01:28 Sözi sarpaly alym | |
SÖZI SARPALY ALYM Halkymyz iňňän gadymy döwürlerden bäri ylma, bilime uly sarpa goýup gelýän halklaryň biri. Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň we irginsiz aladalarynyň netijesinde türkmen ylmy ösýär, kämilleşýär. Şonuň bilen birlikde, türkmen diliniň sözlük gory hem baýlaşýar. Şu mynasybetli Garaşsyzlyk ýyllary içinde türkmen diliniň orfoepiýasynda, sözlük düzüminde, grammatikasynda, söz ýasalyşda, dilimiziň dürli stilistik görnüşlerinde türkmen edebi diliniň ösüşi bilen bagly bolan düýpli meselelerini ýörite öwrenen halypa alymlaryň biri-de, dilçi alym Amanmuhammet Geldimyradowdyr. Amanmuhammet Geldimyradow 1942-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda häzirki Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrabynyň Akdaşaýak obasynda dogulýar. A. Geldimyradow 1959-njy ýylda Aşgabat şäherindäki 29-njy orta mekdebi tamamlap, şol ýylyň özünde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň filologiýa fakultetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümine okuwa girýär hem-de uniwersiteti 1964-nji ýylda tapawutlanan diplom bilen tamamlaýar. Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soň bilimi boýunça filolog, türkmen dili we edebiýaty mugallymy hünärini ele alýar. Çagalara bilim we terbiýe bermek höwesi ýaş alymy mekdebiň işiginden eltýär. Ol 1964-nji ýylyň 1-nji sentýabryndan 1966-njy ýylyň noýabryna çenli Aşgabat şäherindäki 37-nji orta mekdepde türkmen dili we edebiýaty mugallymy bolup işleýär. 1966-njy ýylyň noýabryndan 1967-nji ýylyň dekabry aralygynda bolsa harby gullukda bolýar. Harby gullugyny tamamlap gelenden soň, 1967-nji ýylyň 22-nji dekabryndan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň leksikografiýa bölüminde uly laborantyň wezipesinde işläp başlaýar. Ýaş hünärmen söz toplamak, ýygnalan sözleri elipbiý tertibine salmak işi bilen meşgullanýar, sözlük makalalaryny düzmegiň inçe tilsimlerini ele almagyň üstünde zähmet çekýär Dilçi alym 1968-nji ýylyň 24-nji oktýabrynda institutyň Alymlar geňeşiniň mejlisinde kiçi ylmy işgär wezipesine bellenýär we şol ýylyň içinde türkmen dili hünäri boýunça gaýybana aspirantura okuwa girýär. A. Geldimyradow aspiranturada okan döwründe meýilnamalaýyn işleriniň daşyndan, filologiýa ylymlarynyň doktory, professor Bäşim Çaryýarowyň ýolbaşçylygynda «Türkmen dilindäki leksik omonimleri kesgitlemegiň kriterileri» diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasynyň üstünde işleýär. 1974-nji ýylyň iýunynda Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň Dissertasiýalar goralýan ýöriteleşdirilen geňeşinde şol temada taýýarlan kandidatlyk dissertasiýasyny jemagat öňünde goraýar hem-de filologiýa ylymlarynyň kandidaty diýen alymlyk derejesine eýe bolýar. Ylmy işlerde tejribe toplan Amanmuhammet aga 1976-njy ýylyň 1-nji iýunynda uly ylmy işgär wezipesine bellenýär. Türkmen diliniň egsilmez söz baýlygy, olaryň türkmen edebi dilinde ulanylyş aýratynlyklary, türkmen edebi dilini emele getirýän sözleriň dürs aýdylyşynyň we ýazylyşynyň gaýragoýulmasyz derwaýys meseleleri, edebi söz ulanyşda leksik, grammatik kadalaryň berjaý edilişi, diliň we sözleýşiň stilleri ýaly temalar dilçi alymyň dil biliminde önjeýli işlän ugurlary bolýar. Şeýle ylmy derňewleri aýry-aýry bölümler görnüşinde «Türkmen sözleýiş medeniýetiniň oçerkleri» ady bilen neşir edilen ýygyndyda «Diliň we sözleýşiň stilleri» hem-de «Grammatik normalar» ady bilen ýerleşdirilýär. Mundan başga-da, türkmen edebi diliniň möhüm meseleleri gozgalýan makalalary türkmen sözleýiş medeniýetiniň meselelerine bagyşlanan ýygyndylarda, ýurdumyzyň gazet-žurnallarynda çap edilýär. A. Geldimyradow türkmen diliniň orfoepiýasynda, leksik düzüminde, grammatikasynda, söz ýasalyşda, dilimiziň dürli stilistik görnüşlerinde türkmen edebi diliniň ösüşi bilen bagly bolan düýpli meseleleri ýörite öwrenýär. «Türkmen edebi dilinde wariantlaşma» ady bilen «Ylym» neşirýatynda neşir edilen monografiýasyny şeýle ylmy gözlegleriň netijesi hasaplamak bolar. Umuman, edebi diliň çäginde döreýän wariantlaşma meselesini öwrenmek işi edebi dili hasyl edýän serişdeleriň kada laýyk ulanylyşyny kesgitlemek üçin örän wajyp bolup durýar. Wariantlaşýan dil serişdeleriniň, aýratyn-da özbaşdak sözleriň stilistik ulanylyşy taýyndan özara parhlanmasy olaryň diliň sözlük düzüminde ornaşyp galmagyny kesgitleýji hadysa hasaplamak bolar. Alymyň bu ugurda geçiren ylmy-barlaglarynda gelinýän netijeler häzirki zamanyň ösen türkmen edebi diliniň sözlük düzüminiň ösüş ugruny kesgitlemäge, şeýle hem, bu meselede ylmy ýörelgeleri anyklamaga ýardam edýär. Amanmuhammet Geldimyradowyň «Çeper edebiýatyň dili we edebi norma» atly monografiýasynda hem türkmen edebi diliniň çeper eserlerde ulanylyş ýagdaýyna giňişleýin seredilýär. Esasan hem, çeper sözüň üsti bilen estetik hyzmaty ýerine ýetirýän şahyrana hem-de kyssa eserleriniň diliniň özboluşlylygy, onuň edebi gepleşik dili bilen ýakyn aragatnaşykda bolmagý, şeýle-de, ulanylýan dil serişdeleriniň edebi norma gatnaşygy ýaly düýpli meseleler boýunça kesgitli netijelere gelinýär. Türkmen diliniň söz gory bilen iş salyşýan Amanmuhammet aga 1989-njy ýylda Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň Alymlar geňeşinde leksikografiýa bölüminiň müdiri wezipesine bellenýär we 2013-nji ýyla çenli şu wezipede işleýär. 2013-nji ýylyň martynda institutyň sözlükçilik, adalgaşynaslyk we dil medeniýeti bölüminiň esasy ylmy işgäri wezipesine bellenmek bilen, onuň mundan buýanky ylmy-döredijilik işi türkmen diliniň orfoepik, orfografik sözlüklerini, türkmen diliniň okuw sözlügini, hukuk adalgalarynyň sözlügini, şeýle-de, türkmen dilindäki daşary ýurt sözleriniň sözlügini, türkmen dilindäki. leksik omonimleriň sözlügini düzmek bilen baglanyşykly bolýar. Dilçi alym Amanmuhammet Geldimyradow Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň umumy redaksiýasy bilen neşir edilen iki jiltlik «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň» we «Türkmen diliniň orfografik sözlüginiň» hem düzüjileriniň biri. Soňky wagtda meýilnamalaýyn işiniň daşyndan «Türkmen diliniň düşündirişli sözlüginiň» sözlük düzümini çeper eserleriň diliniň, ylmy-tehniki, jemgyýetçilik hasiýetli edebiýatlaryň, dürli hasiýetli okuw kitaplarynyň, gollanmalarynyň diliniň hasabyna baýlaşdyrmagyň, kämilleşdirmegiň üstünde işleýär. Amanmuhammet aga 1999-njy ýylda «Watana bolan söýgüsi üçin» diýen medal bilen sylaglanýar. 2017-nji ýylda hormatly Prezidentimiziň Permany bilen oňa «Türkmenistanyň ylymda we tehnikada at gazanan işgäri» diýen hormatly at dakylýar. Uzak ýaşy arka atan Amanmuhammet aganyň üç ogly, bir gyzy we agtyklary, çowluklary bar. Çagalary ýokary bilimli, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda göreldeli zähmet çekip ýörler. Halkymyzyň bagtyýarlyk döwründe türkmen dil bilimi ylmyna özüniň mynasyp goşandyny goşup ýören halypa ýaş alymlary ylmy işlere gönükdirmekde, olara sözlük düzmegiň inçe tilsimlerini öwretmekde hem özüniň gujur-gaýratyny gaýgyrmaýar. Ol «Miras» teleýaýlymynyň «Ene dilim — eziz dilim» atly gepleşiklerinde ýygy-ýygydan çykyş edýär. «Çar tarapdan» radioýaýlymynyň diňleýjilerini hem ene dilimiziň gyzykly meseleleri bilen häli-şindi tanyşdyryp durýar. Bagtyýarlyk döwrümizde halypa alymyň ýüzlenýän meseleleriniň hemmesi diýen ýaly häzirki zaman türkmen edebi diliniň sözlük düzümini hertaraply öwrenmek, diliň sözlük goruny hasyl edýän ummasyz köpsanly sözleri, söz düzümlerini dürli çeşmelerden toplamak hem-de olary düşündirişli sözlüklere sindirmek, ylmy işleri redaktirlemek bilen baglanyşyklydyr. Ata GYLYJOW, # turkmendili_2018 | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |