12:49 Ak diş / hekaya | |
AKDIŞ
Hekaýalar
Kürendagy etekläp oturan Bereket etrabynyň gündogarynda Garaňky dere jülgesinde ýaşaýan garry awçy Kasym aga şikara hemişe ýalňyzlykda giderdi. Ol tebigat bilen ikiçäk galyp, onuň täsinliklerini synlamagy özüne ürç edinipdi. Tebigat gözelligine täsin galyp, hatda edil adam bilen gürleşýän ýaly, onuň bilen ikiçäk söhbet edýärdi. Elbetde, bu bir akyla sygyşýan zada hem meňzäp duranokdy. Emma gojaman dünýe garry awçy bilen ylla diýersiň biri-birine düşünýän ýalydy. Awçynyň ýumşaksy äheňine gulak gerip oturan baýyrlaryň depeleri salgym atyp,endiräp görünýärdi. Garagumuň syrdam sözenleri kümüşsöw ýaprajyklaryny şybyrdadýardylar, sähra gülleri bolsa, garrynyň sözlerine sazlaşyklylykda birsyhly başlaryny yrap otyrdylar. Goňşulary garry awçynyň özlerine geňräk görünýän edähetlerini aýdyp, açykgöwünlilik bilen oňa degýärdiler, Kasym aga bolsa muňa hiç bir pitiwada etmezdi. Olaryň sözleriniň laýykatyna görä aýtgylary we pähimleri aýny ýerinde ulanyp, jogap berýärdi. Şol bir wagtyň özünde-de, tebigat bilen ylalaşykda ýaşamagy, oňa zeper ýetirmezligi we onuň kada-kanunlaryny bozmazlygy ýüreginden syzdyryp, pent edýärdi. “Ýogsam, tebigat biziň her birimizden gazaply öç alar”-diýip, ol aýdýardy. Bir gezek awçy şapak ýaşyberende ýyrtyjylaryň geçýän insizje ýodajygynda möjek ordasy bilen pete-pet geldi. Sürüniň öňünde awça ýol bermek barada hyýalam etmeýän döşündäki tüýleri çirkizilip, yzy agaryp giden, göreniňde iniňi üýşendirýän gözlerine gan öýen ganym möjek durdy. Ol şempa gyýak dişlerini syrtardyp, güňleç hyňranýardy. Bu bir elheder aldyrýan jygba-jyglyk pursatydy. Äw-säwlige salar ýaly däldi. Kasym aga möjekleriň häsiýetine gaty belet bolany üçin töwekgellik etmezligi ýüregine düwdi. Möjegiň ýigrençden ýaňa uçganaklap duran otlukly nazaryna merdemsilik bilen döz geldi. Bir gyra çekildi-de, gabaraly ene möjegiň öňbaşçylyk edip barýan sürüsine ýol berdi. Möjekler awçydan birjigem eýmenmän, eýemsiräp, ýodanyň ugry bilen göwünleri bir ýaly, ýollaryny dowam etdiler. Ordabaşy tirkeşiň iň soňuna galyp, badyhowalyk bilen Kasym aganyň duşundan geçjek ýaly etdi-de, birdenkä hyrra yzyna öwrüldi-de, onuň üstüne ok ýaly atylmaga häzirlendi. Awçy ok sürlen tüpeňiniň nilini çalarak ýokary galdyryp goýberdi. Güýçleriň deň däldigine garry awçynyň magat gözi ýetip durdy. Emma onuň şeýtmekden başga çykalgasy hem ýokdy. Ýöne möjegem özüne gezelip duran nilden gaçyp gutulyp bilmejekdigine magat düşündi öýdýän. Olaryň ikisem aýgytly garpyşygyň öňüsyrasyndaky urşujylar deý doňan heýkele öwrülip, bir-birlerine otlukly nazarlary bilen çiňňerilip durdular. Ilki bilen çal garakçy ýan berdi. Ol ýöwselläp, göwresiniň agramyny ol aýagyndan beýleki aýagyna gezekleşdirip geçirip durşuna, “Men heniz soňky sözümi aýdamok” diýen manyny aňladýan hyrsyz garaýyşy galdyryp, mergene arkasyny öwürdi-de, kowumdaşlarynyň yzyndan selkildäp ugrady. Tiz wagtdan dagyň jülgelerinde birnäçe mertebe gaýtalanýan möjekleriň iniňi düýrükdiriji uwwuldysy düzlükleriň üsti bilen awçynyň gulagyna gelip ýetdi. Bu gün hiç hili gowulygyň bolmajakdygyny öňünden duýdurýp, gyşyň aňzakly sowugyndaky kalbyňa howsala salýan ýowuz awa çykylypdy. Garry awçy, galagoply ýagdaýda, göýä çözmesi kyn tapmaçany çözýän dek pikir derýasyna gark bolup durşuna, bütin durky bilen gulaga öwrülip, möjekleriň uwwuldysyna diň saldy. Indi on ýyla barabar wagtdan bäri gum içindäki Gaplaňly obasynyň ýaýrawynda börileriň öý haýwanlaryna daran gezegi bolmandy. Indi adamlar gelegurtlaryň howpundan heder etmäni eýýämhaçan unudypdylar. Kasym awçynyň möjek ordasyna sataşan şol güni dolanaý pillesidi. Obanyň daş-töwereginde atylýan oklaryň pöwhüldisi, adamlaryň zenzelesi we itleriň jabjynyşyp üýrmesi gijäniň ümsümligini bozdy. Öýlerden bosup çykan adamlar möjekleriň özara wagşyýana söweşiniň gözli şaýady boldular. Syrtdaryşyp duran gyýak dişler gijäniň tümligini böwsüp aýyň şuglasyna ýalpyldap görünýärdi. Ýyrtyjylaryň penjeleriniň ýere degip edýän tapyrdysy we guduzlyk hetdine ýeten gurtlaryň janajygly hyrryldysy depe saçyňy bir ýere üýşürýärdi. Söweş bolaýbilse bäş minut çemesi dowam edendir. Emma tomaşa edip duran adamlar göýä ummasyz wagt geçen ýaly duýgyny başdan geçirýärdiler. Möjekler bilniksiz gelişleri ýaly, garpyşykda parçalanan goýunlary we dalanan möjekleri yzlarynda galdyryp, alagaraňkylygyň goýnuna özlerini oklap, oslagsyzam bir ýerlere zym-zyýat boldular. Söweşiň apy- tupany sowlansoň, obanyň ýaşaýjylary alagowur bolşup, ýap-ýaňyja bolup geçen geň we aýylganç pajygany biri-birlerine gürrüň berýärdiler. Her kim özüçe bir çaklamany orta atýardy. “Möjekleriň arkasyna goýunlary alyp barýanyny men gözüm bilen görüp galdym. Kyrk ýyla basalykly wagt bäri çopançylyk edip ýörenem bolsam, munuň ýaly waka ilkinji gezek duşýaryn”-diýip, gartaňlyk ýaşyna ýeten Amandurdy aga janygýardy. Gelegurtlar henize bu güne çenli öz ýaýlasyndaky sürülere daraşmandy. Bu howpsuz, ylalaşykly ýaşamak üçin ýazylmadyk kanun--bu olaryň möjek aňyna doga dek guýlan zat. Şonuň üçinem olar hemişe öz sürenlerinden uzakdaky sürüleri çapawullaýardylar. Birden-bire möjek sürüsi ne sebäpden beýle seresapsyzlyga ýüz urduka? Näme üçin olar öz eýelik edýän çäginde asudalygy bozdularka? Nämüçin olar guduz açan dek biri-biriniň üstüne topuldylarka? Belki, öňdäki gyşyň aňzagy, belki-de iýmit gahatçylygy olary şeýle biakyl hereket etmäge iterendir?! Mahlasy, derwaýys çözülmesini talap edýän sowallar köpdi. Ertirki namazdan soň Kasym aga garpyşygyň bolup geçen ýerine ugrady. Maslyklary entek ýygnamaga ýetişmän ekenler-ölen goýunlaryň we möjekleriň jesetleri garym-gatym bolup, çaşyp ýatyrdy. Umumy üýşmekden biraz aňyrrakda, gyrymsy agajyň düýbünde bir gulagy irim-sarym we göwresiniň gapdallary persala edilen ýaraty möjek ýatyrdy. Onuň ýagdaýy ýürek gopduryjydy.Öňüni alaýmasaň, gazaba münen mähelle daş ýagdyryp, onuň janyny jähenneme ýollajakdy, ýöne Kasym aga olary aýny wagtynda saklady. Çal möjekleriň edähedini garry awçy oňat bilýärdi. Olaryň, hatda ýaraty kowumdaşlaryny hem gaýgyryp goýmaýandyklaryndan hem habarlydy. Munuň ýaly gazaply darkaş--jeňden soň-a, asla-da aman galmak mümkin däldi. “Kim bilýär, eger-de...” Kasym aga içki pikirini soňlaman, ýaraly ýyrtyjynyň öňünde çöke düşdi-de, onuň dabanynyň yzky ýumşak etindäki köne ýara yzly, mejalsyz halda uzap ýatan penjesini dykgat bilen synlap başlady. Pikirleriniň ýumagyndan uç tapjak bolup, oýurganyp durşuna, Kasym aga gijeki darkaşyň bolan ýerine-agylyň öň ýanyna tarap ýöneldi. Wakany ädimme-ädim öwrenip başlady. Gören we hakydasynda aýlan zatlary ony geň galdyryp, haýran etdi. Ýaraty möjegiň aýak yzlaryndan çen tutsaň, möjegiň agyldan sähelçe pursatlygam daşlaşmandygyndan, çakganlyk bilen duran ýerini çaknyşygyň ýagdaýyna görä üýtgedip, ardyny agylyň girelgesine diräp, ony kesekileriň hüjümden gorandygyndan habar berýärdi. Kasym aga ýaraty möjegiň ýanyna gaýdyp geldi. Gandymyň eline ilen berk şahasynyň bir bölegini seresaplylyk bilen möjegiň agzyna keseligine gysdyryp, onuň iki ujuny ýüp bilen möjegiň boýnunyň daşy bilen çekip, berk sarady. Özboluşly usul adamlaryň howpsuzlygy üçindi. Bu zatlary synlap duran ýaş çoluk: “Kasym aga, bu, näme, biziň goýunlarymyzy gorapmy?”-diýip, oňa sorag berdi. Awçy: “Meret, senden oňat yzçy çykar-diýdi-de, soňundanam: “Sen muny mal dogtorymyz Atamyradyň ýanyna äkitmäge kömek et”-diýip, sözüniň üstüni ýetirdi. Garrynyň möjegi halas etmek maksady bilen aýdan bu sözlerini eşiden obadaşlarynyň gorjalawy artdy. Olaryň içinden biri örç alyp, garryny ýazgaryp başlady. Birnäçesi ýyrtyjyny äkitdirmejek bolup, onuň ýolunda keserip durdular. Ýöne olar garry awçynyň sap jöwherli garaýşyna döz gelip bilmän, müzzerip, bir gapdala çekilmeli boldular. Mal dogtory Kasym aganyň haýyşyna düşünmek bilen garady we parçalanan möjegi aýaga galdyrmak üçin elde baryny etdi. Adamlaryň gyşdan howatyrlanmalary dogry çykmady. Garly bolsa-da, burjy baglap duran o diýen bir aňzakly gyş bolmady. Birsydyrgyn maýylgan açyk howa ýylyň hörpüniň oňat boljakdygyndan habar berýärdi. Sähranyň öwzaýy asudady, muňa bolsa, obadaşlaryň keýpi çaglanýardy. Indi möjekleriň öz ýaşaýan ýaýlasyny goramak bilen bir wagtda, öz sürüleriniň bakylýan örülerini hem goraglaýandygyna şübhelenýänler obada gaty azlykdy. Goňşulary Kasym aga gaýratly halasgär möjek üçin däri-derman we azyk kömegini berýärdiler. Adamlar köp çarşenbäni başdan geçiren awçynyň daşyna jebisleşýärdiler. Sözüniň juda maňyzlylygy bilen obadaşlaryny özüne imriden Kasym aganyň aw baradaky gürrüňlerini uly hormat bilen diňleýärdiler. Awçy bilen möjegiň arasyndaky dostluk günsaýyn bekeýärdi. Möjek şempa dişleri üçin Akdiş lakamyny aldy. Ady tutulanda, ol lowhuldap seslenýärdi. Bahar ýakynlaşýandygyndan syzgyn berip başlapdy. Indi aýrylyşmak müddeti hem gelip ýetdi. Ir säher bilen Kasym aga möjegi erkinlige goýbermek üçin obanyň gaýrasyna alyp çykdy. Ony ýalňyz bir pikir biynjalyk edýärdi-Akdişiň kowumdaşlary ony öz ordasyna goşarmy-kalar? Ondan adam ysyny alyp, her tikesini gulak ýaly edäýmeselerem biri?.. Emma ähli zat garaşylyşyndan hem gowy boldy. Orda duýdansyz baýryň depesinde peýda boldy. Akdiş özüniňkileri tanady we begenç bilen olara tarap zymdyrylyp gitdi... Tomsuň başynda maldarçylaryň brigadiri Saparmyradyň ogullary Döwran we Juma atlarynyň üstünde öňlerine alyp, iki sany möjek çagasyny getirdiler. Gaplaňlynyň ýigitleri we oglanjyklary güjükleriň daşyna egrilişdiler. Möjek çagalaryny getirenler kakalarynyň sowgat beren täzeje goşanil tüpeňlerini olara güjeňlediler. Gögele beýnili oglanlar Gaplaňly obasynyň guşlugyndaky Garaňky dere jülgesinden getiren oljalaryny görkezip, baý, magtanmak magtandylar-a. Özleriniň ene möjegi bir okda tüwdürişleri, gaýanyň eteginde möjek çagalaryny garbap tutuşlary, söbüklerini sydyrdyp, kowup gelýän gulagy kesik möjekden ýabyly gaçyp, ujyz gutulyşlary barada tomaşa bilen gürrüň berdiler. Kasym aga bu zatlaryň taryhyny eşitdende onyň ýagyrnysyndan at garynjalary ýörän ýaly boldy. Bir betbagtlygyň boljagyny ýüregi duýdy, ol möjek çagalarynyň ýanyna baryp: “Möjekler munuň ýaly zady asla bagyşlamaýarlar”- diýdi-de, güjükleri öýüne alyp gaýtdy. Kasym aga möjek çagalarynyň ikisinem bir halta saldy-da, ony motosikliniň gozagynda goýdy. Olary Akdişe gowşurmak üçin oglan- laryň aýdan jülgesine tarap sürüp ugrady. Möjekleriň ýaşaýan süreni hoňkaryp durdy. Awçy güjükleri eňňit atyp duran gaýanyň aşagynda, gabşalrak ýerde goýdy-da, sabyrsyz alada bilen oba dolanyp geldi. Garry awçy möjek çagalarynyň ykbaly baradaky endişe bilen gabaklaryna çöp germelen ýaly, tutuş gijäni şöwür çekip geçirdi. Pikir çanagyny agdar-düňder etdi. Şormaňlaý möjek çagalarynyň ykbaly ony galagoply ýagdaýa saldy. Iň mojuk ýeri hem ynsan ysyny ýek ýigrenýän möjeklerden eýgilige garaşmak akylsyzlykdy. Akdiş öz perzentlerine kömek etmek üçin yzyna dolanarmyka? Talaň düşen süreni dolanuwsyz taşlamak möjekleriň ýowuz edähedi ahbetin! Garry awçy indi daň ataryna howlugyp başlady. Ýöne garry awçynyň kalbynyň jümmüşinde inçe bir tama bardy. Daň ýaňy çyzgananda, ol ýola düşdi. Gün şuglasyny zemine seçen dessine, zawa baryp ýetdi. Onuň çaklaýşy ýaly hem boldy. Süreniň golaýjagynda parçalanan möjek çagalary dem-düýtsüz ýatyrdy. Olaryň ýanynda bolsa, gapyl galan Akdiş art aýaklaryna daýanyp, terkidünýä halda çommalyp otyrdy. Adam we möjek biri-birine äňedişip, esli wagt oturdylar. Olaryň ikisiniňem gözlerinde sowuklaç gussa doňup galypdy. Gamly başyny galdyryp, mawy asmana garap hasrat bilen uwlanda Akdişiň gözlerinde göz ýaşlary buldurap göründi. Kasym aga ýany bilen getiren goýnuň kakadylan buduny godalak daşyň üstünde goýdy-da, motosiklini otlady. Sürenden sesýetim aradaşlykda döşi ýanyk yzly serdar möjegiň çekip barýan sürüsine gözi düşdi. Kasym aga ony bada tanady we şol bir wagtyň özünde ýene-de tenha özi galan Akdişiň şum takdyryndan nalaýan uzyndan-uzyn uwlamasyny eşidip, ini düýrügip gitdi... Bu wakanyň üstünden bäş ýyl ötdi. Saparmyradyň ogullary Döwran-dyr Juma başarjaň çopan bolup ýetişdiler. Olar bitgin otly örüleri ýal-ňyşsyz kesgitläp, tapýardylar, olaryň bakýan goýunlary salymyny bermän semremek, baş sany bolsa, ýyl-ýyldan artmak bilendi. Bir gezek olar köne agylyň ýanynda sürini sakladylar. Daş-töwerekde basga düşer ýaly hiç hili ýaramaz alamat ýokdy. Şapak ýaşyp barýardy, dag jülgelerini yzarlap öwüsýän pessaýja şemal sowujak serginlik getirýärdi. Çopan itlerem agylyň kölegisinde garysyny ýassanyp, dünýäni unudyp asudalykda irkilişip ýatyrdylar. Doganlar dowary daşyna sözenden germew edilen ýataga salyp, otda şamlyk taýýarlamaga girişdiler. Iýip-içenlerinden soň, olar ýatagyň çetindäki teläre çykyp biraz wagt gyşardylar. Gijeki dowar sürüme deneç heniz wagt bardy Gijäniň bir wagtlary, adatça, çäge syrgynynda bolşy ýaly, itleriň zenzeleli üýrmesi, geçidir--goýunlaryň çasly mäleşmeleri olary süýji ukudan oýardy. Ýüreklerine dowul düşen doganlar aşak seredip, doňup galdylar. Iki sany alabaý möjekler bilen aldym-berdimli garpyşyga giripdi, üçünjisi bolsa, gorkudan ýaňa sazanaklasada, bir künje gysylyşyp duran goýunlaryň agylynyň girelgesini gaýduwsyzlyk bilen goraglaýardy. Itler bilen darkaşa giren möjekler oglanlara ünsem bermeýärdiler. Möjekler üçin pessejik agyl dagy nämemiş? Doganlar teläriň üstündäki kimdir biri tarapyndan unudylan çarşaklary aýny wagtynda alyp ýetişdiler. Çünki hut şol pursatda olaryň gabat garşysynda döşi ýanyk yzly möjek hyrlap durdy. Ol oglanlaryň üstüne towusmaga ýetişmedi. Gulagy kesik sähra möjegi, edil ýerden çykan ýaly, oglanlaryň öňüne böwet boldy-da, bütin durky bilen ganym duşmanyna garşy ýekme-ýek darkaşa girdi. Ýyrtyjylar örboýuna galyp, gazap bilen örç alyp başladylar. Bu ýerde ortalyk ýokdy, jan alnyp, jan berilýän pursatdy. Döwran gözüniň gytagy bilen seredip, möjekleriň sanynyň artandygyny duýdy. Ýagdaý aýyl-saýyl eder ýaly däldi. Möjekleriň itler bilen işleri bolman, biri-birleri bilen darkaş gurýardylar. Bu başagaýlygyň içinde çal garakçylaryň bir bölegi jeň meýdanyny taşlap gaçyp gitdi. Olar sözen germewiň üstünden böküp, penjeleri ýere galtaşan dessine, yzlaryna garaman, sähralyga tarap ýazzyny berýärdiler. Olaryň yzyndan bolsa, sürini alabaýlaryň penakärligine galdyryp, başga bir möjek sürüsiniň hatary kowup ugrady. Agylyň öňünde bolsa gulagy kesik möjegiň üstünliginde darkaş henizem dowam edýärdi. Ol birwagtky ýürekde bert galdyran armanly ahmyryndan gutarnykly çykmak isleýän ýaly, dönmez aýgyt bilen duşmanynyň çem gelen ýerine agyz urup, silkeläp, garşydaşyny tike-tike edip barýardy. Ahyrsoňy garşydaşynda dirilik alamatlarynyň ýokdugyna ymykly göz ýetirip, onuň göwresinden böküp düşdi. Soňundanam agylyň germewiniň üstünden ýüzugra towsup geçdi-de, baýyrlaryň aňyrsyna sumat boldy... Döwran bu wakany ähli jikme-jikligi bilen garry awça çopan külbesinde gürrüň berdi. Soňundanam, herhal, möjekleriň agyz urmaga ýetişen üç sany goýny diýäýmeseň, dowarlaryň başynyň bitindigini aýtdy. Olaryň hersi öz içki dünýäsine berildi. Içerik agyr ümsümlik aralaşdy. Doganlaryň kiçisi Juma elini awçynyň damarlak eline çalarak degrip: “Ýaşuly, bizi Akdiş ölümden halas etdi”-diýdi. Soňam ýuwaşlyk bilen sözüniň üstüni ýetirdi: “Babajan, şol gezekki eden ýalňyşlygymyz üçin günämizi öteweri!” Kasym aga baş atdy we oglanlara makullaýjy nazaryny aýlady. Şu pajygaly wakadan soňra Akdiş bilen Kasym aga biri-birlerine gabat gelmediler. Ýöne gulagy kesik möjek we Kasym aga Gaplaňlynyň ýaşaýjylarynyň hakydasynda hemişelik galdy. Olar häzirki güne çenli myhmanlara saçak başynda we çagalara mekdepde sapak wagtynda bu täsin wakany buýsanç bilen gürrüň berýärler. Bu hekaýaty diňläniňde, wagşy hasap edilýän ýabany tebigatda özüňi pida bermek, wepalylyk, söýgi we dostluk ýaly duýgulara hem orun berlen bolarly diýen pikiriň seriňe dolanyny duýman galýarsyň. Şahymerdan SARY ogly, ýazyjy. | |
|
√ Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024 |
√ Enesi ukuda däldi / hekaýa - 11.10.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Tüýdük / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Häsiýetnama / hekaýa - 11.12.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Ketenini ysgamadyk armanlar... / hekaýa - 27.11.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |