AHMET MÄMMEDOW
Ahmet Mämmedow, türkmen şahyry, terjimeçi, edebiýaty öwreniji alym.
Ahmet Mämmedow 1942-nji ýylda Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda doguldy. Köneürgenjiň /häzir Saparmyrat Türkmenbaşy etraby/ şol wagtky 14-nji ýediýyllyk we Akdepäniň merkezindäki 1-nji orta mekdeplerinde okady.
1960-njy ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girip, ony 1965-nji ýylda tamamlady. Balkan welaýatynda az wagt mugallymçylyk etdi, Aşgabat telestudiýasynda, „Mugallymlar gazetiniň“ redaksiýasynda işledi.
1969-njy ýyldan bäri TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda kiçi, uly, esasy, baş ylmy işgär, bölüm müdiri wezipelerinde 2011-nji ýylyň 30-njy dekabryna çenli işledi.
1973-nji ýylda „Sowet Gündogary poeziýasynda türkmen hakykaty“ diýen temada kandidatlyk, 1991-nji ýylda „70-80-nji ýyllaryň türkmen prozasynda Beýik Watançylyk urşy döwrüniň şöhlelenişi“ diýen temada doktorlyk disserasiýalaryny gorady.
Şu ýyllaryň içinde onuň neşir etdiren ylmy işleriniň diňe käbirleriniň sanawy aşakdaky ýaly.
■ Kitaplar, monografiýalar, broşýuralar
1. Sowet Gündogary poeziýasynda türkmen hakykaty. – „Ylym“, 1977.
2. Stranisy iz wzaimoswýazeý bratskih literatur.-„Ylym“, 1979.
3. Ukrain hem türkmen halklarynyň edebi gatnaşyklary.-„Bilim“ jemgyýeti,1980.
4. Beki Seýtäkow. „Ylym“, 1982.
5. Türkmen prozasynda Beýik Watançylyk urşunyň beýany.-„Ylym“, 1983.
6. Magtymguly diýip adym tutsalar (A. Durdyýewa bilen).- „Magaryf“,1985.
7. Ata Nyýazowyň ömri we döredijiligi.-„Ylym“, 1987.
8. Hanguly Taňryberdiýewiň ylmy-tankydy mirasy. –„Ylym“, 1992.
9. Döwür hem edebi ädimler.-„Türkmenistan“, 1995.
10. Saparmyrat Türkmenbaşynyň edebi taglymaty.-„Ylym“, 1997.
11. Sönmeýän we süýnmeýän ýyldyz. –„Ruh“, 1998.
■ A.Mämmedowyň ýazan bölümleri girizilen kitaplar
1. Istoriýa sowetskoý mnogonassinalnoý literatury. W 6-ti t: t. 6.-Moskwa,“Nauka“, 1974.
2. Orta Aziýa we Gazagystan halklarynyň edebiýatlarynyň özara baglanyşygy.-„Ylym“, 1978.
3. Aktualnyýe problemy estetiki i poetiki sossialistiçeskogo realizma w literature sow. wostoka. –Kazan, 1979.
4. Türkmen edebiýatynyň taryhy.-„Ylym“, 5 t: 1 kt.-1980.
5. Oçerk istorii turkmenskoý sowetskoý literatury. –Moskwa, „Nauka“, 1980.
6. Türkmen edebiýatynyň taryhy. –„Ylym“, 5 t: 2 kt. -1981.
7. Türkmen edebiýatynyň taryhy.-„Ylym“, 6 t; 1 kt.-1982.
8. Türkmen edebiýatynyň taryhy. „Ylym“, 6 t; 2 kt.- 1984.
9. Galam naýza öwrülende. „Ylym“, 1987.
10. Woprosy sowetskoý týurkologii, çast-2, Aşhabad, 1988.
11. Türkmen-ň Prezidenti S-t Türkmenbaşynyň dil hem edebi taglymaty. –„Ylym“, 1997.
12. Baýram han turkmen – weliki syn dwuh narodow., Baýram han türkmen iki halkyň beýik ogly. Türkmen we rus dillerinde aýry-aýry kitaplar. – Aşgabat-Nýu-Deli, 2000.
13. Türk dünýäsi edebiýati taryhy /9t.,/,-Ankara,2007,t.9,420-451 sah.
14. Türk dünýäsi edebiýatçileri ensiklopedisi.-Ankara, 8 tom. 1 we 2 t.,-2002; 3-t.,-2003; 4 we 5-t.,–2004; 6 t.,–2006; 7 we 8-t.,-2007 (74 sany türkmen ýazyjysynyň terjimehaly), türk dilinde.
■ Žurnal makalalary
1. Keminaniň we Ömürbekiň anekdotlary hakynda.-„Ämudärýa“,1975, №. 7, garagalpak dilinde.
2. Žiwoýe derewo družby. – „Literaturnyý Kirgizstan“, 1987, №. 12.
3. Ependiniň gülküsi. –„Bilik“, №. 2, 1996. Türk dilinde.
4. Efendiniň mizani. – „Türk kulturi“, 1997, №. 405, türk dilinde.
5. Turkmeno-turesskiýe literaturnyýe obrazy.-„Aşhabad“, 1997,№.7.
5. Gazal – şygyr sungatynyň gözellik täji.- „Garagum“, 2000, №. 12.
6. Goşgy düzüliş kadalary hakda söhbet. –„Garagum“, 2007, №. 5-6-7-8-9-11-12.
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly