17:47 Akyl-huşy ýagşydyr | |
AKYL-HUŞY YAGŞYDYR
Goşgular
![]() Bir ýagşy hatynyň aýtsam waspyny, Owal başda akyl-huşy ýagşydyr. Ser salyp gözleseň eden kesbini, Serenjamly bolan goşy ýagşydyr. Ürgenç almasyna meňzär ýaňagy, Gaşlary kemandyr, badam gabagy, Çahy-zenahdandyr gyrmyz dodagy, Göwherden düzülen dişi ýagşydyr. Şum rakypdan dolap öter ýüzüni, Nämähremden pynhan tutar özüni, Duş-ýaňa garaýyp, dikmez gözüni, Her dilberden gözi, gaşy ýagşydyr. Sallananda, rowan bolar ýollary, Ter hyna ýaraşar näzik gollary, Leb uzadyp, sormalydyr ballary, Inçe bili, boýun, başy ýagşydyr. Çyn ýagşynyň näzleri hem üm bolar, Ýüzlerinde burçak-burçak nem bolar, Her bir sözi niçe derde em bolar, Pynhanda syrlary, daşy ýagşydyr. Sözleşende, köňlüm syryny biler, Her jogap berende, ýylgyryp güler, Tagamyndan gandyň mazasy geler. Bişiren nygmaty, aşy ýagşydyr. Ýüzi meňzär gan sepilen garlara, Bir niçeler ýetmez andag ýarlara, Yaňaklary meňzär alma-narlara, Näzeninde şondaý kişi ýagşydyr. Müň tümenlik bolar her bir näzleri, Wagtyňy hoş eder gyşu-ýazlary, Gurat bolar öýleriniň sazlary, Onuň hemme eden işi ýagşydyr. Zynhary diýr, bolsa goluňda zeri, Şol bolar dünýäniň zynatly ýeri, Her ýigidiň bolsa ýagşy dilberi, Bilseň, onuň ýaşan ýaşy ýagşydyr. Abdyrahym ZYNHARY | |
|
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Meýdan güli / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dil pyrak odunda ýandy, galdy jan hijran era... / Goşgular - 12.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |