20:43 Ak öý / hekaýa | |
AK ÖÝ
Hekaýalar
Biz deňziň ýakasynda ýaşaýardyk. Kakamyň ýelkenli oňat gaýygy bardy. Ony kürekläbem, ýelkenini galdyrybam sürüp bilýärdim. Ýöne eýýäm on iki ýaşan bolsamam, kakam hiç wagt ýeke özümi deňze goýbermezdi... Bir gezek jigim Nina ikimiz kakamyň iki günlük öýden gidýänligini bildikde, kenaryň beýleki tarapyny görmek üçin gaýykly ýola çykmak barada dilleşdik. Aýlagyň o tarapynda gyzyl üçekli örän owadanja ak öý bardy. Onuň daş-töweregi kiçiräk jeňňellikdi. Biz o taýda hiç wagt bolup görmändik, şonuň üçinem üýtgeşik ýer hasap edýärdik. Ähtimal, ol ýerde mähirli garryja är-aýal ýaşaýan bolsa gerek. Nina bolsa olaryň itleriniňem bardygyny, onuňam edil garrylar ýaly rehimlidigini aýdýardy. Garrylar, megerem, gatyk iýip oturandyr, olar gelenimize şatlanyşyp, gatyklaryndan bizede hödür ederler. Biz ýol üçin çörekdir birnäçe suwly çüýşe aldyk. Deňziň suwy şordy, birden ýolda suwsasak, gerek boljakdy. Agşamara kakam gitdi, biz derrew ejemden gizlin çüýşeleri suwdan doldur dyk, sebäbi birden biläýse, bar zat puja çykjakdy. Daň atan badyna Nina ikimiz ýuwaşlyk bilen penjireden çykdykda, çörekdir suwly çüýşelerimizi alyp gaýyga bardyk. Men ýelkeni galdyrdym, onsoň biz deňze çykdyk. Men kapitan ýaly bolup oturdym, Nina bolsa edil deňizçi ýaly, maňa tabynlyk bilen garaýardy. Şemal pessaýja öwüsýärdi, tolkunlar kiçijikdi. Nina ikimiz özümizi edil uly gämide ýaly duýýardyk, biziň azyk-owkadymyz ýeterlikdi, başga bir ýurda syýahata barýan ýalydyk. Men gämini gyzyl üçekli jaýa dogruladymda, uýama ertirlik taýynlamagy tabşyrdym. Ol çöregi bölekledide, bir çüýşe suwuň dykysyny aýyrdy. Nina gaýygyň düýbünde oturdy, ol elindäkileri bermek üçin ýerinden turdy hemem yzyna — gaýdan kenarymyza seredip, şeýle bir gygyrdy welin, men ziňkildäp gitdim. — Waý, öýümiz zordan görünýär! — diýip, ol aglamjyrap ugrady. Men: — Aglama, garrylaň öýüne ýetip barýas — diýdim. Nina öňe tarap seredip, öňküden beter gygyrdy: — Entek garrylaň öýüne ýeter ýaly däl, öýümizden bolsa gaty daşlaşypdyrys! Ol aglamaga başlady, men bolsa bilgeşleýin oň içini ýakjak bolup, çöregimi iýip durşuma: — Yzyňa gaýtmak isleýän bolsaň, gaýykdan bökde, öýe tarap ýüz, men garrylaň ýanyna gitjek — diýdim. Soňra ol çüýşeden suw içdide, uklady. Men entegem gaýygyň başynda otyrdym, ýel ugruny üýtgetmän, asuda öwüsýärdi. Gaýyk endigan ýüzüp barýardy, onuň yz tarapynda suwuň şapyrdysy eşidilýärdi. Gün eýýäm ýokary galypdy. Birden gaýyk durdyda, bir gapdala gyşardy. Men agdarylmazlyk üçin derrew ýelkeni goýberdim. Nina tarsa turdy. Ilkibada ol özüniň nirededigini bilmän, gözlerini mölerdip seretdi. Men: — Gaýygymyz batdy. Häzir düşüp itekläýin. Öý bolsa hanha — diýdim. Ýöne ol öýi görüp begenmedi, gaýtam has beter gorkdy. Men eşiklerimi çykaryp, suwa bökdümde, gaýygy itip ugradym. Men ähli güýjüm bilen — kä bärsinden, kä beýlesinden itsemde, gaýyk ýerinden gozganmady. Soňra ýelkeni galdyrdym, ýöne hiç zat kömek etmedi. Nina kömek isläp, garrylary çagyryp ugrady. Ýöne ara daş bolansoň, öýden hiç kim çykmady. Men Ninany gaýykdan düşürdim, ýöne buda onuň ýüküni ýeňletmedi: gaýyk mazaly batypdy. Men suwuň saý ýeri bilen kenara gitmekçi boldum, ýöne nirä gitsemem ähli ýer çuňdy, geçer ýaly däldi. Beýle uzak aralygy bolsa ýüzüp biljek däldim. Öýden henizem hiç kim çykanokdy. Men çörek iýip, suw içdim, Nina bilen bolsa gürleşemokdym. Jigim aglap oturyşyna: — Deňziň ortasynda galdyk. Indi bizi hiç kim tapmaz. Ejem bolsa akylyndan azaşar. Ine, görersiň, muny ejemiň özi aýtdy. Ol: «Eger size bir zat bolaýsa, men akylymdan azaşaryn» diýdi. Men dymýardym. Şemal hasam haýal öwsüp ugrady. Ahyry uklapdyryn. Oýananymda daş-töwerek garaňkydy. Nina oturgyjyň aşagyna kellesini sokup aglaýardy. Men ýerimden turdum, gaýyk yraň atyp durdy. Ony gatyrak yralap gördüm. Ol läbikden çykan eken. Ýaşa! Görüp otursam, şemal ugruny üýtgedipdir-de, suw ýokary galyp, gaýygy läbikden çykarypdyr. Daştöweregime göz aýladym. Uzakda çyralar ýyldyraýardy. Bu uçgun ýaly kiçijik çyralar biziň kenarymyzdan görünýärdi. Men ýelkeni galdyrmak üçin ylgadym. Nina ilkibada maňa dälirändir öýtdi. Ýöne men hiç zat gürlämokdym. Diňe gaýygy çyralara tarap öwürenimden soň, şeýle diýdim: — Hawa, aglajyk gyz! Inede, öýe barýas, şoň üçinem aglap oturma — diýdim. Biz tutuş gije ýöredik. Daňa ýakyn şemal öwüsmesini bes etdi. Ýöne biz eýýäm kenara ýakynlaşypdyk. Men gämini kürekläp, öýe geldim. Ejem hemä begenýärdi, hemem gahary gelýärdi. Ýöne biz kakama hiç zat aýtmazlygy ondan haýyş etdik. Biz ak öýde eýýäm bir ýyldan bäri hiç kimiň ýaşamaýandygyny soňra bilip galdyk. Boris ŽITKOW, rus ýazyjysy. Terjime eden Gözel EMINOWA, Türkmenistanyň Daşaryişler ministrliginiň Halkaragatnaşyklary institutynyň talyby #"Dünýä edebiýaty" žurnalynyň N° 6-2020 sanyndan alyndy | |
|
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Şahyr / hekaýa - 17.11.2024 |
√ Başga tarapyndan seret... / hekaýa - 20.12.2024 |
√ Zenan bagty / hekaýa - 06.08.2024 |
√ Gurban garawul / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Tagmaly gyz - 09.08.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Sen aman bol bu dünýäde / hekaýa - 22.01.2024 |
√ Garagumda / hekaýa - 09.03.2024 |
√ Toý sowgady / hekaýa - 12.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |