20:27 Adamzadyñ öz eli bilen ýok eden köli: Aral | |
ADAMZADYÑ ÖZ ELI BILEN ÝOK EDEN KÖLI: ARAL
Publisistika
Aral köli Gazagystanyñ we Özbegistanyñ çäginde ýerleşen hem-de dünýäniñ iñ dört şor suwly kölünden biridir. Pagta meýdanlarynyñ suwarylmagy üçin soñuny saýman suw gorlarynyñ sarp edilmegi Aral kölüniñ guramagyna sebäp bolan bolsa, geçen kyrk ýylyñ dowamynda kölüñ tutýan meýdany on esse azaldy. Gazagystanyñ we Özbegistanyñ çäginde ýerleşen Aral köli Aziýanyñ ikinji, dünýäniñ iñ uly köli. Aradan geçen ýyllarda hasaplanmagyna görä tutýan meýdany 68.000 metr² bolan köl biziñ günlerimizde suwuny 90%-e çenli ýitirip, guramagyñ bäriýanyna geldi. Elbetde, munuñ iñ uly sebäpkäri adamyñ özi. Orta Aziýada ýerleşýän, merjen dänesi hasaplanýan kölüñ guramagy adamzadyñ sebäp bolan iñ uly daşky gurşaw heläkçilikleriniñ biri bolup taryha girer. Kölüñ guramagy ulanyşdan galan gämilerden ybarat aýylganç manzarany orta çykardy Altmyşynjy ýyllarda dürli janly-jandarlaryñ ýaşan, birgiden maşgalanyñ balykçylyk bilen gününi dolamagyna eklenç çeşmesi bolup hyzmat eden Aral köli Garagalpagystan Awtonom Respublikasynyñ paýtagty Nukus şäheri bilen birlikde onlarça portyñ aktiw ýagdaýda bolan we söwda gämileriniñ gelip-gidip duran deltasydy. Indi bolsa çañap ýatan çöle öwrülen suw ýatagynyñ üstünde birmahalky kölüñ gözli şaýatlary bolup poslap ýatan ýolagçy we ýük gämileri bar. Özbegistanyñ soñuny saýman pagta we şaly meýdanlaryny suw bilen üpjün etmeginiñ netijesinde emele gelen betbagtçylyk ýüzlerçe ýyllyk suwuny bize gelip ýetiren köli çañap ýatan çöle öwürdi Aral meýilnamasyz görnüşde ulanyldy we netijede köle Syrderýadan guýýan suwuñ hemmesini we Amyderýadan gelýän suwuñam bir bölegini duruzdy. Ýurt pagta önümçiligini iki esse artdyrdy. Munuñ netijesinde kölüñ guramagy gutulgysyzlyga öwrüldi. BMG-nyñ Ösüş maksatnamasynyñ taýýarlan Aral kölüniñ suw ýitgisiniñ kartasy Aral kölüniñ guramagy diñe suw kynçylygyny döretmek bilen çäklenmedi, guraýan köp daşky gurşaw problemalaryny-da öz ýany bilen alyp geldi. Daşky gurşawlaýyn täsirleriñ ýany bilen klimat üýtgeşmesi pasyllaryñ arasyndaky sazlaşyksyzlyga sebäp boldy. Howanyñ maýyllygy artyp, yzgaryñ derejesi peseldi. Kölüñ özüni çekmegi bilen sebitiñ iñ esasy güzeran çeşmesi bolan balykçylyk soñlandy. Töwereginde ýerleşen ilatly punktlar ýaşaýjylarynyñ başga ýerlere göçmegi bilen bir-birden ýok boldy. • Köli halas ediş komiteti Ýetmişinji ýyllardan bäri Aral kölüniñ guramagynyñ döreden problemasy bütin dünýäniñ ünsüni çekdi. Sebitdäki göçhä-göçlükler barha artdy. Özbegistan, Gazagystan, Gyrgyzystan ýaly ýurtlar problemany orta atyp, Aral kölüni goramak we halas etmek komitetini gurdylar. Araly halas etmek üçin sebit ýurtlarynyñ geçiren ýygnanyşyklarynda birinji tapgyrda Aral fondunyñ gurulmagy meýilleşdirildi we suwuñ derejesini artdyrmak üçin işlere girişildi. Diñe töweregiñ ýurtlary däl, dürli ýerlerden Täze Zelandiýa, Ýaponiýa, Kuweýt, Italiýa ýaly ýurtlaram bu fonda maliýe kömegini etdiler. Aral kölüni Hazar deñzinden geçiriljek çeşmeler arkaly halas edip boljakdygyna garamazdan, gaznasy ummadan aşan meýilnama güýje girizilmedi Gazagystanyñ we Özbegistanyñ Aral kölüne guýýan derýalary öñki ýagdaýyna getirmegi, şeýtmek bilen kölüñ dikeldilmegine ýardam etmegi taýýarlanan habarnamalarda nygtalmagyna garamazdan, bu iki ýurduñ iñ esasy ykdysady çeşmeleri bolan pagtadyr şaly önümçiliginde ulanylýan suw bu derýalardan alynýandygy üçin bu pikiri durmuşa geçirjek bolup jan edenem bolmady. Ýene bir teklibem Aral kölüne 500 km daşlykda ýerleşen Hazar deñziniñ bu ýerik kanal arkaly birikdirilip, suw akymynyñ ýola goýulmagydy. Hazar deñizi suwuñ derejesi gün geçdigisaýy artyp Eýranyñ demirgazygyndaky sebitleri suwuñ astynda goýjak howpy döredýänliginden, üstesine 2020-nji ýyla çenli suwuñ derejesiniñ hasam artmagy bulen ilatly nokatlary suw basmak howpuna eýe deñiz bolanlygyndan Araly halas etmek üçin Hazar deñzini ulanmak pikiri amatly göründi. Emma muny maliýeleşdirmek üçin gerekli pulyñ üpjün edilmezligi bu pikirdenem el çekilmegine getirdi. Aral kölüniñ gün geçdigisaýy guramagy kölüñ daş-töwereginde ýaşaýan adamlara-da ýiti täsirini ýetirdi Kölüñ guramagynyñ öñi alynmansoñ, köle akdyrylan ekerançylyk derman serişdeleri we zäherli himiki maddalar kölüñ ýatagynda galdy. Olaryñ ýel bilen ýokary göterilip, kän ýerlere tozan görnüşinde ýaýyldy. Sebitiñ ýaşaýjylary şular ýaly awuly himikatly howadan dem alýandygy üçin dürli saglyk problemalaryna sezewar boldular. Ösüş kemterligi, çaga dogluşygyñ azalmagy, çaga ölümleri, ýürek we bagyr-öýken keselleri artmak bilen birlikde düwnük keseliniñ täze görnüşleri ýüze çykdy. Biziñ günlerimize çenli dowam eden Aral köli problemasy üçin orta atylan pikirleriñ birem durmuşa geçirilmedi we kölüñ deltasy doly gurady. Balykçylygyñ pagta önümçiligine gurban edilmeginiñ üstünden ýarym asyr geçensoñ guran kölüñ ýetirýän zyýanlaryny ýok etmek maksady bilen sazak agajynyñ ekilmegi meýilleşdirildi. Häzir kölüñ meýdanyndaky ýarym million gektarlyk ýere agaç ekildi. Ýene üç million gektaryñam agaç ekilmegine garaşylýar. Orta Aziýa sährasyna mahsus amarant maşgalasyna degişli gyrymsy we kiçi agaç görnüşinden bolan sazak agajy ýognas göwreli we köp şahaly bolýar. Ýetişen ýagdaýynda on tonna çenli topragy saklap bilýän sazak agajynyñ saýlanyp alynmagynyñ sebäbi bolsa, gury we şor toprakda ösüp bilmegi Aral kölüniñ tokaýlaşdyrma maksatnamasynyñ 150 ýylyñ içinde tamamlanjagy pikir edilýär. Zeýnep KARÇYGA. Anna, 01.09.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |