08:33 Aga Berdiýew | |
AGA BERDIÝEW
Söhbetdeşlik
Söhbetdeşimiz Baýram Berdiýew – M.Gorkiý adyndaky TDU‑nyň matematika fakultetiniň starşiý mugallymy. Käri mugallymçylyk. Ol indi ýarym asyrdan bäri şu kärde işleýär. Onuň okadan okuwçylaryna respublikamyzyň gaýry ýurtlarynyň dürli künjeklerinde gabat gelse bolýar. Onuň okadan studentleriniň bir topary ylymlaryň kandidatlary, doktorlary. Bir näçesi professorlyga, akademiklige ýetişdiler. Olaryň hemmesi Baýram Berdiýewiçe «Ýoldaş mugallym» diýip ýüzlenýärdiler. Ýetmiş dört ýaşly Baýram Berdiýewiç biziň bu gezekki söhbedimiz onuň geçen ömür ýoly hakda. Has takygy, söhbet onuň doganoglany, türkmen razwedkaçysy Aga Berdiýew hakda. Onuň ömür menzilleri hakda. Onda näme, söhbedimize başlalyň! * * * – Atamyza Suhanberdi diýýäler. Oň uly oglyna Eýeberdi, kiçisine-de Ulugberdi diýýäler. Men Ulugberdiniň ogly, Aga-da Eýeberdiň ogly. Ikimiz doganoglan, özümi bilelim bäri Aga bilen bile boldum. Ýigriminji ýyllaryň ortalarynda köne dini mekdebe-de bile gatnadyk… Olar Aşgabat obasynda Ýaýlym mollanyň elinde dini mekdepde okaýarlar. 1927-nji ýylda bolsa täze sowet mekdebine gatnap başlapdyrlar. Aga Berdiýew eýýam şo wagtlar molla bolup ýetişipdir. Soň ol rabfaga okuwa girip, ony otuzynjy ýyllarda gutarýar. Aga Berdiýew 1932-nji ýylda Ýaroslawl şäherindäki pedagogik institutynyň fizika-matimatika fakultetine okuwa girýär. Baýramyň ejesi ir ýogalýar, dördünji klasda okap ýörkä-de kakasy ýogalýar. Şoň üçinem ol otly ýoluna işe girýär. 1932-nji ýylyň fewralynda Aga Ýaroslawdan kanikula gelende Baýrama «Sen okuwyňy dowam etdirmeseň bolmaz» diýýär. Köp gezek düşündirýär. Baýramy özi bilen bilelikde Ýaroslawlda okuwa äkidýär. Pedrabfakda okap, onam otuz edinji ýylda gutaryp, Aşgabada gelýär. Ýaroslawlda okaýarkak. Aga maňa häli-şindi nesihat berýärdi. Etika, estetika barada öwredýärdi. Özüňi nähili alyp barmalydygyny düşündirýärdi. Bir waka ýadyma düşýär. Bile köçeden barýarkak, men eýläk-beýläk seredäýipdirin weli, «Näme ýalt-ýult edip ýörsüň, gözüň gyýtagy bilen seret» diýip, käýedi. Ýene bir gezek, köçeden barýarkak, birden men kellämi gaşapdyryn. Şonda ol «Hepdede belli bir günde, belli bir sagatda ikimiz hammama gidýäs, ýatakhanada ýyly suw bar. Ertirine, agşamyna ýuwnup ýatýas. Köçede barýarkaň, meni masgara etdiň» diýip, ýene käýedi. Şo zatlar hiç wagt ýadymdan çykjak däl. «Eger biri pylan ýer nirede?» diýip sorasa, «Barmagyňy yzadyp görkezme» diýip, düşündirýärdi. «Barmagyňy uzadyp görkezeniň bilen o jaýy barybir görnenok. «Soralan ýer pylan zadyň sagynda ýa-da çepinde diýip, salgy ber» diýýärdi. Ýaroslawlda okaýan döwrümizde rabfakda okaýan okuwçylara 45 manat stipendiýa berilýardi. Şonuň 15 manadyny birinji ýarymynda, 18 manadyny ikinji ýarymynda berýärdiler. Galan 12 manadyny ýatak jaý üçin alyp galýardylar. Bir mysal getireýin: şo döwürde gara çöregiň kilosy 1 manat 10 köpükdi. Stipendiýa 800 gram çörekden başga zada ýetmeýärdi. Egin-eşigimiz ýog-a. Sowuk. Kanikula gelmäge-de ýol puly tapman, diňe gutaramdan soň gaýdyp geldim. – Soň Ýaroslawlda gidip, okan, ýaşan ýerleriňize aýlanyp gaýtmak miýessler etdimi? – Elli ýyl geçenden soň gyzym bilen agtygymy alyp, Ýaroslawla, okan ýerimizi görmek üçin gitdim. Okan ýerlerimize, ýatak jaýymyza aýlandym. Segsen ýedinji ýylda. Hemmesi öňki durşyna. Wolga bilen Kotowis derýasynyň aralygynda okuw jaýymyz ýerleşýärdi. Ýatak jaýymyz bolsa Respublikan köçesiniň 108-nji jaýynda ýerleşýärdi. Häzirem Respublikan, 108. Agaňky Respublikan, 53-di. Üç-dört gat jaýlar. Agaň ýatam otagyna çagalary aýlap görkezdim. Ýöne birküç ýyl bäri ol edara jaýyna öwrülipdir. «ine şu otagda Aga ýaşaýardy» diýip, gyzyma-da, agtygyma-da görkezdim. – Aga Berdiýew bilen bile Ýaroslawla gidenleriň arasynda kimler bardy? – Aga bilen Ýaroslawla gidenlerden 10-12 oglan bardy. Olaryň köpüsi gaýdyp geldi. 32-nji ýylda gidenlerden diňe Aga okuwyny gutardy, soňky ýyl himiýa fakultetine Anna Gylyjow diýip bir ýigit gitdi. Oňa Nod Gylyjow hem diýýädik o pahyr häzir ýok. Daşhowuzda peduçilişäň direktory, soň oblast halk magaryf bölüminiň müdiri bolup işledi. Ondan başga-da Bäşim Rahmanow diýip, bir ýigit bardy. Häzir Aşgabatda ýaşaýar. Pensiýada. Dosent, matematik Muhammet Myradow. Soň akademik bolup ýetişen Aga Garryýew, öňki pedinistitutyň mugallymy Halyk Işanow we beýlekiler Aga bilen Ýaroslawda az salym okap, Aşgabada gaýtdylar. Rabfaga meň bilen okuwa gidenlerden Gazanjykdan Muhammet diýip, bir oglan bardy. Daşhowuzdan biri bardy. Olaryň hemmesi okuwyny taşlap, başga şäherlerde okadylar. Olaryň soňky ykbaly maňa belli däl. Şo rabfagy gutaranlardan azerbaýjan ýigidi Guly Mämmedow bilen men boldum. - Eşidişime görä, siz rabfaga okuwa gitmäkäňiz Aşgabat internatynda hem okan ekeniňiz. – Puşkin köçesiniň 17-nji jaýynda Ilbaýew adyndaky internat ýerleşýärdi. Kompozitor Aşyr Kulyýew, hudožnik Ýakup Annarurow dagy bile şol internatda bolduk. Bir grupbada okadyk. Aman Kekilow, Çary Aşyrow dagy öňräk boldular. Terbiýe berlişi gowudy. Mugallymlar hemişe çagalaryň arasyndady. Berdi Soltannyýazow okadýardy, direktorymyza Stepanenko diýýardiler. Eýeberdiň iki ogly, üç gyzy bardy, ulusy Aga, kiçisi Kakaly-häzirem bar, ministr bolup işledi. Gyzlardan ikisi ýer yrananda ýogaldy. Iň kiçisi Ene, häzir Aşgabatda ýaşaýar. Ulugberdiň iki ogly, bir gyzy bardy. Ata Ulugberdi menden on bir ýaş kiçi. Ejem ýogalanda kakam öýlendi. Ata bilen Gözel şondan bolan. Ir wagt Agaň kakaçyna-da, bize-de azar berenleri çala ýadyma düşýär. Agaň kakasy kolhoz başlygydy. Işinden boşatdylar. Aga «Gelniňi okuwa bereňok. Molla sen» diýip, komsomoldan çykardylarmy ýa-da käýinç berdilermi, oňly ýadyma düşenok, ýöne azar berýändiklerini bilýän. Şo ýyllar agyr boldy. - Ýaroslawly gutaryp geleňizden soň nirede işlediňiz? - Otuz ýedinji ýylda Ýaroslawly gutaryp, Aşgabat pedinstitutyna okuwa girdim. Aga-da otuz altynjy ýylda gutaryp, Aşgabada otly boýunyň tehikumynda, kooperatiw tehnikumynda, maliýe-ykdysady tehnikumynda işe başlady. Ýöne esasan işlän ýeri söwda-kooperatiw tehnikumydy. Uruş başlaýan döwründe, soňam şo tehnikumda direktordy. Aga Berdiýew ýer yranmasynda wepat bolýar. Onuň nähili ýagdaýda heläk bolşy ýadyňyzdamy? 5-nji oktýabrda pedinstitut boýunça komsomol ýygnagy geçýän ekeni. Gije 12-den işlände ol «Bir çen boldy. Ýygnagy ertire geçireliň» diýip, gaýdypdyr. Aga şo wagt pedinstitutyň direktorynyň orunbasary bolup işleýärdi. Ýaşaýan ýerimizem häzirki demir ýoldan gaýrada ýerleşýärdi. Woroşilow kolhozy diýýärdiler. Men şäherdedim. Sagat 2-den 15 minut işlände ýer yrandy, öýe barsam, hemme zat ýykylypdyr. Gumiň aşagynda ses gelýän ýerlerde kömek etjek bolýardyk. El ýüzüräklerindäkileri halas edýärdik. Beýleki tanyş-biliş, garyndaşlary halas etdik. Maňa garaşyşlary ýaly Aga-da garaşypdyrlar. «Baýram-a geldi. Aga-da geler-dä» diýip ertire çenli garaşdyk. Gelmedi. Ýykylan jaýyň ähli gumuny aýyrdyk. Aga ähli maşgalasy blen ýeriň aşagynda galan eken. Aýaly, ogly birtopar adamyny bir adam, iki adam bolup purguna ýükläp, jaýlamaga äkitmeli boldy. Purgunam ýetenok. Şoň üçinem biz Agany hem-de aýalyny we ogluny, aýal doganymyz Nursadaby bir ogly, bir gyzy bilen jaýlamaga äkitdik. Häzirki kanal geçýän ýerde. Kanalyň aňyry ýüzi. Häzir o ýerleri suw aldy. Çökdi. Oglim Bally, gije, «Üşeýän» diýende men daşarda çöpleme çöpläp, ot ýakdym. Oduň yşygyna iki sany çaga el tutuşyp geldi, men birhili boldum. Görsem, ýykylan jaýyň deşiginden ot gördük diýip Nursadabyň iki gyzy gelen eken. Häzir biri Aşgabatda ýaşaýar, beýlekisi Baýramalyda. Gahryman ene, Agaň öňki aýalyndan bir ogly bardy. Heniz çagaka operasiýa edilende ýogaldy. Ejesem köp wagt geçmänkä aradan çykdy. Soň ol rus gyzyna öýlendi. Aga 40 ýaşynda ýogaldy. – Baýram Berdiýewiç, Siz Beýik Watançylyk urşuna-da gatnaşypsyňyz! - Men Agadan öň gitdim urşa. Institutda ýygnak boldy. Meýletin gitdik. Daşkentde uçilişede okadyk. Ýaraman gospitalda ýatdym. Yzyma gaýtmaly boldy. Gelemde Aga bardy. Agany fronta özüm ugratdym. Gözümiň öňünde ýekeje özüniň ýolagçy otlusyna müneni. Hoşlaşanymy bilýän. 42-iň ýazydy ýa güýzüdi. Köp wagt geçmänkä- de menem fronta gitdim. Frontdan kyrk bäşinji ýylyň on altynjy noýabrynda gaýdyp geldim. Şonda Aga eýýäm öýde eken. Maýda gelipdir. Frontda hat-petek alşylmady. Soň seredip otursam, ol duşmanyň tylyna iberilen eken. Uruşdan soň köşüli biri, ady ýadymda däl, Aga Berdiýewiň dönükdigi hakdaky habar ýaýratdy. Ol muny özüniň front gazetinde okandygyny aýdypdyr. Bu bizi başda gaty gynandyrdy. – Aga Berdiýew işiniň daşyndan haýsy zada aýratyn gyzygýardy? – Ölemen awçydy. Guma giderdik. O ýyllar 46-47, 48-de aw köpdi bulut ýaly bolup gylfuýruk geçýär. Bezbeltek, guş kän. Düýeli änewiň gaýrasyndaky guma gidip, şo taýda ýatýardyk. Käwagtlar ilerik, dagyň etegine gidýärdik. Aýtjak bolýan zadym, gije ikibaş oduň başynda otyrkagam, Aga razwedkada işlänligini bir gezegem duýdurmady. Ýöne bir zat ýadyma düşýär. Ilmyrat Rejebow diýip, bir dostumyz bardy. Uniwersitetde fizikadan okadýardy. Dosentdi. Öz garyndaşlarymyzdan professor Öwlüýä Kulyýew üýşüp, Agalaň öýünde otyrdyk. Hemmämiz, aýal doganlarymyza çenli bir howludaýaşaýardyk. Şumat şo köçä Donskoý pereulok diýilýär. Tunelden geçip, sag tarapyň öwrülende iki ýüz metrlikde. Şonda men «Uruş ýyllary gaty agyr ýagdaýlara düşdük» diýip, birhilli zeýrençli aýtdym. Aňyrdan gelen Aga «Başga nähilli kynçylyklar başyňa düşdi?» diýdi. Men eýýäm ol aňyrdan gelýärkä, gözüniň gyýtagy bilen seredenden käýejekdigini aňdym. Men onuň hereketinden, seredişinden, näme diýjegini aňýardym. Gelibem «Hany, dowam et gürrüňiňi» diýende «Ýok-la, ýok-la» diýdim. Soňam ol «Aýagyň başam barmagynyň dyrnagynyň düýbünden tokly iňňe goýberdilermi?» diýdi. Şonda men bir hilli boldum. «Onuň başyna gaty agyr ýagdaýlar düşüpdir-ow» diýip, çakladym. Duşmanyň tylandaka ony tok goýberibem gepletjek bolupdyrlar. Oňa şeýle düşünmeli bolýar. Uruş barada hiç haçan gürrüň etmedi. – Aga bilen duşmanyň tylynda hereket eden adamlara duşan-a dälsiňiz-dä? - 1952-1953-nji ýylda Moskwa uniwersitetinde hünäri kämilleşdiriş fakultetinde bir ýyl okadym. Şonda Agaň beýlede işlän ýoldaşlaryndan biri bar eken. Olar razwedçik bolansoňlar, elbetde, gözüňe seredenden duýýan bolmaga çemeli. Onuň bilen bile ýaşadyk. Ýewgeniý Aleksandrowiç Pankow, professor. Şo wagty Wladimirde matematika fakultetiniň dekany bolup işleýän ekeni. Soň Uzak Gündogarda işledi. Ine, şol adam maňa türkmenlerden Agany tanaýandygyny aýtdy. Özem Saşa diýip gepleýär. Agaň insi Kakaly Aşgabatdan bardy welin, ony görüp «Indi men ynanýan doganlygyňyza. Sebäbi Kakaly Aga gaty meňzeş» diýdi. Başdan geçiren käbir wakalaryny gürrüň berdi. «Aga meniň janymy halas etdi. Ony ýatdan çykarmaň» diýdi. Bu waka şeýle boupdyr. Nemesler eşelon bilen güýçli ýarag ugradypdyrlar. Onuň aýdyşyna görä, olar Merkezden «Şo eşelony her zat etmeli welin, bärik goýbermeli däl» diýen buýruk alýarlar. Eşelony ýolda partlatmaly. Şo buýrugy Aga bilen ýerine ýetirenlerinde, nemesler bulary awtomat, artilleriýa okuna tutupdyrlar. Köp adam heläk bolupdyr. Aga oňa «Men nemesleri saklaryn, sen gaç» diýýär. Aga duşmany awtomat bilen saklapdyr. Soňky wagtlara çenli Kakaly Ýewgeniý Aleksandrowiç bilen hat alyşýardy. – Siz gürrüňiňiziň bir ýerinde kakaňyzyň adynyň Ulugberdidigini, Agaň hem kakasynyň adynyň Eýeberdidigini aýtdyňyz. Göterýän familiýaňyz hem Berdiýew … – Ýaroslawlda okan döwrümde-de familiýam Ulugberdiýewdi. Ýöne, sprawka zat alanda, bir gezek Lukberdiýew diýip ýazýarlar. Onsoň Aga «Meňem familiýam Eýeberdiýew ahyryn, ynha Berdiýew boldum, senem Berdiýew diýseň boljak» diýipdi. Menem pasport alamda Berdiýew diýip ýazdyrdym. Bu taýda ullakan bir gizlin saklanýan zat ýokmukan diýýädim weli, durmuş-durmyş-da. Ellidördünji ýylda Aşgbatda açylan pedinstituta işe geçirjek bolanlarynda «Geçmişiňi gizläp saklajak bolýaň, familiýaňam öwürdipsiň» diýip, azar berjek boldular. Adamyň başyndan köp zar geçýär. Käbir adamyň ýoly gaty agyr bolýar. Ýeňil ýollary geçen adamlar bilen gürleşmegem kyn, olara bir zat düşündirmegem kyn. Düşünişjek bolsaňam, olar şo öz diýenlerini tutup dur, nähak bolsa-da. Emma kynçylyk gören adam bilen derrew düşünişip bolýar. – Aşgabat pedinstituty açyldy diýdiňiz weli… – Hawa, hawa, Aşgabat pedinstitutyty elli dördünji ýylda açylyp uzaklaşmanam ýapyldy. Bary-ýogy bir ýyl işledi. Oň ýaly zatlaram gördük. – Öwlüýä Kulyýew diýip, agazadyňyz weli, ol professor Öwlüýä Kulyýew-hä däldir-dä? – Maňa iň golaý Aga bilen Kakaly. Garyndaşlarymyzdan professor Öwlüýä Kulyýewleriň maşgalalary, Öwlüýä Kulyýewiň kakasyny bilemok. Ir wagt ýogalypdyr. Kakasynyň doganlaryndan Tätän diýip, biri bardy. Tätän baý hem diýýärdiler. Ony otuz ikinji ýylda kulak diýip, Gazagystana sürgün etdiler. Ýigrimi ýyldan soň Aşgabada geldi. Öwlüýä Aga bilen Aşgabatdaky rabfagy bir ýylda gitardy. Şo ýyllar Öwlüýä azar berýändiklerini bilýän. «Kakaň dogany baý bolupdyr. Senem baýyň guýrugy» diýip, azar berýärdiler. Rabfakdan soň ol Moskwanyň pedinstitutyny gutardy. Otuz sekizinji ýylda. Soň ol fronta gitdi. Ýapon urşuna gatnaşdy. Kandidat boldy. Moskwada doktoranturany gutardy. Zähmet söýerdi. Köp okaýardy. Ýöne, soňky ýyllarda nähilidir bir sebäbe görä partiýadan öçürildi, ylmy derejelerinden aýryldy. Ep-esli ýyl geçenden soň akademiýada işledi. Segsen edinji ýylda hem ýogaldy. Ol Agadan kiçiräkdi. 2-3 ýaş kiçidi. Işden boşa, dylanda Öwlüýä Kulyýew taryh institutynyň direktory bolup işleýärdi. Ol işden boşadylyp, arhiwde 100 manada işledi. Onuň hakyky ady Babady. Bolmalysy Baba Öwlüýäkulyýew. Moskwada okan döwründe rus dilinde Baba sözi başga – aýal diýen manyny bereni üçin familiýasyny ikä böläýipdir. Kakaly diýip ogly bardy. Geologiýa-mineralogiýa ylymlarynyň kandidaty. Ýogalanyna on ýyl dagy boldy. Uly ogly Annamuhammet Kulyýew ylymlaryň kandidaty. Geologiýa institutynda işleýär. Ýazmuhammet Kiýewi tamamlady. Öwlüýä Kulyýewe ömrüniň ahyrynda professor, ylymlaryň doktory ady gaýtarylyp berildi. Ol partiýa dikeldildi. – Günäsi näme? – Günä diýip, günä-de ýok-la. Ol bir gezek akademiýaň prezidentiniň öýünde otyrka, respublikanyň ýolbaşçysy hakda öz pikirini aýdypdyr. Sowady ýabygorlurak diýen manyda gürrüň edipdir. Bassyr-ýussury bolmazdy pahyryň. Dogry sözlüdi. Bi altmyşynjy ýyllaryň başlarynda bolupdy. Soň oň aýdany dogram bolup çykdy-la. – Aga Berdiýewli gürrüňe dolanaýalyň. Onuň dost-ýarlary kimlerdi? – Onuň bir dosty matematik Sary Ýunusowdy. Uçipedgizde (okuw-pedagogik neşirýat) işleýärdi. Uniwersitetiň mugallymy Hojaberdi Hanow bilen gowy görüşýärdi. Olam pahyr boldy. Geldi Annaýew – matematik, ýer yrananda ýogaldy. Rejep Nazarow – artist. – Birki agyz öz maşgalaňyz hakda-da aýdaýsaňyz? – Iki gyzym, bir oglum bar. Oglum Bally Türkmenistan Agropromynyň partkomynyň sekretary. Uly gyzym Jemal Moskwada ýaşaýar. SSSR Halk magaryfy baradaky döwlet komitetiniň birinji bölüminiň başlygy bolup işleýär. Kiçi gyzym biziň bilen bile ýaşaýar. Aýalymyň golaýda altmyş ýaşyny belledik. – Baýram Berdiýewiç, beren gürrüňiz üçin köp sag boluň. Ömrüňiz uzak bolsun! – Size-de şony arzuw edýän! 1989 ý. Dekabr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |