23:43 Akademik Aman Kekilow / dowamy | |
• “AMAN KEKILOWYŇ ZYÝANLY BIR MAKALASY HAKYNDA”
Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly
Ýoldaş Aman Kekilow biziň žurnalymyzyň 1950-nji ýyldaky 5-nji sanynda öziniň “Türkmen edebiýatyndaky dessançylyk häsiýet hakynda” diýen makalasyny çap etdiripdi. Halka ýat “Gorkut ata” eposy hakynda Türkmenistan kommunistler partiýasynyň Merkezi Komitetiniň karary, Merkezi Komitetiň sekretary ýoldaş O.Şyhmyradowyň metbugatymyzyň sahypalarynda bu hakdaky çykyşy, galyberse-de, Merkezi Komitetiň VI plenumynyň respublikamyzda ideologiýa işlerini gowylandyrmak baradaky kararlary we TKP-niň XI gurultaýyndan soň Aman Kekilow şol makalasynda goýberen gödek burjuaz milletçiligi ruhundaky ýalňyşlyklary hakynda ilki bilen özi gürlemelidi. Emma onyň bu wagta çenli dymyp oturmagy we öz makalasynda ýöreden zyýanly pikirleri hakda henize çenli söz açmazlygy örän geň galarlyk işdir. A.Kekilowyň öz makalasynda goýberen gödek syýasi ýalňyşlyklary tötänden bolan zat däl. Ol awtoryň edebi konsepsiýasynyň nädogrydygyny tassyklaýar. Edebiýaty öwrenmekde marksistik-leninçilik metodologiýasyndan daşlaşyp, burjuaz alymlarynyň metodologiýasyna eýermeklik, formalizm usuly bilen edebi hadysalara garamaklyk Aman Kekilowy burjuaz milletçileriň ýolyna alyp barypdyr. Ol bu makalasynda paş edilen burjuaz milletçileriň işini dowam etdirýär. Meselem, A.Kekilowyň “Gorkut ata” kitabynyň adyny öz makalasynda agzamagynda däl. A.Kekilowyň makalasynda goýberen gödek syýasy ýalňyşy bir sistema şekilini almagyndan ybarat. Ol edebi hadysalara marksistlerçe däl, formalistlerçe garaýar. Ol eserleriň ideýasy, şondaky gahrymanlaryň sosial sypaty we meýilleri bilen gyzyklanman, şolaryň daşky formasy bilen gyzyklanýar. Ol eseriň mazmunyny ýatdan çykaryp, diňe formanyň aýratyn elementleri hakynda düşünmek bilen, birinjiden, formany mazmundan aýyrýar. Ikinjiden, taryhi şertleri nazara alman, çeper eserleriň arasynda forma meňzeşliklerini gözleýär. A.Kekilowyň ýalňyşlyklarynyň esasy şu meseleden başlaýar. Edebiýatdaky formalizm häzirki ýagdaýda milli respublikalarda burjuaz milletçiligiň edebiýat meýdanynda ýüze çykan iň ýigrenji görnüşdir. Şol sebäpden hem Aman Kekilow bir eýýäm şol ýalňyşlary emele getiren sebäpleri, öziniň şolara häzirki garaýşy hakynda sowet ýazyjysy hökmünde metbugatda çykyş etmelidi. Emma ol sesini çykarmady. Žurnalyň redaksion kollegiýasy hem bu makalany çap etmek bilen, öz goýberen ýalňyşyny öz wagtynda düzetmedi. Aman Kekilow bu makalasynda paş edilen burjuaz milletçiler: O.Abdalowyň, M.Kösäýewiň we B.Garryýewiň pozisiýasynda durýar. Ol hem şolar ýaly “Gorkut ata” dessanyny türkmen edebiýatynyň “gadymi ýadygärligi” hasap edýär. Galyberse-de, A.Kekilow bütin türkmen dessanlarynyň “çeşmesini” şol halka ýat ganly eposda görýär. Awtor makalasynda: “Bu halk eposynyň (“Gorkut atanyň”- red.) XVII-XVIII asyrlarda köp ýüze çykan türkmen halk dessanlarynyň döremeginde örän uly täsiriniň bolanlygy jedelsizdir” diýip ýazýar. A.Kekilow paş edilen burjuaz milletçileri ýaly, şol eposy “halk eposy” diýip atlandyrmak bilen çäklenmän, şondan soň türkmen halkynyň arasynda dörän hemme dessanlary şonyň bilen baglýar. Awtor makalasynyň dowamynda eposyň kyssa we goşgy bilen ýazylanyndan söz açyp, şonuň kyssasyny hem ritmikaly şygyr ýaly labyzly diýip tassyklap, “gan döküp, kelle kesen” diýen setirleri mysal alyp, eposy öwýär we öz çykaran netijelerini ynandyryjy etjek bolup, M.Kösäýewiň makalasyndan sitirleýär. A.Kekilow türkmen halkyna ýat bolan bu eposyň goşgulary aýdym hökmünde halk arasynda aýdylýar diýip öňe sürüp, yzly-yzyna şondan alnan bölekler bilen makalasynyň sahypalaryny doldurýar. Ol öz öwgülerini esaslandyrmak üçin, käte burjuaz milletçi M.Kösäýewiň, käte bolsa B.Garryýewiň makalalaryna esaslanýar. Aman Kekilowyň öwgüsi aňsatlyk bilen gutarmaýar. Ol ilki “Görogly” eposy bilen “Gorkut atany” umumi meňzeş diýip, ýagny bu iki eseriň kyssa we goşgy bilen ýazylandygyny tassyklaýar. Munuň bilen çäklenmän, şol eserleriň sýužetinde hem käbir meňzeşlikler “tapýar”. Şol “meňzeşlik” bu iki eposda gahrymanlar dogulmanka, şolar hakynda bolan gürrüňden ybaratmyş. Awtor şu iki dessanyň şeýle maýda formal taraplaryndan söz açsa-da, şol eserlerde berlen ideýadan gahrymanlaryň sosial sypatynyň häsiýetlerinden, galyberse-de, umuman eseriň mazmunyndan düýbünden söz açanok. Bu bolsa awtoryň edebiýaty öwrenişde gös-göni formalizm ýolynda durandygyny görkezýär. A.Kekilowyň makalasynda öňe süren ikinji meselesi “Gorkut ata” eposynyň halk arasynda “giň” ýaýramagydyr. Ol şu pikirini tassyklamak üçin ýazyjy Ata Gowşudowa we kinooperator Juma Nepesowa daýanjak bolup, şolaryň adyndan bolar-bolmaz warsakylary düzýär. Ol nirde bir erteki, bir dessan, bir gürrüň edilen bolsa, şony hökmany suratda “Gorkut ata” baglaýar. Ýazyjy Ata Gowşudow türkmen halk döredijiligini iň ýagşy bilýän adamlardan biridir. TKP Merkezi Komitetiniň “Gorkut ata” eposy hakyndaky karary ýazyjylaryň ýygnagynda ara alnyp maslahatlaşylanda ol: “Gorkut ata” eposyny türkmen halky düýbinden bilmeýär. Şu iş bir näçe “alymsumaklaryň” tapan zadydyr” diýdi. Şol sebäpden hem A.Kekilowyň getiren delilleri boş we esassyz bolup galýar. Aman Kekilow öz makalasynda “Gorkut ata” bilen başga eserleri irginsiz deňeşdirenden soň, pikirlerini jemläp: “Türkmen dessanlarynyň käbirleriniň esasyna “Gorkut ata” kitabynyň sýužeti goýlanlygy we onyň has giňeldilenligi hem-de täze wakalar bilen baýlaşdyrylanlygy gumansyzdyr” diýýär. Bu ýerde awtor açykdan-açyk türkmen edebiýatyndaky hemme dessanlaryň sýužeti “Gorkut atadan” alnypdyr diýip tassyklamak bilen barabar, şolaryň käte meňzeş däldikleriniň sebäbini-de döwre laýyk suratda şol eserleriň sýužetiniň boýlaşmagyndan görýär. Awtor makalanyň ahyryna çenli öziniň formalastiki metodologiýasyndan çykyp bilmän, diňe türkmen edebiýatynyň epiki žanryna giren eserlerini däl, hatda beýik rus şahyry M.Ýu.Lermontowyň “Aşyk-Garyp” ertekisini hem sýužet taýdan “Gorkut ata” bilen baglaýar. Aman Kekilow düýbünden türkmen edebiýaty we türkmen jemgyýeti bilen bagly bolmadyk beýik şahyr M.Ýu.Lermontowy hem öz islegi boýunça, şol ganly eposa baglap, açykdan-açyk oňa töhmet atýar. M.Ýu.Lermontowyň öz aýdyşyna görä, şahyr şol ertekini Azerbaýjanyň Şemahy diýen ýerinden ýazyp alyp, soň ony ýaňadandan işlän ekeni. M.Ýu.Lermontowyň ertekisi özüniň mazmuny we formasy taýyndan “Gorkut ata” düýbünden meňzeş däl. M.Ýu.Lermontowyň üstüne şeýle töhmet atmak A.Kekilowa näme üçin gerek bolduka? Awtor makalanyň birinji bölümini jemläp: “Biziň bu getiren mysalymyz we deňeşdirmämiz XI-XII asyrlar dowamynda hemme (12 sany) hekaýasy birleşdirilip, bitewi bir epos şekiline gelen “Gorkut ata” kitabynyň türkmen halky arasynda agyzdan-agza geçip, wagtyň talabyna görä dürli, üýtgeşikliklere sezewar bolan aýry-aýry hekaýalarynyň gysgajyk sýužetleriniň türkmen halk dessanlarynyň esasyna goýlandygyny görkezýär” diýýär. Görnüşi ýaly, A.Kekilow özüniň zyýanly konsepsiýasyny makalanyň ahyryna çenli dowam etdirip, her hili ýol bilen bolsa-da, hemme eserleri “Gorkut atanyň” dowamy we ösüşi hasaplaýar. Açyk aýdanymyzda, bu pikir paş edilen burjuaz milletçileriň şu babatda ýöreden zäherli düşünjeleriniň dowamy we ösüşidir. Munyň üstesine, A.Kekilow şol makalasynda bir wagtlar (1937-nji ýylda) paş edilen halk duşmany akademik Samoýlowiçiň makalasyna esaslanyp, şonuň pikirlerini özi tassyklamak bilen çäklenmän, şol pikirleri halk köpçiligine hem hödürleýär. A. Kekilow şonuň Magrupiniň panislamizm we feodal talaňçylygy pikirine ýugrulan “Ýusup-Ahmet” dessanyny şol ganly epos bilen baglandygynyň sebäplerini paş etmegiň deregine, şonuň pikirlerine guwanýar. Ol bu meselä-de formalistlerçe garap, eseriň çüýrük, zyýanly ideýasynyň “Gorkut ata” meňzeşligini paş etmek deregine, formal meňzeşlikler gözleýär. Şeýlelik bilen hem prinsipial, ideýa meselelerine göz ýumup, diňe edebiýatyň formal taraplary bilen meşgul bolýar. Awtor öz makalasynyň başga bir ýerinde burjuaz milletçi B.Garryýewiň adyny tutup, onyň zyýanly pikirlerine şärikdigini bildirýär. A.Kekilowyň bu makalasy edebiýaty öwrenmekdäki “bir ugur” teoriýasy esasynda ýazylypdyr. Awtor Leniniň-Staliniň, biziň partiýamyzyň köne medeniýete bolan tankydy garaýşyny düýbinden nazara alman, “Gorkut atadan” başlap, türkmen edebiýatynyň hemme dessanlaryny, şolaryň ideýasyna we mazmunyna garaman, öwüp arşa çykarýar. A.Kekilow çeper eserleriň progressiw-demokratik häsiýeti bilen reaksion häsiýetini saýgarmaýar. Ol “Gorkut ata” bilen “Görogly” eposyny, “Ýusup-Ahmet” bilen “Nejep oglan” dessanyny bir hatarda goýýar. Onyň üçin çeper edebiýaty öwrenmekde dine formal meňzeşlikler ýeterlik bolupdyr. Şol sebäpden hem Aman Kekilowyň şol makalasyndaky metodologiýasy edebiýatda Lenin-Stalin taglymatyna garşy goýulan burjuaz edebiýatçylarynyň formalistik metodologiýasydyr. Şol sebäpden hem A.Kekilowyň gödek syýasy ýalňyşy bir sany çeper eseriň nädogry bahasynda däl, biziň edebi mirasymyza onyň formalistik garaýşyndadyr. Oňa görä-de şol ýalňyşlar biziň edebiýatymyz we halkymyz üçin gorkuly we paş edilmegi zerur meseledir. Şol makalanyň gödek syýasi ýalňyşlyklaryna birinji nobatda awtor jogapkär bolsa, žurnalyň redaksion kollegiýasy hem jogapkärdir. Žurnalyň redaksion kollegiýasynda kollegiallyk meselesiniň geregiçe saklanylmazlygy şeýle makalalaryň çap edilmegine sebäp bolupdyr. TKP Merkezi Komitetiniň “Gorkut ata” hakyndaky görkezmelerinden soň-da henize çenli şu makala hakda redkollegiýanyň dymmagy hem nädogry. Bu fakt TKP Merkezi Komitetiniň görkezişi ýaly, Ýazyjylar soýuzynyň prawleniýesinde we “Sowet edebiýaty” žurnalynyň redkollegiýasynda tankydyň we öz-özini tankydyň henize çenli gerekli derejede ýola goýulmandygyny we onyň sylanmaýandygyny görkezýär. Galyberse-de, ol makalanyň çap edilmegi redaksion kollegiýada meselä prinsipial garamagyň deregine, käte dostparazlygyň bardygynyň şaýadydyr. Geljekde şeýle gödek syýasy ýalňyşlara žurnalda ýol bermezlik we ony döwrimiziň hem halkymyzyň beýik talaplaryna laýyk edip çykarmak üçin kollegiallyk prinsipini doly we dowamly suratda saklamak bilen barabar, redkollegiýanyň işine tankydy we öz-özini tankydy iş ýaýbaňlaşdyrmak gerek. Diňe şu ýol bilen edebiýatymyzy burjuaz milletçilik pikirleriniň galyndylaryndan arassalamak we sosializimiň kommunizme ätleýän jemgyýetiň adamlaryny dostluk, doganlyk we internasionalizm ruhunda tertiplemek mümkin. Diňe şu ýol bilen edebiýatymyzy bize garşy bolan her dürli we her reňdäki pikirlerden arassalap, ony Lenin-Stalin taglymaty esasynda ösdürmek mümkin. Redkollegiýa” • Aman Kekilowyň ylmy işleri we metbugatda çap edilen makalalary 1929. Ýaňy türkmen edebiýaty we Iloglynyň goşgulary.-Ýaş kommunist, 1929, 19 Fewral.-Arap grafikasynda. 1932. Köne programma bilen täze programmanyň näme tapawudy bar?-Kommunistler magaryf, 1932, №11-12, 14-20 s. Okuw kitaplarymyz ideologiýa taýdan berk bolmalydyr.-Şuralar Türkmenistany, 1932, 28 Mart. Şura edebiýaty üçin göreş.-Kommunistler magaryfy, 1932, №21-22, 37-42 s. Ýaş şahyrlary pugta terbiýelemelidiris.-Şuralar Türkmenistany, 1932, 2 Mart. Ýaş edebiýatçylaryň şu günki wezipeleri.-Şol ýerde, 1 Maý. Ýaşlara kommunistik terbiýesini bermelidiris.-Kommunistler magaryfy, 1932, №5-6, 49-51 s. (Sow awt: M Işangulyýew). 1933. Edebiýatdan hrestomatiýa: Başlangyç mekdepleriň IV gruppasy üçin.-A.: TDN, 1933.,-192 s. 1934. Edebiýatdan hrestomatiýa: Başlangyç mekdepleriň IV gruppasy üçin. (2-nji ýola basylyşy).-A: TDN, 1934.-127 s. Biz tankytsyz ösüp bilmeris: (Türkmenistan şura ýazyjylarynyň birinji gurultaýyna).-Şuralar Türkmenistany, 1934, 27 Aprel., Ýaş kommunist, 1934, 8 Maý. Çeper edebiýatyň sypaty üçin göreşmeli.-Ýaş kommunist, 1934, 18 Maý. 1935. Çagalary edebiýat bilen üpjün ederis.- Ýaş kommunist, 1935, 18 Ýanwar. Şura edebiýaty esgeriniň soldaty bolmaly.-Türkmen şura edebiýaty, 1935, №1-2, 65 s. 1936. Edebiýatdan hrestomatiýa: Başlangyç mekdepleriň IV klasy üçin 3-nji ýola basylyşy.-A. TDN, 1936.-140 s. 1938. Folyklor we ýazyjylar.-Sow edebiýaty, 1938, №5, 54-58 s. 1939. “Göterilen göwün”: (R Seýidowyň goşgular ýygyndysy barada).-Sow edebiýaty, 1939, №7-8, 69-78 s. Dawid Sasunskiý: (Ermeni halkynyň eposynyň müň ýyllyk ýubileýi).-Sow Türkmenistan, 1939, 14 Sentýabr. Halkymyzyň talapyna laýyk pesalar dörediliň.-Ýaş kommunist, 1939, 26 Awgust. 1940. Magtymgulynyň döredijiliginde aýallar meselesi.-Ýaş kommunist, 1940, 20 Dekabr. Men Gorykini gördüm: (Aradan çykan gününe bagyşlap Türkmenistan ýaş ýazyjysynyň ýatlamasy).-Şol ýerde, 18 Iýuny. Türkmen täze elipbiýsiniň proekti hakynda.-Sow Türkmenistany, 1940, 12 Aprel. “Şasenem-Gryp”.-Ýaş kommunist, 1940, 6 Oktýabr. 1941. Otello: (Türkmen döwlet drama teatrynda goýlan spektakly barada).-Sow Türkmenistany, 1941, 25 Fewral. Otellonyň terjimesi hakynda.-Ýaş kommunist, 1941, 28 Mart. 1942. Az bolsun, uz bolsun: (Beki Seýtäkowyň “Joralar” poemasy hakynda).-Sow Türkmenistany, 1942, 10 Iýuly. Goşgy düzülişiniň sadaja kadalary hakynda.-Sow edebiýaty, 1942, №10, 49-59 s. Liriki hakynda.-Şol ýerde, №9, 34-38 s. Çeper edebiýatyň dili.-Şol ýerde, №6, 71-76 s. Ýagtylyga çykanlar: (N Saryhanowyň “Ýagtylyga çykanlar” atly powesti hakynda).-Sow Türkmenistany, 1942, 5 Sentýabr. 1943. Ober-leýtenant: (A Mämmetgulyýewyň poemasy hakynda).-Sow Türkmenistany, 1943, 22 Oktýabr. Türkmen sowet edebiýaty ösüş ýolunda.-Sow edebiýaty, 1943, №11, 3-13 s. Haldurdy.-Sow Türkmenistany, 1943, 11 Dekabr. Şahyr Hoja Şükürow.-Şol ýerde, 17 Dekabr. Поэт Х Дурдыев.-Туркмен искра, 1943, 10 Дек. Поэт Ходжа Шукуров.-Там же, 19 Дек. 1944. Magtymgulynyň döredijiligine bagyşlanan ylmy sessiýa.-Sow. Türkmenistany, 1944, 28 Iýuny. Söweşjeň owaz: (Ata Salyhyň “Watançylyk goşgulary” atly ýyg hakynda).-Şol ýerde, 23 Awgust. Изменение лексики и развитее языка: (Извлечение из дис).-В кн.: Проблемы туркменской филологии, A., 1944, т 1, с 13-17. Очерки современной туркменской литературы.-Сов едебияты, 1944, №4-5, с 85-100. 1945. Hoja Şükür (1897-1944).-Sow edebiýaty, 1945, №4-2, 25-27 s. Современная туркменская литература.-Лит. Газ, 1945, 15 Сент 1946. Göreşiň gaýduwsyz gahrymany: (Rus ýazyjysy Maksim Gorykiý barada).-Ýaş kommunist, 1946, 13 Iýuny. 1947. Azerbeýjan halkynyň beýik şahyry Nyzamynyň eneden doglan gününiň 10 ýyllygyna.-Sow. Türkmenistany, 1947, 27 Sentýabr. Watanyň mähriban gyzy (SSR-iň halk artistkasy Maýa Kulyýewa hakynda).-Şol ýerde 19 Ýanwar. Nyzamy we türkmen edebiýaty.-Sow edebiýaty, 1947, №8, 71-76 s. Oktýabry poeziýasy.-Şol ýerde, № 11, 92-109 s. Soldat gaýdyp geldi: (Ýazyjy G.Gurbansähedowyň goşgular we poemalar ýyg hakynda).-Sow. Türkmenistany 1947, 21 Sentýabr. Söweşjeň owaz: (Ata Salyhyň “Watançylyk goşgulary” atly ýyg hakynda).-Şol ýerde, 23 Awgust. Çeper sözüň ussady: (B Kerbabaýewiň döredijiligi hakynda).-Şol ýerde, 4 Fewral. Çeper edebiýatda mazmun we forma.-Sow edebiýaty, 1947, №2, 87-103 s. Великий поэт азербайджанского народа: (К 800-летию со дня рождения Низами).-Туркмен искра, 1947, 21 сент. 1948. Edebiýat teoriýasy: (Gysgaça oçerk).-A., 1948, 114 s. Alma ene gülleýär: (Şahyr Ata Atajanowyň goşgular ýyg hakynda).-Sow. Türkmenistany, 1948, 11 Iýuly. Taryhy roman: (Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romany hakynda).-Sow edebiýaty, 1948, №8, 63-72 s. Türkmen sowet edebiýatynyň ajaýyp üstünligi: (Berdi Kerbabaýewiň “Aýgytly ädim” romany hakynda).-Sow. Türkmenistany, 1948, 14 Aprel. Çuň ideýaly çeper eserler döretmek ugrunda.-Lenin ýoly (Çärjew), 1948, 22 Dekabr. Edebiýat teoriýasy hakynda gürrüňler: (Konsulytasiýa).-Sow edebiýaty, 1948, №1, 88-104 s ; №2, 28-96 s ;№3, 64-76 s ; №4, 66-79 s ; №5, 66-80 s ; №6, 70-74 s. Встреча: (О встрече с Горьким на первом съезде СП СССР в 1934 г).-Туркмен искра, 1948, 28 марта. К 80-летию со дня рождения А.М.Горького: (Доклад А.Кекилова на вечере в Ашхабадском пединституте).-Комсомолец Туркменистана, 1948, 25 марта. 1949. Allan aganyň maşgalasy: (Güseýn Muhtarowyň pesalary hakynda).-Sow. Türkmenistany, 1949, 5 Oktýabr. “Zöhre-Tahyr”: (Mollanepes dessany hakynda).-Şol ýerde, 9 Fewral. Kümüş guty: (Gara Seýitliýewiň we Güsaýyn Güseýn Muhtarowyň pesalar hakynda).-Şol ýerde, 3 Sentýabr. Lebap nagmalary: (Şahyr Rahmet Seýidowyň goşgular ýyg hakynda).-Sow edebiýaty, 1949, №8, 54-66 s. Oraz Gadamowyň käbir hekaýalary hakynda.-Lenin ýoly (Çärjew), 1949, 9 Ýanwar. Türkmen sowet edebiýaty ösüş ýolunda.-Şol ýerde, 18, 19 Noýabr. 1950. Mollanepesiň döwri we döredijiligi.-Sow edebiýaty, 1950, №9, 51-72 s. Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessany.-Şol ýerde, №11, 72-80 s ; №12, 56-76 s. Türkmen edebiýatyndaky dessançylyk häsiýet hakynda.-Şol ýerde, №5, 71-88 s. 1951. Watanymyzyň ýene-de rowaçlanmagy üçin.-Sow. Türkmenistany, 1951, 25 Fewral. Döwlet pedagogik institutynda.-Şol ýerde 7 Ýanwar. Türkmen diliniň kämilleşmegi we ösmegi ugrunda.-Şol ýerde, 21 Iýuly. 1952. Beýik rus ýazyjysy L.N.Tolstoýyň önüp-ösen we ýaşan ýerlerinde.-Sow edebiýaty, 1952, №7, 56 s. Türkmen edebiýatyna Gogolyň täsiri.-Lenin ýoly (Çärjew), 1952, 4 Mart. 1953. Birinji ädim.-Sow edebiýaty, 1953, №10, 71-77 s. 1954. Ganly sakanyň soňy. (Çary Aşyrowyň poemasy hakynda).-Sow. Türkmenistany, 1954, 21 Mart. Türkmen sowet edebiýatynda tipikilik meselesi.-Türkmenistan kommunist, 1954, №4, 43-51 s. Hakykaty dogruçyl we çeper suratlandyrmak ugrunda.-Sow edebiýaty, 1954, №5, 64-72 s. Şahyr we gazet.-Sow. Türkmenistany, 1954, 5 Maý. Eserleriň ýokary çeperçiligi ugrunda.-Şol ýerde, 12 Awgust. Вопрос типичности в туркменской советской литературе.-Коммунист Туркменистана, 1954, №4, 41-49 с. 1955. Başarjaň guramaçy: (K. Öwezow hakynda).-Sow. Türkmenistany, 1955, 16 Fewral. Gök asman: (Şahyr Allaberdi Haýydowyň goşgular ýyg barada).-Şol ýerde, 1 Sentýabr. “Zöhre-Tahyr” dessany:-K-da: Mollanepes “Zöhre-Tahyr”. A., 1955, 3-10 s. Türkmen edebiýaty we sungaty gülläp ösýär.-Lenin ýoly (Çärjew), 1955, 16 Dekabr. Большой экзамен: (Декада туркмен литературы и искусства в Москве).-Комсомолец Туркменистана, 1955, 14 Окт. 1956. Meşhur şahyr we beýik akyldar: (Magtymguly hakynda).-Lenin ýoly (Çärjew), 1956, 6 Aprel. Молланепес и его дестан“Зохре-Тахир”.-В кн: “Зохре-Тахир” Пер с туркмен Т Озорской и А Тарковского. А., 1956, с3-16. 1957. Mollanepes: (Ömri we döredijiligi barada).-A., TDN, 1957, 200 s. Partiýa bizi öňe alyp barýar.-Sow. Türkmenistany, 1957, 6 Noýabr. Türkmen edebiýatyny öwrenmegiň käbir meseleleri hakynda.-Şol ýerde, 16, 17, 18 Maý. 1958. Edebiýat teoriýasy (Pedagogik institutlaryň studentleri üçin gollanma).-A., NDPN, 1958, 168 s. Beýik gumanist we akyldar: (Türkmen klassyk şahyry Magtymguly barada).-Lenin ýoly (Çärjew), 1958, 14 Dekabr. Расцвет литературы Советского Туркменистана.-Чардж правда, 1958, 28 сент Правда Востока, 1958, 11 сент. У китайских друзей: (Из путевого дневники) Пер с туркмен Б Сергеева.-Ашхабад, 1958, №4, с 153-166. 1959. Magtymguly Ýadygärlik: (Alymlaryň ýatlamalary Şahyryň ýoly). Goşgular.-A., 1959, 104 s. Garaja Burunowyň saýlanan eserleri.-Sow. Türkmenistany, 1959, 29 Noýabr. Dostluk hem raýdaşlyk baýdagy astynda: (Aziýa we Afrika ýurtlarynyň ýazyjylarynyň Daşkent konferensiýasynyň 7 ýyllygyna).-Edeb we sungat, 1959, 15 Oktýabr. Mollanepesiň “Zöhre-Tahyr” dessany hakynda.-K-da: Mollanepes, A., 1959, 3-10 s. Türkmen poeziýasynyň antologiýasy.-Sow. Türkmenistany, 1959, 12 Maý. Жизнь и творчество МолланепесаАвторефдис на еоиск учён степени д-ра филолнаук.-А., 1959. 29 с. Славный творческий путь: (50-летию со дня рождения Д Халдурды).-Туркмен искра, 1959, 20 дек. 1960. Beýik lirik şahyr: (Türkmen klassyk şahyry Mollanepes hakynda).-Türkmen kommunisti, 1960, №3, 45-52 s. Belent duýgylaryň beýançysy: (Şahyr Mollanepes barada).-Sow. Türkmenistany, 1960, 2 Mart. Inçe sungatyň hossary: (W.I.Lenin hakynda).-Sow edebiýaty, 1960, №4, 13-16 s. Magtymgulynyň edebi däpleri we biziň poeziýamyz.-Şol ýerde, №11, 44-50 s. Meşhur şahyr we beýik akyldar: (Magtymguly hakynda).-K-da: Magtymguly: (Şahyryň ömrüne we döredijiligine degişli makalalar ýyg).-A., 1960, 146-150 s. Sakaw sözüni soňlaýar: (Täze ýyl mynasybetli ýazylan makala).-Sow edebiýaty, 1960, №2, 122 s. Пути развития туркменской литературы: (К прибытию туркменских писателей в Киргизию).-Ала Тоо 1960, №15, 78-81 с.-На киргиз яз. 1961. Edebiýat teoriýasy: (Ýokary okuw jaýlarynyň filologik fakulytetleriniň studentleri üçin gollanma Nagym Aşyrowyň redaksiýasy bilen).-A., 1961, 210 s. Agzybir maşgalada: (Türkmen hem gazak edebiýaty hakynda).-Sow. Türkmenistany, 1961, 17 Dekabr. Biziň edebiýatymyzyň dosty: (Rus sowet ýazyjysy W.A.Lugowskoý barada).-Şol ýerde, 1 Iýuly. Gadyrdan galamdaşlarymyzy gadyrly garşylarys: (Rus edebiýatynyň Türkmenistanda geçiriljek gününe).-Şol ýerde, 28 Aprel. Gepleýär Fuçikowa: (Çehoslowak ýazyjysy Ýulius Fuçikowyň aýaly G Fuçikowa bilen duşuşyklar).-Edeb we sungat, 1961, 23 Noýabr. Döwür bilen deň ädeliň!: (Ýaş ýazyjylaryň respublikan seminarynda sözlenen söz).-Şol ýerde, 27 Aprel. Kommunizmiň bosagasynda.-Şol ýerde, 10 Awgust. Magtymgulynyň edebi däpleri we biziň poeziýamyz.-K-da: Magtymguly: (Beýik türkmen şahyry Magtymgulynyň doglan gününiň 225 ýyllygyna bagyşlanan ýubileý ýyg). A., 1961, 221-230 s. Mollanepesiň ömri we döredijiligi hakynda.-K-da: Mollanepes. Eserleriniň bir tomlygy. A., 1961, 5-15 s. Çeper döredijiligiň beýik programmasy.-Sow edebiýaty, 1961, №12, 21-22 s. Добрые соседи Письмо из Туркмении: (О культурных связях Туркмении с зарубежными странами).-Культура и жизнь, 1961, №11, с 38-39. (Соавт Т Дурдыев). 1962. Mollanepes.-A.: TDN, 1962, 144 s. Mollanepesiň ömri we döredijiligi.-A., 1962, 39 s. Watandan uzak ülkelerde: (Afrika ýurtlary hakynda ýol ýazgylary).-Edeb we sungat, 1962, 10, 26, 29, sent ;3, 6, 13 Oktaýabr. Milli medeniýatimize möhüm goşant.-Şol ýerde, 8 Dekabr. Türkmen edebiýatynyň klassygy: (Mollanepes barada).-Sow. Türkmenistany, 1962, 24, Maý. Türkmeniň saýrak bilbili.-K-da: Mollanepes: Lirika., A., 1962, 5-10 s. Edebi faktlara obýektiw baha bermeli.-Edeb we sungat. 1962, 7 Iýuny. Ýaşlar problemasynyň töwereginde: (Ýaş ýazyjylaryň bütinsoýuz maslahaty).-Şol ýerde, 12 Sentýabr. (Soawt A.Myradow). М.В.Ломоносов и развитие русской литературы и языка.-В кн: Михаил Васильевич Ломоносов:250-летие со дня рожденияю, А., 1962, с 95-98. Добро пожаловать, дорогие друзья!: (К декаде узбекской литературы в Туркменистане).-Туркмен искра, 1962, 18, Ноябрь 1963. Beýik aýdymçy: (Mollanepesiň döredijiligi barada).-Sow. Türkmenistany, 1963, 29 Dekabr. Mollanepes we dünýä edebiýaty.-Şol ýerde 14 Sentýabr. Mollanepesiň döredijiligi.-K-da: Mollanepes: (Eserleriň bir tomlugy).-A., 1963, 5-13 s. Fuçigiň watanynda: (Çehoslowakiýa syýahatlary barada).-Edeb we sungat, 1963, 27 Noýabr. Halkyň göwnünden turjak eserler döretleli.-Şol ýerde, 16 Mart. Edebiýat taryhynyň käbir meseleleri.-Şol ýerde, 2 Noýabr. Великий лирик: (Молланепес).-А: Туркменгосиздат, 1963, 210 с. Наш Молланепес: (К 150-летию со дня рождения).-Изв. АН ТССР.Сер обществ наук, 1963, №6, с 3-9. 1964. Mongol sähralarynda: (Ýol ýazgylary).-Edeb we sungat, 1964, 15, 19, 22, 26 Awgust. Sowet Soýuzynyň Kommunistik partiýasyna türkmen halkynyň haty.-Sow. Türkmenistany, 1964, 28 Noýabr ; Sow edebiýaty, 1964, №12, 3-12 s. Türkmeniň şöhratly kyrk ýyly: (TSSR-iň we TKP-niň döredilmeginiň 40 ýyllygyna).-Sow edebiýaty, 1964, №10-11, 14 s. 1966. Gurultaýdan gurultaý: (Türkmenistan ýazyjylarynyň IV gurultaýyndan V gurultaýyna çenli).-Sow edebiýaty, 1966, №5, 10-11 s., portr. Türkmeniň ajaýyp şahyry: Ata Nyýazowyň doglan gününiň 60 ýyllygyna.-Sow edebiýaty, 1966, №5, 87-89 s., portr. Suratda: ýazyjylar Aman Kekilow (çepde) bilen Hydyr Derýaýew okyjylaryň arasynda. 1967. Çagalar edebiýaty hakynda ylmy iş: (K.Taňrygulyýewiň “Uruşdan soňky döwürdäki türkmen çagalar edebiýaty” atly kitaby hakynda).-Sow. Türkmenistany, 1967, 26 Aprel. Из истории возникновения и развития литературной критики в Туркменистане, 1920-1932.-Из. АН ТССР.Сер обществ наук, 1967, №6, с 65-70. 1968. Dostlukly gatnaşyklaryň döwri.-Sow edebiýaty, 1968, №10, 52-53 s. Ёго живое слово: (О творчестве А.М.Горького и ёго влиянии на творчество писателей Средней Азии).-Туркмен искра, 1968, 28 Марта. 1969. Türkmenistanda tankydy pikiriň döreýşi hem ösüşi: (Gysgaça oçerk).-A: Ylym, 1969, 153 s. (Soawt: R Rejepow, K Jumaýew). Ýokary ideýaly edebiýat ugrunda:-Edeb we sungat, 1969, 25 Maý. “Söýgi” romany nähili döredi.-Sow edebiýaty, 1969, №7, 99-114 s. 1970. Söz sungaty:-A: Ylym, 1970, 313 s. Edebi döredijilik hakynda leninçilik taglymat Red: Ş Täşliýew, T Durdyýew.-A: Ylym, 1970, 57 s. Döredijilik işgärleriniň beýik howandary.-Sow. Türkmenistany, 1970, 24 Ýanwar. Estetikanyň jedelli bir meselesi hakynda.-Sow edebiýaty, 1970, №7, 90-103 s. 1972. Men häzirki pioner: (Bütinsoýuz pioner guramasynyň 50 ýyllygyna).-Mug gazeti, 1972, 19 Maý. Möhüm taryhy dokument: (SSKP MK-nyň edebi çeper tankyt hakynda karary barada).-Edeb we sungat, 1972, 6 Fewral. Hoş geldiňiz, mähriban dostlar!: (Ukraina SSR-niň edebiýatynyň we sungatynyň Türkmenistanda çeperçilik günlerine).-Şol ýerde. 23 Mart. Источник вдохновения: (Дни литературы и искусства Украины в Туркмении).-Туркмен искра, 1972, 26 март. 1973. Toýuňyz mübärek bolsun!: (Zähmet Gyzyl Baýdak ordenli pedagogik uçilişesiniň 50 ýyllygyna).-Mug gazeti, 1973, 8 Iýuny. 1974. Sosialistik realizmiň käbir teoretiki meseleleri hakynda.-Sow edebiýaty, 1974, №10, 98-110 s. Незабываемая веха: (К 40-летию Первого Всесоюзного съезда сов писателей).-Ашхабад, 1974, №4, с 72-73. 1975. Söz syrlary: (Edebiýat teoriýasynyň taryhy hem aýratynlyklary).-A: Ylym, 1975, 297 s. 1979. Edebi žanrlar we edebi metod.-A., Ylym, 1979, 332 s. Şahyr we Alym Aman Kekilowyň döredijiligi baradaky edebiýatlar. Литература о творчестве поэта и ученого Амана Кекилова. 1932. 1. Täçnazarow O. Ýaşlaryň ýoly, (Şahyryň döredijiligi hakynda).-Medeni ynkylap, 1932, № 2-3, 10-17 s. 1937. 2. Garataýew B, Gurbansähedow G. Aman Kekilowyň “Iki okuwçy” kitaby hakynda.-Ýaş kommunist, 1937, 8 Iýul. 3. Jumaýew E B. Öňemi ýa-da yza. –Şol ýerde, 1937, 20 Noýabr. 1943. 4. Kösäýew M. Alym şahyr: (Aman Kekilowyň döredijiligi barada). –Sow. Türkmenistan, 1943, 8 Dekabr. 5. Kösäýew M. Poet Aman Kekilow. –Türkmen, искра, 1943, 15 Dekabr. 1945. 6. Скосырев П. Туркменская литература: Очерк развития, -M.: Сов писатель, 1945.-155 с. В тексте дан анализ творчества Амана Кекилова. 1946. 7. Aşyrow N. Häzirki döwür türkmen edebiýaty: Aman Kekilow. (Durmuşy we döredijiligi): Aşgabat döwlet pedagogik institutynyň studentleri üçin häzirki döwür türkmen edebiýatyndan gollanma material. Red: G.D.Gurbansähedow.-A, 1946.-42 s. 8. Aman Kekilow.-K-da: Aşyrow A, Ahunbow A, Hojaew N. Edebiýat: Ýedi ýyllyk we orta mekdepleriň 5-nji kl, üçin okuw kit.-A, 1946, 183-184 s. 1947. 9. Annanurow B. Aman Kekilowyň “Söýgi” poemasy hakynda.-Sow. Türkmenistany, 1947, 13 Iýuly. 10. Aşyrow N. Sowet intelligensiýasy hakynda täze eser.-Sow edebiýaty, 1947, №3, 50-54 s. 11. Аборский А. Поэты Туркменистана о Москве: (А Кекилов).-Туркмен искра. 1947, 26 Марта. 1948. 12. Gadamow O. Şahyr we alym.-Lenin ýoly (Çärjew), 1948, 10 Dekabr. 1951. 13. Welmyradow B., Saparow Ç. Aman Kekilowyň “Söýgi” poemasy hakynda.-Sow. Türkmenistany, 1951, 22 Sentýabr. 14. Hydyrow M. “Mollanepesiň döwri, döredijiligi” diýen makalanyň käbir kemçilikleri hakynda.-Sow. Türkmenistany, 1951, 25 Noýabr. 1952. 15. Aman Kekilow-K-da: Häzirki zaman edebiýaty: Orta mekdepleriň X kl. Üçin okuw kit. A., 1952, 158-172 s. 16. Aman Kekilow-K-da: Edebiýat: V kl üçin okuw kit.-A., 1952, 156-157.s. 17. Aman Kekilowyň bir zyýanly makalasy hakynda: (Türkmen edebiýatyndaky dessançylyk häsiýet hakynda).-Sow edebiýaty, 1952, №12, 68-71 s. 18. Gadyrdan Aman Kekilowiç: (Doglan güniň 50 ýyllygyna SSSR ýazyjylar soýuzynyň prableniýesiniň gutlagy).-Edeb we sungat, 1952, 27 Maý. 19. Gulyýew G. Ýene-de bir gezek “Söýgi” poemasy hakynda.-Sow edebiýaty 1952, №8,71-76 s. 20. Nazarow R. Sosialistik realizmden üzňe eser.-Ýaş kommunist, 1952, 17 Fewral. 21. Hydyrow Ýe., Nazarow R. Sosialistik realizmden üzňe eser: (A.Kekilowyň “Söýgi” poemasy).-Şol ýerde, 13 Fewral. 1954. 22. Aman Kekilow-K-da: Edebiýat: V kl üçin okuw kit.; 3-nji neş. A.,1954, 152 s. 1955. 23. Белянинов А. Сказки А. Кекилова“Золотые сети”.-Туркм искра, 1955, 27 Мая. 24. Кекилов А.-В кн.: Алиев Р., Веселков Г. Писатели Советского Туркменистана: Биогр справочник Вступит статья К Курбансахатова А., с 71-72. 1957. 25. Бохановский П.,Аллаков Д. Творчество Амана Кекилова.-Чарджоуская правда, 1957, 20 окт. 1958 26. Sowet edebiýatynyň taryhy boýunça oçerk.-A,: SSSR YA-nyň neş-ty, 1958.-257 s. Bu kitapda Aman Kekilowyň eserlerine analiz berilýär. 27. Abdyllaýew Ö. “Söýgi” poemasynyň ikinji kitaby hakynda.-Sow edebiýaty, 1958, №1, 120-121 s. 28. Jumaýew K., Garryýew M. Edebiýat ylmyna peýdaly goşant.-Sow. Türkmenistany, 1958, 13 Fewral. 29. Meredow A. Rewolýusiýadan ozalky türkmen edebiýatyny öwrenmeklige obyýektiw çemeleşmeli: (Aman Kekilowyň “Mollanepes” kitaby hakynda).-Türkmen kommunisti, 1958, №3, 60-65 s. 30. Meredow A. Türkmen edebiýatyny öwreniş ylmyny goşant.-Sow edebiýaty, 1958, №7, 115-118 s. 31. Meredow A.Çynlakaý zähmetiň netijesi.-Ýaş kommunist, 1958, 10 Noýabr. 32. Mämmetgulyýew A. Türkmen sowet edebiýatynda položitel gahrymanyň obrazy.-K-da: Türkmen sowet edebiýaty. Makalalar ýyg.; A.,1958, 19-27 s. 33.Meрeдoв A. Oбъективно подходить к изучению дореволюционной туркменской литературы: (О моногрА.Кекилова“Молланепес”).-Коммунист Туркменистана, 1958, №3, 57-62 с. 1959. 34. Aman Kekilow filologiýa ylymlarynyň doktorydyr.-Sow. Türkmenistany, 1959, 7 Iýuly. 35. Kekilow A. “Sowet edebiýaty” žurnalynyň redaksiýasyna.-Sow edebiýaty, 1959, №5, 77 s. 36. Meredow A. Filologiýa ylymlarynyň doktory: (Şahyr Aman Kekilow hakynda).-Sow. Türkmenistany, 1959, 16 Awgust. 37. Çaryýew N. Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda Aman Kekilowyň döredijiligi.-K-da: Dil we edebiýat institutynyň işleri. A,: 1959, 3 goýb., 267-289 s. 1960. 38. Şamyradow B. Türkmen sowet prozasynda kolhoz adamlarynyň obrazy: (Položitel obraz problemasy).-A,: SSSR YA-nyň neş-ty, 1960-159 s. 39. Чарыев Н. Творчество Амана Кекилова. Авторефдис на соиск учен степени канд. Филол наук. А., 1960-15 с. 40. Aman Kekilow-K-da: Aşyrow N., Gurbansähedow G., Kerimow A. Häzirki zaman edebiýaty: Orta mekdebiň X kl üçin okuw kit. A., 1960, 188-125 s. 41. Aman Kekilow.-K-da: Aşyrow N., Gurbansähedow G. Häzirki zaman edebiýaty: Orta mekdebiň X kl üçin okuw hrestomatiýa. A., 1960, 194 s. 42. Çaryýew N.A.Kekilowyň eserleriniň çeper dili hakynda.-SSSR YA-nyň hab. Jemgyýetç ylymlaryň ser., 1960, №4, 73-81 s. 43. Çaryýew N. Aman Kekilowyň döredijiliginde kolhoz gurluşygy.-Türkmen oba hojalyk institutynyň işleri, 1960, 10 t., 3-nji goýb, 59-70 s. 44. Сабыралиев К. Писатель, ученый: (О туркменском поэте и ученом А Кекилове).-Сов. Кыргызстан, 1960, 17 Июня.-На кирг яз. 1961. 45. Abdyllaýew Ö. Teoriýa anyk bolmalydyr.-Mug gaz., 1961, 12 Maý. 46. Aman Kekilow: (Ömri we döredijiligi).-K-da: Aşyrow N., Gurbansähedow G., Kerimow A. Häzirki zaman edebiýaty: (Okuw kit). A., 1961, 168-189 s. 47.Aman Kekilow.-K-da: Aşyrow N., Gurbansähedow G., Kerimow A. Häzirki zaman edebiýaty: (X kl üçin okuw kit hrestomatiýa). A., 1961, 158 s. 48. Aman Kekilow (1912).-K-da: Edebiýat. (V kl üçin okuw kit hrestomatiýa). A., 1961, 135-136 s. 49. Ataýewa S. Kem-käs ýetmezçilikler düzediläýse...(A. Kekilowyň “Söýgi” poemasy hakynda).-Edeb we sungat, 1961, 27 Aprel. 50. Myradow A. “Söýgi” romany barada käbir söz.-K-da: Kekilow A. Söýgi: Roman A., 1961, 3-10 s. 51. Rejepow R. Türkmen edebiýatynyň görnükli eseri.-Sow. Türkmenistany, 1961, 15 Noýabr. 52. Çaryýew N. Uruşdan öňki bäşýyllyklar döwründe A. Kekilowyň döredijiligi.-SSSR YA-nyň Magtymguly ad. Edeb in-tynyň işleri. 1961, 5 goýb. 38-62 s. 53. Чарыев Н. Творчество Аман Кекилова: Дис на соиск учён степени кандфилолнаук.-А., 1961, 289 с.-Рукопись на туркмен яз. 1962. 54Seýitnyýazow J. Aman Kekilow: (Bibliogr görk). A., 1962, 20 s. 55. Alym-şahyr (A. Kekilowyň doglan gününiň 50 ýyllygyna).-Lenin ýoly (Çörjew), 1962, 26 Maý. 56. Alym-şahyr ýubileýi: (Aman Kekilowyň doglan gününiň 50 ýyllygyna).-Sow. Türkmenistany, 1962, 27 Maý. 57. Aman Kekilow.-K-da: Türkmen sowet edebiýatynyň taryhy boýunça oçerk. A., 1962, 2-nji böl, 281-321 s. 58. Aman Kekilow.-K-da: Edebiýat: (V kl üçin okuw kit hrestomatiýa). A., 1962, 135-136 s. 59. Aman Kekilow eserleriniň bibliografiki görkezijisi.-Edeb we sungat, 1962, 24 Maý. 60. Ataýew S. Gezmek ömürden: (Aman Kekilowyň doglan gününiň 50 ýyllygyna).-Şol ýerde. 61. Welmyradow B. Baýdak göterijileriň biri: (Aman Kekilowyň doglan gününiň 50 ýyllygyna).-Sow. Türkmenistany, 1962, 26 Maý. 62. Gadyrdan Aman Kekilowiç! (SSSR Ýazyjylar soýuzynyň prawleniesiniň gutlagy).-Edeb we sungat, 1962, 27 Maý. 63. Garryýew M. Ýarym asyr: (Aman Kekilowyň döredijiligi barada).-Şol ýerde, 24 Maý. 64. Gutlaglar, alkyşlar, hoşniýetli arzuwlar: (Aman Kekilowyň doglan gününiň 50 ýyllygyna).-Şol ýerde, 27 Maý. 65. Gujukow S. “Söýgi” ensiklopediýasy: (“Söýgi” romany hakynda).-Ýaş kommunist, 1962, 2 Aprel. 66. Jumaýew K. Mukaddes söýgi rowaçlanýar.-Edeb we sungat, 1962, 11 Ýanwar. 67. Jurmenek B. Adalat jarçysy: (Şahyr Aman Kekilow barada).-Sow. Türkmenistany, 1962, 22 Iýuly. 68. Kekilow Aman: (Elli ýyl).-Sow edebiýaty, 1962, №10, 18-19 s. 69. Kösäýew M. Ulugberdiýew A. Gymmatly gollanmanyň täze neşiri gerek.-Mug, gazeti, 1962, 7 Sentýaber. 70. Myradow A. Şahyr, mugallym, alym: (Doglangününiň 50 ýyllygyna).-Şol ýerde, 26 Maý. 71. Nazarow A. Alym şahyr: (A. Kekilowyň doglan gününiň 50 ýyllygyna).-Kommunizm ýoly (Daşoguz), 1962, 11 Maý. 72. Nazarow A. Türkmen poeziýasynyň guwanjy.-Lenin ýoly (Çärjew), 1962, 9 Ýanwar. 73. Pomma N. Aman Kekilowyň 50 ýyllygyna.-Tokmak, 1962, №4, 4 s. 74. Pomma N. Söýgi äleminiň şahyry: (A. Kekilowyň doglan gününiň 50 ýyllygyna).-Ýaş kommunist, 1962, 20 Maý. 75. Pomma. N. Yşk ýurdynyň şahyry: (A. Kekilowyň doglan gününiň 50 ýyllygyna).-Sow edebiýaty, 1962, №5, 102-108 s. 76. Pomma N. Elli ýaşly pioner şahyr.-Mydam taýýar, 1962, 26 Maý. 77. Toýuň toýa ulaşsyn.-Lenin baýdagy (Mary), 1962, 25 Maý. 78. Toýuňyz mübärek bolsun, Aman!-Edeb we sungat, 1962, 24 Maý. 79. Атаева С. Туркменские поэмы послевоенных лет (1946-1957 г): Авторефдис на соиск учен степени кандфилолнаук.-А., 1962, 19 с. 80. Алиев Р. В расцвете творческих сил: (К 50-летию А. Кекилова).-Туркмен искра, 1962, 26 Май. 81. Атаева С. Находки и промахи: (О романе в стихах А. Кекилова“Любовь”).-Ашхабад, 1962, №5, 125-127 с. 82. О награждении товКекилова Амана Почётной грамотой Президиума Верховного Совета Туркменской ССР: Указ..-Туркмен искра, 1962, 23 Июня. 83. Хамзаев М. Учёный и поэт: (К 50-летию со дня рождения члкор. АН ТССР, д-ра филол наук, поэта А. Кекилова).-Изв. АН ТССР. Сор обществ наук, 1962, №4, 94-98с, портр. 1963. 84 Aman Kekilow.-K-da: Aşyrow N., Gurbansähedow G., Kerimow A. Häzirki zaman edebiýaty: (Orta mekdebiň X kl üçin okuw kit). A., 1963, 176-195s. 85. Aman Kekilow.-K-da: Ýazymow O. Edebiýat: V kl üçin okuw kit hrestomatiýa A., 1963, 154-155 s. 86. Durdyýew I. Mollanepes.-Sow edebiýaty, 1963, №11, 124-125 s. 87. Мурадов А. Творческий облик великого лирика: (О книге А Кекилова“Великий лирик”).-Туркмен искра, 1963, 25 Декабер. 1964. 88. Aman Kekilow-K-da: Ýazymow O. Edebiýat: V kl üçin okuw kit hrestomatiýa A., 1964, 154-155 s. 1965. 89. Aman Kekilow.-K-da: Ýazymow O. Edebiýat: V kl üçin okuw kit hrestomatiýa A., 1965, 151-152 s. 1966. 90. Aman Kekilow-K-da: Ýazymow O. Edebiýat: V kl üçin okuw kit hrestomatiýa A., 1966, 151-152 s. 91. Myradow A. alym ýazyjy: (Şahyr Aman Kekilowyň döredijiligi barada).-Sow. Türkmenistany, 1966, 14 Awgust. 92. Inogamow R. Talantly şahyr, atly alym: (Aman Kekilow barada).-Uzbekistan medeniýeti, 1966, 19 Noýabr.-Özb.d-de. 93. Горбиенко Ю. Маленькие рассказы о больших друзьях: (Переводчик о поэзии А Кекилова).-Лит газ., 1966, 26 Апр. 94. Краткая творческая биография.-В кн.: Краткая литературная энциклопедия, 1966, т. 3, 480 с. 95. Кронгауз А. Не только о любви: (О романе в стихах А Кекилова“Любовь”).-Лит газ., 1966, 12 Мая. 96. Иногамов Р. Талантливый поэт, выдающийся ученый: (О туркменском поэт Амане Кекилова).-Узбекистан маданияти, 1966, 19 Нояб.-На узб яз. 1967. 97. Aman Kekilow-K-da: Aşyrow N. Gurbansähedow G. Hojageldiýew A. Edebiýat: X kl üçin okuw kit. A., 1967, 143-164 s. 98. Aman Kekilow-K-da: Ýazymow O. Edebiýat: V kl üçin okuw kit hrestomatiýa. A., 1967, 151-152 s. 99. Berdiýew A. “Söýgi” (A Kekilowyň we T Taganowyň pesasy hakynda).- Ýaş kommunist, 1967, 28 Ýanwar. 100. Gurbanow S. Ogulnabadyň bagty: (A Kekilowyň we T Taganowyň “Söýgi” pesasy hakynda).-Mug gazeti, 1967, 16 Aprel. 101. Meredow A. Dilgir tomaşaçy dillenende: (A Kekilow bilen T Taganowyň “Söýgi” dramasy Mollanepes ad drama teotrynda).-Edeb we sungat, 1967, 28 Ýanwar. 102. “Söýgi” sahna çykýar (Türkmen döwlet akademiki drama teatrynda sahnalaşdyrylan pesa hakynda).-Sow. Türkmenistany, 1967, 1 Ýanwar. 103.Suhanow B. “Söýgi” sahnada: (Aman Kekilow bilen T. Taganowyň pesasy Mollanepesiň ad drama teatrynda).-Şol ýerde, 22 Ýanwar. 104. “Türkmenistan SSR-niň halk ýazyjysy” diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Ukazy.-Şol ýerde, 3 Dekabr. 105. Керими К. Гимн любви: (Пьеса А Кекилова и Т Таганова“Любовь” в Туркмен гос театре драмы им Молланепеса Ашхабад).-Театр, 1967, №9, 43-44 с. 106. Керими К. “Любовь”: (Пьеса А Кекилова в театре им. Молланепеса).-Туркмен искра, 1967, 8 Янв. 107. О присвоении почетного звания народного писателя Туркменской ССР поэту Аману Кекилову Указ Президиума Верховного Совета ТССР, 3 Ноября 1967 г.-Вед. Верховного Совета ТССР, 1967, №23 (252), 89-90 с. 1968. 108. Aman Kekilow.-K-da: Aşyrow N., Gurbansähedow G., Hojageldiýew A. Edebiýat: X kl üçin okuw kit. A., 1968, 143-164 s. 109. Seýtäkow B. “Söýgi” barada birnäçe söz. Magtymguly baýragynyň laurety ýazyjy Aman Kekilow hakynda.-Edeb we sungat, 1968, 13 Aprel. 110. TKM MK-da we TSSR Ministrler Sowetinde 1967-nji ýyl üçin Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky döwlet baýraklaryny bermek hakynda: (Karar).-1967-nji ýyl üçin Türkmenistan SSR-niň Magtymguly adyndaky döwlet baýragyny: TSSR-iň halk ýazyjysy şahyr Aman Kekilowa “Söýgi” pesasynyň awtory üçin bermeli.-Sow. Türkmenistany, 1968, 4 Aprel. 111. Кербабаев Б. Высокое мастерство: (О лауреатах гос премии ТССР им Махтумкули, в том числе о романе в стихах “Любовь” А Кекилова).-Туркмен искра, 1968, 5 Апр. 112. О присуждении Государственной премии Туркменской ССР им. Махтумкули 1967 г народному писателю Туркменской ССР А Кекилову В Центральном Комитете КП Туркменистана и Совете Министров Туркменской ССР.-Там же, 4 Апр. 1969. 113. Aman Kekilow.-K-da: Aşyrow N., Gurbansähedow G., Hojageldiýew A. Edebiýat: X kl üçin okuw kit. A., 1969, 143-164 s. 114. Aman Kekilow.-K-da: Ýazymow O. Edebiýat: V kl üçin okuw kit hrestomatiýa. A., 1969, 151-152 s. 115. Seýtäkow B. “Söýgi” barada birnäçe söz: (Aman Kekilowyň “Söýgi” spektakly barada).-Edeb we sungat, 1969, 13 Aprel. 116. Филюшина В. Аман Кекилов-д-р филол наук, проф, нар писатель ТССР, лауреат Гос премии ТССР им Махтумкули, и о дир Ин-та яз и лит им Махтумкули: (Краткая биография).-Изв АН ТССР Сер обществ наук, 1969, №2, 92-93 с. 1970. 117. Aman Kekilow (1912).-K-da: Edebiýat: X kl üçin okuw kit. Ö Abdyllaýew J Allakow H Taňryberdiýew B Şamyradow A, 1970, 230-268 s. Portr. 118. Aman Kekilow-K-da: Ýazymow O Edebiýat: V kl üçin okuw kit hrestomatiýa., A., 1970, 154-155 s. 119. Aman. Kekilow.-K-da:. Edebiýat:. X kl üçin okuw kit. A. , 1970, 230-268 s., portr. 120. Garyýew A. Edebiýatymyzyň ýüregi.-Edeb we sungat, 1970, 24 Maý. 121. Taňrygulyýew K. Ýaşuly ýazyjynyň ýaşlara sowgady: (Çagalar üçin ýazan eserleri barada).-Türkmenistanyň halk magaryfy, 1970, №9, 65-68 s. 1971. 122. Aman Kekilow.-K-da: Aşyrow N., Gurbansähedow G. Häzirki zaman edebiýaty: Orta mekdebiň X kl üçin hrestomatiýa, A., 1971, 244 s. 123. Aman Kekilow (1912).-K-da: Edebiýat: X kl üçin okuw kit. Ö Abdyllaýew, J Allakow, H Taňryberdiýew, B Şamyradow 2-nji neş. A., 1971, 230-268 s. 124. Aman Kekilow.-K-da: Ýazymow O. Edebiýat: V kl üçin okuw kit hrestomatiýa. A., 1971, 151-152s. 125.Babaýew. Ö. “Waspnama” hakynda bellikler.-Edeb we sungat, 1971, 3 Fewral. 126. Garaýew A. On ýylda bir kitap.. (Aman Kekilowyň döredijiligi hakynda).-Ýaş kommunist, 1971, 27 Fewral. 127. И писатель, и литературовед: (Об Аман Кекилове).-Веч Ашхабад, 1971, 18 Февр. 128. Кербабаев Б. Особая забота: (О творчестве Аман Кекилова).-Лит газ., 1971, 23 Июня. 1972. 129. Abdyllaýew Ö. Uly alym şahyr: (Şahyr Aman Kekilowyň doglan gününiň 60 ýyllygyna).-Edeb we sungat, 1972, 21 Iýuny. 130. Allakow J. Poeziýamyzyň pälwany: (Aman Kekilowyň doglan gününiň 60 ýyllygyna).-Sow. Türkmenistany 1972, 23 Iýuny. 131. Alym şahyr 60 ýaşady: (Aman Kekilow barada).-Tokmak, 1972, №5, sahadyň 3-nji sahypasy. 132. Aman Kekilow.-K-da: Myratdurdyýew A., Garaýew N. Edebiýat: IV kl üçin okuw kit hrestomatiýa. A., 1972, 60-62 s. 133. Aman Kekilow.-K-da: Ýazymow O. Balakaýew D, Işangulyýew N. Edebiýat: V kl üçin okuw kit hrestomatiýa., A., 1972, 211-212 s. 134. Aman Kekilow (Ömri we döredijiligi).-K-da: Türkmen sowet edebiýaty (Ýokary okuw jaýlary üçin gollanma kit) Ö. Abdyllaýew, J Allakow, R Alyýew, H Taňryberdiýew, H Hanow, B Şamyradow A., 1972, 235-264 s. 135. Aman Kekilow (1912): Şahyryň ömri we döredijiligi.-Şol ýerde. 136. Aman Kekilowyň hormatlanmagy: (şahyryň doglan gününiň 60 ýyllygyna bagyşlanan dabaraly mejlis barada).-Sow Türkmenistany, 1972, 23 Iýun. 137. Gurbannepesow K. Şahyr hakynda söz: (Aman Kekilowyň döredijiligi barada).-Edeb we sungat, 1972, 25 Iýuny. 138. Gylyjow N Hemmämize nesip: (Aman Kekilowyň doglan gününiň 60 ýyllygyna).-Şol ýerde, 21 Iýuny. 139. Ýoldaş Aman Kekilow “Türkmenistan SSR-niň ylymda at gazanan işgäri” diýen hormatly ady dakmak hakynda Türkmenistan SSR Ýokary Sowetiniň Prezidiumynyň Ukazy.-Sow Türkmenistany, 1972, 18 Maý. 140. Jütdiýew B Ýyllar hem günler: (Şahyr Aman Kekilowyň doglan gününiň 60 ýyllygyna).-Edeb we sungat, 1972, 25 Iýuny. 141.Zehinli şahyr we görnükli alym: (Aman Kekilowyň doglan gününiň 60 ýyllygyna).-Mug gazeti, 1972, 23 Iýuny. 142. Işangulyýew O Ýyllap abraý getirsin: (Aman Kekilowyň doglan gününiň 60 ýyllygyna).-Edeb we sungat, 1972, 21 Iýuny. 143. Nazarow A Juwan hem şadyýan göwün: (Şahyr Aman Kekilowyň doglan gününiň 60 ýyllygyna).-Ýaş kommunist, 1972, 20 Maý. 144. Nuralyýew D Halypa: (A Kekilowyň döredijiligi hakynda).-Edeb we sungat, 1972, 21 Iýuny. 145. Seýidow M Poeziýamyzyň pälwany: (Şahyr Aman Kekilow hakynda).-Şol ýerde. 146. Ýubilýara gutlaglar: (Şahyr Aman Kekilowyň doglan gününiň 60 ýyllygy barada).-Şol ýerde. 147. Ýazymow O Aman Kekilow.-uly şahyr, uly alym: (Doglan gününiň 60 ýyllygyna).-Sow edebiýaty, 1972, №5, 122-128 s. 148. Аборсктй А В долгу не останется: (Очерк о жизни и творчестве Аман Кекилова К 60-летию со дня рождения).-Ашхабад, 1972 №2, 82-86 с, Чардж правда, 1972, 6 Мая. 149. Агабаев А. Без страсти бурной пусто сердце наше… (К 60-летию со дня рождения А Кекилова).-Комсомолец Туркменистана, 1972, 22 Июня. 150. Аман Кекилов: (Краткая творческая характеристика).-В кн: КерОглы Х. Туркменская литература М., 1972., с 218-219, 228-230/ 151. Иоффе З Учёный и писатель: (О творчества А Кекилова).-Веч. Ашхабад, 1972, 25 Мая. 152. О героях поэмы А Кекилова“Любовь”.-В кн: История советской многонациональной литературы. М., 1972, т.4, с 526-527. 153. О присвоении почётного звания заслуженного деятеля науки Туркменской ССР том Кекилову Аману, Указ Президиума Верховного Совета Туркменской ССР 6 мая 1972г.-Туркмен искра, 1972, 18 мая. 154. Тангрыбердыев Х. Годы жизни-годы творчества: (К 60-летию Аман Кекилова).-Там же, 22 июня. 155. Чествование Амана Кекилова: (В честь 60-летия со дня рождения).-Там же, 23 июня. 1973. 156. Aman Kekilow.-K-da: Myratdurdyýew A., Garaýew N. Edebiýat: IV kl üçin okuw kit hrestomatiýa. A., 1973, 59-61 s. 156a Keкилов Аман..-БСЭ 3-е изд. 1973, т. 12, с 121, стб49-50. 1974. 157. Aborskiý A Taryha degişli adam: (A. Kekilow hakynda).-Edeb we sungat, 1974, 15 Dekabr. 158. Aman Kekilow (Nekrolog).-Sow. Türkmenistany, 1974, 14 Dekabr. 159. Gurbanow A. Pedagoglaryň tagzymy.-Edeb we sungat, 1974, 15 Dekabr 160. Derýaýew H. Agyr ýigit: (Aman Kekilowyň aradan çykanlygy barada).-Şol ýerde. 161. Işangulyýewa O. Minnetdarlyk bilen... (Aman Kekilow hakynda).-Şol ýerde. 162. Myradow A. Şol ýatlar ýöreris: (Aman Kekilow hakynda).-Şol ýerde. 163. Hudaýnazarow B. Aman Aganyň ýadygärligine: Goşgy.-Şol ýerde. 164. Аман Кекилов. Поэт: (1912-1974 г. Некролог).-Ашхабад, 1974, №6, 97 с. 165. Памяти академика Академии наук Туркменской ССР Аман Кекилова: (1912-1974. Литературовед и писатели. Некролог).-Изв. АН ТССР. Сер обществ наук, 1974, №5, с 3-5, портр. 166-167. Кекилов Аман: (Некролог). (Народный писатель ТССР. О его жизни и творчестве).-Туркмен искра, 1974, 14 дек. 1975. 168. Aman Kekilow (1912-1974).-K-da: Myratdurdyýew A., Garaýew N. Edebiýat: (IVkl üçin okuw kit hrestomatiýa). A., 1975, 50-51 s. 169. Aman Kekilow (1912-1974).-K-da: (Edebiýat: X kl üçin okuw kitaby) Abdyllaýew Ö, Allakow J, Taňryberdiýew H, Şamyradow B. 5-nji neş. A., 1975, 216-254 s. 170. Hojageldiýew N Aman agany ýatlap: (Aman Kekilowyň aradan çykanlygy barada).-Edeb we sungat, 1975, 14 Dekabr. 171. Гусейнов Х. Поэт, ученый, гражданин: (Документальная учеб о жизни и творчестве Амана Кекилова).-Туркмен искра, 1975, 15 сент. 172. Кулиева Н. Пушкинские традиции в романе “Сöйги” А. Кекилова.-В кн.:..И назовет меня всях сущий в ней язык. Ереван, 1975, с 243-247. 173. Об увековечении памяти Аман Кекилова: (О присвоении Ашхабадскому государственному ордена Трудового Красного Знамени педагогическому училищу имени Амана Кекилова. Постановление Совета Министров ТССР от 24 июля 1975 г).-Собр постановлений Совета Министров ТССР, 1975, №7, с43. 1976. 174. Jumaýew K., Işangulyýew E. Edebiýat ylmyna uly goşant.-Edeb we sungat, 1976, 28 Awgust. 175. Türkmenistanyň halk ýazyjysy Aman Kekilowyň edebi mirasyny öwrenmek baradaky komissiýanyň habary.-Şol ýerde, 7 Ýanwar. 176. Hojageldiýew N. Pioneriň pionerleriniň biri: (Aman Kekilow barada).-Pioner, 1976, №4, 10-11 s. 1977. 177. Aman Kekilow (1912-1974).-K-da: Edebiýat: (X kl üçin okuw kit). A., 1977, 216-254 s. 178. Nyýazow S. Şahyra bagyşlanan dabara: (Aman Kekilowyň doglan gününiň 60 ýyllygyna).-Ýaş kommunist, 1977, 31 Dekabr. 1978. 179. Голубева Т В. Автор в романе А.С.Пушкина “Евгений Онегин” и в романе Амана Кекилова“Любовь”.-Изв. АН ТССР. Сер обществ наук, 1978, №2, с 32-38. 1979. 180. Aman Kekilow (1912-1974).-K-da: Edebiýat: (X kl üçin okuw kit). A., 1979, 217-255 s. 181. Bagyýew A. Ýazyjynyň döredijiligine bagyşlandy: (Aşgabadyň A Kekilow adyndaky pedagogik uçilişesindäki edebiýat kružogy barada).-Mug gazeti, 1979, 11 Aprel. 182. Gurbannepesow K. Aman Kekilowa: Goşgy-K-da: Gurbannepesow K. Menzil. A., 1979, 530-531 s. 183. Nazarow A. Alada: (Ussatlar barada sahypalar).-Edeb we sungat, 1979, 31 Oktýabr. 184. Nuralyýew D. Ussatlyk mekdebi: (Şahyr Aman Kekilowyň döredijiligi barada).-Sow edebiýaty, 1979, №10, 103-112 s. 185. Öwezgeldiýew M. Haýryň hem şeriň göreşi. -Edeb we sungat, 1979, 13 Iýuny. 186. Şahyra bagyşlandy: (A. Kekilow adyndaky Zähmet Gyzyl Baýdak ordenli pedagogik uçilişede edebiýat we sungat işgärleri bilen duşuşyk).-Şol ýerde, 16 Maý. 187. Голубева Т.В О мастерстве автора романа в стихах “Любовь” А. Кекилова.-Изв. АН ТССР Сер обществ наук, 1979, №4, с 63-68. 1980. 188. Alym şahyra sarpa: (Aman Kekilowyň guburynyň üstünde goýlan ýadygärlik hakynda).-Edeb-we sungat, 1980, 17 Dekabr. 189. Durdyýew Ö. Şahyry ýatlap: (Aşgabadyň A Kekilow adyndaky pedagogik uçilişesinde şahyry ýatlap geçirilen ýygnak).-Sow. Türkmenistany, 1980, 11 Aprel. 190. Голубева Т. В. О своеобразии композиции романа в стихах А.Кекилова “Любовь”.-Изв. АН ТССР Сер обществ наук, 1980, №4, с 64-69. SURATDA: (çepden saga) Ruhy Alyýew, Bazar Amanow, Aman Kekilow, Çary Aşyrow. Surata düşüren Alekber Güseýinow. | |
|
√ Beýik alym Isaak Nýuton - 16.12.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |