22:56 Türkmen we gyrgyz dilleriniñ umumylyklary | |
TÜRKMEN WE GYRGYZ DILLERINIÑ UMUMYLYKLARY Hormatly Prezidentimiziň: «Goňşy we beýleki döwletler bilen özara bähbitli, dostlukly gatnaşyklarymyz gün-günden ösýär» diýip parasatly bellemegi, Türkmenistanyň söwdada, ykdysadyýetde, syýasatda we medeni gatnaşyklarda dünýäniň ençeme ýurtlary bilen hoşniýetli, dostlukly gatnaşyklarynyň ýylsaýyn ýokarlanýandygyny aňladýar. Şeýle dostlukly ýurtlaryň biride Gyrgyz Respublikasydyr. Gyrgyz Respublikasy Merkezi Aziýada ýerieşýäni Garaşsyz döwletdir. Onuň çäkleri demirgazykda Gazagystan, gündogarda, günortada Hytaý we Täjigistan, günbatarda bolsa Özbegistan bilen serhetleşýär. Döwletiň paýtagty Bişkek şäheri. Ýurduň uly şäherleri Bişkek bilen Oş şäherleridir. Gyrgyz döwleti 1991-nji ýylyň 31-nji awgustynda öz Garaşsyzlygyny yglan edýär. Gyrgyz Respublikasy daglykly ýurtdur. Döwlet dili gyrgyz dili. Gyrgyz dili türki dilleriň gyrgyz-gypjak toparyna degişlidir. Gyrgyz dili gadymy dilleriň biri hasaplanylýar. Dilleriň ösüş ýagdaýynda gyrgyz diline gypjak dilleri belli bir derejede täsirini ýetiripdir diýlip hasaplanylýar. Gyrgyz dilini esasan, iki şiwä bölýärler, ýagny demirgazyk we günorta şiwelerine, kabir alymlar bolsa ony üç topara: demirgazyk, günorta-günbatar we günorta-gündogar şiwelerine bölýärler. Şiweler, esasan, fonetik we leksik birlikleri bilen tapawutlanýarlar. B. M. Ýunusaliýewiň bellemegine görä, gyrgyz diliniň fonetik aýratynlygy sekiz sany gysga fonemanyň sekiz sany uzyn fonema garşy goýulmagydyr. Gyrgyz diliniň morfologiýasy beýleki türki dilleriniň morfologiýasy bilen meňzeş hasaplanylýar. Gyrgyz dilinde ýokluk şekili «emes» sözi bilen aňladylýar. Edebi diliniň esasyny demirgazyk şiwesi düzýär. Edebi diliniň sözlük gorunyň baýlaşmagy, esasan, ýerli sözleriň we içki dil serişdeleriniň hasabyna bolup geçýär. Türkmen we gyrgyz dilleriniň leksikasynda umumylyklar köpdür. Olar esasan, fonetik taydan tapawutlanýarlar. Mysal üçin, türkmen dilinde geýilýän eşige geýim diýilýän bolsa, bu söz gyrgyz dilinde kiýim şekilinde berilýär. Geýimiň ähli görnüşini öz içine alýan, egin-eşigiň umumylaşdyrylan ady bolan geýim-gejim tirkeş sözi gyrgyz dilinde kiýim-keçek görnüşinde ulanylýar. Türkmen we gyrgyz dilleriniň leksikasyndaky umumylyklary şeýle görnüşde bermek mümkin: 1) egin-eşik hem-de onuň böleklerini aňladýan sözler bilen baglanyşykly leksika: geýim — kiýim; geýim-gejim — kiýim-keçek; don — ton; arassa geýim — aryy kiýim; ýapynja — kementaý, ýabunçy; köýnek — köýnek; jalbar — çalbar; kemer — kemer; altyn kemer — altyn kemer; ýaka — žaka; ýeň — žeň; giň köýnek — keň köýnek. Iki diliň leksikasyndaky köýnegiň etegini ýa-da dag etegi manysynda ulanylýan etek sözi hem gyrgyzça etek şekilindedir. 2) türkmen we gyrgyz dillerinde baş gaplary aňladýan sözler: börük — börk; tahýa — takyýa; bezeg üçin ulanylýan jyga — žyga we ş.m. 3) bezeg şaý-sepleri aňladýan sözler: ýakut daş — žakut taş; monjuk — monçok; merjen — marjan; saçbag — çaýpak we ş.m. Aýallaryň bilegine dakynýan, gyzyl çaýylyp, kümüşden ýasalýan gaşly bezeg şaýyna türkmen dilinde bilezik, gyrgyz dilinde bolsa bilerik diýilýär. 4) aýakgap bilen bagly leksika şular degişlidir: ädik — ötük; çaryk — çaryk; çokaý — çokoý; mesi — maasy we ş.m. 5) azyk önümleriň, iýmitleriň atlary: aş — aş; gant — kant; bal — bal; bürünç (tüwi) — kürüç; bugdaý — buudaý; et — et; göş -göş; goýun eti — kodun eti; çorba — sorba, alma — alma; erik — örük; burç — murç we ş.m. Bu dilleriň leksikasynyň süýt önümleriniň atlarynda hem meňzeşlikler bar: süýt — süt; gaýmak — kaymak; gurt — kurut; ayran — ayran we ş.m. Türkmen dilinde şeýle nakyl bar: «Toýa barsaň doýup bar» bu nakyl gyrgyz dilinde şeýleräk aňtadylýar: «Toýgo barsaň, toýup bar». 6) türkmen we gyrgyz dillerinde haýwan we reňk atlary bilen bagly leksika: ýylky - jylky; baýtal — baýtal; ak — ak; gök — kök; gara — kara; gyzyl — kyzyl we ş.m. 7) türkmen we gyrgyz dillerinde guşçulyk bilen baglanyşykly leksik birliklerinde hem birmeňzeşliklere gabat gelmek bolýar. Mysal üçin; türkmen dilinde algyr — gyrgyz dilinde hem algyr; bürgüt — bürküt; gyrgy — kyrgyý; laçyn — ylaaçyn; ütelgi -itelgi; guş — kuş; guşçy — kuşçu we ş.m. 8) türkmen dilindäki bäşatar sözi gyrgyzlarda beş atar şekilinde aňladylýan bolsa guşatar — kuş atar; ýaý — žaa; ýaýçy — žaaçy; sagdak — saadak; duzak — tuzak; awçy — aňçy; mergen — mergen; demir - temir; nal — naal; dok — tok ýaly sözlerde hem meňzeşlikler doly duýulýar. Şeýle meňzeşliklere diňe bir leksik birliklerde däl, eýsem halk döredijiliginiň dürdänelerinde hem duş gelmek bolýar. Türkmen halk döredijiligi halkymyzyň asyrlarboýy synagdan geçiren medeni-ruhy gymmatlygy bolup, olarda atalar sözi, nakyllar özleriniň çuňňur many-mazmunlary, pähim-parasatlylygy bilen tapawutlanýarlar. Muny iki diliň halk döredijiligine degişli bolan mysallaryna ýüzleneniňde hem görmek bolýar. Mysal üçin, türkmen dilinde: «Agaň gadyryn ýaraly bolsaň bilersin//Ata-eneň gadyryn balaly bolsaň bilersin». Gyrgyz dilinde: «Agaýyndyn kadyryn žalaluu bolsoň bilersiň//Ata-enenin kadyryn balalýy bolsoň bilersiň». Türkmen we gyrgyz dillerinde şeýle mysallara köp duş gelmek bolýar. Biz olaryň käbirini aşakdaky görnüşde bermegi makul bildik. Türkmen dilinde «Agam kimi alsa, ýeňňem şoldur». Gyrgyz dilinde: «Agam kimdu alsa žeňem oşol». Türkmen dilinde «Agasyny görüp ini öser//bibisini görüp, siňli (uýasy) öser». Gyrgyz dilinde: «Agasyn körüp, ini ösöt//ežesin körüp, siňdu öset». Türkmen dilinde: «Akar suwda haram ýok». Gyrgyz dilinde: «Agyn (akkan) suuda aram žok». Türkmen dilinde: «Adam alasy — içinde, haýwan alasy — daşynda». Gyrgyz dilinde: «Adam alasy — içinde, mal alasy — tyşynda». Türkmen dilinde: «Adama -yşarat, haýwana — taýak». Gyrgyz dilinde: «Adamga — işarat, aýbanga-keltek». Türkmen dilinde: «Adamdan akyl gaçyp gutulmaz». Gyrgyz dilinde: «Adamdan akyl kaçyp kutulbaýt». Türkmen dilinde «Azy bilmeýän köpünide bilmez». Gyrgyz dilinde «Azdy bilbegen, köptüda bilbeýt». Türkmen dilinde: «Az gaýgyny — aş basar//köp gaýgyny dost basar». Gyrgyz dilinde: «Az kaýgyny — aş başat// kep kaýgyny -dos başat». Türkmen dilinde: «Adam bolan kişiniň adam bilen işi bar//Adam bolmaz kişiniň adam bilen näsi bar». Gyrgyz dilinde: «Adam bolor kişinin adam menen işi bar// Adam bolbos kişinin adam menen nesi bar». Türkmen dilinde: «Adamyň görki adalatlylykda/Ýigit görki — edeplilikde». Gyrgyz dilinde: «Adamdyn körký adilettüülükte//Zigittin körkü — adaptüülükte». Iki halkyň sözlük gorundaky meňzeşlikler olaryň şahsy adam atlarynda hem öz mynasyp ornuny tapypdyr. Malim bolşy ýaly, şahsy atlar her bir halkyň öz milli däp-dessurlaryna görä dakylýar. Türki halklaryň arasynda gylyk-häsiýetlerinde, däp-dessurlarynda umumylyklar, biri-birine meňzeşlikler köp. Gadymdan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady we medeni aragatnaşyklar, olaryň şahsy atlarynyň arasynda hem özara meňzeşligiň köpelmegine getiripdir. Türkmen we gyrgyz halklarynyň at dakmakdaky meňzeş däp-dessurlarynyň käbirine seredip geçeliň: — ene-atalaryň ýa-da garyndaşlarynyň atlaryny çagalaryna dakmak däbi: Ata -Ata; Atabaý — Atabaý; Atabeg — Atabek; Ýegen — Zeentaý we ş.m. — maşgalada çaga sany ýeterlik diýlip hasaplanýlanda türkmenler: Doýduk, Bessir, Körpe we ş.m. atlary dakýan bolsalar, gyrgyzlar: Kenže, Toýduk we ş.m. atlary dakýarlar. — dilimizde ösümlik dünýäsi bilen bagly: Ýandak, Arça, Çynar ýaly adam atlary ulanylýan bolsa, gyrgyzlarda žanlak, Arçabek ýaly adam atlaryna duş gelmek bolýar. — dilimizde haýwanat dünýäsi bilen bagly: Böri, Ýolbars, Ilalmaz, Bürgüt, Tugun ýaly adam atlary bar bolsa, gyrgyzlarda Börübaý, Zolbors, Itigul, Bürkütbaý, Tuýgun kimiň adam atlary ulanylýar. — Aý-gün atlary bilen baglanyşykly: Aşyr — Aşyr, Aşyrbaý — Aşyrbaý, Rejep -Yražap, Remezan — Yramazan, Saparguly — Saparkul we ş.m. adam atlaryna duş gelmek bolýar. — pasyl, wagt bilen bagly dakylan adam atlary: Güýzgeldi — Küzdööbaý, Daňatar -Taňatar we ş.m. Dilçi alymlaryň bellemegine görä, ähli türki diller özleriniň sözlük düzümi, grammatik we fonetik gurluşy boýunça bütin bir kowumdaş diller toparyny düzýär. Şonuň üçin hem türki dillere degişli bolan türkmen, azerbaýjan, özbek, gazak, gyrgyz, başgyrt, tatar, garagalpak ýaly milletleriň leksik birliklerinde, şol sanda olaryň adam atlarynda hem umumylyklar, meňzeşlikler köpdür. Ata GYLYJOW, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň bölüm müdiri. # turkmendili_2018 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |