07:00 Beýik Seljukly: Syrderýa Oguz döwleti | |
I bap
Taryhy proza
SYRDERYA OGUZ DÖWLETI Turandaky Oguz türkmen ýabgu döwleti, gadymy beýik Oguz türkmen hanlyklarynyň özboluşly bir dowamydy. Bu döwlet ýedinji-sekizinji asyrlarda emele gelen ägirt uly Yslam-arap halyfatynyň aýtymyndan daşarda galypdy. Ýöne Horasandaky, Mawerannahrdaky uly oguz (türkmen) jemagatlary arap ýörişleriniň içinde galypdylar we musulmançylygy kabul edipdiler. Olara türkmenler hem diýýärdiler. Bu agzalan halyfatyň toprak çäkleri hakynda gürrüň etmeli bolsa, ol Arabystandan başlap Maşryga - tä Altaý daglaryna çenli; Magryba - Afrikanyň Orta ýer deňziniň kenarynyň örän giňiş zolagy boýunça gidip tä Atlantik ummanyna çenli; ilerden Arabystan deňzinden başlap gaý- ralygyna Aral-Hazar-Gara deňizlerine çenli ýaýylyp gidýärdi. Diñe Anadoly, Gruziýa, Ermenistan ülkeleri şu ägirt giň yslam ummanynyň içinde isaýy adalaryny emele getirýärdiler. Yslamyň aýtymy entek hem giňelýärdi. Onuň dyňzak şemaly gündogara tarap öwsüp, Hindistan, Malaýystan ülkeleriniň halklaryna hem öz täsirini ýetirip başlapdy. Bu ägirt uly döwletiň merkezi emiriýet şäher bolan Bagdady-şerifdi. Halyfatyň başynda duran Ählyslam ymmatynyň birinji ymamy - onuň halyfydy. Halyflar Allatagalanyň Resuly hezreti Muhammediň neberelerinden bolan Abbasylardy. Halyflar döwletde hem dini, hem dünýewi baştutanlygy alyp barýardylar. Ine, başda şu pajarly Halyfatyň toprak çäklerinden daşarda galan, häzir hem şol ýagdaýyny dowam etdirýän Oguz türkmen ýabgu döwletiniň indi, dokuzynjy-onunjy asyrlarda edil alkymyndaky goňşulary Samany, Horezm, birneme aňyrda Garahanly, Gaznaly ýaly musulman döwletleri we gypjak, peçeneg, kimek, ezgyş ýaly gaýry-muslim türki halklardy. Soňkular özbaşdak döwlet döredip bilmän, hiç bir döwlete tabyn hem bolman, öz erkana durmuşlary bilen ýaşap ýördüler. Olar arka taraplaryndaky aňzakly soňsuz boşluklardan peýdalanyp, dogrusy, şolara arka diräp, goňşularynyň üstüne hem çapawulçylyk edýärdiler. Turandan gündogar taraplarda bolan uly giňişliklerde yaşaýan türki-türkmen halklary IX-X asyrlarda jemgyýetçilik-medeni we ykdysady-hojalyk ösüşi babatda bellibir kämillige ýetipdiler. Olardan ýagma, garlyk, çigil, jyky, tusi taýpalary syýasy birlik gurapdylar we türkmen Bilge Kül Kadyr hanyň baştutanlygynda bir döwlet döretdiler. Ol döwlet hanedanyň ady bilen Garahanly diýip atlandyryldy. Garahanly döwleti özüniň günbatar tarapynda ýerleşen Samany döwleti bilen gatnaşyklar alyp barýardy. Käte aralykda harby çaknyşyklar hem bolman duranokdy. Garahanlylar musulman Samany halkynyň täsiri bilen X asyrda yslamy kabul etdiler. Hökümdar Satyk Bugra han 920-nji ýylda Abdulkerim adyny alyp, musulman boldy. Ondan soň halk hem bu dine girdi. Garahanly ilkinji türkmen musulman döwletidir. Mawerannahra, Horasana eýelik edýän Samanynyň ileri ýüzünde - günortasynda dörän Gaznaly döwleti Owgan, Eýran ýurtlarynyň, Hindistanyň demirgazyk taraplarynyň eýesidi. Özi hem barha güýçlenýän döwletdi. Oguz döwleti Syrderyanyň aşak we orta boýlaryny öz içine alýardy. Bu döwletiň hökümdarlyk unwany ýabgu bolsa, Halyfat (ülkelerindäki ''emirlik'', ýagny beglik bilen deňeçerräkdi. Şol wagt bu oguzlaryň uly bölegi entek yslamy kabul etmändi. Ep-esli bölegi bolsa Samany, Gaznaly, Horezm, Garahanly döwletlerindäki oguzlar (türkmenler) ýaly musulmandy. Nähili hem bolsa, ýurtdaky bu dürli dini toplumlaryň arasynda oňuşmazlyklar yok däldi. Şol bir wagtda, bu oguz döwletinde ilatyň musulman tarapy barha köpelýärdi. Ýurduň musulman böleginiň öňe düşýänlerinden biri Demir ýaýly Dukak begiň ogly Seljuk begdi. Ol döwletiň subaşysydy, ýagny goşun başlygydy. Köneden gelýän begzada nesilden bolan Seljuk bege döwletiň hökümdary ýabgu soňabaka, näme üçindir, azar berip başlapdy. Munuň sebäbi yaş, akylly, edenli Seljuk begi töwerekdäki wezir-wekilleriň, ýabgunyň özüniň hem görüp bilmeýändiginden bolsa gerek diyip uly il çak edýärdi. Bu, megerem, şeýleräk ýagdaýda başlanypdy. Oguz ýabgusy döwlet meselelerini çözmek üçin geňeşdarlaryny hernä öýüniň gapdalyndaky ullakan çadyra ýygnaýardy. Ýaş subaşy Seljuk beg hem adatdaky ýaly oña çagyrylypdy. Seljuk beg çakylyga baranda çadyr eýýäm dolabara bolan eken. Bu işikdäki türkmen halysyny serpip, içeri ätlände, ak şampa telpek yokarky söýä galtaşyp, tas aşak gaçypdy. Herniçik-de bolsa, ony gaçyrman saklamak eýesine başartdy. Telpegini kellesine geyip duran Seljuk aljyrandygyny bildirmejek bolup gülen boldy. Içerdäkiler hernäme-de bolsa, çalarak ýylgyryşmak bilen oňdular. Seljuk beg sesiniň sagdynlygyny özüçe içinden bir barlap gördi. Onsoň batly ses bilen salam berdi. Şeylelik bilen, bu hadysajyk sowuldy diyip hasap etdi. Yöne welin, söye bilen, çaknyşmaklygy, nalaç, ýagşylyga ýorup bilmedi. Gartaşan ýabgu hemişekisi ýaly, Seljugyň çynar ýaly syrdam boýuny höweseklik bilen synlap durşuna elini bir gapdala uzatdy. Bu ony oturara ýer görkezdigidi. Ýöne onuň salgy beren ugrunda boş ýer bolmansoň, Seljuk añyrrak bir ýere geçip oturmaly boldy. Ol taýda munuň deň-duşlary, dogrusy, ýabgunyň ogullary hem otyrdylar. Yabgu maslahata ýaşy ýetenu-ýetmedik ogullaryny hem getirerdi. Aýalyny hem ayratyn hormatly bir yerde oturdardy. Olar hökümdar öýüň agzalary bolandyklary üçin döwlet işlerine goşulmaga haklydylar. Geňeşde gürrüň, esasan, başga dinleriň ýurda aralaşmak howpunyň öňüni almak barada boldy. Günorta tarapdan - Samany memleketinden yslam dininiň, ýalynly epgek ýaly bolup salkyn howaly ýurduň üstüne yakyp-ýandyryjy howruny barha gaty sowurýandygyndan ýabgu janyýangynlyk bilen zeýrenýärdi, suratlandyryplar aýdýardy. Ýabgu birsalym samyrdady. Ony diňläp oturmak Seljuk bege kyn düşýärdi. Asla hiç kim hem oňa ullakan pitiwa edip baranokdy. Onuňka yrylyp oturan bäşdir-üçdür adam «inip gelýän» howplary kowmak üçin nähilidir bir porhan kysymy hereketler edýärdiler. Nämeleridir kowýan ýaly ellerini bulaýlaýardylar, käte nähilidir bir wagşyýana ses hem çykarýardylar. Olar ýörite başga ýurtlara iberilip okuw-tälim alyp gelen adamlardy. Yabgunyň hökümetinde şolardan ylymly adamlar yok diýip hasap edilýärdi. Olaryň okan ýerleri hakynda gürrüň edenlerinde «Tanla mekany, aý, Taňry daglarynyň hem depesinden aşyp geçmelimiş» diýip, bir syrly zatlary aýdýardylar. Olar bu dünýäde adamlara her hili gudratlar görkezýän bolarly. Hatda köriçege bolan adamy kesmän, ganatman bejerip bilýärmişinler, kelläniň içinde dörän gurçugy çykarýarmyşlar. Bir gijede ulagsyz Ýaňykentden Jende baryp gelýärmişler, gury ýerden barýan adamlary ''suwdan'' geçirýärmişler... Olar hakynda şulara meňzeş gürrüňler kändi. Seljuk beg olaryň görkezýän gudratlary bilen hiç wagt gyzyklanmandy. Çünki pitiwa edenokdy. Ol zatlaryň aňyrsynda jadygöýlik, gözbagçylyk ýaly bir zatlar bardyr diýip hasap edýärdi. Ol diýilýän pyrryldaklaryň hakyky din bilen bir ýere sygyşmajakdygyna munuň akyly gowy ýetýärdi. Ýabgunyň hatynynyň özleri tarapa agras nazar bilen garaýandygyna Seljuk begiň birki gezek gözi düşdi. Näme, üýtgeşik bir zat barmyka? Onuň gözlerinde ýigrençmi, göripçilikmi, bir ýakymsyz garaýyş görünmeýärmi?.. Ya-da munuň göwnünemikä? Oňa üns bermedik kişi bolan Seljuk az salymdan ýene-de ol tarapa garanyny duýman galdy. Gözleri ýene-de biygtyýar oňa sataşdy. Ýok, ol ýalňyşmandyr. Şol gyýa, ýakymsyz garaýyş. Näme üçin bu hatyn başgalar bilen işi bolman, diñe muny yzarlaýar? Ol oňa näme zyýan edýärkä? Ýa-da munuň beýlekilerden ýokary çykyp duran, entek bu sebitlerde yoň bolmadyk türkmen telpegi, islese-islemese, göze kaklyşyp durmuka? Telpek gözüne känbir gelmeýärmikä?.. Seljuk telpegini çykaryp gapdalynda goýdy. Akgaýma tahýasyny düzedişdirdi. Az salym garaşdy. Emma ýagdaý üýtgemedi. Ýok, munuň egninden ýokarsy hem beýlekileriň üstünden görnüp, saýlanyp duran bolmaly. Seljugyň özi ony mydama-da bilýär. Ylaýta-da, soňky wagtlarda. Şu gün bolsa bu ony has hem äşgär duýdy. Seljugyň gapdalynda ýabgunyň ogullary otyrdylar. Ol olaryň üstüne ep-esli abanyp oturandygyny häzir, şu mahal bütin süňňi bilen syzdy. Dogrudan hem «Bu näme etdigi?!» Ol öz ýanyndan hut ejap etdi... Hatynyň näme üçin alarylýandygy muňa düşnükli bolup ugrady. Bu-da beýdäýmeli däl ahyry!.. Ýöne kim?.. Bu nätsin? Eýsem, munuň elinden näme gelip biljek? Şu geňeşden soň Seljuk, bir hili, müýnli ýaly bolup gezdi. Onsoň ondan-mundan gulagyna sowuklaç gürrüňler degip ugrady. Hatyn munuň ogullarynyň ýanyna baryp oturmagyny halamandyr. ''Ol kimmiş, ýabgu ogullary bilen deňleşip oturarça! Tör onuň ýeri däldir'' díýýärmişin. Şondan bäri ol ýabguny ýatsa-tursa gününe goýanokmyşyn. «Ol öz ýerini tananok. Şeýdýän bolsa, bizi äsgermedigi bolar. Ol seniň ogullaryňdan öňe düşüp, ýurdy eýelejek bolýandyr». Garaz, gybat etjege gybat gytmy? Töhmet etjege delil gytmy?! Göribiň gö- züne gül düşüren özüň bolma! Seljuk beg soňky wagtlarda ýabgunyň özüne sowuklaç garaýandygyny äşgär aňlap ugrady. Ol sowuklyk asla ýigrenje öwrülip barýan bolsa-da ähtimal. ''Munuň atasy Demir Ýaýly barypýatan gedem dälmidi? Bularyň dişinde et galdyrdyň. Indi gijä goýman şunuň ýoguna ýan» diýip, hatyn ýabgunyň gulak etini guradýarmyşyn. Seljugyň ynjalygy bütinleý gaçdy. Ol çynlakaýdan pikirlenmeli boldy. Päliň düzüwdigini ýabguwa ynandyrjak bolmalymy? Ýok, ol berk ýerden «içirilenden» soň, seniňkä gulagam asmaz. Ýabgu bilen darkaş etmelimi? Töwekgellige salyp, humary atmalymy?.. Yok, ol mümkin däl. Onuň entek senden has güýçlüdigi şübhesiz. Añyrdan gelişlerine seredeninde, bu nebere olar ýaly oýunlary hem göre göre gelýän bolmaly. «Bular gaçalagyny aldyrsalar, gaty aýylgançdyrlar» ýa-da «Bular bir aýaga galmasyn, öňünde durubiljek ýokdur» diýip tanalýan nebere bolmalydylar. Emma Seljugyň ýagdaýy başgaça. Munuň gaty uzakdan tutulan örän uly maksatlary bar. Ony munuň dine özi bilýär. Ol tutumy, ol maksady bolsa bu hiç halatda humara goýup biljek däldi, hiç zat bilen çalşyp biljek däldi. Gaçalak hakynda aýdylanda bolsa, bu ony entek aldyranok, gaçalak entek bar. Ýagdaýlary görüp duran garyndaşlary, dost-ýarlary, Argoja Alp başlyklaýyn Seljuga ýabgudan arany açmaklygy maslahat berdiler. Onuň bilen nirä gitmeli bolsa gidip, arka daýanyşjakdyklaryny hem aýtdylar. Seljuk beg ýurdy täzelemekligi isläp duranokdy. Her bir jemagat, hiç bir halk özüne zordan duşman tapjak bolup ýören däldir ahyry. Kimdir biri bilen barlyşyga ýol galmasa, ana, şonda nalaçdyr. Özi bilen yslamyň arasynda ullakan bir çaprazlyk bolmanyndan soň, asla ony näme üçin inkär etsin? Taňry bir! Bu ýeke-täklik - Tewhid mazmuny babatdan özüne uýýan dürli şekilleri bir ýere birleşdirýär. Eýsem, bir çarçuwa girenden soň, onuň gitjek ýeri nire? Ýagdaýa dogry baha berip bilmezlik, öz ýagdaýyňy boyun almazlyk bihuda ýere pida bolmak dälmi? Seljuk beg ony islänok. Onuň bu ömrüni, geljegini beýle arzan satasy gelenok. Arzyly bahaňy tapmak üçin göreşmeli. Göreşmek üçin bolsa durumyňy sazlamaly. Arkaňy berke diremeli. Şu pikirler bilen ýaşaýan Seljuk beg neberesini hem-de dostlaryny, arkadaşlaryny, diýenini eden adamlary hem-de bir ýüz atlysyny alyp, amaty bilen ahyrda Jende tarap göterildi. Ýazmyrat MÄMMEDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |