDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||
| ||