12:19 Beýik Seljukly: Halyfatyň dargamagy | |
III bap
Taryhy proza
HALYFATYŇ DARGAMAGY Ilkibaşdan bütewi mazmunda we tertipde döredilen Halyfat Çaryýarlar döwründe Mekgeden, Mugawylar döwründe Damaskdan, Abbasylar döwründe bolsa Bagdatdan dolandyrylýardy. Sekizinji asyryň ortalaryndan bäri Bagdat Abbasy halyflarynyň oturýan mekanydy, paýtagt şäheridi. Wagt geçip, ýagdaýyň özgermegi bilen şu Halyfatyň aýry-aýry ýerlerinde, aşaklykdan özbaşdaklyk ugrunda hereketler başlanypdy. Bagdat tarapyndan goýlan arap walileri-häkimleri halyflary öňküleri ýaly ykrar edýärdiler, hormatlaýardylar, olara hüşür-zekat berýärdiler, olaryň adyna metjitlerde juma günleri hutba okaýardylar. Ýöne köp meselelerde, meselem, salgyt, daşary ýurtlar bilen gatnaşyklar, içki dolandyryş meseleleri ýaly ugurlarda öz islegleri boýunça iş alyp barmaga ýykgyn edýärdiler. Ýygnalan salgydyň köp bölegini özleri alyp galýardylar. Barha köp erkinlikleri talap edýärdiler. Puly öz atlaryna çykarýardylar. Bular Halyfatyň içindäki ykdysady tarapdan has gurply sebitlerdi. Baýlyk olary öz gününe goýanokdy. Şeýle ýagdaýlar halyflara mälim bolman galjakmydy? Asla ony mälim etmän saklamak isleýän beri barmydy? Barybir, günleriň birinde özbaşdakçyl häkimler ýarylmalydylar, ýaryljakdylar. Häzir bolsa, birden ör-gökden geliberilmezligi üçin halyflar ýaňzytma, öwrenişdirme usullary bilen iş görýärdiler. Elbetde, ilkibada biçak ýokuş gören halyflar hem, herhal, hürrit-goçak bir iş edibermekden saklanýardylar. Asla saklanmaýyn diýeninde näme edibiljek? Ýagdaýlara halyflaryň akyly çatman duranok. Böjeýänleriň özlerine göwni ýetýär, baý, eýýäm, pynhanu-äşgär, özbaşlaryna goşunlary bar. Asla köp babatdan olar halyflaryň özi bilen deňleşip ýörler. Şeýdip, özbaşdaklyga ýykgyn edýän köpeliberse, Halyfatyň güýjüniň gaçmajak gümany barmy?! Ol gaçyp gidip otyr. Bu ýagdaý ençeme onýyllyklara, asyrlara hem çekdi. Elbetde, halyflar görer ýaly çäräni, dogrusy, ellerinden gelýän çäräni görýärdiler, haýbat atyp gorkuzmaga synanyşýardylar, dini ara salýardylar, içaly işledýärdiler, ýalbaryp-ýakaryp görýärdiler, emma olaryň hiç haýsy gerekli netijäni bermeýärdi. Onsoň halyflar üçin ruhy kaýyllyk döwri başlandy. Bu ýagdaýlar bilen öwrenişip ugradylar. Şol bir wagtda hem, mümkin boldugyça, az ýitirmegiň gerekdigine düşünmeli boldular. Has oýlanyşykly çemeleşmegi dogry bildiler. Özüň bilen arany üzül-kesil ýolduryp, has amatsyz ýagdaýa düşüp oturybereniňden, olara özüň ygtyýar beren kişi bolsaň, ibalyrak boljakdy. Bu işi, hamala, özüňden çykan ýaly etmeli. «Ýurt biçak uly, giň, dolandyrmaklyga tagaşyksyz gelýär (bolmanda näme, şeýle dälmidi?), maňa - halyfa orunbasarlar gerek» diýen bol-da, olary şol wezipede özüň oturdan kişi bolaý. Bu il gözüne-de, olar bilen aradaky gatnaşyk üçinem bolman durmajakdy. Ine, şeýdip talap güýçleniberensoň, halyf, ilki has ilgezik, has häkimhöwes Horasan häkimi Tahyr Zul Ýamuniýne «emir» unwanyny berdi. Ol Merwi paýtagt edindi, ýurduny özbaşdak diýen ýaly dolandyrmaga başlady. Soňrak Saffarlar diýdi, Muzaffarlar diýdi, Samanylar diydi, Buweýhiler diydi, olar hem «emir» unwanlaryny halyflardan aldylar. Muňa hoşal bolan täze hökümdarlar, ozaldan garaşylyşy ýaly, nebisleri artyp, has uly hökümdar, patyşa bolmak arzuwyny amala aşyrmaklygyň yşgyna düşdüler. Üstesine-de, olar biri-birleriniň topraklaryna göz gyzdyryp başlapdylar. Uruşlara girişýärdiler. Halyfat gitdigiçe kiçelýärdi, emirlikler güýçlenýärdiler. Soñabaka, Turanda 874-nji ýylda emele gelen Ysmaýyl ibn Ahmediň Sama- ny döwleti Halyfatyň özünden hem telim esse güýçlendi. Özi hem arap däl-de, ýerli hanedandy. Ol soňra Tahyrylary hem basyp alyp, has-da kuwwatlandy. Turany, Owganystany, Eýranyň hem aglaba ýerlerini eýeledi. Şeýdip, asla dünýäniň iň güýçli döwletleriniň birine öwrüldi duruberdi. Birnäçe wagtdan soň, ýagny 962-nji ýylda onuň Owganystandaky mülklerinde, ýagny Gaznada täze bir döwlet emele geldi. Ony esaslandyran Samany döwletiniň sypahsalary (goşunbaşysy) Aly Tekindi. Ol Gazna şäherini we sebitlerini öz döwlet mülki yglan edip, Samanydan aýryldy. Bu bolsa öz güýçli döwrüni arka atyp ýören Sa- many döwletiniň indi eňňidiniň gidip ugrandygyny alamatlandyrýardy. Aly Tekiniň yzyna eýe duran, türkmeniň kaýy taýpasyndan bolan we bu yerde gulluk edýän gulam Söbük Tekin wagtynda Gazna döwleti berkäp ugrady. Onuň ogly Mahmyt şowly basybalyjylykly syýa- sat ýöredip, öz topraklaryny giňeltdi. Mahmydyň «soltan» unwanyny dakynmagy Halyfat dünýäsinde görülmedik bir waka boldy. «Soltan» - bu eýýäm «emir», ýagny orunbasar däldi. Hiç kime garaşsyz bir hökümdarlygy alamatlandyrýardy. Özüniň araky döreden «emirlik» tertibiniň arkasyndan agalyk-beýikligini neneň-niçik bir saklaýan Halyflar üçin bu diňe bir kadadan çykma däldi-de, agyryly bir urgudy. Ýöne alaçlary ýokdy. Gaznaly indi Samany bilen deň, hatda onuň duşundan hem geçip barýan örän zor döwletdi. Soňabaka, ol dünýäniň in güýçli döwletine öwrüldi. Halyflar üçin indi bu zatlara göz ýummakdan başga çäre galmandy. Üstesine-de, gepiň gerdişinde aýtsak, Halyflaryň bu ynjyk we başbermez mesele babatda aladasy köpelipdi. Bagdadyň edil alkymynda, Eýranyň günbatarynda, Yragyň gündogarynda dörän fatimi Buweýhi emirligi indi halyf bilen has sypaýyçylyksyz gatnaşyklar alyp barýardy. Hatda ony äsgermeýärdi hem. Indi bu ýagdaýlaryň öňüni alyp bolmajak bir sile öwrülendigine gözi ýeten Halyflar özlerine galan uly bolmadyk Arap Yragy mülklerinde sag-aman saklanyp bilseler kaýyl bolup barýardylar. Ine, indi Syrderýa oguzlarynyň gürrüňi edilýän zamandaky goňşularynyň Arap halyfaty däl-de, başga-başga döwletler boljakdygy düşnükli bolsa gerek. Dowamy bar >> Ýazmyrat MÄMMEDI. Surat: Apbasy halyfy Harun er-Reşidiñ Fransiýanyñ koroly Karlyñ ilçilerini kabul edip duran wagty | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |