19:09 Adamkärçilik Kanuny | |
ADAMKÄRÇILIK KANUNY
Edebi tankyt
Ukrainanyñ Lwýow şäherinden gelýän samolýot Simferefolda az wagtlyk gonanda, ondan düşen ýolagcylaryń arasynda meniñ köne tanşym, Sosialistik Zähmetiñ Gahrymany Täçmyrat Bäşimow hem bar eken. - Truskawesden gelýäris - diýip, ol töweregindäki ýoldaşlaryna göz aýlady. - Biz köplükdiris. Dogrudan-da, kurortdan gelýän ildeşlerimiz köpdi. Marynyñ kolhozçy aýallary, Aşgabadyñ işçileri, garaz dürli kärdäki aýallar bar eken. Garagum kanalynyñ tanymal gurluşykçysy Täçmyrat bolsa putýowka möhleti dolmanka kurortdan gaýtmaly bolupdyr. Ony daşary ýurtlaryñ birine gitmeli delegasiýanyñ hataryna goşupdyrlar. Biz ýazyjymyzyñ aýdyşy ýaly, Krymyñ "owurtlap içip oturmaly" howasyndan dem alyp, eýläk-beýläk gezmeläp ýörkäk, men biziñ jemgyýetimizde zähmet adamsynyñ mertebesiniñ, hatyrasynyñ hakykatdan-da belentdigi barada ýene bir gezek guwanç bilen pikir öwürdim. Mysaly uzakdan gözlemeli däldi. Anyk bir fakt üçin hem başga ýere gitmeli däldi. Täçmyrat Bäşimowyñ kanal gurluşygyna gelşini, onuñ uly gurluşyga siñdiren yhlasyny, ak ýürekli zähmet bilen gazanan at-abraýyny göz öñüne getirmek ýeterlik. Soñky gezek biz onuñ bilen Oba Hojalyk institutynyñ auditoriýasynda duşuşypdyk. Şol gezek institutyñ iki fakultetiniñ studentleri "Garagum kanaly barada nämeler bilýärsiñiz?" diýen temada geçirilýän özara ýaryşyñ emin agzasy hökmünde gatnaşmaga Täçmyrat ikimizi-de çagyrypdylar. Biz adamyñ mertebesi hakynda gürrüñ edenimizde-de, ilki zähmeti göz öñüne getirýäris. Adamy zähmet ýaly beýgeldýän zat ýok. Adama zähmet ýaly lezzet berýän zat hem ýok. Azat zähmet bize hem moral taýdan, hem maddy taýdan goltgy berýär. Meniñ deñ-duşlarym geçen urşuñ agyr ýyllarynyñ ýetginjekleri boldular. Ol, elbetde, aýratyn döwür... Köne döwrüñ talabyna görä, biziñ 16 ýaşdan has bärräkde elimize pil, kätmen, orak ýa-da çopan taýagyny almagymyz bize näme berdi, nähili täsir etdi? Ine beren zady: Biz döwüm çöregiñ gymmatyny ir duýduk. Biz bir baş bugdaýyñ, bir übtük pagtanyñ nähili ýetişdirilýändigini görmek bilen çäklenmän, şol başy, şol übtügi özümiz kemala getirip gördük. Indi obalara çykanymyzda, ýoluñ ýakalarynda ot-çöpe garyşyp ýatan bir übtük pagtany görsek, biz onuñ duşundan biperwaý geçip bilemizok, şäheriñ zibilanalaryna taşlanan mele-myssyk çöregi görsek, ýüregimiz awaýar. Juda ýaşlykdan başlan zähmet ýolumyz bize hemme zada adamkärçilik nukdaý nazaryndan garamagy öwretdi. Bu az zat däl. Özem iñ esasy zat. Bu ýerde zähmetiñ adama berýän zadynyñ juda köp taraplydygyny hem nazarda tutmak gerek. Şolaryñ iñ möhümleriniñ biri ýaş işçiniñ zähmet kolleltiwine höwrükmegidir, gowy göreldä eýerýänligidir, köpçüligiñ bähbidi üçin göreşmäge endik etmegidir. Raýatlyk borjy bolsa hut şu ýerden berjaý edilip başlanýar ahyryn. Adamkärçilik diýen belent düşünjäniñ özüni-de zähmetsiz göz öñüne getirmek mümkin däl. Adamkärçiligiñ özeni halal zähmet bilen ýaşamakdan gelip çykýar. Biz her bir adamyñ adamkärçiligini, şol adamyñ iñ gowy sypatlaryny onuñ işiniñ jemgyýetçilik agramyny ölçeýäris. Konstitusiýanyñ maddalaryny, jümlelerini ýat tutmak kyn iş däl. Kanuny öwrenmek gowy zat. Ýöne her bir kanun gyşarnyksyz durmuşa geçirilmek üçin çykarylýar. Adamzat döräli bäri eşidip gelinýän iki söz bar. Halal hem-de haram. Adamzadyñ göreşip gazanan iñ gowy ruhy gymmatlyklary biziñ türkmen jemgyýetimize ene süýdi ýaly halaldyr. Konstitusiýanyñ altyn setirleri biziñ her birimiziñ kalbymyza guwanç şöhlesini çaýýar. Men muny owadan sözüñ hatyrasyna aýdamok. Emma meniñ kanunda kepillendirilen hukuklarymyz hakynda azrak gürläp, raýatlyk borçlarymyz barada köpräk durup geçesimiz gelýär. Sebäbi hukugymyzy bäş barmagymyz ýaly bilip, borçlarymyzy soña goýsak, bu karam bolýar. Elbetde, durmuşyñ manysy göreş bilen bagly. Şol sanda gerek bolsa, öz hukugyñ üçinem göreşmeli. Emma borçlarymyz welin bizi has çynlakaý göreşmäge çagyrýar. Ondada örän prinsipial göreşmäge çagyrýar. Meniñ pikirimçe, biziñ her birimiziñ başga kişiden talap etmegi endik edinýänçäk, öñürti hut özümizden hasap soramagy öwrenmegimiz gerek. "Magtymguly ilki özüñ düzetgil" - bu sözler bu günem juda täze. Ilki öz-özüñden başlamak gerek. Diñe özüñ halal bolup, özgelerden hem şony talap etmek bolar. Okuwça iki gezek ikiniñ dört bolýandygyny öwretmek kyn däl. Emma şol okuwçy okuwdan gelýärkä, dükana sowlup, dört köpüklik zady dört köpüge satyn alyp bilmese, ol muña juda ýokuş deger. Ol biziñ hemmämize-de ýokuş degmelidir. Biziñ durmuşymyzyñ Baş Kanuny Türkmenistanyñ raýaty diýen belent ady götermäge bizi borçly edýär. Bu kesgitleme nämeleri añladýar? Ähli zadyñ, mysal üçin: "Ogul ene süýdüni haklamaly" diýen düşünjä nähili wezipeler girýän bolsa, ýokardaky kesgitlemä-de şonçarak wezipe girýär. Hemme zat ata Watany söýmekden başlanýar. Söýgide bolsa kän geplenilmeýär. Watanyñ baýdagynyñ öñünde dyz epip, baş egýän esgerleri görenimizde, bizde nähili duýgular peýda bolýar. Kasamyñ sözleri juda gysga. Kasam bir gezek edilýär. Ýöne bir günlük edilenok. Ol kasam biziñ iñ gynmatly zadymyzyñ - ömrümiziñ adyndan edilýär. Biz "Watanyñ saýasy", "Watanyñ gujagy", "Watanyñ sallançagy", "Watanyñ mähri" diýen sözleri köp gaýtalaýarys. Bu ýerde geñ göresi zat ýok. Watany ata-ena meñzetmegimiz hem örän dogry. Diñe bir zady ýatdan çykarmaly däl. Watana hossarlyk gerek. Onda-da nähili hossar! Bir mugallym öz okuwçylaryndan: "Siziñ halaýan käriñiz näme?" diýip sowal beripdir. Biri wraçlygy, biri inženerligi, ýene biri agronomçylygy gowy görýän eken. Bir okuwçy bolsa: "Meniñ halaýan kärim kurortçy bolmak" diýip, jogap beripdir. Biziñ aramyzda kurortçylygy kär edinjek bolýan diñe ýekeje bolsa ne ýagşy! Ýöne muña güwä geçmek kyn... Biz edebiýatçylar, il arasyna çykanymyzda mydama nämedir bir zatlary öwrenjek bolýarys. Mydama gowy zatlary görjek bolýarys, görýärisem. Sebäbi edebiýatyñ ýüzi ideala tarap. Ýazyjy fakt toplamak bilen meşgul bolmaýar. Ol halk durmuşynyñ akymyny yzarlaýar. Durmuşyñ şu günki akymyndan çen tutup, aýdaly, ýene-de on-on bäş ýyldan soñ şol akymyñ nähili boljakdygy barada oýlanýar. Eger tebigat ýazyjy halkyna başga kişileriñkiden nähilidir bir üýtgeşik zat beren bolsa, ol çyn ýazyjynyñ ýüregini simap ýaly duýgurlygy bilen, beýnisine köpräk agramyñ salnanlygydyr. Onuñam üstesine, özüni dünýä beren, ekläp-saklan halkynyñ öñünde ýazyjynyñ diñe dogrusyny aýtmalydygyny hem üstüne goşsañ biziñ işimiziñ ýeñil işleriñ kategoriýasyna girmeýändigi düşnüklidir. Ýazyjy hakykatyñ hatyrasyna gulluk edýär. Ol ýalan sözlese ynanmazlar, okyjynyñ ynamdan gaçmakdan agyr jezany bolsa oýlap tapmak hem kyn. Berdinazar HUDAÝNAZAROW, Türkmenistanyñ Halk Ýazyjysy. | |
|
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |