11:51 Adalgalar edebi dilimiziñ gymmatlygydyr | |
ADALGALAR EDEBI DILIMIZIÑ GYMMATLYGYDYR Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatly ýolbaşçylygynda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklarynda, şol sanda ylym, bilim we medeniýet ulgamynda-da giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bilşimiz ýaly, ylmyň jemgyýeti, döwleti ösdürmekde, adamlaryň maddy we medeni durmuşyny ýokarlandyrmakda, halkyň ruhy galkynyşyny özgertmekde iňňän uly ähmiýeti bardyr. Malim bolşy ýaly, dil bilimi, şol sanda türkmen diliniň adalgaşynaslygy ýurdumyzyň Garaşsyzlyk ýyllarynyň içinde özüniň täze ösüşine gadam goýdy. Taryhy jähetden şu gysga döwrüň içinde türkmen adalgaşynaslygy milli dilimiziň sözlük düzüminde hil we san taýdan bolup geçen özgerişlikleri şöhlelendirip gelýär. Esasan hem halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň ösüşini ilerledýän ylmy-tehniki ösüşiň netijesinde, dilimiziň täze sözler bilen baýlaşmagyna, şol sanda ylmy-tehniki adalgaşynaslygynyň ösmegine öz oňyn täsirini ýetirýär. Bu bolsa alynma sözleri, halkara adalgalary mümkingadar millileşdirmek meselelerini ýüze çykarýar. Bu meselede, öňi bilen, dilimiziň öz içki serişdelerinden, ýagny gadymy ýazuw ýadygärliklerimizden, türkmen diliniň şiwelerinde we gepleşiklerinde ulanylan sözlerden, şeýle hem garyndaş türki dillerdäki kybapdaş adalgalardan peýdalanmak maksadalaýyk hasaplanylýar. Umuman, türkmen adalgaşynaslyk ylmynyň irki döwrüne, şu günki ýagdaýyna we geljekki ösüşine nazar aýlanymyzda, halkymyzyň baryp orta asyrlarda hem ösen edebi diliniň we gadymy adalgaşynaslyk däpleriniň bolanlygyna göz ýetirmek bolýar. Gündogar alymlarynyň arasynda meşhur bolan dilçi alym Mahmyt Kaşgarlynyň, Zamahşarynyň, Äsjedi Merweziniň, Ýakut al Hamawynyň, Ishak ibn Myradyň we beýleki orta asyr akyldarlarymyzyň, şahyrlarymyzyň döredijiliginde, ylmy we edebi eserlerinde gadymy türkmen diliniň adalga we adalga hasiýetli sözlerine duş gelmek bolýar. Bu ýagdaý, türkmen adalgaşynaslyk meselesiniň öňler nygtalyşy ýaly, soňky ýüzýyllygyň önümi däl-de, eýsem onuň kökleriniň has gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýandygyny görkezýär. Soňky ýigrimi ýylyň içinde ýurdumyzyň ylmynyň, medeniýetiniň, halk hojalygynyň häzirki zaman ösüşini şöhlelendirýän köpsanly sözlükler, okuw gollanmalary we monografiýalar çap boldy. Türkmen dilçi alymlary tarapyndan «Türkmen diliniň terminologik leksikasy», «Türkmen diliniň harby terminleriniň sözlügi», «Türkmen diliniň terminologiýasynyň meseleleri», «Türkmen diliniň professional leksikasy», «Türkmen diliniň zergärçilik leksikasy» we beýleki ylmy işleriň, pudaklaýyn sözlükleriň, okuw gollanmalaryň çap edilmegi türkmen diliniň adalgalarynyň kadalaşandygyna, olaryň ylmy taýdan barha kämilleşýändigine we ösýändigine şaýatlyk edýär. Hususan-da, Garaşsyzlyk ýýllary içinde maksatnama, paýnatna, resminama, kärende, telekeçi, senagatçy, ätiýäçlandyryş, iş sapary, maýadar, potratçy, delilnama, kepillik möhleti, dellal, ygtyýarnama, hasaplaýjy enjam, hakujy, ýaly köpsanly milli adalgalarymyz täze many öwüşginleri bilen dilimiziň sözlük goruny baýlaşdyrdy. Awtoýuwalga, awtomatik dolandyrma, ýokary tizlikli internet ulgamy ýaly kalkalaşdyrylan adalgalar hem dilimizde işjeň ulanylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň, şol sanda döwletimiziň ylmy-tehniki esaslarynyň ösmeginiň, şeýle hem halkymyzyň medeniýetiniň ýokarlanmagynyň netijesinde döwlet dilimiz bolan, türkmen diliniň sözlük gory täze sözler, täze adalgalar bilen baýlaşdy hem-de halkara adalgalar bilen baýlaşmagyny dowam etdirýär. Häzirki wagtda harby gullukçylarymyz tarapyndan ulanylýan «Gönel!», «Saga!», «Çepe!», «Erkin!» ýaly sözler dilimiziň professional leksikaşynyň hem kämilleşendigini görkezýär. Dilimiziň sözlük gorunyň baýlaşmagyny dilimizde bar bolan sözleriň durmuş-da bolup geçýän özgerişler mynasybetli, önümçiligiň, medeniýetin, ylmyň, bilimiň, tehnikanyň we beýleki ugurlardaky ösüşleriň netijesinde ýüze çykýan täze adalgalaryň hasabyna üstüniň ýetirilmegi bilen düşündirmek bolar. Mysal üçin, innowasiýa, multimedia, logistika, interaktiw, faýl, disk, boýler, parket, tender, telekommunikasiýa, nanotehnologiýa, biotehnologiýa we beýleki adalgalary ýatlap geçmek bolar. Bir zadyň ikinji nusgasy (dubleti) hökmünde dilde käbir adalgalar şol bir manyda ulanylýan halatlary hem bolýar. Munuň netijesinde dilde manydaş adalgalar peýda bolýar. Meselem, inwestisiýa — maýa goýumy, kredit-karz, reklama — mahabat we ş.m. Adalgalaryň iki görnüşde-de ulanylmagy wagtyň geçmegi bilen halk tarapyndan haýsy hem bolsa bir adalga işjeň ulanylyp, beýlekisi ulanylyşdan galýar. Şeýlelik bilen, wagtyň we döwrüň synagyndan geçen adalgalar edebi dilimiziň sözlük goruna siňýär. Häzirki wagtda türkmen adalgaşynaslyk ylmy berk ylmy ýörelgelere daýanýar. Halkymyzyň özboluşly ruhy we milli baýlygy hasaplanýan gadymy ýazuw ýadygärliklerimizden dilimizi baýlaşdyrmak maksady bilen, adalga hasiýetli sözleri toplamak, olary ylmy esasda öwrenmek we köpçülige ýetirmek häzirki zaman türkmen diliniň möhüm wezipeleriniň biri hasaplamak bolar. Malim bolşy ýäly, türkmen dilinde bar bolan adalgalar edebi dilimiziň gymmatlygy bolup, onuň sözlük gorunyň aýrylmaz bir bölegi bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe jemgyýetimiziň ähli ugurlarynda alnyp barylýan oňyn özgertmeler ýurdumyzyň sazlaşykly ösüşini emele getirýär. Bazar gatnaşyklary döwründe ýurdumyzda şeýle ýokary ösüşleri gazanmagymyzyň özi milli ykdysadyýetimize ornaşdyrylýan innowasion tehnologiýalaryň, durnukly özgertmeleriň we ylmy täzelenişiň ähmiýetiniň örän uly bolup durýandygyny görkezýär. Munuň özi dünýa bazaryna işjeň goşulmagymyza, daşary yurtlar bilen ykdysady hyzmatdaşlygy has giňeltmäge, täze tehnologiýalary we innowasiýalary ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryna ornaşdyrmaga ýardam berýär. Döwrüň ösmegi bilen türkmen adalgaşynaslygy ösýär, düzüm taýdan has baýlaşýar. Umuman, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokary depginde ösdürmek, ylmy ösüşiň innowasion hasiýete eýe bolmagyny gazanmak bilen bagly meseleleri türkmen ylmynyň möhüm wezipeleriniň hataryndä görkezmek bolar. Ata-babalarymyzdan miras galan milli ruhy baýlyklarymyza, şol sanda eziz ene dilimize, türkmen dil bilimiňiň meselelerine aýawly garamalydyrys, ene dilimizi ählitaraplaýyn kämilleşdirmelidiris, ony wagyz etmelidiris, çünki türkmeniň taryhy, dili, edebiýaty, medeni-ruhy mirasy bilen baglanyşykly gymmatlyklar halkymyzyň köpasyrlyk maddy, medeni we ruhy baýlyklaryny öwrenmekde egsilmez çeşme bolup hyzmat edýär. Yurdumyzyň ylym-bilim pudagyndaky oňyn özgertmelerde, Türkmenistanyň ylmy kuwwatynyň düýpli ösdürilmeginde milli Liderimiziň tagallalary bimöçberdir. Hormatly Prezidentimiziň ylym, bilini babatdaky taglymatlary dilimiziň ähli gözelliklerini, ähli inçeliklerini duýmaga, öwrenmäge, ulanmaga, nesilden-nesle geçirmäge giň ýol açyp berýär. Hormatly Prezidentimiziň ata Watanymyzyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna alyp barýan beýik işleri mundan beýläk hem rowaç alsyn! Ata GYLYJOW, # turkmendili_2018 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |