22:09 "Äh-eý..." | |
„ÄH-EÝ...“
Goşgular
Äh-eý, Hasan, eşidýäňmi, dursana, Halyny soraly baryp Baratyň. Ýadyňa düşýärmi, heniz oglankaň, Halasgäriň çölde ýalňyz halatyň?! Äh-eý, Hasan, nirä barýaň alňasap, Maşynyňy saklasana azajyk. Ýaramandyr, hassahana düşüpdir, Goňşyň ogly alty ýaşly Agajyk. Äh-eý, Hasan, bir bäriňe baksana, Sil gelipdir kendiňize şu gije. Näme müýnürgeýäň aýgytly pursat, Gitmelimi, dälmi? Atmaly bije. Äh-eý, Hasan, wah-eý, Hasan, wah, Hasan, Gyltym diýip ömrüň ötüp baradyr. Saňa kazy däl men, dawam ýok, ýöne, Öň bir dana aýtmyş „...bagtyň garadyr“. Äh-eý, Hasan, wah-eý, Hasan, wah, Hasan, Alla bilsin, başda seni kim ýasan?! Allaýar ÇÜRIÝEW. | |
|
√ Sokrat / Goşgular - 16.05.2024 |
√ "Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Şahyrsumak sen / Goşgular - 06.09.2024 |
√ Küýze döwükleri / Goşgular - 02.07.2024 |
√ "Zülpükar gylyjy Hezret Alynyň..." / Goşgular - 27.08.2024 |
√ «Ha» harpy / Goşgular - 12.12.2024 |
√ Nätdiñ? / Goşgular - 12.06.2024 |
√ Meniň şeýle mährem ejem janym bar / Goşgular - 30.10.2024 |
√ Gaýnene / Goşgular - 17.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |