07:25 Makedonskiniñ başyny aýlan türkmen kagany | |
ŞAN-ŞÖHRATLY TÜRKMEN TARYHY
Taryhy makalalar
▶ ALEKSANDR MAKEDONSKIÝ NÄDIP TÜRK(MEN) HAKANY ŞUNYÑ EMELINE ÇOLAŞDY? Aleksandr Makedonskiniñ ady biziñ hemmämize tanyşdyr. Makedonskiý barada birgiden rowaýatlar, ýazylan çeper eserler, düşürilen kinofilmler bar. Ýöne onuñ bilen döwürdeş türk(men) hökümdary Şu barada hemmäñiz eşdipmidiñiz? Bu iki beýik hökümdaryñ ikisi-de b.e.öñ IV asyrda ýaşap geçipdirler. Bular barada bolsa "Şu" dessanynda aýdylyp geçilýär. "Şu" dessanynda makedoniýalylaryñ türkmenleriñ ýurduna eden ýörişinden söz açylýar. A.Makedonskiý Samarkandyñ üstünden geçip türkmenleriñ ýaşaýan ýerlerine ýakynlaşýar. Türkmen hökümdary Şu bolsa entek ýaşlygyna garamazdan juda parasatly we güýçli hökümdardy. Onuñ uly we berk düzgün-nyzamly goşuny bolupdyr. Özü-de Balasagunyñ ýanynda öz gurduran Şu galasynda oturypdyr. Şunyñ adamlary ondan: “Makedonskiý atly günbatardan gelen patyşa goşuny bilen bize tarap süýşüp gelýär. Baran ýurdunam boýun egdirip, boýun egmedikleriñem ýurduny ýer bilen ýegsan edýärmişin. Bize näme buýurýañ? Söweşeliñmi?" Hökümdar bireýýäm Hujend derýasynyñ ugry bilen 40 sany añtawçysyny ugradypdy. Mundan hiç kimiñ habary ýokdy. Ugradylan añtawçylar makedoniýalylar barada her bir hereketi habar berip durýardylar. Şu arkaýynlyk bilen kümüş bilen jäheklenen howzundaky ýüzüşip ýören ördekdir gazlary synlap oturanmyşyn... Ýanyndakylar onuñ bu bolşuna näme diýip, näme aýtjaklaryny bilmändirler. Olar hökümdaryñ geplemäge ýagdaýy ýokdur öýdüp: "Hökümdarymyzyñ häzir hiç hili taýynlygy ýok, şonuñ üçin şeýdip oturandyr" diýip pikir edipdirler. Edil şol wagtam ýaş hökümdaryñ ugradan 40 atlysy gala gelip girýär we Makedonskiniñ Pujehr derýasyndan geçendigini habar berýärler. Hökümdar halkyny gijäniñ içi gyssagly aýaga galdyrýar. Goşlaryny alyp ýola çykan halk gündogara tarap ýola düşýär. Halk duýdansyz berilen buýruga hem geñ galýar we aljyraýar. Ellerine ilen zadyny alybam eýýäm ýola düşen hökümdaryñ yzyna eýerýärler. Bütin halk ýola çyksa-da, yzda 22 sany adam maşgalasy bilen galypdy. Olar gijäniñ içinde münmäge atdyr-düýelerini tapman, üstesine gidenlerem ep-esli uzaklaşandyr diýip, Şu galasynda galypdylar. Galanlaryñ ýanyna ýene-de iki adam gelýär. Olaryñ goşy arkasynda bolansoñ juda ýadaw ekenler. Galan 22 adam gelen iki kişä: “Biz hiç ýere gitmekçi däl, gidenimizde munuñ nämä haýry bar? Biz galyp mañlaýymyzdakyny göreris. Aleksandr diýilýänem bärde uzak durasy ýok, ýel ýaly geçer gider. Bu ýerler biziñ ýurdumyz, ýene-de özümize galar. Siz-de kalaç! " diýipdirler. "Kalaç" - galyñ, gitmäñ diýmekdir. Haý diýmänem Aleksandr Makedonskiý ýetip gelipdir. Makedonskiý uzyn-uzyn saçly, daýaw adamlary görüp: "Bular türke meñzeýär!" ("Türk manend") diýipdir. Şondan soñ ol ýerdäkileriñ ady "türkmen” bolup galýar. Şu bolsa goşuny we halky bilen Hytaýyñ araçägine ýanaşyk ýaşaýan uýgurlaryñ arasyna barýar. Ynha, şol wagtam Şunyñ näme etjek bolýandygyna ýanyndakylar düşünip galypdyr. Ol Makedonskini döwletiniñ merkezinden has uzaklara çekip surnukdyrmak we munuñ netijesinde bolsa kowumdaşlarynyñ arasynda has güýçli ýagdaýa gelmek isleýärdi... Ol tejribeli serkerdelerini we edermen ýaşlardan saýlanyp düzülen goşunyny Makedonskiniñ üstüne ugradýar. Merdana türkmen ýigitleri gijäniñ içinde makedon goşunynyñ awangard birliklerine hüjüm edýärler. Gandöküşikli söweş bolýar. Makedon goşun birlikleri çym-pytrak edilýär. Söweşde täsin bir waka bolup geçýär. Türk(men) esgerleriniñ biri duşman esgerleriniñ birini gylyjy bilen ikä bölüp taşlaýar. Gylyjyñ zarbyna makedoniýaly esgeriñ bilindäki kemerem bölünýär. Şonda onuñ kemerine gysdyrylan altynlar hem pytrap gidýär. Altynlar ýere dökülenem bolsa gandan ýaña şol wagt görünmedik bolmaly. Ertesi turup gõrseler Günüñ şöhlesi ganly altynlara düşüp parlap duranmyşyn. Türk(men)ler gözlerine ynanman: "Altyn Gan! Altyn gan!" diýip gygyryşypdyrlar. Şondan soñ dagyñ ady "Altyn Hun" bolup galýar. Ondan soñky bolan wakalaram diýseñ haýran galdyryjy. Bu ýeñlişden soñ Aleksandr Makedonskiý türkmen hökümdary Şu bilen bir gezegem söweşmeýär. Gaýtam onuñ bilen ýaraşyk baglaşýar. Ýaraşyk iki tarap üçinem bähbitli bolýar. Türkmenleriñ köpüsi uýgur kowumdaşlarynyñ arasyna we beýleki türkmen şäherlerine ornaşýarlar. Hökümdaryñ özi bolsa Balasaguna dolanýar we Şu diýen şäheri bina edýär. Ol gurduran şäherinde bir tilsim goýdurýar. Ol tilsim sebäpli, hiç kim ol şäherden añry gidip bilmeýärmişin. Şähere-de hiç kim gelip bilmändir. Hatda legleklerem şol şäheriñ üstünden geçip bilenokmyşyn. Aýtmaklaryna görä, bu tilsimiñ güýji häzirem dowam edýärmişin... Nazan Şara ŞATANA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |