■ Awtor hakynda
Nazan Şara Şatana - tanymal türk şahyry, ýazyjy, taryhçy, suratkeş, senarist, kompozitor.
1957-nji ýylda Stambulda doglan Nazan Şara Şatananyñ asly meşhur dagystanly Şeýh Şamiliñ neslindendir.
Nazan hanym döredijilik işine žurnalistlik kärinden başlady. Soñra turizm sektorynda işläp ýörkä döredijilik dünýäsine ymykly gadam uran ýazyjynyñ kitaplary häzirki döwrüñ Türkiýesinde iñ köp okalýan ýazyjylaryñ hataryna girýär.
Birnäçe taryhy romanlaryñ awtory bolan Nazan Şara Şatana şol bir wagtyñ özünde telewizion edebi gepleşikleri hem alyp barýar. Onuñ häzirki wagta çenli on dört kitaby neşir edildi. Senariýasyny ýazan iki çeper kinofilmi ekranlaşdyryldy. Türkiýäniñ öz içindäki we daşary ýurtlaryñ gazetlerinde makalalar bilen yzygiderli çykyş edýär.
Nazan Şara Şatananyñ kitaplary Türkiýäniñ Ýokary Halk mejlisiniñ we Döwlet kitaphanasynyñ goruna hem kabul edildi.
Birnäçe edebi baýraklaryñ laureaty bolan Nazan Şara Şatana mifologiýa hakyndaky kitaplar tapgyry bilenem giñdeñ tanalýar.
■ ABDYLKADYR GEÝLANY HEZRETLERINIÑ KITABYNDA AGZALÝAN ZÜMERRET KERPIÇLERI
Abdylkadyr Geýlany hezretleriniñ "Syrlaryñ syry" (“Kitab-ı Sirr Al Asrar”) atly kitabynda zümerret kerpiçlerinden söz açmagy meniñ muña içgin üns bermegime sebäp boldy.
Germetika ýa-da başgaça aýdanymyzda "Zümerret kerpiçleri" ~ gadymy gresiýalylarda "Hermes Trismegustus" diýip atlandyrylan Germes Trismegistiñ taglymatyny beýan edýän köne grek we latyn dilinde ýazylan elýazma parçalaryñ jemine berilen atdyr.
Mahal-mahal ýazyp ýören "Daşlar" kitabymdan söz açýaryn. Ýöne ony hiç ýazyp gutaryp bilemok. Her gün bir bahana tapylýar, bu bolşum bilen ony haçan dynaryn, haçan kitap bolup çykar we men onuñ üstüne ýene näçe kitap ýazyp neşire bererin, ony özümem bilemok dogrusy...
■ Indem zümerret kerpiçlere küýümi berdim
Zümerret kerpiçler germetik ýazgylaryñ içinde iñ esasysy hasaplanýarmyş. Muny okanymda hasam ünsümi çekdi. Kerpiçler we daşlar. Ynha-da, meniñ "Daşlar-kyýamat-2023" atly neşire goýberiljek kitabym.
Bular gadymy Müsürde mukaddes elipbiý bilen ýazylan gadymy asyl nusgalaryñ dürli ýazuw formalaryna terjime edilen nusgalarynyñ bölekleýin köne grek we latyn diline geçirilen bölek-büçek parçalarymyş.
Pikir beriñ, bu kerpiçler orta asyrlardan bäri üns merkezinde. Bu kerpiç ýazgylar bu işiñ hünärmenleriñ, ylmy barlagçylaryñ ýa-da iñ bolmanda gyzyklanýanlaryñ bilesi gelýän ýazgylarydyr.
Kerpiçleriñ nähili tapylandygyna degişli myş-myş kän. Olaryñ in hakykata golaýy: Aleksandr Makedonskiý Germesiñ mazaryny tapanda şol guburyñ içinden kerpiçleri-de tapyp alypdyr. Üns beriñ, tapylan kerpiçler ýöne bir kerpiç däl, olar ýap-ýaşyl öwüsýän zümerret!
Bu ýerden zümerretiñ tapylmagynyñ birnäçe sebäbiniñ bardygy aýdylýar. Mundan gowy baş çykarýanlaryñ aýtmagyna görä:
• Ýaşyk reñk - ýaşyl maýsalygy alamatlandyrýandygy üçin;
• Okultistik tradisiýada danalygyñ simwoly ýaşyldygy üçin;
• Hristianlykda-da ýaşyl reñkiñ ynanjyñ simwolydygy üçin.
Germetik ýazgylaryñ birnäçesi ellinleşen Müsüre degişlimiş.
Geñ galaýmaly, bularyñ ählisiniñ düýbi gadymy Müsürde birigäýýär. Göýä düşünip bolmaýan zatlar Müsürde düşüner ýaly bolýar. Hakykatda bilinmeýän zatlar bilinenlerden has köpdürem welin, ol ýerlerde başga-başga dünýä bar ýaly...
Sözümiñ şu ýerinde ýazgylardan sitata getirmek isleýärin. Bu ýazgylaryñ grek dilinde asyl nusgasynyñ barlygy güman edilýär, emma häzire çenli bitewi ýazgy tapylanok. Diñe ýigrimä golaý arapça wersiýasyna duş gelindi. Zümerret kerpiçlerde ýazylan ýazgylar hem diýseñ täsin. Ynha, onuñ terjimesini Siziñ dykgatyñyza ýetirýärin:
1. Ýalan ara goşulmazdan dogrudyr, anykdyr we örän hakykatdyr.
2. Aşakda bolan yokarda bolan ýalydyr, ýokarda bolanam aşakda bolan ýalydyr we ikisi birlikde bir zadyñ gudratyny amala aşyrarlar.
3. Ähli her bir zat birlikden gelýänliginden, birligiñ düşünjesinden gelipdir. Şeýdibem her bir zat bu bir zada sazlaşykly orta çykdy.
4. Gün onuñ atasydyr, Aý enesidir. Şemal ony garnynda göterdi, ýer ony ekläp-saklady.
5. Dünýäniñ ähli güýjünin atasy şudur. Eger onuñ güýji topraga ýetse hemme zada-da ýetýändir.
6. Topragy otdan, subtil (mikro mukdarda fiziki we ruhy täsirlere alyp barýan energiýa tolkuny) bolany ýygjamyndan aýyrmaly bolarsyñ. Muny aýratyn ussatlyk bilen ýerine ýetirmeli.
7. Toprakdan asmana çykar we täzeden ýere iner, ýokarda we aşakda bolanyñ güýjüni özüne alar. Şeýdip bütin dünýäniñ ýeñşi seniñki bolar. Şonuñ üçin ähli garañkylyk senden daşlaşar.
8. Bu ähli güýçleriñ iñ güýçlüsi, çünki her subtil zady ýeñer, her gaty närsäniñ içine girer.
9. Dünýä-de şeýdip ýaradylypdy.
10. Haýran galdyryjy biçüwler şundan çykdy, bularyñ özeni şu ýerdedir.
11. Şonuñ üçin maña üç gezek Beýik Germes diýdiler. Sebäbi bütin dünýäniñ filosofiýasynyñ üç bölümi-de maña degişli. Günüñ eden işleri hakyndaky aýdanlarym şunuñ bilen tamamlanýar.
Bulary okanyñda aklyñ çaşmazlygy mümkin däl. Düşünjek bolsañ köp okamak, köp agtarmak gerek. Bu makalamy siziñem haýran galyp okarsyñyz we "Zümerret ýazgylar" barada ýene nämeleri öwrenip bolarka diýersiñiz diýip umyt edýärin.
■ Germetikadaky şahyrana setirlerden:
"Diñläñ, eý, palçykdan çykan adamlar!
Azsalym oýlanyñ, ynsan döreýşin
Ene ýatgysynda kemala gelşin.
Şeýle ussatlygy aklyña aýla
Hem-de gözläp başla ol Senetkäri.
Şol ajap görnüşe şekil girizip
Kim çyzdyka onuñ didelerini?
Kim açdyka gulagynyñ, burnunyñ
Hem-de bokurdagnyñ deşiklerini?
Kim onuñ damarny uzaldyp ýene
Bir-birine mäkäm baglap goýduka?
Kim döretdi ystyhany-süñküni,
hem etini hamy bilen kim örtdi?
Kim aýyrdy barmaklarnyñ arasyn?
Kim düzledi dabanynyñ astyny?
Kim taýýarlap bildi onuñ ýüregni?
hem boş ýerler goýup jigerlerinde?
Kim görküni etdi göze gelüwli,
Kim saklady içegäni içinde?
Näçe dürli melhem ulanyldyka,
Näçe senet eserleri döretdi
Döretmeklik üçin ýeke ynsany? (...)
Gözüñ bilen görjek bolsan sen Ony
Ajap gurluşyna bak sen älemiñ,
Görýän her zadyña erki ýetip dur.
Goýan kanunyna, bolan her işiñ
Hem bolhak işleriñ ajaplygna bak!
Alysda özüne berilen künçde
Bir eýläk, bir beýläk aýlanar ýyldyz.
Neçüýn bar ýyldyzlar bir ýoly tutmaz?
Her biriniñ ýeri taýynlan kimkä?
Bulary ýaradan, bulañ Eýesi,
Hökman bir ýerlerde bar bolaýmaly!
Mümkin däl tötänden orta çykmagy,
Bu zatlañ barysy haçanam bolsa
Ýaradylan bolaýmaly, şübhesiz!
Diñe ölçege sygmadyk
orta çykýandyr "tötänden".
Filosofiýa