18:32 Akgyýak / hekaýa | |
AKGYÝAK
Hekaýalar
Çilmämmetgumda dowar bakýan Abdy aganyň üç itiniň birini Garadöw diýip atlandyrýardylar. Äpet göwresini, ers-mers sypatyny görene “Atlyny agdaryp, düýelini düňderjek” diýdirýän bu satanlak, gaýratly daýaw köpek on ýyldan gowrak agyr sürüni ýeke özi gaýtaryp gezdi. Indem güýç-kuwwatynyň gaçandygyna garamazdan daşyndakylara ahwalyny bildirmezlige çalşardy. Ýogsam kä günler ter ýylaga gyzygyp giden dowarlaryň yzynda ençeme alaňlary aşmaly bolanda janawaryň aýby açylardy. Dilini bir garyş sallap barşyna gaýta-gaýta säginip, demini dürselemeli bolýardy. Garadöwiň şindem daşyndan gujurly görünýän göwresi diňe bir çölüň ýyrtyjylaryny däl, eýsem oňa nazary kaklyşan islendik jandary hem eýmendirýärdi. Sergezdan itler ony gördükleri besdir, guýrugyny gysyp gaçmak bilendirler. Bahar paslynyň başynda Abdy aganyň sürüsine gelegurtlar çozdular. Şonda Garadöw goýun-geçini ýeke özi gorajak bolup iki baka hars urdy. Beýleki goýunçy itler güýçleriniň ýetdiginden ondan kem galmajak bolýardylar. Emma möjekler köp bolansoň itleri ahmallyga saldylar. Gelegurtlar dowaryň ençemesini parçalap, birnäçesini alyp gitdiler. Gana bulaşan iki it naýynjar çyňsap galdylar. Goýna daran ýyrtyjylaryň garşysyna gaýduwsyz darkaş guran Garadöwiň bolsa zordan demi gelýärdi. Mal lukmany onuň janyny halas etmek üçin em ete-de, köpege düşen ýaralar has çökder bolup çykdy. Agyr sürüniň garamaty indi gara-ala ganjyk Garagöz hem-de heniz ýörtmençe Alabaýyň başyna düşdi. Olaryň ikisi-de Garadöwden ejiz görünýändigine garamazdan sürüni sak goraýardylar. Iňrik garalyberenden tä daňdaky dowar sürümine deňeç olar “haw-haw” edip, sürüniň bir ol tarapynda, bir hem beýleki çetinde aýlanar ýörerdiler. Güýz golaýlanda bir gün Garagöz hem bir ýerlere ýitrim boldy. Öň Garadöwden jyda düşen çopana bu waka agyr degdi. ”Durnanyň üstüne urna” diýenleri boldy. Indi goýunçy itleriň sanyny köpeltmeseň ýagdaý kynlaşypdy. Bu işiň çäresi ýa Garagözi tapyp getirmekdi, bolmanda obadan täze bir goýunçy it edinmekdi. Gyşlaky owlak-guzular eýýäm eneleri bilen deňleşipdi. Dowar sürisi häzirki halda iki adam bakardan agyrdy. Ahmal galyp, sähelçe geleňsilik edilse, ýyl boýy çekilen azabyň reýgan bolmagy mümkindi. Sürüniň öýlänki ýaýlymyny kömekçisine tabşyran çopan haýdan-haý ýitiginiň gözlegine çykdy. Ol bu itiň ýala gelip ýörendigini bilýärdi. Golaýdaky örülere ýazlaga çykan maldarlardan Garagözi sorady. Aýlanmadyk ýeri galmady. Çolugyna ýagtygözin gelerin diýen bolsa-da gijä galmaly boldy. Aradan bir hepde geçdi. Bir gün günortan Garagöz niredendir bir ýerden ok ýaly zybyrdap geldi. Ýalagyň içindäki ýörtmançanyň agzyndan galan sarkyndyny işdämenlik bilen iýdi. Suwdan teşneligini gandyransoň guýrygyny bylaýlap çopanyň daşyndan ençeme gezek aýlandy. Itiniň gaýdyp gelendine çopan begense-de, onuň bir hepde çemesi nirede bolandygy hem alada goýýardy. Beýleki sürüleriň çopanlary bilen häli-şindi habarlaşyp ýören Abdy aga Garagöziň bu jelegaýlardaky köpekler bilen görlenini eşitmedi. Janawaryň bolsa dura-bara garny gäberip, ýelinleri ösüp barýardy. “Uzak goşlaryň birinden höwür tapandyr-da. Bize her niçik bolsa-da itimiz köpelip, güýjümiz artsa bolýar”diýip, ýaşuly arkaýynlaşdy. Gyşyň başlarynda Garagöz garry sazagyň düýbinde gümürsen pürleriniň aşagynda ýer ýasanyp güjükledi. Şonda çopanyň begenişini diýsene. Haçanda ol möjege çalym edýän iki güjügiň enesini emip ýatanyny görende bolsa bedeninde garynja ýöräne çalym etdi. Diňe şonda ol ganjygyň ýitirim bolmagynyň gizlin syryna düşünip galdy. - Heniz kiçijikkä ýere duwlap dynaýsammykam bulary? - diýip, güjüklere garap duran çopan öz ýanyndan pikir öwürdi. Birdenem: “Eý, Allajan, ýüregimize giňlik, kalbymyza sabyrlylyk bereweri. Beýle gara pikir nireden kellämde ornaşyp ýör meniň” diýip öz ýanyndan toba etdi. Bir wagtlar Abdy aga ene möjegiň gäle gelip goýunçy köpekden çykandygyny obadaky çopanlaryň birinden eşidipdi. Emma ganjygyň yala gelip möjek bilen jübütleşýändigi barada hiç zat bilenokdy. Adatça goýunçy itleriň heniz güjükkä gulak-guýrugy kesilýär. Şeýle edilmese gurtlar bilen söweşenlerinde olara kyn bolýar. Abdy aga atasy möjekden bolan güjükler barada näme karara geljegini bilmän, birnäçe günläp olary göz astyndan synlap gezdi. Güjükleriň biri ene süýdünden mähri ganmadyk şekilli göýdük galyp, tizden öldi. Abdy beýleki güjügiň çydamlylygyny barlap görmek üçin, ony enesiniň aşagyndan sogrup aldy-da, ýeňsesinden tutup, gaýta-gaýta silkeledi. Güjük göýä agyry duýmaýan ýalydy. Çopan ony nätsemkäm diýip biraz ikirjeňlendi. Soň enesiniň aşagynda-da goýman, çägäniň üstüne zyňyp goýberdi. Şonda uzakly gün tomsuň iň jokramasynda galsa-da ol güjük ölmedi. Agşamara belli bir pikire gelen Abdy aga öli güjügi ýere duwlady. Beýleki güjüge bolsa kiçijik ýalakda süýt berildi. Şol gün ol gulak-guýrugyndan hem dyndy. Şonda onuň uly kellesi men-menlikden saňňyldaýan bolsa-da, ses-sedasy çykmady. Ýöne çopana gözüniň çeti bilen alarlyp seretdi. Durmuşynda şeýle ýagdaýa duşmansoň çopan güjügi nähili atdandyrjagyny bilmedi. Gytaklaýyn çykan ösgün ak dişleri ony gyjurly görkezensoň çopan ony Akgyýak diýip atlandyrmagy makul bildi. Indiki baharda Akgyýak eýýäm köpek çykypdy.Ol sährada seňkildäp, çygryny bellep ýörerdi. Onuň gezýän ýerlerinde del haýwan görünmedi. Kä günler Akgyýak belent alaňyň üstüne çykyp agzyny giňden açyp uzyn-uzyn sokduryp uwlanda, onuň sesini şemal uzaklara alyp giderdi. Ulgam-ulgam gum depeleriniň üstünden aşyp gelýän bu sesi eşiden tilkidir şagallaryň týüleri syh-syh bolup hüžžerip giderdi. Olar şonda girere süren tapman zibirtde-zibirt bolardylar. - Ýöne gurt gany gatyşan bu ite goýun sürüsini ynanyp bolarmyka? -- diýip, Abdy aga uzakdaky alaňyň depesinde heýkel ýaly bolup duran möjekpisint ite seredip, ikirjeňlenýän ýaly çolugyna sala salýardy. -- Päheý, arly gyş şu jelagaýda möjek yzyny gören ýa-da sesini eşiden barmy, Abdy aga?- diýip, çoluk ýylgyrýardy – Onsoňam oňa goýny eýýämhaçan ynanyp, indem soramaň näme? Hany, Akgyýak barka, gurtdan heder etmämizi goýup, arkaýyn çaý içeli bakaly. Şahymerdan Sary ogly. | |
|
√ Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024 |
√ Kitap / nowella - 16.03.2024 |
√ Utulyşyň sogaby / hekaýa - 01.12.2024 |
√ Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024 |
√ Datly dilli talyp / hekaýa - 12.07.2024 |
√ Mert işi / hekaýa - 17.08.2024 |
√ Gargyş mama / hekaýa - 13.09.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Mawy itiñ gözleri / hekaýa - 08.09.2024 |
√ Gudrat / hekaýa - 15.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |