11:46 Afrikanyñ maşgala döwletleri | |
AFRIKANYÑ MAŞGALA DÖWLETLERI
Publisistika
Özüni imperator diýip yglan eden Merkezi Afrika Respublikasynyñ prezidenti Žan Bedel Bokassa / Surat: AFP ABŞ-nyñ 44-nji we ilkinji garaýagyz prezidenti Barak Obama 2015-nji ýylyñ 28-nji iýulynda Afrika bileleşiginiñ Addis-Abebada geçirilen ýygnanşygynda "afrikaly atanyñ ogludygyny" aýdyp başlaýan nutugynda Afrikanyñ demokratiýada ýeten üstünlikleriniñ kürsüsini elden bermek islemeýän liderler sebäpli howp astyndadygyny aýdypdy. Obama sözüniñ dowamynda (afrikaly liderlere ýüzlenip) toplan şunça baýlyklary bilen pensiýa çykyp, çeken zähmetiniñ hözirini görüp ýaşamagyñ deregine wezipesini başgalara tabşyrmakdan gaça durmalaryna düşünmeýändigini, käte şu tetelli ýolbaşçylaryñ "halky diñe men bir agza bakdyryp bilerin" diýýändigini, aslynda bu ýagdaýyñ muny diýýän ýolbaşçynyñ emelsizliginiñ delilidigini ýañzydypdy. Obama çykyşynda afrikaly liderleriñ kürsä bolan yşkyna ünsi çekendigine garamazdan, mundan has beter zyýanly emele gelmä, ýagny, kagyz ýüzünde "respublika" we "parlamentar demokratiýa" diýilýän birnäçe afrika ýurdunyñ gaýryresmi (bikanun) dinastiýalar tarapyndan dolandyrylýandygynyñ üstünde durup geçmändi. Esasynda, yklymdaky liderleriñ diñe kürsä ýapyşyp ýatmak bilen oñmaýan, häkimiýetiñ özlerinden soñ maşgalasynda saklanyp galmagy üçin gerekli syýasy we ykdysady şertleri taýýarlaýan ýagdaýlary bilen ýüzbe-ýüz bolýarys. Bu ýazgymyzda döwletiñ hususylaşdyrylmagy hökmünde baha berip boljak emele gelmäni, ýagny, Sahara çölüniñ añyrsyndaky Afrika döwletleriniñ birnäçesinde döwletiñ ýeke-täk maşgala we onuñ hyzmatdaşlyk saklaýan gatnaşyklaryna hyzmat eder ýaly ýagdaýa getirilmegini käbir ýurtlaryñ mysalynda seljerip hem-de bu ýagdaýyñ sebäpleri bilen netijeleriniñ üstünde durup geçeris. • Gabon Omar Bongo 1935-nji ýylda ýurduñ gündogaryndaky Lewaý (häzirki ady Bongowill) posýologynda dünýä indi. 1953-nji ýylda Fransiýanyñ Azat Masonlar guramasynyñ agzalygyna giren Bongo fransuz goşunynda we kontrrazwedka gullugunda gulluk etdi. 1960-njy ýylda ýurt Garaşsyzlygyna gowşandan soñ döwlet ýolbaşçysynyñ orunbasary wezipesine bellendi. Dört ýyldan soñ amala aşyrylan döwlet agdarlyşygynda zamuna alynandygyna garamazdan, fransuz desant goşun bölümleriniñ geçiren operasiýasynyñ dowamynda halas edildi we hökümet täzeden düzüldi. 1967-nji ýylda Leon Mbanyñ ölüminiñ yzysüre döwlet ýolbaşçysy boldy we 2009-njy ýylda tä ölýänçä tegelek kyrk iki ýyllap kürsüsini elden bermedi. 1973-nji ýylda kakasy Omar Bongo ýaly musulman dinine giren Ali Bongo 2009-njy ýyldan bäri Gabonyñ ýurt baştutanynyñ ornunda otyr. Gepiñ keltesi, ýurt elli iki ýyl bäri Bongolar maşgalasynyñ elinde. 2015-nji ýylyñ iýulynda täze stadionyñ açylyşyna gatnaşmak üçin Gabona gelen Lionel Messi we döwlet ýolbaşçysy Ali Bongo. Surat: Stiw Jordan-AFP Bongo maşgalasynyñ wagtal-wagtal "dinastiýa" diýip atlandyrylmagynyñ añyrsynda diñe ataly-ogul Bongonyñ däl, eýsem şol bir wagtyñ özünde maşgalanyñ beýleki agzalarynyñam döwletde möhüm wezipeleri eýelemegi-de bar. Mysal üçin, 2016-njy ýyldaky prezident saýlawlarynda onuñ bäsdeşi öz giýewi Jean Ping, Konstitusion suduñ başlygy Marie-Madeleine Mborantsuo bolsa Omar Bongonyñ iki çagaly oýnaşydyr. Şeýle-de, onuñ aýal dogany prezidentiñ geñeşçisi, erkek dogany-da Maliýe ministri wezipesinde otyr. • Ekwator Gwineýasy 1968-nji ýylda Garaşsyzlyk alynan badyna ýurduñ birinji prezidenti we özüni hemişelik prezident diýip yglan eden agasy Francisco Ngemanyñ garşysyna harby döwlet agdarlyşygyny gurnap, häkimiýete gelen Teodoro Obiang Ngema Mbasogo 1979-njy ýyldan bäri tegelek kyrk ýyllap döwlet ýolbaşçysy wezipesinde otyr. Ýagny, ol "iñ uzak wagtlap häkimiýetde oturan lider" unwanynyñ eýesi. Şol bir wagtyñ özünde onuñ "Körpe Teodoro" lakamly ogly Teodoro Ngema Obiang 2012-nji ýyldan bäri prezidentiñ birinji orunbasary we milli howpsuzlyga jogap berýär. Konstitusiýa laýyklykda ata Obiang pensiýa çyksa, birinji orunbasary ýerine geçip bilýär. Onuñ ikinji ogly Gabriel Obiang bolsa Nebit we tebigy baýlyklar ministri. Teodorin Obiang / Surat: AFP 2014-nji ýylda geçirilen “Türkiýe-Afrika hyzmatdaşlygynyñ ikinji ýygnanşygyny geçiren nebite baý Ekwator Gwineýasy dünýäde ýurda girýän girdejiniñ paýlanşynyñ iñ adalatsyz ýurtlarynyñ biri. Ilatynyñ ýarsyna golaýy arassa agyz suwuna mätäçlik çekýär. Dogulýan her bäş çagadan biri bäş ýaşamanka aradan çykýar. Beýleki bir tarapdan ýurduñ prezidenti wezipesine hukuk gazanan Teodorin, ýurduñ bir ýyllyk nebit girdejisiniñ 10%-na barabar jemi 300 million dollary lýuks awtoulaglary we Maýkl Jeksonyñ ýatlamalar kolleksiýasyny satyn almaga harçlap bilýär. Döwlet emlägini öz hasabyna geçirmekde aýyplanyp garşysyna Fransiýada derñew işi açylan Obiangyñ fransuz sudunyñ kabul eden kararynyñ çäginde "ikinji elden" satyn alynan bahasy iñ pesi ýarym million dollardan başlap sekiz million dollara ýetýän lýuks awtoulaglardan 11 sanysynyñ Şweýsariýada elinden alynandygy we geçen sentýabr aýynra auksiona çykarlyp satylandygy habar beriş serişdeleriniñ diline düşüpdi. • Kongo Demokratik Respublikasy (Kongo-Kinşasa) 1965-1997-nji ýyllar aralygynda 32 ýyl dowam eden Mobutu hökmürowanlygynyñ döwründe "gozgalañçy lider" Laurent Kabila goñşy ýurtlar Ruandanyñ, Ugandanyñ we Angolanyñ goldawy bilen 1997-nji ýylda paýtagt Kinşasany ele geçirip, döwlet baştutany boldy. Graždanlyk urşunda özüni goldan ýaranlary bilen arasyna tow düşmeginiñ yzysüre 2001-nji ýylyñ 16-njy ýanwarynda ýakyn goragçysy tarapyndan janyna kast edildi. Josef Kabila / Surat Reuters-Kenny Katombe Kabilanyñ ölüminden soñ onuñ ogly Žozef Kabila döwlet ýolbaşçysy diýip yglan edildi. Ž.Kabila karýerasyna ýönekeý ofiser bolup başlanam bolsa, kakasynyñ dört ýyllyk häkimiýeti döwründe goşun generallygyna çenli ulaldylyp, ýurt ýolbaşçysynyñ mirasdüşerligine taýýarlanypdy. 18 ýyllap ýurdy dolandyran Ž.Kabila diñe iki gezek prezident saýlanma düzgüniniñ bardygy sebäpli, 2019-njy ýylyñ saýlawlaryna kandidaturasyny goýmady, emma ýerini sesleriñ bary-ýogy 25%-ni alandygy çak edilýän Feliks Çisekedä tabşyryp, özi tutynyñ añyrsyndan ýurdy dolandyrmaga başlady. Şonuñ üçin Çisekedä "Kabilanyñ Medwedýewi" hem diýilýär. • Keniýa Keniýada häzirem döwlet ýolbaşçysy wezipesinde oturan Uhuru Kenýatta garaşsyzlyk alynandan soñ ýurduñ prezidenti bolan Jomo Kenýattanyñ ogludyr. J.Kenýattanyñ gozgalmaýan emläk, bank işleri, ätiýaçlandyryş, oba hojalyk we turizm pudaklaryna goýan maýa "goýumlarynyñ" saýasynda U.Kenýatta ýurduñ iñ baý adamydyr. Onuñ mediýa pudagyna goýan maýa goýumlary syýasy güýji bilen birlikde ykdysady güýjüniñ möhletini uzaldýar. Uhuru Kenýatta Simon Maina AFP Ýokarda üç anyk mysaly görkezilen döwletiñ hususylaşdyrylmagy faktynyñ arasynda nýuanslarlar bolmak bilen bir hatarda birnäçe Afrika ýurdunda ýüze çykyp dur. Kadadan çykmalar ýaşyryn saklanansoñ, hemmesiniñ umumy syýasy bähbidi, birinji nesliñ onlarça ýyllap häkimiýet başyny saklap oturmagy, öz ýerlerine geçirjek ikinji nesli möhüm wezipelere getirmegi, aradan geçen wagtyñ dowamynda ýurduñ ykdysady çeşmeleriniñ gözegçilik astyna alynmagy we talanmagy olarak görülüyor. Çeşme: UNDP, Transparency International, Economist (2017) Ýokarky grafigiñizde-de görşüñiz ýaly, maşgala döwletleri global indekslerde iñ yzdaky orunlary eýeleýär. Kemçiliklidigine garamazdan, hereket edýän demokratiýasy bolan Botswanada bolsa yönetişime ilişkin konularda dünya genelinde üst sıraları zorlayabiliyor. • Daşardan berilýän goldaw beleñ berýär, gorky içine ýapýar Özüni döwletiñ hojaýyny ýaly görmek düşünjesi kolonial döwürden öñki Afrikadaky awtoritarlygyñ düýp häsiýetinden gelip çykýar. “Patrimonial” diýlip at berilen awtoritar terzde döwrebap manysyny heniz alyp ýetişmedigem bolsa, döwlet dolandyryşynyñ töwereginde jemlenýär we onuñ şahsy baýlygy ýaly görülýär. Häkimiýet tradision görnüşde kesgitlenen formalarda çalyşýardy, dolandyryş işlerini alyp baran adamlaryñ döwlet ýolbaşçysy bilen gatnaşyklaryny jemgyýetçilik hyzmatynyñ şahsy däl hili däl-de, lidere ýapjalyk edip oñaryşy kesgitleýärdi. Iñ möhüm wezipelere birkemsiz ýapjalyk etjegine kepil geçilenler bellenýärdi, özem şeýle ýagdaýda belli karara maşgala agzalaryndan biriniñ pikiri boýunça gelinýärdi. Özbaşdak döwletleriñ ýüze cykyp ugran wagtyna çenli dünýäniñ başga ýerlerinde-de köp duş gelinen dolandyryşyñ awtoritar formasy Afrikada kolonial güýçler tarapyndan orta atylan “gytaklaýyn dolandyryş” garaýşy çarçuwasynda-da goraldy. Ýagny, jemgyýetiñ dowam edip gelýän liderleri postlarynda galdyrylýar, emma kolonial dolandyryşyñ talaplaryny berjaý etmegine garaşylýar. Tersine hereket etjek bolsa, ornundan agdarylýar we ýerine täze lider (şef) bellenýärdi. Aýratynam, kolonial dolandyryşlaryñ kanunlar bilen kesgitlenen rasional döwlet dolandyryşyny gurmak ýaly maksadynyñ bolmazlygy lider indeksli tradision hökmürowanlygyñ ömrüni dowam etdirmegine ýol açýar. Beýleki bir tarapdan, garaşsyzlyk ugrundaky göreşleriñ belli bir şahslaryñ karizmatik şahslarynyñ töwereginde şekillenmegi bu şahslaryñ garaşsyzlykdan soñ "ýeke-täk adam" režimlerine öwrülmegine getirdi. Şol döwürüñ "Sowuk uruş" şertlerinde her bir blok ýaranlyk gatnaşygyny guran Afrika ýurtlatyndaky antidemokratik hökümetlere we olaryñ eden-etdiliklerine göz ýumdy. Hasam beteri, olara syýasy we ykdysady taýdan goldaw berip, "ýeke-täk adam" hökmürowanlyklarynyñ döwleti we býurokratiýany öz şahsy bähbitleriniñ töwereginde jemlenmegine mümkinçilik döretdi. Şeýle şertlerdäki käbir hökmürowan afrika režimleri totalitarlyga tarap gyşardy. Bütin bu zatlar bolup durka, korrupsiýa we eden-etdilikler liderleriñ özlerini, maşgalalaryny hem-de ýakyn töweregini goragyny güýçlendirmek motiwasiýasyna itergi berdi. Munuñ üçinem ölenlerinde ýerlerini iñ ynamdar adamlarynyñ, ýagny, öz maşgalasyndan biriniñ almagy üçin gerekli insfrakturany gurmak netijesini emele getirdi. Tersine bolanda, Angolada bolşy ýaly häkimiýet partiýasynyñ içinde bolup geçen "nobat çalşygynyñ" garyşyk portugal-angola milletinden emele gelen ýolbaşçy kliginiñ içinde bolmak bilen bir hatarda öñki prezident dos Santosyñ kyrk ýylda guran maşgala döwletini dem salymda ýer bilen ýegsan edip bilýändigi görüldi. Ýogsam bolmasa dos Santos rus aýalyndan bolan gyzy Izabellany öz ýerine taýynlap otyrdy. Dos Santos munuñ bilen baglanyşyklylykda gyzy Izabellany Afrikanyñ iñ uly ikinji nebit öndüriji döwlet firmasy "Sonangol"-yñ ýolbaşçy düzüminiñ başlygy wezipesine, ogly Žoze Filomenony-da ýurduñ suwerenny fondunyñ başlygy wezipesine belläpdi. Häzirki wagtda dos Santosyñ özi Ispaniýada, gyzy Portugaliýada meýletin sürgünde, 1,5 milliardlyk korrupsiýada aýyplanýan oglunyñ bolsa garşysyna Angolada derñew işi gozgaldy. Dos Santos (çepde) 23.08.2017-nji ýylda geçirilen saýlawlaryñ yzysüre oruntutary João Lourenço bilen / Surat: Marco Longari - AFP • Kösenjini hemişe halk çekýär Awtoritar-totalitar afrika režimleriniñ dolandyrýan döwleti maşgala firmasyna öwrülmek bilen bir hatarda; bilim, saglygy goraýyş, insfraktura, zähmet gatnaşyklary we howpsuzlyk ýaly jemgyýetçilik hyzmatlary üçin harçlanmaly serişdeler liderler we olaryñ maşgala agzalary tarapyndan Günbatar ýurtlarynyñ paýtagtlaryndaky gozgalmaýan emläklere (jaýlar, willalar, oteller we ş.m.), offshore firmalara, lýuks sarp edijilikli önümlere akdyrylýar. Döwlet apparatyny saklap duran maşgala we onuñ ýaranlary baýlaşýan bolsa, halkyñ agramly bölegi bolsa barha garyplaşýar. Şeýle hem edeniñi edip gezmek - jezasyzlyk medeniýeti korrupsiýanyñ hemme ugurda giñden ýaýramagyna we "gämisini sürýän kapitan" garaýşynyñ ornaşmagyna sebäp bolýar. Şunuñ bilen baglanyşyklylykda tanyş-bilişe esaslanýan gatnaşyklar ykdysadyýetiñ işleýşini bozýar, işsizligi artdyrýar, içerki howpsuzlyk meselelerini ýüze çykarýar. Garyp gatlak bikanun göçhä-göçlüge ýönelýär, aglabasy orta synpa degişli bilimli we kämillik ýaşyna ýeten oglan-gyzlar daşary ýurda göçýär. Aýratynam, dygysyz daşary ýurda çykýan kapital we adam çeşmesi korrupsiýanyñ, garyplygyñ we yzagalaklygyñ çarhynyñ üstüni ýetirýän faktora öwrülýär. Netijede, 1643-nji ýyldan 1715-nji ýyla çenli 72 ýyllap Fransiýany dolandyran korol Lui XIV ýaly "döwlet meniñki" diýjek derejede döwleti hususylaşdyran afrikaly liderleriñ öz halklaryna we durnuklylyga has köp zeper ýetirmezligi üçin halkara jemgyýetçiligiñ ýazgarmagy gerek. Iñ bolmanda dil ujundanam bolsa hemmeleriñ ylalaşýan "seniñ terroristiñ, meniñ terroristim” garaýşynyñ ýalñyşlygy we munuñ howpuna meñzeş görnüşde “seniñ diktatoryñ, meniñ diktatorym” çemeleşmesindenem el çekmegiñ wagty bireýýäm geldi, geçibem gitdi. Ýusuf KENAN KÜÇÜK, Afrikany öwreniji. ykenan.kucuk@gmail.com 01.12.2019 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |