06:32 Akademik A.N.Samoýlowiç | |
AKADEMIK A.N.SAMOÝLOWIÇ (1880-1937)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Görnükli gündogarşynas alym Aleksandr Nikolaýewiç Samoýlowiç 1880-nji ýylyň 17-nji dekabrynda Nižniý Nowgorod şäherinde gimnaziýänyň direktorynyň maşgalasynda dünýä inipdir. Onuň kakasy Nikolaý Ýakowlewiç Samoýlowiç ukrainaly dindaryň maşgalasynda önüp-ösüpdir. Ejesi Ýewgeniýa Aleksandrowna Aleksandr Şteýman atly harby lukmanyň gyzy eken. Aleksandr Nikolaýewiçiň eje tarapy Skorobogatiler diýlip tanalýan maşgalanyň urugyndan gaýdýar. A.Samoýlowiç harby lukman we Demirgazyk Sahalindäki medisina-etnografiýa – statistika ekspedisiýasynyň (1908) ýolbaşçysy Wladimir Şteýmanyň (1865-1933) hem ýegenidir. Aleksandryň Nikolaý atly erkek dogany hem-de Nataliýa, Ýewgeniýa, Anna, Lidiýa atly gyz doganlary bolupdyr. Ýaş Aleksandr Nižegoroddaky dworýan institutyny tamamlap, Sankt-Peterburga gaýdýar. Ol bu ýerdäki uniwersitetde arap-pars-türk-tatar dilleri boýunça bilim alýar we ony 1903-nji ýylda tamamlaýar. Ol 1908-nji ýylda Rus arheologiýa jemgyýetiniň hakyky agzalygyna, aradan wagt geçmänkä hem Rus geografiýa jemgyýetiniň hakyky agzalygyna saýlanylypdyr. 1911-nji ýylda Samoýlowiç Gündogar akademiýasynda türk dilinden sapak beripdir. Gündogar dilleri fakultetiniň Gündogar muzeýiniň saklaýjysy edilip bellenilýär. Şu ýyllaryň içinde ol iki gezek Türkiýede (1911, 1917), birnäçe sapar Günbatar Ýewropada – Germaniýada, Fransiýada, Awstro-Wengriýada (1913) iş saparlarynda bolýar. 1922-nji ýylda Türkologik seminariýanyň rektorlygyna bellenilýär. 1924-nji ýylda Ylymlar akademiýasynyň habarçy agzalygyna, 1929-njy ýylda hem onuň akademikligine saýlanýar. SSSR Ylymlar akademiýasynyň gumanitar ylymlar bölüminiň akademik-sekretary (1929-1933), Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň direktory bolup işleýär (1934-1937). A.N.Samoýlowiç “Ensiklopediýa islama” neşiriniň hem ilkinji awtorlarynyň biridir. Samoýlowiçiň türkologiýada bitiren hyzmatlaryny birin-birin sanap geçmek aňsat däl. Orta Aziýadan daşgary hem Powolžýede, Demirgazyk Kawkazda, Zakawkazýede, Gazagystanda, Altaýda ýaşaýan türki halklaryň diline, folkloryna dahylly geçiren meýdan gözleg-derňew işleriniň hem hetdi-hasaby ýokdur. XX asyryň ýigriminji ýyllarynda SSSR halklarynyň ýazuw kada düzgünlerini ýola goýmakda-da ol öz ukybyny, zehinini, guramaçylygyny gaýgyrmandyr. Arman, onuň men diýen wagtynda, heniz gujur-gaýratynyň möwç urup duran wagtynda nähak töhmetiň pidasy bolmagy, türkologiýa urulan uly zarba bolupdy. A.N.Samoýlowiç saglygyny dikeltmek üçin 1937-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda (käbir maglumatlarda 2-nji oktýabrda – A.Ç.) Kislowodskide, aýaly bilen dynç alyp ýörkä, “ýapon içalysy we terrorçylyk guramasyny dörediji” diýlen töhmet bilen tussag edilipdir. Ýagny ol RSFSR-iň Jenaýat kodeksine laýyklykda, 58-1a, 8, 11 maddalary esasynda günäkärlenilipdir. 1936-1937-nji ýyllar aralygynda “kontrrewolýusion buržuaz milletçilik guramasyny döretmekde”, “buržuaz milletçileri taýýarlamakda”, şeýle hem, “ýapon razwedkasy bilen gatnaşykda bolup, ýapon razwedkasynyň rezidenti A.N.Worobýowa gizlin maglumatlary bermekde we pantürkçiler S.D.Asfendiarow, Ý.Breman, A.N.Woznesenskiý, W.Zabirow, B.W.Çoban-zade bilen gatnaşyk saklamakda” aýyplanylýar.1938-nji ýylyň 3-nji ýanwarynda Içeri işler halk komissarlygynyň 8-nji bölüminiň başlygy W.Ý.Sesarskiniň goly bilen hödürlenen sanawda 163 adam atuwa höküm edilipdir. Şol sanawda A.N.Samoýlowiç hem bardy. Höküm 1938-nji ýylyň 13-nji fewralynda Ždanowyň, Molotowyň, Kaganowiçiň, Woroşilowyň gollaryny çekip, razylyk bermekleri bilen ýerine ýetirilipdir. Şol günem “Kommunarka” gonamçylygynda olaryň jesetleriniň üstüne gum sürlüpdir. Görnükli alymyň ady 1956-njy ýylyň 25-nji awgustynda dikeldildi. 1938-nji ýylyň 29-njy aprelinde Ylymlar akademiýasynyň umumy ýygnagynyň karary bilen, 1956-njy ýylyň 14-nji dekabrynda hem alymyň ähli ylmy derejeleri 1957-nji ýylyň 5-nji martynda geçirilen Ylymlar akademiýasynyň prezidiumynyň mejlisiniň karary esasynda dikeldilipdir. Geçmiş tükmen edebiýatynyň düýpli öwrenilip başlanylmagynda A.S.Samoýlowiçiň bitiren hyzmalrynyň belli bahasy ýokdur. Ol heniz Sankt-Peterburg uniwersitetiniň studentliginden tä ömrüniň ahyryna çenli türkmen edebiýatynyň meselelerini öwrenmek babatda bütin gujur-gaýratyny, yhlasyny we tapylgysyz zehinini birjik-de gaýgyrmadyk beýik alymdyr. Gürrüň geçmiş türkmen şahyrlarynyň şygyrlary, türkmen dessanlaryndaky goşgular hakynda gidende, bularyň aglabasynyň özbekleriň, gazaklaryň,garagalpaklaryň, halk aýdymlarynaöwrülip, ol aýdymlaryň şol halklaryň bagşylary tarapyndan ürç edilip aýdylandygy hakda ylmy jähetden aýdylanlaryň hem bu alymyň galamyna degişlidigini nygtamalydyrys. Muňa mysal edip "Şeýbany han“ poemasyny ýatlamak bolar. Akademik Samoýlowiç “Şeýbany han” atly özbek poemasyny ylmy taýdan seljerip, ol bu poemanyň “Boz oglan” atly türkmen dessanynyň döremegine eden täsiri hakynda ýazýar. Geçirilen ylmy-derňewleriň netijesinde “Şeýbany han” poemasyndaky käbir obrazlaryň we poemanyň gahrymanlarynyň türkmen edebiýatyndan nusga alnyp döredilendigini aýratyn nygtady. Orta Aziýa edebiýatyny beletlik bilen öwrenen академик A.N.Samoýlowiç bu barada şeýle ýazdy: “Как это произведение (“Гёр-оглы”), так и тоже почитаемый среднеазиатскими туркменами за своё родное достояние народной роман “Боз-оглан...” и некоторые другие с полной ясностью свидетельствует или всем своим содержанием, или отдельными его частями о культурных и, в частности, литературных связах, которые продолжали или продолжалось существовать между среднеазиатскими туркменами и родственными им по происхождению турками Персии, Закавказя и Анатолии 3 после расселения огузских племен в XI в. Об этих связях свидетельтвует, кроме того, и популярность среди среднеазиатских туркменов старых азербайджанских поэтов. Несими и Физули...”. 1902, 1906, 1907, 1908-nji ýyllarda Türkmenistanda bolan mahaly ol türkmen edebiýatyna we halk döredijiligine degişli ummasyz maglumatlary toplapdyr.Alymyň türkmen edebiýatynyň öňünde bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, 1912-nji ýylda Şamyrat Nazarow diýilýän bir ýaş türkmen şahyry Samoýlowiçe bagyşlap goşgy ýazypdyr. Şol goşgy 1914-nji ýylda Sankt- Peterburgda çap edilipdir.Goşgy şeýle setirler bilen başlanypdyr: Takdyr edip Seýilhana hyzmatyň, Saglygyňy söwer köňlüm Isgender. Professor A.N.Samoýlowiç 1927-nji ýylda özüniň “Oчерки из истории туркменской литературы”diýen makalasynda şeýle ýazdy: “Начатое – Ходьзко, Березиным, Вамбери и продолжение с 1902 года мною сборы материалов по туркменской литературе доказали ложность неоднократно делавшихся в европейской литературе заявлении о том, что у туркменов литературы нет. Теперь мы не только знаем, что у туркменов есть литература, но мы имеем право утверждать, что литература у туркменов существует с очень древних времен”. A.N.Samoýlowiçiň “Стихи Доулет-Мамеда молли, отца Махтум-кули” atly makalasynda: "Türkmenleriň dürli tirelerinden maňa belli bolan şahyrlaryň arasynda Magtymgulynyň kakasynyň mertebesinde goýar ýaly bir adam hem ýok!“ diýip, ylym dünýäsinde ilklnji gezek ykrar edenem,“Для того, чтобы приступить к полному научному исследованию стихотворений – песен Махтумкули необходимо предварительно получить критическое издание его произведений, которого мы до сих пор не имеем и подготовка которого не может быть закончена в короткий срок” diýip, ilkinji gezek janygyp ýazanam A.N. Samoýlowiçdi. Akademik Samoýlowiç “Türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça oçerkler” diýen işiniň ikinji bölegini Magrupynyň “Ýusup-Ahmet” dessanyna, onuň diline we taryhyna bagyşlapdyr. Magrupy barada geçen asyryň başlarynda birnäçe maglumat berlipdir. Ol hakdaky maglumaty ilkinji gezek ylmy dolanyşyga girizen hem akademik A.Samoýlowiçdir. Ol özüniň “Книга рассказов о битвах текинцев” (СПБ. 1914) diýen işinde bu hakda aýdyp, Magrupynyň XVIII asyrda ýaşap geçendigini belläpdir. Türkmen edebiýatçy alymlary N.Hojaýew, M.Kösäýew, B.Garryýew, G.Karpow we başgalar dürli döwürlerde Magrupynyň ömrüne we döredijiligine degişli maglumatlaryny öwrenmäge, olary toplamaga işeňňir gatnaşdylar. Magrupynyň eserleriniň ylmy-derňew işinde ilki bilen onuň tekstini öwrenmek zerurlygy ýüze çykdy. Bu usul beýleki nusgawy şahyrlarymyz babatda-da şeýle boldy. A.N.Samoýlowiç “Türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça oçerkler” atly işinde “Ýusup-Ahmet” dessanynynyň esasynda Baýbüre beg ogly Bamsy Beýrek sýužeti ýatýar” diýip, ýörite belleýär. “Kitaby dädem Gorkut” bilen “Ýusup-Ahmet” dessanynda arabaglanyşygyň bardygy hakynda ilkinji gezek aýdan Samoýlowiçiň bu pikirini A.Aşyrow hem “Kitaby dädem Gorkut” atly kitaba ýazan “Halk pähimi siňen epos” atly sözsoňusynda Samoýlowiçi gaýtalaýar. Türkmen alymy A.Meredow, “Türkmen filologiýasynyň ilkinji derňewçisi” atly makalasyny türkmen edebiýaty öwreniş ylmynyň ýol görkezijileriniň biri A.N.Samoýlowiçe bagyşlapdyr. Orta Aziýa halklarynyň, ylaýta-da, türkmenleriň edebiýatyny, folkloryny we edebi diliniň taryhyny derňemekde möhüm ähmiýete eýe bolan ownukly-irili üç ýüzden-de köp ylmy ýadygärlik galdyran akademik Aleksandr Nikolaýewiç Samoýlowiçiň (1880-1938) hormatly orunlaryň birini eýeländigini alym dogry belledi. “A.N.Samoýlowiçiň işleriniň bibliografiýasy üçin materiallar” ady bilen düzülen doly bibliografik sanawa seredip, halypa alymyň ylmy işjeňliginiň ensiklopedik häsiýetde bolandygyna, onuň ýazan köp sanly işleriniň ençeme möhüm taraplaryny öz içine alandygyna göz ýetirýärsiň. Ol, esasan, görnükli dilçi türkolog bolsa-da, türki halklaryň edebiýat taryhyny, etnografiýasyny, halk döredijiligini öwrenmäge-de köp üns beripdir. A.N. Samoýlowiçiň ilkinji ylmy işleriniň biri Abdysetdar Kazynyň (käbir alymlaryň pikiriçe, ol Gazy ýazylmaly, ýöne biz öňden gelýän endigimize eýerip, Kazy diýip ýazmagy göwne makul tapdyk- A.Ç.) "Jeňnama“ eseri hakyndadyr. Başda bu eser hakynda rus alymyna Bäherden pristawynyň kätibi Hojaly molla Myratberdi ogly (1860-1920) 1903-nji ýylda habar beripdir: "Tekeleriň uruş kyssa-kitabyny“ düzgüji we ýazgyjy müsennefniň (awtoryň) ady Abdysetdar kazy. Özi magtym taýpasyndan bolar. Ýedi ýyl Hywada kazylykda olturypdyr. Köp ýagşy molla (alym) kişi imiş.Häzir onuň dört ogly bar. Anlar hem Hywada bolur.Ulug ogullary ady Seýidahmet işan diýerler. Bu hem molla, ýagşy işan diýerler.Başga artyk habarlary bilmek çetinräkdir. Haçan eneden boldy we haçan dünýäden ötdi we nä ýerler, ýurtlary gezdi, zerur bolsa, soňra ýene sorap ýazar men.Gökdepede garyndaşlary bar imiş. Bir niçe ýyl hem Gökdepede olturypdyrlar.“ Samoýlowiç "Jeňnama“ barada düýpli işe baş goşup, 1912-nji ýylda bu temadan doktorlyk dissertasiýasyny gorapdyr. 1914-nji ýylda bolsa bu ylmy işini hem poemanyň doly tekstini terjimesi, düşündirişli sözlügi, taryhy oçerki bilen bilelikde "Книга рассказов о битвах текинцев»ady bilen kitap neşir etdiripdir. Bu bolsa A.N.Samoýlowiçiň özbaşdak kitap şekilinde çykarylan ilkinji ylmy eseridir. Şeýlelikde, alymyň ilkinji ylmy üstünligi türkmen edebiýatynyň taryhyny öwrenmek bilen baglanyşyklydyr. Onuň bu kitaby öz wagtynda görnükli alymlar S.F.Oldenburg, W.W.Bartold, I.Kraçkowskiý tarapyndan ýokary baha alypdyr. A.N. Samoýlowiçiň bu ylmy işi „Ýazuw düzgüni we poemanyň dili“, "Poemanyň diliniň morfologik taraplary“, "Poemada käbir sintaktik düzümler“, "Sözlük“, "Ölçeg“, „Rifma“ ýaly bölümleri öz içine alypdyr. Rus alymynyň türkmen şahyrynyň taryhy –dokumental eserini dil jähtinden öwrenenligi hakda aýdyp geçeliň! Alym şahyryň zehinine sarpa goýsa-da, ony näme üçindir „eýerijilik pikirdäki“ şahyr hasaplapdyr. Çeperçilik taýdan Abdysetdar Kazynyň poeziýasynyň , umuman alanyňda, galyp, eýerijilik pikirde galdyrýandygyny, ýöne käbir halatlarda onuň örän janly, käte örän täsin, käte komiki kartinalary berýändigini belläp geçse-de, “alym öz pikirini aýdyňlaşmandyr” diýen netije döredýär. Eýsem-de bolsa, şahyryň „eýerijiligi“ nämede ýüze çykypdyr? Bu onuň eseriniň mazmunyndamy, ideýasyndamy,obraz dörediş tärlerindemi? Mesele weli, aýdyňlaşdyrylman galypdyr. Ýene bir zat, alym poemanyň taryhy traktatdygyny tekrarlap, onuň edebi-çeperçilik derejesini hem çäklendiripdir. Ýöne weli munda A.N.Samoýlowiçiň hiç hili günäsi ýokdy. Çünki onuň elýeterinde türkmen edebiýatynyň materialynyň azlyk edendigini hakykatyň hatyrasyna aýtmalydyrys. Ýeri gelende aýtsak, rus alymynyň ХХ asyryň başlarynda „Jeňnamanyň“ awtory hakynda ýetik subutnamalar bilen delillendirilmedik pikirine eýerip, Durdymuhammet Nuralyýew Abdysetdar Kazynyň şahyrlyk ukybyny inkär edýär: "Abdysetdar ylymly-sowatly alym üçin mekdep-medreselerde şol stiliň has ýörgünli hasap edilýändigini oňat bilipdir. Onuň tehnikasyny-da özleşdiripdir. Ol başga formada şunuň ýaly taryhy poema-ha däl, ýönekeý goşgy hem ýazyp bilmezdi.” Elbetde, türkmen alymynyň Abdysetdar Kazy ýaly uly şahyryň ýiti zehini babatda esassyz eden bu gürrüňine gulak gabardasyň gelmeýär. “Jeňnama” eseri 1943-nji ýylda türkmen alymy B.Garryýew tarapyndan çapa taýýarlanyp, neşir edilipdir. Poema SSSR YA-nyň Gündogary öwreniş institutynyň Leningrad bölüminiň golýazmalar bölüminde saklanylýan ýeke-täk golýazma nusga esasynda taýýarlanylypdyr. Okamasy kyn bolan sözler we tekst nädürslikleri A.N.Samoýlowiçiň 1914-nji ýylda çap eden faksimal neşiri hem-de rusça terjimesi boýunça takyklanypdyr. Şol golýazmany Sankt-Petertburgda ýaşaýan türkmen hudožnigi Nazar Ýomudskiý ХХ asyryň başynda Gökdepä gelende şahyryň agtygyndan alypdyr. A.N.Samoýlowiç 1914-nji ýylda neşir eden kitabynda poemasyny ýazan wagtynda Abdysetdar Kazynyň Keletede ýaşandygy hakdaky maglumaty hem (4-sah.) beripdir. Akademik A.N.Samoýlowiç özüniň ençeme gezek Türkmenistana eden syýahatlary we ýadawsyz geçiren agtaryşlary netijesinde öň näbelli bolan ýetmişdenem köp türkmen şahyrynyň ömri we döredijiligi barada gyzykly maglumatlar toplap, “Orta Aziýa – türki edebiýaty boýunça materiallar” ady bilen neşir edipdir. Akademigiň türkmen edebiýatynyň taryhyny öwrenmekde bitiren hyzmatlary uludyr. Elbetde, olar barada jikme-jik durmak bir makalanyň dowamynda mümkin däl. Emma görnükli alymyň edebiýat taryhyny derňemekligiň ilkinji we esasy basgançagy hökmünde togsan ýyla golaý mundan öň öňe süren, beýleki meşhur alymlar tarapyndan gyzgyn goldanylan käbir teoretiki we amaly pikirleri hut şu günüň özünde-de derwaýyslygyny saklap gelýär. Onuň esasy işleriniň biri türkmen klassyky edebiýatynyň halypasy akyldar şahyr Magtymgulynyň edebi mirasyny toplap, aýyl-saýyl etmeklige bagyşlanypdyr. Alym yzygiderli agtaryş we derňew geçirmek netijesinde ençeme ygtybarly golýazmalaryň esasynda beýik şahyryň özüne degişli bolan eserleriniň görkezgijini düzüpdir. Magtymgulynyň goşgularynyň doly suratda ylmy derňewine girişmek üçin, ilki onuň eserleriniň tankydy neşirini ele salmagyň zerurdygyny, emma munuň şu wagta çenli ýokdugyny we ony taýýarlamaklygy gysga möhletde gutarmak hem mümkin däldigini-de belläpdir. Alymyň bu pikirini türkmen edebiýatynyň taryhyny öwrenmekde köp hyzmatlar bitiren alym Ý.E.Bertels hem goldapdyr. Ý.E.Bertels türkmen alymy A.Ahundowyň “Magtymguly we onuň döredijiligi” atly dissertasion işine ýazan synynda diňe tankydy jähetden barlanan tekstleriň ygtyýarymyzda bolan mahalynda ol ýa-da başga bir awtoryň döredijiligi barada ylmy tarapdan esaslandyrylan netijeler çykarmak mümkindigini, şeýle zat ygtyýarymyzda ýokka tankytçynyň ähli netijeleri, ýeterlik saldamly bazadan mahrum bolany üçin, asmanda gaýyp ýörendigini ýazypdyr. Elbetde, alymyň bu pikiri diňe Magtymgula ýa-da türkmen edebiýatyna degişli bolman, eýsem, tutuş Gündogaryň geçmiş mirasyna degişli bolup biler. 1928-nji ýylda alymyň ylmy-pedagogik we jemgyýetçilik işiniň 25 ýyllygy mynasybetli, beýleki ýerlerde bolşy ýaly, Türkmenistanda-da onuň ýubileýi bellenilip geçilýär. Oňa respublikada ylymda at gazanan işgär diýen hormatly at dakylýar. Türkmen halkynyň medeni mirasy barada ýazan ähli işlerini ýygnap, rus we türkmen dillerinde kitap neşir etmeklik göz öňünde tutulýar. Ýöne bu iş öz wagtynda ýerine ýetirilmänden soň, neşir edilmän galýar. Şol ýyl “Türkmen medeniýeti” žurnalynda (№7-8) A.N.Samoýlowiç hakynda ýubileý makalalary çap edilipdir. 1906-njy ýylyň sentýabrynda A.N.Samoýlowiç Maryda molla Sabyr diýen adam bilen bilelikde Körmollanyň terjimehalyny we 17 sany goşgusyny onuň hut özünden ýazyp alypdyr. Şol maglumatlar esasynda A.N.Samoýlowiç “Туркmенский поэт – босяк Кер-Молла и его песни о русских” diýen makalasyny ýazypdyr. Makalada şahyryň esasy sypaty barada “Ol paýhasly, ýiti akylly, şerebeli dilli adamdy...” diýip belläp geçýär. “... Şahyr hökmünde Körmollanyň kesbi-käri öwgüli, taryplap arşa çykaryjy ýa-da kötekleýji aýdymlary, satiralary düzmekdir”. Hojaly Myratberdi ogly A.N. Samoýlowiçe Döwletmämmet Azadynyň “Wagzy-Azat” eseri, Abulgazynyň “Türkmenleriň şejeresi”, şeýle hem türkmen şahyrlary hakdaky maglumatlary iberip durupdyr. Onuň Peterburga iberen hatynda şeýle ýazylypdyr. “...Misgingylyjyň çyn ady molla Gylyçdyr. Onuň özi Gürgende öldi”. Awtor onuň ýöne haýsy ýyldygyny görkezmändir, ýöne hatyň 1907-nji ýylda ýazylandygy belli, sebäbi Hojaly molla şol hatynda ýene şeýle ýazýar: “...we ýene Misgingylyjyň hem kitabyny bir hepde, on günden sizge iberjek”. Görnüşi ýaly, Hojaly molla Myratberdi Misgingylyjyň eserlerini 1907-nji ýylyň 2-nji awgustynda Samoýlowiçe iberipdir. Alym 1906-njy ýylyň 23-nji noýabrynda Çelekende Misgingylyjyň 50 şygyrdan ybarat golýazmasyny ele salypdyr. Ol golýazmadaky goşgularyň 15-sini doly, galanlarynyň hem ilkinji bendini göçürip alýar. Samoýlowiç şahyryň türkmenleriň ata tiresindendigini, özüniň hem gökleňleriň arasynda ýaşan, bir ýyl mundan öň dünýäden ötendigini habar beripdir (Türkmen edebiýatynyň taryhy, t. 2, 3-nji kitap, A., 1978., 185-186 sah.). 1909-njy ýylda Samoýlowiç Mätäjiniň terjimehaly we “Aýperi” atly goşgusy bilen rus okyjylaryny tanyşdyrypdyr. 1915-nji ýylda A.Alyýew “Şahyr Mätäjiniň terjimehalyny” çap edipdir.1916-njy ýylda Magrupynyň iki nusgada gelip ýeten “Watanym galdy” şygrynyň “Ata-baba tutan datly Watanym” diýen setirler bilen başlanýan nusgasy Ashabatda çykýan “Протоколы заседаний и сообщения членов Закаспийского кружка любителей археологии и истории Востока” žurnalynda (1916) çap edilipdir. Bu nusga Hojaly Myratberdi oglunyň 1913-nji ýylda ýazan “Gadymy taryh” atly makalasy bilen peýda bolýar. Magrupynyň “Bellidir” diýen şygry “Закаспийская туземная” gazetiniň 1917-nji ýyldaky sanlarynyň birinde hem çap edilipdir. A.N.Samoýlowiçiň Magtymgulynyň goşgularyny aýyl-saýyl etmekdäki bitiren hyzmatlarynyň bahasyna ýetip bolmaýar. Ol asyryň başlaryndaky ýazgylarynyň birinde şeýle setirler galdyrypdyr: “Magtymgulynyň diwany hakyndaky meselä ikilenç gaýdyp gelmezlik üçin men diňe özümiň syýahatymyň we Peterburga gaýdyp gelenimden soň, ol hakda maňa mälim bolan zatlary gysgaça aýdyp geçmekçi. Meniň elime düşen iň uly diwanda 129 aýdym bar. Bu ýygyndy 1896-1897-nji ýyllar diýip bellenilipdir we ol maryly teke Mämmet Oraza degişlidir. Ol muny maňa sowgat berdi. Şol teke maňa Magtymgulynyň has köne golýazmasynam berdi, onda şahyryň 40 aýdymy bar. Ony 1902-nji ýylda alypdym. Maryly Baýmuhammet içinde 55 aýdym bolan bir köne golýazma berdi. Şu 3 golýazmany beýleki 4 golýazma bilen deňeşdirip, umuman... 190-a golaý Magtymgulynyň özbaşdak aýdymlaryny düzdüm.” Magtymgulynyň şygyr sanyny anyklaýan döwründe alymyň di¬ňe elipbiý tertibinden ugur alandygyny aýtsak, onda şo wagtky rus alymynyň nähili agyr işe girişendigine göz ýetirse bolar. Ol bu kyn işiň hötdesinden abraý bilen gelipdir. Soň ol, 1922-nji ýylda Stawropol türkmenleriniň arasynda bolup, beýik şahyryň ýene-de birentek goşgularyny ele salypdyr. Şeýdip alymyň toplan goşgularynyň sany 222 bolupdyr. Bulardan başga-da, Samoýlowiçiň Magtymgulynyň goşgularynyň görkezijisini hem metbugatda çap etdirendigini-de aýtmak gerek. Türkmen alymy D.Nuralyýewiň adalatly belleýşi ýaly, “Nähili iş alyp barsa-da, Samoýlowiçiň esasy hyzmaty Magtymgulyny düýp¬li öwrenmegi maksat edinmegindedir”. Beýik şahyryň eser¬leriniň ilkinji gezek tankydy tekstini düzmek üçin birnäçe deslap¬ky işleri geçire¬nem, tekstologiýa ylmy ýola goýulmazdan hiç bir şahyryň döredijiligini düýpli öwrenmek bolmajagyny kesgitlän hem A.N.Samoýlowiçdir. “Türkmen edebiýatynyň taryhy boýunça oçerk¬ler” akademigiň ¬türkmen edebiýaty boýunça eden iň bir saldamly işidir. Alym bu işinde gadymy döwürlerden, goňşy halklaryň edebi gatnaşyklaryndan söz açyp, çuňňur ylmy garaýşy, teoretiki pikirleri öňe sürýär. Wagtyň ¬geçmegine garamazdan, bu iş birjik-de öz ähmiýetini ýitirenok. Türkmen edebiýatçy alymlar bu işe häli-şindi ýüzlenýärler. Gürrüňimiziň şu ýerinde, Samoýlowiçiň türkmen dosty Hojaly mollany – Samoýlowiçiň öz aýdyşy ýaly, «türkmen edebiýatynyň çyn hossary» bolan Hojaly molla Myratberdi ogluny agzamagymyz gerek. Hojaly mollanyň aladasy bilen Samoýlowiç türkmen edebiýatyna dahylly köp maglumatlary ele salypdyr. Bu gös-göni Magtymguly bilen hem berk baglanyşyklydyr. Ýeri gelende aýtsak, Hojaly mollanyň özüniň hem Magtymguly dogrusynda makalalar bilen ýerli gazetde çykyş edendigi bize mälimdir. Hojaly mollanyň «Zakaspiýskaýa-tuzemnaýa gazetada» (1917-nji ýylyň 25-28-nji ýanwary) «Magtymguly» atly makalasyndan bir bölejik mysal: «Magtymguly özi gökleň türkmenleriniň gerkez diýgen tiresinden ermiş... Magtymguly öz obalarynda bolan mekdep-medresede okapdyr. Owwalymjy alymyň ýedi ýaşda öz goňşy mollasynda okapdyr. Emma özi zehini päk bolany sebäpli, tiz-tiz mollassynyň aýdan sözlerini biler. Soňra bu oglan gaýra mollaga gitdi ... Indi Magtymguly gezen ýerlerinde her jüre ýagşy sözleri ýazmaga başlady. We ondan bilip, her bir zadyň bolşuny ýazdy... köp zatlary bilýärdi. Ol her ýerlerini saparçylyk edip gezdi. Mysal: Eýrany, Turany, Hywany, Buharany we gezen ýerlerinde näme ajaýyp, garaýyp zat görse, ýazardy... şonuň bilen köp depder düzdi. Emma Alla tagala buýrugy birle ahyrda öz öýünde, hossary içinde wepat boldy». Magtymguly hakynda türkmen dilinde ýazylan ilkinji makalanyň awtory Hojaly molladyr. Şeýle makalanyň ýazylmagyna hem Sa-moýlowiçiň täsiri bardyr. Indi birki agyz akademik A.N.Samoýlowiçiň ömür ýoly ha¬kynda. On dokuzynjy asyryň ikinji ýarymy türkologiýa ylmyny ýüze çykardy. Şonuň bilen bir hatarda türkologiýa hem ýetişip başlady. A.N.Samoýlowiçiň 1880-nji ýylda Nižniý-Nowgorod şäherinde mekdep mugallymynyň maşgalasynda dünýä inendigini, 1899-njy ýylda orta mekdebi kümüş medal bilen tamamlandan soň, Peterburgda Gündogar dilleri fakultetine girip, onuň arap, pars, türk bölümini altyn medal bilen gutarandygyny ýazypdyk. Ol 1900-njy ýylda Stambula gidýär. Bu syýahat onuň turkologiýa ylmyna büs-bütin berilmegine sebäp bolupdyr. 1902-nji ýylda Kaspi deňziniň töweregindäki türki halklaryň arasyna we türkmen obalaryna syýahat edýär. Şol ýerlerde-de ilkinji ylmy ädimlerini ädipdir.Samoýlowiç derňewini türkmen halkyndan başlýar. Ol wagtlar türkmenleriň dili, edebiýaty, ýaşaýyş-durmuşy hakda az bilinýärdi.Samoýlowiç professor Melioranskiniň şägirdi bolmak bilen belli türkolog Radlow bilenem ýakyn hyzmatdaşlykda bolan. Ilkinji gezek 1912-nji ýylda Krym tatar mugallymlarynyň kursunda okadan. Soň Azerbeýjanda leksiýa beripdir. A.N.Samoýlowiçiň birinji syýahaty, ýaňy aýdyşymyz ýaly,1900-njy ýylda Stambuldan başlanypdyr. Mundan soň, Türkmenistan, Özbegistan, Krym, Kazan, Başgyrdystan, Garaçaý, bulgar, gumyk, Stawropol türkmenleriniň,Altaý halklarynyň arasynda bolýar. Bularyň birentegine bir däl, birnäçe gezek syýahat eden. Ol şol halklaryň gadymy we täze edebiýatlary, taryhy dogrusynda maglumatlar ýygnapdyr. Baran ýerlerinde türkologiýanyň meseleleri hakynda çykyş edipdir, leksiýalar okapdyr. Leningradyň Gündogary öwreniş institutynda mugallymçylyk edipdir. Krym, Azerbaýjan, Tatarystan ýaly respublikalarda leksiýalar okamagyny dowam etdiripdir. Türkologlaryň gurultaýlarynda, konferensiýalarynda täze elipbiý dogrusynda geçirilýän maslahatlarda çykyş edipdir. Leningradyň janly gündogar dilleri instituty Gündogary öwreniş institutyna öwrülende-de onuň uly guramaçylyk rol oýnandygy bellidir. Institutyň ýanynda açylan türkologlaryň seminariýasy-da hut Samoýlowiçiň başlangyjy bilen açylan. Bulardan başga-da, Leningraddaky Aziýa we rus muzeýleriniň işini ugrukdyrmakda-da ol gujur-gaýratyny gaýgyrmandyr. Ol Leningrad rus muzeýiniň etnografiýa bölüminiň müdiridi. Ylymlar akademniýasynyň ýanyndaky türkologiýa kabinetinde akademik Bartoldyň orunbasarydy. Onuň çap edilen ylmy işleriniň köp bolşy ýaly, çap edilmän, öz gezegine garaşyp ýatanlary-da äz däldi. Ol ylmy işleriň örüsi gaty giňdi: edebiýatyň taryhyna, dil bilimine, etnografiýa, medeniýetiň taryhyna, syýahata, ylym we magaryf, tankyt we bibliografiýa... dahylly meseleler onuň ylmy işleriniň bir ugrudy. A.N.Samoýlowiç geçen ХХ asyryň ýigriminji ýyllarynyň ahyrlarynda Aşgabatda ýy¬gy-ýygydan bolupdyr. Soň 1936-njy ýylda Aşgabatda geçirilen I lingwistik gurultaýa hem işeňňir gatnaşypdyr. Ferid Efendizada özüniň “Şiweçie” diýen makalasynda türkmen dili, türkmen medeniýeti türk diline, türk medeniýetine eýermese, ösüp bilmez diýip çykyş edýär. Türkmenistanda ruslara, umuman, Russiýa, Moskwa ýigrenç duýgusyny ýaýratjak bolup jan çekýär. “Meskewde türkmen okuw kursunda okaýan oglanlaryňyz okuwyny gutarandan soň, jübülerine “net bilen ýest” salyp geljekdirler, öz dillerini ýitirjekdirler” diýip wagyz edýär. Ojardan tagtany ýasap bolmaz diýýär. Türkmen diliniň we türkmen klassyk edebiýatynyň töwereginde şunuň ýaly bolgusyz gürrüň etmäge höwesekler az bolmandyr. Samoýlowiç şunuň ýaly nägilelik garaýyşlara hem öz wagtynda gaýtargy beripdir. Mysal üçin,akademigiň edebiýat üýşmeginiň Mary bölüminde eden çykyşy gönüden-göni çeper edebiýatyň diline, klassyk edebiýatyň ähmiýetine degişlidir. Onuň “Туркменоведение” žurnalynda çap edilen makalalary-da klassyk edebiýat baradaky ýaramaz pikirleriň garşysyna goýlandyr. Ylmy gözýetimi çuňňur A.Samoýlowiçiň bitiren hyzmatlary, gynansak-da, geçen ХХ asyryň otuz ýedinji ýylyndan tä altmyşynjy ýyllaryň başlaryna çenli döwürde hiç bir ýerde öwrenilmän gelnenligine garamazdan, ony tanaýan adamlar, onuň ylmyna tagzym eden alymlar onuň ýazan düýpli ylmy işlerini birjik-de unutmadylar. Onuň dile, folklora, etnografiýa... degişli ylmy işleri ýol görkeziji bolup hyzmat etdi. Mysal üçin, gazak alymlary XX asyryň ýigriminji ýyllarynda Gazagystanda akademiki edaralaryň döremeginde ilki bilen Samoýlowiçiň hyzmatyny minnetdarlyk bilen agzaýarlar. SSSR Ylymlar akademiýasynyň Gazagystan bölüminiň ilkinji başlygy hem A.N.Samoýlowiçdir.1927-nji ýylda SSSR Ylymlar akademiýasy tarapyndan gurnalan Gazagystan ekspedisiýasynyň antropologiýa toparynyň düzüminde bolup, Daglyk Altaý ülkesinde gazak halkynyň etniki taýdan ýaýraýşyny hem ylmy taýdan çuňňur öwrenipdir. Gazak sözüniň etimologiýasyny hem ylmy taýdan ilkinji öwrenen A.N.Samoýlowiçdir. Fersman, I.M.Gubkin, A.D.Arhangelskiý... ýaly uly alymlary gazak topragynyň baýlyklaryny öwrenmek işine çeken hem A.N.Samoýlowiçdir. A.N.Samoýlowiç Türkmenistan bilen bagly hem edil şunuň ýaly işleri amala aşyrypdyr. Bize Samoýlowiçiň baştutanlygynda Türkmenistanyň tebigy baýlyklaryny öwrenmek, ony halk hojalygynyň bähbitleri üçin ulanmagyň meselelerine bagyşalanan mejlisiň gün tertibini we şol mejlisiň stenografik ýazgysyny ele salmak başartdy. 1929-njy ýylyň 10-njy sentýabry Moskwada SSSR Ylymlar akademiýasynyň ýanyndaky Türkmenistan komissiýasynyň mejlisi bolupdyr. Onda Türkmenistany dürli ugurlar boýunça öwrenmek barada gürrüň edilipdir. Mejlisiň işine akademikler Samoýlowiç, Fersman, professorlar Bartold, Pawlowskiý, Filipçenko, Raýewskiý bilen bilelikde TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy Gaýgysyz Atabaýew hem gatnaşypdyr. Ilki bilen akademik Samoýlowiç çykyş edipdir: — Şu günki gürrüňimiz Atabaýewiň biziň öňümizde goýan meseleleri hakda bolar. Geçen gezekki mejlisde Türkmen medeniýetiniň ("Tуrkmenkult“-A.Ç.) biziň etmeli işlerimiziň bäşýyllyk planyna iberen jogabyna garapdyk. Ol mejlisiň protokolynyň kopiýasy Atabaýew tarapyndan ýaýradylypdyr. Ýaňy Atabaýew goýberilýän serişdäniň möçberi hakda biziň hemmämize habar berdi. Häzir bolsa, respublikada köne medeni ýadygärlikleri dikeltmek ugrunda alnyp barlan iş hakda maddy medeniýet akademiýasyndan Ýakubowskiý çykyş eder. — Biziň işgärlerimiz tarapyndan indi iki ýyldan bäri Köneürgençde iş alnyp barylýar. Işiň möçberi gaty uly, şeýle hem, örän çylşyrymly. Merwde-de dikeldiş işlerini dowam etdirmeklik göz öňünde tutulýar. Galyberse-de, Maşady-Misserianda-da gazuw işleriniň alnyp barylmagy gaty zerur. Bu iş Köneürgenji öwrenmek bilen baglanyşyklydyr – diýip, Ýakubowskiý aýdýar. Atabaýew söze goşulýar: — Biz bu mesele dogrusynda giňişleýin gürrüň edipdik. Şonuň üçinem gürrüňi uzaldyp oturman, maddy medeniýeti akademiýasynyň bu meseläni tizara gowy öwrenip, edilmeli işler hakda Türkmen medeniýeti ýa-da Türkmenistan hökümeti bilen ylalaşmagyny soramaly. Köneürgenje 5 müň, Merw üçin 1500, Maşady-Misserian üçin hem 1500 manat pul goýberiler. Akademik Samoýlowiç: — Bu işler üçin ozal Türkmen medeniýetiniň hem-de Türkmenistan hökümetiniň düzen smetasynda üç müň manat goýberilen ekeni. Ýene-de goşmaça bäş müň goýberiljek-dä ?– diýip soraýar. — Änewden daşgary ýene-de on müň manat pul goýberilýär. Akademik Samoýlowiç bu meseläniň çözülendigi hakda aýdyp, indiki meseläniň respublikanyň fiziki-geografiki ýagdaýyny öwrenmek hakdadygyny aýdyp, bu mesele dogrusynda Şerbakowyň çykyş edýändigini mälim edýär. Şerbakow bilen akademik Fersman Türkmenistana ilkinji ýola 1925-nji ýylda gelipdiler. Olar Garagumy aýlanyp, onuň astynda ummasyz baýlygyň ýatandygyna, ilkinji nobatda hem geografik kartanyň zerurdygyna göz ýetirdiler. Şu maksat bilen hem olar ikinji gezek ekspedisiýa guradylar. Topar Jebelden tä Hywa çenli aralyk ýoly geçdi. Emma olar basmaçylaryň çölde hereket edýändikleri sebäpli, yzlaryna dolanyp bilmändiler. – Häzir bizde Garaguma gitjek ekspedisiýanyň ähli etjek işleriniň plany taýýar. Ol ekspedisiýa tä Kelif Uzboýyna çenli ýol geçip, ol ýerleri gowy öwrener. Kelif Uzboýynyň ugruny öwrenmegimiz onuň Murgaba akandygy ýa-da akmandygy ýaly möhüm meseläni çözmegimize ýardam eder. Bu işler dogrusynda biz Ýer işleri komissarlygy bilen gepleşikler geçiripdik, emma gynansak-da, komissariat häli bu güne çenli bize jogap berenok – diýip, Şerbakow habar berýär. – Bu işler üçin näçeräk möçberde serişde gerek bolar? – diýip, Atabaýew ondan soraýar. – Ýigrimi müň manat töweregi. Şerbakow sözüni dowam etdirýär. – Kelif Uzboýyny öwrenmek işleri örän möhüm mesele. Geljek ýyl biz demirgazyk Garagumy öwrenmegi göz öňünde tutýas. Şasenemiň galasynyň ýanynda köl bar. Bu raýonyň tutuş Garagumdan tapawutly ýerleri bar. Ine, şu dört sany ekspedisiýany gurap bilsek, biz onda Garagumuň takyk kartasyny düzüp bileris – diýip, Şerbakow sözüni tamamlaýar. Atabaýew ondan: – Günorta Garagum hakda hiç zat aýtmadyňyz. Ol plana gireňokmy? – diýip sorapdyr. – Ol hakda gürrüň gozgamanlygymyň sebäbi bar. Professor Dubinskiniň bu raýon hakda örän täsin işleri bar. O ýerler hakda heniz çap edilmedik işlerem ýatyr. Ol işler Wodhozda. Günorta Garagumda alnyp barylmaly işler düýbünden başgaça. Aýdaly, ol ýerde ykdysady geografiýanyň maksady bilen baglanyşykly işler alnyp barylsa-da bolar. Geçen gezekki mejlisde Türkmenistanyň fiziki-ykdysady geografiýasyna degişli işleri neşir etmek hakda mesele gozgalypdy – diýip, Atabaýew gyzyklanýar. – Meniň pikirimçe, häzir bu meseläni orta atmak irräk. Golaý wagtda biziň taýýarlan “Türkmenistan” atly ýygyndymyz neşir edilýär. Gürrüňe Fersman goşulýar. – Birinji wezipe ekspedisiýanyň başlan işlerini soňuna çenli dowam etdirmeli. Ikinji wezipe bolsa toplanan maglumatlaryň esasynda gowja bir okuw kitaby görnüşinde iş neşir etmeli. Atabaýew: – Biz bu tebigy baýlyklarymyz hakda örän ujypsyz zat bilýäs. Şonuň üçinem bize bu işde zerur kömek bermegiňizi soraýarys. Siz, ine, iki ýyl mundan öň Garagumda kükürdiň uly zapasynyň üstüni açdyňyz. Biz indi ol ýerde äpet uly kärhana gurýas. Çelekende-de birgiden baýlyklaryň bardygyny açdyňyz. Munuň üçin köp sag boluň! Bizi biynjalyk edýän başga bir mesele. Suwuň türkmen topragy üçin nähili zatdygy barada size düşündirip oturjak däl. Ýöne meniň sizden etjek haýyşym, suwy, heý bolmanda,Üçaja getirmegiň ýollaryny çözmek barada. Eger-de suw Üçaja, soňam demir ýol liniýasyna golaý getirilen ýagdaýynda300 müň gektar ýeri özleşdirmäge bize mümkinçilik berer. – Biz hem şeýle pikirde – diýip, professor Gluşkow söze goşulýar. – Suwuň ugry Üçaja tarap öwrülse amatlymy, ýa-da ondan sagrak tarapa?! – Elbetde, Üçaja tarap. Bu biziň üçin gaty ähmiýetli. – Bu meseläni Aşgabatda hem çözüp bolar – diýip, Fersman goşulýar. Gidrogeologiki maksatlar üçin goýberilen serişdeden çykylmasa ýagşy. Köpetdag üçin 53 müň töweregi, Garagum üçin 48 müň, Başsaka stansiýasy üçinem 50 müň manat smetada tassyk edilen. – Size mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda şor suwly köller az däl. Günüň kömegi bilen şony agyz suwy hökmünde ulanmak meselesi nähili ýagdaýda? – Atabaýewiň bu sowalyna Fersman jogap berýär: – Bu meseläniň üstünde işlemek üçin akademik Ioffe eýýäm işe girişdi. Belli bir iş edilensoň, bu mesele hakda siziň bilen maslahatlaşarys. Akademik Samoýlowiç indiki garaljak meseläniň respublikanyň ösümlik dünýäsini öwrenmek hakdaky meseledigini aýdýar. Bu hakda professor Makuşenko çykyş edýär. – Garrygalada bölüm döretmek hakda ozal professor Pisarew Atabaýew bilen gepleşik geçiripdi. Ýöne iş birneme gijikdirildi. Çünki täze dörediljek bölümiň ýerini anyklamak üçin gitmeli adamlaryň biri Popow Hytaýdan gelýärkä, ýolda aýagyny döwdürip, Almaatanyň keselhanasynda ýatyr. Häzir Garrygalada biziň wekilimiz Kobelew bölümiň haýsy ýerde gurnalsa gowy boljakdygy hakda gyzyklanyp ýör. Geçen ýyl şol ýerde kauçugy ösdürip ýetişdirmek işini ýaýbaňlandyrmak hakda käbir synanyşyk etdik. Bu ösümligiň ösmegi üçin o ýeriň amatly gyşy bar. Şeýle hem, probkowoý dub hakda-da iş alnyp baryldy. Garrygaladaky tejribe stansiýasy bu işi öz üstüne alýar. Onsoňam Parhaý jülgesi onuň üçin örän amatly ýer. Biz başga peýdaly ösümlikleriň ösdürilmegi hakda-da alada edýäs. Gury subtropik ösümlikleriň daýanç punkty hökmünde türkmen bölümini döretmek pikirimiz hem ýok däl. Ýöne Aşgabatda Botanika bagyny döretmek hakdaky gürrüňe käbir hä beresimiz gelenok. Çünki Aşgabadyň gyşy sowuk bolýar. Käbir subtropik ösümlikler ilkinji gyşda heläk bolar. Eger-de şol bag Garrygalada dörediläýse, onda biz bu işiň çaltlandyrylmagyna öz goşandymyzy goşarys. Professor Fedçenko onuň soňky pikirine goşulmaýar. – Makuşenkonyň ýaňky adyny agzan ýerlerine men gaty belet – diýip, professor aýdýar. – Botanika bagynyň saýlanyp alnan ýeri hakda hiç hili säwlik goýberilenok. Aşgabat bagy hakda edilen iş az däl. Ýöne daşary ýurtda ýerleşýän botaniki baglar bilen aragatnaşygy ýola goýmak gerek. – Institutyň Repetekdäki hem-de Garrygaladaky işlerine diňe guwanmaly. Geljekde-de işleriň şeýle terzde alnyp barylmagy üçin institutyň ýanynda alymlar soweti döredilse gowy bordy – diýip, Şerbakow goşulýar. Professor Gluşkow: – Gaty dogry pikir. Repetekde başga işler bilen bir hatarda guýulaň ýagdaýy bilen gyzyklanylaýsa-da kem bolmazdy . Bu meselede-de gürrüň bir ýere jemlendi diýen äheňde akademik Samoýlowiç ýerinden turdy. – Repetek stansiýasy hakdaky mesele aýdyňlaşaýdy öýdýän. Botaniki bagy hakda aýdylanda bolsa, bu meseläni çözmegi Türkmen medeniýetiniň özüne goýalyň. Soňra ol tokaý hojalygy meselesine garaýandygyny mälim edýär. Elbetde, şo günki mejlisiň uzaga çekendigi öz-özünden düşnükli.Garalýan meseleler köpdi. SSSR Ylymlar akademiýasynyň Türkmenistan komissiýasynyň başlygy A.N. Samoýlowiçiň her bir güni ine, şeýle wakalardan doludy. Aşgabatda 1936-njy ýylyň 18-nji maýynda birinji lingiwistik gurultaýy agşam sagat 7-de TSSR MIK-niň maslahat zalynda açylypdyr. TSSR Halk Komissarlar Sowetiniň başlygy G.Atabaýew gurultaýy açypdyr. Gurultaýyň prezidumynyň düzümine 26 adam girizilýär: Popok, Anna Muhammedow, Aýtakow, Sähedow, Firsow, Bogdanowa, Täçnazarow, Armydow, Döwlet Mämmedow, akademik Samoýlowiç, professor Bertels, prof. Zarubniý, prof. Byhowskaýa, prof. Poseluýewskiý, Tagizade (Azerbaýjan), Emirow (Özbegistan), Ysmaýyl (Täjigistan), Hajybekow (Dagystan), Başmanow (Gyrgyzstan), Amantaý (Başgyrdystan), Amansähedow (Çärjew), Baýnazarow (diwiziýa syýasy bölüminiň naçalnigi), Gurtmyradow, Täşli Annamyradow. Akademik Samoýlowiçiň gurultaýyň şowly geçmegi, onuň netijeli bolmagy üçin nähili tagallalar edendigini onuň bu gurultaýdaky çykyşy hem güwä geçýär.Görnükli alymyň Türkmenistanyň ähli tarapdan ösdürilmegi barada alyp baran işlerini dolulygyna açyp görkezmek niýeti bilen akademigiň gurultaýdaky çykyşyny kem-käs gysgaldyp,mysal getirmegi makul bildik: "Orfografiýa boýunça edilen doklady örän dykgat bilen ara alyp maslahatlaşmagyň netijesinde, bu mesele gurultaýda pugta derňelip, belli-külli kanuna salmagyň ýoly açyldy. Maňa köp aýdyp oturara zat galmady. Orfografiýa meselesi boýunça türkmen mugallymlarynyň, sowet edebiýaty işgärleriniň, medeni frontda göreşýänleriň gurultaýa işeňňir gatnaşyp, diňe bir uly howes däl, hatda bu ugurda pugta taýynlyk görenliklerini men aýdyp geçmelidirin. Şunuň bilen birlikde bu gurultaý bütinsoýuz boýunça dil gurluşygynyň täze taglymatynyň näçe mukdarda giň ýaýramagyny görkezdi. Bu taglymaty özleşdirmek ugrunda täze elipbiýiň Bütinsoýuz Merkezi Komiteti we milli respublikalaryň täze elipbiý Merkezi Komitetleri köp iş görüpdirler. Men şu ýerde, prof. Poseluýewskiniň doklady, dil hakyndaky täze taglymaty giň suratda ulanylýar diýip, ýol. Wozroždýonowyň aýdan sözi bilen razylaşýaryn. Emma bu synagyň biziň soýuzymyzda birinji däldigini aýtjak. Elbetde, meniň bu aýdan sözüm edilen işleriň ähmiýetini azaltmaýar. Mysal üçin, Gazagystanda dil gurluşygynyň öz teoretiki bazasy bolan kafedrasy bar, oňa hem akademik Marryň şägirdi Jubanow ýolbaşçylyk edýär. Dil hakyndaky täze taglymaty, 1934-nji ýyldaky Krym dil konferensiýasynyň işi üçin hem ýagşy rol oýnady. Ylymlar akademiýasynyň akademigi Marr adyndaky Dil we pikir institutynyň wekili professor S.L.Byhowskaýa, professor Poseluýewskiniň işiniň üstünliklerini gysgajyk, emma manyly suratda görkezip geçdi we şunuň bilen birlikde prof. Poseluýewskiniň işindäki hemme esasy kemçilikleri görkezip geçmeli. Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynyň wekili bolup gelen S.L.Byhowskaýanyň pikirine goşulýaryn. Birnäçe ýoldaşlaryň proýektiň punktlary boýunça öz pikirimi aýtmagymy isleýänlikleri sebäpli, men dürs ýazuwyň proýekti hakynda birnäçe söz aýtmagy borç bildim. ... Türkmen diliniň häzirki wagtda ösýänligini nazarda tutup,men elipbiden “х” harpyň aýrylyp, “h” harpynyň galmagy hakynda birnäçe ýoldaşlaryň pikirlerine goşulýaryn. Birnäçe wagtdan soň “х” harpynyň täzeden alynmagy hakynda meseläniň goýulmagy mümkin bolsa-da, häzir ony aýyrmak laýyk. Ýöne türkmen medeni işgärlerinden biriniň “ýoldaş“ ýaly sözlerde“o” harpynyň başky sesden daşlaşdygyça özüniň ähmiýetini ýitirýänligi we “a” harpyna ýakynlaşýanlygy hakynda aýdan sözi dogry. Men entek student wagtyndakam muny ilki bilen teke dialektinde eşitdim. Eger sözüň hemme bogunlarynda “o” harpyny aýtjak bolsak, ol dogry bolmaz. Proýektiň singarmonizme degişli bolan hemme punktlaryna täzeden seretmeli we gysgaltmaly. Ikinji tarapdan bolsa, “elejik” ýaly sözlerde soňky “k” harpynyň gaçmagy hem mümkin. Men Türkmenistanyň edebi işgärleriniň we başga respublikalardan gelen wekilleriň düşümler boýunça sözüň üýtgemeginde assimiliýasiýa eşidilşini dürs ýazuwda ýazmak işi fonetik prinsipine tarap artykmaç gyşarmaklyk bolýar diýip aýdan sözlerine goşulýaryn. Ýöneliş düşüminde açyk ses bilen gutarýan sözüň, meselem, “partiýa” diýen sözüň aýagynda “ga” goşulmasynyň alynmagy hem laýyksyz däl. Men, öz sözümi gutarmazdan ozal şuny aýtmagy borç bilýärin: dil gurultaýyndaky teoretiki meseleler bilen tanyş bolmakda Türkmenistanyň medeni işgärleriniň gazanan üstünliklerini belläp geçmek bilen diliň ep-esli yza galýanlygyny hem aýtmak gerek. Bu, türkmen medeni merkezleriň ylmy-derňew edaralarynyň günäsidir. Öz-özüňi tankytlamak ýoly bilen, şu wagtlara çenli biziň milli respublikalarymyzda dil gurluşygynyň taýyn teoretiki bazasy bolar ýaly, biz ylmy-derňew işlerimizi, ylmy suratda peýdalanyp bilmedik. Biz bu gurultaýda türkmen diliniň orfografiýasyny we adalgalaryny berk resmileşdirmek bilen kanagatlanmagy däl, (gurultaýyň muny berjegine men ynanýaryn, emma bu az) biz bu gurultaýda Türkmenistanyň dil frontunyň işgärleriniň bilim taýýarlygynyň has tiz we ýokary derejede ösmegini üpjün etmelidiris. Iki ýol bellenilýär: birinji – lingwistik işgärleriň hünärini artdyrmak üçin kurs açmak. Bu hili kurslar Dagystanda we başga respublikalarda açyldy. Ikinji – dil gurluşygy ugrunda has işeňňirlik bilen işleýän işgärlere, abraýly hünärmenleriň ýolbaşçylygy astynda özleriniň ylmy-derňew işlerini gutarar ýaly we medeni merkezlerde işläp, özleriniň hünärlerini artdyrar ýaly 2-3 aýlap, hatda käte 5-6 aýlap ylmy komandirowkalara ibermek gerek...” Akademik Samoýlowiçiň birinji lingiwistik gurultaýda eden gysgajyk çykyşyny giňişleýin mysal almagymyz ýöne ýerden däl. Şol gurultaýdan soňam elipbiý meselesi bilen bagly dilimiziň ýazuw kanuny birnäçe gezek özgerilişiklere sezewar edildi. Elbetde, her gezekki geçirilen dil reformasynyň öz kynçylyklaryny döredýändigini hem nazardan düşürmeli däl. Olaryň şowly we şowsuz taraplary medeni durmuşymyzda öz yzyny çoýýar. Häzirki günlerimizde-de akademik Samoýlowiçiň ýüz ýyla golaý mundan öň dil barada aýdan sargytlarynyň birjik-de ähmiýetini ýitirmändigini aýtmalydyrys. Her bir diliň öz arassalygyny ýitirmeli däldigi belli hakykatdyr. Ýöne halkyň durmuşy bilen şol halkyň diline ymykly giren alynma sözler babatda oňaýsyz kesgitli bir netijä gelmegiň özüniň gülkünç ýagdalaryň üstünden eltjegi weli, açyk hakykatdyr. Muňa mysal az däl. Meselem, ХХ asyryň togsanynjy ýyllarynda türkmen dilini arassalaýarys bahanasy bilen ýazuw dilimizde we gepleişigimizde giňden ulanylan alynma sözleriň–rus we internasional sözleriň aşa türkmençeleşdirilmegi, hatda şiwe sözleriniň ulanylmagy aýdanlarymyza mysal bolup biler: sintetika- zypdurun,tank—müňzeýän, traktor—tar-tar, reklama-mahabat, futbol-aýak top, basketbol-tor top... başga-da şulara meňzeş onlarça sözler Dil we edebiýat institutynyň şol wagtky ýolbaşçylary filologiýa ylymlarynyň kandidatlary K.Nurbadow bilenM. Saryhanowyň meselä jogapkärçiliksiz çemeleşendikleriniň neijesinde halka hödürlenilipdi. Bu örän derwaýys meselä şowsuz çemeleşmegiň ýaramaz subutnamasydyr. D.Nuralyýewiň 1971-nji ýylda neşir etdiren “Akademik A.N.Samoýlowiç türkmen edebiýaty hakynda” atly kitabynyň “A.N.Samoýlowiçiň türkmen halk döredijiligine garaýyşlary” atly çaklaňja bölüminde görnükli alymyň türkmen halk döredijiligine, aýratyn-da onuň nakyl, matal, erteki ýaly žanrlaryny öwrenmekde ulanan ylmy usulyny anyklaman, olara bolan garaýşyndaky üstünlikler bilen bir hatarda käbir nätakyklyklary, garşylyklary hem bärden gaýtmalary ýüze çykarmak ýaly türkmen folkloryny öwrenmegiň şu güni üçin hem möhüm ýagdaýlaryň töwereginde öwrüm edýär. Bu belli akademigiň tutuş türkmen edebiýaty, onuň käbir teoretiki meseleleri hakyndaky hyzmatlaryna hem baha berilýär. Ýöne D.Nuralyýewiň “A.Samoýlowiç biziň folklorymyzyň we edebiýatymyzyň hiç bir meselesini öz öňünde ymykly goýup bilmedi. Ol hiç bir žanry yzygiderli, hemmetaraplaýyn işlemek mümkinçiliginden mahrumdy. Çünki material, esasan, material ýetmezçilik edýärdi: galyberse-de, bu ugurda onuň ýeke özi işlemeli bolýardy...” diýen sözlerinde nätakyklyk bardygy görnüp dur. D.Nuralyýew ady agzalan kitabynda Samoýlowiç hakynda ýaňky aýdan pikirine öz-özi garşy çykýar. Mysal üçin, “Diňe “Jeňnama” eserine ýazylan işi has sistemaly, her taraply derňew hasaplamak mümkin” (30-njy sah.). Ýene-de: “1915-nji ýylda Samoýlowiç türkmen şahyry Abdysetdar Kazynyň “Jeňnama” eseri boýunça magistrlik dissertasiýasyny üstünlikli goraýar. Onuň resmi opponenti meşhur taryhçy W.W.Bartold işe ýokary baha berýär (96-njy sah.). Eýsem-de bolsa, bu sözler A.N.Samoýlowiçiň “... edebiýatymyzyň hiç bir meselesini öz öňünde ymykly goýup bilmedigi” baradaky pikire çapraz gelýär. Görnükli alymyň türkmen edebiýaty boýunça hem iňňän köp material toplandygyny görmek bolýar. Munuň gabarasyny göz öňüne getirmek üçin D. Nuralyýewiň aşakdaky tassyklamasyna salgylanmak hem ýeterlik: “Elbetde, biziň edebiýatymyzyň öwrenilişiniň ilkinji döwürleri üçin Samoýlowiçiň bu toplan materiallary onuň öz mümkinçiliklerinden-de, şol döwrüň şertlerinden-de köpdür. Bu jähtden Samoýlowiç uçursyz kän zähmet siňdirip bilipdir” (59-njy sah.). Biziň pikirimizçe, bu sözleri A.N.Samoýlowiçiň gönüden-göni türkmen folklory bilen baglanyşykly alyp baran işleri barada hem gaýtalamak mümkin. Muňa folklory öwreniji alym Ş.Halmuhammedowyň A.N.Samoýlowiçiň Sankt-Peterburgyň (Leningrad) M.Ý.Saltykow-Şedrin adyndaky jemagat kitaphanasynyň golýazmalar bölüminde saklanylýan arhiwiniň (fond-671) diňe bir çeşmesinden 165 nakyly, 117 mataly, onlap sanawaçdyr degişme bentlerini we dürli häsiýetdäki maglumatlary ýazyp alandygy hakdaky habar hem şaýatlyk edýär. Alymyň habar bermegine görä, wagtyň juda çäkliligi zerarly göçürmäge ýetişmän, häzirlikçe, diňe ýakyndan tanyşmak bilen kanagat etmeli bolan folklor nusgalary hem kän eken. Olaryň jemi möçberi 480 sahypa (materiallaryň aglabasy, hersi aýratynlykda kartoçka kysymly kagyz bölejiklerine ýazylyp, tertip boýunça belgilenen) barabar. A.N.Samoýlowiçiň “Zakaspi türkmenleriniň matallary rusça terjimede (türki taýpalarynyň matallarynyň bibliografiýasy boýunça materiallary goşmak bilen)” atly kitaby1909-njy ýylda Sankt-Peterburgda neşir edilipdir. Kitabyň başynda alym bu matallary 1902-nji we 1906-njy ýyllarda toplandygyny, olaryň aglabasynyň türkmenleriň Ahal we Merwdäki teke tiresine degişlidigini (ol matallaryň birnäçesini Çeleken adasyndan ýazyp alandygyny-da aýdýar-A.Ç.) habar berýär. Ýygyndyda aýry-aýry temalar boýunça 157sany türkmen halk mataly (çözgütleri bilen) A.N.Samoýlowiçiň öz terjimesinde berlendigini,onuň “Goşmaçasynda” türki taýpalaryna degişli matallardan 38 sany nusga ýerleşdirilendigini folklorçy alym Ş.Halmuhammedow ýokarda agzalan makalasynda ýazypdyr. Alym 1902-nji we 1907-nji ýyllarda 5 aýlap Zakaspi türkmenleriniň, hususan-da, Ahal we Merw tekeleriniň, Ýolöten saryklarynyň, Çeleken ýomutlarynyň we ogurjaçylaryň, Amyderýa boýundaky salyrlaryňarasynda bolup maglumat ýygnapdyr. Alym matallary diňe Merwden, Ahaldan, Çelekenden ýazyp alypdyr. Olaryň jemi 180-e barabar. Ýöne alym olaryň hemmesini çapa hödürlemändir. Diýmek, A.N.Samoýlowiç türkmen halk döredijiligini žanrlar boýunça neşir etmek niýetiniň, iň bolmanda bir bölegini – matallary özbaşyna ýygyndy edip çykarmagy amala aşyryp bilipdir. Alymyň “Живая старина” žurnalynyň (1912 ý. №1-2) sahypalarynda bir wagtyň özünde 16 sany türkmen halk ertekisiniň gysgaça mazmunyny çap etdirendigi-de bu aýdylanyň mizemez bir delili. Samoýlowiçiň 1902-nji ýylda Ahalyň I Gökdepe, 1906-njy ýylda Merwiň Agyrbaş hem Çelekeniň Garagol obalarynda, 1908-nji ýylda Hywa hanlygynda, 1912-nji ýylda bolsa Stawropol türkmenleriniň arasynda bolanlygy barada maglumatlar bar. "A.N.Samoýlowiçiň asylly arzuwlaryny dolulygyna amala aşyrmaga ýetişmändiginiň sebäbini diňe “material ýetmezçiligine” we “bu ugurda ýeke özüniň işlemeli bolandygyna” syrykdyrmak ýeterlik däldir. Munuň has düýpli sebäpleriniň bardygyny folklorçy alym Ş.Halmuhammedow ýokarda ady agzalan makalasynda ynandyryjy maglumatlar bilen delillendiripdir. Alymyň nygtaýşy ýaly, bir tarapdan-a A.N.Samoýlowiçiň alyp baran ylym, guramaçyk hem jemgiýetçilik işleriniň juda giň gerime eýe bolandygy, şeýle hem, Staliniň şahsyýet kultunyň meşhur alym üçin hem heläkçilikli bolandygydyr. Samoýlowiç 1937-nji ýylda Kislowodskide öz aýaly bilen saglygyny bejerdip ýören wagty nähak tutulup, 1938-nji ýylyň 13-nji fewralynda 58 ýaşa gadam basan döwri (ol 1880-nji ýylyň 17-nji dekabrynda dünýä inýär) ömür tanapy üzülýär. XX asyryň başlarynda Kakajan Berdiýew diýen bir türkmen ýigidi Peterburgda okapdyr. Ş.Halmuhammedow makalasynda bu hakda Samoýlowiçiň şeýle sözlerini getiripdir: “1910-njy ýylyň güýzünde Peterburg uniwersitetiniň ýuridiki fakultetine ýokary ýewropa bilimini almaga höwes bildiren ilkinji türkmen, merwli tekeleriň togtamyş böleginiň beg bölünişiginden bolan Kakajan Berdiýew girdi. Şonuň ýardam bermeginde men özümiň 1902-nji we 1906-njy ýyllarda türkmenleriň etnografiýasyna degişli toplan materiallarymyň üstüni ýetirmäge mümkinçilik tapdym”. Şu ýerde Kakajan Berdiýewiň 1932-nji ýylda "Türkmen azatlygy“ atly kontrewolýusion guramada durdy diýen galp töhmet bilen tussag edilendigini bellemekçi. Bu iş bilen 30-dan gowrak adam jenaýata çekilipdir. Olaryň arasynda B.Kerbabaýew, G.Burunow hem bardy. Kakajan Berdiýewiň kakasy Emir Berdiýew, onuň ogullary Bekgi Berdiýew, Bapby Berdiýew hem töhmetiň pidasy bolupdylar. Şu setirleriň awtory ilkinji türkmen dilçileriniň biri, 1926-njy ýylda Baku şäherinde geçirilen birinji Bütinsoýuz gurultaýyna gatnaşyp, onda türkmen diliniň meseleleri hakda çykyş eden Bekgi Berdiýewiň keç ykbaly barada ilkiji gezek metbugatda çykyş edipdi . 1952-nji ýylyň noýabrynda Bekgi Berdiýew bilen gürrüňdeşlik geçirilende (elbetde, organ işgärleri bilen) 1925-1931-nji ýyllarda ýazan "Türkmenleriň taryhynyň oçerkleri“ we "Rusça-türkmençe sözlük“ ýaly işleriniň golýazmalarynyň Daşkent şäherinde ýaşaýan öz garyndaşy Akmämmet Orazlyýew bilen Özbegistan SSR Ylymlar akademiýasynyň işgäri Walentina Wladimirowna Maşkowada saklanýandygyny habar beripdir. Ýeri gelende aýtsak, B.Berdiýew Türkmen medeni we edebi institutyny döredenleriň biridir, onuň ilkinji ýolbaşçysydyr. Kakajan Berdiýewiň ogly Iosifiň hem ХХ asyryň altmyşynjy ýyllarynda Bütindünýä Olimpiadasynyň çempiony bolandygyny hem ýüzugra aýdyp geçeliň! Görnükli gündogarşynasyň 1927-28-nji okuw ýylynda türkologiýa boýunça alyp baran seminar sapagyna Ç.Kulyýew, A.Nyýazow, A.Gelenow, M.Meredalyýew, Annamyradow, Ezizow, E.Annaýew, Gulmuhammedow, D.Ýomudskaýa ýaly türkmen ýaşlary gatnaşyp, alymyň leksiýasyny diňläpdirler. Türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda bahasyna ýetip bolmajak hyzmat bitiren Aleksandr Nikolaýewiç 1916-njy ýylyň 14-nji iýunynda akademik I.Ý.Kraçkowskä ýazan hatlarynyň birinde “...men Mejnun, Türküstan bolsa Leýli, Daşkent hem owadan bir gözeliň aýasyndaky göwher daşydyr. Gör, nähili akylyňy haýran ediji bagt!” diýip, ýazmak bilen özüniň Gündogary jany-teni bilen söýendigini ýüreginden syzdyryp ýazypdyr. Öz mugallymy P.M.Melioranskiniň maslahaty bilen student A.Samoýlowiç türkmen dilini öwrenmek hem-de diplom işi üçin maglumatlar toplamak üçin uzak Zakaspi oblastyna gaýdypdyr. Ol Sankt-Peterburgdan demir ýol bilen Daşkende, Çärjewe, Aşgabada, Krasnowodskä aşmak üçin ýolda bir aýyny geçiripdir. Zakaspide bolan iki aýynyň içinde ertekileriň, nakyllardyr matallaryň uly toplumyny ýygnapdyr. Bu materiallar hem onuň türkmen diliniň teke gepleşigi hakdaky diplom işiniň esasyny düzüpdir. Sankt-Peterburg uniwersitetiniň Gündogar dilleri fakultetinde diplom işiň awtorynyň özbaşdak ylmy işe bolan başarnygynyň we söýgüsiniň ýüze çykmasy hökmünde garap, öwrenilýän obýektiň ýeňil däldigine garamazdan, onuň türkologiýa ylmynda gazanan üstünligi aýratyn bellenilipdir. Belli gündogarşynas alym I.Ý.Kraçkowskiý soň-soňlaram ýarym degişme bilen oňa “beýik türkmen öwrenijisi” diýýän ekeni. 1906-njy ýylyň 16-njy maýynda P.M.Melioranskiniň aradan çykmagy ýaş alymyň durmuşynda hasratly wakalaryň biri bolýar. Şol ýylyň tomsunda A.N.Samoýlowiç ikinji gezek Türküstana syýahata ýola düşýär. Bu gezek onuň Zakaspä syýahaty ýolda geçirilen 2 aýy hasap etmeseň, bir hepdesi kem 4 aýa çekipdir. Onuň 3 aýyny ol Amyderýanyň günorta tarapynda, 3 hepdesini hem derýanyň demirgazygynda – Daşkentde, Samarkantda we Buharada geçiripdir. Ol 1906-njy ýylyň 8-nji dekabrynda Merwden W.W.Bartolda ýazan hatynda: "Ýolötende men gyzdyrma keseline uçradym. Beterlemeziýaly, men bu ýerden Samarkanda gaçyp gitmäge mejbur boldum” diýip ýazýar. Samoýlowiçiň bu gezekki - 1906-1907-nji ýyllardaky syýahatynyň maksady 1902-nji ýyldaky syýahatyň dowamydy, ýagny türkmen dilini gowy öwrenmek we türkmen halk döredijiliginiň nusgalaryny köpräk toplamakdan ybaratdy. 1906-njy ýylyň 1-nji sentýabtynda onuň W.W.Bartolda habar berşi ýaly, ol entek diňe teke dialektine, umuman, türkmen dilinde gepleşişlerine üns beripdir. Şol hatynda Samoýlowiç alym dostuna ertir Merw uýezdiniň Agyrbaş obasyndan çykyp, Merw şäherine barjakdygyny ýazýar: “Ertire garaşman, şähere baranymdan soň, munuň ýaly pursat bolarmy-bolmazmy, haty poçta tabşyryp, teke obalarynyň jümmüşine tarap ýola düşjek. Meniň lingwistik sapaklarym hakda aýdylanda bolsa, teke we umuman, türkmen gepleşigini üns berip diňleýärin, bu obalarda teke, ärsary, kerkili salyrlardan başga-da men ärsary Molla Sabyryň garyndaşlarynyň hem gepleýişlerini öwrenýärin... Biziň bolýan obamyzda deregez türkler hem owganlar bar. Bu ýerde men ilkinji gezek türkmenlere “türkomanlar” diýilýänini owganlardan eşitdim.” A.N.Samoýlowiç 1907-nji ýylda Sankt-Peterburg uniwersitetiniň gündogar dilleri fakultetinde ylmy-pedagogik işine başlapdyr. Halypasy P.M.Melioranskiniň tarpa-taýyn ýogalmagy bilen, uniwersitetde türkmen dilini we edebiýatyny öwrenmegiň bütin agramy dosent A.N.Samoýlowiçiň boýnuna düşüpdir. Bulardan başga-da ol “Kutadgu bilik”,“Orhon-Ýeniseý” ýazgylary bilen bagly seminar sapaklaryny geçipdir. P.M.Melioranskiniň taýýarlan Muhammet Salyhyň “Şeýbanynama” eserini neşir etmegiň aladasyny hem edipdir. Uniwersitetde “Babyrnama” eseriniň öwrenilmeginde-de A.N.Samoýlowiçiň hyzmaty az däldir. Ol 1904-njji ýylda fakultetde türkmen şahyry Abdysetdar Kazynyň “Jeňnama” atly taryhy poemasy hakda doklad bilen çykyş edipdir. A.N.Samoýlowiç nirede bolsa-da, nirede gezse-de, Orta Aziýa-türki edebiýaty we edebi dilleriň taryhyny öwrenmek aladasy bilen ýaşapdyr. Onuň Gündogara köpsanly eden syýahatlary, goý, ol ýurduň içinde, ýa daşary ýurtda bolsun, parhy ýok, diňe şeýle maksada gulluk edipdir. Ol her gezek özüniň baran ýerinde hökman täze golýazmalaryň üstünden barýar eken. “Gadyrdan A.N., men Siziň hatlaryňyzy aldym. Meni ýatlanyňyz üçin hem gyzykly golýazma hakdaky habaryňyz üçin minnetdardyryn... Siziň hatyňyzda ýazýan gyzyklanmalaryňyz, elbetde, mende täsir döredýär. Başga-da men, Belýaýewden Daşkentde Siziň türkmenlere degişli golýazmalaryň bir bölegini göçürip alandygyňyzy hem eşitdim” diýip, W.W.Bartold 1906-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Samoýlowiçe iberen giňişleýin hatynda ýazypdyr. Bartoldyň Belýaýew diýýäni, Sankt-Peterburg uniwersitetiniň gündogar dilleri fakultetiniň uçurymydyr (1902-1905), ol Melioranskiniň okuwçysy. Ol öz mugallymynyň hödürlemegi bilen 1903-nji ýylda Orta we Gündogar Aziýany öwrenýän Rus komiteti tarapyndan Türküstana iş sapary bilen ugradylypdyr.Ol bu ýerde garagalpak gepleşigini öwrenmeli eken. 1906-njy ýylda Türküstan mugallymçylyk seminariýasynda sart (özbek) we pars dillerini öwredipdir. Iwan Aleksandrowiç ilkinji türkmen diliniň grammatikasy kitabynyň we rusça-türkmençe sözlüginiň awtorydyr. Biz bu ýerde ol hakda gürrüňimiziň gidişinde az-owlak ýatlap geçdik. Ýöne geljekki işlerimizde türkmen edebiýatyny we dilini öwrenmekde az iş bitirmedik bu adam hakda giňişleýin gürrüň ederis. A.N.Samoýlowiç Oktýabr rewolýusiýasyndan soň, 1918-1920-nji ýyllarda Petrogradda (uniwersitetde, Baş ştabyň akademiýasynyň gündogar bölüminde), Moskwada (ozalky Lazarew institutynda) professorlyk edipdir. Köneden gelýän Gündogary öwreniş edaralarynyň täze döwrüň şertlerine laýyk guralmagyna-da işeňňir gatnaşypdyr. Elbetde, täzeden gurmak işi professora ýeňil düşmändir. Muny onuň W.W.Bartolda ýazan hatyndan hem açyk görmek bolýar. 1921-nji ýylyň 22-nji ýanwarynda ýazylan hatdan görnüşine görä, Samoýlowiç Petrogradda geçirilen soňky ýyllaryň özi üçin çekip-çydap bolmajak ýagdaýda ýürek gysgynç bolandygyndan zeýrenýär. Bartold 1923-nji ýylyň 22-nji dekabryndaky Samoýlowiçe ýazan hatynda bolsa öz kärdeşiniň “...ýene-de nobatdaky göwnüçökgünlige ýüz urandygyny” belleýär. Ýöne welin Samoýlowiç, şeýle ruhy ezýet çekenem bolsa, ol hatlarynda rewolýusiýa döwründe we şondan soňky döwürlerdäki Petrograddaky agyr durmuş şertleri hakda hiç haçan gürrüň gozgamandyr. 1921-nji ýylyň martyndan 1922-nji ýylyň ýanwary aralygynda Samoýlowiç RSFSR Daşary işler ministrligi tarapyndan Türküstan ASSR-nde, Buhara we Horezm respublikalarynda iş saparynda bolupdyr. Bu iş saparlaryna ugradylmagy üçin Samoýlowiçiň özüniň nähili erjellik görkezendigini onuň I.Ý.Kraçkowskä ýazan hatyndan bilmek bolýar. Onuň bu ýurtlarda ýaşaýan halklaryň taryhyna, edebiýatyna, diline öňden belet bolmagy hem onuň ýerli wekiller üçin uly hemaýat bolandygy düşnüklidir.1981-nji ýylda Türkmenistanyň ylmy jemgyýetçiligi A.N.Samoýlowiçiň doglan gününiň 100 ýyllygyny dabaraly belläp geçdi. Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň „Habarlary“ (jemgyýetçilik ylymlaryň seriýasy) žurnalynyň 3-nji sany tutuşlygyna diýen ýaly A.N.Samoýlowiçiň ylmy mirasyna we onuň ömür ýoluna bagyşlanypdyr. Onda akademik P.Azymow bilen B.Çaryýarowyň “Türkmen dil biliminiň gözbaşynda”, filologiýa ylymlarynyň doktory Z.B.Muhammedowanyň “A.N.Samoýlowiçiň ylmy işleri türkmen diliniň taryhyny öwrenmegiň çeşmesi”, A.Annanurowyň “A.N.Samoýlowiç teke dialekti hakynda”, A.Jykyýewiň “A.N.Samoýlowiç türkmen etnografiýasy hakynda”, B.A.Goworuhina bilen filologiýa ylymlarynyň doktory D.Nuralyýewiň “Akademik A.N.Samoýlowiçiň doglan gününe bagyşlanýan ýubileý mejlisi”, W.A.Goworuhinanyň “Akademik A.N.Samoýlowiç SSSR Ylymlar akademiýasynyň türkmen komissiýasynyň başlygy”, A.Mollaýewiň “Akademik A.N.Samoýlowiçiň bibliografiýasy hakynda” atly makalalary çap edilipdir.Žurnalyň şol ýylyň 1-nji sanynda bolsa A.N.Samoýlowiçiň “Orta Aziýa – türk edebiýaty boýunça materiallar”, A.Ýazberdiýewiň “A.N.Samoýlowiç rewolýusiýa çenli Hywada kitaphanalaryň saklanylyşy we kitap neşir edilişi hakynda” makalalary okyjylara hödürlenilipdir. Makalamyzda Samoýlowiçiň töhmetiň pidasy bolansoň, onuň adynyň uzak wagtlap tutulmandygyny aýdypdyk. SSSR YA-nyň Dil bilimi institumtynyň ylmy işgäri, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Fýodor Dmitriýewiç Aşnin bu dym-dyrslygy ilkinji bozan alymlaryň biridir. 1974-nji ýylda “Nauka” neşirýaty tarapyndan “Turkologiçeskiý sbornik” atly kitap neşir edilýär. 1973-nji ýylyň 5-7-nji iýun aralygynda akademik A.N.Samoýlowiçiň ýagty ýadygärligine bagyşlanan VI türkologik konferensiýa geçirilipdir. Ady agzalan ýaňky kitap hem akademik hakda okalan dokladlaryň esasynda neşir edilipdir. Türkmenistandan hem şol konferensiýanyň işine birnäçe alym gatnaşypdyrlar. Elbetde, akademik A.N.Samoýlowiçiň köpgyraňly ylmy we jemgyýetçilik işleri hakda jikme-ijik gürrüň etmek asla mümkin däl. Biz bu makalada türkmen nusgawy edebiýatynyň we halk döredijiliginiň dürli meseleleri dogrusynda uly hyzmatlary bitiren görnükli gündogarşynas alym hakdaky gürrüňimizi tamamlaýarys. Geljekde-de oňa minnetdar nesil akademik A.N.Samoýlowiç hakdaky ylmy derňewlerini dowam etdirerler. Allaýar ÇÜRIÝEW, TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň uly ylmy işgäri. | |
|
√ Şiraly Nurmyradow - 15.11.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |