14:50 Türkmen diliniñ leksikologiýasyna bagyşlanan derňew | |
Türkmen diliniñ leksikologiýasyna bagyşlanan derňew Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň halk hojalygynyň ähli ugurlarynyň, şol sanda ylym we bilim ulgamynyň has-da kämilleşmegine, rowaçlanmagyna, onuň dünýä ülňülerine laýyklykda ösdürilmegine giň ýol açyldy. Şu nukdaýnazardan «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» ýylynda türkmen diliniň dürli meseleleri bilen baglanyşykly derňew işlerini alyp barmaga hem uly üns berilýär. Golaýda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty tarapyndan Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň çap etmeginde Begenç Atanyýazowyň «Türkmen diliniň awçylyk leksikasy» atly monografiýasy neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýaýradyldy. Bu ylmy monografiýada türkmen diliniň awçylyk leksikasyna degişli sözler leksika-tematik toparlara bölünip derňelip, her bir söze etnolingwistik häsiýetnama berlipdir. Kitapda awçylyk leksikasynyň türkmen halk döredijiliginde şöhlelendirilişi hem öz beýanyny tapýar. Ylmy derňewde adalgalaryň we durnukly aňlatmalaryň leksika-semantik aýratynlyklary, söz ýasalyşyň esasy leksika-grammatik görnüşleri öwrenilip, awçylyk leksikasynyň atlandyrylyş ýörelgeleri seljerilipdir. Şeýle hem awçylyk leksikasy bilen baglanyşykly sözlerde gadymy türki we kowumdaş dillerde duş gelýän umumy sözler görkezilipdir. Kitabyň «Giriş» bölüminde hormatly Prezidentimiziň ylmy taglymatlary, ýurdumyzyň ylym ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeler, şeýle hem türkmen leksikologiýa ylmynyň öz ösüşinde diliň hünär leksikasyny öwrenmekde ýeterlik tejribe toplandygy hem-de bu ugurda ýerine ýetirilen ylmy işler dogrusynda gürrüň edilýär. «Türkmen diliniň awçylyk leksikasynyň leksika-semantik toparlary» atly 1-nji bap: Elguşçylyk bilen baglanyşykly leksika; Aw ýaraglary bilen baglanyşykly leksika; Duzakçylyk, gapançylyk bilen baglanyşykly leksika; Awçylyk bilen baglanyşykly kär aňladýan leksika; Awçylyk bilen baglanyşykly söz düzümleri, alkyşlar we nakyllar; Awçylyk bilen baglanyşykly beýleki sözler diýen bölümlere bölünip, dilçilik nukdaýnazardan derňelipdir. Her bölüm öz gezeginde birnäçe kiçi bölümçelere hem bölünip görkezilipdir. Monograflýanyň «Awçylyk leksikasynyň leksika-semantik we ýasalyş aýratynlyklary» atly 2-nji babynda derňewe çekilen leksikanyň köpmanylylyk, omonimiýa, wariantlyk, manydaş sözler, antonimiýa, giponimiýa ýaly meselelerine seredilip geçilipdir. Babyň awçylyk leksikasynyň ýasalyş aýratynlyklary atly bölüminde bolsa morfologik, sintaktik-morfologik, sintaktik, semantik ýol bilen emele gelen birlikler derňewe çekilipdir. Kitabyň «Türkmen diliniň awçylyk leksikasynyň emele geliş çeşmeleri» atly 3-nji babynda derňewe çekilen leksikany türkmen diliniň içki mümkinçilikleriniň hasabyna emele gelen birlikler bilen bir hatarda, gadymy türki sözler, türkmen-mongol, türkmen-arap, türkmen-pars, türkmen-rus dilleri üçin umumy bolan leksik serişdeleriň hem gabat gelýändigi nygtalýar. Türkmen diliniň awçylyk leksikasynyň ýörite öwrenilmeginiň netijesinde kitapda bu ugra degişli baý maglumatlar jemlenip, derňewe çekilen sözler dürli ylmy çeşmelerden ýygnanylypdyr. Toplanan materiallar türkmen diliniň taryhyny we leksikologiýasyny ylmy taýdan öwrenmekde, şeýle hem sözlük düzmek işinde peýdaly çeşme bolup biler. Türkmen diliniň awçylyk leksikasyna bagyşlanan monografiýa dilçi alymlara, mugallymlara, talyplara, awçylyk bilen gyzyklanýan adamlara, şeýle hem okyjylar köpçüligine niýetlenen. Türkmen diliniň söz öwreniş meselesini düýpli öwrenmäge bagyşlanan şeýle kitaplar dil bilimini ösdürmäge oňat ýardam edýär. Ata GYLYJOW, # turkmendili_2018 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |