20:45 Bolmagyn | |
BOLMAGYN
Goşgular
Dünýä ýükün alan bolsaň egniňe, Ýöreseň gadam ur iliň deňinde. Minnetli aş goýulsa öňüňde, Duzdan pes bol, artyk datjak bolmagyn. Şükür Alla, Biribara bendesiň, Mert oglusyň, merdanalygy zand edin. Päkizesiň, halallygy pend edin, Haramy halala gatjak bolmagyn. Öz beren rysgalyn asla az görme, Bermedik rysgalna gözüň gyzdyrma, Söwda girseň nebsiň gaty azdyrma, Azajyk utulaý, utjak bolmagyn. Işiň şowlap, döwran bilen bat açsaň, Kepil barmy, birden ýolda azaşsaň! Her ýagdaýda bir mätäje sataşsaň, Alňasap duşundan ötjek bolmagyn. Kalbyňa ygtykat – iň uly bagt, Beýewwar azaşsaň päliňden gaýt, Dostuň hatasyn aýt garagyna nagt, Adamy ýeňseden satjak bolmagyn. Ýazmyrat MÄMMEDIÝEW. | |
|
√ Suw perisi / Goşgular - 09.08.2024 |
√ Nebsin neýleýen / Goşgular - 08.06.2024 |
√ Päliýamanlar / Goşgular - 20.05.2024 |
√ Pikir / Goşgular - 28.10.2024 |
√ Gaplaň jülgesi / hekaýa / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ Saña duşalym bäri / Goşgular - 24.08.2024 |
√ Allaýar Çüri / Goşgular - 17.09.2024 |
√ Türkmen rysgy köp bolsun / Goşgular - 11.06.2024 |
√ Gökden jana «Yzyňa dolan!» diýen ses geldi... / Goşgular - 11.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |