20:17 Beýik Seljukly: Seljuklaryň Jent durmuşy | |
II bap
Taryhy proza
SELJUKLARYŇ JENT DURMUŞY Jent bilen Yaňykendiň arasy uzak däldi. Ikisi hem Syrderýanyň boýunda biri orta, beýlekisi aşak akymlaryndady. Jent hem şol ýabgunyň soraýan ýurdudy. Emma bu ikisiniň arasynda düýpli tapawut bolup, ol hem durmuşlarynyň başga-başgalygyndady. Jent musulman ülkesi bolup, bu dine bu yerde ägirt uly hormat goýulýardy. Bu ülkede dünýädäki ähli zatdan öňürti musulmançylyk soralýardy. «Dini-ygtykadyň haýsydyr?» diýilýärdi. Şol sowala sen «Alhamdülilla, musulmanam» diýseň, onsoň hemme zat gülala-güllükdi. Onsoň sen ynama girýärdiň. Esasy mesele, hatda müşgillik bar hem bolsa, ol çözülýärdi. Aralykda derrew hoştap howa emele gelýärdi. Onsoň isle- digiňçe gepleşiber. Siziň araňyzda edere gürrüň, pikirdeşlik, duýgudaşlyk, ýardamdaşlyk, arkadaşlyk hem näçe diýseň tapdyrar. Bu ýerde adamlaryň ýüzüne ýagty röwüş çaýylan ýalydy. Çünki olar bir ýokary umyt bilen iýmitlendirilendiler. Bu ýerde-de garyplar, kembagallar bardy. Derwüşler, diwanalar hem köpdi. Emma olaryň hiç haýsy ruhy tarapdan beýle çökgün däldi. Iň gowy ýeri şol. Hemme zat özüňe bagly. Öz elinden gelýär. Ilden bitmeli zadyň ýok. Şeýle bolandan soň, ony gazanyp bilmeseň, kör bol. Onuň borçlarynyň, şertleriniň bolsa kynçylygy ýok. Onsoňam, bu zähmet bilen döräp, zähmet bilen ýetişen, zähmet bilen ýaşap, zähmet bilen ölýän adam - zähmetkeş üçin öz elinden gelýän zadyňam bir kyny bolarmy?! Ilden bitmeli bolsa, ol aýry gürrüň. Ähli ynsan, şol sanda sen Allatagala bilen ýüzbe-ýüzsüň. Her bir ynsanyň kalbyny we edýän amallaryny Onuň hut özi görüp durandyr. Sen ony bir araçynyň üsti bilen ýetirmeli däl. Bu örän wajyp zat. Ýogsam, bu ýalançynyň adamlaryndan şondanam, gözüňe güýdüşip, gyrp-çyrp etjek tapdyrar! Gowyny yzda galdyryp, ýaramazy öňe çykarar! Bilene onuň zähmeti duran bir lezzet, diňe zandy düzüwlik gerek. Dogrusy, ýetip biljek sepgidiň bilen deňeşdireniňde biçak, biçak arzan, ony deňeşdirere zat ýok. Nämedir bir zat bilen deňeşdirjek bolmagyň özi hebesdir asla. Bu ýerde dünýäni gaplap alan iň ýokary ynanç, iň ýokary sütün - Yslam. Hemme zat şondan sonra başlanýardy: kimligiň - adyňam, soýuňam, neberäňem, taýpaňam, milletiň hem, abraýyň hem, mertebäň hem, akylyň hem. Bu diýarda adamlaryň biri-biri bilen bileleşip, ýowar edip işleýändiklerini ýygy-ýygydan görüp bolýar. Metjitlerde namaz kylnan, jynaza okalan mahallary biri-biri bilen, mümkin boldugyça, egin-egne berşip durýarlar. Yslam ony dindeşleriň biri-biri bilen ruhy doganlygyny ündemek hem-de nygtamak üçin girizipdir. Adam şol wagt, dünýäniň köp-köp millionlarça ynsanyndan emele gelen ymmat bilen gaýybana hem bolsa, egin-egne bolup duranlygyny duýýar. Jentde maldarçylyk bilen birlikde, ekerançylyk giň gerim alypdyr. Baglar, bakjalar belli-belli zolaklarda hut dünýäni tutup ýatyrdy. Al-ýaşyl öwsüp oturan agaçlar, sonar meýdanlar göwnüňi göterýärdi. Ol datly nygmatlaryň lezzetini diýsen-e. Bütin dünýäniň tagamy şu ýerik üýşürilen ýaly. Olar giden bir baýlyk, dünýäniň görki we eşreti. Bu eş- rete öwrenen adam şonuň ýok ýerinde yaşap hem bilmese gerek diýip, Seljuk beg pikir öwürýärdi. Bu yerde, köp ýurtlarda bolşy ýaly, adamlaryň dişleri saralyşyp ýa-da gädilişip duranok. Bu miwe hem-de gök önümleriň gudraty. Bir kysymlylykdan başga zady görmedik seljuklylar bu yerde birbada gysyljak, aljyrajak ýaly etdiler. Sonra öwrenişdiler. Hemme zat, nähilidir bolmalysy ýaly. Durmuş hem gyzykly, köptaraply, Dogrusy, bir ýaýnadylar. Yöne ýerli pars dilli ilat bilen dil babatdaky aýratynlyk birbada kynçylyk döretjek ýaly etdi. Emma onuň hem ikitaraplaýyn ýakynlaşyp başlamagynyň ýakymly alamatlary peýda bolup ugrady. Bu bolsa diñe bir dilleri däl, halklary hem ýakynlaşdyryp başlapdy. Salamlaşanlarynda dagy soraşyp-ideşip hiç tükedenoklar. Bir jaýda ýatyp-tursalar-da, ertir irden biri-birine salam berşip otyrlar. Duz datmak üçin nan uzadanlarynda dagy ýany bilen tagzym edýärler. Emma bu zatlar juda öwrenişmezçe däl ekeni. Goý, şeýle bolsun. Özi hem bular örän-örän aňyrdan gelýän däp-dessurlar ýaly-la? Örän durnukly. Özlerinden juda hoş. Goý, şeýle bolsun. Ol gylyk-häsiýetden başgalara peýda bolmasa, zyýan ýok. Onsoňam, bu yerde öňden ýaşap gelýän türkmenler, eýsem, saňa taýýar nusga dälmi?! Bu türkmenler bolsa olar bilen äbede-jüýje! Dogrudan hem Jentde türkmen az däl eken. Olaryň öz däpleri bar, elbetde. Özlerem şondan el çekenlerinden her zat edenlerini gowy görýän halk. Emma şärikli aralyk medeniyet şonda-da döräp bilýän ekeni. Seljuklylar täze ýurduň aladasy, gürrüňi bilen ýygy-ýygydan ýygnanyşýardylar. Bularyň durmuşdan nägilelikleri ýokdy. Gelen batlaryna bir işe derrew girişmelidiklerine weli, seljuklylar göz ýetirdiler. Ol bolsa musulmançylyga geçmekdi. Bu teklibe garşy bolmak-ha baýaky, hatda ikirjiňlän hem tapdyrmady. Bular, bolmanda-da, ezeliden kalplary bilen imanlydylar ahyry. Öz içlerinde karara gelenlerinden soň, Seljuk beg Samany döwletiniň Uç häkiminiň ýanyna adam iberdi. Türkmenleriň «Uç wali» diýip atlandyrdygy - walilik ýa-da häkimlik, Sasanynyň Oguz döwleti bilen serhetleşýän ýeridi hem-de ol «Uç walilik» ýabgu döwletiniň bäri taraplardaky musulman jemagatlary bilen aragatnaşyk saklaýardy. Häkim bu adamlary höwesjeňlik bilen kabul edip, ak pata beripdir. Onsoň dini aragatnaşygy ýola goýup, bulara aýan, ýagny musulmançylygy öwretmek üçin fakyhlar, Gurhan we başga kitaplar iberipdir. Ine, şeýlelik bilen, seljuklylar şol yerde dolulygyna musulmançylyga geçdiler. Şundan soň seljuklylar özlerini düýpden başgaça duyup başladylar. Indi bular has mertebelidiler, ruhubelentdiler, batyrdylar, jomartdylar, özlerinden göwnühoşdylar. Bu uly öwrülişik, ylaýta-da Seljuk bege täsir etdi. Ol heziller edindi. Onuň ruhy indi has belentdi. Subaşylygy taşlaly bäri mazalyja ezýän bikärligiň emi tapylypdy. Ol özüne mynasyp kär gözleýärdi. Öz göwnüne makul, kanagatlanma, buýsanç berýän iş. Onuň ýaly iş bolsa, Seljuk begiň pelsepesiçe, watan we din goragyny egniňe çekmek derwaýys we mukaddes wezipelerdi. Ol şolar ýaly wakanyň içinde, serhedinde ýa-da elýeterinde ýaşap, taplanyp ýördi ahyry. Indi bolsa şol serhedi yaryp geçipdi. Arzuwly wakanyň, yklymatyň jümmüşine düşüpdi. Seljuk begiň kalbyna bir ajaýyp pikir gelip doldy. Häzirki zaman üçin diñe döwlet ugrunda däl, tutuş sebitdäki musulmançylyk ugrunda göreşýänler gerek ahyry! Onda-da biçak zerur. Bu tutuş yslam dünýäsiniň talaby. Yslamy goramak-ha baýaky, ony ýaýmak hem bularyň borjy. Bu borjuň ähmiýeti, bularyň ýaşaýan Mawerannahr - Derýaara ülkesinde aýratyn ähmiýetli. Derwaýys häsiýetde. Çünki bu yere ys- lam dünýäsiniň gündogar serhedi diýýärler. Başga dine ynanýanlar bilen ýüzbe-ýüz durlan ýer. Bu taýy, bäri tarapdan, yslam siliniň öne dyňzap barýan ýeri. Bu taýy yslamyň iň güýçli goňşular bilen aralyndaky iň syrly, aňyrsy görünmeýän uly serhet. Eýsem, yslamy kim goramaly? Kim ösdürmeli, kim ýaýmaly? Her bir musulman. Ana, şol yslamy goraýjylar bu yerde yslam dünýäsiniň ähli künjegindäkiden güýçlüdir diýseň, ýalňyşmasaň gerek. Jahankeşdelik edýän ýazarlaryň aýtmagyna görä, yslam ugrunda Mawerannahrdaky ýaly rabatlar, galalar saldyrýan barly adamlaryň şeýle uly möç- berini başga ýerlerden tapyp bolanokmyşyn. Bu sebitdäki mukaddes şäher - Buharaýy-şerif yslam dünýäsiniň Bagdat, Damask, Kair, Merw ýaly uly merkezleri bilen baş dalaşýan şäher. Köp babatda Buhara hat-da artykmaçlyk hem edýärmişin. Iň bir çetde beýle uly merkeziň bolmaklygy birbada geňräk görünse-de, mantyga laýyk bolmaly. Çünki hälki agzalan şertler munuň şeýle bolmagyny talap edýär. Onsoňam, bu topraklaryň ilaty tebigy taýdan işeňňir, zähmetsöýer, şonuň üçin-de mert, zehinli bolup ýetişipdir. Bu şäheriň ulamalarynyň öňünde çözüp bolmayan bir mesele yokmuşyn. Bularyň ahunlyga fetwa bermäge ylmy hukuklary ýetik bolmaly. Buharaýy-şerifiň beýikligini şeýle zatlar bilen deňeşdirmek bolardy: Yslam ygtykadynyň (iman, ynanja) iň ýetik (eren), iň hyjuwly müjtehitleriniň biri, ymam Agzam mezhebiniň dowam etdirijisi ymam Maturidi Buharalydy. Ol Maturid obasynda doglup, ýetişen biridi. Diýmek, ol Pygamberimiziň öz ýoluny ynanyp giden möminlerindendi. Seljuk beg ymam Maturidini görüpdi. Ol aradan çykanda, Seljuk beg elli ýaşlaryndaky adamdy. Mahlasy, Seljuk beg özüniň bir ýüz atlysy bilen gazylyga girmäge pugta karar etdi. Bular hemişe elleri Gurhanly wepaly gazylaryň bu ýerdäki dünýäsine goşuldylar. Gazylyk gerekmi ýa-da döwletiň uly emeldarlygy diýseň, indi Seljuk begiň diýjek zady bellidi. Gazylyk-ha munuň tüýs arzuw edýän zady ekeni ahbeti. Sen subaşy bolup bir watana gulluk edýän bolsaň, gazy bolup külli yslama gulluk edýärsiň. Sen munda diñe hökümdara ýakyn däl, Biribaryň özi bilen ýakynlaşýarsyň. Bu yol görkeziji üçin-de, ýönekeý gazy üçin-de şeýle. Şeýlelik bilen, Seljuk beg dagy birki gezek söweşe hem gatnaşdylar. Ol söweşler serhet aňyrsyndan akyp gelýän derýanyň müşrikler tarapyndan kesilmegine garşy edilipdi. Ahyrda gazylar serhediň iki tarapyndaky daýhanlara hem ekerançylyk alyp barmaga gerekli şertleri yola goýmaklygy gazandylar. Bir gezek serhet aňyrsyndan gelen orda seljuklylaryň bir süri düýesini sürüp äkitdi. Seljuklylaryň özleri bilen bilelikde kowga Jendiň, asla Ujuň gazylary şol pursatda ok ýaly atylyp gitdiler. Gazylar öňlerinden uly güýçleriň hem çykmagyndan heder etmän, öňe sürdüler. Ala tozan bolup barýan garakçylar beýle bolaryna garaşmadyk bo- larly, indi arkaýynlaşypdylar. Yöne gazylaryň barşyny okgunly gör- düler gerek, garakçylar düyeleri taşlap ökjäni göterdiler. Bular düýeleri başybitin alyp gaýtdylar. Şu waka netijesinde «musulman gardaşlardan örän minnetdar bolan Seljuk beg bu jemagata özi bir uly hyzmat görkezmekligi arzuw edýärdi. Ýabgu döwletiniň ygtyýarynda bolan Jendiň üstüne her ýyl Yaňykent tarapyndan salgytçylar gelýärdiler. Döwlet salgydynyň ýok ýeri barmy, oňa her kim kaýyl bolupdy. Agyryly hem bolsa, ilat ony çekmeli bolýardy. Salgyt weli örän agyrdy. Gepiň gerdişinde aýtsak, musulman salgytlary bolan hüşürdir zekatdan zeýrenýän ýok. Çünki olar ýyllyk girdejiniň bary-ýogy ondan birinden we hereketsiz baýlygyň kyrkdan birinden ybaratdy. Şu mesele babatda hukukdan fakyh bilen gepleşen Seljuk beg bir ýyl salgytçylar gelenlerinde öňlerinden çykyp: - Musulman adamynyň öz salgydy bar. Oňa hüşür bilen zekat diýilýär. Ol salgytlary töleýän adam başga salgytlara borçly däl - diýdi. Salgytçylaryň baştutany: - Olar öz dininiň salgydyny beripdirler. Ýöne şu döwletde ýaşaýany üçin döwlet salgydyny hem bermeli bolar - diýip, öz talabyny öne sürdi. Yslamyýet boýunça dini salgyt, şol bir wagtyň özünde döwlet salgydy. Ony hem musulman jemagatynyň peýdasyna harçlamaly. Eger-de şeýle ederin diýseň, biz ony saňa berip bileris. Yöne kepillikli. - Döwlet ýygnaýan salgydyny nähili islese, şonuň ýaly harçlar. Galan zat bilen işiňiz bolmasyn - diýip, salgytçy özüniňkini tutdy. - Onuň ýaly bolsa, biz size salgyt bermeris. Eger-de siz ony musulman jemagatlarynyň garşysyna zorluk etmek üçin ulansaňyz, biziň uly günä etdigimiz bolar. Biz, asla-da musulmanyň garşysyna uruşýan, iş görýän döwletiň güýçlenmegine ýardam edip bilmeris. Salgytçy ahyrynda: - Bermeseňiz zorluk bilen alarys - diýdi. Sen entegem musulmany gowy tanamaýan ekeniň - diýip, Seljuk beg oňa jogap berdi. - Munuň ýaly ýerde musulman kellesini goýýandyr. Päliň azyp birden ýaraga ýapyşaýmagyn! Seljuk begiň tutuşyny berk gören salgytçylar ýan berip ugradylar. Hawa-da, bu halk din, namys, Watan üçin janyny bermäge-de taýýar. Salgytçylar şundan soň ýurduň içindäki gaýry-muslim ilatyň üs- tüne döküldiler. Olar atlaryny dabyradyp her öýüň gapysyndan barýar- dylar. Salgydy töläp bilmese, öýündäki degerliräk zatlaryny sypyryp al- ýardylar. Salgyt bolsa köpdi. Agyrdy. Hyraç diýip öý başyna salynýan bir salgyt bardy. Has erbedi jan başyna salynýan jyza diýen salgytdy. Ol adamyň etinden ötüp, süňňüne ýetýärdi. Bitmez ýara salýardy. Bütin öm- rüne agyr ýük göterip gezen düýedir eşek ýaly mallaryň ýagyrnysyna bir ýagyr oturýandyr-a. Ol hiç wagt bitýän däldir, bir hili jižžigem däl-de, mydama gapaklabrak durandyr. Ana, şoňa-da jyza diýilýändir. Yöne haýwandaky jyza onuň hakyky ady däl. Ol ýaňky salgyt bilen häsiýetdeş bolandygy üçin, goşmaça şol ady alypdyr-da, soň ol oňa tüýs bir laýyk at bolup galyberipdir. Musulman jemagaty Seljuk begiň eden gazawatlaryndan örän hoşal bolupdy. Indi oňa has hormat bilen garap başladylar. Onuň töweregindäki gazylaryň sany barha artýardy. Onuň indi il agasyna öwrülip başladygydy. Ol indi mundan maslahat sorap, iň hormatly ýerde oturdyp, uly işlerde öňe tutup ugraldygydy. Iň bir bähbitli zatlar şundan soň başlandy. Salgytçylar soňkusy ýyl gelenlerinde, Jentden özlerine salgyt töleýän hem tapmadylar. Kimiň yanyna barsalar: «Biz musulmançylyga geçdik» diýip otursalar nätjek?! Kelemeýi şahadaty öwrüp otursalar alajyň näme?! Bolan iş belli: musulman bolanynda az salgyt tölemek bilen dynýan bolsaň, ondan amatly näme bar?! Ondan hezil näme bar?! Indi musulman ruhuna gi- renlerinden soň, öz kastyna, öz musulman byradarynyň - gardaşynyň kastyna ulanyljak serişdäňi berersiň diýip baryp bilseň, bar-da ýanlaryna! Ol, gyzgyn gany gaýnan musulman, indi barsaň, maňlaýyňy ýarar. Eger-de goşun güýjüni ulansaň, bularyň gazylary herekete gelerler. Olar misli bir bürgüt ýaly, atyljak bolup oturandyrlar. Seljuk begiň ýanyna gelen salgytçybaşy: - Siz adamlary azdyrypsyňyz - diýip, hykarat edip başlady. - Sözüň agzyňda - diýip, Seljuk beg ýaňsyly gülümsiredi. - Olar aslynda azdylarmyka ýa-da azgynlykdan halas boldularmyka? Hany, entek şonuň arasyny açaly. Nähili jogap berjegini bilmedik salgytçybaşy: - Siz edil bir yokanç kesel ekeniňiz. Ýokanja bolsa alaç yok - diýip hüňürdedi. - Adamlar sagalyş ýolunda. Hem bedeni, hem ruhy taýdan - diýip, Seljuk beg töweregi alyp duran bazar märekesini görkezdi. - Heý, kesel hem bir adam bejerermi? Sagaldarmy? Siziň bejeräýşiňizi? Adamlary aç daňyp!.. - Zyýan edýän bolsak girmezdiler. Gaçardylar. Derdine derman tapyýandyr, gelýändir. - Gaçardylar! Siz gaçanyna goýýarmysyňyz?! - Gaçan bilen gylyçly gepleşýärsiniz. - Galat! Siz mydama şu boş, pöwhe dumana dulanýarsyňyz. ''Yslam gylyç bilen girizildi!'' Ynha, siziň bileniňiz-biteniniz! Sada adamlary aldaýarsyňyz. Geliň, hakykatyň gözüne dogry garalyň. Ynha, görşüñiz ýaly, biz hiç kimiň garşysyna gylyç ulanmadyk. Emma birki ýylyň dowamynda, gör, näçe adam musulmançylyga geçdi. Seniň özüň bir pikir edip gör: akmak bolmadyk adam münewwer musulmançylyk barka, seniň jyzaňy çekermi? Salgytçybaşy bu gezek geplejek bolanda diñe agzyny müňküldetdi. Seljuk beg bolsa sözüniň üstüni ýetirdi: - Ynha, gör-de duruber, ýene-de üç-dört ýyldan seň özüň hem geçersiň musulmançylyga! Çynlakaýdan gyzyklanmaga mejbur boldy gerek, salgytçybaşy: - Siziň bu wagyz-ündewiňiz näm-aýt? - diýdi. - Hä. Ol ynha, şu görüp duran zatlaryň. Biz ýaragsyz ýagdaýda yslamy hem goraýarys, hem ýaýýarys. Bu biziň mukaddes göreşimiz. Eger-de kimdir biri biziň garşymyza ýaragly çyksa, biz oňa garşy gazawat edýäris. Salgytçybaşy bu hakda gaýdyp sesini çykarmady. Salgytçylara hüňürdeşip yza gaýtmakdan başga alaç galmady. Dogrudan hem Seljuk begiň aýdyşy ýaly boldy. Munuň dili dogaly eken. Birnäçe wagtdan soň, musulmançylyk Ýenikende hem yaýrady. Birnliçe onýyllykdan soň bolsa, ol taraplar tutuşlygyna musulman ýurduna öwrüldi. Dowamy bar >> Ýazmyrat MÄMMEDI. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |