03:55 Deñiz-derýa leksikasy | |
DEÑIZ-DERÝA LEKSIKASY Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň baş milli maksatnamasyna laýyklykda döwletimiziň halk hojalygynyň ähli pudaklary, şol sanda deňiz we derýa ulaglar ulgamy hem döwrebaplaşdyrylýar, kämilleşdirilýär we dünýä ylmynyň soňky gazanan innowasion tehnologiýalarynyň esasynda ösdürilýär. Malim bolşy ýaly, mukaddes türkmen topragy geografiki taýdan amatly ýerde ýerleşmek bilen, häzirki bagtyýarlyk döwrümizde yklymyň ulag üstaşyr geçelgesi hökmünde dünýä ýurtlaryny ykdysady taýdan ýakyndan we içgin gyzyklandyrýar. Şu nukdaýnazardan seredeniňde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň tagallalarynyň netijesinde sebitara we halkara derejesindäki ýollaryň, şol sanda deňiz we derýa ýollarynyň ösdürilmegine ählitaraplaýyn döwlet derejesinde ähmiýet berilýär. Halkymyzyň bagtyýarlyk döwründe milli Liderimiziň yzygiderli aladalarynyň netijesinde, ýurdumyzyň deňiz we derýa ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýady barha ýokarlanýar we berkeýär. Bu pudak döwrebap tehnikalar, tehnologiýalar bilen yzygiderli üpjün edilýär. Ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda bolup geçýän uly özgerişlikler dilimize öz täsirini ýetirmek bilen, pudaklaýyn adalgalar düzüminiň baýlaşmagyna, dilimize halkara adalgalaryň aralaşmagyna, dilimiziň sözlük gorunyň artmagyna getirýär. Türkmen diliniň sözlük düzüminiň ösüşini derňemekde söz öwreniş barlaglaryna uly orun degişli bolup durýar. Bu babatda hünärmentçilik leksikasyna türkmen diliň taryhyny we häzirki ýagdaýyny, şiweşynaslygyny, halkymyzyň medeni-ruhy gymmatlyklaryný öwrenmekde hem-de olary ylmy nukdaýnazardan derňemekde möhüm orun degişlidir. Türkmen diliniň hünärmentçilik leksikasynyň düzüm bölegi bolan deňizçilik leksikasy türkmen halk döredijiliginde, milli senetçilik sungatymyzda, ýagny halyçylykda, gelin-gyzlaryň el işlerinde we beýleki ugurlarda giňden beýan edilýär. Deňiz we derýa bilen baglanyşykly: «Burnuny deşeňde bagyrmaz» (taýmyl), «Üç burçy bar, kyrk bagy» (ýelken), Agaçdan aty bar // Demirden gaty bar // Adamzatdan suraty bar (gämi), Uzyn-uzyn ulapar // Ujy baryp gum gapar (derýa), Ýöräp gitse, yzy ýok // Tupany bar, tozy ýok (gaýyk) ýaly matallarda şeýle hem, halk döredijiliginiň beýleki ugurlarynda, rowaýatlarda, dessanlarda gabat gelmek bolýar. Biziň derňewe çeken deňizçilik we derýaçylyk leksikasy bilen baglanyşykly atalar sözi we nakyllar aşakdakylardan ybaratdyr: «Ýagşylyk et, derýa at, balyk biler, balyk bilmese, halyk biler»; «Deňizde balyk söwdasy bolmaz»; «Derýa — daşanda, baý — joşanda»; «Geçelgesiz derýa bolmaz, geçirimsiz dünýä»; «Derýanyň kenaryndan çeşme gazylmaz»; Suw ýygnanyp köl bolar, köp ýygnanyp — il«; «Iki gämä ýapyşan gark bolar». Deňiz we derýa leksikasyna halkymyzyň nusgawy edebiýatynda hem duş gelmek bolýar. Mysal üçin, «Rysmanyň berk edip, labyr salmaýan // Girdaba ugraşar häzir bolmaýan // Kişdisi kelekde bendil galmaýan // Gury gara ýeriň gadryn näbilsin» (Magtymguly), «Ýolagçylar teriň suwda //Kä naw, taýmyl, sal diýp aglar» (Zelili), «Ýelkenim ýyrtyldy, döwüldi kiştim // Çyksam bu deňizden, ýok meniň deştim» (Seýdi); «Jan şährinde ajal guşlary ýaýnar // Köňlümiň derýasy möwç urar — gaýnar» (Magrupy). Bu ugra degişli sözler halkymyzyň gadymy edebi mirasy bolan «Gorkut ata» şadessanynda: gämi, agaç gämi ýaly şekillerde duş gelýär. Deňiz kenarynda ýaşaýan ilat hem el işlerinde «labyr», «gaňrak», «gaýyk» ýaly şekilleri nagyş görnüşinde ulanypdyrlar. El işlerinde, dürli senetçilik işlerinde hem, deňizçilik we derýaçylyk leksikasy bilen baglanyşykly sözlere gabat gelmek bolýar. Munda köplenç, balyk, gaýyk, suw, labyr, tölkun ýaly şekiller öz şöhlelenmesini tapypdyr. «Balyk» nagşynyň gelip çykyşy halk arasyndaky dürli rowaýatlar bilen baglanyşyklydyr. Muňa Ýusup pygamberi ýuwudan balyk hakyndaky rowaýat hem mysal bolup biler. Umuman, bir tarapdan, balyk deňiz ýakasyndaky halkyň durmuşynda möhüm azyk hyzmatyny bitirýän önüm bolsa, ikinji tarapdan, halk tarapyndan ýaşaýyş çeşmesi bolan suwa uly hormat goýmagyň alamaty hökmünde garamak bolar. «Balyk» nagşynyň täk görnüşi, şeýle hem biri-birine bakdyrylyp salynýan jübüt görnüşi-de bolýar. Galyberse-de, gelin-gyzlaryň bileziginde-de «balyk» nagşyna duş gelmek bolýar. Türkmen dilinde sypat bolup gelýän akgyr sözi bar. Akgyr, sözi bu ýerde gaty akýan, çalt akýan manyny aňladyp gelýär. Dilimizde akgyr sözüň gatnaşmagynda akgyr ýap aňlatmasyna duş gelmek bolýar. Akgyr ýap — «dyrnak gölli» halynyň keseligine we uzynlygyna gidýän gyra nagşynyň umumy adydyr. Bu leksikanyň ýurdumyzyň ýer, ýurt atlarynda, ýagny Gämi, Ýelkendepe ýaly toponimlerde gabat gelmegi bellärliklidir. Deňizçilik leksikasy bilen baglanyşykly sözler türkmen adam atlaryny ýasamaga hem gatnaşýar. Bu ýerde erkek adam atlary hökmünde Deňiz, Deňizbaý, Deňizhan, Derýa, Derýaguly, Derýageldi, Derýamyrat, Derýabaý ýaly atlary görkezmek bolar. Aýal-gyz atlarynda hem Derýagül diýen at duş gelýär. Bu adam atlary deňiz, derýa ýaly göwünleri giň bolsun, şeýle hem çagalarymyzyň rysgal—döwleti deňiz, derýa ýaly köp bolsun diýen manylary öz içine alýar. Halkymyzyň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň irginsiz aladalarynyň netijesinde ene dilimize, halkymyzyň baý edebi mirasyna, milli ruhy gymmatlyklaryna degişli bolan dürdäneleri, çuňňur many-mazmuna eýe bolan älemgoşar öwüşginli durnukly aňlatmalary bir ýere toplamak, olary ylmy esasda içgin öwrenmek meselesine uly ähmiýet berilýär. Hormatly Prezidentimiziň «Diliň we edebiýatyň hakyky eýesi halkdyr» diýip bellemegi, ata-babalarymyzyň gadymyýetden bäri döredip gelýän baý medeni-ruhy gymmatlyklaryna berlen ýokary bahadyr. Alym Prezidentimiziň ylmy taglymatlary her bir adamyň dil baýlygyny ösdürmäge, dünýägaraýşyny we gözýetimini giňeltmäge gönükdirilendir. Eziz ene dilimizi ähli-taraplaýyn ylmy esasda öwrenmäge, durmuşda ulanmaga, nesilden-nesle geçirmäge mümkinçilikleriň giň ýoluny açyp berýän hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun! Ata GYLYJOW, # turkmendili_2018 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |