10:58 Muhannesiñ eden işi gerekmez | |
MUHANNESIÑ EDEN IŞI GEREKMEZ
Goşgular
![]() Ýaranlar, men indi dogry sözlesem, Muhannesiñ eden işi gerekmez. Düýe kibi menzilimi gözlesem, Her namardyñ nany-aşy gerekmez. Görüp men bir niçe ýagşy-ýamany, Magallakdyr tamakiniñ imany, Biakyl bahyldan eder tamany, Niçe serpaý, eginbaşy gerekmez. Sahylar haýr üçin getir hümmeti, Zäherden ajydyr bahyl yzzaty, Ölinçä hem gitmez namart minneti, Yzzat-engam bolan goşy gerekmez. Nägehan bir ýerden garyplyk ýetse, Muhannes şat bolup, üstüñden ötse, Mert tükenip, her namarda zar etse, Şol gün hakyñ beren ýaşy gerekmez. Nadandyr bahyla kim jomart diýse, Magşarda bahyly goşarlar pise, Nebs tartyp, bahylyñ nanyny iýse, Dahan içre beren dişi gerekmez. Zynhary diýr, sözden magny saçaly, Bahyl bilen aramyzy açaly, Wagda şoldur - muhannesden geçeli, Muhannesiñ kowmy-hyşy gerekmez. Abdyrahym ZYNHARY. | |
|
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Oňşuksyz öý / Goşgular - 12.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýaraly ýüregiň owazy / Goşgular - 22.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |