23:42 Akademik Aman Kekilow | |
AKADEMIK AMAN KEKILOW (1912-1974)
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
TSSR YA-nyň akademigi, filologiýa ylymlarynyň doktory, Türkmenistan SSR-niň ylymda at gazanan işgäri, Türkmenistanyň halk ýazyjysy, TSSR-iň Döwlet gimininiň awtory, Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky Döwlet baýragynyň laureaty Aman Kekilow 1912-nji ýylyň 9-njy maýynda Aşgabat etrabynyň Köşi obasynda garyp daýhan maşgalasynda dogulýar. 1935-1938-nji ýyllarda ol Moskwanyň Taryh, filosofiýa we edebiýat institutynyň studenti bolýar. Ol ýurdumyzyň iň meşhur alymlaryndan tälim alýar. N.K.Gudziniň gadymy rus edebiýatyndan, D.N.Uşakowyň rus dilinden, Ýu.M.Sokolowyň folklordan berýän sapaklaryny özüne siňdiren Aman Kekilow baý rus klassyk poeziýasynyň tilsimlerini, Puşkiniň jadylaýjy lirikasynyň syrlaryny, Ýeseniniň, Maýakowskiniň rewolýusion döredijiligini içgin öwrenýär. 1938-1939-nji ýyllarda A.Kekilow Moskwada A.W.Lunaçarskiý adyndaky teatral sungaty institutynyň türkmen bölüminde türkmen dilinden we edebiýatdan sapak berýär. Soňra 1939-1948-nji ýyllarda Aşgabadyň pedagogik institutynda ilki mugallym, 1943-nji ýyldan bäri dosent bolup işleýär. 1939-1942-nji ýyllarda aspiranturada okaýar, 1948-nji ýylda ony gutarýar we şol ýyllarda Baýramalyda ewakuirlenen Odessa uniwersitetiniň Alymlar geňeşinde “Häzirki zaman türkmen dilinde sowet internasional elementler” diýen temadan kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. 1948-nji ýylda Aşgabatda ýer titremegi zerarly ol Çärjewiň mugallymçylyk institutyna geçirilýär, 1950-nji ýyla çenli şonda türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri bolup işleýär. 1950-1959-njy ýyllarda Çärjewde W.I.Lenin adyndaky türkmen döwlet pedagogik institutynda türkmen edebiýaty kafedrasynyň müdiri bolup işleýär. 1925-1929-njy ýyllarda Aşgabat pedagogik tehnikumynda okaýarka, ol ilkinji goşgularyny respublikan metbugatda çap etdirip başlaýar. Aman Kekilow “Şuralar Türkmenistany” gazetinde (häzirki “Türkmenistan”) 1932-nji ýylyň 1-nji maýynda “Ýaş edebiýatçylaryň şu günki wezipeleri” (respublikamyzyň ýaş ýazyjy - şahyrlarynyň öňünde durýan wezipeleri hakynda) diýen makala bilen çykyş edýär. Şeýle mysallar Aman Kekilowyň şahyr we tankytçy hökmünde bir wagtda orta çykandygyny tassyklaýar. Rus ýazyjylarynyň Türkmenistana gelen ilkinji brigadasy onuň döredijilik durmuşynda aýgytly roly oýnaýar. N.Tihonowyň, L.Leonowyň, W.Iwanowyň, W.Lugowskoýyň, P.Pawlenkonyň, G.Sannikowyň maslahatlary, eserleri onda çuň täsir galdyrýar. Aman Kekilow 1934-nji ýylyň maýynda geçen ilkinji türkmen ýazyjylarynyň gurultaýyna delegat bolup gatnaşýar. Ol SSSR ýazyjylarynyň birinji gurultaýyna delegat edilip saýlanýar we şol ýylyň awgustynda oňa gatnaşýar. Türkmen edebiýatynyň öwreniş ylmynyň tankydy-teoretiki pikiriň ösmegi Aman Kekilowyň ady bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Onuň “Edebiýat teoriýasy (gysgaça oçerk)” (1948), “Edebiýat teoriýasy” (1958) ýaly işleri edebiýaty öwreniş ylmymyzda bu ugurdan ilkinji ýazylan iş boldy. Döredijilik işini klassyky edebiýatyň taryhy, edebiýat teoriýasy we tankydy bilen utgaşdyryp alyp baran Aman Kekilow edebiýaty öwreniş ylmynda çuň yz galdyrdy. Gadymy grek, Gündogar, Orta Aziýa akyldarlarynyň, türkmen klassyklarynyň söz sungatyna garaýyşlaryndan başlap, edebiýatymyzyň dürli ugurlaryndan işlän Aman Kekilow teoriýanyň we tankydyň üç tomlugyny miras galdyrdy; “Söz sungaty” (1970), “Söz syrlary” (1975), “Edebi žanrlar we edebi metod” (1979) . A.Kekilowyň tagallasy bilen 1959-njy ýylda Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynda teoriýa we tankyt sektory açylyp, oňa özi ilkinji ýolbaşçy bolupdyr. A.Kekilow 1959-1968-nji ýyllar sektor müdiri, 1968-1970-nji ýyllar şol institutyň direktory bolup işledi. Saglyk ýagdaýy zerarly ol direktorlyk wezipesinden aýrylyp, 1971-1973-nji ýyllarda ýene-de sektor müdiri boldy. 1973-1974-nji ýylyň ahyryna çenli ol teoriýa we edebi tankyt sektorynyň uly ylmy işgär konsulytanty bolup işledi. Ýüzlerçe makalalary, synlary, seslenmeleri, derňewleri miras galdyryp giden A.Kekilow, bulardan başga-da ol “Mollanepesiň ömri we döredijiligi” (1962), “Великий лирик” (1963) diýen monografiýalaryň awtorydyr. Ol edebiýatdan okuw kitaplaryň we hrestomatiýalaryň awtorlarynyň biri hökmünde-de köp işler etdi. 1959-njy ýylyň 5-nji iýunynda A Kekilow TSSR YA-nyň habarçy-agzalygyna saýlanylýar, şol ýylyň 20-nji iýunynda S.M.Kirow adyndaky Azerbeýjan döwlet uniwersitetiniň alymlar geňeşinde “Mollanepesiň ömri we döredijiligi” diýen temadan doktorlyk dissertasiýasyny goraýar. Ol Türkmenistanda edebi-tankydy pikiriň taryhyny ilkinji bolup çynlakaý işlemeklige girişdi. “Türkmenistanda tankydy pikiriň döreýşi hem ösüşi” (1969) atly awtorlar kollektiwiniň işi-de Aman Kekilowyň tagallasy bilen ýazylypdy. 1969-njy ýyldan bäri TSSR YA-nyň akademigi Aman Kekilow köp sanly jemgyýetçilik işlerini alyp bardy. Aziýa we Afrika ýurtlary bilen raýdaşlyk baradaky Türkmenistan komitetiniň başlygy, Aziýa we Afrika ýurtlary bilen raýdaşlyk baradaky Sowet komitetiniň prezidiumynyň agzasy, köp sanly respublikan gazet-žurnallarynyň redaksion kollegiýasynyň agzasy Aman Kekilow bu işlerden başga-da alym hökmünde ençeme kandidatlyk dissertasiýalaryna ýolbaşçylyk etdi, birnäçe kandidatlyk we doktorlyk dissertasiýalar goralanda opponent bolup çykyş etdi. Aman Kekilow näsag wagtlarynda “Edebi oýlanmalar” atly täze ýatlamalar kitabyny ýazmak hakynda pikir edýän ekeni. Emma muny alyma amala aşyrmak başatmandyr. Çünki 1974-nji ýylyň 3-nji dekabrynda onuň ömür tanapy kesilipdi. (Bu maglumatlar ol hakda “Ylym” neşirýaty tarapyndan 1982-nji ýylda neşir edilen “Aman Kekilowiç Kekilow” atly kitapçadan alyndy). Suratda: Aman Kekilow bilen Kerim Gurbannepesowy görýärsiňiz. Surata düşüren Alekber Güseýinow. 1934-nji ýylyň 27-nji aprelinde “Şuralar Türkmenistany” gazetinde Aman Kekilowyň “Biz tankytsyz ösüp bilmeris” atly makalasy çap edilipdir. Soň bu makalanyň üsti ýetirilip, şol ýylyň 8-nji maýynda çap edilipdir. Munda türkmen edebiýatynyň derwaýys meseleleri hakda düýpli gürrüň edilýär. Makalada aýdylyşyna görä, gazanylan üstünlikler bilen bir hatarda “çeper edebiýat işimizde-de uly-uly ýetmezçilikler bardygyny” belläp, awtor şeýle ýazýar: “Şol ýetmezçilikleriň birisi hem tankyt meselesidir. Öz-özüňi tankyt etmek meselesi biziň türkmen şura ýazyjylarynyň arasynda örän gowşak, hatda ýok diýerlikdir. Emma biz bularsyz ösüp bilmeris. ...Edil şunuň ýaly-da Hojanepes Çaryýewiň-de, Şalynyň-da, Durdy Agamämmedowyň-da, Täçnazarowyň-da ýazan zatlarynda her hili tarapdan ýetmezçilikler bardyr. Emma hamana diýersiň, hiç bir ýetmezçilik ýok ýaly, hiç kim ol ýetmezçilikler dogrusynda geplemeýär. Biziň ýazýan zatlarymyzyň çeperçilik taýyndan uly ýetmezçilikleriň bolmagynyň iň esasy sebäbiniň biri hem öz-özüňizi tankyt etmek meselesini öz aramyzda gurap bilmänligimizdir. Bu uly ýetmezçiligi ýok etmek üçin amaly işlere girişmek gerek. “Şuralar Türkmenistany”, “Ýaş kommunit” we başga özünde edebiýat sahypasyny çykarýan gazetleriň edebiýat sahypalarynda ýeke gazal we hekaýalar goýberip durman, gaty oňat edilip ýazylan tankydy makalalar goýberip durmak gerek. Türkmenistan şura ýazyjylar komitetiniň ýanynda çykýan “Türkmenistan şura edebiýaty” žurnalynda hemişelik tankydy ýola goýup, oňa üznüksiz suratda tankydy makalalar ýazyp durmak gerek. Oňa Orta Azyýanyň we Orsiýetiň tankytçylaryny çekip, olardan tankydy, tankyt etmegi öwrenmek gerek”. Ýaş edebiýatçy alymyň tankyt we öz-özüňe tankyt dogrusyndaky bu gozgan meselesiniň şu günki günümizde-de birjik-de ähmiýetiniň ýitirmändigi weli mese-mälimdir. A.Kekilowyň 1932-nji ýylda “Kommunistler magaryfy” žurnalynyň 3-4-nji sanlarynda «Okuw kitaplarymyz ideologiýa taýdan berk bolmalydyr” diýen makalasy çap edilipdir. Makalanyň awtory Mollamuttuň “Ýok bol, köne adat” atly goşgusy hakda şeýle pikir ýöredipdir:”...Ol köne adatyň bütinleý ýok bolup gitmeginiň tarapdary däl, ýöne onuň biziň ýurdumyzdan çykyp gitmegini maslahat berýär. Şahyr “Pislenme, horlanma, ýok bol, köne adat!” diýip, onuň horlanman, pislenmän, ikinji medeniýetsiz bir ülkä gaçmagyny , ol ýerde özüniň döwranyny sürmegini teklip edýär, salgy berýär. “Wagtyň barka durma, ýok bol, köne adat!” diýip , onuň abraýdan düşmegine-de şahyryň ýüregi awaýar. Şahyr “Okasa, bilse, aýaga galsa, ýaşlar ulalsa” diýip, sosializm gurluşygynyň güýçli depgin bilen ösýändigini görüp bilmeýär... Beýle “derňewiň” şahyra-da, okyja-da jinnek ýaly peýdasy ýok. Ol okyjynyň eser baradaky düşünjesini bulaşdyrýar. Görnüşi ýaly, otuzynjy ýyllaryş başlaryndaky edebi tankytda şeýle primitiw çykyşlar-da bolupdyr. “ Biziň getiren bu mysalymyz edebiýatçy alym Jora Allakowyň galamyna degişli bolup, özüniň “Türkmen edebi tankydynyň taryhy” atly kitabynda edebiýatymyzyň irki döwürdäki basgançaklaryndaky säwlikler hakynda gürrüň edýär. Elbetde, şol döwürlerde edebiýat ýaňy ýörjen-ýörjendi. Edebi prosesiň ýagdaýyny öwrenmek meselesinde birek-birege çapraz gelýän pikirler az däldi. Ýaş edebiýatçylar öwrenýärdiler, kämilleşýärdiler. Beýik Watançylyk urşundan soňky ýyllarda A.Kekilow edebi tankytda-da, edebiýaty öwreniş ylmynda-da özüniň has kämilleşýändigini mese-mälim ýüze çykarypdyr. Onuň “Çeper edebiýatda forma we mazmun” (Sowet edebiýaty” žurnaly, 1947, №1-2) atly makalasynda çeper döredijiligiň möhüm teoretiki we praktiki meselesi gozgalýar. Tankytçy şol döwürde döredilen aýry-aýry eserleriň formasynyň mazmunyna laýyk gelmeýändigini anyk mysallar bilen subut edýär. A.Kekilow “Oktýabr poeziýasy” (“Sowet edebiýaty” žurnaly, 1947, №11) atly göwrümli makalasynda türkmen sowet edebiýatynyň döreýiş we ösüş ýollaryny , döwürlerini yzarlaýar. Bu ýyllarda A. Kekilow edebiýat teoriýasy bilen hem gyzyklanýar. Onuň bu ugurdaky işi “Sowet edebiýaty” žurnalynyň 1948-nji ýyldaky alty sanynda (№ 1-6) “Edebiýat teoriýasy hakda gürrüňler” ady bilen çap edilipdir. Bu döwürde Aman Kekilowy edebi tankydyň, edebiýaty öwrenişiň köp meseleleri gyzyklandyrypdyr. Onuň “Nyzamy we türkmen edebiýaty (“Sowet edebiýaty” žurnaly, 1947, № 8) atly makalasy edebi aragatnaşyklardan söz açýar. Onda beýik azerbaýjan şahyry Nyzamy Genjewiniň Döwletmämmet Azady, Magtymguly, Andalyp we beýleki türkmen şahyrlaryna eden oňaýly döredijilik täsiri açylyp görkezilýär. A.Kekilow soň türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda uly ylmy üstünlikler gazanypdy. Ol türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda ilkinji bolup doktorlyk dissertasiýasyny gorapdy. Edebiýat teoriýasy ugrundan ilkinji akademik bolupdy. Beýik Watançylyk urşundan soňky ýyllarda Aman 04Kekilow edebi tankytda-da, edebiýaty öwreniş ylmynda-da öndümli işledi. Onuň “Çeper edebiýatda forma we mazmun” (“Sowet edebiýaty” žurnaly, 1947, №1-2) atly makalasynda çeper döredijiligiň möhüm teoretiki hem praktiki meselesi gozgalýar. Tankytçy şol döwürde döredilen aýry-aýry eserleriň formasynyň mazmunyna laýyk gelmeýändigini anyk mysallar bilen subut edýär. A.Kekilow N.Pommanyň “Jeýhunyň boýunda” poemasyny köne türkmen dessanlarynyň täsirinde hem galypynda ýazandygyny, şonuň üçin-de realizmden çetleşendigini, dessançylyk tärleriniň häzirki realistik mazmuny bütin aýdyňlygy bilen açyp görkezmäge ukyply däldigini ýerlikli delillendirýär. Tankytçy B. Kerbabaýewiň “Aýlar” poemasynyň uruş wakalaryny beýan edýän sahnalarynda-da dessançylyk tärleriniň täsiriniň uludygyny, Aýlaryň hereketleriniň ynandyryjy däldigini dogry belleýär. Aman Kekilowyň “Türkmen edebiýatynda dessançylyk häsiýeti hakynda” atly makalasy möhüm teoretiki meselä bagyşlanýar. Onda türkmen halk dessanlarynyň aýratynlyklary, özboluşly taraplary ýüze çykarylýar. A.Kekilow şeýle teoretiki meseleler bilen birlikde aýry-aýry eserlere syn ýazmagy-da ýatdan çykarmaýar. Ol “Lebap nagmalary” atly synynda R.Seýidowyň şol at bilen çap eden ýygyndysynyň gowy we kelter taraplaryny derňeýär. Bu döwürde türkmen şahyrynyň ussatlygynyň kämilleşendiginiň birje mysaly: uruşdan öň Moskwany ilkinji gezek sapar edip gelen şahyr Aman Kekilow «Meskewiň» atly goşgusyny ýazypdyr. Bu goşgy öz döwründe okuw kitaplaryna hem girizilipdir. Goşgynyň çeperçilik derejesiniň nätüýslüdigine garap geçeliň: Sansyz otly duralgada hazlap, Biri astyndan, biri üstünden güzläp, Ýörýär iki ýana bary wazlap, Oktýabrsrkyý wokzalyndan Meskewiň… Ondan bäri ep-esli wagt geçýär. Urşuň ilkinji günlerinde, şahyr faşistik duşman Kawkaza hüjüm edýän döwründe esgerleri söweşe ruhlandyryp, «Kawkaz» atly goşgusyny döredipdir. …Derýalar, deňizler gana dönse-de, Faşistleň süňkünden daglar önse-de, Aý, ýyldyz çaknyşyp ters öwrülse-de, Asman aşak inip, ýer çöwrülse-de, Gonmaz gara guşlar bagyňa seniň, Münmez ýyrtyjylar dagyňa seniň… Bu iki goşgynyň çeperçilik derejesiniň niçiksidigini düşündirip oturmagyň hajaty ýok. Türkmen edebiýatynyň taryhy hem-de teoriýasy boýunça iň bir çylşyrymly problemalaryň barlanylmagyna bagyşlanan ylmy işleriň 100-e golaýy onuň galamynyň astyndan çykdy. Onuň «Beýik lirik» («Mollanepes»), «Edebiýat teoriýasy» ýaly düýpli işleri ylymda uly baha mynasyp boldy. Onuň şol işleri ylmy seljermäniň çuňňurlygy hem-de köp taraplylygy, teoretiki umumylaşdyrmanyň giňligi bilen tapawutlanýar. A.Kekilow 1971-nji ýylda edebiýat teoriýasy boýunça uly hem-de düýpli işi tamamlady. Bu işiň «Söz sungaty» diýen birinji tomy şol ýylda neşir edildi. Onuň goşgy bilen ýazylan «Söýgi» romany okyjylaryň arasynda aýratyn meşhurlykdan peýdalanýardy hem-de ykrar edilipdi. A.Kekilow ömrüniň soňky ýyllarynda «Syrylan bulut» atly romanyny döretdi. Geçen asyryň ellinji ýyllarynyň başynda «buržuaz milletçiler» diýlen tagma bilen türmä basylan Orazmämmet Abdalowa, Mäti Kösäýewe, Baýmuhammet Garryýewe hemaýat eden diýlip, ýaş edebiýatçy alym we şahyr Aman Kekilowa azar ýamany berlipdi. Şol günler Aman Kekilow üçin beýan edip bolmajak agyr döwür bolupdyr. Ol her gün agşam öýüniň ýanynda maşyn togtap ses edende, öz yzyndan geldilermikä? diýip, iňkise galýardy. A.Kekilowyň «Türkmen edebiýatyndaky dessançylyk häsiýet hakynda» atly makalasy «Sowet edebiýaty» (№ 5, 1950 ý.) žurnalynda çap edilipdi. Haçanda «Gorkut ata» eposynyň zyýany hakda gürrüň ulalyp, ýörite karar çykandan soň, Aman Kekilowyň hem üstüne gara bulut inipdi. Žurnalda «Aman Kekilowyň zyýanly bir makalasy hakynda» atly ýazgaryjy makala çykandan soň, ol: «Şalynyň ykbaly meň başyma-da ind-ow!» diýip, biygtyýar gamgyn oýa batypdy. (Aman aganyň agasy şahyr Ş.Kekilow otuz ýedinji ýylyň tutha-tutlugynda nähak türmä basylypdy –A.Ç.) Aşagynda «Redkollegiýa» diýlip gol çekilen makalada A.Kekilow nämelerde aýyplanmaýardy?! A.Kekilowyň makalasy edebiýaty öwrenmekdäki «bir ugur teoriýasy esasynda ýazylypdyr; «Gorkut atadan» başlap, türkmen edebiýatynyň hemme dessanlaryny, şolaryň ideýasyna we mazmunyna garaman, öwüp arşa çykarypdyr; A.Kekilow çeper eserleriň progressiw demokratik häsiýeti bilen reaksion häsiýetini saýgarmaýar; ol «Gorkut ata» bilen «Görogly» eposyny, «Ýusup-Ahmet» bilen «Nejep oglan» dessanyny bir hatarda goýýar. Aman Kekilow edebi hadysalara marksistlerçe däl, formalistlerçe garaýar; ol eserleriň ideýasy, şondaky gahrymanlaryň sosial sypaty we meýilleri bilen gyzyklanman, şolaryň daşky formasy bilen gyzyklanýar; ol eseriň mazmunyny ýatdan çykaryp, diňe formanyň aýratyn elementleri hakynda düşünmek bilen, birinjiden, formany mazmundan aýyrýar. Ikinjiden, taryhy şertleri nazara alman, çeper eserleriň arasynda forma meňzeşliklerini gözleýär; «... Edebiýatdaky formalizm häzirki ýagdaýda milli respublikalarda buržuaz milletçiligiň edebiýat meýdanynda ýüze çykan iň ýigrenji görnüşidir. Şol sebäpden hem Aman Kekilow bireýýäm şol ýalňyşlary emele getiren sebäpleri, özüniň şolara häzirki garaýyşlary hakynda sowet ýazyjysy hökmünde metbugatda çykyş etmelidi. Emma ol sesini çykarmady» diýlip, makalada aýdylýardy. A.Kekilow ady agzalan makalasynda «Bu halk eposy («Gorkut ata» – A.Ç.) XVII–XVIII asyrlarda köp ýüze çykan türkmen halk dessanlarynyň döremeginde örän uly täsiriniň bolanlygy jedelsizdir» diýýär. Awtory ýene bir zatda aýyplaýarlar. M.Ýu.Lermontowyň «Aşyk Garyp» ertekisini hem sýužet taýdan «Gorkut ata» bilen baglaýandygy göz öňünde tutulypdyr. «A.Kekilow düýbünden türkmen edebiýaty we türkmen jemgyýeti bilen bagly bolmadyk beýik şahyr M.Ýu.Lermontowy hem, öz islegi boýunça şol ganly eposa baglap, açykdan-açyk oňa töhmet atýar. M.Ýu.Lermontowyň üstüne şeýle töhmet atmak A.Kekilowa näme üçin gerek bolduka?» – diýip, awtorlar sypaldan ýapyşýarlar. «A.Kekilow «buržuaz milletçiler O.Abdalowyň, M.Kösäýewiň we B.Garryýewiň pozisiýasynda durýar» diýilmeginiň özi 40 ýaşly alymy soragsyz-zatsyz zyndana atmaga şert döredýärdi. Haýdan-haý «öz ýalňyşyňy» boýun almalydy. Otuz ýediň adalatsyzlygyny gözi bilen gören A.Kekilow «boýun almak ugruny dogry hasaplapdy». Her niçigem bolsa gara bulut syrylypdy (A.Kekilow soň täze ýazan romanyny «Syrylan bulut» diýip atlandyrmagy hem ýöne ýere däl bolsa gerek!). Gürrüňimiziň başynda A.Kekilowyň edebiýat teoriýasynyň meseleleri hakynda düýpli işländigini aýdypdyk. Çünki edebiýat teoriýasy edebiýat ylmynyň iň möhüm şahasydyr. Ol edebiýat taryhyny öwrenmekde-de, edebi tankydyň ösmeginde-de, ýazyjylaryň döredijilikli işinde-de örän uly ähmiýete eýedir. Görnükli edebiýatçynyň - Aman Kekilowyň edebiýat ylmynyň iň möhüm şahasy bilen gyzyklanyp, edebiýat teoriýasy boýunça ýokary mekdepleriň studentleri üçin gollanma ýazmagy, onuň neşir edilmegi edebiýat öwreniş ylmymyzda örän möhüm waka boldy. Onuň 1961-nji ýylda üçünji gezek neşir edilmegi onuň derwaýys gollanmadygyny tassyklady. Gynansak-da, kitapda birnäçe kemçilikler hem bardy. Awtor “Çeper edebiýatyň dili” diýen bölümde dili çeperleşdirýän serişdeleri sanaýar. Ýöne bu bölümde diliň çeperçilik serişdeleriniň emosional häsiýeti barada, gahrymanlaryň diliniň tipikleşdirilişi we indiwiduallaşdyrylyşy barada, ýazyjynyň dili barada gürrüň edilmeýär. Awtor goşgy düzüş kadalary barada pikir ýöredende birnäçe zatlary dogry bellese-de, rus poeziýasynyň täsiri bilen türkmen sowet edebiýatynda ýüze çykan täze goşgy formalary barada ýüzleýilige ýol beripdir. Murapbag bilen täze dörtlemäniň her bendi dört setirden ybarat bolsa-da, täze forma bolan dörtlemäniň diňe bir başaşa kapyýalaşýan görnüşi murapbagyň birinji bendine meňzeş bolaýmasa, başga meňzeşlik ýok. Edil şonuň ýaly-da, murapbagda we dörtlemäniň täze formasynda ýazylan goşgular mazmuny, owazy we ritmliki sazlaşyklary taýyndan hem biri-birinden tapawutlanýarlar. Bu ähli tapawutlar muhammes, museddes bilen bäşlemäniň, altylamanyň täze dörän formalaryna-da degişlidir. Alym edebi žanrlar barada gürrüň edende žanrlaryň we olaryň görnüşleriniň birnäçesini sanaýar, oňa mysal getirýär. Emma awtor, näme üçindir, häzirki döwrüň görnükli rus teoretikleri tarapyndan ykrar edilen we aýdyň kesgitlenen liro-epik we onuň görnüşleri barada hiç zat aýtmaýar ýa-da onuň ýaly žanr gürrüňi edilýän döwürde ýokmudy? “Görogly” eposy, türkmen dessanlary Aman Kekilowyň özüniň “Söýgi” poemasy, B.Hudaýnazarowyň “Gyzgyn sähra” poemasy, türkmen edebiýatyndaky ençeme balladalar liro-epik žanra degişli eserlerdir. Ol eserlerde liriki we epik häsiýetler deňräk orun tutup, biri-biri bilen utgaşyp gidýärler. Awtor žanrlaryň aýratynlyklary barada gürrüň edende, käbir zatlary dogry bellemek bilen bilelikde, käbir nätakyk ýa-da öz öňe sürýän pikirini esaslandyrmak üçin delil bolup bilmeýän zatlara ýüzlenýär. Ol lirikanyň gadymylygy barada şeýle ýazýar: “Bu döwürde, ýagny adamzat taryhynyň örän gadymy zamanlarynda, lirika edebi döredijiligiň ýeke-täk žanry bolupdyr” . Bu pikir bilen ylalaşmak kyn. Belki, halk döredijiliginiň nakyl, erteki ýaly žanrlary-da şol döwürde bolandyr. Eger ol döwürde, lirika ýeke-täk žanr bolan bolsa, ony şol hakda ýazylan düýpliräk işlere salgylanmak bilen, esaslandyrmak gerek ekeni. A.Kekilow türkmen ýazyjylarynyň birinji gurultaýynda “Çeper edebiýatyň sypaty üçin göreşmeli” diýen temada gykyş edipdir. Onuň bu çykyşy edebiýat ylmy-barlag işlerinde seýrek agzalýanlygy üçin biz ony öz işimizde gysgaldybrak ulanmagy makul bildik: “Men çeper şura edebiýatynyň sypaty dogrusynda sözlejek. Meniň pikirimçe, şu gurultaýymyzdan soň biziň, türkmen ýaş ýazyjylarynyň öňümizdäki iň esasy mesele, ýa-da iň esasy meseleleriň biri, çeper edebiýatda sypat üçin göreşmek meselesi bolmakdyr. Biziň türkmen ýaş ýazyjy we şahyrlarymyzyň, şu öňde barýanlarynyň hem, şu wagta çenli ýazan zatlary wagyz-nesihat etmek bolup geldi. Öten ýyl mart aýynda TK(b)P Merkezi Komitetiniň sekretary ýoldaş Çary Wellekow ýaş ýazyjy we şahyrlar bilen eden gürrüňinde şuny aýtdy: “Biziň ýaş türkmen ýazyjylarynyň, bir zat ýazmak üçin kän wagtlaryny sarp etseler-de, okamak üçin az wagtlaryny hem sarp etmeýärler. Bu bolsa olaryň ýazan zatlarynyň sypat tarapyndan pes bolmagyna sebäp bolýar”. Ýoldaş Çary Wellekowyň bu aýdanlary örän dogrudyr. Biz ýazan zatlarymyzyň sypatyna gaty az üns berýäris. Emma ykdysatda hem medeniýetde gaty öňe giden zähmetkeş köpçüligi bizden gaty oňat, çeper ýazylan zatlary talap edýär. Şonuň üçin hem biziň öňümizdäki iň uly zatlarymyzyň sypat tarapyna pugta üns bermek hem ony ýazan zadyny gaty çeper edip çykarmakdyr. Muňa çenli çykyp sözlän ýoldaşlaryň biri hem çeper edebiýatyň sypaty dogrusynda sözlemedi. Gaýta birnäçe ýoldaşlar “biziň gazet, žurnallara beren zatlarymyz basylmaýar” diýip zeýrenip geçdiler. Meselem: Durdy Owezow (Kerkiden) hem Nepesow (Marydan) ýoldaşlaryň çykyşlaryny alyp göreliň. Olar ýazýan zatlarynyň gazetlerde, žurnallarda, döwlet neşirýatynda basylmaýanlygynyň gürrüňini etseler-de, öz ýazýan zatlarynyň ýetmezçilikleri dogrusynda bir agyz hem söz aýtmadylar. Dogry, gazetde-de, žurnalda-da we döwlet neşirýatynda-da aýratyn adamlaryň sowuk-salalyklary bilen iberilen materiallaryň basylman galmagy mümkin. Emma hemmesini beýle, ýagny hemme iberilýän materiallar gazet, žurnal işgärleriniň sowuk-salalygy bilen basylmaýar diýmek gaty ýalňyşdyr. Çünki milli metbugat edarasyna her günde 30-50 çemesinde gazal gelýär. Şu gelýän 30-50 gazalyň hemmesiniň hem mazmuny bir. Köpüsi “kolhoz gowy, zarpçy bolup işläliň, lodurlara garşy göreşiň” diýen ýaly gury wagyz-nesihatdan başga zat däl. Şeýle-de bolsa, biz olaryň birnäçelerinden peýdalanyp gazetlerde çap edýäris. Emma gazet edarasyna gelen hemme gazaly bir ujundan tutup, peçat edibermek mümkin däl. Ine, şularyň hemmesi biziň ýazýan zatlarymyzyň sypat tarapyndan pes bolmagyndandyr. Meniň pikirimçe, geljekde ýaş ýazyjy we şahyrlarymyzyň ýazýan zatlarynyň çeperçiligini artdyrmak üçin üç sany esasy meselä pugta üns bermek gerekdir. Bu meseleleriň birinjisi, ýaş ýazyjy we şahyrlarymyzyň bilim derejelerini galdyrmak, ikinjisi olaryň arasynda guramaçylyk işlerini dogry ýola goýup, olary her ýere toplamak we üçünjisi bolşewiklik tankydyny güýçlendirmekdir. Ýaş ýazyjylaryň bilimlerini artdyrmak meselesinde, olary okuwa ibermekden başga-da, olary ýerlerdäki edebiýat kružoklarynda hem okatmak gerek. Emma häzir biziň kružoklarymyz örän ýaman işleýärler. Raýatlar bir ýanda durup, hatda Aşgabatdaky edebiýat kružoklary kanagatlandyrylykly işlemeýär. Men Daşhowuz okrugynyň wekili bolanym üçin, Daşhowuz okrugynda edebiýat işleriniň ýagdaýy hakynda birnäçe sözleri aýtmak isleýärin. Jemhuriýetimiziň başga ýerleri bilen deňeşdirip görenimizde, Daşhowuz okrugynda edebiýat işleriniň ýagdaýy örän pesdir. Şu wagta çenli Daşhowuz okrugynyň ýekeje ýerinde hem edebiýat kružogy açylmandyr. Täze ösüp gelýän ýaş ýazyjy we şahyrlara hiç hili ýolbaşçylyk edilmändir. Ýaş ýazyjylara ýolbaşçylyk etmek işinde Daşhowuz okrugynyň “Bolşewik” gazeti hem kän iş etmändir. Daşhowuz okrugynda Beki Seýtäkow, Täçguliýew ýaly talantly ýaş şahyrlar bar, emma olaryň ösmegini üpjün eder ýaly oňat ýolbaşçylyk ýok. Biz Daşhowuzda ýazyjylar konfirensiýasyny geçirenimizde, ondaky wekiller, Türkmenistan şura ýazyjylar soýuzynyň Daşhowuz okrugyna aýratyn üns bermegini soradylar. Meniň pikirimçe, olaryň talaplary gaty dogry we örän oňat talapdyr. Şonuň üçin-de, şura ýazyjylar soýuzynyň Daşhowuz ýazyjylarynyň talaplaryny ödäp, olara aýratyn oňat, konkret ýolbaşçylyk etmegi gerekdir. Tankyt dogrusynda kän ýoldaşlar sözläp geçdiler. Ylaýta-da, bu dogry-da ýoldaş Çaryýew esasy kepläp geçdi. Bu dogry-da indi kän kepläp durasy zat ýok. Ýöne men ýeke bir zat aýtmak isleýärin, mundan buýana çyn bolşewik tankydyny gaty güýçlendirip, ugursyz zatlar bilen ýazyjynyň elini işden sowadýan suwuk ugursyz tankytlara ýol berilmeli däldir. Şu çäreleri görsek, çeper edebiýatyň sypatyny ýokary galdyrmak meselesinde kän üstünlikler gazanarys we giň zähmetkeş köpçüliginiň talabyny ödäp bileris”. Baryp-ha, 1934-nji ýylyň maýynda, ýagny ýazyjylaryň birinji gurultaýynyň bolup geçýän günlerinde, bary-ýogy 22 ýaşly Aman Kekilowyň ýaňy ýörjen-ýörjen edebiýatymyzyň öňünde duran meseleleri dogrusynda anyk we sagdyn gürrüň etmegi guwandyryjy ýagdaýdyr. Onuň bu oý-pikirleriniň şu günlerem öz ähmiýetini ýitirmändigine göz ýetirýärsiň. Suratda: Aman Kekilow ýaş toýunyň dabarasynda. Aşakda: (çepden saga) ýazyjylar Kakaly Berdiýew, Hydyr Derýaýew, Oleg Kuzmin. Belli türkmen şahyry hem-de edebiýatçysy A.Kekilowyň Mollanepesiň ömri we döredijiligi hakynda ýazan monografiýasy geçmişiň edebi mirasyny öwrenmeklige dogry çemeleşmegiň mysaly bolup biler. Awtor öz monografiýasynda Mollanepesiň ýaşan we öz eserlerini ýazan döwrüniň umumy şertleri bilen baglanyşdyryp, onuň döredijiligini çuň häsiýetlendirýär. Türkmen dessanlarynyň, hususan-da, Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessanynyň aýratynlyklaryny açyp görkezmeklige dogry çemeleşendigi hem A.Kekilowyň kitabynyň gowy tarapydyr. Monografiýada beýleki türkmen klassyk şahyrlarynyň döredijiligi hakynda hem gymmatly maglumatlar berilýär. Gündogaryň beýleki halklarynyň – azerbaýjanlylaryň, gazaklaryň, tatarlaryň we özbekleriň edebiýatyndaky “Zöhre-Tahyr” atly dessanlar ýa-da oňa meňzeş sýužeti bolan dessanlar bilen deňeşdirilip, Mollanepesiň şu dessanyna berlen ylmy-barlagy örän gyzyklydyr. Monografiýada Mollanepesiň liriki eserlerini seljermäge ýeterlik üns berilmezligi ünsüňi çekýär. Gündogaryň, şol sanda Orta Aziýanyň beýleki şahyrlarynyň döredijilikleri bilen Mollanepesiň döredijiliginiň özara täsiri hakyndaky meselä hem az üns berlipdir. Emma welin, Orta Aziýa halklarynyň klassyk edebiýatyndaky eposlary hem-de beýleki iň gowy eserleri oňat bilmek bilen, Mollanepes Gündogar edebiýatyndaky meşhur gahrymanlar Zalyň, Rüstemiň, Perhat bilen Şiriniň, Leýli bilen Mejnunyň, Wamyk bilen Uzranyň obrazlaryna öz eserlerinde ýygy-ýygydan ýüzlenipdir. Nyzamy, Nowaýy, Ferdowsi ýaly beýik şahyrlaryň we pähimdarlaryň döredijiligine ol hormat goýupdyr. Professor M. Hydyrow “Sowet Türkmenistany” gazetinde ( 1952-nji ýylyň 9 –njy oktýabr sanynda) “Mollanepesiň döwri we döredijiligi” diýen makalanyň käbir kemçilikleri hakynda” atly makalasy bilen çykyş edipdir. Makalada şeýle diýilýär: “Sowet edebiýaty” žurnalynyň 1950-nji ýylda çykan 9,11,12-nji sanlarynda “Mollanepesiň döwri we döredijiligi” hakynda dosent Aman Kekilowyň uzyn makalasy çap edilýar. Ýoldaş Kekilow “Hywa hanlygynyň tekelere garşy alyp baran göreşi 1955-nji ýylyň 19-njy martynda Saragtyň ýanynda “Hywa goşunlarynyň tekeler tarapyndan derbi-dagyn edilmegi bilen gutardy’ diýip görkezmek bilen, esasan iki sany ýalňyşlyk edýär. Olardan biri Hywa hanynyň basybalyjylykly syýasaty we onuň eden göreşleriniň mazmunyny näme üçin örän daraldýar we ol syýasaty diňe tekelere garşy goýýar. Beýle diýilmegiň özi, elbetde, ýalňyş we taryhy faktlary gödek pozmadan başga zat däl. Sebäbi ol ýa başga bir basybalyjylyk syýasatyny ýöreden hanyň ýa-da başga bir agressoryň diňe bir tirä garşy göreşmek bilen çäklenmänligi mälimdir. Ýoldaş A.Kekilowyň ikinji ýalňyşy hem birinji bilen dos-dogry baglanşyklydyr. Awtoryň aýtmaklygyna görä, Mädemin han bilen diňe tekeler göreş alyp barypdyr we ol diňe tekeleriň güýji bilen derbi-dagyn edilipdir. Ýok, bu beýle däldir, eger biz şeýle düşünsek, ol taryhy faktlary bulaşdyrmak bolýar. Emma A.Kekilowyň düşünşiniň gös-göni tersine Mädemin hanyň basybalyjylyk syýasatynyň diňe tekelere garşy goýulmagy ýaly, Hywa hanlygynyň güýji hem şol uruşda diňe tekeler tarapyndan derbi-dagyn edilmän, tekeler bilen birlikde türkmen taýpalaryň birnäçesiniň arkalaşykly uran zarbynyň netijesinde derbi-dagyn edilipdi. Hatda bu söweşe Sakar türkmenleri hem gatnaşypdyrlar we hut Mädemin hanyň şol söweşde kellesini kesen hem sakarlylardan Annaguly Kelje diýen adamdy. Oňa görä-de A.Kekilowyň bu wakanyň iki tarapynyň hem daraldyp görkezmek, elbetde, ullakan ýalňyşlykdyr. Mundan başga-da, awtor “Tekeleriň bu gahrymançylykly söweşine örän paýhasly we tejribeli türkmen serkerdesi Gowşut han ýolbaşçylyk etdi” diýmek bilen, Gowşut hany, umuman türkmen serkerdesi hasap edýär we şonuň parasatly ýolbaşçylygy bilen hem tekeler üstün çykdy diýip aýdýar. Awtor bu ýerde Gowşut hany ideallaşdyrýar. Sebäbi Gowşut han şol döwürde öz synpynyň bähbitleri ugrunda özüni tanadypdyr, ol başga käbir hanlara görä tejribeli bolupdyr. Emma welin munuň bilen ony hut awtoryň aýdyşy ýaly, ähli türkmen halkynyň serkerdesi, paýhasly ýolbaşçysy hasap etmek we şonuň ýolbaşçylygy bilen Hywaň goşunlary Saragtyň ýanynda derbi-dagyn edildi diýmek bolmaz. Ol göreşde üstün çykmagyň esasy sebäbini diňe Gowşut hanyň ýolbaşçylygyndan gözlemän, Amansähet, Artyk şahyr, Annaguly Kelje ýaly köp edermen türkmen ýigitleriniň gaýduwsyzlyk bilen merdana durup göreşmeginden, galyberse-de, hanlaryň içki gapma-garşylygyndan gözlemek gerek. A.Kekilowyň “Magtymguly-da, Zelili-de, Kemine-de dini inkär etmeýärler. Olar diňe onuň (diniň) wekilleriniň özlerini alyp baryşlaryny-ýalançylyklaryny, nadanlyklaryny we ikiýüzliliklerini tankyt etmek bilen, olary dini pozmakda, dinden çykmakda aýyplaýarlar. Mollanepes bolsa özüniň “Gelmişem” poemasynda diňe diniň halk arasyndaky wekillerini tankytlamak bilen çäklenmän, has düýpden tutýar”(68-nji sahypa) diýip ýazýar. Munda bir tarapdan Mollanepesi ýokardaky şahyrlardan has öňe giden hasap etse, ikinji tarapdan Magtymguly, Kemine, Zelili dagyny diniň tarapdary edip görkezýär. Ýoldaş Kekilow özüniň bu pikiriniň garşysyna: “Kemine diňe ruhanylara däl, hatda namaz, oraza diýen ýaly dini adatlara-da garşy çykýar, olary halky aldamagyň bir usuly hökmünde görkezýär” diýip ýazmak bilen, professor M.Hydyrow A.Kekilowyň monografiýasyna bir taraplaýyn çemeleşipdir. Şeýle hem awtor öz makalasynda Aman Kekilowy Mollanepesi, Magtymguly, Seýdi, Zelili, Kemine bilen bir hatarda, hatda käbir meselede olardan hem ýokary goýmakda aýyplap, bu babatda onuň “Aňsa”, “Ner gezgin”, “Gelmişem” diýen ýaly käbir goşgylaryna esaslanýar. “Onuň üçin hem şol goşgular hakynda käbir zatlary aýtmak dogry gelýär” diýip, makalanyň awtory alymyň şahyryň “Aňsa”, “Ner gezgin”, “Dilber” diýen goşgylarynda görkezilen düşünjeleri öz bolşundan ulaldyp, olary hamana eziji synplary we olaryň wekilleriniň garşysyna gönükdirlen bir zat hökmünde hasap edýändigini hem belläp geçipdir. 1951-1953-nji ýyllar Aman Kekilowyň üstüne gara bulut inipdi.Muňa onuň 1950-nji ýylyň dekabrynda “Sowet edebiýaty” žurnalynda çap edilen “Türkmen edebiýatyndaky dessançylyk häsiýet hakynda” atly makalasy sebäp bolupdyr. Žurnalyň 12-nji sanynda “Aman Kekilowyň zyýanly bir makalasy hakynda” atly gazaply bir makala peýda bolýar. (Bu makalany biz işimiziň ahyrynda dolulygyna bermegi makul bildik – A.Ç.). Elbetde, makalanyň äheňi iniňi düýrükdirijidi. Şol döwürde “burjuaz-milletçiler” hasap edilip, hersine 25 ýyl türme möhleti bilen höküm çykarylan O.Abdalowyň, M.Kösäýewiň, B.Garryýewiň başyna inen apatynyň inmek howpy bardy. Her nämede bolsa türkmeniň halk tarapyndan ykrar edilen şahyry we alymy türmä basylman galypdy. Oňa derek ol halkyň we partiýanyň öňünde “syýasy taýdan gödek ýalňyşandygy” boýun aldyrylypdyr. Onuň her sözüniň we her harpynyň okyjylara düşnükli bolary ýaly bu adam mertebesini kemsidiji ýazgyny hem durşuna bermegi makul bildik. Ýazgy 1953-nji ýylyň maýynda “Sowet edebiýaty” žurnalynda çap edilipdir: “Sowet edebiýaty” žurnalynyň redaksiýasyna SSKP Merkezi Komitetiniň organy “Kommunist” žurnalynyň 1953-nji ýylda çykan 2-nji sanynda meniň 1950-nji ýylda “Sowet edebiýaty” žurnalynyň 5-nji sanynda çap edilen “Türkmen edebiýatynyň dessançylyk häsiýeti hakynda” diýen makalam ideýa taýdan zyýanly bir makala hökmünde ýazgaryldy.”Sowet edebiýaty” žurnalynyň 1952-nji ýylda çykan 12-nji sanynda bolsa meniň şol makalamyň zyýanlylygy we onda goýberlen ýalňyşlyklar hakynda ýörite redaksion makala çap edildi. Men şu ýokarda ady tutulan makalany 1949-njy ýylda ýazyp, 1950-nji ýylyň başlarynda “Sowet edebiýaty” žurnalyna hödürläpdim. Men özümiň şu makalamda halka garşy “Gorkut ata” kitabynyň türkmen halkynyň epiki döredijiliginiň ösmeginde uly rol oýnady diýip görkezmäge synanyşyk etmek bilen, uly ýalňyşlyklar goýberipdirin. “Gorkut ata” aýry-aýry hekaýalary halk arasynda ýaýradyldy diýip we olaryň esasynda käbir türkmen dessanlary döredi diýip, hädogry pikirleri subut etjek bolup, men özümiň şu makalamda şol halka garşy eposdan mysallar getiripdirin. Men özümiň şu makalam ýazylan döwründe, ýagny”Sorkut ata” kitaby hakynda “Prawda” gazetiniň görkezmesine we TKP Merkezi Komitetiniň kararyna çenli onuň halka garşy we reaksion häsiýetine düşünmändirin. Bu düşünişmezlik bolsa meni makalamda gödek ýalňyşlyklara eltdi. “Gopkut ata” kitabynyň reaksion häsiýeti partiýamyzyň Merkezi Komiteti, partiýa metbugaty hem biziň sowet jemgyýetçiligimiz tarapyndan paş edilenden soň, men özümiň bu meselede goýberen ýalňyşyma düşünip, Çärjew döwlet pedagogik institutynyň kommunistleriniň açyk partiýa ýygnagynda, Çärjew şäheriniň, Çärjew, Farap, Kaganowiç we Sakar raýonlarynyň mugallymlarynyň maslahatynda hem-de başga ýygnaklarda “Gorkut ata” kitabynyň reaksion manysy hakynda dokladlar etmek bilen, bu meseledäki öz ýalňyşlarym barasynda hem durup geçdim. Men özümiň goýberen ýalňyşyma çuňňur düşünmäge we ony düzetmäge kömek eden partiýa metbugatyna hem sowet jemgyýetçiligine çyn ýürekden minnetdardyryn. SSKP ХIХ gurultaýynyň kararlaryny, ýoldaş I.W.Staliniň gurultaýda sözlän taryhy sözüni hem-de onuň “SSSR-de sosializmiň ykdysady problemalary” diýen genial eserini çuňňur öwrenmek esasynda men geljekde özümiň ylmy-barlag işimde edebiýatymyzyň ýokary ideýalylygy ugrunda bar güýjüm bilen göreşjekdigimi şu hat üsti bilen bildirmegi özümiň kommunistlik borjum diýip hasap edýärin. Aman Kekilow, Mart, 1953-nji ýyl”. Şol wagtlar Türkmenistan Sowet Sosialistik Respublikasynyň Döwlet gimniniň tekstiniň awtory bolan Aman Kekilowyň ömrüniň bu agyr pursatlary alymyň we şahyryň elini döredijilik işinden sowadaýjak ýaly görünýär. Munuň üstesine-de metbugatda şahyryň okyjylar tarapyndan ykrar edilen “Söýgi” poemasy hem kötek astyna alynýar. Ýazyjy Gylyç Kulyýew “Ýene-de bir gezek “Söýgi” poemasy hakynda” (“Sowet edebiýaty” žur.,1952, 8-nji sany), Ý. Hydyrow bilen R.Nazarow “Sosialistik realizmden üzňe eser” (“Ýaş kommunist” gaz., 1952, 13-nji fewral) , R.Nazarow “Sosialistik realizmden üzňe eser” (“Ýaş kommunist” gaz., 1952, 17-nji fewral) ýaly makalalar bilen çykyş edipdirler. Bu makalalaryň hem ýörite guralandygyny aňmak kyn däl. Muny Ý.Hydyrow bilen R.Nazarowyň bir neşirde yzly-yzyna çykyş etmeklerini başga näme bilen düşündirmek bolar? Şeýle hem professor M.Hydyrow bilen Ýolum Hydyrowyň ataly-oguldygyny ýatlasak, biziň aýdanymyzy ýene bir gezek tassyklaýar. Ýöne alym ruhdan düşmändir.Başyny belent tutup, döredijilik işini üstünlik bilen dowam etdiripdir: “Beýik rus ýazyjysy L.N.Tolstoýyň önüp ösen we ýaşan ýerlerinde” (”Sowet edebiýaty”, 1952, № 7), “Türkmen edebiýatyna Gogolyň täsiri” (“Lenin ýoly”gaz., Çärjew, 1952, 4 mart), “Birinji ädim” (”Sowet edebiýaty”, 1953, №10),“Ganly sakanyň soňy” (“Sowet Türkmenistany” gaz., 1954, 21 mart), “Türkmen sowet edebiýatynda tipikilik meselesi” (“Türkmenistan kommunisti”, 1954, №4), “Hakykaty dogruçyl we çeper suratlandyrmak ugrunda” (“Sowet edebiýaty”, 1954, №) we başgalar. Edebiýatçy alym Durdymuhammet Nuralyýew Aman Kekilowyň 60 ýaşy mynasybetli şeýle ýazdy: “ ...Aman Kekilow nähili kyn, çylşyrymly teoretiki mesele bolsa-da, şony sada okyjy köpçüligine ýeter ýaly stilde ýazmagy başarýar. Kyn zady ýene kynlaşdyrmak üçin “akademizme” kowalaşmaýar. Ol faktlara ýüzlenende diňe türkmen edebiýaty diýip durmaýar. Antik döwürdenem, Ýewropa we rus edebiýatyndanam, Gündogaryň, Orta Aziýanyň poeziýasyndanam, folkloryndanam gerekli mysaly erkin ulanýar. Işlerinde hemişe iki sany düýpli çeşmä: ylym çeşmä hem edebi çeşmä daýanýar” Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda Durdymuhammet Nuralyýewiň «A.Kekilow edebiýatçy-tankytçy» diýen kitaby neşir edildi. Ozaly bilen bellemeli zat, Durdymuhammet Nuralyýew kitabynda Aman Kekilowyň edebiýatçy, edebiýat tankytçysy hökmündäki döredijiligini onuň şahsyýeti bilen berk baglylykda öwrenipdir. Bu juda zerur täze başlangyçdy. Sebäbi ýazylýan işleriň köpüsinde ol ýa-da beýleki ýazyjynyň, şahyryň, alymyň döreden eserleri, ýazan işleri giňden analizlenýär. Emma onuň şahsyýeti weli unudylýar. Has takygy, döredijilik şahsyýetden üzňe öwrenildi. Elbetde, bu kadaly ýagdaý däldi. Sebäbi şahsyýet döredijiligiň düýp çeşmeleriniň biri. D.Nuralyýewiň kitaby iki bölümden ybarat. Onuň birinjisi «Aman Kekilowyň ylmy-teoretiki mirasy» diýlip atlandyrylýar. Bu bölümde Aman Kekilowyň edebiýaty öwreniji, edebiýat teoretigi hökmündäki keşbi aýdyňlaşdyrylýar. Kitabyň awtory bu bölümi Aman Kekilowyň otuzynjy ýyllaryň soňlarynda edebiýatyň düýpli meselelerine bagyşlap ýazan makalalaryny seljermekden başlaýar. Aman Kekilow özüniň ylmy gözleglerinde edebiýat teoriýasyny işlemäge aýratyn uly üns berdi. Bu ugurda uly işler bitirdi. Onuň «Edebiýat teoriýasy» atly kitaby üç gezek (1948, 1958, 1981 ý.) neşir edildi. D.Nuralyýew bu kitabyň ähmiýetini, onuň neşirden neşire kämilleşişini jikme-jik yzarlaýar. Alymyň juda sada dilde, türkmen ýazyjy-şahyrlarynyň iň belli eserleriniň mysalynda teoriýanyň meselelerini açyp görkezýändigini dogry belleýär. D.Nuralyýew bu kitabyň Türkmenistanda edebiýat teoriýasyny döretmekde ilkinji ähmiýetli işleriň biridigini ykrar etmek bilen, onuň kemter taraplaryna-da, ýüzleý işlenen ýerlerine-de göz ýummaýar. Umuman, kitabyň awtory A.Kekilowyň edebiýaty öwreniji uly alymdygyna, uly edebiýat tankytçysydygyna her näçe uly sarpa goýsa-da, alymyň hiç bir meselede kemter gaýdan ýerlerini gizlejek bolmaýar. Gerek ýerinde tankyt etmekden hem gaýtmaýar. Aman Kekilowyň mirasyna şeýle derňewiň obýektiw, dogruçyl bolup çykmagyny üpjün edýär. Ikinjiden, ol A.Kekilowyň edebiýatçy, edebiýat tankytçysy hökmünde kem-kemden ösüşini, kämilleşişini yzarlamaga mümkinçilik döredýär. D.Nuralyýewiň kitabynda ýazyjylaryň, tankytçylaryň, hudožnikleriň, artistleriň, terjimeçileriň Aman Kekilow hakda aýdanlary ýerleşdirilipdir. Şeýle-de kitaba Türkmenistanyň halk ýazyjysy Çary Aşyrowyň, D.Nuralyýewiň özüniň, professor Myrat Penjiýewiň, dosent Haýdar Muhyýewiň, filologiýa ylymlarynyň kandidaty Ata Ulugberdiýewiň, dosent Oraz Ýazymowyň ýatlamalary girizilipdir. Juda gyzykly hem özüne çekiji ol ýatlamalarda Aman Kekilowyň şahsyýeti barada, adamkärçilik keşbi barada täsin maglumatlar berilýär. Bu ýatlamalar hem şahyryň, alymyň, edebiýat tankytçysynyň şahsyýetini öwrenmäge, onuň döredijiliginiň köklerine göz ýetirmäge okyjylara uly kömek edýär. Görnükli edebiýatçy alym, filologiýa ylymlarynyň doktory Jora Allakow ussat hakda şeýle ýatlama galdyrypdyr: “...1955-nji ýylyň bahar aýlarynyň birinde instituty tamamlaýan studentleri işe bellemek boýunça komissiýa işleýärdi ( gürrüň Gärjew şäherindäki Seýdi adyndaky pedagogik institut hakynda barýar –A.Ç).Onuň hatarynda belli dilçi alym, ministriň orunbasary Durdymyradow, institutyň rektory Şaja Batyrow ýaly adamlar bardy. Şu setirleriň awtoryna nobat ýetende , fakultetiň dekany rektora ýüzlenip: “Şaja Batyrowiç , şu oglan instituty gowy tamamlaýar, kafedrada mugallym edip galaýsak bolmazmyka?” diýip sorady. Şaja Batyrowiç “ýer ýok” diýip jogap berdi. Onda dekan ýene-de : “ Aman Kekilow telegramma iberipdir. Ol özüni on müň manatlyk zaýoma ýazmagy hem Jora Allakowy kafedrada mugallym edip galdyrmagy soraýar” diýdi. Şaja Batyrow : “Aman soraýan bolsa, mugallym edip galyň” diýip, dessine jogap berdi. Şu ýerde mende iki ýagdaý hiç haçan öçmejek uly täsir galdyrdy. Olaryň birinjisi, beýik adamlaryň biri-biriniň sarpasyny belent tutýanlygy. Şaja Batyrow öň “ýer ýok” diýse-de, Aman Kekilowyň haýyşy ara düşensoň, hiç hili ikirjiňlenmedi. Meseläni oňyn çözdi otutyberdi. Ikinjisi, Aman Kekilow ýaly beýik adamyň alysda dynç alyp ýören ýerinde ýönekeý studenti ýatlap, ol barada edýän uly aladasy”. Aman Kekilowyň başga bir okuwçysy, filologiýa ylymlrynyň doktory, professor Nurýagdy Nartyýew hem öz halypasy hakda şeýle gürrüň beripdir: “...Aman Kekilow wezipe, dereje adamsy däldi.Ol özüniň at-abraýyna uly bir ähmiýet hem berip durmazdy. Kim bilen gepleşse-de, özüni ondan uly tutmazdy. Oňa ýokary wezipeli bolsun, wezipesiz bolsun – bary birdi. Ol wezipä bütinleý biparh garaýardy, onuň wagtlaýyn zatdygyny hiç haçan ýatdan çykarmaýardy. Bir gezek Aman Kekilow Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat institutynyň direktory bolup işleýän wagtynda onuň iş jaýyna bardym. Şonda institutyň administratiw hojalyk bölüminiň müdiri azerbaýjan ýigidi Samet Agaýew hem kagyzlary göterip, oňa gol çekdirmäge geldi. Gol çekmäge getirilen dokumentler pul serişdeleri bilen baglanyşykly bolmaga çemeli. Aman Kekilow kagyzlary eline alyp , birneme ýaýdanjyrady: -- Samet, dogrumy beri? – diýip, degişmä salyp, janyny barlap gördi. -- Dogrudyr, Aman aga! Arkaýyn gol çekiberiň – diýip, Samet jogap berdi.Gol çekip otyrka özüniň bu işler bilen känbir hoşunyň ýokdugyny ýaňzytdy. -- Nurýagdy, ynha, biziň işimiz! Uzyn günläp kagyzlara gol çekýäris. Mundan näme galjak zat bar? Ýene birnäçe ýyldan: “Aman Kekil şu institutyň direktory bolupdyr” diýip, hiç kim aýtmaz. Emma iki setir çyrşasaň, ol senden mydamalyk ýadygärlik galýar – diýdi. Bu onuň döredijilik işini hiç bir wezipe bilen çalşyp bilmejekdiginiň aýdyň şaýadydy. Aman Kekilow “işeňňirsiräp”, dünýäni tutjak bolup, köp çapalanýan adamlary halamazdy. Ol sessiz-üýnsüz, siňňitli işlemegi gowy görerdi.” Filologiýa ylymlarynyň doktory Soltanşa Atanyýazowyň ýatlamasynda hem Aman Kekilow talapkär halypa, belent adamkärçilikli adam hökmünde ör boýuna galypdyr: “...Aman aga instituta direktorlyk eden ýyllarynda-da iş gününiň tutuş dowamynda iş otagynda basalykly oturyp işlemedi. Ol az wagtlyk ýygnak-beýleki bolaýmasa, iş jaýyna girmän, bölümlerde işgärler bilen oturmagy, olar bilen mesawy gürrüň etmegi gowy görerdi. Institutyň işini alyp barmagy, hatda möhürini hem alym kätibi Lýudmila Mihaýlowna Sidelnikowa ynanypdy. Işgärler islendik ýerde Aman aga ýüz tutup, oňa çekinmän arzy-halyny aýdyp bilýärdiler. Umuman, Aman Kekilow döredijilik adamsydy, ol uly ýazyjydy, abraýly alymdy, ýönekeýden gelen mylaýym adamdy, emma weli ýolbaşçy işe ukyby-da ýokdy, höwesi-de. Ol näçe aýak direse-de akademiýanyň ýolbaşçylary, ylaýta-da Pygam Azymow köp haýyş edip, ony wagtlaýynça instituta direktor bolmaga razy edipdiler. Şol gysga wagtyň dowamynda-da ol ençeme gezek direktorlykdan aýrylmagy haýyş edip ýolbaşçylara ýüz tutdy. Ahyrynda bu haýyşy kanagatlandyryp, onuň ýerine Bäşim Çaryýarowy direktor bellediler, Aman aganyň özüni bolsa edebiýat teoriýasy bölümine baş ylym işgär edip geçirdiler. Direktor döwründe Aman aga menden doktorlyk işimiň ýagdaýyny sorady. Men oňa heniz bu barada oýlanmanlygymy, hatda onuň temasyny hem anyklamandygymy aýdanymda, Aman aga dessine prezident P.Azymowa jaň etdi-de, meni onuň huzuryna eltdi. Gyssagarada ikisi maslahatlaşyp, maňa “Türkmenistanyň toponomiýasy” diýen temadan iş ýazmagy tabşyrdylar. Bu tema institutyň planyna girizilip, üç ýyl möhlet bilen meniň üstüme ýüklendi. Şol döwürde men bäş şiweşynas bilen birlikde “Türkmen diliniň şiweleriniň atlasy” diýen uly we tutumly kollektiw işi ýazmaga-da gatnaşýardym. Ondan el çekmek mümkin däldi. Şonuň üçin soňky temany atlasyň işiniň daşyndan, onuň bilen utgaşdyryp işlemeli boldum, bu işi bellenen wagtynda ýerine-de ýetirdim, ýöne “kandidatlyk we doktorlyk işini bir awtor şol bir temadan (meniň mysalymda-toponomiýadan) goramak bolmaýar” diýen bahana bilen Bütinsoýuz attestation komissiýa (BAK) ony goramaga maňa rugsat bermedi. Şeýlelik bilen, meniň doktorlyk işim barada Aman aganyň eden tagallasy şol wagt başa barman galdy...” Elbetde, Aman Kekilow hakda ýazylan işler az däl: Nagym Aşyrow “Aman Kekilow”, Nobar Çaryýew “Aman Kekilowyň döredijiligi” (1960), Maşan Hamzaýew “Alym hem şahyr” (1962), A. Myradow “Şahyr, mugallym, alym” (1962), Öde Abdyllaýew “Uly alym, uly şahyr” (1972), Oraz Ýazymow “Mekdepde Aman Kekilowyň biografiýasyny we döredijiligini öwrenmek” (1973), Nargylyç Hojageldiýew “Aman agany ýatlap” (1975) we başga-da onlarça-onlarça işler ýazyldy. “Aman Kekilow” diýen okuw film (ssenarisini ýazan Oraz Ýazymow) döredildi. Görnükli edebiýatçy alym Kaýum Jumaýew ussat hakda “Aman Kekilow” atly uly göwrümli monografiýasyny ýazdy. Ol 1982-nji ýylda “Ylym” neşirýaty tarapyndan çap edilip, giň okyjylar köpçüligine hödürlenildi. Bizem Aman Kekilow hakyndaky şu gürrüňimizi Kaýum Jumaýewiň halypa hakdaky şu sözleri bilen tamamlamagy makul bildik: “...Aman aga türkmeniň geçmiş edebiýatyna tutuşlygy bilen ogullyk hyzmatyny etdi. Bütin geçmiş türkmen edebiýaty däl, Firdöwsi, Nowaýy türkmen studentleriniň gözüniň öünde A.Kekilowyň hemmäni bent edýän sözleri bilen düýp köküne çenli tanaldy. Ol şonuň ýaly, Gündogaryň beýik ynsanperwer adamlaryny dil bilen, okan leksiýalary bilen Türkmenistana tanatdy. Bu meselede onuň döwründe diňe şol ugurdan B.Garryýew, M.Kösäýew jedel edip bilerdi. Çeper döredijilikden bolsa B.Kerbabaýew. Meniň muny mundan hem ösdürmäge hakym bar. Sebäbi, eýýäm “Aýgytly ädim” bilen dalaş salýan eserler bar. Emma A.Kekilowyň “Söýgi” romany bilen dalaş edip biljek eser ýok. Ine, mesele-de şonda!” Aman Kekilow hakynda şundan gowy näme aýtjak?! Türkmeniň usat şahyry we ýazyjysy, ussat alymy, beýik adam, akademik Aman Kekilow 1974-nji ýylyň 13-nji dekabrynda uzaga çeken agyr keselden soň aradan çykypdy. NETIJE Türkmen edebiýaty öwreniş ylmy hem-de bu ylmyň görnükli alymlary professor Ýewgeniý Eduardowiç Bertes ýaly rus gündogary öwreniji alymynyň, Hally Şahberdiýew, Aman Kekilow ýaly türkmen edebiýatçylarynyň ylmy mirasy we durmuş ýoly hakdaky taryhy maglumatlar biziň işimize obýekt bolup hyzmat etdi. Beýleki halklaryň köpüsiniň edebiýaty öwreniş ylmynda edebiýatçylaryň bitiren işleri, olaryň ykbaly hakynda köp işler ýerine ýetirildi. Şeýle wajyp işleriň biriniň türkmen edebiýaty öwreniş ylmynda-da amal etmäge synanyşydygyna bu işiň edebiýaty öwreniş ylmyna goşandy bolar.Galyberse-de, Hodzko, Ostroumow, Berezin, Samoýlowiç, Bertels, Wamberi... ýaly daşary ýurtly edebiýatçylaryň türkmen edebiýaty öwreniş ylmy üçin eden işlerini giňişleýin seljermek we olaryň türkmen topragynda ýaşan we ondan daşda ýaşan ýyllaryndaky ykballary hakynda okyjylar köpçüligine nämälim bolan maglumatlar işiň gidişinde onuň süňňüne siňdirildi. Türkmen alymlary hakyndaky ylmy-populýar oçerklerde bolsa döwrüň syýasy taglymatyna ýa-da başga bir sebäbe görä aýdylman saklanylan “syrlaryň” yzarlanylmagy we açylmagy edebiýat taryhynyň peýdasynadyr. Şeýle hem ylmy mirasy we ömür ýoly öwrenilen alymlaryň edebiýaty öwreniş ylmyndaky hyzmatlary, olaryň özboluşly ylmy garaýyşlary hakynda täzeçe gürrüň etmek bilen her döwrüň edebiýaty öwreniş ylmynyň özboluşly häsiýeti ýüze çykaryldy. Elbetde, türkmen edebiýatyny öwreniş ylmy tarp ýerden, öz-özünden döräýmändi. Edilen uly aladalaryň, beýik tagallalaryň netijesinde ugrugyp, ýola düşüpdi. Türkmen halk döredijiligine degişli A.Poseluýewskiniň monografik häsiýetli “Gökleň halk aýdymlarynyň ritmiki gurluşy”, “Türkmen folkloryny derňäp öwrenmek”, “Gökleň çaga oýunlary-sanawaçlary”, O.Täçnazarowyň “Türkmen çeper edebiýaty we dil bilen aýdylýan halk edebiýaty”, Ş.Batyrowyň “Türkmenistanyň halk döredijiligi”, “Bagşy halkyň aýdymçysydyr”, A.Kekilowyň “Ýazyjy we folklor”, G.Ahundowdyr R.Alyýewiň “Türkmen folklory we olaryň hilleri”, O.I.Şaskaýanyň “Türkmen lirikasynda aýal-gyzlaryň durmuşy” ýaly makalalaryň onlarçasyny görkezmek bolar. Bulardan başga-da şol irki ýyllarda halk döredijiliginiň dürli görnüşlerini jemlemäge synanyşan ençeme ýygyndylar neşir edilýär. “Türkmenistanyň halkyýetleriniň döredijiligi”, “Köpçülik türkmen aýdymlary”, “Halk we rewolýusion aýdymlar” bilen bir hatarda nakyllar, matallar, läleler, ertekiler, köp sanly dessanlar özbaşdak kitap görnüşinde çapdan çykarylýar. Hatda türkmen ertekileri dürli at bilen telim ýola rus dilinde hem neşir edilýär. Uly möçberli “Türkmen poeziýasynyň antologiýasynyň“ türkmen hem rus dillerinde çap edilmegi örän guwançly ýagdaýdyr. Irki ýyllarda edebi mirasy ýygnamak, halk arasyndan ýazyp almak maksady bilen ýöriteleşdirilen kompleksleýin ekspedisiýalar ýygy-ýygydan guralypdyr. Köp materiallar ýygnalypdyr. Bu işde G.Ahundowyň, A.Gowşudowyň, A.P.Poseluýewskiniň, L.F.Lebedewiň, M.A.Sakaliniň, M.Kösäýewiň, B.Garryýewiň, A.Çepowyň, N.Hojaýewiň... uly hyzmatlary bar. Görnükli gündogary öwreniji alym Ýe.E.Bertels türkmen filologlarynyň ünsüni çeken “Magtymguly çeper döredijilik hakynda” atly belli işinde beýik Magtymgulynyň çeperçilik genisiniň täze tarapyny açyp görkezdi. Türkmen alymlary hem onuň açan şol ýolundan ýörediler.Gadymy, orta asyr, XVIII-XIX asyr türkmen edebiýatynda halys edebi garaýyşlar, tankydy pikirler düýpden bolmandyr diýmek bolmaz. Olar bölek-bölek garaýyşlar, pursatlar, detallar görnüşinde klassyk şahyrlarymyzyń eserlerinde ýaşapdyr. Bertels Magtymgulynyň öz döredijilik güýjünde dini tutaryk edinse-de, ońa nähili lybas geýdirse-de, ol “keramatly güýçler” tarapyndan döredilen şahyr bolman, öz döwrüniń döreden we özüniń döredijiliginde şol döwrüń hakykatyny uly ussatlyk bilen beýan eden bir şahyr bolandygyny aýratyn belledi. Belki, Magtymguly özüniń döwürdeşleri bilen gürrüńleşen wagtynda, olar bilen hat aragatnaşygyny saklan wagtynda, söz sungaty, onuń aýry-aýry meseleleri hakynda öz pikirini beýan edendir. Munuń şeýle bolanlygy “belki” däldir, jedelsizdir. Emma nebsimiz agyrsa-da, bu hilli materiallar biziń döwrümize gelip ýetmändir. Şahyryń edebi döredijilik, edebi tankydy pikirlerini öwrenmekde häzirlikçe ýeke-täk çeşme bolup durýan zat onuń hut öz döredijiligidir.”Ýe.E.Bertels bütin Orta Aziýa edebiýatynda Magtymgulynyň adaty bir şahyr däldigini hiç bir ikirjeňlenmän, göni hem açyk aýtdy, aýdan zatlaryny-da ynandyryjy subut etdi. Şol pikirini Magtymgulynyň 1948-nji ýylda Moskwada rus dilinde çykan goşgular ýygyndysyna ýazan sözbaşysynda hasam ösdürdi” diýip, Ýe.E.Bertelsiň ylmy mirasyny taýýarlaýjy komissiýanyň sekretary, görnükli alym Gazanfar Alyýew “Türkmenleriň eý görýän alymy” atly makalasynda (“Edebiýat we sungat” gazetiniň 1965-nji ýylyň 9-njy iýunynda çykan sany) belläp geçdi. Bu alym şol makalasynda Ýe.E.Bertelsiň “Türkmen halkynyň geçmiş edebiýaty” (gadymy zamanlardan tä XVIII asyra çenli) (“Sowet edebiýaty” žurnaly, 1944-nji ýylyň 9-10-njy sanlary) işine uly baha bermek bilen, şeýle ýazdy: “Ýakyn Gündogaryň halklarynyň medeniýetini änigine-şänigine çenli öwrenen Ýe.E.Bertels ”Türkmenler taryhy prosesiň ösüş güýji bilen taryhyň aýry-aýry zamanlarynda dürli-dürli dillere ýykgyn etmäge mejbur bolupdyrlar”. Ol şunuň bilen türkmen edebiýatyndan işleýän alymlary ylmy gözleglerde diňe türkmen dilindäki ýazuw ýadygärliklere kökerlip oturmazlyga çagyrdy. Onuň özü-de ilkinji çeşmeleriň esasynda bir tarapdan, beýleki goňşy halklaryň edebiýatynyň arabaglanyşygyny ýüze çykardy. Hut şunuň üçinem, Ýe.E.Bertels edebi aragatnaşyklaryň şu taryhy häsiýetlerinden gelip çykýan biri-birine baglanyşykly ylmy meseleleriň bütewiligini öwrenmegi türkmen filologlarynyň gaýragoýulmasyz işi hasaplady, özi-de ol şunuň hut şeýle edilmelidigini ylmy nukdaý nazardan esaslandyrdy. Şu jähtden türkmen edebiýatynyň taryhynyň Baýram han, Ýolguly Anisi, Barhudar türkmen hem şuňa meňzeşler ýaly atly-abraýly şahyrlaryň hasabyna baýlaşandygyny-da aýtmak bolar. Ýe.E.Bertels türkmen edebi diliniň düýpli meselelerine-de az üns bermändir. Türkmen lingiwistlerinden, edebiýatçylaryndan filologiýa ylymlarynyň doktorlary, professorlar P.Azymowyň, B.Garryýewiň, A.Poseluýewskiniň, M.Hydyrowyň, P.Alyýewiň, Z.Muhammedowanyň işlerini ol golýazma görnüşinde okabam, nähili syntgylamalydygynyň ýollaryny görkezipdi. Edebiýatçy Hally Şahberdiýewiň ömür ýoly çarkandakly bolupdy. Geçen asyryň ýigriminli ýyllarynyň ortalaryndan başlap onuň sesi has batyrgaý eşdilip ugrapdy.. Täze türkmen edebiýatynyň dürli meselelerinden baş alyp çykmaga dalaş edýän Hally Şahberdiýewiň edebi mirasy käbir sebäplere görä göwnejaý öwrenilmedi. Edebiýatçy alym hakynda edilen bu iş ol hakdaky ýatlamalaryň azda-kände öwezini doldurar diýen tamamyz bar. Akademik Aman Kekilowyň ylmy mirasy edebiýaty öwreniş ylmynda düýpli öwreilmegini dowam edýär. Dürli ýyllarda edebiýatçy alymlar K.Jumaýew, D.Nuralyýew we beýlekiler akademige bagyşlap, monografyýalar ýazdylar. Her gezegem olar görnükli alymyň köpgyraňly döredijiliginiň many-mazmunyny täze röwüşde açyp görkezdiler. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |